SÖZBAŞY
Mähriban we rehimli Allanyň ady bilen
Mosuldaky Atabeg döwleti diýen mesele taryhy meseleleriň biri bolup durýar. Şu mesele hakyndaky bu kitapda Ýakyn Gündogarda yslamyýete geçiş döwründe Mosul Atabegliginiň ähmiýeti we onuň hökümdarlarynyň alyp baran işleri aýdyň görkezilýär. Şeýle hem bu kitapda yslamyýet äleminiň aýgytly döwürleri bolan hijri senesi boýunça VI-VII asyrlardaky wakalar beýan edilýär. Mundan başgada döwletiň çäklerini giňeltmek babatdaky işleriň alnyp barylyşy hem görkezilýär. Atabeglik dini arka tutunmak bilen özüniň syýasy maksatlaryny amala aşyrmakda üstünlige eýe boldy. Çünki olar yslamyýet äleminiň merkezindäki haçparazlaryň üstüne dört gezek şowly ýöriş etdiler. Esasan hem Atabeglik bu ýagdaýlarda seljuklaryň täsirleriniň, Gündogardaky apbasly halypalarynyň, şeýle hem Müsürdäki, Şamdaky fatymy halypalarynyň pese gaçan pursatlaryndan peýdalandy.
Musulmanlar haçparazlaryň öz şäherlerine haýbat atmaklarynyň öz öňlerinde uly howp bolup durýandygyny duýdular. Olar haçparazlaryň öňünde yslam güýçlerine raýdaşlyk bildirmek bilen bir adam ýaly jebisleşmezden talaňçylary kowup, duşmanyň öňünde böwet bolup bolmajaklygyna göz ýetirdiler.
Şu duşmançylykly ýagdaýlaryň ýitilişen wagtynda hijri senesi boýunça VI asyryň başlarynda Mosul Atabeg döwletini esaslandyran Ymadeddin Zeňňi taryhy sahnada peýda boldy. Onuň orta çykmagy bilen Ýakyn Gündogaryň musulman taryhynda täze zaman başlandy. Ymadeddin Zeňňi bada-bat Şamdaky haçparazlaryň garşysyna söweş tuguny galdyrmak isledi. Ýöne onuň musulman älemine baştutan bolup geçen wagtynda halk dagynyk ýagdaýdady we syýasat örän pes derejededi. Şonuň üçin Zeňňi yslam güýçlerini bir ýere jemlemegiň hökmanydygyna göz ýetirdi. Ol yslam güýçlerini Yrakdaky Jezira şäherinde we Şamda jemlemek we duşman haçparazlar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin aýgytly ädim ätdi. Ymadeddin Zeňňi şu işleri etmek bilen duşmanlaryň ýaman niýetlerini amala aşyrmaga hiç hili ýol goýmady.
Şu ýerde yslamyýetiň taryhyndaky kyn döwürlerde Mosul Atabegliginiň möhüm orny eýeländigi aýdyň bolýar. Ol Şam şäherlerindäki güýçli we kuwwatly haçparazlaryň garşysyna uly söweşe agyz birikdirmek üçin yslam hökümdarlaryny bir ýere jemlemekde uly tagallalary etdi. Nureddiniň döwründe Mosulyň we Yragyň Jezire şäheriniň goşunlary Şamyň esgerleri bilen egin-egne berip haçparazlaryň garşysyna bolan söweşe gatnaşanlarynda, şol birleşmäniň esasy maksady has düşnükli boldy. Soňra bular Salaheddiniň döwründe hem Müsür we Şam goşunlary bilen haçparazlaryň garşysyna birnäçe söweşlere gatnaşdylar.
Taryhçylar Mosul Atabeg döwleti diýen meselede Ymadeddin we onuň Şamdaky ogly Nureddinden başga şahslara, esasan hem şularyň ýolbaşçylygyndaky haçparazlar bilen bolan soňky söweşe üns bermediler. Şu ýagdaýlar meniň "Ymadeddin Zeňňiden soňky Mosuldaky Atabeg döwleti" diýen mowzugy saýlap almagyma sebäp boldy. Men şu nukdaýnazardan ugur alyp, atabegligiň goňşuçylykdaky güýçli musulman döwletler bilen syýasy gatnaşyklaryny we taryhyny doly beýan etmäge çalyşdym. Mosuldaky medeniýetiň we ylmyň gülläp ösüşini suratlandyrmak bilen bir hatarda onuň medeniýetiniň ösüşini hem görkezmegi ýüregime düwdüm.
Şeýlelikde, kitaby, esasan, iki baba böldüm. Onuň birinji babynda Atabegler döwletiniň goňşy musulman döwletler bilen gatnaşyklary we syýasy ýagdaýlary görkezilýär. Kitapdaky şol bölüm Mosul Atabeg döwletiniň ýüze çykyşyny özünde jemleýän giriş bilen başlanýar. Şeýle hem bu bölümde Mosul Atabegliginiň esasy oturymly ýerleri we Ymadeddin Zeňňiniň kakasy Kasymeddöwle Aksunkaryň tä 487-nji ýylda aradan çykýança Seljuk soltanlary bilen bolan mähir-muhabbetli gatnaşyklary barada gürrüň edilýär. Mundan başga-da, Mosuldaky Atabegler döwletini esaslandyran Ymadeddin Zeňňiniň kemala gelşini, onuň kakasynyň wepat bolanyndan soňra tä 521-nji ýylda Mosulda döwlet başyna geçýänçä ähli wakalary belläp geçdim. Ymadeddin Zeňňiniň tä 541-nji ýylda Jagbar galasynda öldürilýänçä, Şamdaky haçparazlaryň garşysyna yslamy leşgerleri bir ýere jemlemekdäki erjellik görkezişini we döwleti iki oglunyň arasynda bölüşi (ýagny Mosul bilen Mesopotamiýada Seýfeddin Gazyny hökümdar bellemegi, Nureddin Mahmydy bolsa Halapda hökümdar bellemegi) barada maglumat berdim.
Ikinji bölümde Mosul Atabegliginiň tä 529-njy ýylda Nureddin Mahmyt aradan çykýança, Halap atabegligi bilen eden syýasy gatnaşyklary barada söhbet etdim.
Üçünji bölümde Salaheddiniň döwründe Atabegligiň eýýubylar bilen eden aragatnaşyklary barada gürrüň etdim we onda Salaheddin bilen Mosuldaky Zeňňiniň nebereleriniň arasynda ýüze çykan gozgalaňy beýan etdim. Çünki şol wagt haçparazlaryň garşysyna uly ýörişe başlamak syýasatynyň netijesinde, Atabegligiň musulman güýçlerini bir ýere jemlemek maksadyna Salaheddin hem goşulypdy.
Dördünji bölümde bolsa Mosul Atabegligi bilen Şamdaky Salaheddiniň nebereleriniň arasyndaky gatnaşyklary, Atabegligiň Mesopotamiýanyň şäherlerindäki abraýlaryny dikeltmäge synanyşyp, Mälik Adyl bilen eden söweşleri, şeýle hem Bedreddin Luluwa eýýubylaryň kömek bermeginde Muzaffareddin bilen Ymadeddin Zeňňiniň arasynda durýan ýaranlaryna garşy çykmagy we soňunyň söweşe ýazmagy baradaky wakalary görkezdim.
Bäşinji bölümde Atabeglik bilen Seljuk soltanlarynyň we Bagdatdaky apbasly halypalarynyň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň etdim. Onda soltan Mesgudyň wepat bolanyndan soňra seljuklaryň täsiriniň pese gaçmagy bilen Atabegligiň olar bilen özara söweşe girişmekleri we Ruhyýany dolandyrmagy halypanyň ygtyýarynda galdyrmak üçin Mosul Atabegliginiň alyp baran işleri, şeýle hem, tä 631-nji ýylda Mosulda Zeňňiniň nebereleriniň hökümdarlygy tamamlanýança, Atabegligiň Bagdat bilen aragatnaşygynyň ýokary derejede bolmagy barada durup geçdim.
Bu kitabyň ikinji babynda Mosuldaky Atabegligiň döwründe medeniýetiň ýüze çykyşy barada belläp geçdim. Bu bap dört bölümden ybaratdyr. Şunlukda, onuň birinji babynda hökümetiň düzgünlerine we Atabegligiň iş dolandyryşynyň üstünde durup geçdim. Şeýle hem Atabeg döwletiniň işlerini dolandyrmakdaky wezipeler bolan galadaky orunbasaryň, weziriň we hajybyň wezipeleri barada gürrüň etdim. Şonuň ýaly-da bu bölümde kazyýet işleri, harby düzgünleri we olaryň ýerine ýetirýän borçlary barada gürrüň etdim.
Mundan başga-da, bu bölümde arap çeşmelerinden taryhda bolup geçen agyr ýagdaýlara degişli maglumatlary getirdim.
Bu babyň ikinji bölüminde Mosul şäheriniň taryhyny öwrenmegi göz öňünde tutup, ilki bilen onuň ýaşaýjylarynyň durmuş derejeleri, dini guramalary barada gürrüň etdim. Soňra şäherleriň, etrap-laryň, köçeleriň we meýdanlaryň üstünde durup geçdim. Men bu bölümde Mosul Atabegligi döwründe gurlan binalar barada aýratyn bellemän geçip bilmedim. Çünki ol ýerde metjit, hadys aýdylýan ýerler ýaly dini binalar we gala, berkitme ýaly harby binalar bolupdyr.
Üçünji bölümde Mosuldaky ykdysady ýaşaýşy gürrüň etmek bilen ol ýerdäki ekerançylygyň, sungatyň we senagatyň üstünde durup geçdim. Şeýle hem men bu bölümde Mosulyň abraýyny ýokary galdyran önümçilik işleri barada gürrüň bermegi ünsden düşürmedim. Dokma, toýun senagatynyň önümçiligi, magdan önümçiligi we şekillendiriş sungatynyň önümleri onuň şöhratyny ähli dünýä ýaýratdy.
Bu esasy babyň soňuny bolsa medeniýete degişli işler bilen tamamlamagy makul bildim. Men bu bölümde ylym äleminde ony ýokary galdyrmakda Mosulyň medresesiniň ýerine ýetiren möhüm işleri barada gürrüň etdim. Şeýle-de şol döwürde Mosulyň edebiýatyny ýokary derejä galdyrmakda köp işler bitiren zehinli maşgalalaryň atlaryny hem belläp geçdim.
Men "Mosuldaky Atabeg döwleti" diýen bu işimi onda getiren hakyky mysallarymy beýan etmek bilen tamamladym. Onda duş gelýän kynçylyklarda Atabegligiň ähli güýjüni gaýgyrmandygyny, bu kitabyň medeniýete degişli bölüminde bolsa arap çeşmelerinde ýatdan çykarylan zatlary bellemek zerur boldy. Men Atabegligiň eden gaýratly işleri barada kitaplary okap, soňuna çykyp bilmeýärin, olaryň dagynyk bolan pursatlary juda seýrek bolupdyr. Atabegligiň düzgünleri ýa-da Mosuldaky jemgyýetçilik, ykdysady durmuşyň birnäçe görnüşleri beýlekilerden tapawutlanypdyr. Şeýlelikde, men biziň günlerimize gelip ýeten maglumatlaryň esasynda seljuklar baradaky göz öňünde tutan maksatlarymy amala aşyrmagy başardym.
Reşit al-Jemili.
Beýrut. 1970-nji ýyl.
* * *
Birinji bölüm
Mosuldaky Atabeg döwletiniň esaslandyrylyşy
I. Mosuldaky Atabeg döwletiniň döreýşi.
A. Atabeg döwletiniň düzgün-nyzamlary barada.
B. Atabegleriň Mosuldaky esasy oturymly ýerleri.
II. Ymadeddin Zeňňiniň peýda bolmagy.
III. Atabeg döwletiniň Mosulda esaslandyrylyşy.
A. Ymadeddin Zeňňiniň Mosuldaky Ata-beg döwletine ýolbaşçylyk etmegi.
B. Mosul Ymadeddin Zeňňiniň howan-darlygynda.
W. Ymadeddin Zeňňiniň aradan çykmagy.
IV. Zeňňiniň ölmünden soňra Atabegler döwletiniň bölünmegi.
Mosuldaky Atabeg döwletiniň esaslandyrylyşy
I. Mosuldaky Atabegler döwletiniň döreýşi
A. Atabeg döwletiniň düzgün-nyzamlary barada
«Atabeglik» sözi «atabeg» diýmekden gelip çykýar. Ol türkmen sözi bolup, iki bölekden durýar, ýagny «ata», «kaka» diýmegi, «beg» sözi bolsa "emir" diýmegi aňladýar. Umuman alanymyzda bolsa «Emiriň kakasy» diýmekdir. Bu at Seljuk soltanlarynyň ýaş çagalaryny terbiýelemegi öz üstüne alan ýörite adama dakylypdyr. 465-nji ýylda Soltan Mälik şa ibn Alp Arslan Nyzamylmülke döwleti dolandyrmagy tabşyrandan soňra, bu ada ilkinji eýe bolan hem wezir Nyzamylmülkiň özüdir.
Seljuk hökümetiniň yslamyýet älemine çuňňur aralaşmagy bilen atabegler ýüze çykýar. Olar mülk ýerleri düzgünleşdirmegi girizmekde, döwletiň welaýatlarynda işleri dolandyrmakda, jemgyýetde syýasaty ýola goýmakda möhüm orna eýe bolupdyrlar.
Seljuk weziri Nyzamylmülk mülk ýerlerini düzgünleşdirmekde ilkinji meşhurlyga eýe bolan adamdyr. Ol mülk ýerleri beýik mertebeli ýa-da şol derejedäki döwlet emeldarlaryna we egindeşlerine ulanmak maksady üçin beripdir. Bu mülk ýeriň deregine emirler etraplardaky howpsuzlygy we asudalygy gorap saklamaga borçly bolupdyrlar. Olar bu işleriň hemmesi barada döwleti dolandyryjy soltanyň öňünde jogapkär bolupdyrlar.
485-nji ýylda soltan Mälik şa wepat bolandan soňra şeýle hususy mülk ýerleriniň giňelmegi bilen Seljuk döwletinde agzalalyk döräp başlaýar. Seljuklaryň öz aralarynda toparlara bölünmegi sebäpli düşnüksizlik has-da artýar. Soňra her bir emir öz welaýatyny dolandyrmak bilen bolýar we olaryň hersi goňşy güýjüň hasabyna etrabyň abraýyny galdyrmak üçin iş alyp baryp, mülkleri öz ýerlerine goşýarlar.
Atabegler ýerlerde hakyky abraýly adamlar bolupdyrlar. Olar merkezi hökümetiň adyndan, aglaba ýagdaýlarda bolsa özygtyýarly ýerli häkimetiň karary bilen tassyklanypdyr.
Atabegler döwletini esaslandyranlaryň köp bölegi esasan gypjak sähralaryndan gelendir. Olar goşunda we köşk hyzmatynda ýokary wezipeleri dolandyrypdyrlar. Şon-dan soňra öň çarwa durmuşynda ýaşan adamlar özleriniň güýç-kuwwatly wezipele-rinden lezzet aldylar. Atabegligiň düzgün-nyzamlary ýokarlanyp, käbir dolandyryş edaralarynyň we güýçleriň bir hökümete bagly bolmagyna getirdi. Soňra olar ýagdaýlaryny gowulandyrmakda özbaşdak hereket etdiler we serhetleri daşky duşmanlardan goramaga girişdiler.
Seljuk älemindäki meşhur atabeglikler şulardyr: Mosul Atabegligi (ony 521-nji ýylda Ymadeddin Zeňňi esaslandyrdy), Horezm Atabegligi (490-628), Damask Atabegligi (497-549), Ermeni Atabegligi (493-604), Azerbaýjan Atabegligi (531-622), Pars Atabegligi (543-686). Bu görkezilen Atabegliklerden bizi gyzyklandyrýany Mosul Atabegligi bolup, ony Ymadeddin Zeňňi esaslandyrypdyr.
W. Atabegligiň Mosuldaky esasy oturymly ýerleri
Ymadeddin Zeňňiniň kakasy Kasymed-döwle Aksunkar bin Abdylla türkmen Mälik şa bin Alp Arslanyň ýakyn dostlaryndan biri bolupdyr.
Alp Arslan wepat bolandan soňra soltanlyk onuň ogly Mälik şa ynanylýar. Ol Aksunkar bilen dostlugy saklap, ony ýokary derejelere galdyrdy we öz köşgüne getirdi. Mälik şa ony döwletiň ýokary wezipedäki adamlaryndan biri edip belledi. Ol Aksunkara her bir işde uly ynam bildirdi. Aksunkar Kasymeddöwle adyna eýe bolýança uly mertebe hem abraýlary gazandy.
Mälik şanyň döwründe Ymadeddiniň kakasynyň ýokary derejä ýetendigi barada taryhçy Ibn Esir bir delil getirip, şeýle diýýär: «Ol beýleki adamlardan has ýokary derejä ýetdi. Soltan ony öz ýakynyna çekdi we dostluk bilen gurşap aldy. Onuň derejesi, edil Nyzamylmülke ynanylyşy ýaly, soltanyň ýanynda ýolbaşçylyk etmek, döwletden ýokary orunda mümkinçilik bermek we köp sanly kömekler bermek ýaly derejä baryp ýetdi. Nyzamylmülk soltana Halap şäherine we onuň welaýatlarynyň harby işlerine we baýlyklaryna gözegçilik etmek barada özüniň ýolbaşçylyk etmegini mas-lahat beripdi. Soltan bolsa Şam welaýatla-ryndan başgasyny onuň hökümdarlygyna goşup, ony öz hyzmatyndan daşlaşdyrdy, Kasymeddöwläni bolsa Şamdaky işleri düzgünleşdirmäge ugratdy. Aksunkaryň ýoka-ry derejä ýetenligi barada oňa Kasymeddöwle diýip mynasyp adyň dakylmagy hem aýratyn delilleriň biridir. Şol wagtlar hormatly atlar mynasyp adamdan başga hiç bir kişä berilmändir."
Kasymeddöwle Aksunkar 480-nji ýylda Halap şäherinde we onuň welaýatlarynda hökümdarlyk etmek bilen bir hatarda Hamat, Manbaç we Lazyky şäherlerini hem dolandyrdy.
Şunlukda, Kasymeddöwläniň döwlet işlerini dolandyrmakda başarnygy we ukyby bilen ol ýurtda howpsuzlygy ýola goýup, tertip-düzgüni gorap saklady we ýaşaýjylara adalatly göz bilen garady. Şonuň üçin ol meşhurlykdan we gowy ýatlamalardan hem has beýik hormata we minnetdarlyga mynasyp boldy.
Soltan Mälik şanyň döwründe seljuk döwletleriniň berkemegi üçin Aksunkar möhüm işler bitirdi. Çünki ol birnäçe ýörişleri başyndan geçirip, köp döw-letleri basyp aldy.
Mälik şa wepat bolandan soňra onuň ogullary Berkýarygyň we Muhammediň arasynda düşnüşmezlik ýüze çykyp, olaryň arasynda dawa-jenjeller başlady. Iki doganyň arasyndaky ýüze çykan uruş on iki ýyllap dowam edip, bir doganyň, ýagny Berkýarygyň wepat bolmagy bilen tamam-landy. Şeýlelikde, Muhammet bin Mälik şa soltan diýlip ykrar edildi.
Kasymeddöwle özüni Mälik şanyň dostluk bilen ýanyna çagyryp, wezipä belländigini ýatlap, Berkýarygyň tagtyny goramak üçin agasy Täjeddöwle Tutuşyň garşysyna çykýar.
Tutuşyň esgerlerini jemläp, As derýa-syndan geçip, Şama ugranyny Halabyň hökümdary Kasymeddöwle eşiden wagtynda, ol Halaby goramak üçin taýýarlyk görüp başlapdy. Şol wagt onuň ýanyna emir Bozan geldi. Berkýaryk bolsa emir Kerbuga bilen Rahbanyň hökümdary Ýusuby iki müň bäş ýüz atly bilen üpjün edip, olary Halapdaky Kasymeddöwle bilen duşuşdyrypdy. Şeý-lelikde, Halabyň daşyndaky Tallysoltan diýen ýeriň golaýynda iki goşunyň arasynda gazaply söweş boldy. Şol söweşde bolsa Kasymeddöwläniň goşuny ýeňlip, ol emir Bozan we emir Kerbuga dagylar bilen ýesir düşýär. Kasymeddöwläni soltan Täjeddöwle Tutuşyň ýanyna alyp baranlarynda, ol Kasymeddöwlä garap: "Eger sen ýeňäen bolsaň meniň edenimi gaýtalarmydyň?" diýip sorapdyr. Ol bolsa: "Men seni öldürerdim"- diýip, jogap beripdir. Tutuşyň muňa gahary gelip: "Seniň meni ölüme höküm edişiň ýaly, men hem şony saňa höküm edýärin"- diýipdir. Şunlukda, 487-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň ikinji aýynda Kasymeddöwle Tutuşyň elinden öldürilýär.
Tutuş Rahanyň hökümdary Emir Bozany hem ölüme höküm etdi, Kerbugany bolsa Hymsdaky zyndana taşlamagy buýurdy.
II. Ymadeddin Zeňňiniň peýda bolmagy
Kasymeddöwle Aksunkar soltan Mälik şanyň döwründe Halaby merkezleşdirdi. Ol 465-487 nji ýyllar aralygynda seljuklar döwletinde syýasy we harby işlerde ýolbaşçylyk etmegi bilen uly yz galdyrdy. Onuň ogly Ymadeddin Zeňňi hem öz ömründe taryhda uly yz galdyrmagy başardy. Seljuk soltanlary we emirleri Selžuk döwletinde ýokary orunda duran onuň kakasynyň päkýürekliliginden habarlydylar we muňa buýsanýardylar. Mälik şanyň mertebesi, göreldesi halk tarapyndan kanunalaýyk kabul edildi, adamlaryň köp bölegi Ymadeddin Zeňňiniň göreldesini hem şoňa meňzetdiler.
