Mosul Atabegliginde hökümdarlygyň we iş dolandyryşyň düzgünleri
I Mosuldaky Atabeg döwletinde hökümdarlygyň düzgünleri.
A. Atabeg.
B. Atabegiň orunbasary ýa-da galanyň dazdary.
W. Wezir.
G. Hajyp (gullukçy).
II Kazyýet işiniň düzgünleri. Ýokary kazy we ýerlerdäki kazylar.
III Maliýe düzgünleri
A. Döwletiň maliýe edarasy.
B. Atabegligiň döwründe puluň görnüş-leri.
IV Harby düzgünler.
A. Goşun we onuň toparlara bölünişi.
B. Çaparlaryň (hat gatnadyjylaryň) harby maksatlarda ulanylmagy.
Mosuldaky Atabeg döwletinde hökümdarlygyň we iş dolandyryşyň düzgünleri
Mosuldaky Atabeg döwletiniň hökümdar-lygynyň düzgünleri Seljuklaryň düzgün-nyzamyna meňzeş bolup, onuň täsiri uludy. Mosul Atabeg döwletini esaslandyran Ymadeddin Zeňňiniň hökümet we harby işlerini düzgünleşdirişi seljuklaryňka gabat geldi. Çünki ol 489-520-nji ýyllar aralygynda Mosul hökümdarlygyna görkezme beren seljuk emirleriniň hyzmatynda bolup, olardan aýrylyşman Seljuk hökümetiniň täsiri astynda bolupdy. Şol wagt Zeňňi resmi ýagdaýda Mosulyň birnäçe welaýatlaryny dolandyrypdy. Mosulyň golaýynda ýerleşen Teligfar hem onuň ygtyýaryna berlipdi.
Soňra Zeňňä birnäçe ýokary wezipeli işleri dolandyrmaklyk ynanyldy. Ol ilki Basranyň orta şihneligini dolandyrdy. Iň soňunda bolsa soltan Mahmyt Yrakdaky ähli şihnelik işlerini dolandyrmagy onuň ygtyýaryna berdi. 521-nji ýylda Zeňňi Mosul emirligine gaýdyp gelende, şol şäherleriň iş doldandyryş düzgünlerini öz ýany bilen alyp geldi. Şeýlelikde, ýaş döwletiň hökümet we harby işleriniň düzgünleri şu tarapdan gelip çykdy we seljuklaryňka gabat geldi.. Şunlukda, Atabeglik özüne wezirleri, hajyplary kabul etdi. Şeýle hem Atabegligiň tabynlygynda bolan şäherleri dolandyrmak üçin goşunlara emirler bellenildi. Mundan başga-da, olara ýörite atlar hem bellenildi. Biz Atabegler döwletindäki we onuň tabynlygyndaky iş dolandyryşda möhüm wezipeler barada durup geçeliň:
A. Atabeg
Atabeglikde atabegiň wezipesi iň ýokary wezipedir. Ony patyşa diýip hem atlandyrypdyrlar. Ol patyşalygyň we atabegligiň ähli işlerine gözegçilik edipdir. Atabeg köp ygtyýarlyklardan peýdalanyp, daşary syýasat boýunça ilkinji jogapkär adam bolup durýardy. Onuň ýöriş yglan etmäge, goşunlara ýolbaşçylyk etmäge, şeýle hem hökümdar, ýolbaşçy bellemäge doly hukugy bolupdyr. Şu babatda ol Seljuk soltanyna hem meňzeýärdi. Halypanyň we soltanyň ady bilen bir hatarda öz adyna zikge kakdyrmaga hem hutba aýtdyrmaga atabegiň hukugy bolupdyr.
Mosul Atabegliginde atabegler goşuna ýolbaşçylyk etmegi öz üstlerine alypdyr-lar. Ýöne kä halatlarda, şol bir wagtyň özünde goşuna emirlik etmek wezipesini dolandyrýan öz orunbasaryna goşunlara ýolbaşçylyk etmek hem ynanylypdyr. Çünki, olar söweş wagtynda goşunlara taýýarlyk görmäge gözegçilik edipdirler.
Eger hökümdarlaryň we orunbasarlaryň başarnygy bolmasa ýa-da raýatlara zulum etse, emirleriň olary wezipelerinden boşatmaga hukuklary bolupdyr.
Döwlet işlerini dolandyrmakda atabege gullukçylar kömek beripdirler. Şäherler-däki we iş dolandyrmakdaky syýasy ugurlarda olaryň agalygy uly bolupdyr. Bu gullukçylara bolsa patyşanyň orunbasary ýa-da galanyň dazdary, wezir, goşun emiri, hajyp we ýokary kazyýet, mundan başga-da, patyşalygyň tabynlygyndaky ýerlerdäki hökümdarlyklary dolandyrmagy öz üstüne alan hökümdarlar ýolbaşçylyk edipdirler.
B. Patyşanyň orunbasary ýa-da galanyň dazdary
Patyşanyň orunbasarynyň ýa-da Mosul galasyndaky orunbasaryň wezipesi Atabeg-likde ýokary wezipe hasaplanypdyr. Soltan-lykda bar bolan hökümdarlaryň ählisi Mosul Atabegligine hukuk berdiler. Şonuň üçin bu orunbasara köp ýagdaýlarda Mosulyň işlerini dolandyrmak ynanyldy we ähli işlerde ilkinji bolup oňa bil baglandy. Şu ýerde biz üns bersek, orunbasar köp ýagdaýlarda patyşalyga wekilçilik etmegi we goşuna ýolbaşçylyk etmegi utgaşdyryp alyp barypdyr. Şu ýagdaýda Zeýneddin Aly bin Begteginiň orunbasarlygy we goşunyň emirligini bir wagtyň özünde dolandyryşy ýaly olara goşunyň emiri hem diýilýär. Bulardan başga-da ol Mosulda uly abraýdan hem peýdalanypdyr. Şeýle hem birnäçe möhüm galalar we şäherler onuň ygtyýarynda bolupdyr. Erbily, Sanjary, Harrany, Hamydy galasyny, Hakaryny we Şährizury dolandyrmagy orunbasarlar öz üstlerine aldylar. 563-nji ýylda Zeýneddin Aly Mosula gelende, bu şäherleri we galalary atabeg Kutbeddin Möwdudyň ygtyýaryna berdi.
Bu orunbasarlardan birnäçesi döwlet işlerini dolandyrmakda zulum edip başlapdy. Şunlukda, şäherlerde olaryň hökümdarlyk etmegi bilen atabegiň adyndan başga hiç zady galmady. Şondan soňra Fahreddin Abdylmesih Seýfeddin Gaza orunbasar bolup geldi. Ol Zeýneddin Alynyň wezipesindäki mirasdüşerdir. Onuň döwründe bolsa döwlet işleri ýaramazla-şypdy. "Ol Seýfeddin Gazynyň döwründe döwlet işlerini dolandyrmakdan gaýra çekildi. Şunlukda, Seýfeddin Gazynyň hökümdarlygynda onuň adyndan başga hiç zady bolmady". 562-njy ýylda Mosulyň hökümdarlyk wezipesine Nureddin geçende, ol Fahreddini Mosul galasyndan daşlaşdyrdy we öz mamlugy Sagdeddin Kümüştegini özüne orunbasar edip belledi.
Nureddin Arslan şa I döwründe döwlet işlerinde zulum edenleriň biri hem Mujahededdin Gaýmazdyr. Ol Nureddiniň döwletiniň hökümdarydy. Nureddin bolsa ähli işlerde oňa ynanýardy.
Bu orunbasarlara gözegçiligiň bolmaz-lygy bilen olaryň köpüsi döwlet işlerinde zulum etdiler. Olardan biri hem Nureddin Arslan şa I orunbasary Bedreddin Luludyr. Çünki ol 595-nji ýylda Mujahededdin Gaýmazyň wepatyndan soňra bu wezipäni dolandyrmagy öz üstüne alypdy. Şeýle hem 607-nji ýylda Mosulyň hökümdary Nureddin Arslan wepat bolandan soňra Bedreddine bu ýagdaýlardan peýdalanmaga mümkinçilik bolupdy. Ol Nureddiniň köşkdäki ogullaryna orunbasar edilip bellenildi we şäherlerdäki işleri dolandyryjy hökümdar boldy. Şeýle hem Bedreddin goşunlara ýolbaşçylyk etmek barada ylalaşyk baglaşdy we Atabeglikdäki patyşalardan, emirlerden halas bolmak syýasatyny alyp bardy. 631-nji ýylda Nasreddin Mahmyt bin Mälik Kahyryň wepatyndan soň Bedreddin Lulu Zeňňiniň nebereleriniň soňuna çykdy. Soňra Bedreddin Lulu Atabeglikde özbaşdak hereket edip, dolandyryş işlerinde köp zulum etdi we öz adyna zikge kakdyrdy.
W. Wezir
Wezir apbasly halypalygynyň döwrün-den soňra Yrakda işleri düzgünleşdiriji hökmünde tanaldy. Weziriň höküminiň esasy bölegi parslaryň düzgünlerinden geçipdi. Bu wezipe bilen ilkinji meşgul bolanlaryň biri Abu Selme al-Hilal Wezir Abu Apbas Saffahydyr. Ol 656-njy ýylda Apbasy döwleti pese gaçýança olar wezirligiň düzgünlerini dowam etdirdiler.
Seljuklar döwletinde wezirlik ýokary wezipe hasaplanypdyr. Eger döwletde işleri dolandyrmakda soltanyň görkezmesi bolma-dyk ýagdaýynda weziriň olary dolandyrmaga hukugy bolupdyr. Soltan wezirlige bir adamy saýlasa, onuň pikiri makullanyp, buýruk çykarylypdyr. Ony häzirki wagt-daky buýruk bilen deňeşdirse bolar.
Wezir ylmy we ahlagy bilen tanalýan adamlaryň arasyndan saýlanypdyr. Olar kanunlar we döwletiň düzgünleri bilen tanyşdyrylyp, döwlet edaralarynda ýerleşdirilipdir.
Seljuk düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin atabegleriň wezir edinmekleri adaty zatdyr. Atabeg döwletinde bu wezipede meşhur bolup, ýüze çykan şahslaryň biri hem wezir Jemaleddin Yspyhanydyr. Ol 541-nji ýylda Ymadeddin Zeňňi Jagbar galasynda öldürileninden soňra, Alp Arslanyň alyp barýan syýasatlaryna garşy çykyp, ugur tapyjy syýasaty bilen ýurdy dolandyrdy. Şondan soňra Seýfedin Gazy I Jemaleddin Yspyhanynyň bu başarnygyna hormat goýup, ony wezir wezipesine belledi. Şeýle hem ol Jemaleddine döwlet işlerinde uly ynamlary bildirdi.
Haçanda Kutbeddin Möwdudyň dogany Sefeddin Gazy 544-nji ýylda wepat bolandan soňra, ol Mosul atabegligini dolandyrmagy öz üstüne aldy. Şeýlelikde, Kutbeddin Jemaleddin Yspyhanyny wezirlikde ykrar etdi. Jemaleddin şol aýgytly wagtda möhüm rol oýnapdy. Şol wagtda Kutbeddin bilen onuň dogany Nureddin Mahmydyň arasynda Sanjar sebäpli dartgynly ýagdaý ýüze çykypdy. Jemaleddin bolsa iki doganyň arasynda ylalaşygy ýola goýup, Kutbeddine köp peýdalary getirdi. Ol şol wagtky Atabegler döwletini gurşap alýan ýagdaýlara laýyk getirip, syýasy ýol bilen dartgynly meseleleri çözdi.
Soňra Kutbeddin Möwdut 558-nji ýylda mertlik görkezmek bilen öz weziri Jemaleddini zyndana taşlatdy. Bu ýagdaýa tejribeli weziriň Mosuldaky düşnüş-mezligiň dartgynlaşan wagtynda wezirlik-den çetde durmagy sebäp bolupdy. Şunlukda, Zeýneddin Aly Güjük hökümdarlyk etmek ýagdaýyny başarmady.
559-njy ýylda Jemaleddin Yspyha-nynyň wepat bolmagy bilen Mosul syýasy ugurdaky möhüm esasyny ýitirdi. Ol Mosulda köp sanly mynasyp işleri ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, daşary syýasatynda hem öňdebaryjy adamlaryň biri bolupdy. Jemaleddin Yspyhany medeniýete we ylyma uly sarpa goýýardy. Ol Mosulda, Sanjarda we Nusaýbynda berkitmeler gurmak bilen bir hatarda Ibn Omar adasynda köpri hem gurdurdy. Şonuň bilen bir hatarda Jemaleddin Muhammet pygamberiň şähe-rinde berkitme gurdurdy we Käbäniň binasynda altyn bilen zynatlama işlerini geçirdi. Şeýle hem ol Arafatda bir uly metjit gurdurdy.
Soňra Seýfeddin Gazy II döwründe wezirligiň wezipesini dolandyrmagy wezir Jelaleddin Abul Hasan Aly bin Jema-leddin Yspyhany öz üstüne aldy. Ol hem öz wezipesinde ýokary derejede durýardy: "Ýagny ol döwlet işleriniň düzgünlerini we buýruk çykarmagy başarýan akylly adam bolup-dyr".
Ýöne Jelaleddiniň wezirlik döwri uzaga çekmedi. Seýfeddin Gazy 573-nji ýylyň meret aýynda ony tussag etdi. Soňra ol Amydyň hökümdarynyň weziri Kema-leddin bin Nisanyň arka durmagynda on aýdan soňra Jelaleddini zyndandan boşatdy. Şu ýagdaýda Jelaleddin 594-nji ýylda Deniserde aradan çykdy.
Jelaleddinden soňra arap çeşmelerinde hiç bir weziriň adynyň ýatlanylýan ýerine gabat gelmedik. Şundan soňra Atabeglikde wezirligiň gowşandygyna biz ynanýarys. Ikinjiden bolsa, muňa atabegleriň orun-basarlarynyň şäherlerde zulum etmekleri sebäp boldy. Aýratyn hem weziriň höküm-darlyk etmegine atabegiň orunbasarynyň oňa üns bermezligidir. Şonuň üçin orunbasar onuň üstüne töhmet atmak bilen iş alyp bardy we weziri hökümetden daşlaşdyrmak barada erjellik etdi. Wezir Jemaleddin Yspyhany we ondan soňra onuň ogly hem şu ýagdaýa duçar bolupdy.
G. Hajyp (gullukçy)
Hajyplygyň düzgünleri yslam dininiň ýüze çykmagy bilen belli boldy. Hary-jylaryň halypa Mugawiýe bin Abu Sufýany öldürmek barada onuň garşysyna ylalaşyk baglanyşan wagtlarynda, halypalardan Aly bin Abu Talyby we Amr bin Asy öldürmek bilen ilkinji hajyp tutunan halypa Mugawiýe bin Abu Sufýandyr. Olar öz durmuşlarynyň howp astynda bolandygy üçin hajyplyk wezipesini kabul edip-dirler. Hajyplar derwezeleriň agzynda halkyň dyknyşyk ýagdaýda bolmagyna ýol bermändirler. Şeýle hem olar döwletiň möhüm işleri bilen meşgul bolmandyrlar.
Apbasylar hem emewileriň yzyny eýerip, hajyplyk wezipesini kabul etdiler. Olar möhüm iş bolmadyk ýagdaýynda adamlaryň halypa bilen duşuşmagyny çäklendirip-dirler.
Hajyplyk wezipesi halypanyň gora-gynda bolup, adamlary onuň ýanyna goý-bermezlik bilen çäklenmändir. Birnäçe hajyplar döwlet işlerini dolandyryp, hökümdarlygyň işlerine goşulypdyrlar. Wezirler bolsa olaryň işlerinde bäsdeşlik edipdirler. Döwlet işlerindäki ýolbaşçylar öz işlerindäki jogapkärli meselelerde şeýle hajyplara ýüz tutupdyrlar. Olar hajyplara ýüz tutmazdan belli bir karara gelmändirler.
Seljuklar döwründe hajyplyk möhüm wezipelerden biri hasaplanypdyr. Bu wezipäni dolandyrmagy öz üstüne alanlara "Uly hajyp, emir" diýip at beripdirler.
Seljuklaryň döwründe hajyplaryň başda durmagy möhüm hasap edilipdir. Ol soltan bilen weziriň arasyndaky birik-diriji agza bolupdyr. Hajybyň ýeke özi kabul etmegi ýa-da soltanyň dilden aýdan buýrugynyň ýerine ýetirilmegi üçin ony wezire ýetirmegi başarypdyr.
Soltanlar we patyşalar bilen gatna-şykda bolmak hajyplara mahsus bolupdyr. Şeýle hem olar soltanyň ýakynynda bolmak bilen onuň işlerine gözegçilik edip, soltanyň hyzmatynda bolupdyrlar.
Apbaslylar döwründe soltanyň duş-manlary bilen bolan söweşlerde goşuna ýolbaşçylyk eden hajyplar hem bolupdyr. Ar-Raýyň hökümdary Husameddin soltan Arslan bin Togrul bin Muhammediň tabynlygyndan çykanynda, soltan hajyby Nasreddin Bahlewany onuň bilen söweşmek üçin ugradýar. Olaryň arasynda uly söweş bolup, onda hajyp ýeňiş gazanýar. Soňra soltan Nasreddiniň bu ýeňşi mynasybetli ar-Raýy onuň ygtyýaryna beripdir.
Ýöne Seljuklar döwletiniň giçki döwründe hajyplara söweş meýdanlarynyň we gepleşikleriň geçirilmeginiň ynanyl-magy bilen hajyplyk wezipesi möhüm hasap edilmändir. Olaryň emirler bilen güýçli bäsdeşlik etmekleri soltan üçin bu wezipe howpuň gözbaşy bolupdyr.
Mosulda hajyplyk wezipesini dolan-dyrmagy öz üstüne alan ilkinji adam Salaheddin Ýagsiýanydyr. Ymadeddin Zeňňi-niň hökümet başyna geçmegi üçin Sala-heddin Ýagsiýanynyň erjellik görkezip, köp işleri edenligi üçin, Zeňňi ony 521-nji ýylda özüne emir hajyp edip belledi. Ibn Esir ony taryplap şeýle diýdi: "Ol Zeňňiniň döwletinde iň uly gullukçydyr. Ol goşuna ýolbaşçylyk etmek bilen onuň işlerini dolandyrdy". Goşunyň arasynda we başga zat barada döwlet işlerindäki gullukçylarynyň arasyndaky bäsleşikler sebäpli halypalykda ýüze çykýan meselelere Salaheddin Ýagsiýany gözegçilik etdi. Eger emir hajyp goşunyň işlerine üns bermän äwmezlik etse, hususan-da olaryň aýlyk haklaryny bermegi gijikdirse, ol Zeňňiniň tarapyndan gözegçilik etmegi maksat edindi. Zeňňi wepat bolanyndan soňra onuň şäherlerini goramakda Salaheddin möhüm işleri bitirdi. Mosulda Seýfeddin Gazy-nyň emri bilen parahatlyk ornaşdyryla-nyndan soňra Salaheddin Şama gidip, Halapdaky Nureddin Mahmydyň hyzmatynda boldy.
Mosuldaky Zeňňiniň halypalary seljuk soltanlarynyň adatlaryna eýerip, hajyplyk wezipesini kabul etdiler. Ýöne biz hajyplaryň amala aşyran işlerinde ýa-da syýasy başarnyklarynda belläp geçer ýaly zat tapmadyk. Olar borçlary kabul etmek borçlary ýa-da atabegiň emrini döwletdäki jogapkär adamlara ýetirmek işleri bilen çäklendirildi. Onuň tersine, Ibn Esir şeýle ýatlaýar: "Onuň kakasy tarapyndan Ibn Omar adasynyň birnäçe welaýatlaryna bellenilmegi barada iş amala aşyryldy. Şol mynasybetli oňa aýlyk haky hem belledi". Mundan başga-da Ibn Esir şeýle diýýär: "Onuň kakasynyň aýlyk haky köpeldilen wagtynda, Kutbeddin ol onuň mukdaryny bilýän däldir diýip pikir etdi we ony oňa belli etmek üçin hajybyny iberdi".
Ibn Esiriň ýatlamagyna görä, şol düşündirişde şeýle diýilýär, ýagny atabeglikde hajyplygyň dowam etmegi bilen olaryň göni öz wezipelerine bagly bolan işleri amala aşyrmak üçin hajyplaryň iş ýerleri bolupdyr. Olaryň goşuna ýolbaş-çylyk etmek ýa-da goňşy şäherleriň patyşalary, emirleri bilen ylalaşyk baglaşmak ýaly hiç bir harby işlere goşulmandyrlar. Mosuldaky orunbasar bu işde hossar çykyp, şäherlerde iş ýüzünde olara ýolbaşçylyk edipdir.
II. Kazyýet işiniň düzgünleri. Ýokary kazy we ýerlerdäki kazylar
Mosul kazyýeti
Mosuldaky kazyýet işlerini şapygylar mezhebi esaslandyrdy. Atabeg kazyýetiň işlerine ünsli garamak bilen oňa goltgy berdi. Bu wezipäniň esasyny ýokary derejede düzgünleşdirmek bilen ýokary kazyýet belli edildi. Bu wezipe Atabegligiň döwründe täzelik hasap edilmedi. Onuň tersine, ol apbasylar döwrüniň başlarynda äşgär bolupdy. Bagdatda ýokary kazy diýen ada ilkinji eýe bolan adam hyraç ýazgylarynyň awtory Abu Ýusup Ýakup bin Ybraýymdyr. Ol apbasylaryň halypasy Harun Reşidiň döwründe kazyýet işlerine ýolbaşçylyk etdi. Halypa şäherlerde kazylary bellemegi oňa tabşyrdy. Ýokary kazynyň wezipesi ýokary derejedäki dini wezipe bolup durýar. Ol bu wezipedäki özüniň başarnygyna daýanyp, kazyýetiň şertlerine gabat gelmedik ýagdaýyndaky işlere seretmäge hukugy bolmandyr.
Kazylar gowy häsiýetli, düşgür, parhsyzlykdan we aljyraňlylykdan daşda, erkin, eşidişi we görüşi sagdyn, şeýle hem şerigatyň kanunlaryny bilýän kämil musulman adam bolupdyr.
Kazyýet işlerini dolandyrmakda gar-şydaşyňdan ýa-da özi bilen iş salyşýan adamlardan sowgat kabul etmek paranyň bir görnüşi hasap edilipdir. Onuň öz neberelerinden ýa-da çagalaryndan birini hökümdarlyga bellemäge hukugy bolmandyr, ýagny ol iş günä hasaplanypdyr. Tä kazynyň işine golaýdaky hökümdarlykdan biri gelip goşulýança, onuň öz garşydaşlaryndan biriniň arkasyny alyp ýa-da günäkärläp, görkezme bermäge hukugy bolmandyr.
Jedelli meselelerde aýgytly ýagdaý-laryň bolmagy, yslam şerigatyndan çykanlaryň günälerini boýunlaryna goýup, olara jeza bermek kazynyň işini dolandyrmagynda wajyp meseleleriň biri bolupdyr. Şeýle hem olar ýetimlere, garyplara, din işleri boýunça edaralarda we juma namazy wagtynda halkyň öňünde wagyz edipdirler. Mundan başga-da, ýokary kazy welaýatlarda we döwletiň tabynlygyna degişli şäherlerde kazylary bellemäge borçly bolupdyr.
Mosul Atabegliginde bu wezipäni ilkinji dolandyran adam Bahaýeddin Abu al-Hasan Aly bin Şährizurydyr. Zeňňi ony öz ähli şäherlerine, şeýle hem basyp alan şäherlerine ýokary kazy edip belledi. Ol ýokary derejede bolmak bilen Ymadeddin Zeňňiniň ýanynda belent mertebede boldy.
Bahaýeddin Mosulyň tabynlygyndaky ýerlerde kazyýet işlerine ýolbaşçylyk etmegi öz üstüne aldy. Onuň orunbasarlary bolsa ýerlerdäki kazyýet işlerini dolandyrmagy özlerine borç edindiler. Şeýlelikde, ýokary kazyýete dini meselelerde uly bil bagla-nypdyr.
Seýfeddin Gazynyň döwründe Mosulyň ýokary kazyýet wezipesini ilkinji dolan-dyran adam Kemaleddin Muhammet Şähri-zury bolupdyr. Ýöne 542-nji ýylda Seýfeddin Kemaleddin we onuň agasy Täjeddin Abu Tahyry tussag edip, Mosul galasynda saklady. Soňra ol ikisini tussaglykdan boşadan wagtynda, Kemaleddin Şama gitmek bilen Nureddin Mahmydyň hyzmatynda boldy. Şondan soňra Seýfeddin Mosulda we onuň welaýatlarynda kazyýetiň işini dolandyrmagy kazy Nejmeddin Abu Aly al-Hasan bin Bahaýeddin Şährizura tabşyrdy.
Soňra Yzzeddin Mesgudyň döwründe kazy Kemaleddin Şährizurynyň ogly, ýagny kazy Hamyt Muhammet kazyýet işini dolandyrmagy öz üstüne aldy. Yzzeddin Mesgudyň ýanynda onuň mertebesi belent bolupdyr. Şeýle hem ol kazy Hamyt Muhammedi birnäçe gezek Bagdada ilçi edip iberipdir. Ol 586-njy ýylda wepat boldy.
Şol döwre baglylykda hökümet agzalarynyň mejlisi bolupdyr. Adatça, ol maslahat kazylaryň, adalata gözegçilik edýän şaýatlaryň, ýygnanyşykda bolup geçýän zatlary ýazýan iki sany kätibiň we dawalara gözegçilik edýän gullukçylaryň gatnaşmagyndan ybaratdy. Şeýle hem ol ýerde kazynyň çykaran hökümini ýerine ýetirýän esasy gullukçy bolupdyr. Ony bolsa "Sahybeş-şurta" diýip atlandyrypdyrlar.
Şu ýagdaýlardan görnüşi ýaly, Mosulda adalat köşgi bolupdyr. Ol ýerde bolsa kazyýet işini dolandyryjy kazylar geňeş işlerini geçiripdirler. Taryhçy Ibn Esir Nureddin Arslan şa I hakykatyň hatyrasyna gözegçilik etmegi bilen baýlaryň garyplara goltgy bermekleri üçin şol adalat köşgünde bolan pursatyny ýatlaýar. Şoňa görä, Nureddiniň ýanyna bir kör aýal baryp şikaýat edipdir. Ol aýal onuň patyşalaryndan biriniň tüpeňiň gundagy bilen uranlygy sebäpli özüniň kör bolandygyny aýdýar. "Nureddin ol patyşany öz ýanyna getirmeklik barada emr etdi. Ony getirenlerinde Nureddin oňa jezasyny çekmegi ýa-da onuň hakyny tölemegi talap etdi. Ol patyşa Nureddiniň geçirimlilik etmejegini bilip, hakyny tölemegi boýun aldy. Şondan soňra ol aýal hakyny aldy we Nureddinden razy bolup gitdi".
III. Maliýe düzgünleri
A. Döwletiň maliýe edarasy
Paç ýygnap, Mosuldaky döwlet hazynasyna ibermek üçin welaýatlarda atabegligiň ýörite işgärleri bolupdyr. Paçlaryň esasylaryndan biri hem ekin ýerlerinden alynýan ýer haky bolupdyr. Her ýylda ekin ýerinden bellenilen möçberde paç tölenipdir. Bu paç ýerleriň hasyllylygyna we tutýan meýdanyna hem bagly bolupdyr. Ýer dogry birlik bilen ölçenilse oňa "jerip" diýip at beripdirler.
Zeňňiniň döwründe ýere paç tölemeklik uly möçberde bolanlygy üçin, birnäçe daýhanlar Mosuly terk edip, Mardine gitdiler. Şondan soňra Zeňňi bu daýhanlaryň yzyna gaýdyp gelmegini talap edip, olara şu görnüşli hat iberdi: "Biz daýhanlara ýagşylyklar edip, olara ýeňillikler dörederis. Şeýle hem girdejiniň diňe ondan bir bölegini alarys".
Şol ugur boýunça daýhanlardan ýer pajy alnypdyr. Ol ýerdäki alynýan ýer paçlary bolsa suw we şuňa meňzeş döwlet tarapyndan çykdajy edilýän zatlara bagly bolupdyr.
Bu ýygnalýan paçlar döwletiň hazynasyna goşulypdyr. Ol pullar harby maksatlar, berkitme, gala gurmak işleri we metjit, hadys aýdylýan ýer, medrese ýaly dini gurluşyklar üçin şeýle hem köpri, keselhana ýaly şäheriň binagärlik işleri üçin harç edilipdir.
B. Atabegligiň döwründe puluň görnüşleri
Emewi halypasy Abdylmälik bin Merwanyň döwründen soňra yslamyýetde pul ýüze çykdy. Ol ähli yslamy döwlet diwanlaryny umumy syýasatda araplaşdyr-magyň bir bölegi hökmünde, puldaky ýazgylary hem arap dilinde bermegi emr edipdi.
Arap hatynda asyl nusgadaky hakyky dinar yslamyýetde ilkinji gezek 77-nji (696-njy milady ýyly) ýylda halkyň arasynda ýüze çykypdyr. Musulmanlar bu ýörgünli puly zikge diýip atlandyrýardylar.
Ymadeddin Zeňňiniň döwründen soňra Mosul atabegliginde pul çykarmak aýratyn häsiýete eýe bolupdyr. Pul çykarmak ýoly onuň Mosuldaky halypalaryna hem geçdi. Olar öz atlary ýazylan altyn pullary çykardylar. Olar bu pullara kufa ýa-da nash ýazuw görnüşi bilen hat ýazdylar. Dinara hat ýazmakda bolsa köplenç kufa haty ulanyldy. Soňra medeniýetiň ýokary galmagynyň netijesinde harplary owadanlanyp, kufa haty bilen ýazgylar ýazylan we çylşyrymly zergärçilik bezegleri bilen bezelen dinar peýda boldy. Ol kufa hatlarynyň başy ýa-da soňy ösümlik ýapragynyň şekili bilen owadanlanypdyr. Ol harplaryň başlanýan we gutarýan ýerleriniň owadanlanan görnüşde bolanlygy üçin ol göze has ýakymly görünýärdi.
Atabeglikde altyn dinar bilen bir hatarda fulus diýip atlandyrylýan mis pul birligi ulanylýardy. Bu pul birliginiň saldamlygy bilen ony söwda işlerinde we zerur bolan ýönekeý alyş-çalyş işlerinde peýdalanypdyrlar. Puluň bu görnüşi Kutbeddiniň (544-565-nji ýyllar) döwründe ýüze çykypdyr.
Şu ýerde biziň Mosulda ulanyşda bolan birnäçe pullaryň üstünde durup geçmegimiz zerurdyr. Olar bolsa adam şekili ýaly suratlar bilen bezelipdir. Ol suratlar biziň günlerimize gelip ýeten toýun, magdan önümlerindäki agzap geçen şekillerimize belli bir derejede meňzeşdir. Bu suratlar bolsa belli bir derejede parslaryň nusgasynyň täsiri astynda bolupdyr.
IV. Harby düzgünler
A. Goşun we onuň toparlara bölünişleri.
Atabegligiň şäherlerinde harby düz-günlere uly üns berildi. Bir tarapdan goşun döwlet serhetlerini goramaga ukyply, beý-leki tarapdan atabegiň goşuny Seljuk soltanynyň öňünde borçly bolupdyr.
Mosulda güýçli goşun döretmegi ilkin-ji ýola goýan Ymadeddin Zeňňidir. Ol Şamdaky haçparazlar bilen söweşip, Raha-ny yzyna gaýdyp almakdaky maksatlaryny goňşy welaýatlary özüne tabyn etmek arkaly amala aşyrdy. Şeýle hem ol harby diwany döretdi.
Bu edaranyň tertip-düzgünine Zeňňiniň özüniň ýolbaşçylyk etmegi bilen ol goşunyň işleriniň we düzgünleriniň esasy orunda bolmagy üçin olara aýlyk hakyny belledi. Şeýle hem olara köp serişde goýberdi. Zeňňi bu edara baştutan edip, emir hajyp wezipesine tanymal adamy belledi. Oňa şu zatlar wajyp bolupdyr, ýagny "Mülk ýerini bermek we şuňa meňzeş işlerde goşunlaryň arasyndaky agzalalyga şeýle hem jedellere gözegçilik etmäge borçly bolupdyr".
Ol ýerdäki döwlet edarasynda işleýän başarjaň gullukçylaryň birnäçesi emir hajybyň ygtyýarynda bolupdyr. Eger olaryň işlerinde sowuk-salalyk ýüze çyksa, emir hajyba hasabat bermekde gös-göni borçly bolupdyr. Şeýle hem Zeňňi goşunlara paýlamak üçin her üç aýdan harby edara hökümetden harajat bermek barada buýruk çykardy.
Emma emirler goşunlaryň arasynda mülk ýerlerini paýlamakda Zeňňiniň garşysyna hereket etdiler. Hökümet tarapyndan bellenilen ýyllyk paçlaryň öňünde durup bilmedik daýhanlaryň terk eden mülk ýerlerini olara paýlamaga Zeňňiniň özi ýolbaşçylyk edýärdi. Şondan soňra ol goşunlaryň mülk paýlamak işlerine ýolbaşçylyk etmeklerini gadagan etdi. Ibn Adymyň aýtmagyna görä, Zeňňi daýhanlaryň öndüren önümlerine goşunlaryň el degir-megine ýol bermedi.
Ymadeddin Zeňňiniň nebereleri şeýle ýol bilen ýöräp, goşuna ýolbaşçylyk etdiler. Zeňňiniň döwründäki güýçli goşun Seýfed-din Gazy I hökümdarlyk eden döwründe hem şu ýagdaýda boldy. 543-nji ýylda haçpa-razlar Damaska ikinji gezek hüjüm eden wagtlarynda Mosulyň goşuny haçparazlaryň güýçli goşunyny şäheriň gabawyny taşlap gitmäge mejbur etdiler. Güýçli ýaraglanan Mosul esgerleri ol ýere baranlarynda, Damask hökümdary haçparazlara haýbat atyp, şeýle diýdi: "Eýýäm Gündogaryň patyşasy gelip ýetdi. Onuň ýanynda bolsa siziňkilere görä has güýçli Mosul esgerleri bar".
Şondan soňra Nureddin Mahmyt bilen Salaheddin Eýýubyň ýolbaşçylygynda Mosul goşunlaryna haçparazlaryň garşysyna bo-lan söweşde amatly pursatdan peýdalanmaga mümkünçilik döredi. Şeýlelikde, bu goşun-laryň dürli ýerlerdäki söweş meýdanlarynda güýçleriniň agdyklyk edýänligi belli boldy.
Goşunyň söweş tilsimlerini öwren-mekleri üçin ýörite meýdan saýlap aldylar. Ol meýdan bolsa çäklendirilen ýerde ýerleşdi. Ol goşuny atabeg dolandyrdy we oňa gözegçilik etdi.
Olar goşuny güýçlendirmek üçin umumy düzgünleri kabul etdiler. Mosulyň atabegi goşuny toparlara bölmekde we ýaraglandyr-makda seljuklaryň hökümdarlyklaryndaky harby düzgünleri nusga edindi. Bu ugurda bolsa seljuklar ýokary derejä ýetipdi. "Pereňliler Aziýanyň halklaryndan bolan türkmenlerden gaty gorkýardylar. Olarda seljuklaryň söweş usullarynyň esasy alamaty jemlenýärdi". Bu ýagdaý Fölleriň ýatlamasynda şeýle beýan edilýär: "Haçparaz-lar öz ýaý atyjy türkmen atlylarynyň öňünde, ol atlylaryň çalasynlyk bilen edýän hüjümlerine garşy hiç hili iş amala aşyryp bilmeýärler". Ol ýerde türkmenler bilen bir hatarda horasanly söweşijiler hem bolupdyr. Olar gorag güýçlerini emele getiripdirler. Taryhçy Ibn Esir şeýle diýýär: "Olar atly söweşijileriň hyzma-tynda bolupdyrlar". Şeýle hem olar türk-men atlylaryna köp möçberde zähmet haky tölemegi we harajat bilen üpjün etmegi öz üstlerine alypdyrlar. Ymadeddin Zeňňi söweşlerde bu horasanlylaryň gatnaşmak-laryny makullapdyr we olara gorag iş-lerini ynanypdyr. Olar 539-njy ýylda Rohany eýelemekde uly ýardam beripdiler. Şonuň bilen birlikde halaplylar hem öz harby güýçleri bilen Zeňňiniň goşunynyň üstüni ýetiripdirler. Olar emir Sawwaryň ýolbaşçylygynda demirgazyk Şamda haçpa-razlaryň garşysyna bolan köp sanly söweşlere gatnaşypdyrlar. Şeýlede olar 512-538-nji ýyllarda Wizantiýanyň impe-ratory Ýuhna II Kal Joheniziň hüjümlerine garşy durup, Halaby we beýleki şäherleri ondan goramakda uly hyzmatlary etdiler.
Türkmenleriň, horasanlylaryň we halap-lylaryň bir ýere jemlenmeginden başga-da bir düzüm bolan çarwalaryňky, kürtleriňki diýilýän goşunlar hem Atabegligiň hyzma-tynda bolmaga mejbur boldular. Ýöne bu goşunlaryň möçberi bilen Atabeglik mäkäm ýagdaýda bolmady. Şondan soňra Atabeglik bular bilen goşunlaryň üstüni dolduryp, goşun ýetmezçiliginiň öwezini dolmagy maksat edindi. Şeýlelikde, Ymadeddin Zeňňi birnäçe goňşy şäherlerdäki we haçparazlaryň ýerlerindäki hökümdarlyklary özlerine tabyn etmegi borç edindi.
Aglaba ýagdaýlarda goşun atly hüjüm-çilerden ybarat bolupdyr. Olar atyň üstünde peýkam bilen çalasyn hereket edipdirler. Şonuň üçin bu goşunyň çakgan iş alyp barmagy bilen söweşde olaryň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Bu atlylaryň ýaraglarynyň ýeňil bolmagy sebäpli olar atyň üstünde örän ornaşykly görünip-dirler. Şonuň bilen bir hatarda bu atlylar söweşi pyýada goşunyň ornunda hem alyp barmagy başarypdyrlar. Şeýlelikde, atly goşunyň bolmagy gorag ýagdaýlarynda we başga-da harby meselelerde örän zerur bolupdyr.
Atabegiň goşunynyň düzüminde başga esgerleriň toparlary hem bolupdyr. Olardan biri daş ýonujylaryň toparydyr. Daş ýonujylar berkitme gurmak, daş kesmek we garym gazmak işlerini öz üstlerine alyp-dyrlar. Salaheddin Iýerusalimde bolan wag-tynda bu topar berkitme gurmak işlerine gatnaşypdylar.
Goşunda daş ýonujylar bilen bir hatarda nebit zyňyp, partlatmak işini ýerine ýetirýän toparlar hem bolupdyr. Olar Salaheddin bilen Akkanyň gabawyna hem gatnaşypdylar. Bu topar nebit gazyp almak işinden hem baş çykarypdyrlar. Şeýle hem olar otda ýanmaýan geýimler geýip, içi nebitli ýanyp duran çüýşeleri duşmanyň üstüne zyňmak işini alyp barypdyrlar.
Bu goşunyň ýaraglary barada aýdyla-nynda bolsa, olaryň peýkam, galkan, demir bilen örtülen gamyşdan ýasalan ýiti naýzalary we gylyçlary ulanypdyrlar. Bu ýaraglar bilen birlikde gala urgy geçirilen wagtynda girelge üçin ýer açmakda goşuna hyzmat eden gurallaryň biri hem manja-nykdyr. Manjanyk bilen galany ýykmak işlerini köp sanly daş ýonujylar alyp barypdyrlar. Olar bu gural bilen içi nebitli ýanyp duran gaby ýa-da topy duşmanlaryň üstüne zyňypdyrlar. Mundan başga-da, olar güýçli ýanyp duran oky uzak aralyga atmagy başarypdyrlar.
Goşunlar tatar donuny, kellelerine bolsa demirden edilen jyga geýipdirler. Bularyň üstünden bolsa yslam geýmini geýipdirler. Esgeriň çep eline gylyç we suwlyk alyp, sag eline bolsa hanjar alyp söweşmegini Seýfeddin Gazy I ýola goýupdyr.
B. Çaparlaryň (hat gatnadyjylaryň) harby maksatlarda ulanylmagy
Mosul Atabegliginiň patyşalary hat gatnatmak işlerine uly üns berip başlapdyrlar. Olar bu işi ýola goýmakda atlary, adamlary şeýle hem duşmançylykly ýagdaýda zerur bolan hat gatnadyjy kep-derileri taýýarlaýardylar. Taryhçy Kalyka-şanda Atabegligiň hat gatnatmak işlerine uly üns berendiklerini ýatlap şeýle diýýär: "Döwleti Zeňňiniň nebereleri dolandy-randa, olar başarjaňlygy bilen tanymal boldular. Emma bu az wagtlyk dowam etdi. Soňra ol eýýuplaryň ygtyýaryna geçende dagynyk ýagdaýda boldy".
Hat gatnatmak işine ilkinji üns beren adam Mosul Atabeg döwletini esaslandyran Ymadeddin Zeňňidir. Ol öz hökümdar-lygynda söweş ýüze çykan wagtynda goňşy şäherlerdäki emirlere tiz wagtyň içinde habar berip, olary kömege çagyrmak üçin olar bilen elmydama gatnaşykda bolmagy zerur hasap etdi. Şeýle hem Zeňňi ol şäherleriň ýaşaýjylarynyň üpjünçiligine uly üns berdi we öz köşklerinde bolup geçýän ýagdaýlary, mundan başga-da, Atabeg-ligi syndyrmak maksady bilen howply dildüwşikleriň ýüze çykýan pursatlaryny soltana habar bermek işlerine aýratyn üns berdi. Şeýlelikde, Zeňňi hat gatnatmak işlerini ýola goýmak üçin köp harajat sarp etdi.
Zeňňiniň nebereleri hem hat gatnatmak işine uly üns berdiler. Mosulda hat gat-nadýan kepderileri terbiýelemekde uly tejribe gazanyldy. Kepderileriň haty tiz wagtyň içinde eltmeli ýerine gowşurýandygy üçin ony terbiýelemäge aýratyn üns berdiler. Nureddin Mahmyt hem şeýle kepderileri öz hökümdarlygyna alyp gidipdi. Nureddin Şamdaky haçparazlara garşy duranda, kep-deriler onuň habaryny beýleki hökümdar-lyklara ýetirmekde köp hyzmat etdiler. Kalkaşandiniň ýatlamagyna görä: "Hat gat-natmak işine üns berip, Mosuldan ol kepderileri hökümdarlygyna alyp giden ilkinji patyşa Şam hökümdary Nureddin Zeňňidir".
Taryhy makalalar