Mosulda ylmyň ýagdaýy
I Ylmy edaralar
Medreseler. Galalar. Hadys aýdylýan ýerler.
II Atabegligiň döwründäki şyhlar
I. Ylmy edaralar
Medreseleriň ýüze çykmagynyň ylmyň ýokary derejä galmagyna täsiri
Medreseler uly howly bolup, ders bermek üçin olaryň birnäçe otaglary bolupdyr. Ol ýerde hadys we fykh ylymynyň esaslaryny öwreniji talyplar bolupdyr. Yslamyýetde ilkinji bina edilen medrese-leriň biri al-Bahyky medresesidir. Ony 404-nji ýylda Nyşapurda wepat bolan al-Bahyky esaslandyrypdyr.
Şondan soňra seljuklaryň döwründe Nyşapuryň täsiri astynda Yrakda köp sanly medreseler bina edildi. Muny medrese işleriniň yslam bilen goşulyşyp gitmegi bilen düşündirýärler.
Seljuk weziri Nyzamylmülkiň şeýle medreseleri bina etmekde eden tagallalary-nyň miwesi görnüp başlapdy. Ol Bagdatda, Basrada, Balhda, Merwde, Nyşapurda, Hyratda we Yspyhanda köp sanly medreseleri esaslandyrdy. Şeýle hem ol Yragyň ähli şäherlerinde we Horasanda medrese bina etdirdi.
Bu medreselerden yslam medeniýetini ýaýratmakda özbaşdak täsir eden iň esasysy Nyzamyýe medresesidir. Ony 457-459-njy ýyllar aralygynda Nyzamylmülk Bagdatda bina etdirdi. 459-njy ýylyň boş aýynda (1067-njy ýyl) onda sapak berlip başlandy. Bu medrese öz ululygy bilen Yrakdaky täze bina edilýän medreselere nusga boldy. Mosula Zeňňiniň ýolbaşçylyk etmegi bilen Yrakdaky Jeziranyň we Şamyň etraplarynda syýasy işler, ýygnaklar, şeýle hem medeni çäreler geçirilip başlandy.
Mosulyň halkyna we ol ýerdäki ylyma hormat bildirýän Atabegligiň patyşalary ylmy işlere ünsli garamak bilen, olar ondan lezzet aldylar. Şondan soňra olar medreseleri, metjitleri, hadys aýdylýan ýerleri we galalary gurdular. Bu medreselere örän köp möçberde harajat sarp edildi. Şeýle hem olar kitap üçin tekjeler we ylym öwrenýänleriň ulanmagy üçin köp zatlary bagyş etdiler. Bu medreselerde ylym alýan talyplary iýmit, ýaşaýyş jaýy, geýim we kitaplar bilen üpjün etmekligi Atabeglik öz üstüne aldy.
Atabegiň wezipesini arap däl bolan adamlar dolandyrdylar. Ýöne bu olaryň arap medeniýetini galdyrmakda, ylyma üns bermeklerine hiç hili päsgel bermedi. Olar arap yslamy şäherlerini gurmak bilen, ähli halk bolup dini kabul etdiler. Şeýle hem atabegler olaryň medeniýetleri bilen ylalaşyp, ýurtdaky ylymy şol ugurda alyp bardylar. Şunlukda, Atabegligiň döwründe Mosul alymlaryň, edebiýatçylaryň, şahyr-laryň, ýazyjylaryň, okyjylaryň hadys aýdyjylaryň we sungat ussatlarynyň esasy merkezi boldy.
Seýfeddin Gazy I şygyrdan we edebiýatdan lezzet almak bilen şahyrlara uly hormat goýýar eken.
Biz şol patyşalaryň Mosulda we onuň tabynlygyndaky şäherlerinde esaslandyran ylmy merkezleriniň sanyny azrak diýip hasap edýäris. Şol döwletiň adamlary hem şol pikirde boldy. Mosuldaky medresele-riň sany 28-ýe, hadys aýdylýan ýerleriň sany 18-ýe we sopular üçin başlangyç mekdep bolan hanakalaryň sany bolsa 27-ä ýetdi.
Indi bolsa Mosuldaky atabeg patyşa-larynyň esaslandyran medreselerinden birnäçesiniň üstünde durup geçeliň
Atabegligiň Atyka medresesi. Bu medrese Seýfeddin Gazy I Mosulda bina etdiren medresesidir. Ol örän oňat medreseleriň biri bolmak bilen onuň tutýan meýdany örän giň bolupdyr. Ol medresäniň ýarysynda şapygy fakyhlar, beýleki ýarysynda bolsa hanapy fakyhlar bolupdyr. Bu medresäniň görnükli alymlaryndan biri Ibn aş-Şirji ady bilen tanalan we 574-nji ýylda wepat bolan Abu Berekät Abdylla bin al-Hüseýindir. Ol alym we taryhçy Bahaýeddin bin Şetdada, şeýle hem 596-njy ýylda wepat bolan Abdysselam bin Muhammet Zahyreddin al-Farysa ders beripdir.
Nury metjidiniň medresesi. Bu medrese Nureddin Mahmyt bin Zeňňä degişlidir. Nureddin Mosulda bina etdiren metjidinde din we ylym ugurdan jemle-nişmegiň peýdaly boljakdygy barada öňden pikir edipdi. Şonuň üçin ol şol metjidiň golaýynda medrese bina etdirdi. Nureddin 568-nji ýylda Mosula gelende, bu medresede fakyh Ymadeddin Abubekir et-Tukany aş-Şapygynyň ders bermegi barada buýruk çykardy.
Yzzyýe medresesi. Bu medrese 576-589-njy ýyllarda hökümdarlyk eden Yzzeddin Mesguda degişlidir. Ol bu medresäni Mosuldaky Patyşalyk howlusynyň golaýyndan bina etmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, ol medrese örän uly bolup, onda şapygy we hanapy ugurlary boýunça ders berildi. Ibn Hallikan ony şeýle suratlandyrdy: "Bu iň gowy medreseleriň biridir".
Mundan başga-da, ol her hepdäniň sähetli günlerinde we mübärek gijelerde köp nazy-nygmatlar bilen medresede sadaka bermeklik barada karar çykardy. Bu medresede ders bermek wezipesini üstüne borç edinip alanlaryň biri hem 608-nji ýylda wepat bolan Ymadeddin Muhammet bin Ýunus bin Mangydyr. Ol Bagdadyň Nyzamy medresesinde fakyhlyk ylymy boýunça ders alypdy.
Nuryýe medresesi. Ol 589-607-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Nureddin Arslan şa I Mosulda bina etdiren medresesidir. Ibn Esir ony ýatlap, şeýle diýýär: "Onuň haýyrly eden işleriniň biri hem Mosuldaky Patyşalyk howlusynyň garşysyndan bina etdiren medresesidir. Ol iň gowy medreseleriň biridir. Nureddin Arslan şa I oňa örän köp möçberde harajat sarp etmek bilen ol medresäniň okuw işlerini dolandyrmak üçin oňa şapygylardan altmyş sany fakyh belledi. Mundan başga-da, ol ýerde sopulara we garyplara ýardam etmek üçin sadaka öýleri bardy".
Bu medresede ders bermek wezipesini borç edinip alanlaryň biri hem Abu Hamyt Ymadeddin Muhammet bin Ýunus bin Mangydyr.
Kahyryýe medresesi. Bu medresäni 607-615-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Mälik Kahyr Yzzeddin Mesgut bin Nureddin Arslan bina etdirdi. Ol medresede ilkinji ders beren fakyh 639-njy ýylda wepat bolan Kemaledin bin Ýunus bin Mangydyr. Bu medresede yslam, edebiýat, dil, gepleşik (pikirlenme), pelsepe, taryh we şygyr düzmek ylymlaryndan ders berlipdir. Şeýle hem bu medresede 622-nji ýylda wepat bolan, Abu al-Fazyl Şerifeddin Ahmet bin Kemaleddin bin Mangy ders beripdir.
Atabegligiň patyşalary diňe bir medreseleri, ylmy merkezleri bina etmek bilen çäklenmändirler. Atabeg döwletiniň ýokary wezipeli adamlaryndan köp sanlysy hem şu ugur bilen gidipdirler. Olar Mosulda we onuň daşynda birnäçe medreseleri we galalary esaslandyrypdyr-lar. Olardan 563-nji ýylda wepat bolan Zeýneddin Aly bin Begteginiň Mosulda esaslandyran "Zeýniýe medresesi" ady bilen belli bolan medresesidir. Şeýle hem "Kemaly medresesi" ady bilen belli bolan medrese onuň metjidiniň golaýynda ýerleşipdir. Bu medrese şol ýerde ders beren Kemaleddin bin Ýunus bin Manga degişli boldy. Mujahededdin Gaýmaz hem şygyrýete, hekaýatlara we taryha uly sarpa goýýar eken. Şeýle-de, ylymyň ösmeginde alymlara uly goltgy beripdir. Ol şapygylar üçin medrese, sopular üçin gala, syrkawlar üçin bolsa keselhana gurdurýar. Ol ähli baýlyklaryny ýagşy işlere sarp edipdir.
Bedreddin Lulu bolsa Bedriýe medrese-sini esaslandyrdy. Ol medresede 615-nji ýylda wepat bolan Abu al-Muzaffar Muhammet bin Alwan Mosuly ders bermek wezipesini dolandyrdy. Kazy Kemaleddin Şährizury hem Mosuldaky Kemaly Kazawy ady bilen tanalýan medresäni bina etdirdi. Ol medresedäki ders bermek işini onuň ogly kazy Muhammet bin Kemaleddin Şährizury dolandyrdy. Ol Mosulyň kazyýet işini, kakasynyň medresesinde we Mosuldaky Nyzamyýe medresesinde ders bermek işlerini dolandyrdy.
Dürli ylymlaryň merkezi hökmünde medreselerden başga-da, Mosulda bina edilen galalar bolupdyr. Medeniýetiň we dini ylymyň ýaýramagynda ol galalaryň täsiri uly bolupdyr. Ol galalarda ybadat etmek üçin aýratyn otaglar bolmandyr. Ýöne ol ýerde edebi, wagyz-nesihatlar we dynç almak üçin ýerler bolupdyr. Şeýle hem olarda içi kitaply tekjeler bolupdyr. Ol tekjeleriň arassaçylygyna we tertipli saklanmagyna ýörite gözegçilik edýän bir adam bolupdyr. Mundan başga-da bu galalarda ylmy talap etmek, ýaýratmak we dindäki ýüze çykýan esasy işleri maslahatlaşmak üçin bir şäherden beýleki şähere, bir döwletden beýleki döwlete gelýän alymlar üçin ýörite otaglar bolupdyr.
Dini ylymlary ýaýratmakdaky esasy edaralaryň biri hem hadys aýdylýan ýerlerdir. Bu ylmy edaralarda pygamberimiz Muhammediň sözleri, onuň eden işleri bilen baglanyşykly rowaýatlar we wakalar boýunça ders berlipdir. Şeýlelikde, bu dersleriň maksady hadyslarda ündelýän zatlary halka düşündirmek bolupdyr. Ol dersler diniň we şerigatyň düzgünleri pygamberimiz Muhammediň durmuş ýagdaýla-ryna gabat gelmegi bilen esaslandyrylyp-dyr.
II. Atabegligiň döwründäki şyhlar
Atabegler döwründe ylymyň gülläp ösmegi we Mosulda ylmy ymaratlaryň bina edilmegi adamlaryň düşünjeleriniň artma-gyna getirdi. Bu ösüşe bolsa ol ýerde köp sanly alymlaryň, edebiýatçylaryň, hadys aýdyjylaryň we tebipleriň ýüze çykmagy şaýatlyk edýär.
Mosulda dürli ylymlar boýunça birnäçe maşgalalar has meşhur bolupdyr. Bu maşgalalardan birnäçesiniň üstünde durup geçeliň. Taryhçy Ibn Esiriň maşgalasy. Onuň kakasy Ibn Omar adasyndaky Atabeg-ligiň işgäri bolupdyr. Ibn Esiriň meşhur kyssalary bolupdyr. Onuň "Taryhdaky kämil işler" atly kitabynda taryhdaky ýatdan çykan ähli wakalaryň beýan edilmegi bilen ol yslam ensiklopediýasy hasaplanýar. Mundan başga-da, ol "Tokaý ýolbarsynyň sahabalar bilen tanyşlygy", "Gatnaşyklar arkaly akylyň kämilleşmegi", "Mosuldaky Atabeg döwletiniň gülläp ösüş taryhy" ýaly kitaplary ýazypdyr. Onuň 544-606-njy ýyllarda ýaşan dogany Mejideddin ibn Esir bolsa fykh we hadys aýtmak ylymlary boýunça meşhur bolupdyr. Düşündiriş bermek, grammatika we matematika boýunça onuň köp sanly işleri bolupdyr. Olardan "Resulymyz Muhammediň hadyslarynyň esa-sy toplumy", "Hadysdaky adatdan daşary täsinlikler", "Grammatika boýunça uly kitap" we başga-da birnäçe işleri edipdir.
Onuň 585-637-nji ýyllar aralygynda ýaşan üçünji dogany Zyýaýeddin bin Esir bolsa edebiýat ylymy boýunça meşhur bolupdyr.
Ýunus bin Mangynyň ogullarynyň maş-galasy hem şol döwürde ylymyň ýokary derejä galmagyna uly goşant goşupdyrlar. Olar şafygy mezhebiniň alymlary bolup-dyrlar. 508-576-njy ýyllar aralygynda ýaşan olaryň atasy Razyýeddin al-Erbili ady bilen tanalýan Ýunus bin Muhammet bin Mangy bin Mälik, Zeýneddin Aly bin Begteginiň Zeýniýe medresesinde ders bermek wezipesinde Mosulyň ýaşaýjylaryndan ilkinji işlän adamdyr. Ýunus fykh we edebiýat ylymlary boýunça meşhur bolupdyr.
535-608-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Ymadeddin bin Ýunus bin Mangy Ýunusyň meşhur ogullaryndan biri bolupdyr. Ol Mosulyň kazyýet işlerini dolandyrypdyr we onuň ylmy merkezlerinde ders beripdir. Fykh we edebiýat ylymlary boýunça onuň birnäçe işleri bolupdyr. Olardan "Karar çykarmagyň usullary", "Mosulyň meseleleri" atly işlerini mysal getirmek bolar. Şeýle hem onuň elinde ylym alan köp sanly adamlaryň ählisiniň alym bolup ýetişendikleri barada bellenilip geçilýär. 551-639-njy ýyllar aralygynda ýaşan Kemaleddin bin Ýunus bolsa dil, grammatika, edebiýat, pelsepe, matematika we tebipçilik ylymlary boýunça meşhur alym bolupdyr. Mundan başga-da, ol saz we tebigy ylymlardan baş çykarypdyr. Şonuň üçin onuň ýanyna dürli ýerlerden talyplar gelipdir. Onuň döreden işlerin-den bolsa "Kynçylyklardan baş alyp çykmak we Gurhanyň tesfirindäki kyn soraglaryň jogaby", düşündirişli kitap bolan "Fykh ylymyndaky bellikler" we "Sahylyk baradaky tapmaça kitaby" we başga-da birnäçe eserleri döredipdir. 525-622-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Şerifeddin bin Kemaleddin bin Manga Kahyryýe medresesinde sapak bermek wezipesinde işläpdir. Ol öz döwründe birnäçe eserleri döredipdir. Onuň döreden işlerinden iň naýbaşysy "Şapygylaryň fykh ylymyndaky bellikleri" atly kitabydyr.
Ibn Esiriň we Ibn Manganyň maşgalalary bilen birlikde Mosuldaky şapygy fykh ylymlary boýunça has meşhur bolan maşgalalar hem bolupdyr. Olardan 492-572-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen we ýokary kazynyň wezipesini dolandyran Kemaleddin Muhammet bin Abdylla Şähri-zurydyr. Ol Seýfeddin Gazynyň döwründe Mosulyň kazyýet işlerini dolandyrdy. Soňra bolsa Şama gidip, Nureddin Mahmydyň hyzmatynda boldy. Mundan başga-da, şolaryň neberelerinden bolan Abu Hamyt bin Kemaleddin Şährizurydyr. Ol Yzzeddin Mesgudyň döwründe Mosulyň kazyýet işlerini dolandyrypdyr. Mundan başga-da Mosulda ylmy işler bilen meşgul bolýan maşgalalar köp bolupdyr. Olardan Hablyň we Muharyjynyň ogullarynyň maşgalalary, Nakybyň maşgalasy dürli ylymlarda we edebiýatda uly abraýa eýe boldular.
Şeýle hem Mosuly ýokary derejä galdyrmakda belent mertebeli adamlar bolupdyr. Olardan 539-632-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen belli taryhçy, kazy Bahaýeddin bin Şetdat, Salaheddin bin Eýýubyň durmuşyny suratlandyrýan "Ýusubyň gowy häsiýetleri" atly kitabyň awtorydyr. Al-Mübärek bin aş-Şygar Mosuly, ol on iki bapdan ybarat bolan "Merjen halkalar" atly kitabyň awtorydyr. 621-njy ýylda wepat bolan meşhur syýahatçy Abulhasan al-Harawi hem şol işeňňirlik görkezen adamlardan biridir. Ol "Zyýaratyň düzgünleri barada maslahatlar", "Harawileriň söweş başarnyklary hakynda ýatlama" atly kitaplary ýazypdyr. Emineddin lakamy bilen tanalýan kätip Abu Eddar Ýakut bin Abdylla Mosuly hem Ibn ad-Duhan an-Nahawiýe ady bilen tanalýan Ibn Muhammet Sagyt bin al-Mübärege nahuw dersini öwreden adamdyr. Onuň ýazan işleriniň birnäçe nusgasynyň her biri 100 dinara satyldy. Ol 618-nji ýylda Mosulda aradan çykypdyr. Zahyreddin al-Fakyh aş-Şafygy Mosuly lakamy bilen tanalýan Abu Yshak Ybrahym Nasyr bin Esger, Ýakut bin Abdylla al-Hamawy Rumy we Ibn Hallikan ady bilen tanalan Ahmet bin Abubekir dagy hem şol belent mertebeli adamlaryň hatarynda bolupdyr.
Biziň ýatlap geçen bu adamlarymyzdan başga-da, Mosulda dürli ylmy pudaklarda ýokary derejä ýeten alymlar köp bolupdyr. Arap kitaphanalaryny dolduryp duran ajaýyp kitaplar şolaryň bize goýup giden işleridir. 641-nji ýylda wepat bolan Abu al-Berekät Abdyrahman bin Muhammet al-Anbary Mosuldaky arap dili boýunça iş alyp barýan alymlardan biri bolupdyr. Ol grammatika ylmyndan gowy baş çykaryp-dyr. Halabyň köp sanly alymlary we fakyhlary ondan ders alypdyrlar. 637-nji ýylda aradan çykan Ibn al-Jannaz Mosuly ady bilen tanalan Ahmet bin al-Hüseýin bin Ahmet hem şol ýokary derejedäki alymlardan biri bolup, ol "Nahuwyň ýokary derejesi" ady bilen nahuw ylymyna degişli bolan kitaby ýazypdyr. Şeýle hem 619-njy ýylda wepat bolan Ibn Duhan ady bilen tanalýan Ýahýa bin Sagyt bin al-Mübäregi Mosulyň nahuw ylmy boýunça we edebiýatçy alymla-rynyň hatarynda ýatlamak bolar. Şol döwürdäki tebipçilik okuwynyň hem tutýan ornuny belläp geçmek zerurdyr. Şol ugurdan ders alýan talyplar köp bolupdyr. Olar hak almazdan keselhanadaky syrkawlary beje-rip, öz derslerini iş ýüzünde özleşdi-ripdirler.
Tebipçilik älemine Mosuldaky meşhur tebipleriň işleriniň eden täsiri örän uly bolupdyr. Meşhur göz tebibi Ymar bin Aly Mosuly şolardan biri bolup, göz kesellerini bejermekde onuň ýokary tejri-besi bolupdyr. Ol häkim Biýemrillanyň döwründe Müsüre gitdi. "Göz ylymy, ony derman we ýylylyklar bilen bejermek" atly ýygyndy kitap onuň tebipçilik ylmyna degişli döreden işlerinden biridir.
Al-Hylady ady bilen tanalýan Muhzabeddin bin Habl Bagdady hem meşhur tebipdir. Ibn Abu Asybag bu babatda şeýle diýýär: "Ol tebipçilikde we pelsepe ylymlary boýunça döwrüniň akylly-paýhasly adamlarynyň biri bolupdyr. Ol edebiýatdan, sungatdan hem baş çykarypdyr. Şeýlelikde, onuň köp sanly şygyrlary we dana sözleri bolupdyr. Gurhany ussatlarça ýat tutupdyr. Onuň hassalary kabul edýän keselhanasy Mosuldaky Abu Najyh köçesiniň ugrunda ýerleşipdir. al-Hiladynyň ýanyna ylym almak üçin ähli ýerden talyplar gelipdir. Ol 610-njy ýylyň aşyr aýynda Mosulda aradan çykypdyr we ony Almeýdan derwezesiniň ýakynynda jaýlapdyrlar. 560-njy ýylda al-Hilady-nyň ýazan "Tebipçiligiň ýygyndysy" we Atabeg döwletiniň meşhur weziri Jemaled-din Yspyhana bagyşlap ýazan "Jemaliniň tebipçiligi" atly kitaplary onuň esasy işlerinden biridir.
Kemaleddin bin Ýunus bin Manga hem tebipçilik, pelsepe, edebiýat we din ylymlaryndan ussatlarça baş alyp çykypdyr. 634-nji ýylda wepat bolan Abu al-Hasan Aly bin Abu al-Fatyh bin Ýahýa Kemaleddin Mosuly we al-Mezhep Aly bin Ahmet bin Mukil Mosuly öz döwrüniň adamlaryna tebipçilik ylmyny öwredip-dirler. Şeýle hem olaryň birnäçe döredijilik işleri bolupdyr.
649-njy ýylda wepat bolan Tegasyf ady bilen tanalan Ylmeddin Kaýsar bin Abulkasym bin Musafyr tarapyndan Mosulda geometriýa ylmy ýüze çykarypdyr. Ol matematika ylmyna ýolbaşçylyk etmek bilen bir hatarda inženerlik ylmyny hem bilipdir. Bu alym ýer togalagy bilen baglanyşykly işi ýerine ýetirdi. Onuň bu hakdaky "Asman togalagy" atly kitaby Neapolyň milli muzeýinde goralyp saklanýar.
NETIJE
Şu kitapda Ýakyn Gündogardaky ysla-myýete geçiş döwründe Mosul Atabeg döwle-tiniň ähmiýetli orny we onuň patyşa-larynyň alyp baran möhüm işleri barada aýdyň deliller beýan edildi. Şeýle-de, yslamyýet äleminde aýgytlaýjy döwürler bolan hijri senesi boýunça VI-VII asyrlardaky wakalar görkezildi.
Mosuldaky Atabeg döwletini esalan-dyran Zeňňiniň esasy orny haçparazlaryň garşysyna söweş alyp barmagyndadyr. Ol duşmanlary bolan haçparazlar bilen ýüzbe-ýüz durup, ýeke-täk yslamy güýçlere daýanyp, dyngysyz işleri alyp barypdyr. Geçiş döwründäki howply pursatlar bolsa ol wepat bolanyndan soňra ýüze çykdy. Şondan soňra syýasatyň başyna onuň ogly Nureddin geçdi. Ol hem Mosul Atabegliginiň kömek berme-ginde haçparazlaryň garşysyna söweşi dowam etdirdi. Çünki Atabeglik bu mukaddes borjy ýerine ýetirmekden ýüz dödermändi. Olar Nureddiniň güýçleri bilen birleşip, köp söweşlere gatnaşýardylar. Şol söweş-lere atabegleriň özleri hem gatnaşypdyrlar.
Şamda Salaheddiniň güýçleriniň peýda bolmagy we onuň Mesopotamiýanyň we Mosul şäherlerine hantamaçylyk bilen garamagy Mosul Atabeg döwletiniň öz garaşsyzlygy-ny goramak işlerini çylşyrymlaşdyrdy. Esasan hem, Salaheddin Mesopotamiýanyň galalaryny we berkitmelerini eýelemek isleginde boldy. Mosulyň ýolbaşçylarynyň ony goramakda aýgytly hereket etmekleri bilen şähere girmäge hiç hili mümkinçilik bolmady. Salaheddiniň goşuny Mosuly üç gezek gabawa alan wagtynda-da, mosullylaryň onuň öňünde mertlik görkezip durupdyr. 581-nji ýylda Mosulyň Salaheddiniň tabyn-lygyna geçmeginde esger ýetmezçiligi sebäp bolmandy. Esasy sebäp haçparazlar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin musulmanlar biri-birleri bilen arkalaşar ýaly Mosulyň hökümdarynyň öňdengörüjilikli akylly syýasaty boldy. Şeýlelikde, Mosul goşun-larynyň hökümdary bu söweşlere köp ýarag we harajatlar sarp etmek bilen gatnaşdy.
607-nji ýylda Mosul hökümdary Nureddin Arslan şa I wepat bolmagy bilen Mosuldaky Zeňňiniň nebereleriniň Atabeg döwletine eden täsiri gutardy. Şondan soňra döwletiň hökümdarlygy Nureddiniň köşkdäki ogullaryna geçdi. Ýöne soltanlyk Mosulyň döwlet işlerini dolandyrmak üçin öz orunbasary Bedreddin Luluny iberdi. Şunlukda, Bedreddin Lulu özüni döwletiň hökümdary diýip yglan etmek üçin amatly pursat gelýänçä, perdäniň aňyrsynda gizlendi. Atabegligiň bolsa hökümdarlykda diňe adynyň dowam etmegi bilen 631-nji ýylda Mosuldaky Zeňňiniň nebereleriniň hökümdarlygy doly tamam boldy.
Mosuly Atabegligiň dolandyran wag-tynda olaryň ylmyň, medeniýetiň we ykdysadyýetiň ýokary galmagynda köp syýasatlary alyp barandygyna esaslanmak bilen Mosulyň yslam medeniýetine uly goşant goşandygyna göz ýetirmek bolýar. Şol döwürde Mosul yslam älemindäki iň esasy şäherleriň biri bolupdyr. Ol ýerde ylmy medreseleriň, galalaryň, hadys aýdylýan ýerleriň we başga-da şuňa meňzeş ylmy ojaklaryň bolmagy Mosulda ylmyň ýokary derejä galandygyna ýeterlik delil bolup durýar. Şeýle-de Atabegligiň köp harajatlar çykaryp, ýardam etmeginde Mosula köp sanly alymlar, edebiýatçylar, ýazyjylar we şahyrlar gelipdir. Şonuň netijesinde Mosulda güýçli alymlar ýüze çykyp başlapdyr. Olardan taryhçy Ibn Esir we onuň doganlary Mejideddin bilen Zyýaýeddin, şonuň ýaly-da, Şährizurylaryň maşgalasy, Hablyň ogullary, alym we taryhçy Ibn Şetdat, Ýakut al-Hamawi, syýahatçy Abu al-Hasan al-Harawy dagylary aýratyn ýatlap geçmek bolar.
Sungat babatda aýtsak Atabegligiň howandarlygynda Mosuly senetçi ussalaryň gurşap almagy bilen ol ýerde gymmatbahaly senetçilik işleriniň öndürilişi ýokary derejede alnyp barlypdyr. Şeýle-de Mosulda şekillendiriş sungaty bilen bezelen medreseler we altyndan, kümüşden guýlup ýasalan gaplar bolupdyr. Mamluklar döwründe Müsürde we Şamda bu senetçilik işleriniň ýokary derejä galmagyna Mosul öz täsirini ýetiripdir. Mundan başga-da, Mosul dokma senagatynda uly abraýa eýe bolupdyr. Inçe süýmli dokalan önümleriň "Mosulin" diýip Mosulyň ady bilen belli bolmagynyň hem şol abraýyň bolandygyna ýeterlik delil bolup durýar.
Ol ýerdäki ussatlyk bilen gurulan medeni we harby binalar Mosuldaky binaçylyk, bezegçilik sungatlarynyň ýokary derejä ýetendigi barada şübhelenmäge hiç hili ýer goýmaýar. Şol döwürdäki ykdysadyýetiň we senagatyň gülläp ösmegine Mosula göçüp gelen özge halklaryň goşandy uly boldy. Bu ýagdaýa seljuklaryň ýygy-ýygydan, siriýalylaryň we müsürlileriň bolsa käwagt duýgudaşlyk bildirip, täsir etmekleri sebäp boldy. Şeýlelikde, olaryň täsiri astynda Mosul we başga-da birnäçe goňşuçylykdaky yslam döwletleriniň arasynda syýasy aragatnaşyklar ýola goýuldy.
Soñy.
Taryhy makalalar