Kasymeddöwläniň Ymadeddinden başga perzendi ýokdy. Kakasy ölende heniz onuň on ýaşy hem dolmandy. Ol waka Berkýaryk bilen Ymadeddiniň kakasynyň tagt ugrundaky söweşe gatnaşan döwürlerinde bolupdy. Ol Ymadeddine ünsli gözegçilik etmegi hem terbiýe bermegi ýakyn adamlaryna tabşy-rypdy. Şol döwürde ol Halapda ýaşaýardy. Şunlukda, Ymadeddiniň daşyny kakasy Aksunkaryň mamluklary we dostlary gurşap aldy. Zeýneddin Aly Güjük bin Begtegin hem şol wagt ýaş oglan eken.
Emir Kerbuga zyndandan azatlyga çykanynda Nusaýbyn şäheriniň hökümdarynyň häkimlik edýän ýeri bolan Harran şäherine bardy. Soňra 489-njy ýylyň boş aýynda Mosula ýöriş edip, ony basyp aldy we Aly bin Şerifeddöwle Ukaýlynyň hökümdarlygynyň soňuna çykdy. Kerbuga Mosulda ykrar edilenden soňra, Kasymeddöwle Aksunkaryň mamluklaryna Ymadeddini getirmekligi tabşyrdy we: «Ol meniň doganymyň ogly, men onuň terbiýesi bilen meşgul bolup, adamlara hyzmat ederin» diýip aýtdy. Olar ony Kerbuganyň ýanyna getirenlerinde, Kerbuga olara mülk ýerlerini bermek bilen olara Ymadeddiniň daşyna jemlenip, söweşlerde kömek bermekligi tabşyrdy. Şol mamluklaryň içinde mert ýigitler hem bardy. Tä 494-nji ýylda Kerbuga wepat bolýança Ymadeddin onuň bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. Kerbuga öleninden soňra bolsa, Kerbuganyň Kaýfa galasyndaky ýakyn adamlary Sunkarja bilen Musa Türkmen Mosula ýolbaşçylyk etdi. Emma olaryň Mosulda hökümdarlyk süren döwri uzaga çekmedi. Şondan soňra Mosuly soltan Mälik şanyň mamluklaryndan biri bolan Jezira ibn Omaryň hökümdary emir Jakarmyş dolandyrdy. Çünki ol Ymadeddiniň kakasy Kasymeddöwläniň derejesinde meşhurdy. Jakarmyş Ymadeddini öz köşgüne getirmek bilen oňa köp ýagşylyklar etdi. Ol tä 500-nji ýylda aradan çykýança, ony özüne ogullyk edinip, ýakynynda gorap saklady.
Jakarmyşdan soňra Mosula Çawly hökümdarlyk etdi. Tä 502-nji ýylda Çawly soltan Muhammede garşy gidýänçä, Ymadeddin onuň bilen hyzmatdaşlykda bolup, soňra onuň bilen gatnaşygyny kesdi. Ymadeddin soltan Muhammediň Çawlynyň hereketlerini yzarlaýan pursatyndan peýdalanyp, soltan bilen aralaryndaky ünsden düşürilen gatnaşyklaryny täzeden berkleşdirdi.
Soltan Muhammet 502-nji ýylda Mosuly Möwdut ibn Tünteginiň ygtyýaryna berdi. Ol Ymadeddini öz ýanyna getirip, onuň mülk ýerini giňeltdi. Zeňňiniň Şam welaýatlaryndaky haçparazlaryň garşysyna bolan söweşlere gatnaşmagy bilen onuň gaýduwsyzlygy aýan boldy. Hususanda, 507-nji ýylda Tabaryýanyň gabawa alnan wagtynda Zeňňiniň mertligi we söweş tilsimlerinden baş alyp çykyşy hemmä aýan boldy.
507-nji ýylda Möwdut Damaskdaky Jamy metjidinde batynylaryň elinden öldürilenden soňra, Mosula Juýuş Beg hökümdarlyk etdi. Şeýle hem Zeňňi onuň bilen hyzmatdaşlykda bolup, Raha, Semsiýat we Suruç şäherlerinde haçparazlaryň garşysyna bolan söweşlere Juýuş Begiň özi bilen gatnaşyp, söweş meýdanlarynda köp işler bitirdi.
Juýuş Beg soltan Mahmyda garşy gozgalaň yglan edýänçä, Ymadeddin onuň goşunyna ýolbaşçylyk etdi. Haçanda öň Juýuş Begiň goşunynda bolan Mesguda soltanlygy alyp bermek üçin Juýuş Begiň goşuny iş geçireninde, Ymadeddin muňa uly garşylyk bildirdi. Zeňňi Begiň goşunyna gozgalaňy ýatyrmagy tabşyrdy we soltan Mahmyt bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy, ony diňlemegi nesihat berdi.
Haçanda 515-nji ýylda Mosul hökümdarlygyna Aksunkar Barsuky bellenen wagtynda, bu wakalar bolşy ýaly edilip, tiz wagtyň içinde soltana ýetirildi. Soltan Mosulyň täze hökümdaryna Zeňňini öňe sürmegi we oňa görkezme beren wagtynda öz ornunda bolmagyny maslahat berdi. Barsuky bolsa ol tabşyrygy ýerine ýetirdi.
516-njy ýylda Wasyt şäheri Ymadeddin Zeňňiniň ygtyýaryna berildi. Şondan soňra hem ol Basra şäheriniň şihneligini dolandyrdy. Şeýlelikde, Zeňňi iş dolan-dyrmak ukybynyň ýeterlikdigini we harby başarnygynyň agdyklyk edýändigini subut etdi. Ol çarwalaryň üstüne edilýän duý-dansyz çozuşlara çäk goýmagy başardy we olaryň uzak sähralarda ýaşamak baradaky isleg-arzuwlaryny amala aşyrdy. Zeňňiniň şol başarnygyndan soňra onuň seljuk-laryň arasyndaky abraýy has-da ýokarlandy.
Haçanda Dubeýs bin Syddyk 417-nji ýylyň aşyr aýynda apbaslylaryň halypasy Musterşit billahyň (512-529-njy ýyllar) garşysyna uruş yglan eden wagtynda, Dubeýsiň hereketini basyp ýatyrmak we mertlik görkezmek bilen Ymadeddin Zeňňi taryhy sahnada peýda boldy. Ol Dubeýsiň goşunyna hüjüm edip, onuň öňdebaryjy adamlaryndan biri bolan Antara bin Abu Asker Kürdi ýesir aldy. Soltan Mahmyt bu söweşden soňra Aksunkar Barsuka Mosula dolanmagy we Şam welaýatyny haçparazlardan goramagy tabşyrdy. Barsuky Şama dolanyp bardy we söweşe taýýarlyk gördi. Şeýle hem ol Basradaky Ymadeddin Zeňňä çagyryş hatyny ugratdy.
Ýöne Ymadeddin Zeňňi Barsukynyň islegini kanagatlandyrmady we seljuk soltanynyň islegini ýerine ýetirmekde äwmezlik etdi. Ol tä uly emirlerden biri bolýança, dürli ýerlerde, köp sanly emirleriň hasabyna tabyn bolup uruşmazlygy ýüregine düwdi. Muňa Ibn Esiriň bir ýatlamasy hem kepil geçýär, ol şeýle diýýär: «Ymadeddin dostlaryny daşyna üýşürip, şeýle diýdi: - Onuň her gün öz erk-islegine görä welaýatlarda hereket etmegi, Yragyň, Mosulyň, Mesopotamiýanyň welaýatlarynda we Şamyň ýerlerinde hojaýynlyk edip, görkezme bermegi, biziň bolsa olaryň tabynlygynda bolmagymyz bimaza edýär. Näme üçin olar bize görkezme bermeli? Onuň esasy dostlaryndan biri bolan Zeýneddin Aly bin Begtegin oňa: - Eý türkmen jenabym ! Sen mysallar getirip dogry aýdýarsyň, eger adam islese başynda dagdan uly daşy hem goýup biler. Ýöne gerek bolsa biz adamlara, şonuň ýaly-da bir ynamdar soltana hyzmat edip bileris- diýdi. Ymadeddin onuň pikirini kabul edip, Basradan soltan Mahmydyň ýanyna gitdi we şol ýerde ornaşdy".
Ymadeddin Barsukynyň islegine soltanyň mülk ýerine ýolbaşçylyk etmek we onuň esasy bölegini öz mülküne goşmak tamasyny bildirmekden başga zat diýmedi. Şeýlelikde, Zeňňi soltan Mahmyt bilen apbasylaryň halypasy Musterşit billahyň arasyndaky agzalalykdan peýdalanyp, soltanyň tarapyna geçdi. Şeýdip, soltanyň güýji agdyklyk etdi. «Halypa betbagtlyga sezewar bolmazlyk üçin ylalaşygy täzeden dikeltmek we öz ygtyýarynda bolan öňki zatlaryny gaýtaryp bermegini sorap, soltana bir hat iberdi».
421-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň ikinji aýynda soltan Mahmyt Hamzana ýöriş etmek kararyna gelen wagtynda, ol Yragyň şihneligini dolandyrmaga ukyply we ynamdar adamlary göz astyna aldy. Soltan döwlet işlerini dolandyrmakdaky wezipesine Ymadeddin Zeňňiden başga mynasyp adamy tapmady. Ol bu howply wezipede Zeňňä daýanmakdan köp peýda tapdy. Ymadeddin elinde birnäçe mülk ýerleriniň barlygyna garamazdan, Yragyň şihneligini dolandyrdy. Soňra ol diňe Bagdada ýolbaşçylyk etmän, Yragyň ähli ýerindäki işleri dolandyryp başlady.
III. Atabeg döwletiniň Mosulda esaslandyrylyşy.
A. Ymadeddin Zeňňiniň Mosuldaky Atabeg döwletine ýolbaşçylyk etmegi
Aksunkar Barsuky 520-nji ýyla çenli Mosulda hökümdarlyk etdi. Ol 520-nji ýylyň boş aýynda Mosuldaky köne jamy metjidine namaz okamak üçin giren wag-tynda batynylaryň elinden öldürildi.
Mosula Barsukydan soňra ogly Mesgut hökümdarlyk etdi. Ol kakasy öldürilen wagty Halapda eken. Soltan Mahmyt bolsa kakasynyň ähli welaýatlaryny onuň ygty-ýaryna beripdi. Ýöne Mesgudyň hökümdarlyk döwri uzaga çekmedi. Ol 521-nji ýylda Rahbada aradan çykdy.
Mesgutdan soňra Mosula onuň inisi hökümdarlyk etdi. Döwlet işlerini bolsa Çawly dolandyrdy. Barsukynyň oglunyň hökümdarlygyndaky ummasyz baýlyklary aýawly saklamak üçin Çawly soltan Mahmydyň ýanyna öz ynamdar adamlaryndan birnäçesini iberdi.
Bu iş üçin soltanyň ýanyna giden Çawlynyň adamlary kazy Bahaýeddin Abu Hasan Aly bin Kasym Şährizury we Barsukynyň hajyby bolup işlän emir Salaheddin Muhammet Ýagsiýany dagy boldy. Çawly bu ikisine ygtyýar bermek bilen uly ýalňyşlyk goýberdi. Çünki olar soltandan gorkup, Çawlynyň ylalaşygyna boýun bolman, onuň çykaran hökümine garşy hereket etmekleri mümkindi. Şunlukda, bu ikisi Çawlyny döwlet işlerinden daş-laşdyrmak we soltan Mahmydyň huzurynda Ymadeddine araçyl bolmak üçin iş alyp bardylar.
Ol ikisi Bagdada ýetmänkäler, Zeňňiniň ýokary derejeli dostlaryndan biri, şeýle hem Salaheddiniň gaýyny Nasreddin Jakar bilen duşuşdylar. Soltanyň ýanyna näme sebäp bilen barýandyklary barada Salaheddin olara gürrüň berdi. Nasreddin bolsa Çawlydan howatyrlanyp, bu ylalaşygy goldamady. Ol Çawlynyň tabynlygyndan çykmak üçin Salaheddini öjükdirip, şeýle diýdi: "Çawly hökümdary we şoňa meňzeş adamlary şahsy bähbitleri üçin saklaýar. Haçanda ol maksadyna ýeteninde, olaryň hiç biri hem galmaz".
Nasreddin Ymadeddin Zeňňiniň döw-leti dolandyrmagy we onuň nesihatyndaky işlere ýagşylygy wada edip, jogap bermek barada Salaheddin Ýagsyýana görkezme berdi. Soňra Salaheddin dosty kazy Bahaýeddin Şährizury bilen duşuşyp, ony öz garaý-şyna maýyl etdi we onuň mülk ýerini artdyrmagy, şeýle hem Mosulyň we onuň welaýatlarynyň kazyýet işlerini dolan-dyrmak wezipesine bellemek barada wada berdi. Şeýlelikde, Şährizury bu işde ylalaşyp, Salaheddin bilen wezir Şerifeddin Anuşirwan bin Halydyň öýüne bardylar. Olar wezire ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Mesopotamiýanyň we Şamyň ýerlerine seniň bilen soltan höküm edýär. Ol ýerlerde bolsa pereňliler ornaşyp, ezýet baryny berýärler. Biziň ýerlerimiziň köpüsi olaryň ygtyýaryna geçdi, olar Mardin serhedinden, tä Müsüriň ýokarsyna çenli aralyklary basyp aldylar. Musul-manlaryň ellerindäki az sanly welaýat-laryndan başgalary pereňlileriň eline geçdi. Mosula Barsukynyň özüniň hökümdarlyk eden döwründe esgerleriň içinde ýönekeýleriniň hem, gaýduwsyz-larynyň hem ýeterlikdigine garamazdan, ol mertligi we tejribeliligi bilen goşuna ýolbaşçylyk edipdi. Barsukynyň ölmünden soňra duşmanlaryň tama-islegi artdy. Onuň ogly bolsa entek ýaş-ýetginjek. Şu ýagdaýlardan ugur almak bilen şäherlerimizi duşmanlardan goramak üçin akylly-paýhasly bir adam gerek. Bu dagynyk ýagdaýlary nazara alyp, yslamyýetiň we musulmanlaryň gowşaklygynyň soňuna çykmasak, soňra bize giç bolar. Adamlar bu ýagdaýyň soňuna çykyldy diýip düşün-ýärler. Ýöne bu ýagdaýlar bize belli bolup durýar».
Wezir bilen soltan bu işleriň soňuna çykmak barada olara söz berdiler. Kazy Bahaýeddin Şährizury bilen Salaheddin Ýagsyýany wezire köp minnetdarlyk bildir-diler. Soňra bu ikisi welaýaty kimiň adyl dolandyrjakdygy barada maslahatlaşyp, emirlerden birnäçesiniň atlaryny agza-dylar. Hökümdarlyga hödürlenen adamlaryň içinde beýlekilerden has ýokary derejede durýan Ymadeddin Zeňňi hem bardy. Şeýlelikde, bu ikisi has işjeňlik edip, Zeňňiniň soltanyň hazynasyna ýakynlaş-magynda uly iş bitirdiler. Haçanda Zeňňiniň iş dolandyrmakdaky başarnygy we seljuklaryň ýerine ýürekdeşlik bildir-ýändigine soltan doly göz ýetireninde, oňa jogap hökmünde Zeňňini çagyryp, oňa Yragyň ähli welaýatlaryna ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy. 521-nji ýylyň remezan aýynda bu barada buýruk çykardy. Ymadeddin soltanyň ogullary Alp Arslan bilen Ferruh şa ikisine atabeg edilip bellenildi. Şondan soňra Ymadeddin Zeňňi atabegiň wezipesinde meşhur boldy.
B. Mosul Ymadeddin Zeňňiniň howandarlygynda
Mosuly we bu şäherleri Çawlynyň ygtyýaryndan boşadyp, Ymadeddiniň höküm-darlyk etmegi barada karar kabul edi-leninden soňra köp wagt geçmändi. Şol wagt Ymadeddin Zeňňi Çawla diňe Rahabany we onuň welaýatlaryny mülk edip berdi. Şeýdip Zeňňi öz tabynlygyndaky welaýatlarda esasy hökümet kanunlaryny girizip başlady. Şonuň üçin Ymadeddin Zeňňi mynasyp adamlary saýlap, olar bilen ýakyn gatna-şykda boldy. Ol Mosuly dolandyrmagyň hormatyna ynam bildiren ýagşy adamlara minnetdarlyk bildirdi. Şondan soňra Zeňňi öz tabynlygyna degişli ýerlerdäki ýokary wezipeli adamlary özüne daýanç edinmäge howlukdy. Nasreddin Jakar bolsa Mosul galasynda dazdar wezipesini dolandyrdy. Soňra Zeňňi oňa ähli welaýatlaryň işini dolandyrmagy teklip etdi. Salaheddin Ýagsiýanini bolsa hajybyň wezipesine belledi. Kazy Bahaýeddin Şährizura hem öz şäherleriniň we täze basyp alan ähli şäherleriniň kazyýet işlerini dolandyrmagy tabşyrdy.
Zeňňi hökümet iş dolandyryş we harby güýçleri tijendirmek we düzgünleşdirmek işine girişen wagtynda, ol Seljuk döwletiniň düzgünleriniň köp bölegini kabul etdi.
Zeňňiniň esasy syýasaty yslamyýeti berkidip, haçparazlaryň öňünde böwet bolmakdy. Şondan soňra ol musulmanlary birleşmäge çagyrdy. Haçparazlar bilen boljak söweşe uly güýç toplamaga başlady, pereňlileriň garşysyna söweşmek üçin hem belli bir iş edildi.
Ymadeddin soltanyň tabynlygyna degişli ýerlerdäki abraýyndan peýdalanyp, mümkin boldugyça Mesopotamiýanyň we Şamyň şäherlerini hem öz ýerlerine goşup, olary giňeltmegiň yşgyna düşdi.
Ymadeddiniň ilkinji amala aşyran işi, goňşuçylykdaky emirliklere, şäher-lere, kürt galalaryna we olaryň höküm-darlaryna degişli bolan ähli ýerleri özüne birikdirip, ol ýerlerde öz täsirini ornaş-dyrmagydyr. Ymadeddin Şama tarap gelýän goşunyň öňünde arkaýyn bolmaly däldigine hem doly göz ýetirdi. Eger duşmanyň goşuny Zeňňiniň tabynlygyndaky Diýarbekir ýaly kiçeňräk hökümdarlyklaryň berk hüjümine duçar bolaýmasalar haçparazlaryň goşuny has güýçlüdi. Ymadeddin ilki Mesopo-tamiýany eýeläp, ony Barsukanyň mamlukla-rynyň elinden aldy. Şondan soňra ol 522-nji ýylyň remezan aýynda Erbil şäherini eýeledi. Soňra Nusaýbyn şäherine ýöriş edip, ony Husameddin Demirdaş ibn Ilgazynyň elinden aldy. Bulardan başga-da, Zeňňiniň Habury, Sanjary we Harrany eýelemegi bilen Şama hökümdarlyk etmegine ýol açyldy.
Zeňňiniň Rohanyň hökümdary bilen eden şol wagtky gepleşiklerinde şäherleri abadanlaşdyrmak üçin goşunlary ýygnamak we Halap hökümdarlygyny birikdirmek barada pikir alşypdylar we ylalaşyk gazanypdylar. Onuň esasy işlerinden biri bolsa Ýewfrat derýasyndan geçip, Halap şäherini we şol ýerdäki Şam şäherlerinden başga ähli ýerleri eýelemegidir.
Zeňňi bu maksadyny 522-nji ýylyň aşyr aýynda Halaby we onuň galasyny basyp almak bilen amala aşyrypdy. Zeňňiniň Halaby öz hökümdarlygyna birik-dirip, haçparazlardan ätiýaçlanmak üçin Mosul bilen onuň arasynda arabaglanyşyk döretmegi oňa uly üstünlik getirdi. Ol haçanda zerur bolan wagtynda Roha höküm-darlygy bilen Şam hökümdarlyklarynyň arasyny kesip, haçparazlaryň öňüni almaklygyň ýollaryny öwrendi. Galan işler diňe yslam güýçleriniň bir ýere toplan güýjüniň peýdasyna boldy. Şol döwürdäki musulmanlaryň dagynyk ýaşaýanlygy sebäpli, olary bir ýere jemläp bolmajak ýalydy. Şonuň üçin haçparazlar bu ýagdaýy duýup ýetişmediler. Şeýlelikde, Zeňňiniň Halaby basyp almagy bilen Manbaç şäherini we birnäçe mülkleri eýelemäge ýol açyldy. Şu wakalardan soňra soltan ony Mosulyň, Mesopotamiýanyň we Şamyň hökümdary edip bellemek barada ynanç hatyny iberdi.
Zeňňiniň Şamdaky ýeňişleriniň üznük-siz dowam etmegi bilen ol 523-nji ýylda Hamat şäherini eýeledi. Soňra Zeňňi öz goşunyna dynç berip, täzeden güýç toplamak üçin Mosula gaýdyp geldi. Zeňňi ol ýerde köp eglenmän, Şama bardy we Ýewfrat derýasyndan geçip, Esaryp galasyna ugrady. Ol demirgazyk Şamy haçparazlaryň elinden almaga amatly pursat diýip hasap etdi. Bu gala Antakiýa barýan ýol bilen gideniňde 15 kilometrden uzakda däldi. Şol ýere barýan çeşmäniň kiçi bolmagy sebäpli Halabyň halky köp horluk çekýärdi. Şeýlelikde, Ymadeddin ony weýran etmek bilen basyp aldy.
Soňra ol Harim galasyna baranynda, harimliler Zeňňi bilen ylalaşdy. Ol 524-nji ýylda Mesopotamiýa gelip, Sirja şäherini gabady. Ol söweşde Husameddin Demirdaş bilen Kifa galasynyň hökümdary Rukneddöwle bin Dawut Sökmeniň işleri ugruna boldy. Şeýle-de bolsa Zeňňi ahyry Sirja şäherini eýeledi.
Bu dartgynly ýeňişlerden soňra Zeňňi ynjalyksyzlanyp, şäherleriň demirgazy-gyndaky kürtleriň gurşap alýan galalaryna tarap ugrady. Bu galalar onuň höküm-darlygynyň öňünde uly howp bolup durýardy. Şeýlelikde, ol 528-nji ýylda Hambadi kürtleriniň Şuş we Akr galalaryny eýeledi. Şondan soňra Zeňňi kürtleriň Hakariýe we Kuwaş galalaryny hem eýeledi.
Soňra ol Şam şäherleriniň beýleki bölegine ugrady. Bagryn galasyna hüjüm edip, pereňliler bilen täzeden bolan ýüzbe-ýüz garpyşykda olary ýeňip, galany eýeledi. Zeňňiniň göz öňünde tutýan esasy maksady amala aşdy.
Soňra Zeňňi güýçli haçparazlaryň garşysyna taýýarlanmak we täze döwletde agzybir gurama döretmek üçin, Şamyň birnäçe uly şäherlerini öz hökümdarlygyna birikdirmegiň pikirini etdi. Ol Hyms we Baalbek şäherlerini eýelemek bilen bir hatarda 534-nji ýylda Damasky gurşap aldy. Soňra Ymadeddin Mesopotamiýa dola-nyp geldi we 534-nji ýylda Şährizuryny we onuň welaýatlaryny hem basyp aldy. Ol 538-nji ýylda bolsa Diýarbekiri tabyn-lygyna geçirdi.
Ymadeddin Zeňni Şam şäherlerinde ençeme üstünliklere eýe bolansoň, ol 539-njy ýylda Roha şäherini eýeläp, tagta çykdy. Bu musulmanlaryň Şamdaky haçparazlaryň galalaryny we şäherlerini eýelemeginden daşgary olary howsala salmakda ilkinji eden täsiri boldy. Haçparazlaryň musulmanlardan ýeňilmegi we gündogar latynlaryň esasy binalarynyň uly ýitgä sezewar bolmagy, olaryň ilkinji şowsuzlygy boldy. Musulmanlaryň Şam-daky haçparazlaryň garşysyna amala aşy-rylan ilkiji zarply hüjümleri Meso-potamiýanyň şäherlerinden we yslam ýurt-laryndaky galalaryndan boldy.
Şam şäherlerinde haçparaz höküm-darlaryň bolmagy yslam älemine uly täsir etdi. Mosul bilen Halabyň, Bagdadyň we Kiçi Aziýadaky Rumystan seljuklarynyň arasyndaky yslamy gatnaşyklaryň ugrunda Roha uly howp bolup durýardy. Soňra haçparazlaryň yslamy şäherlere ýörişleri boldy. Çünki olar Mesopotamiýaniň şäher-lerine ýöriş etmek bilen Amyt, Mardin, Nusaýbyn we Rakka şäherlerini gurşap aldylar. Bu wakalar barada professor Fi-lipp Hatty şeýle diýýär: «Ol pereňlileriň Şam bilen Yragyň arasynda gurnan gämi ýoly ýaly bir zatdyr. Şu jähtden seredeniňde, Roha şäheriniň pereňlileriň elinden alynmagy musulmanlar üçin Mosul bilen Halabyň arasyndaky asuda baglanyşyk boldy».
W. Ymadeddin Zeňňiniň aradan çykmagy
Mosul Atabeg döwletini esaslandyran beýik adamyň durmuş ýoly tamam boldy. Ol 541-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň ikinji aýynda heläkçilige sezewar boldy. Ymadeddin Zeňňi Jagbar galasyny gabawa alan wagtynda öz çadyrynda uklap ýatyrka, Zeňňiniň öz mamluklaryndan birnäçesi dönüklik edip, ony öldürdiler. Soňra bolsa olar gala gaçyp, Zeňňini onuň özüniň Ýernakyş atly hyzmatkär mamluklaryndan biri öldürdi diýip aýtdylar.
Ymadeddin Zeňňiniň wepat bolmagy bilen haçparazlary Şamyň şäherlerinden kowup çykarmak boýunça olaryň garşysyna birleşen agzybir yslam garşylygynyň arzuw-islegleriniň ilkinji halkasy üzüldi.
Zeňňi bir az wagtyň içinde gündogarda Şährizury, günbatarda Siriýa kenarlaryna ýakyn aralyklary, demirgazyk tarapdan Amyt, Diýarbekir we kürt daglaryndan başlap günortada Hadysa çenli aralyklary öz içine alýan güýçli döwleti esaslandyr-magy başardy. Zeňňi täze döwri açan adam hökmünde tanalýar. Oňa bu işde musulman dostlary kömek berdi. Ymadeddiniň ölümi musulmanlar üçin uly ýitgi boldy. Jagbar galasynyň ýaşaýjylary onuň ölümi barada şeýle diýdiler: «Ymadeddin Zeňňiniň aradan çykmagy bilen ähli musulmanlar hem öldi».
521-621-nji ýyllar aralygynda Mosuldaky atabegleriň
atlarynyň tertibi
Ymadeddin Zeňňi bin Aksunkar
(521-541-nji ýyllar)
Mosul Atabeg döwletini esaslandyryjy
Seýfeddin Gazy I Kutbeddin Möwdit
(541-544-nji ýyllar) (544-565-nji ýyllar)
Seýfeddin Gazy II Yzzeddin Mesgut
(565-576-njy ýyllar) (576-589-njy ýyllar)
Nureddin Arslan şa I
(589-607-nji ýyllar)
Mälik Kahyr Yzzeddin Mesgut II
(607-615-nji ýyllar)
Nureddin Arslan şa II Nasreddin Mahmyt
(615-616-nji ýyllar) (616-631-nji ýyllar)
IV. Zeňňiniň ölmünden soňra Atabegler döwletiniň bölünmegi
Taryhçylar 541-nji ýylda Jagbar galasynda Ymadeddin Zeňňiniň ölüminden soňraky wakalary köp ýatlaýarlar. Çünki şol döwürde Mälik Alp Arslan Zeňňiniň şäher-lerini eýelemäge synanyşýardy. Bu onuň şäherleri eýelemekdäki eden ikinji synan-şygydyr. Mundan öň hem Ymadeddiniň Mosuldaky orunbasary Nasreddin Jakar 539-njy ýylda şäherleri eýelemäge synanyşdy we bu hereketleri üçin ölüm jezasyna höküm edildi. Zeňňi Mosuldan uzakda ýerleşen Albirt galasyny gabawa alan wagtynda Alp Arslan şol amatly pursatdan peýdalandy. Ol hem şol wagt Jagbar galasyny eýelemekde Zeňňi bilen bilelikde hereket edýärdi. Alp Arslan Ymadeddiniň ölenligi baradaky habary eşideninden howlukmaç ýagdaýda Mosula ýöriş etmek üçin köp sanly esgerleri ýygnamaga girişdi.
Şol wagt Jemaleddin Yspyhany Jag-bar galasyny gabawa alan esgerleriň arasyndady. Ol şäherleri gorap, ony öz hökümdarynyň ogullarynyň elinde galdyr-mak üçin uly alada edýärdi. Haçanda Jemaleddin Alp Arslanyň ýüregine düwen niýetini bileninde, onuň islegini puja çykarmak üçin emir Salaheddin Ýagsiýani bilen güýçlerini birikdirmäge howlukdy. Jemaleddin şol maksatlary bilen Salaheddine hat iberdi. Ol hatda şeýle diýilýärdi: «Iň gowy maslahat aramyzda bolan zatlary arka zyňyp, patyşalygyň biziň hökümdarymyzyň ogluna galmagy we onuň bize eden ýagşylygynyň gaýtargysy hökmünde onuň öýüni, döwletini abatlamak üçin bir ýoly tutmalydyrys. Çünki patyşa ýurda tamakinlik bilen garaýar, esgerler bolsa onuň garşysyna jemlenýärler. Bu işiň öňüni tizlik bilen alyp, ony düýpden ýok etmesek, ol ot barha köp ýerleri gurşap alar. Soňra ony düzetmek kyn bolar». Salaheddin bu pikiri makullady we olar biri-birine wepaly bolmak barada kasam etdiler.
Bu ikisi Alp Arslanyň şäherlerini eýelemek synanyşygyna garşy durup, Alp Arslan bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak barada ylalaşdylar. Şondan soňra Jemaleddin bilen Salaheddin ikisi Alp Arslanyň hyzmaty üçin onuň gaşyna bardylar we onuň eýelän şäherlerine kepil geçip, ony özlerine maýyl etdiler. Şeýle hem olar bu işi ýeterlik hasap etmän, Alp Arslana şeýle diýdiler: «Atabegligiň şäherlerindäki hökümdar seniň orunbasaryňdy, olary bolsa siziň adyňyz bilen düzgünleşdirdik». Şunlukda, ol Jemaleddin bilen Salahed-diniň aýdanlaryny dogry hasap etdi we öz maksadyny amala aşyrmakda kömek bermegi üçin ikisini hem ýanyna çagyrdy.
Şeýdip, Jemaleddin bilen Salaheddin Alp Arslanyň ynamyna girdiler. Soňra Alp Arslan öz maksadyny amala aşyrmakda bu ikisini Atabegler döwletinde peýdalanmak bilen olara möhüm işleri ynandy. Şol wagt Jemaleddin bilen Salaheddin Mosuldaky Zeňňiniň orunbasary Zeýneddiniň ýanyna baryp, oňa Ymadeddiniň wepat bolandygy baradaky habary ýetirmäge howlukdylar. Ol ikisi Ymadeddiniň ogly Seýfeddin Gazyny Mosula tiz wagtyň içinde getirmek barda Zeýneddine buýruk berdiler. Şol wagt Seýfeddin Gazy kakasynyň mülk ýeri bolan Şährizurda ýaşaýardy. Zeýneddin bolsa olara jogap hökmünde Seýfeddin Gazyny Mosula alyp gelmek barada çapar iberdi.
Emma Zeňňiniň ikinji ogly Nureddin Mahmyt kakasynyň öldürilen wagtynda, onuň elinden möhürli ýüzügini alypdy. Soňra ol 541-nji ýylyň dört tirkeşik-leriniň ikinji aýynda Halaba baryp, hökümdarlyk etdi. Şonlukda, Nureddin kakasynyň tabynlygyndaky Roha, Harran, Suruç, Hyms we Hamat ýaly Şam şäher-leriniň ählisini özüne tabyn etdi.
Salaheddin bolsa Nureddin Mahmydyň hyzmatynda bolmak üçin Şama baryp, döwlet işlerini dolandyrdy. Şol wagt Salaheddin Zeňňiniň mülk ýerine degişli bolan Hamat şäherine hökümdarlyk edýärdi. Nureddin Halapda hökümdar diýlip ykrar edilende bolsa, Hamat şäherini onuň ygtyýarlygyndan alyp, onuň ýerine Hyms şäherini we galasyny berdi.
Emma Salaheddin Şama gidenden soňra Jemaleddin Yspyhany Mälik Alp Arslan bilen özbaşdak herekete başlady. Jemaled-din Rakka gitmek bilen Alp Arslany kanagatlandyrdy we ony özüne çekmek üçin şerap içmek bilen meşgullandy. Ol meý içmek bilen meşgullanan döwründe birnäçe gyrnaklara we aýdymçy gyzlara bagyş eder ýaly puldur serpaýlary Alp Arslan oňa berip goýberdi. Ol döwlet işlerini ýeňilleşdirdi, emirleriň ýüreklerini özüne çeker gorkusy bilen olara serpaý ýapmakdan saklady.
Şeýdip, Jemaleddin esgerleri öz tara-pyna çekip başlady. Ol goşunlary bolsa Seýfeddin Gazynyň ygtyýaryna berip, ähli esgerlere Seýfeddin bilen Mosula barmagy tabşyrdy.
Goşun uzakdaky Maksin şäherine baryp ýeten wagtynda Alp Arslan Rakkadady. Ol şol ýerde bir az wagt bolandan soňra, Sanjara tarap ugrady. Şol pursatda Jemaleddin Gazynyň Mosula girip, ol ýerde häkim diýlip ykrar edilendigi baradaky habary eşitdi. Şondan soňra Jemaleddin Sanjar galasynyň dazdarynyň ýanyna ilçi iberip, şäheri Alp Arslanyň ygtyýaryna bermezligi tabşyrdy we şäheriň Mosul tabynlygyna geçmelidigini düşündirdi. Haçanda şäher Mosulyň tabynlygyna geçende bolsa, San-jar şäheriniň hökümdarlygynyň oňa bagyş ediljekdigini wada berdi.
Sanjar şäheriniň hökümdary Jemaled-diniň görkezmesini ýerine ýetirmek üçin köp işler etdi. Ol Alp Arslana ilçi iberip, öz golastyndaky leşgerini Mosulyň tabynly-gyna geçirmek isleýändigini aýtdy.
Soňra Jemaleddin Mosula gitmegiň zerurdygyny Alp Arslana ynandyrdy. Şun-lukda, Alp Arslan bu ýagdaý bilen ylalaşdy we Jemaleddin öz ýanynda galan az sanly esgerlerini alyp ýola düşdi. Ol Tigr derýasynyň ýakasyndaky şäheriň golaýyn-daky geçelgeden geçdi. Jemaleddin şol ýerde ondan aýrylyşdy we Mosula girdi. Ol Seýfeddin Gazynyň ýanyna baryp, Alp Arslanyň ýanynda örän az sanly leşgeriň galandygyny habar berdi. Olar emir Yzzeddin Abu Bekr Dubeýsi bilen bilelikde Mosul esgerlerinden düzülen goşuny onuň ýanyna iberdiler. Olar Alp Arslany tutup, Mosula getirdiler. Bu onuň bilen bagly iň soňky waka boldy.
Taryhy makalalar