II. Mälik Salyh wepat bolanyndan soňra Şamyň syýasy ýagdaýy
A. Halabyň Mosul hökümdarynyň ygtyýaryna berilmegi
Mälik Salyh Ysmaýyl bin Nureddin 577-nji ýylyň rejep aýynda Halapda aradan çykdy. Ol ýerdäki emirler we harby işgärler Halaby Mälik Salyhyň agasynyň ogly bolan Mosulyň hökümdary Yzzeddin Mesgut bin Möwdudyň ygtyýaryna bermek barada ony çagyryp, bu işi ýerine ýetirmek üçin kasam etmegini soramaly diýen karara geldiler. Ýöne birnäçe emirler oňa garşy çykdylar. Olar Mälik Salyhyň doganoglany Sanjaryň hökümdary Ymadeddin Zeňňä wesýet etmekligi maslahat berdiler. Bu emirler Ymadeddin Zeňňiniň Nureddiniň giýewisi bolany üçin ony hökümdarlyga mynasyp diýip hasapladylar we şeýle diýdiler: «Ymadeddin hem seniň agaň ogludyr. Şeýle hem ol seniň aýal doganyň adamsy. Seniň kakaň hem ony gowy görýärdi. Ymadeddin öz ynsaby bilen hökümdarlyk edýär. Onuň Sanjardan başga mülk ýeri ýok. Eger şäheri gurplandyrmak üçin onuň ygtyýaryna berseň gowy bolardy. Yzzeddiniň ygtyýaryndaky şäherler bolsa, tä Ýewfrat derýasyndan Hamzana çenli aralyklary öz içine alýar. Seniň şäherleriňde onuň işi ýok». Ýöne Salyh entek ölmänkä Ymadeddin babatda başga pikirdedi. Harby işleri onuň özüniň dolandyrmaýanlygy üçin Salaheddiniň Halaby eýelemek tamakinçiliginden goramaklygy oňa ynanyp boljak däldi. Şonuň üçin hem Salyh Yzzeddin Mesgudy hökümdar saýlamagy ýüregine düwdi. Salyhyň jogabyndaky şeýle sözler hem muňa kepil geçýär. Ol şeýle diýdi: «Ol biziň bilen düşnüşmez. Ýöne Salaheddin meniň ygtyýarymdaky Halapdan başga Şamdaky ähli şäherleri eýeledi. Haçan-da biz Halaby Ymadeddiniň ygtyýaryna bersek, ol şäheri goramakda ejiz geler. Biziň halkymyz bolsa Salaheddiniň tabynlygynda ýaşap bilmez. Biz hökümdarlygy Yzzeddiniň ygtyýaryna bersek, ol şäherlerindäki köp sanly esgerleri bilen goramak mümkinçiligini tapar».
Şondan soňra emirler Mälik Salyhyň pikiri bilen ylalaşyp, onuň sözüni makulladylar. Ol wepat bolanda bolsa Halaby Yzzeddin Mesgudyň ygtyýaryna bermek üçin ony maslahata çagyrdylar. Yzzeddin pursatdan peýdalanmak babatynda sähelçe-de eglenmedi. Ol Salaheddiniň Halaby eýelemeginden howatyrlanyp, orunbasary Mujahededdin Gaýmaz bilen howlukmaç ýagdaýda Ýewfrat derýasyndan geçip, Halaba tarap ýola düşdi. Yzzeddin Halaba golaý baryp, emirlerini özüne kasam etmek üçin çagyrdy. Bu ýagdaýdan soňra ol ýörişini dowam etdirip, 577-nji ýylyň meret aýynyň 20-sine Halaba girdi. Halaplylar Yzzeddini uly şagalaňlar bilen garşy aldylar. Zeňňiniň nebereleri yzygiderli Mesopotamiýadan we demirgazyk Şamdan, tä Damaska çenli aralykdaky şäherlere aralaşyp, olaryň täsiri uludy. Halaply emirler pereňliler we ysmaýylylar bilen bileleşip, Salaheddiniň garşysyna durmak kararyna geldiler.
Salaheddiniň doganynyň ogly Takyýeddin Omar şol wagt Manbajda hökümdarlyk sürýärdi. Ol Mosul hökümdarynyň Şama barýandygyny eşidip, daş-töwerekden garşylyklaýyn hüjüm edilmeginden howatyrlandy. Ol derrew Manbajy terk edip, Hamata gitdi. Manbajyň halky bolsa bu ýagdaýa gaharlanyp, çakylyk haty bilen Yzzeddin Mesgudy çagyrdylar.
Halap goşun emirleriniň birnäçesi Mosulyň hökümdaryna Damaska hüjüm etmegi teklip edip, onda Şamyň şäherlerine bolan höwesi we Atabegligiň ýerli halkyna mähirlilik duýgularyny oýatdylar. Soňra Yzzeddin Mesgut olar bilen aralaryndaky kasamlaryna eýerip, hökümdarlygyny dowam etmek islemedi. Ol şeýle diýdi: «Biz öz aramyzda kasam etdik. Indi şol kasama ikilik etmäliň». Şunlukda, Yzzeddin Mesgut Halapda birnäçe aý bolanyndan soňra, Roha gitdi. Eger Yzzeddin şol wagt Halabyň emirleri bilen Damaska ýöriş etmek barada ylalaşan bolsa, Salaheddiniň Müsürden gelip, oleri goramaga mümkin-çilik almazyndan öň Damasky eýeläp, Zeňňileriň täsirini ýüze çykarmakdaky mümkünçilik ýeke Yzzeddiniň hökümdarly-gynyň astyndaky Şamda amala aşyrylyp, dowam etdirilýändigi duýulýardy.
Sanjaryň hökümdary Ymadeddin Zeňňi Mälik Salyh wepat bolanyndan soňra Halabyň hökümdarlygyna geçmekde öňürti-lemek isledi. Adata görä, Halabyň höküm-darlygynyň Mosuldaky Atabegler döwleti-niň ygtyýaryna berilmegi bilen Ymadeddin Zeňňi ol ýere mynasyp hasap edilmedi. Ol öz maksadyny amala aşyrmanka, ähli ugurlardan oňa garşy çykyldy. Soňra ol dogany Mesguda Halaby Sanjar bilen çalşyrmagy talap edip, hat iberdi. Ýöne Mosul hökümdary bu talaby inkär edip, jogap bermekden saklandy. Ibn Esiriň ýatlamagyna görä, eger Mesgut Halaby Ymadediniň ygtyýaryna bermese, ol San-jary Salaheddiniň tabynlygyna berjek-digi hakda haýbat atyp, Mosul hökümdaryna hat iberipdi.
Ibn Esiriň ýatlamagyndan şeýle netije ýüze çykýar. Bu haýbat Mesgudyň öz ornundan çekilmegine uly täsir etdi. Mesgudyň orunbasary we döwlet işlerini dolandyry-jysy Mujahededdin Gaýmaz onuň bu teklibe garşy çykmagyndaky howpy düşündiripdir. Eger ol Ymadeddiniň pikiri bilen ylalaşman, Halaby Ymadeddine berip, Sanjar bilen çalyşmakda onuň göwnüne degmesini bes etmese, Sanjaryň Salahed-diniň ygtyýaryna geçmek howpy bolany üçin Mosul hökümdary mejbury halda onuň pikirini kabul etmeli bolar. Soňra Mesgut doganynyň talabyna jogap hökmünde onuň bilen ylalaşyp, 578-nji ýylda Halaby onuň ygtyýaryna berdi we Sanjary öz mülküne goşdy. Ol bu işleri öz isleginiň garşysyna edipdi.
Mundan başga-da birnäçe taryhçylar Mosulyň hökümdarynyň Halaby dogany Ymadeddine bermeginiň başga sebäplerini hem düşündirýärler. Çünki Yzzedin Mesgut hökümdarlyk edýän ýerlerini haçparazlardan goramak üçin Halaba birikmäge we Şamdaky güýçli ýygyn bilen ylalaşmaga erjellik görkezýän Salaheddinden Halap bilen Mosuly bilelikde gorap saklamagyň mümkin däldigine göz ýetirdi. Taryhçylar bu wakanyň sebäbi hökmüňde Halabyň emirleriniň mülk ýerleriň we harajatlaryň bahalaryny edil öz ygtyýarlaryndaky ýaly galdyrmaklygy, Yzzeddin Mesgutdan talap etmekleri bilen oňa päsgel berenlerinden soňra, Mosul hökümdarynyň Halaby Sanjar bilen çalyşmak barada Rakkada ylalaşyk baglaşandygyny hem ýatlaýarlar.
Biziň Ibn Esiriň gürrüňlerine bil baglamagymyzyň sebäbi onuň gürrüňleriniň bolan wakalara has ýakynlygydyr. Biz bu ýagdaýlar bilen tanyş bolsak, Ymadeddin Zeňňi Atabegler döwletiniň hökümdary bolan, ýagny kakasy Kutbeddiniň mirasynyň özünde galmagyny isländigini görýäris. Kutbeddin hem Ymadeddini iň uly ogludygy üçin özi ölenden soňra hökümdarlygy oňa bermegi wesýet edipdi. Ýöne Fahreddin Abdylmesih bilen Seýfeddin Gazynyň ejesi Hatun bu ýagdaýa garşy çykyp, Mosul hökümdarlygyna Seýfeddin Gazyny bellemek barada syýasat alyp bardylar. Şondan soňra Ymadeddin Zeňňiniň agasy Nureddin Mahmydyň bu meselä goşulmagy bilen 566-njy ýylda ol Sanjarda ykrar edildi. Şu ýagdaýa ýene bir zady goşsak ýerlikli bolar. 570-nji ýylda Ymadeddiniň dogany oňa Şama gidip, Salaheddiniň derejesindäki wezipede durmak bilen, Halabyň goranyş işlerine gatnaşmagyny talap edipdi. Ymadeddin bolsa Salaheddin bilen ylalaşygynyň bardygy üçin oňa jogap bermekden saklanypdy. Şeýle hem ol Seýfeddine şäherlerdäki isleglere boýun bolmagyny talap edip, hat iberdi we ol tarapdaky ýokary derejeli söweşlere gatnaşmakdan boýun gaçyrypdy.
Şonuň üçin Ymadeddiniň Sanjary döwrebap ýaraglanan leşgerli Salaheddine bermek barada haýbat atmagy bilen Ymadeddiniň Sanjary öz duşmanyna ber-meginden howatyrlanyp, Mosul hökümdary oňa garşy çykmazdan boýun bolupdy. Muja-hededdiniň maslahat bermeginde Yzzeddiniň Halapdan çekilmegine sebäp bolupdy. Yzzeddin Mesgut onuň garşysyna gitmäge töwekgellik etmedi. Çünki Mujahededdiniň kuwwatly döwleti hem köp sanly esgerleri we ummasyz baýlygy bardy.
Şu sebäplere görä, Salaheddiniň Mesopotamiýanyň we Mosulyň içeri işlerine goşulmagynda amatly pursatyň döremeginiň öňüni almak üçin Mesgut Halaby Ymadeddiniň ygtyýaryna berip, özi bolsa Sanjaryň hökümdarlygyny kabul etdi.
III. Salaheddin bilen Yzzeddin Mesgudyň arasyndaky söweş
A. Salaheddiniň Mosulyň welaýatlaryny eýelemegi
Mälik Salyh wepat bolanyndan soňra, Şamyň syýasy ýagdaýlarynyň bulaşan wagtynda, pursatdan peýdalanyp, syýasata goşulyşmagy zerur hasap eden Müsüriň hökümdary Salaheddin ol ýerde bolýan hadysalardan baş çykarmak üçin Şama ugrady. Çünki Şamyň demirgazygynda Sala-heddini tolgundyrýan we ynjalyksyzlan-dyrýan habarlaryň we wakalaryň ýüze çykyp durmagy netijesinde ol Halaba gitmegi ýüregine düwdi. Salaheddin Hamatyň hökümdary, ýagny dogany Takyýeddin Omara hem-de Şamdaky orunbasaryna Şamdaky wakalary düzgünleşdirmek üçin ýörişe taýýarlanmagy tabşyryp, hat iberdi. Şeýle hem Şam şäherlerindäki dartgynly ýagdaý-lary düşündirmek bilen, Harym haçparaz-larynyň hüjüminiň we Halap esgerleriniň haçparazlardan kömek sorap, ol ýerdäki öz mülklerine duşmançylykly garmagynyň öňüni almak üçin Salaheddin Mosuldaky halypa Nasyr Lidinilla Apbasa hat iberdi. Salaheddin halypa Nasyra Müsürdäki fatymy halypalaryny ýok eden döwründäki we ýurtlary apbasylaryň dolandyryşyna gaýtaryp beren wagtyndaky hadysalary ýatlatdy. Şol ýatlamalaryň içinde Halabyň halypa Mustazi Billah tarapyndan özüne tabşyrylandygyny, ony diňe Nureddin üçin terk edendigini, häzir bolsa öz hukugyny talap edýändigini delillendirip, Salaheddin şeýle diýdi: «Öz rysgyňa kanagat eder ýaly, her kim öz hakyna kaýyl bolsun".
Salaheddin 578-nji ýylyň aşyr aýynyň 5-ine Müsürden çykyp, Damaska ugrady we şol ýylyň sapar aýynyň 18-ine bolsa Damaska baryp ýetdi.
Salaheddine Yzzeddiniň ilçisiniň olaryň öz şäherlerine girmegine päsgel bermek üçin pereňlileri yslam äleminiň serhetýaka şäherlerine hüjüm etmäge öjükdirendigi hakdaky habar ýetdi. Yzzeddin Mesgudyň kasamyny bozup, özüne haýynlyk edendigine Salaheddin doly göz ýetirdi. Soňra ol Halaba we Mosula ýöriş gurmak-lygy ýüregine düwdi. Salaheddin Halaba barýarka, ýolda Harranyň hökümdary Muzaffa-reddin Gökböri hem oňa goşuldy. Muzaf-fareddin Mosul hökümdary Yzzeddin Mesgu-dyň hem onuň orunbasary Mujahededdin Gaýmaz bilen düşnüşmezlikleriniň netije-sinde Erbily öz ygtyýaryndan alandygy üçin ar almak islegi bilen Salaheddine birleşdi.
Muzaffareddin Gökböri Salaheddin bilen hat alyşmagyny dowam etdi we Salaheddin şäherleri eýelemek maksady bilen Ýewfrat derýasyndan geçen wagtynda ol hem onuň ýanynda boldy. Salaheddin 578-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň üçünji aýynda Halaba baryp, ony gabady. Ol üç günläp Halabyň gabawynda bolanyndan soňra, Ýewfrat derýasynyň aňry kenarynda ýerleşen Elbirtde düşledi. Onuň hökümdary Şehabeddin Irtika hem Salaheddine tabyn boldy. Şeýle hem Salaheddin öz tabyn-lygyna girmäge razy bolmaklaryny talap edip, etraplardaky emirlere we patyşalara Elbirtden hatlary iberdi. Şol hatlarda şeýle diýilýär: «Kimde-kim kapyrlara garşy söweşde öz islegi bilen soltana kömek bermäge gelse, onuň şäherlerini öz ygtyýarynda goýjak».
Etraplardaky patyşalardan Kifa galasynyň hökümdary Nureddin ibn Gara Arslan bin Artyk çagyryşa jogap edip, Salaheddine birikdi. Şeýle hem ol eger Amydy basyp alsalar, onuň öz ygtyýaryna berilmegini wada etdi. Soňra Salaheddin ilki bilen Rahany gabawa aldy. Onuň hökümdary Fahreddin Mesgut bin Zagfari bolsa mejbury ýagdaýda şäheri onuň ygtyýaryna berdi. Salaheddin ony Harranyň hökümdary Muzaffareddin Gökböriniň ygtyýaryna berdi.
Soňra Salaheddin Rakka tarap ýörişini dowam etdirdi we ony Kutbeddin Ynal bin Hasan Manbajynyň elinden güýç bilen basyp aldy. Şondan soňra ol Haburyň ähli ýerlerine hökümdarlyk etdi. Soňra Salaheddin Nusaýbyn şäherine ýöriş etmek bilen ony eýeledi we oňa hökümdar edip, Husameddin Abul Hijaýe Samyny belledi. Şeýlelikde, ol Haburyň ähli ýerlerini Jemaleddin Hoşteriniň ygtyýaryna berdi. Salaheddin Muzuryň ähli welaýatlaryny eýelemekde işi şowuna boldy. Onuň Mesopotamiýany we onuň şäherlerini, galalaryny özüňe boýun edeninden soňra, onuň esasy maksady erjellik görkezip, Mosula ýöriş etmek bilen ony öz hökümdarlygyna goşmak boldy.
B-Mosulyň gabawa alynmagy (birinji synanyşyk)
Mosul Salaheddin üçin birahatlygyň çeşmesi we maksatlaryny amala aşyrmak ýolundaky uly kynçylyk bolup durýardy. Salaheddin Mosuly bütinleý tabyn etmekligi ýa-da olaryň özüne goldamak bilen az möçberde hem bolsa kömek berip, ylalaşyk baglanyşmaklary zerur diýip hasap etdi. Şeýle hem ol haçparazlaryň garşysyna arkaňda ynamdar güýç bolmazdan, söweşe başlap bolmajakdygyna göz ýetirdi. Çünki Mosuly, Sanjary we Ibn Omar adasyny birikdirmek bilen yslamy güýçleri birek-birege kömek bermek üçin leşgerleri bir ýere jemläp, goşun bilen üpjün etmezden pereňlileriň garşysyna bu işi amala aşyrmak mümkin däldi.
Salaheddin emirlerini üýşürip hüjümi haýsy şäherlerden başlamalydygy barada maslahatlaşdy: Mosulmy, Sanjarmy ýa-da Ibn Omar adasy ! Bu ýagdaýda olaryň pikiri dürli-dürli boldy. Ýöne Muzaffareddin Gökböri oňa ilki Mosula çozmak barada diýenini etdirdi. Ýagny Salaheddin ilki ony möhüm hasap etmedigem bolsa, soňra Mosuldan başlamagy zerur hasap etdi. Muzaffareddin Mosulyň aýry ýerde ýerleş-megi bilen gabawy şondan başlap, ony eýelemegiň ähmiýeti barada düşündirip, şeýle diýdi: "Mosuldan başga ýerden başlamagyň geregi ýok. Ol eýýäm biziň elimizde. Yzzeddin bilen Mujahededdin biziň ol ýere ýöriş edýändigimizi eşidenlerinde, şä-herleri taşlap, dagdaky galalara giderler. Mosuly goramak üçin bolsa hiç bir adam eline ýarag almaz".
Nasreddin Muhammet bin Esededdin Şirkuh hem Muzaffareddiniň pikirini goldap, ýeňşiň Salaheddine köp baýlyk getirjekdigini düşündirdiler.
Salaheddin şeýle pikir bilen ylalaşyp, Mosula ugrady we 578-nji ýylyň rejep aýynyň 11-ine onuň golaýynda düşledi. Mosul hökümdary Yzzeddin Mesgut we onuň orunbasary Mujahededdin Gaýmaz gabawda Salaheddin bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin taýýarlyk gördi we ummasyz esgerleri toplap, töweregi gurşap alýan goranyş gurallaryny we ýarag-esbaplaryny taýýarladylar. Şeýle-de Mujahededdin esgerlerine köp hazyna harç etdi. Mosul hökümdary Mesopotamiýa, Sanjar, Erbil ýaly şäherlerdäki adamlary hem ýaraglar we beýleki harajatlar bilen üpjün edip, ňz goşunynyň üstüni ýetirip durdy.
Salaheddin Mosula golaý geleninde galanyň berk goralýandygyny we diwaryň üstündäki ummasyz goragçylara gördi. Salaheddin oňa emr etmekden howatyrlanyp, gabawy güýçlendirdi. Onuň agasy Nasreddin Muhammet bilen Muzaffareddin bolsa oňa kesirlik edip, özbaşdak hereket etdiler. Salaheddin özüniň howatyrlanýandygy barada Nasreddini habardar etmek bilen özüne wada eden baýlyklaryny bermegini talap edip, şeýle diýdi: "Eger biz leşgergähimize dolanyp barsak, hazynadan harçlan zatlaryňy ýerinde goýarsyň. Biz bu barada öň gürleşipdik". Nasreddin oňa jogap edip şeýle diýdi: "Men harçlan zatlarymy eýýäm gaýtardym. Biz bu şäheri terk edip gitmeris". Bu ikisiniň Mosuldan başlamaga itergi berip, howpa duçar edendigine Salaheddiniň gahary geldi. Eger Salaheddin bu ikisine boýun bolmadyk bolsa, beýleki iki galany köp güýç sarp etmezden eýeläp boljakdy. Emma ol häzir buýruk bermekde aljyrap, diňe Mosul bilen ýüzbe-ýüz durmakdan başga ýagdaý galmandy. Salaheddin muny şu sözleri bilen görkezýär: "Siz meni başga islege maýyl edip, howpa duçar etdiňiz. Eger mundan öň beýleki şäherlere ýöriş etmegi maksat edinen bolsak ol biziň bu wagtky gazanjak şöhradymyzy we hormatymyzy almakdan ýeňil bolardy. Biz bu mertebeden düşsek we yza dolansak biziň namysymyz depelener, hatarymyz çagşar we güýjümiz synar".
Salaheddin Mosulyň töweregine barlag hökmünde aýlanyp gelenden soňra, goşunyna hüjüme taýýarlanmaga görkezme berdi. Salaheddin säher wagtynda esgerleri bilen Mosula ýöriş etdi. Onuň özi galanyň Kunt derwezesiniň golaýynda saklandy. Kifaa galasynyň hökümdary Jasr derwezesinde, onuň dogany Täjilmülk bolsa onuň golaýyndaky Ymady derwezesinde ornaşan-laryndan soňra hüjüme başladylar. Ýöne Mosulyň goşunynyň güýçli goraga geçen-digi sebäpli olaryň hüjümi hiç hili netije bermedi. Salaheddiniň goşunlary-nyň gala golaý baryp, onuň diwarlaryny ýykmagy asla mümkin däldi. Şeýle-de bolsa, Takyýeddin Omar manjanyk gurup, Mosulyň galasynyň diwaryny top okuna tutmak barada buýruk berdi. Ýöne Salaheddin güýçli ýaraglanan duşmanlarynyň öňünde bu işiň biderekdigini düşündirip, şeýle diýdi: "Eger biz bu gala manjanyk gurup, onuň diwarlaryny ýyksak, onuň içindäki ummasyz halkynyň arasyna kim ýürek edip girip biler".
Takyýeddin Salaheddiniň bu aýdan maslahaty bilen ylalaşman, bir manjanyk oklary bilen olara göz görkezmek isledi. Ýöne Mosul halky muňa dokuz sany manjanyk bilen jogap berdiler. Soňra şäheriň ähli ýaşaýjylary galadan çykyp, Takyýeddiniň manjanygyny eýelediler. Salaheddin mejbury ýagdaýda Takyýeddiniň Mosulyň güýçleriniň öňünden yzyna çekilmegini isledi. Ýöne ol özlerine tarap gelýän Mosul goşunlaryndan howatyrlanyp, özüne ynamy ýitirip, derrew ol ýerden gitmeli boldy.
Mosul hökümdary Yzzeddin Mesgut Salaheddiniň basyp alan şäherlerini yzyna gaýtaryp almak üçin kömek sorap, apbasylaryň halypasy kazy Bahaýeddin ibn Şetdadyň ýanyna Bagdada gitdi. Halypa şol wagt Salaheddiniň ýanynda bolýan Sedreddin şeýhil-şuýuha iki tarapa ylalaşyk üçin araçyl bolmagy emr edip, hat iberdi.
Şyhlar şyhy Mosula kömek bermek barada hawwasylaryň halypasy Nasyr Lidinillanyň wekili Şahabeddin Beşir Hadym bilen ylalaşdy. Ilçiler Mosul hökümdary bilen Salaheddiniň arasyndaky ylalaşygy amala aşyrmakda ynamsyz ýagdaýda boldular. Emma Yzzeddin Mesgut alnan şäherleri gaýdyp almak üçin erjellik görkezdi. Salaheddin oňa jogap edip, Halabyň öz ygtyýaryna berilmegini şert edip goýdy. Mosul hökümdary bolsa Halaby Salaheddiniň ygtyýaryna bermekden saklandy. Salaheddin soňra şertine düzediş girizmek bilen Yzzeddiniň Halaba kömek bermegini bes etmelidigini duýdurdy. Yzzeddin bu teklibe hem garşy çykyp, şeýle diýdi: "Ol meniň doganym. Onuň bilen aramyzda ylalaşyklar we şertna-malar bar. Indi sen biziň aramyzdaky gatnaşyklarymyzy bozmaga mejbur etme".
Salaheddiniň ýagdaýy çylşyrymlaşdy. Ol yslam ýolundaky söweşiji gahrymanla-ryňky ýaly, Mosul Atabegligine hantama-dygy üçin öz wezipesini gidermekden howatyrlandy. Meger bu ýagdaýa Mosula hüjüm etmekde haçparazlaryň emirleri bilen ylalaşyk baglanyşmak üçin Mebraryň halypasy bilen gepleşik geçirenligi sebäp bolandyr. Soňra Azerbaýjanyň hökümdary Gyzyl Arslanyň we Hiladyň hökümdary Ermeni şanyň ähli ilçileri iki tarapyň arasynda ylalaşyk gazanmagy üçin araçyl bolmaga geldiler. Yzzeddin bilen Mujahededdin özlerine kömek bermekleri üçin bu ikisine we Hamzanyň hökümdary Behlewan ibn Ildeňize çapar iberipdi.
Bu toparlaryň halypanyň ilçisi bilen dartgynly gatnaşyk edendiklerine garamazdan, Salaheddini we Yzzeddini öz wezipelerinde galdyrmak ylalaşygy üçin eden işleri puja çykdy. Salaheddin bolsa Mosula gelip, ony berkitmek bilen artykmaç iş edindi we şäheri hemişe goragda saklady. Soňra ol Sanjara ýöriş edip, ony eýelemeklik kararyna geldi. Çünki ol Mosuly Halapdan aýryp, Mesopota-miýanyň ähli şäherlerine eýelik etmegi, şeýle hem Mosulyň töweregindäki ýollary baglap, ony tapdan düşürmegi niýet edindi.
Haçanda Mujahededdin Salaheddiniň Sanjara ýöriş etmäge taýýarlanýandygyny eşidende, Sanjara kömek bermek üçin goşun iberdi. Ýöne Salaheddin bu gelýän goşunlara hüjüm edip, olaryň ýarag-esbaplaryny we ähli harajatlaryny oljalady. Soňra ol Sanjara ýöriş edip, ony gabawa aldy. Şol wagt Sanjar Yzzeddin Mesgudyň dogany Emiranyň emiri Şerifeddiniň ygtyýarynda eken.
Salaheddin Sanjaryň gabawyny güýçlendirip, onuň töweregine manjanyk gurdy. Galanyň diwaryny ýykanyndan soňra, goşunlary bilen şol ýerden gala girip, şäheri erjellik görkezmek bilen eýelediler.
Taryhçy Ibn Esir Salaheddiniň Sanjary nähili ýagdaýda eýeländigini ýatlap, şeýle diýýär: "Galanyň içindäki birnäçe kürtler Salaheddin bilen ylalaşmak üçin oňa hat iberip, olaryň öňünde derwezäni açdylar. Şunlukda, Salaheddin şähere girdi. Sanjaryň hökümdary Şerifeddin bolsa tapdan düşen halda ondan aman diledi. Şondan soňra Salaheddin oňa jogap hökmünde şähere girdi we ony emir Sagdeddin Mesgut ibn Mugyneddin Anuryň ygtyýaryna berdi".
W. Mosul hökümdary bilen Ermeni şanyň birleşip, Salaheddiniň garşysyna çykmak-lary
Yzzeddin Mesgut Salaheddine garşy durmakda ýardam sorap, Hiladyň hökümdary bolan Ermeni şa Sukman Zahyreddin ibn Sukman Kutba çapar iberdi. Ondan Salaheddini öz şäherlerinden daşlaşdyr-mak barada kömek sorady. Ermeni şa bolsa Salaheddiniň ýanynda araçy hökmünde onuň Mosuldan, esasan hem Yzzeddin Mesgudyň şäherlerinden basyp alan ýerlerini gaýtaryp bermegini haýyş edip, birnäçe ilçi iberdi. Ýöne Salaheddin oňa hiç hili jogap bermedi.
Soňra Hiladyň hökümdary başga görnüşde emr etmek bilen Salaheddiniň ýanyna öz mamlugy Seýfeddin Bekdemiri ibermegi ýüregine düwdi. Ol Salaheddiniň öz ornunda adyllykda galmagyny, ýagny ol Mosulyň şäherlerinden gitmese, bu ýagdaýyň jogapsyz goýulmajakdygyny haýbat atmak arkaly oňa ýetirmegi talap etdi. Şol wagt Salaheddin Sanjary gabawda saklaýardy. Seýfeddin Bekdemir bolsa onuň ýanyna baryp, Mosul hökümdarlygyndaky Ermeni şanyň haýyşyny ýetirdi we ondan şäherlerde saklanmagynyň sebäbini sorady. Salaheddin Sanjary eýelemekde wagt utmak üçin jogap bermegi soňa goýdy. Haçanda Bekdemir Salaheddiniň jogap bermekligi bilgeşleýin uzaga çekdirýändigini bile-ninde, oňa ikinji hatyň mazmunyny aýan etdi. Eger ol Yzzeddin Mesgudyň şäherlerinden gitmese söweşmek haýbatyny atýandygyny duýduranda, Salaheddin Ermeni şanyň iberen halat-serpaýyny hem kabul etmän, gaharly ýagdaýda onuň ýanyndan çykyp gitdi.
Şondan soňra Seýfeddin Bekdemir hökümdary Ermeni şanyň huzuryna dolanyp geldi we Salaheddiniň onuň haýyşyny ýerine ýetirmändigini şeýle hem onuň howply adamdygy baradaky habary beýan etdi. Şeýle-de, Bekdemir Salaheddiniň kastyna çykmaklygy soňa goýsa, onuň işiniň netije bermejekdigini duýdurdy. Hiladyň hökümdary bolsa öz harby lagerinde esgerlerine goltgy bermegini dowam etdirdi. Soňra ol Mardine gidip, onuň hökümdary Kutbeddin Ilgazynyňkyda düşledi. Çünki ol Ermeni şanyň aýal doganynyň, şeýle-de Yzzeddin Mesgudyň daýysynyň ogly bolmak bilen onuň giýewisi hem bolup durýardy. Kutbeddin Mosul hökümdary Yzzeddin Mesgudyň gyzyna öýlenendir.
Bu topara Bedlis we Erzin şäherleriniň hökümdary Döwlet şa hem goşuldy. Soňra olar umumylykda Yzzeddiniň goşunynda jemlenişdiler we Mardiniň welaýatlaryn-dan biri bolan Harazimda düşlediler.
Emma Salaheddin esgerleriniň arasynda agzalalyk ýüze çykandygy sebäpli Sanjardan gidip, Harranda düşledi. Salaheddin Mosulyň hökümdarynyň ýörişe ugrandygy baradaky habary eşidende, öz ýanyndaky adamlaryndan birini Hamatyň hökümdary, ýagny doganynyň ogly Taky-ýeddin Omaryň ýanyna ugratdy. Şondan soňra Takyýeddin esgerleri bilen tiz wagtyň içinde Salaheddiniň ýanyna ýetip geldi. Ol öz esgerleri bilen Ragsiaýna ýöriş etdi. Haçanda Yzzeddin Mesgut we onuň ýaranlary Salaheddiniň özlerine tarap ýörişe ugrandyklaryny eşidenlerinde, onuň bilen söweşe başlamakdan howatyr-lanyp, hersi öz şäherine dolanyp bardy. Ermeni şa bolsa Hilada geleninde esger-lerini jemläp, Salaheddiniň garşysyna söweşmäge gitjekdigini söz berdi. Şol wagt Yzzeddin Mesgut hem Mosula dolanypdy. Emma Kutbeddin Ilgazy Mardine gelen wagtynda, Salaheddin goşunlary bilen ýöriş edip, Harazimde düşläpdi.
Şu ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen Yzzeddin Mesgudyň maksady başa barmady. Munyň tersine goňşy şäherlerdäki birnäçe emirler bolsa onuň bilen gatnaşygy berkitdiler. Hakykatda bolsa Salaheddiniň Mosula tarap süýşüp, päsgel berendigi üçin Yzzeddiniň synanşyklary başa barmandy. Salaheddin Şamyň we Mesopotamiýanyň aglaba şäherlerini özüne tabyn edip, Mosul Atabegligine goňşuçylykdaky ýerleriň hökümdarlary bilen ylalaşyk baglanyşan-dan soňra Yzzeddin Mesgudyň hökümdar-lygyna tarap täzeden ýöriş etmedi. Şol bir wagtyň özünde hem Mosuldaky Atabeg döwletiniň öz tabynlygyndaky Mesopotamiýa we onuň golaýyndaky galalara, şäherlere edýän täsiriniň gowşaýandygy duýulýardy. Salahadin bu boýun egdiren hökümdarlyklary bilen güýçli goşun döredip biljekdigine göz ýetireninden soňra, Yzzeddine üns hem bermedi. Soňra Salaheddin bu goňşuçylyk-daky ýerleriň hökümdarlaryny öz tarapyna çekmekde erjellik görkezmek bilen, tä olar öz tarapyna geçip, bilelikde söweşe gat-naşmaga boýun bolýançalar, seresaplylyk bilen ol şäherlerdäki öz täsirini giňeltmegi dowam etdi.
Emma Salaheddin Mesopotamiýadaky beýleki galalary-da eýelemek zerur diýip hasap etdi. Ol 578-nji ýylyň gurban aýynda Amit galasyny basyp aldy. Amit galasyny Kifa galasynyň hökümdary Nureddin Muhammet Gara Arslanyň ygtyýaryna bermek bilen, oňa beren wadasyny ýerine ýetirdi. Soňra Salaheddin Ýewfrat derýasyndan geçip, Halaba tarap ugrady. Ol Halaba barýan ýoluň ýakasyndaky onuň welaýatlarynyň tabynly-gyna degişli bolan Tallyhalyt we Aýntap galalaryny eýeledi. Şunluk bilen onuň töweregindäki gatnawlar azalyp, Salaheddi-niň öňünde Halaby eýelemäge giň ýol açyldy.
G. Salaheddiniň Halaba birikmegi
578-nji ýylyň sapar aýynda Halaby eýelemek üçin Salaheddin Şam şäherlerinde dabaralanma bilen tagta çykdy. Ol Aýntap galasyny eýeläninden soňra, 579-njy ýylda, düz meýdana çykyp, etraplardaky esgerleri kömege çagyrmak üçin çapar ýollady. Soňra Salaheddin töwereginde jemlenen ummasyz goşunlary bilen Halaba tarap ýöriş edip, Juşin dagynda düşledi. Ol özi, sahabalary we esgerleri üçin ol ýerden köşk bina etdirmek isleýändigini aýdyp, ökde binagärleri we senetçileri getirmegi buýur-dy. Olar şol ýerde binanyň gurluşygyna başladylar. Salaheddin şeýle diýdi: "Ýurtdaky köşgüň içinde kim bolsa ol ýurt hem şoňa degişlidir. Şonuň üçin bu ýurt biziňki bolar. Biz şäherlere we welaýatlara ýolbaşçylyk edip, olary öz adamlarymyzyň ygtyýaryna bermek bilen, Halapda bar bolan zatlary terk edip, öz ýerlerimize gideris".
Tä Ymadeddin Zeňňi II Salaheddine päsgel berýänçä, ol Halaby gabawa almaga howlukmady. Çünki oňa dogany Yzzeddin Mesgudyň mertligi we dana syýasaty zerur bolup durýardy. Ymadeddin dogany Yzzeddin-den ýa-da haçparazlardan kömek soramakda howatyrlandy. Ymadeddin Zeňňi II Halaby goramakda goşuna mätäç bolup, onuň halkynyň güýžüniň pes bolanlygy üçin näme ederini bilmän, ony halas etmekligiň pikirini etdi. Ýöne Salaheddine golaý baryp, onuň Halapdan gitmegi barada gepleşik geçirmegi, ýagny Salaheddiniň ol ýerden gitmegi üçin oňa Mesopotamiýanyň Suruç, Rakka, Nusaýbyn we Sanjar şäherlerini bermek ugryny saýlap aldy.
Şeýle hem bolsa, Halapdaky köp sanly Nureddiniň emirleri ony goramagy öz üstlerine aldylar. Ol emirler Halabyň hökümdary Ymadeddin Zeňňä goragda harç ediljek harajatlaryň möçberini artdyrmak barada talap edip, oňa diýenlerini etdirdiler. Ymadeddin Zeňňi bolsa olara hazynadaky baýlygyň juda azdygyny duýduran wagtynda, emirler oňa şeýle diýdiler: "Kimde kim Halaby goramak isleýän bolsa, aýallarynyň şaý-seplerini satsynlar welin, hökman harajat çykarsyn". Olaryň goşunlary harajat çykarmakda gysgançlyk edýändikleri üçin Halaby goramakdaky güýjüň ýeterlik derejede däldigi Ymadeddin Zeňňä aýan boldy. Şol wagt ol onuň öwezini dolmaklygy göz öňünde tutup, şähere goldaw bermäge ýykgyn etdi. Şondan soňra bolsa Ymadeddin Salaheddin bilen ylalaşygy talap edip, gepleşik geçirmegi ýüregine düwdi. Ol Salaheddin bilen aralaryndaky ylalaşyga araçy etmek üçin öz emirlerinden biri bolan emir Husameddin Taman Alýarygy wekil edip belledi. Ymadeddin ondan Sanjaryň öz ygtyýaryna berilmegini talap etdi. Salaheddin munuň bilen ylalaşyp, onuň ygtyýaryndaky şäherleriň sanyny artdyr-dy. Ol şäherler şulardyr: Habur, Nusaý-byn, Rakka we Suruç. Ýöne ol haçparazlaryň garşysyna boljak söweşe gatnaşmak üçin öz esgerlerini ibermegi Ymadeddiniň öňünde şert edip goýdy.
Ymadeddin Zeňňiniň Halaby Salahed-dine goýup gitmegine Halabyň halky we emirleri närazylyk bildirip, oňa garşy çykdylar. Soňra olar bu ýagdaýy goşga geçirip, bazarlarda aýdym edip aýtdylar.
Salaheddin Halaby eýelemek bilen Şamy we Mesopotamiýanyň günbatar şäherlerini birikdirdi. Salaheddiniň hökümdarlygy ykrar edilende bolsa, onuň güýji artyp, öz ygtyýaryndaky şäherleriň merkezlerine goltgy berdi. Yslam goşunlary bolsa jebisleşip, ýokary derejä galdy. Oňa halaplylaryň, Mesopotamiýanyň goşunynyň we türkmen atlylarynyň gelip goşulmagy bilen haçparazlaryň garşysyna durmaga ukyply goşun boldy. Bu ýagdaýa garamazdan, apbasylaryň halypasy hem oňa ruhy taýdan goltgy berdi. Salaheddin Halaby aňry çägine çenli basyp alandygyna begenip, şeýle diýdi: "Men şäherlere hökümdarlyk edýändigimi häzir belli etdim we mülkümiň ynamdar ykrar edilendigini belli etdim". Damaskyň kazysy Mahaddin bin Zeňňi bolsa, muny goşgy setirlerinde taryplap, şeýle diýdi:
Siz Halaby sapar aýynda gylyç bilen ýeňdiňiz,
Mukaddes ýeňişler bolsa rejep aýynda wagyz edildi.
Salaheddiniň Halaby eýelemegini haçpa-razlar uly ýitgi hökmünde kabul edipdiler. Olar Müsür bilen Siriýanyň arasyndaky esasy ugurlary harby ýagdaýda berkitdiler. Olar Şamdaky mülklerini hem şol usuldan ugur alyp, çäklendirdiler.
D. Mosulyň gabawa alynmagy (ikinji synanyşyk)
Erbil, Ibn Omar adasy, Şährizur, Dukuk şäherleri şeýle hem hamydylaryň Akr galasy Yzzeddin Mesgudyň orunbasary we döwlet işlerini dolandyryjysy Mujahededdin Gaýmazyň ygtyýaryndady. Ol şäherleri Gaýmazdan öň dolandyran orunbasarlar öz hökümdarlyklaryna dolanyp bardylar. Yzzeddin Mesgut 579-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň üçünji aýynda Mujahededdini tussag edip, zyndana taşlamagy emr etmek bilen Mosulyň uly emirlerinden, şeýle hem Gazynyň duşmanlaryndan bolan Yzzeddin Mahmyt Zülfenderi we Şerifeddin Ahmet bin Haýry onuň üstüne küşgürdi. Olar bolsa Gaýmazyň bagtyny ýatyrmak üçin ellerinden gelenlerini etdiler.
Haçanda Mujahededdiniň orunbasarlary onuň kyn ýagdaýa düşendigini bilenlerinde, olar Mosul hökümdaryna tabyn bolmakdan ýüz dönderip, Salaheddine dostluklaryny yglan etdiler. Şeýlelikde, Mujahededdin Erbiliň hökümdary Zeýneddin Ýusuby we Ibn Omar adasynyň hökümdary Mugazzeddin Sanjar şany Salaheddiniň ýanyna ibermek bilen onuň tabynlygynda dostlukly ýagdaýda bolmagy borç edinip, onuň ýanyna bardylar. Salaheddin bolsa olary kanagatlandyrmak bilen jogap berdi we Erbil bilen Ibn Omar adasyny öz tabynlygyna geçirdi. Emma Dukuk şäherini halypa Nasyryň esgerleri bilen basyp alanlygy üçin onuň ygty-ýarynda galdy. Mosul hökümdaryna bolsa Mujahededdiniň emläklerinden Şährizur bilen Akr galasyndan başga hiç zat galmady.
Yzzeddin Mesgudyň Mujahededdin Gaý-mazy zyndana salmak barada pikirlenmezden eden işleriniň netijesinde onuň döwleti tiz wagtyň içinde dargady. Ýöne Mosul Atabegligi Gaýmazyň ýolbaşçylygyndaky üç sany söweşde şäherlerdäki öz abraýyny gaçyryp, uly ýitgä sezewar bolupdy. Indi Mesopotamiýadaky we Mosuldaky merkezle-rini berkidip, abraýlaryny galdyrmak esasy möhüm mesele bolup durýardy.
Mosul hökümdary bilen Salaheddiniň arasyndaky gepleşikler iki arada dowam edýärdi. Şeýle hem Sedreddin Şeýhiş-şuýuh bilen apbasylaryň halypasy Nasyr Lidinillanyň ilçisi Beşir Hadym Yzzeddin bilen Salaheddiniň arasyndaky ylalaşyk gepleşiklere araçyl bolup goşulmak üçin Yzzeddinden rugsat sora-dylar.
Halypanyň adamlary Mosula gelende, Yzzeddin Mesgudyň wekili kazy Bahaýeddin bin Şedat bilelikde halypanyň adamlaryna goşuldylar. Soňra halypanyň adamlary Salaheddin bilen ylalaşyk işlerinde gepleşik geçirmegi göz öňünde tutup, onuň bilen duşuşmak üçin Damaska gitdiler.
Damaskda Salaheddin Mosul hökümdary bilen ylalaşyk işlerinde gelnen neti-jelere razy boldy. Ýöne olaryň Erbil bilen Ibn Omar adasynyň hökümdarlyk-laryny birikdirmegi ýa-da olary Yzzeddin Mesgudyň ygtyýaryna bermek niýetlerinden ýüz döndermeklerini şert edip goýdy. Kazy Mahaddin Şährizury bolsa bu şerte garşy çykmak bilen, bu iki şäheri Mosulyň hökümdarlygynyň tabynlygynda galdyrmak üçin ylalaşygyň nusgasy hökmünde olaryň atlaryny erjellik bilen ýatlady. Bu gar-şylygyň ýüze çykmagy bilen gepleşikler şowsuzlyga duçar boldy we bu ýerde galmagyň geregi hem bolmady. Halypanyň adamlary hiç bir netijesiz ýagdaýda dolanyp geldiler. Yzzeddin Mesgut öz ýagdaýynyň pese gaçýan-dygyny, şeýle hem Salahadiniň şäherler-däki isleginiň ynamly ýagdaýda amala aşýandygyny duýdy. Soňra ol Gaýmazy tussag edip, ýalňyş hereket edendigine göz ýetirdi we işi ula gitmezden düzetmek isledi. Ol hakykat ýüzünde ýalňyşynyň geçilmegini gazanmak üçin Gaýmazy zyndandan çykarmagy emr etdi. Yzzeddin bu işi Mosul hökü-metiniň öňündäki kyn ýagdaýlarda Gaýmazyň öz ýanynda bolmagy üçin etdi. Ähli betbagtlyga sebäp bolanlygy üçin 580-nji ýylyň aşyr aýynda Zülfandar bilen Ibn Abu Haýry tussag etmek barada buýruk çykardy we Gaýmazy erkinlige goýberdi.
Mujahededdin zyndandan çykanyndan soňra tapdan düşen we dagynyk ýagdaýdaky Atabegler döwletini ýokary derejä galdyr-makda näme etmelidigi barada pikir etdi. Soňra ol Yzzeddin Mesgut bilen goňşuçy-lykdaky Hamzan, Jebel we Azerbaýjan şäherlerine kömek sorap, çapar ibermek barada ylalaşdy. Mujahededdin Hamzanyň we Jebel şäherleriniň hökümdary Şemsed-din Bahlewandan Salaheddiniň garşysyna kömek soramagy tizleşdirmegi ýüregine düwüp, Jebel şäherlerine gitmek üçin Mosuldan çykdy we Azerbaýjanyň höküm-dary Gyzyl Arslanyň ýanyna bardy. Soňra ol Gyzyla Bahlewanyň berjek kömeginiň üstüni gerek bolan harby güýçler bilen dolmagy teklip etdi. Ol bolsa Gaýmaza şeýle diýdi: "Bu ýerde Bahlewanyň ýanyna gitmegiň geregi ýok. Men size ýeterlik derejede kömek bermäge taýýar ahyryn". Gyzyl Mujahededdin Gaýmaza goşun köme-gini bermegi äht etdi we soňra ony üç müň atly bilen üpjün etdi. Mujahededdin onuň beren kömeginden kanagatlanyp, Erbily gaýtaryp alaryn diýip, öz ýanyndan pikir etdi.
Soňra Mujahededdin ýanyndaky goşun-lary bilen Erbily Zeýneddiniň ygtyýaryn-dan gaýdyp almak üçin ýöriş etdi. Haçanda ol Erbile geleninde, onuň esgerleri bölü-nişip, talaňçylyk bilen meşgul boldular. Edil şol wagt Zeýneddin Ýusup hem olaryň üstüne duýdansyz hüjüm etdi, olar bolsa şol öňki ýagdaýlaryndady. Ol Mujahededdiniň adamlaryny erbet ýeňilişe sezewar etmek bilen olaryň köp bölegini öldürdi, şeýle hem olaryň harajatlaryny, atlaryny we ýaraglaryny aldy. Gaýmazyň adamlarynyň ajamlardan halas bolanlary bolsa şowsuz-lyga duçar bolup, öz şäherlerine dolanyp bardylar.
Haçanda Salaheddin Mujahededdiniň Erbily yzyna gaýdyp almak isleginde bolup, şowsuzlyga uçrandygy baradaky habary öz ýarany Erbiliň hökümdary Zeýneddin Ýusupdan eşideninde, ol bu bolup geçýän hadysalary birjik-de ünsden düşürmedi. Salaheddin bu ýagdaýa täzeden girişmegi ýüregine düwüp, öz goşunlary bilen Harrana ugrady we 581-nji ýylyň sapar aýynda ol ýere baryp ýetdi. Şol wagt Harran Muzaffareddin Gökböriniň ygty-ýaryndady. Salaheddin ony Mosula hüjüm etmäge öjükdirmek üçin, oňa ýygy-ýygydan hat iberýärdi. Şeýle hem ol ýörişde harajatyň zerurdygy üçin Muzaffareddine elli müň dinar bermegi äht edipdi.
Salaheddiniň öňdebaryjy goşunlary Harrana gelende, Muzaffareddine eden wada-syny bozmakdan başga alaç galmady. Olar Muzaffareddiniň Mosulyň hökümdaryna duýgudaşlyk bildirmeginden howatyrlanyp, oňa garşy çykdylar. Salaheddin Muzaffa-reddiniň ygtyýaryndaky Harran we Roha şäherlerini elinden almak, özüni bolsa tussag etmek barada perman çykardy.
Muzaffareddiniň zyndanda oturmagy, tä 581-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň birinji aýynyň başlarynda Salaheddiniň ony erkinlige goýbermek barada karar çykarýança, birnäçe aýlap dowam etdi. Soňra ol Muzaffareddini sylaglamak bilen Harrany we öň onuň tabynlygyndaky şäherleri, şeýle-de oňa gaýtaryp bermegi wada eden Roha galasyny kadadan çykma ýagdaýynda onuň ygtyýaryna berdi.
Salaheddiniň Harrana ýörişi tamam bolandan soňra, ol Ragsyaýna baryp düş-ledi. Ol ýere Rum şäherleriniň hökümdary Gylyç Arslan bin Mesgudyň ilçisi baryp, eger ol Mosulyň we Mardiniň hökümdarlyk-laryndan basyp alan ýerlerini yzyna gaý-taryp bermese, bir ýere jemlenen Gündogar hökümdarlarynyň onuň bilen söweşjek-dikleri barada haýbat atylyp ýazylan haty Salaheddine gowşurdy.
Salaheddin bu ýagdaýa üns hem barmän, Denisere tarap gitdi. Ol ýerde Ymadeddin bin Gara Arslan öz dogany Amydyň we Kifa galasynyň hökümdary Nureddiniň goşuny bilen Salaheddiniň hyzmatynda boldy. Ola-ryň ählisi Ibn Omar adasynyň hökümdary Mugazzeddin Sanjar şa ibn Seýfeddin Gazynyň ygtyýaryndaky Nusaýbyna bardy-lar. Soňra Salaheddin Mosula tarap ýörişe ugrady we onuň golaýyndaky ysmaýylylaryň söweşiniň bolan ýerinde düşledi. Salahed-din bu ýerde düşlemezinden öň Mosula ýöriş etmek kararyna gelendigini we oňa mejbur eden sebäpleri halypa ýetirmek üçin kazy Zyýaýeddin Abu Fazyl Şährizurynyň ýanyna Bagdada barypdy. Salaheddiniň halypa beren hatynda şeýle diýilýär: "Mosulyň halky Togrul seljuga ýaranjaňlyk edip, onuň adyna zikge kakdylar. Şeýle hem olar yslam ýurtlaryna hüjüm etmekde haçparazlary öjükdirmek üçin olara hat iberdiler. Ol patyşalygy berkitmek, köne ýerleri ýumurmak we köküni düzlemek üçin gelmedi. Onuň maksady halypanyň ygtyýaryna bagla-nyşdyryp, yslamy zulumkeşlikden gora-makdy we haramy halal saýmakdan gaýtarmak-dy, kesekiler bilen gatnaşyk etmekden saklamakdy, goňşy we garyndaşlyk hakla-rynyň ýerine ýetirilişini amal etmekdi".
Yzzeddin Salaheddiniň Mosuly gabamak isleginiň dowam edýändigini eşidende, näderini bilmedi. Soňra ol ejesini, Nureddiniň gyzyny, mundan başga-da köp sanly aýallardan we döwlet ýolbaşçylaryndan ybarat bolan adamlary ylalaşmak üçin Salaheddiniň ýanyna iberdi. Salaheddin ylalaşyk üçin Yzzeddiniň adamlaryna jogap bermekde duýgudaşlyk bildiren wagtynda, kazy Isa Hakari bilen Aly bin Ahmet Meştup oňa päsgel berdi. Bularyň ikisi hem Mosulyň welaýatlaryndan biri bolan Hakari welaýatynyň adamlarydy. Ol ikisi ylalaşyk teklibine jogap bermekde Salaheddine duýduryş bermek bilen şeýle diýdiler: "Mosul ýaly şäherler aýallaryň ygtyýaryna goýup gidilmeýär. Yzzeddin şäheri goramagy başarmandygy üçin bu aýallary iberdi".
Salaheddin bu ikisiniň pikiri bilen ylalaşyp, Mosuldan gelen topara jogap bermekden saklandy. Şondan soňra ol adamlar şowsuzlyga duçar bolup, yzlaryna dolanyp baran wagtlarynda olaryň kalp-larynda Salaheddine bolan erbet ýigrenç peýda boldy. Şeýle hem kazy Fazyldan we başga-da onuň edýän işlerini ýigrenmek bilen ony inkär edýän Mosuldaky adam-lardan hat geldi.
Salaheddiniň aýallaryň ylalaşyk teklibni inkär edendigi baradaky habar Mosul halkyna baryp ýetende, olar söweşde janlaryny aýaman şäheri mertlik bilen goramak kararyna geldiler.
Soňra Zeýneddin Ýusup bilen Muzaffareddin Gökböri öz goşunlary bilen ysmaýylylaryň leşgergähinde Salaheddine gabat geldiler. Şondan soňra ol ikisi Mosulyň gündogar tarapynda ornaşdylar.
Salaheddin şäherleri emirleriň ygtyýa-ryna paýlap başlady. Emir Aly bin Ahmet Meştup bolsa öz taýpasynyň emirlerini ýanyna alyp, Hakari welaýatyna gitdi. Şeýle hem ol Akry we onuň welaýatlaryndaky galalary basyp almak üçin hamydy emirleriniň ählisini ol ýere ugratdy.
Emma Mosulyň ýaşaýjylary Tigr derýa-syndan geçip, gündogara süýşdüler we Salaheddin bilen söweşenlerinden soňra ýene gala dolanyp bardylar. Mujahededdin bolsa şäheriň daşyny berkitmek bilen goşunlaryň ýagdaýlaryny gowulandyrypdy. Soňra Salaheddin güýç ulanmazdan Mosuly gabawda saklamagyny dowam etdirdi. Şeýle hem bolsa galanyň esgerleri ony mertlik bilen goradylar. Soňra alym kazy Fahred-din Abu Şujag Bagdady Salaheddiniň ýanyna baryp, tä Mosulyň halky söweşsiz boýun egýänçä, Tigr derýasynyň öňüni baglamak bilen onuň ugruny Ninu tarap üýtgetmegi maslahat berdi. Ýöne Salaheddin bu goşmaça işi amala aşyrmakda uzak wagtyň we köp harajatyň gerekdigi üçin bu pikirden boýun gaçyrdy.
581-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň ikinji aýynyň aýagynda Salaheddin ikinji gezekki synanşygynda hem mejbury ýagdaýda Mosulyň gabawyndan gitmeli boldy. Ol Hiladyň hökümdary Ermeni şa Sukman II wepat bolandygy baradaky habary eşidip, Mosuldan Hilada gitdi. Hiladyň şäherle-rini bolsa onuň mamlugy Seýfeddin Bek-demir eýeläpdi. Seýfeddin Bekdemir ajam şäherleriniň hökümdary atabeg Şemseddin Bahlewan Muhammet ibn Ildeňiziň öz şäherlerine tarap ýörişe gaýdandygyny eşidip, Salaheddiniň tabynlygyna girmek bilen, Hilady onuň ygtyýaryna bermek barada teklip edip, ondan kömek sorady. Salaheddin ol ýerde uzak wagt durmady. Çünki ol Amydyň hökümdary Nureddin Muhammet bin Gara Arslanyň wepatyndan soňra, onuň tabynlygyna degişli Mifarkyna ýöriş edip, ony eýeläpdi. 581-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň üçünji aýynda Salahed-din Mifarkyny Esededdin Ýernakyşyň elinden alyp, ony öz mamlugy Sunkar Hiladynyň ygtyýaryna berdi. Şondan soňra Salaheddin Mosula dolanyp bardy.
D. Mosulyň gabawa alynmagy (üçünji synanyşyk) we Salaheddin bilen Yzzeddiniň arasyndaky söweşiň soňlanmagy
Salaheddin Mifarkyndaky işlerini düzgünleşdirenden soňra, Mosuly täzeden gabawa almak üçin dolanyp geldi. Bu Yzzeddin Mesgudyň döwründäki üçünji gabawdyr. Salaheddin 581-nji ýylyň meret aýynda Mosulyň golaýynda Tigr derýasyndan geçip, Kafrizumarda düşledi. Salaheddin bu gezek ol ýerde bolup, Mosulyň ähli şäherlerini mülk ýer edip bermegi ýüregine düwdi.
Yzzeddin Mesgut bilen Salaheddiniň arasynda ylalaşyk gazanmak üçin ilçiler birnäçe işleri alyp bardylar. Şol wagt Salaheddin agyr syrkawlap, 581-nji ýylyň baýram aýynyň başlarynda mejbury ýagdaýda Kafrizumary terk edip, Harrana gitdi. Soňra Salaheddiniň Halapdaky dogany Mälik Adyl öz tebiplerini alyp, onuň ýanyna geldi. Mosulyň hökümdarynyň ilçisi hem Harranda onuň bilen duşuşdy. Salaheddin bilen Yzzeddiniň arasyndaky ylalaşygy ýola goýmak üçin Mosuldan gelen adamlara Bahaýeddin Rebip bilen kazy Bahaýeddin bin Şetdat hem goşuldy.
Bu ylalaşyk barada Ibn Şetdatyň özi şeýle gürrüň berýär: "Bahaýeddin bilen meni bu işi çözmäge wekil edip iberdiler. Olaryň ol ýerde baglanyşan ylalaşykla-rynyň beýany şeýledir. Olar şeýle diýdiler: "Bu meseläni çözmek üçin ähli güýç-kuwwatyňyzy gaýgyrmaň". Adamlaryň köpüsi bu meseläni soltan çözer diýen niýetlerinden umytlaryny üzüpdiler. Biziň ýatlap geçen ýylymyzyň gurban aýynyň başlarynda ol ýere bardyk. Salaheddin bizi uly hormat bilen garşy aldy we biziň bilen oturdy. Ol keselläni bäri adamlaryň arasynda ilkinji gezek oturyşydy. Ol bize Ibn Omar adasyny berdi, ol bu şäheri öň Sanjar şadan alyp Mosulyň halkyna beripdi. Men oňa wepaly boljakdygym hakynda kasam etdim. Ol hem ähdinden dänmejegini aýtdy". Şondan soňra bu iki ilçi Yzzeddine, onuň ejesine we aýalyna on müň dinarlyk dürli-dümen sowgatlar, halat-serpaýlar, atlar bilen dolanyp geldiler.
Salaheddin Şährizuryň şäherleriniň, welaýatlarynyň, Karabli welaýatynyň, şeýle hem Zap derýasynyň aňyrsyndaky ähli welaýatlaryň ylalaşygyny ýola goýdy. Şu ýagdaýlardan soňra, Mosulyň ähli şäherlerinde onuň adyna hutba aýdylyp başlanylmagy bilen Seljuk soltanlaryna hutba aýtmaklyk bes edildi. Şondan soň Salaheddiniň adyna zikge hem kakyldy.
Yzzeddin Mesgut bilen Salaheddiniň arasyndaky möhüm syýasatyň netijelerinde baglanyşylan ylalaşyklaryň üsti ýetiril-di. Mosulyň öň garaşsyz döwlet bolmagy bolsa olaryň peýdasyna bolmady. Mosul atabegi Salaheddiniň orunbasarlaryndan biri bolmagy bilen onuň tabynlygyna geçenligi üçin atabegiň ol hökümdarlykda adyndan başga hiç hili täsiri bolmady.
Şondan soň bolsa Atabegler döwleti tapdan düşüp, onuň syýasaty pes derejä düşdi. Ilkibaşda Mosulyň ýeri gündogarda Şährizury, günbatarda Siriýa kenarlaryna ýakyn aralyklary, demirgazyk tarapdan Amyt, Diýarbekir we kürt daglaryndan başlap, günortasynda Hadysa çenli aralyk-daky uly meýdany öz içine alan hem bolsa, soňra çäklendirilip kiçeldildi.
IV. Mosul esgerleriniň Salaheddiniň tugunyň astynda haçparazlaryň garşysyna söweşmekleri
Salaheddin bilen Mosulyň hökümdary Yzzeddin Mesgudyň arasyndaky soňky baglaşylan şertnamalaryndan biri hem Şam şäherlerindäki haçparazlaryň güýçli ýygnynyň garşysyna Salaheddiniň ýolbaş-çylygyndaky esgerleri we harajatlary bilen bilelikde söweşe gatnaşmak baradaky ylalaşygydy. Yzzeddin Mesgut bolsa bu şerti ynamly gorady. Onuň esgerleri 583-588-nji ýyllar aralygynda pereňlileriň garşysyna bolan uly ýörişlere gatnaşyp, aýgytly hereketler edip, uly tejribe topladylar. Şoňa görä, Yzzeddin Mesgut ylalaşyga jogap hökmünde goşunyň we ýaragyň üpjünçiligi meselesinde hiç zady gaýgyrmady.
583-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň ikinji aýynda tibrileriň garşysyna bolan hüjüm Mosul esgerleriniň Salahed-diniň tabynlygyna geçeninden soňra ilkinji gatnaşan ýörişidir. Şondan soňra Mosul esgerleri emir Fahreddin Mesgut bin Zagfarynyň ýolbaşçylygynda Hatin söweşine gatnaşdylar.
Şunlukda, Mosul esgerleri Hatin söweşiniň ählisine gatnaşdylar. Esasan hem, Mosul esgerleriniň 583-nji ýylda Iýerusalimi eýelemek söweşine gatnaşanla-ryndan soňra olar has hem tanymal boldular. Soňra Salaheddin Akkany gabawa alan wagtynda, Yzzeddin oňa köp möçberde ak nebit we döwrebap ýaraglanan köp esger ugratdy. Şol wagt ak nebit örän gytdy. Salaheddin onuň bu kömegine uly minnet-darlyk bildirip, Yzzeddine şeýle mazmun-daky hat iberdi: "Seniň kömegiň azgynlaryň üstünden uly howp bolup indi. Ýaraglanan esgerleriň duşmanlaryň jesetlerini bölek-bölek edýär. Seniň iberen ak nebitiň bolsa galanyň ähli ýerini ýandyrmagyny dowam edýär".
Yzzeddin Akkanyň gabawyna diňe bir ýarag we nebit kömek ibermek bilen çäklenmedi. Soňra ol 586-nji ýylda öz ogly Alaýeddin Horram şany Mosulyň goşunyna goşunbaşy belläp, ol ýere ugratdy. Yzzeddiniň özi hem ol ýere gitmek isledi, ýöne birnäçe içerki işler ony Mosulda galmaga mejbur etdi. Şonuň üçin ol bu goşuna ýolbaşçylyk etmegi ogluna tab-şyrdy. Salaheddin Mosulyň esgerlerini oňat kabul edip, Alaýeddini öz ogullary Afzal bilen Zahyryň ýanlarynda ýerleş-dirdi. Şeýle hem oňa Mälik Sagyt (Bagtly patyşa) diýen ady berdi. Alaýeddin tä 586-njy ýylyň boş aýynda Salaheddiniň söweşdäki öz artykmaçlyklaryna arkalanyp, onuň Mosula gitmekligine rugsat berýänçä, Akkanyň gabawyna gatnaşdy.
Şondan soňra Mosul güýçleri uzak wagt eglenmän ýene-de 587-nji ýylda söweş bolýan ýere dolanyp geldiler. Mosul goşunlary Alaýeddin Horram şanyň ýolbaşçylygynda Şama baryp, 587-nji ýylyň dört tirke-şikleriniň üçünji aýynda Salaheddiniň goşunlaryna birikdi. Alaýeddin ol ýerde tä 588-nji ýylyň remezan aýyna çenli boldy.
Ibn Esir pereňlileriň ýoluny kesmek üçin Akkadan çykyp Beýruta gitmekligi niýet edinen Mosul esgerleriniň Mälik Afzal bilen Damaskdan gidişlerini ýatlaýar. Haçanda Afzalyň eden hereketleri olara belli bolanda, olar öz maksatlaryndan ýüz döndermek bilen Akkadan gitmän, ol ýerde galdylar.
Salaheddin 578-nji ýylda Iýerusalime gireninde, duşmanlaryň öňünde berkitme-leriň zerurdygyna göz ýetirdi. Soňra ol çuň garym gazyp, goragy bina etmeklige hyýallandy. Bu habar Mosul hökümdaryna baryp ýeteninde, ol elli adamdan ybarat bolan daş ýonujylary Salaheddiniň ýanyna ugratdy. "Eger olar üýşse dagy hem döwüp biljekdiler". Olar galany berkitmek, daş kesmek işlerine gatnaşyp, berk minara we diwar gurdular. Garym gazyjylar Yzzeddin Mesgudyň kesgitlän alty aý möhletine boýun bolup, Iýerusalimiň içeri işleri bilen meşgul boldular.
A. Mosulyň hökümdarynyň Ibn Omar adasyny gabawa almagy
Şol wagt Ibn Omar adasy Mosul hökümdary Yzzeddin Mesgudyň doganynyň ogly bolan Sanjar şa bin Seýfeddin Gazy bin Möwdudyň ygtyýarynda eken.
Sanjar şa Salaheddin bilen dostlugy saklap, agasy Yzzeddin Mesgudyň garşy-syna gitdi. Ol Salaheddine hat iberip Yzzeddin Mesguda gaharlanýandygyny äşgär etdi. Yzzeddin ynsanperwer gatnaşygy gorap saklamagyň hatyrasyna bu ýagdaýy sabyrlylyk bilen we sesini çykarman kabul etmegi başardy. Ol öňki gezek öz hökümdar-lygyny ýitirenligi üçin Salaheddiniň täsirinden gorkdy.
586-njy ýylda Sanjar şa esgerleri bilen Salaheddiniň goşunyna birigip, Akka şäheriniň gabawyna gatnaşdy. Salaheddin bolsa bilelikdäki bu hereketi makullap, ony gowy garşylady we oňa agasy Ymadeddin Zeňňiniň ýakynyndan çadyr gurup bermek barada emr etdi. Soňra töwerekdäki gaýalar we ukusyzlyk Sanjar şanyň ýüregine düşüp, öz şäherlerine gitmek barada Salaheddinden rugsat ber-megini soran wagtynda, ol Sanjar şa ýüzlenip, şeýle diýdi: "Biziň töweregi-mizde köp sanly hökümdarlar bar. Olaryň içinde Sanjaryň hökümdary Ymadeddin Zeňňi we başga-da birnäçesiniň ýaşy seniňkiden uludyr. Şeýle hem olardan seniň agaň Yzzeddiniň ogly we başga-da birnäçesiniň ýaşy seniňkiden kiçidir. Haçanda şu derweze açylan wagtynda sen beýlekileri özüňe nusga edinersiň".
Şeýlede bolsa, Sanjar şa Salahed-diniň pikiri bilen kanagatlanman, özüniň gitmek islegini kanagatlandyrmagy talap edip, öz diýenini etdirdi. Şondan soňra Mesopotamiýanyň halky Salaheddiniň ýanyna geldiler we Sanjar şanyň özlerine zulum edip, baýlyklaryny we emläklerini alandygy barada şikaýat etdiler.
Bu şikaýatlar ýüze çykan wagtynda Sanjar şa erjellik görkezip, ol ýerden hemişelik gitdi. Salaheddiniň bolsa bu waka örän gahary geldi. Ýöne şol wagt 586-njy ýylyň agyzaçar baýramçylygy bolanlygy üçin bu waka kän bir üns berilmedi. Soňra Sanjar şa Salaheddine gaýtadan birikmegi haýyş edip, ondan aýrylyp gidenligi barada ötünç sorady. Salaheddin bolsa ony bagyşlap, şeýle diýdi: "Häzir esgerleriň ýöriş edýän wagtynda, biz bölünişmän bir ýere jemlenmelidiris".
Sanjar şa Salaheddiniň öňünde baş egmek bilen onuň elini öpdi. Soňra ol öz sahabalary bilen leşgergähden gitdi. Salaheddin onuň gidenligini eşideninde, doganynyň ogly Takyýeddin Omara hat iberip, Sanjar şany islese-islemese yzyna gaýtaryp getirmek barada emr berdi. Takyýeddin bolsa Salaheddine birikmek barada öz esgerlerini arka tutundy. Ol Sanjar şa bilen Fyk dagynyň girelgesinde duşuşyp, ony Salaheddiniň harby leşger-gähine alyp geldi.
Sanjar şa birnäçe gün leşgergähde boldy. Soňra Salaheddin Mesopotamiýa gidip, ony ele almaklygy emr edip, Yzzeddin Mesguda hat iberdi. Ýöne Yzzeddin bu işi ýerine ýetirmekde ätiýaçly ýagdaýda gezdi we bu işiň özüniň soňuna çykylmagy üçin dildüwşük bolmagyndan howatyrlanyp, seresaplylygy elden bermedi. Ol özüni örän seresaply alyp bardy we elinde dürli subutnamalary jemledi.
Yzzeddin bilen Salaheddiniň arasynda bolan gepleşiklerden soňra Mesopotamiýa gitmek barada olaryň ylalaşygy amala aşyryldy. Ol ýörişe ugramak üçin Mosulda berk taýýarlyk gördi we 587-nji ýylyň başlarynda Ibn Omar adasyny sütem görkezmezden dört aýdan gowrak wagtlap gabawda saklady. Şondan soňra Yzzeddin bilen Sanjar şa Mesopotamiýanyň şäherleriniň ýarysyny Mosul hökümdary-nyň, beýleki ýarysyny bolsa Sanjar şanyň dolandyrmagy barada ylalaşdylar. Mesopo-tamiýanyň ýarym bölegi Sanjar şanyň ygtyýarynda boldy. Yzzeddin bolsa 587-nji ýylyň meret aýynda Mosula dolanyp bardy.
589-njy ýylyň başynda Salaheddin Damaskda aradan çykdy. Şondan soňra Mälik Adyl bilen Şamdaky Salaheddiniň ogullarynyň arasynda söweş boldy. Mosul Atabegliginiň bu ýagdaýyndan peýdalanyp, Salaheddiniň nebereleriniň arasynda ylalaşdyryjy bolup gatnaşmagynyň netijesinde, Mosul bilen Salaheddiniň Şamdaky mirasdüşerleriniň arasyndaky gatnaşyklarda täze bir döwür başlandy. Erbiliň hökümdary Gökböri bolsa Mosul tarapynda durup çykyş etdi.
Taryhy makalalar