20:26 Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň? / hekaýa | |
WANÝA, BU ÝERLERE NÄDIP DÜŞDÜŇ?
Hekaýalar
N şäherinde Pronka Lagutiniň uýasy okaýardy. Pronka aýda bir gezek oňa iýer-içer ýaly odur-budur getirerdi hemem ýaşaýan otagynyň kireýini tölärdi. Ol uýasynyň bile okaýan joralary bilen gümür-ýamyr etmegi gowy görerdi hem-de gep arasynda olara akyl bererdi: — Esasy zat… seresap boluň. Bärde her hili adam bar. Eger biri: «A gyz, siz maňa ýaraýaňyz, goluňyzdan tutmaga rugsat ediň» diýäýse, oň eline kakyň-da: «Eliňizi çekiň! Men, ilki bilen, okuwymy okamaly, galan zatlar soň» diýiň. Ol bir gezek şunuň ýaly uýasynyň yzyndan gelen wagty, ir bilen gyzlary okuwyna ugratdy-da, otla münýänçä şäherde gezelenç etmegi ýüregine düwdi. Otly agşamaralar gidýärdi. Ol eýläk-beýläk aýlandy, ony-muny gördi, gazly suw içdi… Onsoň dynç almak üçin seýilbagdaky oturgyçlaryň birinde ornaşdy. Onuň oturany hem şoldy welin: — Ýaş ýigit, haýyş edýän, meni bagyşlaň — diýip, eli torbaly bir ýaş zenan onuň ýanyna geldi. — Siziň bir minut wagtyňyzy alsam bolarmy? — Näme üçin? — diýip, Pronka sorady. Zenan maşgala oturgyçda oturdy. — Biz şu şäherde kino düşürmek isleýäs… — Hä, kino alýaňyzmy? — Hawa. Bize kiçijik wakada oýnar ýaly adam gerek. Ine… edil siz ýaly. — Edil meniň ýaly? — Hawa… sadaja oglan… Düşünýäňizmi, bize ilkinji gezek şähere gelen sadaja oba oglany gerek. — Indi düşünýän. — Aýtsaňyzlaň, siz nirede işleýäňiz? — Men başga ýerde ýaşaýan. Uýamyňka myhmançylyga geldim… — Haçan gidýäňiz? — Şu gün. — Hm… onda, gynansagam, hiç zat başa barmaz. Ýogsa-da… siz obada ýaşaýaňyzmy? — Hawa. — O taýda näme işleýäňiz? — Traktor sürýän. — Bize bolmanda siziň bärde bir hepde galanyňyz gerek. Muny başararsyňyzmy? — Bu kynrag-a düşer. Häzir işiň gyzgalaňly wagty. — Düşünýän. Gynanýan. Haýyş edýän, meni bagyşlaň — diýip, ol aýal gitmek üçin ýerinden turdy, ýöne hyrra yzyna öwrüldi-de: — Eşidýäňizmi, siziň ýigrimi minut wagtyňyz barmy? — diýip sorady. — Bar. — Sizi režissýora görkezesim gelýär… nähili aýtsamkam… dogry hereket edýändigimize göz ýetiresim gelýär. Siz garşy dälmi? Ol şu ýerde, myhmanhanada bolýar. — Ýörüň. Ýolda Pronka kinonyň adynyň nämedigini, haýsy artistleriň oýnajagyny, olara näçeräk puluň tölenjegini soraşdyryp bildi… — Ýogsa-da, ol oglan näme üçin şähere gelýär? — Neme-dä, bagtyny synap görmek isleýär. Bilýäňizmi, ol pula kowalaşýan adamlaň hilinden. — Gyzykly zat — diýip, Pronka aýtdy. — Ýogsa-da, maňa-da şu wagt puluň zyýany degmezdi. Meň jaý satyn alasym gelýär. Öýlenjek bolýan, ýöne häzirki öýüm gaty dar. Oglanlar gelse oturmaga ýer boljak däl. Bärde ähli kişä gowy töleýärlermi? Zenan güldi. — Bu barada irräk gürrüň edýäňiz? Siz bärde bir hepde galyp bilmersiňizmi? — Meň pikirimçe, galyp bilerin. Men öýdäkilere barmajagym barada… — Ýok, entek gerek däl. Siz ol oglanyň keşbine laýyk gelmezligiňiz mümkin… — Ýöne: «Bize edil siz ýaly oglan gerek!» diýip, özüňiz aýtdyňyz ahyry. — Gynansagam, muny režissýor çözýär. Režissýor agajetli, elli ýaşy arka atan, gözleri akyllylyk bilen oýnaklap duran adamdy. Ol Pronkany güler ýüz bilen garşy aldy. Soňra dykgat bilen synlady-da, kürsüde oturtdy. Ýakymly zenan Pronka barada bilýän zatlaryny gysgajyk gürrüň berdi. — Örän gowy — diýip, režissýor aýtdy. — Eger işler ugruna bolsa, bar zat gül ýaly bolar. Indi bolsa, haýyş edýän, bizi ýeke goýuň. Biz birsalym… oýnajak bolup göreliň. Aýal çykdy. — Bagyşlaň, unudaýypdyryn, siziň adyňyz näme-dä? — Prokopiý — diýip, Pronka ýerinden turdy. — Oturyň, oturyň, menem oturjak — diýip, režissýor ýigidiň garşysyna geçip oturdy-da, keýpikök halda Pronka seretdi. — Diýmek, siz traktorçy-da? — Hawa. — Kino görmegi gowy görýäňizmi? — Erbet göremok. Dogrusy, gaty seýrek görýän. — O näme üçin? — Neme-dä, tomsun-a bar wagtymy meýdanda geçirýän, gyşyna bolsa tokaýa gitmeli bolýar. — O näme üçin? — Biz o taýda agaç ýatyrýas. Öýlenen oglanlar öýünde galyp, traktorlaryň bejeriş işlerini geçirýär, meň ýaly sallahlar bolsa tokaýa agaç ýatyrmaga gitmeli bolýar. — Şeýle, şeýle… Näme diýsene, Prokopiý, biziň almakçy bolýan kinomyzda bir kiçijik waka bar: şähere bir obaly oglan gelýär-de, bagtyny synap görmek isleýär. Onsoň ol ýaşamak üçin tanyşlarynyňka barýar. Umuman aýdanyň-da… olar çalarak tanyş. Şäherliler tomsuna oba dynç almaga barypdyrlar-da, onuňkyda ýaşapdyrlar. Düşnüklimi? — Hawa. — Örän gowy. Yzyna gulak as: şäherliler onuň gelenini halanok. Neme-dä, artykmaç ýük, özüňi oňaýsyz duýmak... we şuňa meňzeş zatlar. Ýöne ýigit samsyk däl, bu zatlary aňýar. Umuman, ol şäher durmuşynyň agyrdygyna düşünip ugraýar. Aýdaly, bu onuň ilkinji ädimleri. Düşündiňmi? — O nähili beýle bolýar? — diýip, ýigit janykdy. — Özler-ä onuňkyda hezil edip ýaşapdyrlar, o ýigit gelende-de ýüzlerini sowýalarmy? — Bu… bolýan zat. Ýogsa-da, olar halamaýandyklaryny känbir bildirip baranoklar. Umuman, bu gaty çylşyrymly mesele — diýip, režissýor Pronka seredip dymdy. — Düşündiňmi? — Hawa. Olar halamaýandygyny bildirmejek bolýarlar. — Hawa, syr berenoklar. Synanyp görelimi?.. Sözlerini barýarkak oýlap taparys. — Nädip? — Siz gapydan girýäňiz, siziň öňüňizde men däl-de, şäherli tanşyňyz bolar, yzynam görübereris. Özüňizi adaty bolşuňyz ýaly alyp baryň. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaň, siz Prokopiý däl-de, şol obadan gelen oglan. Ony «Iwan» diýip atlandyraýalyň. Onda näme, başladyk! Pronka otagdan çykýar… soň täzeden girýär. — Salam! — Gapyny kakmaly — diýip, režissýor düzediş berdi. — Hany, ýene bir gezek. Pronka çykýar-da, gapyny kakýar. — Hawa?! Pronka girýär-de, bosagada durýar. Olar uzak wagtlap dymyşyp durýarlar. — Ýigit, hany salamyň? — Men ýaňy salamlaşdym-a. — Ýöne biz täzeden başlapdyk. — Hawa, täzedendir-ow. Pronka çykýar-da, kapyny kakýar. — Hawa?! — Salam! — Hä, Iwan! Giriň, giriň — diýip, režissýor begençli gürledi. — Girseňizläň! Bu ýerlere nädip düşdüňiz? Pronka ýylgyrdy. Ol: — Salam! — diýip, režissýoryň ýanyna bardy-da, ony garsa gujaklady, soňra bolsa arkasyna kakyp: — Ýagdaýlaň niçik? — diýip sorady. — Nämä begenýäň? — diýip, režissýor ondan sorady. — Seni görenime… Sen meni görüp begendiň-ä. — Hawa, ýöne sen meň ýalandan begenen bolanymy duýmaly ahyry. Düşündiňmi? — Ýöne saňa ýalandan begenen bolmak nämäňe gerek? Men entek «Sizde ýaşajak» diýip aýdamog-a. Belki, men bir sagatlyk gelendirin. Režissýor maňlaýyny çalaja çytyp, Pronkany dykgat bilen synlady-da: — Munyň dogry — diýdi. — Gel, ýene bir gezek synanyşyp göreli. Men, dogrudanam, gyssanypdyryn. Pronka ýene daş çykdy-da, gapyny kakdy. Bar zatlar gaýtalandy. — Ýagdaýlar niçik? — diýip, Pronka ýylgyryp durşuna sorady. — Aý, boljak… Şähere iş bilen geldiňmi? — Ýok, hemişelik. — O nähili hemişelik? — Meň artist bolasym gelýär. Režissýor hahahaýlap güldi. Pronka oýnaýan keşbinden çykyp: — Ýene täzedenmi? — diýip sorady. — Ýok, dowam ediber, ýöne çynyň bilen. Aýdaly, sen bärik artist bolmaga däl-de, mata fabriginde işlemäge gelipsiň. Diýmek, şähere hemişelik gelipsiň-dä? — Hawa. — Ýeri, onsoň? — Näme? — Sen nirede ýaşamakçy bolýaň? — Bärde. Siz meň öýümde ýaşadyňyz-a, indi menem birsalym siziňkide boljak. Režissýor oýa batýar-da, otagyň içi bilen ikibaka ýöreýär. — Näme üçindir, biziňki başa baranok… Sen göni öküziň şahyndan tutaýýaň, munyň bolanok. Bärde inçelik gerek, gepiň gysgasy, mekirräk bolmaly. Geliň, ikimizem jögülik edeliň: men seň geleniňe nägile, ýöne muňa begenen bolýan; sen bolsa meň nägiledigimi aňýaň, ýöne bilmedik bolýaň. Synanyşalymy? — Synanyşaly. Garaçynym, bu iş maňa ýaraýar. Eger meni obadaşlam göräýse, onda olar klubymyzy «göçürer». — O näme üçin? — Haýran galanlary üçin. Olar meni ellerinde göterip çykararlar!.. — Hawa-da... Onda näme, synanyşyp göreliň! Ýogsa birden menem bärden «göçüräýmesinler»... Haýran galanlary üçin. Pronka dälize çykyp, gapyny kakdy-da, girip salamlaşdy. Ol bu zatlary joşup, uly höwes bilen ýerine ýetirdi. — Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?! — diýip, režissýor gygyrdy. — Ýogsa-da, saňa kim diýip ýüzlenmeli? — diýip, Pronka sorady. — Aýdaly… Nikolaý Petrowiç. — Gel, täzeden başlaly — diýip, Pronka buýruk berdi. — Hany, aýt: «Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?!». — Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?! — Ýok, bolanok — diýip, Pronka näme etmelidigini görkezmäge durdy. — Sen, ine, şeýdip elleriňi şarpyldat-da: «Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?!» diý. Ine, şeýdip. Režissýor oýa batyp durşuna äňine elini ýetirdi-de, razylaşdy. Ol: — Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?! — diýdi-de, ellerini şarpyldatdy. Pronkanyň göhi geldi. — Salam, Petrowiç! Ýagdaýlaň niçik?! — Dursana! Sen meniň duýgularymy aňýanyňy göremok. Men nägile ahyry! Ýöne… Ýeri bolýar-da, yzyny dowam edeli. Şeýle-de bolsa, meni ünsden düşürmejek bol. Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň?! — Şähere ýaşamaga geldim. — Hemişelikmi? — Hawa. Fabrikde işe durmaga synanyşyp görjek… — Onsoň nirede ýaşamakçy bolýaň — diýip, Nikolaý Petrowiçiň ýüzünden şatlyk alamaty syrylyp ugrady. — Seňkide — diýip, Pronka syr bermedi. — Ikimiz bileje telewizor göreris. — Munyň dogry, ýöne meň öýüm darrak, Iwan… — Zyýany ýok. «Göwün sygsa, göwre sygar» diýipdirler. — Ýöne men eýýäm nägile ahyry, Iwan… ýagny, Pronka! — diýip, režissýor sabyr-kanagatyny elden berdi. — Eýsem, göreňokmy? Men eýýäm gara bulut ýaly tutulyp ugradym, sen bolsa ýylgyrýaň. — Seň nägileligiň bilen işim ýok — diýip, Pronka aýtdy. — Ýarym aý ýaşanym bilen saňa döw çalasy ýok. Işe duraryn-da, umumy ýaşaýyş jaýyna geçerin, wessalam! — Beýle bolsa başga kino goýmaly bolar, düşünýäňmi? — Onda başgasyny goýaly. Ine, men şeýdip gapydan girýän… — Seň aslyň nireli? — diýip, režissýor onuň sözüni böldi. — Kolundaly. — Seň, dogrudanam, şäherde galasyň gelýärmi? — Aý, ýok… — diýip, Pronka dymdy. — Bu barada oýlanmandyryn. Umuman, ýok. Maňa öz obamyz ýaraýar. Maňa bu oglanyň keşbi laýyk gelenokmy? — diýip, Pronka sorady. — Nähili aýtsamkam… — režissýor Pronkaň göwnüne degmejek bolup gürledi. — Biziň ssenarimizde başga bir oglanyň keşbi bar. — Ol stoldan ssenarini aljak bolup ýöneldi-de, birdenem yzyna öwrüldi. — Aýtsana, seň özüň näme ederdiň? Ine, sen şähere gelipsiň… — Ýok-la, eger ýazylan bolsa, üýtgetmegiň geregi ýok. Siz ony men sebäpli täzeden ýazasyňyz ýog-a? — Eger birden… — Näme? — Tanyşlaryňa gelen bolsaň näme? — Gelemde näme?.. Salamlaşaryn. «Men size myhmançylyga geldim». — «Näme üçin?». — «Fabrige işe durmakçy bolýan…». — Onsoň? — Bolany. — Ýöne birnäçe wagt olaryňkyda ýaşamaly boljagyň üçin, olar senden nägile bolarlar ahyry. — Düşünemok, bärde üýtgeşik näme bar? Ýeri, birki hepde olarda ýaşanym bilen… — Üýtgeşik zat ýok-la, ýöne ol adamlaň ýasalyşy şeýle. Olar saňa göni aýtmazlar, ýöne nägilediklerini bildirerler. Aýtsana, şu ýagdaýda näme etmeli bolar? — Men: «Näme, bärde birnäçe wagt ýaşanym bilen asman bilen ýer tapyşar öýdýäňizmi?» diýip, olardan göni sorardym. — Ýöne olar: «Ýok-la, Iwan, aýdýanyň näme! Baş üstüne, gel, geç!» diýen bolsalaram, gaty nägile. Düşünýäňmi? Şu ýagdaýda näme etmeli bolar? — Bilmedim. O taýda näme ýazylypdyr? — diýip, Pronka ýazga ümledi. — Bärde… bar zat başgaça. Ýogsa-da, sen jögülik etmegi başararmyň? Gel, synanyşyp göreli? Aýdaly, olar gaty ýaramaz adamlar, goý, şeýle bolsun, ýöne seň dogrudanam ýaşamaga ýeriň ýok. Ýöne muň üçin yzyňa — oba gidesiň ýog-a? Gel, başyndan başlaly. Ýöne ýadyňdan çykarma… Edil şol wagt telefon jyňňyrdady. Režissýor gürleşmäge durdy. — Ýeri… ýeri… Näme üçin? Men aýtdym ahyry… Nähili etmelidigini görkezdim-ä! Içigar galan!.. Häzir düşýän. Barýan. Pronka, haýyş edýän, maňa bäş minut garaş. Aňyrda bir bulaşyklyg-a çykypdyr… — Gulak asanoklarmy? — diýip, Pronka gyzyklandy. — Kime? Maňamy? — Hawa. Režissýor güldi. — Ýok-la, beýle däl… Men bahym gelerin — diýip, režissýor çykyp gitdi. Pronka oýa batdy. Onuň gapdalyndan eli torbaly owadan zenan geçip barýardy. Ol ýöräp barşyna: — Ýeri, ýagdaýlaryňyz nähili? — diýip sorady. — Hiç hili. — O nähili? — Başa baranok. O taýda başgarak ýazylypdyr. — Režissýor garaşmagy haýyş etdimi? — Hawa. — Beýle bolsa garaşyň — diýip, zenan ssenarileň duran ýerini dörjeleşdirdi-de, olaryň birini aldy… — Belki, häzirlikçe ssenarini okarsyňyz? Ine, şu bellik edilenler siziň keşbiňiz. Ol Pronkanyň eline ssenarini gysdyrdy-da, başga birini eline alyp, ylgaşlap gitdi. Ol gaýdyp Pronka barmysyňam diýmedi. Şondan soň, näme üçindir, Pronkanyň ýüregi gysyp ugrady. Ol ertirki güni — demir ýol menziline adamlardan hyryn-dykyn wagonlaryň gelşini, olaryň awtobusdan ýer almak üçin menzilden ylgap çykyşlaryny göz öňüne getirdi… Ýöne indi Pronka o ýere barmaz, şadyýanlyk bilen: «Odunçy, oduňy gatyrak ýak, ýogsa pyýada gitmeli bolarsyň!» diýip, aýdyma-da zowlatmaz. Deňelerine ýetende agaçlaryň arasyndan obasynyň ilkinji jaýynam görmez. Tezek ysly tüssäniň ysynam almaz… Adatdakylary ýaly öýüň bosagasynda duran ejesiniň: «Sag-aman geldiňmi, ýagdaýlaň niçik?» diýen sözlerine hemişekileri ýaly «Hudaýa şükür, bar zat gowy» diýip, jogabam bermez. Ol şu zatlary aňynda aýlap, ssenarini stoluň üstünde goýdy-da, reňkli galamy eline alyp, ak kagyzyň ýüzüne ullakan harplar bilen: «Ýok, biziňki başa barmaz. Lagutin Prokopiý» diýip ýazdy-da, bärden gitmek bilen boldy. Wasiliý ŞUKŞIN, rus ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |