MINNETDARLYK
Baharyň hoştap günleriniň birinde çagalarym elli ýaşymy baýram edip belleýärdiler. Şatlykly waka mynasybetli saçagymyz giňden ýazylyp, üsti nazy-nygmatlar bilen bezeldi. Uzak-ýakyndan gelen dost-ýarlarym, tanyşlarym belli sene mynasybetli mähirli gutlaglaryny, ýürek arzuwlaryny aýtdylar.
Obadan gelen dostum Saýlawyň sowgadyna çaga ýaly monça boldum. Meniň bilen mekdep ýyllaryny-da, goşun gullugyny-da bile geçiren dostum hemişe meniň göwnüme ýakjak zady gowy bilýrdi. Häzirem onuň maňa gowşuran peşgeşi ussanyň simden haşamlap ýasan kapasasy bolup, içinde çöl käkiliginiň üç sany jüýjesi bardy.
Kinniwanja kapasany eýwanda, it-pişigiň baryp bilmejek ýerinde asyp goýdym.
Şol ýerde ulalan käkilikler ilkinji nagmalaryny kakyp başlanda güýziň çigregi duýulýardy.
Käkilik saýran wagty kalbyňa ýumşaklyk aralaşyp, beýniň durlanyp gidýär.
Tylla güýz paslynyň paýawlanyp barýan günleriniň birinde ir säher çagy kalbyma besläp ýören hyýalymy amal etdim. Heniz guş-gumrylar oýanmanka haşamly kapasany alyp, deňiz kenaryna gitdim.
Käkilikler hakynda oýlanýardym. Dogrusy olardan aýra düşjekdigime gynanmanam duramokdym.
Simden bezelip ýasalan kapasanyň gapysyny aşmagyma mähetdel käkilikler çar tarapa pytrap gitdiler.
Goşumy ýygnap öýe gaýtmaga hyýallanýarkam golaýdan tanyş owazlar eşidilip başlady. Erkinlige çykan käkilikler kiçiräk bir daşyň üstünde oturyp, maňa garap hoş owazlary bilen şirinden-şirin saýraýardylar. Şol nagmalarda käkilikleriň özüme bolan minnetdarlygy ýüregim duýýan ýaly, eden işimden hoşal bolup gaýtdym.
Hekaýalar