11:30 Möjekler / hekaýa | |
MÖJEKLER
Hekaýalar
Bazar güni, örän ir bilen Iwan Degtýarewiň ýanyna gaýyn atasy Naum Kreçatow geldi. Ol entek garry adam däldi, mekirräkdi hemem ugurtapyjydy. Iwan öz gaýyn atasyny halamaýardy, Naum bolsa gyzyna haýpy gelip, Iwanyň bolşuna çydam ederdi. - Ýatyrmyň?- diýip Naum çalt gepledi. - Ehha! Eý, Waneçka, hudaýjanyň beren barja gününem ýatyp geçirip bolýar. Salawmaleýkim. - Meniň şol ýere gidesim gelenok. Aýagym çekenok. - Haýp. Tur bakaly. Çaý içip-içmän şol ýere odun ýygmaga gideris. Men topar ýolbaşçymyzdan iki sany araba diläp aldym. Elbetde, owadan ýylgyryşym üçin däl, gümüne gitsin-laý, odun gerek ahyry. Iwan ýatyrkada oýlandy. Barybir turdu-da geýinmäge başlady. –Görýäňmi, ýaşlar näme üçin şähere gidýän ekeni- diýip ol gepläp başlady – Iş günüň gutardymy, bar gitde, seýil et. Dynç al. Bärde welin, hudaýyň beren gijesi-de gündizi-de işle. Bazar günem, beýlekem ýok bularda, işle. - Näme, odunsyz oturmalymy?- diýip, Iwanyň aýaly Nýura aýtdy. -Muňa sorap at tapyp berýärler, bu bolsa şonda-da närazy. - Meniň eşidişime görä, şäherde-de işlemelimiş- diýip, gaýyn ata gülümsiräp aýtdy. - Hawa, işlemeli... Men şu wagt hezil edip garym gazardym, ganaw ýazardym. Onsoň aladaň beýlekiň ýok. Suwuňam gelip dur, ýyladyjyňam işleýär. - Bir tarapdan-a gowy ol. Ýöne beýle bolaýsa, sen güni bilen ýatardyň. Hany, ýör gitdik. - Ertirlik iýjekmi?- diýip aýaly sorady. - Meýlim ýok. Iwan garşylyk görkezdi. - Kelläň agyryp durandyr seniň!- diýip Naum gyzyklandy. - Hut şeýle, siziň alyhezretleriňiz! - Hä, şeýledir-le... Sen bolsa garym gazardym diýýäň... Hany, gitdik. Gün çykyp durdy, ýagtydy. Gar gözüňi gamaşdyrýardy. Tokaýda ömür görülmedik imisalalykdy, ses eşidilmeýär diýen ýalydy. Uzak gitmelidi, ýigrimi werstlyk dagy ýöremelidi. Ýakyndan odun almak üçin agaçlary çapmak gadagandy. Naum öňden barýardy, hemem gyzmalyk edýärdi. - Arwah aldan diýsänim, tokaýdan tokaýa geçip gitmeli, özem odun almak üçin-how! Iwan sanýada irkilip otyrdy. Birsydyrgyn ýöräp gitmek näme diýseňem imrindirýärdi. Batgalykdan geçdiler, açyk ýeri yzda goýup daga dyrmaşyp ugradylar. Ýokarda, dag üstünde tokaý diwar ýaly bolup durdy. Daga çykanlary hem şoldy welin, gören ýagdaýlaryndan ýaňa depe saçlary düýrügip gitdi. Edil ýoluň gyrasynda 5 sany möjek durdy. Ýaňyja tokaýdan çykypdyrlar-da, hut olara garaşýan ýaly bolup... Hut 5 sany möjek durdy. Olaryň dagdan düşüp gelýän bolmaklary hem ahmaldy. Naum derrew atyny saklady. Ýuwaş, ýöne hiňlenýän ýaly sögündi. - Zuhuňyzy... enesi ýalamadyklar. Duruşlaryny. Iwanyň ýaş, gaty gorkak aty yza tesip başlady. Iwan jylawy silkdi-de, ony dogurlady. At bokurdagynda harryldy emele getirdi, aýagyny ýere urdy. Ýekeje ädimem ädip bilmedi. Möjekler aşaklygyna hyýallandylar. Naum atyny yzyna öwürdi-de gygyrdy. - Eý, sen näme?! Iwan sanýadan böküp düşdi, aty bilen başagaý bolup durşuna, birden sanýanyň üstüne ýykyldy. At yzyna öwrüldi-de aýagyna bat berdi. Naum eýýam daş aralykdady. Ol atyny gamçylap oturyşyna - Talaýarlar- diýip gygyrýardy. Möjekler atly arabanyň öňüni kesmäge hyýallandylar Naum – Talaýarlar- diýip arlaýardy. “Bu näme, aklyndan azaşdymyka? Kim-kimi talasyn?” diýip, Iwan oýlandy. Ol gorkdy, ýöne haýran galaýmaly: hem gorky bar, hem bilesigelijilik, ol gaýyn atasynyň üstünden gülmek isledi. Ýöne bu duýgular gaty basym edil ýok ýaly boldy. Möjekler bir hatara düzüldiler-de gaty ylgap başladylar. Ara 100 metrden daş däldi. Iwan şol ylgap gelşine sanýadan mäkäm ýapyşdy, möjeklere seretdi. Öňden irimçik, döşlek, tumşugy ýowuz möjek gelýärdi. Ol häzir at arabadan 15-20 ädimden daşda däldi. Iwan öň möjek ulurak bolsa-da it ýalydyr diýip oýlanýardy. Häzir bolsa möjegiň ýyrtyjydygyna düşündi. Iki palta hem gaýyn atasynda, onuň elinde diňe gamçy bar. Naum täk – Talaýalar-ow- diýip, gygyryp gaçyp otyrdy. Iwany birden gorky basdy. Öňdäki möjek, meger ol toparyň serdary bolsa gerek, atyň üstüne bökmäge hyýallanyp, şony gapdallap başlady. Ol gaty golaýdy. Iwan bir eli bilen sanýadan berk tutdy-da, gamçyny möjege aýlap goýberdi. Ol muňa garaşmadyk bolarly, dişlerini birhili etdi-de, badyny gowşatdy. Beýlekiler onuň daşyna öwrüldiler. Ol bolsa art aýaklarynyň üstünde oturan ýerinden, barysyny penjesi bilen urdy. Serdar möjek ýene topardan saýlanyp öňki işini etmekçi bolýardy. - Talaýarlar! - Azajyk gaýrat et, ata. Bir paltany ýere zyň. - Talaýarlar. - Azajyk gaýrat et, eşek! Biz olary ýeňeris. - Olara birzatlar zyň!- diýip, Naum gygyrdy. - Paltany zyň! - Seret Wanýa, zyňýan. Iwan paltany almak üçin ýere bökende üç möjek gorkup aňry gaçdy. Soň adamyň öz üstüne bökmäge hyýallandylar. Şol pursat serdar möjek atyň üstüne bökdi. Yzdakylaram läşe ýetmäge howlukdylar. Iwan eli paltaly olara topulmak isledi, olar sähel gaçan ýaly etdiler-de, oňa gana bulaşan tumşugy, haýasyz gözleri bilen seretdiler. - Iýiň, siziňki çüwdi, haramzadalar- diýdi-de, agzyna gelen iň paýyş sözi aýdyp öz ugruna ýöräp ugrady. - Hany, dur bakaly, ýylan seň bir. Biz ýeňerdik, at janawerem diri galardy- diýip, ol öz ýanyndan gaýyn atasyna käýindi. Naum giýewine öwrümde garaşdy, ony sag-aman görübem çyndan şatlandy. - Dirimiň-ow, hudaýa ýüz müň şükür! - Diri- diýip, Iwan gygyrdy. – Özüň dirimiň? Naum giýewiniň sesinde ýakymsyzlyk duýdy. Durdy-da, aňrylygyna gitdi. - Sen näme üýrýäň-how! - Men saňa üýrmerin, seni ýassap uraryn. - Men bu ýerde näme edenmişim!- diýip, Naum aty derrew arabadan boşatdy. - Dur- diýip, Iwan arlady- Sen ikilik etdiň-ä. Dur, barybir taparyn seni * * * Iwanyň öýünde hiç kim ýok ekeni. Diňe gulp asylgy durdy. Ol gulpy kakyp goýberdi-de öýe girdi. Düýnki içilmedik aragy tapdy. Ony bat bilen alyp hemmesini içdi. Soňra gaýyn atasynyňka gitdi. Gapyda arabadan boşadylan at durdy. - Öýde ekeni. Häzir oňa sapak geçeris. Gapyny görse açyk ekeni. Iwana kümäniň içinde garaşýardylar: gaýyn atasy, aýaly Nýura, polisiýa işgäri. Polisioner ýylgyrdy. - Nähili-how Iwan! - Hä, gaçdyňmy? Iwan gaýyn atasyna soragly garady. - Sen näme Iwan?- diýip, Nýura aýtdy –Sen näme aklyňdan? Bolşuň nähili? - Seniň kakaňa biraz nähili adam bolmalydygyny öwredäýjekdim. - Hany goý- diýip, polisiýa işgäri aýtdy. –Betbagtlyk bolupdyr, ikiňizem gorkupsyňyz. Beýle boljagyny kim kellesine getiripdir! - Biz olary ýeňerdik welin, men ýeke galyberdimd-ä. - Men saňa paltany arabadan taşlap ýetişdim-ä. Soradyň, taşladym. Ýene näme gerekdi? - Sähel zat gerekdi. Seniň adam bolaryň gerekdi. Sen bolsa gury ham ekeniň. Barybir saňa-ha adam bolmagy öwrederin. - Mugallym tapyldy. Akmak! Öýe sag geldi, ýene haýbat atýar-ow. Muňa suw geçiriji hem suw ýyladyjy gerekmiş. - Suw geçiriji nireden kelläňe gelip ýör, Iwan?- diýip, polisioner sorady. - Obada erbet, şäherde welin hezillikmiş- diýip, Naum aýtdy. – Halky hökümede garşy çykjaklar. Iwan sögünjiredi-de, turdy. Polisioner hem turdy. - Munuň ýalyny nirä eltip dykýanlaryny bilýäňmi? –diýip, Naum ýene dek oturmady. - Kellesini bir boş ýere dykaýýarlar. Iwan gaýyn atasy tarapa ugrajak boldy. - Goýuň!- diýip, polisioner aýtdy-da, Iwany kümeden alyp çykdy. - Men ony ýençmeli- diýip, Iwan aýtdy. - Goý, hany! Sen şu gün bizde ýatarsyň, köşeşersiň. Ýogsam gowy zadyň üstünden barmarsyň sen. - Adammy-how şol? - Goý, goý! Ýumruk bilen düzetjek zadyň ýok. - Ata haýpym gelýär, gynanýan-ow! - Küşt oýnaýaňmy sen? Iwanyň sesi anyk çykdy. - Oýnaýan. Wasiliý ŞUKŞIN, rus ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |