I Şäheriň gurluşy
A. Etraplar.
B. Ýerler.
W. Mähelleler.
G. Meýdan.
D. Patyşalygyň howlusy. Ýe. Köçeler.
II Edaralar (guramalar).
A. Metjitler.
B. Galalar we hadys aýdylýan ýerler.
W. Harby binalar.
III Mosulyň jemgyýetçilik durmuşy.
A. Ilatyň gatlaklary.
B. Dini guramalar.
W. Baýramçylyklar.
I. Şäheriň gurluşy
Atabegligiň döwründen öň Mosulyň ýag-daýy
Mosul Atabeg döwletiniň ýüze çykma-zyndan öň medeniýetden uzakda galypdy. Olar ähli ugurlarda dagynyk ýagdaýdady. Şeýle hem olar döwlet edaralaryny dolandyrmagy ünsden düşürip, ykdysadyýeti pese gaçyr-dylar. Bu pese gaçyşlyga öň şu şäherde hökümdarlyk eden seljuk emirleriniň döw-let işlerine üns bermezligi sebäp bolupdy. Emirleriň arasynda özara söweşler dowam edýärdi.
Mosul goňşuçylykdaky pereňlilere birigenligi sebäpli ýüze çykan durgun-lylykdan lezzet almady. Bu hakda Ibn Esir şeýle diýýär: "Ymadeddin Zeňňiniň höküm-darlygyndan öň şäherler sütemiň netije-sinde dagynyk ýagdaýdady we hökümdarlyk goňşuçylykdaky pereňlileriň ygtyýaryna geçdi". Seljuk emirlerinden öňküler Mosulyň halkyna hiç hili üns bermediler. Şeýle hem olar medeniýetde, ylymda ýa-da ykdysadyýetde ýokary derejä galmadylar. Mosulyň ýaşaýjylary başga şäherlere göçüp gidenlerinden soňra onuň meýdany kiçeldi. Şondan soňra Mosuly dagynyklyk gurşap aldy. Taryhçy Ibn Esir Mosulda Atabegler hökümdarlygynyň başlan wagtla-ryny kakasyndan eşiden sözleri bilen suratlandyryp, şeýle diýipdir: "Dagynyk ýagdaýa düşen Mosulyň tiz wagtda merkezi şäherleriň biri bolandygyna göz ýetirdim. Ilkibaşda onuň köp ýerleri harabaçylykdy. Tabbalinleriň ýerlerinden gala we soltanyň howlusyna çenli derbi-dagyndy. Türkmen-leriň metjidiniň golaýyndaky howly hem gözgyny ýagdaýda görünýärdi. Ol bolsa tabbalinleriň ýerlerine golaýdy. Köne metjidiň ymaraty hem öwerlik ýagdaýda däldi. Berkitmäniň golaýyndaky beýleki taraplarda düýbünden ýaşaýyş ýok diýen ýalydy. Golaýda ýaşaýyşyň bolmanlygy üçin adamlar metjide juma gününden başga gün barmaýardylar".
Mosul ýuwaş-ýuwaşlyk bilen özgerip başlady. Onuň hökümdarlygynda Atabegli-giň ornaşmagy bilen Mosul yslam şäher-leriniň arasynda öz ornuny tapdy. Hijri senesiniň VI asyrynyň ikinji çärýeginde Atabeg hökümdarlygy ýokary derejä galdy. Bu atabeglere dürli sebitlerdäki medeniýet, ylym we ykdysady işlere ýolbaşçylyk etmek ynanyldy. Şeýlelikde, Mosul orta asyrlarda ýokary derejä galyp, yslam dünýäsiniň merkezi şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlar onuň çar tarapyndan ýaşaýyş üçin täze ýerleri gözlediler. Olar Atabeg döwletiniň saýasynda bolmak bilen, howpsuz we asuda ýaşamak üçin bu ýerleri saýlap alýardylar. Ibn Esir bu özgeriş-likler barada şeýle diýýär: "Haçanda Ymadeddin hökümdarlyk süren wagtynda ol şäherleri berk gorady. Şeýle hem öz şäherlerinde erbet işlere we güýç ulanyp zorluk görkezmelere ýol bermedi. Onuň ähli durmuşy şäherleriň içinde geçipdi. Şeýlelikde, köp adamlar onuň şäherinde ýaşamagy makul bildiler. Bu zatlar Ymadeddiniň sahy bolmagy bilen bagla-nyşyklydy. Haçanda Mosulda we onuň welaýatlarynda ymaratlar bina edilip başlananda, adamlar harabaçylygy terk etdiler we özleriniň ýaşaýyşyny gowulan-dyrmak üçin howly gurundylar".
Şunluk bilen, Mosul Atabeg döwletiniň döwründe gülläp ösdi. Bu şäher taryhda öň şeýle derejä ýetmändi. Şeýle hem bu ösüş medeniýetleşdirmekde we bir düzgüne getirmekde ähli taraplardaky ýaşaýyşy gurşap aldy. Ol ýerdäki uly söwdanyň netijesinde bu şäher halaýykdan doly boldy. Mundan başga-da, şol döwürde binagärçilik işlerine uly üns berildi. Şeýlelikde, Mosulda medreseler, metjit-ler, hadys aýdylýan ýerler we galalar guruldy. Söwda işlerine hem uly üns berildi, ekerançylyk uly ösüşe eýe boldy we senagat ýokary derejä galdy.
Şäheriň gurluşy
A. Etraplar
Mosul şäheriniň ýaşaýjylarynyň sanynyň artmagy bilen soňabaka şäher darlyk edip başlady. Şondan soňra adamlar ýaşaýyş üçin etraplara gidip başladylar. Şonlukda, birnäçe şäherler medeniýet babatda uly şähere meňzedi.
Mosulyň gurşap alýan etraplaryndan esasy ikisi- al-Egla we as-Safl etraby meşhur boldy.
Al-Egla etraby Mosulyň demirgazyk tarapynda atabegleriň gurduran germewiniň daş ýüzünde ýerleşýär. Ol Sanjaryň derwezesinden günbatara Tigr derýasynyň gündogar kenaryna çenli uzap gidýär. Al-Egla howasynyň tämizligi bilen Tigr derýasyny we onuň töweregini gurşap alýan gözel ýerler bolan tokaýlary, bossanlary öz içine alýar. Bu etrapda emirler, iş dolandyryjylar we hökümet ýolbaşçylar ýetmezçilik edýärdi. Şonuň üçin Ymadeddin Zeňňi şäher bilen al-Egla galasyny birikdiriji Ymady derwezesini açmagy emr etdi.
As-Safl etraby etraplaryň iň ulusy bolup, onuň örän gowy binalary bar eken. Bu etrapda medreseler, metjitler, bazarlar, hammamlar we kerwensaraýlar guruldy. Mujahededdin bu etrapda medrese, metjit we keselhana gurdurdy. Mundan başga-da bu etrap bilen Tigr derýasynyň çep kenarynyň arasyny birikdiriji metjit bina edildi. Syýahatçy Ibn Batutta bu etraby suratlandyryp, şeýle diýýär: "Mosulyň uly etraby bar. Onda metjitler, hammamlar, myhmanhanalar, we bazarlar bar. Şeýle hem onda Tigr derýasynyň kenarynda Jamy metjidi bar".
B. Ýerler
Mosulyň binalarynyň oňatlygy, olaryň gurluşynyň we bezegleriniň özüne çekijiligi, köçeleriň gurluşy, şeýle hem bagy-bossanlary örän ýokary derejededi. Mosulyň ýerleri we mähelleleri ýaýraň, ýagny çadyr gurup ýaşamak ýagdaýynda hem bolupdyr. Bu ýerlerden esasylary türkmenleriň bazarynyň, derbidraçlaryň, murabbaglaryň (jiharsuk), şeýle hem girelgesindäki uly giňişligiň her burçunda myhmanhana bolan Arbaga bazarynyň ýerleri bolupdyr.
