Salaheddin Eýýubyň mirasdüşerleriniň döwründäki aragatnaşyklar
I Nureddin Arslan bilen Mälik Adyl Abubekir bin Eýýubyň aralarynda bolan söweş.
A. Yzzeddin Mesgudyň Mesopotamiýany gaýdyp almak baradaky islegi we onuň 589-njy ýylda wepat bolmagy.
B. Mosulyň hökümdary Nureddin Arslan şanyň Nusaýbyny eýelemegi we ondan yzyna dolanyp gelmegi.
W. Mälik Kämiliň Mardinde Mosul hökümdaryndan ýeňilmegi.
G. Mosulyň, Halabyň we Mardiniň Adylyň garşysyna ylalaşyk baglaşmak-lary we olaryň şowsuzlyga duçar bolmaklary.
D. Mosul esgerleriniň Adyl bilen bilelikde Mardin gabawyna gatnaşmaklary.
II Nureddin bilen Adylyň arasyndaky söweş täzeden dowam etmegi.
A. Mosul hökümdarynyň Mälik Eşrep Musadan ýeňilmegi.
B. Mosulyň esgerleriniň Mälik Adyl bilen bilelikde haçparazlaryň garşysyna ýörişe gatnaşmaklary.
W. 606-njy ýylda Adylyň Sanjary gabamagy.
III Eşrep Musanyň Mosulyň içerki söweşlerine goşulmagy.
A. Bedreddin Lulunyň Mosul hökümdarlygyndaky eden-etdiligi.
B. Bedreddin Lulunyň Eşrep Musa bilen ylalaşygy.
W. Zeňňi bilen Gökböriniň Bedreddin Lulunyň garşysyna ylalaşyk baglanyş-maklyra.
Dördünji bölüm
Salaheddin Eýýubyň mirasdüşerleriniň döwründäki aragatnaşyklar
I. Nureddin Arslan bilen Mälik Adyl Abubekir bin Eýýubyň aralarynda bolan söweş
A. Yzzeddin Mesgudyň Mesopotamiýany gaýdyp almak baradaky islegi we onuň 589-njy ýylda wepat bolmagy
Nasyr Salaheddin Ýusup bin Eýýup 589-njy ýylyň sapar aýynda Damaskda aradan çykdy. Ol wepat bolmagynyň öň ýanynda şäherleri ogullarynyň arasynda bölüpdi. Ol Ezizi Müsüriň hökümdarlygyna, Afzaly Damaskyň, günorta Şamyň we Palestinanyň hökümdarlygyna, Zahyry Halabyň we demir-gazyk Şamyň hökümdarlygyna, Zafyry bolsa Basranyň we Harranyň hökümdarlyk-laryna belledi. Salaheddin dogany Adyly Keregiň, Urdunyň, Mesopotamiýanyň we Diýarbekiriň hökümdarlygyna, Emjedi Baalabekgäniň hökümdarlygyna, Şirkuh bin Eýýubyň agtygy bolan Mujahit Şirkuh II bolsa Hymsyň hökümdarlygyna, Takyýeddin Omaryň ogly Muzaffar Mansur I bolsa Hamatyň hökümdarlygyna belledi. Emma Ýemen we Hyjaz şäherleri bolsa, Salahed-diniň dördünji dogany Seýfulyslam Dagtegine degişli bolup durýardy.
Salaheddiniň wepat bolmagy we onuň şäherleri öz ogullaryna şeýle hem ýakynlarynyň arasynda bölmegi Mosul hökümdary Yzzeddin Mesgudyň isleglerini öjükdirdi. Ol bu pursatdan peýdalanyp, emirleri we döwletiň abraýly adamlaryny jemlemegi tizleşdirdi. Soňra Yzzeddin olardan etjek bolýan işi barada maslahat sorady. Olardan Mejideddin Abu Sagade Mesopotamiýanyň şäherlerine tarap hereket etmäge howlukmagyň zerurdygy barada maslahat berdi. Ýöne Yzzeddin Mesgudyň Mosuldaky orunbasary bu pikire garşy çykmak bilen, Mosul hökümdaryna goltgy bermek barada kepil geçip, öz pikirlerinde saklanmaklary üçin goňşy etraplaryň hökümdarlaryna we şäherleriň emirlerine hat ibermegi makul bildi. Soňra Yzzeddin Mesgut Mujahededdiniň pikiri bilen ylalaşdy we Erbiliň hökümdary Muzaf-fareddin Gökbörä, Ibn Omar adasynyň hökümdary Sanjar şa, şeýle hem Sanjaryň, Nusaýbynyň, Haburyň we Rakka şäher-leriniň hökümdary Ymadeddin Zeňňä hat iberdi. Yzzeddin eýýuplaryň garşysyna olardan goltgy isläp, Salaheddiniň mirasdüşerleri bilen boljak söweşde kömek bermekleri ýa-da söweş wagtynda olaryň goşulmazlyk ýagdaýda durmaklary barada özi bilen ylalaşyga çagyrdy.
Ýöne daş-töwerekdäki hökümdarlar Mosul hökümdarynyň çagyryşyna jogap bermegiň deregine, olar Yzzeddine Salahed-diniň ogullarynyň we Mälik Adylyň etjek bolýan işlerini öwrenmek üçin gözegçilik ýagdaýynda bolup, garaşmagyň zerurdygy barada maslahat berdiler. Mosul hökümda-rynyň öňki abraýyna we güýjüne dolanyp gelendigi üçin etraplardaky hökümdarlaryň görkezme bermekleri bilen olaryň bu işde öz peýdalaryna hiç zat ýok diýip pikir edendiklerine göz ýetirdik. Salaheddiniň ogly Afzal bolsa öz ornunda gowşak ýagdaýda bolmak bilen ol Mosul Atabegliginiň tabynlygyndaky şäherlerde öz täsirini berkitmek islemeýäne meňzeýärdi.
Mosul hökümdarynyň çagyryşyndan ilkinji bolup boýun gaçyranlaryň biri hem Erbiliň we Şährizuryň hökümdary emir Muzaffareddin Gökböridir. Öň ol ýerleriň Mosula degişli bolup, 581-nji ýylda Yzzeddin Mesgudyň ol ýerden gitmegine Salaheddin sebäp bolupdy. Şonuň üçin Gökböri Mosul hökümdarynyň güýjüniň artmagy sebäpli, Erbil bilen Şährizury yzyna gaýdyp almagyndan gorkup başlady.
Yzzeddin Mesgut Mosulda birnäçe aý bolandan soňra etraplardaky hökümdarlara we emirlere hat iberdi. Olardan onuň dogany bolan Sanjaryň hökümdary Ymadeddin Zeňňiden başgasy Yzzeddin bilen aralaryn-daky ýagdaýlary düzgünleşdirmek barada ylalaşmadylar.
Yzzeddin Salaheddiniň Mosul Atabegli-ginden basyp alan ýerlerini gaýdyp almak we olary özüne birikdirmegi ýola goýmak üçin dogany bilen duşuşmaklygy ýüregine düwdi. Soňra ol dogany Ymadeddin Zeňňi bilen duşuşmak üçin Nusaýbyna gitmäge taýýarlyk görenden soňra, Mosuldan çykyp, ol ýere ugrady. Yzzeddin Mesgut Nusaýbyna baran wagtynda içgeçme keseline duçar boldy. Soňra Yzzeddin Tallymöwzene bardy, ol ýerden bolsa Salaheddiniň dogany Adyl bilen söweşmek üçin Roha tarap ýola düşdi. Şol wagt Mälik Adyl öz ygtyýaryndaky Harran, Roha we Rakka şäherlerini Mosul hökümdaryna gaýdyp bermek şerti bilen ylalaşyk talap edip, oňa hat iberdi. Ýöne Yzzeddin Mesgut muňa jogap bermekden saklandy.
Tallymöwzende düşlän wagtynda onuň keseli has-da güýjäpdi. Soňra Yzzeddin orunbasary Mujahededdin bilen mejbury ýagdaýda Mosula dolanmaly boldy. Olar goşuny terk edip gaýdanlaryndan soňra, Adyl bilen ylalaşyk düzgünlerini ykrar etmek üçin, onuň dogany Ymadeddin Zeňňiniň ýanynda birnäçe esger galypdy.
Yzzeddin Mesgut Mosula giren wagtynda onuň keseli beterläp, 589-njy ýylyň meret aýynda wepat boldy. Ol Mosul Atabegligini öz ogly Nureddin Arslan şa miras goýdy. Döwlet işlerini bolsa Mujahededdin Gaýmaz dolandyryp başlady.
B. Mosulyň hökümdary Nureddin Arslan şanyň Nusaýbyny eýelemegi we ondan yzyna dolanyp gelmegi
Sanjar, Nusaýbyn we Habur şäherle-riniň hökümdary Ymadeddin Zeňňi II 594-nji ýylyň aşyr aýynda aradan çykdy. Ondan soňra ol şäherlere onuň ogly Kutbeddin Muhammet hökümdarlyk etdi. Döwlet işlerini bolsa onuň kakasynyň mamlugy Mujahededdin Ýernakyş dolandyr-dy. Soňra Mosul hökümdary Nureddin Arslan şa Nusaýbyna ýöriş edip, ony Kutbeddin Muhammediň elinden almagy ýüregine düwdi. Bu ýagdaýa Ymadeddin Zeňňiniň Nusaýbyndaky orunbasarlarynyň Mosulyň welaýatlaryndaky birnäçe obalary basyp almakda dörän jedelli meseleler sebäp boldy.
Kutbeddin Mosul hökümdarynyň Nusaý-byna ýöriş etmek meýilini eşideninde, Nureddiniň bu işine ýol bermezlik üçin Sanjardan çykyp onuň geljek ýolunda düşledi.
Nureddiniň goşunlary bu ýere gelip ýetenlerinde, iki tarapyň arasynda gan döküşikli gazaply söweş boldy. Söweş Kutbeddiniň goşunynyň ýeňlişi bilen tamamlananyndan soňra, Nureddin Nusaý-byny eýeledi.
Kutbeddin bilen onuň orunbasary Muja-hededdin özleriniň erbet ýeňlişlerinden soňra hiç hili erjellik görkezmezden, Nusaýbyny gaýdyp almak üçin Mälik Adyldan kömek soramaklyk kararyna gel-diler. Soňra olar Mosul hökümdary Nured-diniň garşysyna kömek sorap, Damaskdaky Mälik Adyla çapar ugratdylar. Adylyň goşunlaryny üpjün etmek üçin oňa köp möçberde harajat hem iberdi.
Nureddiniň esgerleriniň arasynda kesel ýaýrandan soňra, onuň Nusaýbyny goramagy uzaga çekmedi. Olaryň köp bölegi Mosula dolanyp gelenlerinden soňra wepat boldular. Nureddiniň özi bolsa az sanly esgerleri bilen Nusaýbynda galdy. Ol Mälik Adylyň Mesopotamiýanyň şäherle-rine tarap ýörişe ugrandygyny eşidende, Nusaýbyny terk edip, Mosula dolanmaklyga howlukdy. Kutbeddiniň goşunlaryna bolsa Nusaýbyna girip, ony ýene gaýdyp almaga mümkinçilik döredi.
W. Mälik Kämiliň Mardinde Mosul hökümdaryndan ýeňilmegi
Mälik Adyl Mesopotamiýada biraz wagt bolandan soňra Mardine ýöriş etdi we ony on bir aýlap goragda saklady. Soňra ol serhetýaka etraplaryny eýeläp, şähere we onuň galasyna garşy gozgalaň turuzdy. Ýöne galanyň gabawy Mardiniň halkyny erbet ýagdaýa sezewar edýänçä dowam etdi. Ahyrsoňy Adylyň esgerleriniň arasynda kesel ýaýramagy bilen güýçden gaçyp, mejbury halda yza çekilmeli boldy.
Bu waka 595-nji ýylyň aşyr aýynda bolup geçipdi. Müsüriň hökümdary Mälik Eziz Osmanyň wepatyndan soňra onuň esger-leri öz hökümdarlarynyň agasy Mardindäki Mälik Adyl bilen ýakyn gatnaşykda boldular. Şondan soňra Müsüriň şäher-lerinde Mälik Afzal hökümdar diýlip ykrar edildi. Şol wagt onuň bilen agasy Adylyň arasynda nägilelik bolsa-da, Afzal Müsüriň goşunlaryny Mardiniň gabawyn-daky Adyla kömek bermäge ugratdy.
Adylyň Mosulyň esgerlerini yzyna gaýtaranlygy üçin onuň bu hereketlerinden Afzal nägile boldy. Ol Mosulyň Atabegini we etraplardaky emirleri Adylyň garşy-syna küşgürmek isledi. Soňra Afzal agasy Adylyň garşysyna göreşmek üçin birleş-megi talap edip, Mosulyň hökümdary Nured-dine we beýleki etraplardaky hökümdarlara hat gönderdi. Olar Afzala Mälik Adylyň öz şäherlerini eýelemeginden howatyrlanýandyk-lary barada aýtdylar. Şeýlelikde, Afzalyň goşunlary şeýle umumy bähbitler bilen ylalaşdylar.
Soňra Afzal dörän mümkinçiliklerden peýdalanyp, Damasky Adylyň elinden almak pikirini etdi. Ol öz maksadyny amala aşyrmak üçin, Şama gitmegi ýüregine düwdi. Afzal öz amala aşyrjak bolýan işini ýerine ýetirmek üçin ýaýdanmazdan goşuny bilen Damaska ýörişe ugrady. Bu habar Adyla baryp ýetende, Mardine gözegçilik etmegi öz ogly Kämile tabşyryp, esgerlerinden birnäçesini ýanyna alyp, Damaska gitmäge howlukdy.
Bu aljyraňňylyklaryň dowam edýän wagtynda Nureddin Adylyň Damaskdaky ýüze çykan meseleler bilen meşgul bolan pursatyndan peýdalandy. Ol 595-nji ýylyň meret aýynda esgerleri bilen Mosuldan çykyp, Damaska we Mardine tarap ýörişe ugrady. Soňra ol Sanjaryň hökümdary, ýagny doganynyň ogly Kutbeddin Muhammediň we Ibn Omar adasynyň hökümdary, agasynyň ogly Mugazzeddin Sanjar şanyň esgerle-riniň ýük ýazdyran ýerleri bolan Denisrde düşledi.
Denisrde Nureddiniň goşunynyň üsti ýetirilenden soňra, ol Mardini gabawdan boşatmak üçin Adylyň goşuny bilen söweşmäge taýýar ýagdaýda, 595-nji ýylyň baýram aýynda Mardine tarap ýola düşdi.
Adylyň goşunynyň Mardini güýçli gabawda saklaýanlygy sebäpli şäheriň ýagdaýy has agyrdy. Mardinlileriň güýçleriniň pesdigi üçin olar duşmana garşy durmagy bes edip, şäheri olaryň ygtyýaryna bermek kararyna gelipdiler. Olar Mälik Kämile jogap hökmünde hat iberdiler. Mardinliler onuň goşunlarynyň gala giren wagtynda özlerini gowy alyp barmaklaryny şert edip goýmak bilen şäheri onuň ygtyýaryna berjekdiklerini aýdypdylar.
Şondan soňra iki tarap hem ylalaşyk şertlerini amala aşyrmaga taýýarlyk görüp başladylar. Edil şol wagt hem Mosul hökümdary Nureddiniň goşunynyň ýetip gelýändigi baradaky habar geldi. Şondan soňra Mardinliler ýene özleriniň güýç-lerine daýanyp, ylalaşmaklyga garşy çykdylar. Emma Kämil bin Mälik Adylyň goşuny öňe ýöriş etmek bilen serhetýaka etraplaryň birinde düşläpdi. Şunlukda, ol Nureddiniň goşuny bilen söweşdi. Bu söweş Kämiliň goşunlarynyň ýeňilmegi bilen tamamlandy we onuň köp sanly esgerleri ýesir düşdi. Kämil ýanyndaky esgerleri bilen ilki Mifarkyna bardy. Soňra ol ýerden çykyp Harrana gitdi.
Mardiniň hökümdary Husameddin Ilgazy Kämiliň esgerlerini ol ýerden kowup, şäheri gabawdan boşatmakda merdanalyk görkezendigi üçin Nureddiniň ýanyna bardy we oňa minnetdarlyk bildirdi. Şondan soňra Mardiniň hökümdary öz galasyna dolanyp geldi.
Birnäçe emirler Mosul hökümdaryna Mardine girip, galany dolandyrmagyny teklip edip, oňa şeýle diýipdiler: "Gala-nyň weýran edilmeginiň öňüni alan adam, indi oňa hökümdarlyk etmese bolmaz". Ýöne Nureddin olaryň bu pikirini inkär edip, şeýle diýdi: "Eger men özüme kömek berip ýören adamlardan ýüz döndersem, adamlaryň men barada gürrüň etjekdikleri üçin Alladan gorkuň".
Şeýlelikde, Nureddin ilki Denisre bardy. Soňra Harrana ýöriş edip, ony eýelemek niýeti bilen Ragsyaýna gitdi. Ýöne şol wagt Nureddiniň ýanyna Halabyň hökümdary Mälik Zahyr Gazynyň ilçisi gelip, Mosulda we onuň welaýatlarynda onuň adyna hutba aýdylmagyny we zikge kakylmagyny talap etdi. Şondan soňra Nureddin tapdan düşüp, Harrana gitmekden saklandy we ýüregine düwen işinden ýüz dönderdi. Nureddin şol wagt agyr syrkawlapdy. Şonuň üçin ol 596-njy ýylyň gurban aýynda Mosula dolanmak kararyna geldi. Ol öz borjuny ýerine ýetirip bilmän, hassa ýagdaýda dolananlygy üçin Mälik Zahyra we Mälik Afzala çapar iberip, olardan ötünç sorady.
G. Mosulyň, Halabyň we Mardiniň Adylyň garşysyna ylalaşyk baglaşmaklary we olaryň şowsuzlyga duçar bolmaklary
Adylyň Müsürde hökümdarlyk etmegi bilen Halabyň hökümdary Mälik Zahyr üçin howply ýagdaý döredi. Soňra Zahyr Adylyň öňünde durup, özlerini ondan goramak üçin Mosul hökümdary Nureddine we Mardiniň hökümdary Husameddine güýçlerini birleş-dirmek barada ylalaşyk hatyny ugratdy.
Mälik Zahyr dogany Afzal bilen Damasky gabamaga ýörişe ugranlarynda, Mälik Adylyň tabynlagyndaky Mesopota-miýanyň şäherlerine, ýagny Harran, Raha, Rakka we Sanjara hüjüm etmeklige öjükdirmek üçin Nureddine çapar iberdiler. Şeýlelikde, Nureddin 597-nji ýylyň meret aýynda Mosuldan çykanda, Sanjaryň we Nusaýbynyň hökümdary Kutbeddin Muhammet bilen Mardiniň hökümdary Husameddin Ilgazy gelip, oňa goşuldylar. Soňra olar Harrana ýöriş etmek üçin Ragsyaýnda düşlediler. Şol wagt tomus pasly bolandygy sebäpli, esgerleriň arasynda keselçilik köpdi.
Şol döwürde Harrany Adylyň ogly Mälik Faýyz Ybrahym dolandyrýardy. Ol Nureddiniň iki sany ýarany bilen Ragsyaýna gelendiklerini bileninde, olaryň bir ýere jemlenen goşunlary bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagyň kyn boljakdygyna göz ýetirdi. Mälik Faýyz ýokary derejeli emirlerden ybarat bolan adamlary ylalaşyk tapmak üçin Mosul hökümdarynyň ýanyna iberdi. Nureddin bolsa Mälik Afzal bilen Mälik Zahyryň öz aralaryndaky düşnüşmezliklerini eşidenden soňra, Mälik Adyl bilen ylalaşyga döz gelmeli boldy. Ragsyaýndaky esgerleriň arasynda ýokanç keseliň ýaýrandygy sebäpli, ol Faýyz bilen ylalaşyk baglaşmaga howlukdy.
Iki tarapyň arasyndaky işleriň düz-günleşdirilmegi bilen olar ygtyýarlaryn-daky ýerler barada ylalaşdylar. Olar Nured-dine kasam edenlerinden soňra, Adylyň ýanyna çapar ýollap, ony bu şertlere boýun etdiler. Şondan soňra 597-nji ýylyň boş aýynda Nureddin Mosula dolanyp bardy.
D. Mosul esgerleriniň Adyl bilen bilelikde Mardin gabawyna gatnaşmaklary
Mälik Adyl 599-njy ýylyň aşyr aýynda ogly Mälik Eşrep Musanyň ýolbaşçylygynda Mardine goşun ugratdy. Eşrebiň goşunyna Mosulyň we Sanjaryň harby güýçleri gelip goşuldylar. Soňra Eşrep ýörişini dowam edip, Mardiniň golaýyndaky Harazimde düşledi we şäheri berk gabawa aldy. Bariýe galasynyň esgerlerinden birnäçesi Mardin hökümdary Nasreddin Arslan Irtikanyň tabynlygyna geçip, Eşrebiň esgerlerine barýan iýmit kerweniniň öňüni kesmek islediler. Ýöne Bariýe galasynyň esgerleriniň ýeňilişe sezewar bolmaklary bilen olaryň bu pirimleri başa barmady.
Eşrep aýgytly netijä gelmezden Mardini gabawa aldy. Şondan soňra Halap hökümdary Zahyr Mardiniň hökümdary bilen agasy Mälik Adylyň arasyndaky ylalaşyk gepleşiklerine goşuldy. Mardin hökümdarynyň Mälik Adyla her ýylda 150 müň dinar paç tölemek, onuň adyna zikge kakdyrmak, şeýle-de öz şäherlerinde oňa hutba aýtdyrmak şerti bilen ylalaşyk amala aşyryldy. Bulardan başga-da Adylyň hyzmaty üçin esger talap edilen wagtynda olary ibermeklik barada ylalaşyk baglaşdylar. Şu wakalardan soňra Eşrep Musa Mardinden Harrana tarap ugrady. Mosulyň we Sanjaryň esgerleri bolsa öz şäherlerine dolandylar.
II. Nureddin Arslan şa bilen Mälik Adylyň arasyndaky söweşiň täzeden dowam etmegi
A. Mosul hökümdarynyň Mälik Eşrep Musadan ýeňilmegi
Adylda Salaheddin patyşanyň guran beýik döwletini täzeden gurmak islegi döredi. Ol bu maksatlaryny amala aşyrmak üçin Mosul bilen goňşuçylykdaky ýagdaýlara baglylykda bu iki döwletiň arasyndaky şertnamalary we ylalaşyklary bes etmek bilen ondan daşlaşdy.
Şeýlelikde, Mosul hökümdary Nureddin bilen onuň agasynyň ogly, ýagny Sanjaryň hökümdary Kutbeddin Muhammediň 595-600-nji ýyllar aralygynda baglanyşan ylalaşyklary Adyly howsala saldy. Şondan soňra Adyl gaharly ýagdaýda erjellik görkezip, dürli ýollar bilen bu ylalaşygyň güýjüni gaçyrdy. Çünki ol öz göz öňünde tutan işlerine başlamak bilen Kutbeddini özüne tabyn etdi. Şeýle hem 600-nji ýylda Adyly kanagatlandyrmak üçin Kutbeddiniň öz şäherlerinde onuň adyna hutba aýtdyrmagynda Adyl üstünlige eýe boldy.
Kutbeddiniň Adyla tabyn bolmagy Nureddini howsala saldy we ony tolgundyrdy. Ol bu ýagdaýy öz şäherlerine abanýan uly howp hasaplady. Soňra Nureddin Kutbeddiniň tabynlygyndaky şäherlere çozmak kararyna gelip, 600-nji ýylyň meret aýynda agyr goşuna baş bolup, Mosuldan çykdy we Nusaýbyny basyp aldy. Ýöne şäheriň galasyny basyp almaga onuň mümkünçiligi bolmady. Nureddin galany birnäçe günläp gabawda saklamak bilen, ony eýelemegiň öňsyrasyna çenli gabawy berkitdi. Nureddin Nusaýbynyň galasyna girmek üçin taýýarlyk gören wagtynda, şol aralykda Erbiliň hökümdary Muzaffared-din Gökböriniň Mosulyň welaýatlaryna hüjüm edip, Ninuny derbi-dagyn edendigi baradaky habar gelip ýetdi. Soňra Nureddin mejbury ýagdaýda gabawy aýryp, Mosula gaýdyp bardy. Şeýle hem ol Erbile hüjüm edip, onuň hökümdaryndan ar almagy ýüregine düwdi. Nureddin Belet şäherine gelende, Muzaffareddiniň Erbile dolanyp gelendigini bildi. Ýöne Nureddin şäher içindäki güýžüň ýokarlanandygyndan biha-bardy.
Nureddin Kutbeddiniň tabynlygyndaky Teligfara ýöriş edip, ony eýeledi we on ýedi günläp şol ýerde boldy. Şondan soňra Kutbeddin Harrandaky Mälik Eşrepden kömek soramaga mejbur boldy. Onuň kakasy bolsa öz dogany Muzaffar Gazy bilen günorta Mesopotamiýany esaslandyrypdy. Şunlukda, ol Kutbeddine kömek bermek üçin howlukmaç ýagdaýda Nusaýbyna bardy. Ol ýerde oňa Muzaffareddin, Ibn Omar adasynyň hökümdary, Mesopotamiýanyň Kifa gala-synyň we Amydyň hökümdary, şeýle-de Dariniň hökümdary gelip goşuldylar. Bulardan başga-da, Miýafarkynyň höküm-dary, ýagny dogany Mälik Awhat Nejimeddin Eýýup bin Adyl hem esgerleri bilen ýetip geldi. Şeýle-de, Mejireddin Dawut bin Salaheddiniň ýolbaşçylygyndaky Mälik Eşrebiň agasynyň ogly Halabyň hökümdary Mälik Zahyr Gazynyň kömegi-de geldi. Olaryň ählisi jemlenişip, Mosulyň tabynlygyndaky Bykag welaýatyna süýş-düler. Soňra olar Buşranyň golaýynda düşläp, Mosul hökümdary Nureddini garşylamaga taýýar bolup durdular.
Bu görülýän taýýarlyklar baradaky habarlar Nureddine baryp ýetdi. Ýöne ol bu ýagdaýa üns bermezden, goşunlary bilen Teligfardan Kafrizumara ugrady. Ol Mälik Eşrebiň goşunlarynyň bölünmegi üçin wagty uzaga çekdirmeklige bil baglady. Nureddin Eşrebiň leşgergähindäki habar-lar we esgerleriň sany bilen tanyşmak üçin öz mamlugy Jardygy iberipdi. Ol bolsa Eşrep Musanyň leşgergähindäki hakyky ýagdaýlary aýtmagyň deregine, onuň esger-leriniň sanynyň azdygy we şolar bilen Nureddiniň ýörişine garşy durjak bolýandygy baradaky habarlar bilen ýalan-ýaşryk sözledi. Ol Nureddine şeýle diýdi: "Eger siz rugsat berseňiz ony meniň ýeke özüm hem garşylaryn". Nureddin bu habarlardan ruhlanyp, Eşrebiň ýanyna ugrady we Buşrada düşledi. Şunlukda, iki tarapyň arasynda söweş başlandy. Bu söweşde Nureddin Eşrebiň goşunlaryndan erbet ýeňlişe sezewar boldy. Soňra diňe dört adam Mosula dolanyp bardy.
Eşrep esgerleri bilen ýörişini dowam etdirip, Kafrizumarda düşledi. Onuň goşunlary şäherlerde bölünişip, olary taladylar we özlerine boýun bolmadyklary öldürdiler. Şeýle hem olar Belet şäherini derbi-dagyn etdiler.
Soňra Nureddiniň Teligfary Kutbeddin Muhammede gaýtaryp bermegi üçin iki tarapyň arasyndaky ylalaşygy amala aşyrmakda Nureddin bilen Eşrebiň arasyndaky ilçiler iş alyp bardylar. Şeýle-de bolsa, Nureddin bu şerte razy boldy we 601-nji ýylda ylalaşyk baglaşyldy. Eşrep bolsa, Mosul hökümdary Nureddiniň aýal doganyna öýlendi.
B. Mosulyň esgerleriniň Mälik Adyl bilen bilelikde haçparazlaryň garşysyna ýörişe gatnaşmaklary
Mosul hökümdary Nuredin Arslan şa bilen Mälik Eşrebiň arasyndaky 601-nji ýylda baglanyşan ylalaşyklarynyň neti-jesinde, Nureddin 604-nji ýylda Şamdaky haçparazlaryň garşysyna bolan ýörişe gatnaşdy. Adyl uly goşuna baş bolup, Müsürden çykdy we Akka ýöriş etmek bilen ony gurşap aldy. Akkanyň hökümdary bolsa Adyl bilen mejbury ylalaşyga boýun bolup, musulman ýesirleri gaýtaryp berdi. Soňra Adyl Hymsa ugrap, Buhaýratul -Kudusyň Hymsa salýan howpuny ýok etmek we gorkuzmak maksady bilen Buhaýratul Kudusyň golaýynda düşledi.
Soňra Adyl etraplardaky esgerleri kömege çagyryp, çapar iberdi. Hamatyň hökümdary Mälik Mansur, Hymsyň hökümdary Mälik Mujahit we Baalabekgäniň hökümdary Mälik Emjet dagy onuň ýanynda häzir boldular. Şeýle hem Mosulyň, Sanjaryň, Mesopotamiýanyň we Amydyň goşunlary Adylyň ýanynda jem bolup durdular. Şondan soňra olar kürtleriň galasyna ýöriş etdiler we olar bilen söweşdiler. Jemi 500 adamy ýesir edip, olaryň baýlyklaryny olja etdiler. Ýöne galany eýelemekde Adyl şowsuzlyga duçar boldy. Oňa galanyň demirgazyk-gündogaryn-daky Egnaz berkitmesini eýelemegi hem ýeterlik boldy. Adyl olaryň berkitmelerini eýeläp, harajatlar, ýaraglar bilen oljasynyň üstüni ýetirdi.
Soňra Mälik Adyl Trablusa ýöriş etdi we ony gabawa aldy. Şeýle hem ol manjanyk gurmak bilen şäher halkynyň ýagdaýyny kynlaşdyrdy. Adylyň goşunlary Trablu-syň obalaryny derbi-dagyn etdiler we onuň hökümdary Bohmant IV mejbury ýagdaýda talap edip, 300 musulmany ýesirlikden boşatdyrdylar. Bohmant IV Mälik Adyla köp mukdarda sowgat iberdi. Adyl ylalaşyk baglaşanyndan soňra, 604-nji ýylyň gurban aýynyň ahyrlarynda Damaska gaýdyp bardy. Musulman esgerleri bolsa öz şäherlerine dolandylar.
W. 606-nji ýylda Adylyň Sanjary gabamagy
Eşrep Musanyň we onuň egindeş-leriniň bilelikde hereket etmekleri bilen Nureddin erbet ýeňlişe duçar bolup, tapdan düşüpdi. Şeýle-de bolsa, ol Eşrebiň garşysyna täzeden ýöriş gurmak islemedi. Ýöne Nureddin 601-nji ýylda ylalaşyk baglaşandyklary üçin agzybirlik-dostluk syýasatyny saýlap almagy makul bildi.
605-nji ýylda Adyl bilen Mosul hökümdary Nureddiniň arasynda birek-birege ýakynlaşmak ýagdaýy bolup geçdi. Çünki Adylyň ogullaryndan biri Nureddi-niň gyzyna öýlenipdi.
Nureddin bu garyndaşlygyň saýasynda, Sanjaryň we Ibn Omar adasynyň hökümdar-lygynyň hasabyna güýjüni täzeden dikelt-megiň küýünde gezdi. Şol ýagdaýlardan soň olar birek-birege duşmançylygy ýatdan çykardylar. Soňra Nureddin Mälik Adyl bilen bileleşip, Sanjaryň hökümdary Kutbeddiniň we Ibn Omar adasynyň hökümdary Mahmyt Sanjar şanyň üstüne hüjüm etmeklige, şeýle-de olaryň şäher-lerini bölüşip, Ibn Omar adasyny Nureddiniň özüne we Sanjary Adylyň ygtyýaryna bermek barada Mosulyň emirleri bilen ylalaşdy. Nureddin bilen Kutbed-diniň aralarynda köne duşmançylygyň bardygy sebäpli Nureddinde olardan ar almak islegi döredi.
Soňra Nureddin Adyla çapar ýollap, öz islegini aýan etdi. Ol bu çagyryşa ünsli garady we ony makullady. Adyl Sanjaryň eýelenmegi bilen Mosula barýan ýoluň açyljakdygyna göz ýetirdi. Soňra ol howlukmaç ýagdaýda Mesopotamiýa bardy we Kutbeddiniň şäherlerine ugrady. Adyl Habury we Nusaýbyny eýeländen soňra, esasy maksady bolan Sanjara ugrady. Soňra Adyl 606-njy ýylda Sanjary berk gabady. Mosul hökümdary bolsa uly ýalňyş goýberendigine göz ýetirip, Adyly kömege çagyrandygyna puşman etdi. Nureddin eger ol Sanjary eýelese, onuň ikinji maksady Mosuly eýelemek bolar öýdüp gorkdy. Soňra Nureddin egindeşlerini çagyryp, näme etmelidigi barada maslahat sorady. Emma Adyly çagyrmak baradaky eden teklibine egindeşleri dymmak bilen nähili jogap berjeklerini bilmediler. Nureddiniň bu pikirini öň inkär eden egindeşşleri bolsa şeýle diýdiler: "Sen nähili pikire gelip öz duşmanyňy kömege çagyrdyň. Ol senden güýçli we goşunynyň sany juda köp. Şeýle hem ol senden uzakda ýerleşýär. Olar seniň üstüňe ýöriş edenlerinde, sen onuň güýçlüdigine göz ýetirersiň. Seniň olardan isleýän zadyňdan bolsa eýýäm umyt ýitdi. Häzir hem bolsa onuň goşunlarynyň sany artyp, kuwwata gelmänkä garşylyk görkezmek gerek".
Şeýlelikde, Nureddin ýalňyşyny düzetmek isledi we Adyl bilen ylalaşygy ýatyryp, Sanjary öz elinde galdyrmak barada iş geçirmegi ýüregine düwdi. Ol Sanjary gabawdan boşatmak üçin ogly Yzzeddin Mesgudyň ýolbaşçylygyndaky goşuny Adylyň garşysyna söweşe taýýar-lady. Edil şol wagt hem Nureddiniň ýanyna wezir Muzaffareddin Gökböri gelip, Adylyň garşysyna ylalaşmak bilen Sanjaryň hökümdary Kutbeddine kömek bermegi teklip etdi.
Erbiliň hökümdarynyň Adylyň ýarany we giýewisi bolmagy bilen bu ýörişde oňa hiç hili howp abanmasa-da, Muzaffareddi-niň duýdansyz ýagdaýda Mälik Adylyň garşysyna bolmagy Nureddini örän geň galdyrdy. Ol Muzaffareddiniň öz tarapyna geçmeginde begenjini we razylygyny bildirip, onuň teklibini makullady. Şondan soňra wezir Erbile dolanyp bardy.
Adylyň öňünde arka durmagyny sorap, Sanjaryň hökümdary Kutbeddiniň öz ogly Ymadeddini Muzaffareddiniň ýanyna ibermegi onuň Adyla garşy çykmagyna sebäp bolupdy. Muzaffareddin Adyl bilen özüniň aralarynda gowy gatnaşyklarynyň bolanlygy üçin ol öz talabyny inkär etmez diýen pikirde eken we ol Nureddin bilen onuň arasynda araçyl bolmaga taýýardygyny belli etdi. Ýöne onuň netijesiniň hiç hili howpsuz ýagdaýda gutarmagy bilen Adyl Mosul hökümdary Nureddin bilen ylalaşyk baglaşandyklary üçin Muzaffareddine arka durmakdan saklandy, asla oňa üns hem bermedi. Muzaffareddin onuň gaharlanma-gynyň täsirinde öz şäherlerine isleg bildirmeginden gorkdy. Soňra ol Sanjary gaýdyp almakda Mälik Adylyň garşysyna täzeden aýaga galmak üçin Mosul hökümdary bilen birleşmäge howlukdy.
Muzaffareddin Mosula ýakyn gelende, Nureddin onuň bilen aralarynda bolan sowuk-salalygy ýok edip, abraýyny berkitmek üçin onuň öňünden çykdy we Mosulyň galasyna girmegi teklip etdi. Muzaffared-din Mosulyň galasyna girmegi Nureddiniň leşgergähinde güýçli taýýarlyk görýän döwrüne gabat geldi.
Sanjar hökümdarynyň ylalaşygyny Adyla ynandyrmak üçin erjellik görkezip, esasy meseläni çözmek üçin Nureddin bilen Muzaffareddin agzybirlik ýoluny saýlap almakda ylalaşdylar. Soňra Mälik Adylyň garşysyna goltgy bermek islegleriniň bardygy üçin goňşy şäherlerdäki hökümdarlar we emirler bilen birleşmek ýagdaýy bolup geçdi.
Halabyň hökümdary Mälik Zahyr Gazy hem şol wagt agasy Adyl bilen aralarynda duşmançylyk ýagdaýynyň dörändigi üçin bular bilen ylalaşdy. Şeýle hem Rum şäherleriniň hökümdary Keýhysrow ibn Gylyç Arslan we onuň dogany Rumyň Erzen şäheriniň hökümdary Megiseddin şa hem bulara goşuldy.
Olaryň ählisi Adylyň garşysyna gitseler hem Sanjara gitmekden saklandy-lar. Soňra Nureddin bilen Muzaffareddin musulmanlaryň gandöküşli söweşlerini bes etmekdäki ylalaşyga Bagdadyň halypasynyň goşulmagyny talap edip, ilçi iberdiler. Halypa bu ýagdaý bilen ylalaşyp, öz ýakyn mamluklaryndan bolan alym Habbatulla bin Mübärek bin Zahhagy we emir Akbaşy olaryň ýanyna ugratdy. Ol ikisi ilki Mosula bardylar. Ol ýerden bolsa Adylyň leşgergähine ugradylar. Şol wagt ol Sanjaryň gabawynda durdy. Habbatulla bin Mübärek bilen emir Akbaş bolsa Kutbed-diniň şäherlerinden boýun gaçyryp, ylala-şyk baglaşmak baradaky halypanyň isleg-arzuwyny oňa ýetirdiler. Adyl egindeşle-riniň söweşlerde tapdan düşendigini pikir edenden soňra, bu özboluşly ylalaşyga jogap bermek kararyna geldi. Şeýlelikde, Hymsyň we Rahbanyň hökümdary Esededdin Şirkuh Adyl bilen Kutbeddiniň arasynda gepleşik geçirip, onuň goşunlarynyň Sanjara girmegine rugsat berdi.
Bu ylalaşykda Adylyň eýelän şäherleri Habur bilen Nusaýbynyň onuň elinde galmagy barada karara gelindi. Adyl Sanjary onuň hökümdary Kutbeddin Muhammediň ygtyýaryna goýmak bilen 606-njy ýylda Harrana ugrady. Muzaffareddin bolsa Erbile dolandy.
III. Eşrep Musanyň Mosulyň içerki söweşlerine goşulmagy
A. Bedreddin Lulunyň Mosul hökümdar-lygyndaky eden-etdiligi
Sanjaryň halas edilmegi bilen Nureddiniň öz hökümdarlygyna ynamy artdy. Şeýlede bolsa onuň ömri uzaga çekmedi, ýagny Nureddin Mosulda 589-607-nji ýyllar aralygynda 18 ýyllap hökümdarlyk edenden soňra 607-nji ýylda aradan çykdy. Onuň wepat bolmagy bilen Mosul Atabegliginiň Adylyň mülklerine bagly bolan ähli esaslary bes edildi.
Nureddin wepat bolmazynyň öňüsyra-synda hökümdarlygy ogly Kahyra bermegi wesýet edipdi. Ýöne kakasy ölen wagtynda onuň ýaňy 10 ýaşynyň dolanlygy sebäpli bu wesýeti berjaý etmek mümkin däldi. Emma hamydylaryň Akr galasyny we Şuş galasyny kiçi ogly Ymadeddin Zeňňi III degişli edildi. Şunlukda, Bedreddin Lulu Mosul hökümdarlygyny kabul etdi. Onuň öüňsyrasynda bolsa, Bedreddini tagtdan agdaryp, Mosul hökümdarlygyny Kahyr bin Nureddin Arslanyň dolandyrmagyny talap etmeklik bilen, Ymat bin Ýunus Bagdat halypasyna ilçi iberdi.
Kahyr Yzzeddin Mesgut II hökümdarlygy sekiz ýyllap tä 615-nji ýylda wepat bolýança dowam etdi. Onuň aradan çykan ýyly bolsa Mälik Adylyň wepat bolan ýylyna gabat geldi. Kahyryň hökümdarlyk eden wagtynda eýýubylar bilen bolan gatnaşyklary bilen baglanyşykly ýatlara mynasyp zat ýokdur. Mosul 606-njy ýylda baglaşan ylalaşygyny saklap galdy.
Kahyr özünden soň hökümdarlygy ogly Nureddin Arslan şa II miras goýdy. Şol wagt ol ýetginjekdi. Şonuň üçin Nureddin Arslanyň ähli döwlet işlerine Bedreddin Lulu wekilçilik etdi. Ahyry ol hem hökümdarlygyň berilmegini we hormat bil-dirilmegini talap edip Bagdat halypasyna hat iberdi. Şeýle hem Nureddin goňşy şäherlerdäki hökümdarlara we emirlere öz kakasy Mälik Kahyryň döwründäki ýaly ylalaşygy täzelemegi talap edip, çapar ýollady.
Ymadeddin Zeňňi bin Nureddin Arslan şa dogany Kahyr Yzzeddin Mesgut wepat bolanyndan soňra Mosuldaky Atabegligiň ýeriniň giň bolanlygy sebäpli Mosul hökümdarlygynyň öz elinde bolmagyny mynasyp gördi. Şeýle hem ol özüni hökümdarlyga dogany Kahyryň oglundan has mynasyp hasaplady. Ýöne Bedreddin Lulu onuň umumy bähbitler üçin hereket etmeýändigine göz ýetirdi. Şonuň üçin Bedreddin başarjaň adam hökmünde döwlet işlerini dolandyrmagy özüne borç edindi. Bedreddin Lulu Ymadeddin Zeňňiniň öňünde durmak bilen şäherlerdäki işleri dolandyrmak barada soltanlykda özbaşdak hereket edip, ony Mosuldan daşlaşdyrmak syýasatyny alyp bardy.
Hakykatda bolsa, 607-nji ýylda Nureddin Arslan şa I wepat bolanyndan soňra Mosul Atabegliginiň ýerlerine soltanlyk gaýdyp gelmedi. Onuň aradan çykmagy bilen Mosul Atabegliginiň ýerlerindäki hökümdarlyk hem gutardy. Bedreddin Lulu amatly pursat gelýänçä perdäniň aňyrsynda gizlenmek bilen, özüni Mosulyň we onuň welaýatlarynyň emiri diýip yglan etdi.
B. Bedreddin Lulunyň Eşrep Musa bilen ylalaşygy
Bedreddin Lulu Ymadddin Zeňňi III bilen onuň ýarany Muzaffareddin Gökbö-riniň özüni Mosulyň soltanlygyndan daşlaşdyrmak syýasatyndan gorkdy. Soňra ol Ymadeddin Zeňňi III islegine jogap bermek üçin eýýubylardan kömek sorap, Mälik Eşrebiň tabynlygyna geçýändigini aýan etmek bilen oňa kaýyldygyny bildirdi.
Ymadeddin Zeňňi Kahyryň ogly Nured-din Arslan şa II kesellemeginden we mosullylaryň özüne garşylyk bildirmezli-ginden peýdalandy. Ol Ymady galasynyň halkyna çapar ýollamak bilen Nureddiniň ölenligi baradaky habary ýaýratdy we döwletiň öz ygtyýaryna berilmegini sorap, şeýle diýdi: "Doganymyň ogly öldi, Bedreddin bolsa şäherlere hökümdarlyk etmek isleýär. Ýöne kakalarymyzyň we atalarymyzyň hökümdarlygyna has myna-syby mendirin". Ymady galasyndaky esgerler Ymadeddin bilen ylalaşyp, 615-nji ýylyň remezan aýynda galany onuň ygtyýaryna berdiler. Şeýle-de olar şol ýerdäki Bedreddiniň orunbasarlaryny tussag etdiler.
Bu habar Bedreddin Luluwa ýeteninde, ol galany gaýdyp almak we Ymadeddini ol wezipesinden boşatmak üçin Ymady gala-syna ýöriş etdi we galanyň daşyny gabawa aldy. Ýöne gar ýagyp, güýçli aýaz bolmagy sebäpli ol gala ýöriş etmekdäki başlan söweşi soňuna çenli dowam etdirip bilmedi. Erbiliň hökümdary Muzaffareddin Gökböri hem Ymadeddin Zeňňiniň tarapyna geçdi. Ol Ymady galasyny gabawdan boşatmak üçin goşunyny alyp ýörişe ugrady. Bedreddin bu ýagdaýy bilensoň, 606-nji ýylda Mosulyň hökümdary bilen aralarynda baglaşan ylalaşyklaryny we şertnamalaryny ýatladyp, Muzaffareddine çapar iberdi. Şeýle hem Bedreddin Ymadeddin Zeňňi bilen aralaryndaky bolup geçýän söweşlerde Muzaffareddine öz jogapkär wezipesinde adalatly bolmagyny sorady. Muzaffareddin muňa jogap bermekden saklanyp, Ymadeddiniň ýanyna gitmekde erjellik görezdi. Aýratyn hem bu ýagdaýa Ymadeddiniň Muzaffareddiniň gyzyna öýlenmegi sebäp bolupdy. Şol döwürde Bedreddin Lulunyň Mosul hökümdarlygyny eýelemegi bilen onuň soltanlykda özbaşdak hereket etmeginiň garşysyna durmak üçin Muzaffareddin Ymadeddine yzygiderli kömek berip durdy.
Muzaffareddin goşuny bilen Erbilden çykyp ýola düşdi. Ol Ymady galasynyň daşyny Mosulyň esgerleriniň gabandygy sebäpli gala baryp bilmän, onuň golaýynda düşledi we Muzaffareddin Bedreddin bilen Ymadeddiniň arasyndaky söweşiň başla-magyna garaşyp, olaryň arka tarapynda gizlendi.
Galanyň gabawy uzaga çekende, söweş tilsimlerinden tejribesiz Mosulyň esger-leriniň emirlerinden biri öňe çykyp, birnäçe goşun bilen gije gala ýöriş etdi. Beýleki goşunlar hem ol emire boýun bolup, onuň diýeni bilen boldular. Şeýlelikde, Bedreddiniň goşunlary bir ýere jemlen-megiň deregine çar tarapa dargadylar. Ymadeddin Zeňňi bu amatly pursatdan peýdalanyp, galadan çykyp, onuň esger-leriniň daşyny gabady we derbi-dagyn etdi. Şeýlelikde, ol Ymadeddin Bedreddiniň täsirindäki Mosula gaýdyp geldi. Bu waka 615-nji ýylda bolup geçdi.
Bedreddiniň ýeňilmeginiň netijesinde, Ymadeddin Zeňňi Mosulyň tabynlygyna degişli bolan Hakari we Zuzan galalaryny eýeledi. Şeýle hem Ymadeddin ol galalar-daky Bedreddiniň orunbasarlaryny tussag edip, olardan öňki orunbasarlary täzeden wezipä belledi.
Ymadeddin bilen Muzaffareddin Gökbö-riniň Mosuly derbi-dagyn etmeginde ýüze çykan çylşyrymly meselede, Bedreddin özüniň olardan pesdigini duýdy. Ol Mälik Eşrep Musa bin Mälik Adyl Eýýupdan kömek soramak kararyna geldi. Şeýle hem Bedreddin özüniň onuň tabynlygyna geçmek-ligi barada teklip etdi. Eşrep oňa kanagatlanmak bilen şeýle jogap berdi, ýagny etraplaryň emirleriniň Mosul hökümdary bilen ylalaşyp, uly güýje öwrülmäge we öz peýdalary üçin Mesopotamiýa hem Hilada haýbat atmazlyga çagyrdy. Soňra ol Mosulyň öz goşunlarynyň üstüne täze bir güýç hökmünde goşulmagy barada emr etdi.
Eşrep Musa Muzaffareddin Gökbörä çapar ýollap, oňa Mosul hökümdarynyň garşysyna Ymadeddin Zeňňä kömek bermek bilen ylalaşyklary we şertnamalary bozandygyna, şeýle-de Mosulyň hökümdar-lygyndan Bedreddini daşlaşdyryp, ony gaýdyp almak syýasatyna garşylyk bil-dirdi. Eger Muzaffareddin Ymadeddin Zeňňä arka durmaklygyny dowam etdirip, öz ornunda erjellik görkezse, onuň şäherle-rine ýene ýöriş etjekdigi barada haýbat atdy. Ýöne Muzaffareddin Gökböri öz niýetinden el çekmän, Ymadeddin Zeňňä kömek bermekligini dowam etdirdi. Mälik Eşrebiň tabynlygyndan çykyp, onuň şäherlerini derbi-dagyn eden Kifa galasynyň we Amydyň hökümdary Nasreddin Mahmyt Irtika, Mardiniň hökümdary Ymadeddin Zeňňä gelip goşuldy.
Eşrep Muzaffareddiniň Ymadeddin Zeňňä arka durmagyndaky tutanýerliligi we etraplaryň emirleriniň oňa birikmegi netijesinde Muzaffareddiniň güýjüniň artýandygyny görende, ol Bedreddin Lulunyň ýagdaýynyň dartgynlaşýandygyny duýdy. Soňra Eşrep Bedreddini Nusaýbynyň ýerli goşuny bilen üpjün edip, zerur halatynda kömek bermek üçin ol goşuny, Mosulyň golaýynda ýerleşdirdi.
Şol wagt Şam şäherlerindäki haçparaz-lar bilen bolan söweşlere meşguldygy şeýle hem doganlary bilen Dimýaty haçparazlardan goramaga gatnaşandygy üçin Eşrebiň özüniň Bedreddine kömek bermäge mümkinçiligi bolmady. Ymadeddin Zeňňi Ymady, Hakari we Zuzan galalaryny eýelemek bilen çäklenmedi. Ol Eşrebiň haçparaz-lardan goranmakda başagaý bolan wagtynda Mosula we onuň welaýatlaryna çozuş etmek bilen ýeňişe ymtyldy. Ymadeddin Bedreddin Lulunyň goşuny derbi-dagyn edileninden soňra Ymady galasynda düşläpdi. Soňra ol Mosulyň golaýyndaky Akr galasyna ýöriş edip, ony özüne boýun egdirdi. Ymadeddin Zeňňiniň Mosula we onuň welaýatlaryna hökümdarlyk etmegi netijesinde bu gala hüjüm etmekdäki dörän amatly pursatdan peýdalanyp, goşuny bilen ol ýerde düşledi. Şeýlelikde, Muzaffared-din Gökböriniň Mosul hökümdarynyň ygtyýaryndaky güýji ýokarlandyrmak üçin oňa goltgy bermegi netijesinde Ymadeddin öz güýjüniň ýokarlanmagyndan ruhlandy. Ymadeddin Zeňňiniň Mosulyň etraplaryna hüjüme geçip başlandygy baradaky habar Bedreddine ýetende, ol Ymadeddine garşy çykyp, esgerlerinden bir bölegini Mosul serhetlerinde sakçy durmak üçin iberdi.
Bu goşun Mosuldan dört mil uzaklykda ýerleşdi. Ol goşunyň baştutany Bedreddin Lulunyň tabşyrygy bolmazdan duýdansyz halda Ymadeddin Zeňňiniň üstüne çozmak kararyna geldi. Olar garaňky düşen çagynda Akr galasyna tarap ýola düşdüler. Bedreddiniň goşuny ertesi gün irden gala baryp ýetdiler we Ymadeddin Zeňňiniň goşuny bilen söweşe girdiler. Bu söweşde Ymadeddiniň goşuny ýeňlişe sezewar boldy. Bu waka 616-njy ýylyň aşyr aýynda bolup geçdi. Şondan soňra ol Muzaffareddin Gökböriden hemaýat isläp, Erbile bardy. Emma Mosul goşuny öz leşgergähine dolanyp, şäheriň daşynda ýerleşdi.
Şol wagt halypa Nasyr Lidinillanyň we Mälik Eşrebiň ilçileri gelip, Ymadeddin Zeňňi we onuň ýarany Muzaffa-reddin Gökböri bilen Bedreddin Lulunyň aralaryndaky ylalaşygy düzgünleşdirdi-ler. Şeýlelikde, olar 616-njy ýylda halypanyň we Mälik Eşrebiň ilçileriniň öňünde bu ylalaşyga kasam etdiler.
W. Zeňňi bilen Gökböriniň Bedreddin Lulunyň garşysyna ylalaşyk baglanyşmak-lary
616-njy ýylda ylalaşyk baglaşylan-dan köp wagt geçmänkä, Nureddin Arslan şa II wepat boldy. Soňra Bedreddin Lulu Mosula Nureddin Arslanyň ýaňy üç ýaşy dolan dogany Nasreddin Mahmydy hökümdar belledi. Goşun oňa wepaly bolmaga kasam etdi. Soňra olar Mosula gitdiler we ol ýeriň adamlaryny köşeşdirdiler hem-de olaryň kömegine mätäçdiklerini duýdurdylar.
Bedreddin Lulu mosullylaryň Atabegli-giň ýerine şübheli garap başlandygyny duýdy. Olar Kahyr Yzzeddin Mesgudyň ogullaryna Bedreddiniň bu hili ýagdaýda çemeleşmegini islemediler. Şunlukda, ol mosullylaryň gahar-gazabyny köşeşdirmek isledi. Bedreddin Nasreddini ata mündürip, şäheriň köp sanly halkynyň arasynda aýlamak bilen hökümdarlygyň Kahyryň ogullarynyň elinde galmagynda olara yhlasly çemeleşýändigini görkezdi. Şon-dan soňra adamlar Nureddiniň syrkawlygy sebäpli onuň ata münmäge hem ýagdaýynyň ýokdugyny görüp, Bedreddiniň bu edýän aladasy üçin ondan razy boldular. Haçanda olar Nureddini görenlerinde, atabegligiň ýerinde öz soltanlarynyň bardygyny bildiler. Şondan soňra mosullylaryň gowgalary köşeşip, ony ykrar etdiler.
Bedreddin Lulu işlerini bir ýüzli edeninden soňra Ymadeddin Zeňňi we onuň ýarany Muzaffareddin bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin taýýarlyk görüp başlady. Olar Nureddin Arslan şanyň wepatyndan soňra Mosuly eýelemegiň isleginde bolup, erjellik görkezýärdiler. Aýratyň hem olar Bedreddiniň hökümdarlyga ýarawsyz Nasreddini bellemegine garşy boldular. Çünki ol entek ýaş çagady.
Şol pursatda Bedreddin Lulunyň özbaşdak hereket etmegi bilen Zeňňiniň we onuň ýaranynyň öňündäki mümkinçilik-lerden peýdalanyp bilmedi. Mosul güýçleriniň Müsüriň hökümdary Mälik Salyha kömek bermek üçin Dimýata ýöriş edenlerinden soňra, Mälik Eşrebiň talap etmegi boýunça Bedreddin öz goşunyny oglunyň ýolbaşçylyk etmeginde Halaba ugradypdy. Bedreddin Ymadeddin Zeňňi bilen Muzaffareddin Gökböriniň güýçli taýýarlyk görüp, öz şäherlerine tarap ýörişe ugrandyklary baradaky habary eşidende, Mälik Eşrebiň Nusaýbyndaky goşunyny kömege çagyrmaga howlukdy. Şeýlelikde, olar 616-njy ýylyň rejep aýynda Mosula giren wagtlarynda, Bedreddin Şamdaky Mälik Eşrebe iberen goşunlaryny görüp, olaryň Mosulyň öňki goşunyna garanyňda sanynyň juda azdygyna göz ýetirdi. Soňra ol öz goşundan duşmanyň goşunynyň agdyklyk edýändigini duýdy.
Eşrep Musanyň goşunynyň goşunbaşysy Yzzeddin Aýbeg Bedreddine Tigr derýasyndan geçip, Erbile ýöriş etmegi talap etdi. Ýöne Bedreddin oňa garşy çykyp, agyr ýoldan ýadaw halda gelen goşunyň dynç almak üçin Mosulda galmalydygyny maslahat berdi. Aýbeg birnäçe gün Mosulda bolandan soňra oňa Tigr derýasyndan geçmek barada diýenini etdirdi. Bedreddin bolsa, goşunynyň arasynda agzalalygyň bardygy sebäpli gorkuly ýagdaýda bolup, oňa razylyk berdi. Soňra ol Tigr derýasyndan geçip, Mosuldan bir menzil uzaklykda düşlediler. Haçanda Muzaffareddin olaryň ýörişe ugrandyk-lary baradaky habaryny eşidende, Ymadeddin Zeňňi bilen goşunlaryny jemläp, olaryň duýdansyz hüjüm etmeklerinden öňürti, olar bilen duşuşmak üçin Zap derýasyndan geçdi. Şeýle hem Muzaffareddin söweşe taýýarlyk görmek üçin goşunyny tertibe saldy. Ol Ymadeddin Zeňňini çep ganatda, uly emirlerden birini sag ganatda belledi, özi bolsa goşunyň esasy ýerine ýolbaşçylyk etdi. Emma Bedreddin goşunyna ünsli garaman, söweşe taýýarlyk görüpdi. Ol Yzzeddin Aýbegi köp sanly esger bilen goşunyň esasy ýerinde goýdy. Çep ganaty uly emirlerden biriniň ygtyýaryna berdi. Bedreddiniň özi bolsa ýanyndaky goşunlary bilen sag ganatda galdy.
Yzzeddin Aýbeg Bedreddine garşy gitmek bilen gijäniň ýarynda batyrlyk görkezip, Muzaffareddin Gökböriniň leşgergähine ýöriş etdi.
Bedreddin Muzaffareddiniň üstüne edilýän ýörişde güýçleriniň deň däldigi üçin şeýle kyn ýagdaýda ony ýeke goýmaly däldigine göz ýetirdi. Şu ýerde Bedreddiniň Aýbege we onuň goşunyna buýruk bermegi başarmandygyna biziň üns bermegimiz gerek. Aýbeg Mosulyň hökümdarynyň özüne boýun bolan wagtynda onuň buýrugyna garamazdan, özbaşdak hereket edipdir. Ol öz ýörişinde Bedreddiniň hyzmatyndan gerek bolan wagtynda peýdalanmagy maksat edinipdir.
Eşrebiň goşunynyň goşunbaşysynyň özbaşdak hereket etmegi netijesinde ol erbetligiň üstünden bardy. Onuň pähimsizligi bilen erbet ýeňlişe duçar bolmagynda Bedreddin Lulu duşmanlaryň elinden uly ýitgä sezewar boldy. Aýbeg Muzaffareddiniň leşgergähine tarap ýörişe ugranynda, Bedreddin hem Mosulyň goşuny bilen onuň yzyndan gidipdi. Iki topar Mosuldan üç menzil uzaklykda duşuşdy. 616-njy ýylyň rejep aýynda bu iki goşunyň arasynda uly söweş boldy. Ol çaknyşyk Bedreddiniň goşunynyň ýeňilmegi bilen tamamlandy we olar Mosula gaçyp gidip, galada gizlendiler. Baýryň aňyrsyndaky Ninu galasynda düşlän Muzaffareddiniň goşunlary onuň yzyna düşüp gitdiler. Olar şol ýerde üç gün bolanlaryndan soňra Mosul hökümdarynyň söweşmek üçin derýadan geçmek niýetiniň bardygyny bildiler we ol ýerden gitmeklige mejbur boldular. Soňra Muzaffareddin Zap derýasyndan geçip, Mosul hökümdarynyň näme iş etjek bolýandygyny bilmek üçin derýanyň kenarynda düşledi. Bedreddin öz hökümdarlygyndaky şäherleriň goragda galmagy barada ylalaşyk teklip edip, Muzaffareddine ilçi iberdi. Muzaffared-diniň bu teklip bilen ylalaşmagynyň netijesinde iki tarapyň arasynda ylalaşyk baglaşyldy. Şeýle hem 616-njy ýylyň ahyrlarynda olaryň her haýsy bu şertlere razy bolup, kasam etdiler.
Bu ylalaşyk uzaga çekmedi, basym iki tarapyň arasyndaky ýene jedeliň ýüze çykmagy bilen täzeden söweş başlandy. Bu düşnüşmezlige Kuwaş galasynyň ýaşaýjy-lary sebäp bolupdy. Olar Ymady galasynyň ilatyna garşy gidip, Bedreddiniň orunbasarlaryny ol ýerden çykardylar we galany Ymadeddin Zeňňiniň ygtyýaryna bermek üçin ony gala çagyrdylar. Soňra Zeňňi howlukmaç ýagdaýda Kuwaş galasyna baryp, hökümdarlygy kabul etdi. Bedreddin bolsa Muzaffareddine çapar ýollap, Ymadeddin Zeňňiniň duşmançylykly we özbaşdak hereket etmegine hem şäherlerine hüjüm etmegine garşylyk bildirdi. Şeýle-de, Ymadeddiniň güýçlerini ol ýerden çykaryp, Kuwaş galasyny gaýtaryp bermekligi talap etmek bilen aralarynda baglanyşan ylalaşyklaryny we şertnamalaryny ýatlady. Muzaffareddin onuň talabyna üns hem bermedi. Şol wagt Bedreddin kömek sorap Halapdaky Mälik Eşrep Musa ýüz tutdy. Mälik Eşrep bolsa Ýewfrat derýasyndan geçip, Harrana barypdy.
Muzaffareddin hem Bedreddine Eşrebiň goltgy bermeginden bihabar däldi. Muzaffareddin Eşrebiň gelip, Bedreddine kömek bermegini puja çykarmak üçin onuň öňünde kynçylyklar döretmek syýasatyny alyp bardy. Soňra ol etraplardaky hökümdarlara we emirlere ilçi iberip, olary özüne maýyl etdi. Olar Mälik Eşrebiň öz şäherlerine göz dikmeginden gorkdular. Olardan Rum şäherleriniň hökümdary Yzzeddin Keýkowus bin Keýhysrow bin Gylyç Arslan, Mardiniň hökümdary Nasreddin Artyk bin Ilgazy şeýle hem Amydyň we Kifaa galasynyň hökümdary Muzaffareddine boýun boldular. Olaryň ählisi Keýkowus bilen ylalaşyp, şäherlerinde onuň adyna hutba aýtdyrdylar.
Muzaffareddin şu ýagdaýda garşylyk görkezmäge howlukmady. Ol Eşrebiň emirlerine hat iberip, olary öz tarapyna çekdi. Şeýle hem Muzaffareddin ol emirler bilen gepleşik geçirip, olary Mälik Eşrebiň garşysyna öjükdirdi. Şeýlelikde, olardan Ahmet Aly Meştup, Yzzeddin Muhammet ibn Bedr Hamydy we başga-da birnäçe emirler Muzaffareddiniň tarapyna geçip, Eşrebiň tabynlygyndan çykdylar. Ol emirler Amydyň hökümdary bilen duşuşmak üçin Denisrde düşlediler. Onuň bilen Mälik Eşrebiň Mosula gelip, onuň hökümdary Bedreddin Lulu kömek bermeginiň öňüni almak barada ylalaşdylar.
Taryhy çeşmelerde bolsa bu birleşmäniň gazanan üstünlikleri barada hiç zat ýazylmandyr. Şol ugurlarda Rum şäherleriniň hökümdary Keýkowusyň köp wagt geçmänkä wepat bolmagy bilen Amydyň hökümdary öz kasamyndan dänip, Mälik Eşrep bilen ylalaşyk baglaşdy.
Eşrebiň tabynlygyndan çykyp, Amy-dyň hökümdary bilen ylalaşyga gelen beýleki emirler hem onuň yzyny eýerdiler. Ol emirlerden Ibn Meştupdan başgasy ylalaşygy saklamady. Ol Erbildaky Muzaffareddin bilen birikmek üçin Denisri terk edip, Nusaýbyna ugrady. Nusaýbynyň hökümdary bolsa Ibn Meştuby tussag etmek üçin onuň üstüne hüjüm etdi. Şol wagt iki tarapyň arasynda gazaply söweş bolup, Ibn Meştup ýeňlişe sezewar boldy. Onuň goşuny bolsa çar tarapa dargady. Şunlukda, Meştup az sanly goşuny bilen Erbile ýörişini dowam etdirdi. Haçanda ol Sanjaryň etraplaryna ýeteninde, ol ýeriň hökümdary Furuh şa bin Ymadeddin Zeňňi ibn Möwdut bin Zeňňi ony tussag edip, Sanjara getirmek üçin öz esgerlerini iberdi. Furuh şa bu işi Eşrebiň we Bedreddiniň goşunynyň haty-rasyna amala aşyrypdy. Ol Ibn Meştup bilen duşuşanynda, onuň Mälik Eşrebiň tabynlygyndan çykyp, Muzaffareddin Gökbörä birikmeginiň netijesinde, Eşre-biň Mesopotamiýany eýelemek islegine howp döretmek baradaky syýasaty Furuh şany kanagatlandyrdy. Soňra Furuh şa Ibn Meştup bilen ylalaşyp, ony zyndandan boşatdy. Şeýlelikde, Maştup birnäçe goşun jemläp, Mosul welaýatlaryndan biri bolan Albaka ýöriş etdi we birnäçe obalary derbi-dagyn etdi. Soňra bolsa ol Sanjara dolanyp geldi.
Ibn Meştup işlerini dowam etdirmek bilen Furuh şanyň islegi boýunça Sanjardan Teligfara tarap ugur aldy. Soňra ol Mosulyň etraplaryna hüjüm etmäge mümkünçilik döretmek üçin ol ýerde düşledi. Bu ýagdaýy Bedreddin bilende, dagynyk ýagdaýdan peýdalanmak bilen onuň üstüne ýöriş etdi. Ibn Meştup bolsa Teligfara tarap yza çekildi. Soňra Bedreddiniň goşunlary onuň düşlän şäherini gabadylar. 617-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň birinji aýynda gabawy güýçlendirmek üçin Bedreddiniň özi geldi. Nusaýbyndan gelen Faryseddin bin Sabyr hem onuň tarapyna geçdi. Olar Teligfaryň gabawyny gysmak bilen ahyry mümkünçilikden peýdalanyp, ony eýelediler we Bedreddin Ibn Meştuby ýesir alyp, ony Mälik Eşrebe iberdi. Ol Meştuby 619-njy ýylda aradan çykýança, Harrandaky zyndanda saklady.
Emma Mälik Eşrep Musa Mardiniň hökümdary bilen eden ylalaşygyny inkär edip, Nusaýbyny eýelemek maksady bilen Mosula goşun sürdi. Soňra Eşrebiň ýanyna Sanjaryň hökümdary Furuh şa ibn Zeňňi gelip, Sanjary onuň ygtyýaryna bermegi onuň ýerine bolsa Rakkanyň özüne berilmegini teklip etdi.
Furuh şanyň Sanjardan ýüz döndermegine onuň Ibn Meştubyň düşen ýagdaýyny görmegi, şeýle hem Mosulyň şäherlerine hüjüm edilen wagtynda Teligfaryň Bedreddin Lulunyň ygtyýaryna geçmeginde Eşrebiň oňa kömek bermegi we Mälik Eşrepden gorkmagy sebäp bolupdy. Eşrep bu teklibi makullap, Mesopotamiýany eýelemekdäki pikirini berkitmek maksady bilen Sanjary öz ygtyýaryna geçirdi. Ol Rakka şäherini bolsa Furuh şanyň ygtyýaryna berdi. Şondan soňra Furuh şa öz halky we baýlyklary bilen Sanjardan çykyp, Rakka tarapyna ugrady. Şeýlelikde, Atabeg hökümdarlygy Sanjarda 94 ýyl dowam edeninden soňra ol ýerdäki Atabeg patyşalyklarynyň soňky hökümdarlygy 617-nji ýylda doly tamam boldy.
G. Gökböriniň we Ymadeddin Zeňňiniň Eşrep Musa bilen ylalaşyk baglaşmaklary
Mälik Eşrep Sanjardaky işlerini düzgünleşdirenden soňra Mosul tarapyna ýörişini dowam etdirdi. Mälik Eşrep 619-njy ýylyň dört tirkeşikleriniň üçünji aýynyň 19-yna Mosula girende, Bedreddin Lulu ony garşylamak üçin onuň öňünden çykdy. Taryhçy Ibn Esir Eşrebiň Mosula giren pursaty hakynda şeýle diýýär: "Ýagny ol hiç haçan unudylmaz".
Halypanyň we Muzaffareddiniň ilçileri Eşrep bilen ylalaşyk baglaşmak üçin Mosula geldiler. Muzaffareddin Gökböri Ymadeddin Zeňňiniň eýelän galalarynyň diňe Ymady galasyndan başga ählisini Bedreddin Luluwa gaýtaryp bermek barada äht etdi. Muzaffareddin Ymady galasynyň Zeňňiniň elinde galmagynda delillerini görkezip, şeýle diýdi: "Häzir pereňliler bilen boljak söweşe taýýarlyk görýän wagtymyzda pitneçiligi bes etmek üçin muny umumy bähbidimiz hökmünde kabul edeliň".
Şeýlelikde, galalary bermek barada şertnama baglaşylyp, ylalaşyk amala aşyryldy we ylalaşyk doly ýola goýulýança Zeňňini girewde saklamak üçin Mälik Eşrebe eltip berdi. Soňra galalar Mosul hökümdarynyň ygtyýaryna berleninde, Eşrep Zeňňiniň tabynlygyndaky Akr we Şuş galalaryny gaýdyp almak üçin ol ýere onuň orunbasarlaryny ugratdy. Galalary Bedreddiniň ygtyýaryna bermeklik amala aşyrylanyndan soňra Zeňňi tussaglykdan boşadylmalydy.
Soňra 617-njy ýylyň remezan aýynda Eşrep Mosuldan çykyp gitdi. Bedreddin bolsa Muzaffareddin Gökböri we Zeňňi bilen aralarynda baglaşylan ylalaşygyň öwezine galalaryň öz ygtyýaryna berilme-gini talap edip, çapar ýollady. Diňe Hakari welaýatyna degişli Jallisur galasyndan başgasy onuň ygtyýaryna berilmändi. Galalardaky goşunlar bolsa galalaryň Bedreddiniň ygtyýaryna berilmegine garşy çykdylar.
Emma Ymadeddin Zeňňi Mälik Eşrebiň dogany Şehabeddin Gazydan kömek sorap, özüni tussaglykdan boşatmaklyga doganyny mejbur etmek üçin araçy bolmagy talap etdi. Eşrep doganyna jogap hökmünde Zeňňini tussaglykdan boşatdy. Akr, Şuş galalaryndaky Bedreddiniň orunbasarla-ryny wezipesinden boşatmak bilen olary hem Ymadeddine gaýtaryp berdi.
Mälik Eşrebiň Teligfar galasyny Sanjara birikdirmek isleýändigi baradaky habar Bedreddine ýetipdi. Bedreddin bu talaba razy bolup, ol ýerden yza çekildi.
Bedreddiniň zalymlygy we erbet syýasaty Hakkariýe we Zawzan galalarynyň ýaşaýyş-durmuşyny kynlaşdyrdy. Olar 618-nji ýylda Ymadeddine hat ýollap, özlerini onuň hökümdarlygyna kabul etmegini soradylar. Bu galanyň adamlary Ymadeddiniň ilata we goşuna adyllyk, eliaçyklyk bilen seredýändigini bilýärdi-ler. Ymadedin bolsa olaryň talabyny kabul etdi. Emma Bedreddin Ymadeddin Zeňňä bu babatda garşy çykdy. Bedreddin goşunyny jemläp, Ymadyýe galasyny gabady. Bu galanyň adamlary Ymadeddine çapar ýolladylar. Bedreddin Eşrepden bu galalary berip, onuň deregine Nusaýbyndaky täze bir galany we Ibn Omar adasyny hödürledi. Eşrep onuň bilen razylaşdy we Ymadyýe galasyny oňa berdi. Bedreddin ol ýere öz orunbasaryny we iň kämil ýaraglanan goşunyny iberdi we ýerli halka ýagşy göz bilen garamagy ündedi. Soňra Zeňňi bu galanyň ilatyna ýagşy sereder diýen umyt bilen Mosulyň hökümdaryna taşlap, bu ýerden gitdi.
D. Erbiliň hökümdarynyň 621-623-nji ýyllarda Mosuly gabamagy
Mälik Eşrep Hilat şäherini, Ermenis-tany we Mifarkyny dogany Şahabeddin Gazynyň ygtyýaryna beripdi. Şeýle hem ony tagta mirasdüşer saýlapdy.
Gazy Ermenistanyň şäherlerindäki syýasatlaryny ýola goýup, doganynyň tabynlygyndan çykyp, garaşsyzlygyny yglan etdi. Ol Damaskyň hökümdary bolan, ýagny dogany Mälik Mugazzam Isa çapar iberip, onuň bilen öz doganlary Eşrebiň garşysyna ylalaşyk baglaşdy. Soňra Mugazzam Isa Mälik Eşrebiň garşysyna birikmäge Muzaffareddin Gökbörini çagyr-mak üçin öz ogly Nasyr Dawudy onuň ýanyna ugratdy. Muzaffareddin bolsa Mälik Eşrebi tapdan düşürmek maksady bilen ähli şertnamalary makullap, bu ýagdaý bilen ylalaşdy.
Mälik Eşrep Müsüriň hökümdary, ýagny dogany Mälik Kämiliň goltgy bermeginde çapar ýollaýança, öz garşysyna baglaşylan şertnamalardan bihabar boldy. Kämil bu ylalaşyga jogap edip, Şama ýörişe ugramak üçin goşunyny taýýarlady. Şeýle hem ol Damaskyň hökümdary, ýagny dogany Mälik Mugazzam Isa eger Eşrebiň şäherlerine tarap süýşse, Damaska hüjüm etjekdigi barada haýbat atyp hat iberdi. Şol wagt Mälik Mugazzam Isa Mesopotamiýa ýola düşüp, Dariýa baryp ýetipdi. Ol dogany Kämiliň hüjüm etjekdigi baradaky haýbatyny eşidenip, gorkup Damaska dolanyp bardy.
Eşrep bolsa Hilada ýöriş etdi, ony dogany Şahabeddin Gazydan yzyna alyp, Mifarkyny berkitmek kararyna gelipdi.
Emma Muzaffareddin howlukmaç ýagdaýda Mosula ýöriş etdi we Bedreddiniň uly goşunynyň Mälik Eşrep bilen Hilatda bolan pursatyndan peýdalanyp, ony gabady. Muzaffareddin Mälik Eşrep Mosulyň gabawa alynandygyny bilende, Bedreddin Luluwa kömek bermek üçin Hilady terk edip gaýdar, şunlukda, Muzaffareddin bilen Şahabeddin Gazynyň güýçleriniň arasynda galan Eşrebiň goşuny derbi-dagyn ediler diýip pikir etdi.
Bedreddin galanyň üstünde gorag enjamlary bilen üpjün edilen köp sanly esgerleri goýup, Mosuly berkitdi. Muzaffareddin Mosuly on günläp gabawda saklandan soňra, Eşrebiň Hilady eýeländigini we Mälik Mugazzamyň Damaska dolanyp barandygy baradaky habary eşitdi. Soňra ol näderini bilmän, 621-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň dördünji aýynda mejbury halda Mosulyň gabawyny aýyrmaly boldy.
Mälik Eşrebiň şäherlerine hüjüm etmek we bu şäherleri öz aralarynda bölünişmek barada Muzaffareddin Gökböri, Jelaleddin Meňburun bin Alaýeddin Muhammet Horezm şa, Damaskyň hökümdary Mälik Mugazzam Isa, Amydyň we Mardiniň hökümdary Nasreddin Artyk dagy 623-nji ýylda öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar.
Muzaffareddin howlukmaç ýagdaýda Mosula täzeden ýöriş etmek üçin Zap derýasynyň ýakasynda düşledi. Şeýlede bolsa onuň derýadan geçip Mosula ýöriş etmek mümkünçiligi ýokdy. Emma Jelaleddin Tiflisden çykyp, Hilada ýöriş edipdi. Şol wagt oňa Kerman şäherlerindäki orunbasarynyň tabynlykdan çykyp, özbaş-dak hereket edýändigi baradaky habar bardy. Şondan soňra Jelaleddin mejbury ýagdaýda Hilady terk edip, öz şäherlerine dolanmaly boldy. Şeýlelikde, bu egindeşleriň ýöriş etmek baradaky syýasaty pese düşdi.
Bedreddin Lulu Rakkadaky Mälik Eşrep Musadan kömek sorap hat iberipdi. Şeýle hem Mosuly Muzaffareddinden goramak üçin onuň özüniň gelmegini talap etdi. Eşrep Bedreddiniň çagyryşyna säginmän Harrana ugrady. Soňra ol Denisre gitmäge howlukdy, ol ýerden bolsa Mardine baryp, ony derbi-dagyn etdi. Şu ýagdaýlardan soňra Damask hökümdary Mugazzam Isa Eşrebiň öz şäherine hüjüminden gorkdy. Soňra Damask hökümdary özüniň Hymsdan we Hamatdan gitjekdigini, şeýle-de Muzaffareddine Mosuldan gitmek barada emr berjekdigini aýtdy. Onuň deregine bolsa Eşrebe Mardini terk etmegi teklip edip, hat iberdi. Eşrep bolsa bu ýagdaý bilen ylalaşdy. Şu söweşiň netijesinde Mosulyň we Mardiniň wela-ýatlary derbi-dagyn edildi. Soňra Muzaffa-reddin Mosuly terk edip, Erbile dolandy.
Ýe. Mosul esgerleriniň 627-nji ýylda Horezmşanyň garşysyna bolan söweşe gatnaşmaklary
Jelaleddin Horezmşa 626-njy ýylyň dört tirkeşikleriniň üçünji aýynda Hilada hüjüm edip, ony Mälik Eşrebiň orunbasarlarynyň ygtyýaryndan aldy. Jelaleddiniň Hilady eýelemegi Rum şäher-leriniň hökümdary Alaýeddin Keýkubatda gorky döretdi. Soňra ol Mälik Kämil bilen güýçlerini birikdirmäge howlukdy. Şol wagt ol Harrandady. Alaýeddin ondan Jelaleddin Horezmşanyň şäherlere çozmak pikirinden el çekdirmek we onuň öňünde durmak üçin dogany Mälik Eşrep Musany Damaskdan çagyrmagy talap etdi.
Alaýeddin özüne kömek bermegini talap edip Mälik Eşrebe köp sanly ilçi iberdi. Bu çakylyk üçin Eşrebiň diňe Harrana barmagy hem ýeterlik boldy. Ol Harranda bolan wagtynda Alaýeddine kömek bermek üçin dürli ýerlere çapar iberdi. Şeýlelikde, Eşrebiň ýanynda Mosulyň, Halabyň we Mesopotamiýanyň köp sanly goşunlary häzir boldular.
Mälik Eşrebiň töwereginde esgerler doly jem bolanda, ol esgerler bilen Alaýeddin Keýkubadyň ýanyna gitdi. Soňra ol ikisi Siwasda duşuşyp, Horezmşanyň ýörişine garşy durmak barada ylalaşyp Hilada gitdiler.
Jelaleddin olaryň özüne tarap ýörişe başlandyklaryny bilende, goşunyny jemläp, olar bilen duşuşmak üçin öňe ýöriş etdi. 627-nji ýylyň remezan aýynda olaryň arasynda aýgytly söweş bolup, Jelaleddin erbet ýeňlişe sezewar boldy. Ol öz eden-etdiligine temmi alanyndan soňra, Hilady Eşrebe gaýtaryp bermek bilen Azerbaýjana dolanyp bardy.
Soňra Mälik Eşrep bilen Jelaleddin Horezmşanyň arasynda ilçileriň iş alyp barmagynda, ol ikisiniň ygtyýaryndaky şäherleriň saklanyp galmagy barada şertnama amala aşyryldy. Şeýle hem olar bu düzgünlere razy bolmak bilen oňa kasam etdiler. Şondan soňra Eşrep ilki Sanjara bardy ol ýerden bolsa Damaska gitdi. Emma Jelaleddin Horezmşa Azerbaýjanda galmagy ýüregine düwüpdi.
Şu wakalaryň ýüze çykmagy netije-sinde Mosul Atabegligi bilen Şam şäherle-rindäki eýýubylaryň arasyndaky syýasy gatnaşyklar tamam boldy. Mosuldaky hökümdarlygyň Bedreddin Lulunyň ygtyýa-ryna geçmegi bilen bolsa, ol ýerdäki Zeňňiniň nebereleriniň hökümdarlygy doly tamamlandy.
Taryhy makalalar