W. Mähelleler
Hadysyn, Tagaliba, Hazraç we iki köçäni, ýagny Jasase hem Jasysyn köçelerini özünde jemleýän Jasase mähelleleri möhüm bolup durýardy. Şeýle-de hem Tekaret bilen Tabbalyn mähellesi bulara degişli bolupdyr.
G. Meýdan
Bu meýdan Akyly berkitmesi ady bilen atabegleriň berkitmesiniň arasyndaky çäklendirilen ýerde ýerleşýär. Bu meýdan hiç bir ymarat bolmadyk boş ýerden ybarat bolup durýar. Atabeglik bu meýdany goşuna taýýarlyk görmek üçin ulanmagy teklip edipdir. Meýdanyň ortasynda bolsa köşk bar eken. Atabeg ondaky otaglary goşuny söweşe taýýarlamak işleri üçin gurşap aldy. Ibn Esir muny şeýle ýatlaýar, ýagny 587-nji ýylda Yzzeddin Mesgut goşunlary bilen Ibn Omar adasynyň gabawyndan dolanyp geleninde, Mosula girip, şol meýdandaky köşgüň otagynda düşläpdi.
Şäheriň ýokarsyndan aşaklygyna tarap ukaýlylaryň berkitmesiniň gabadyndan geçýän giň köçe hem şol meýdana gelip direýär. Patyşalygyň howlusy şäheriň galasyndan üzňelikde ýerleşýär. Şeýlelik-de, patyşalygyň howlusy bilen Atabegligiň galasy meýdanyň gündogar tarapynda bolup, ol ýerde hem Atabegligiň gurduran birnäçe medreseleri bardy.
D. Patyşalygyň howlusy
Mosulyň emirleri we döwlet adamlary bu howlynyň ýerini öz ýaşaýan ýerleriniň golaýyndan saýlap aldylar. Şeýle hem ol howly Tigr derýasynyň aňyrsyndaky meý-danyň garşysyndaky galanyň golaýynda ýerleşýärdi. Bu howly "Kurratu Saraý" ady bilen biziň günlerimize çenli öz täsir-liligini saklap gelipdir.
Tigr derýasynyň aňyrsyndaky ýerde hamdanylar ilkinji bolup öz hökümdar-laryna howly gurdular. Soňra benu akyl taýpasy bularyň yzyny eýerip, hut şol ýerden özlerine howly gurdular. Şondan soňra seljuklar hem gelip, şol ýoluň ugrundan soltanlyk üçin howly gurdular. Atabegler döwletini esaslandyran Yma-deddin Zeňňi bolsa şol howluda düşläpdi. Soňra Zeňňi patyşalygyň howlusynyň öz hyzmatyna golaý bolmagy üçin emir Nasreddin Köwri bin Jakarmişe bu howlunyň ýakynyndan özüne hem bir howly salyp bermegi tabşyrdy.
Soňra Ymadeddin patyşalyk üçin bir howly bina etmegi tabşyrýar. Bu binanyň bezeg işlerine onuň özi gözegçilik edip, oňa bürünç bilen owadan nagyşlar çekdirdi we petigine altyn bilen bezeg işlerini geçirtdi.
Zeňňiniň howlusynyň görnüşi kaşaňlygy we bezegi boýunça halypalaryň we soltanlaryň howlularyndan pes bolmandyr. Soňra Zeňňiniň nebereleri hem bu howlunyň ýakynyndan özlerine howly bina etdiler. Şunlukda, Mosulyň howlusy giňäp, galadan Maşryk derwezesine çenli uzap gitdi. Mosuldaky bu howly onuň günbataryndaky iki sany berkitmä hem öz täsirini ýetirdi. Ol berkitmeler iki gatdan ybarat bolup, Tigr derýasyna bakyp duran görnüşde bina edildi.
Ýe. Köçeler
Mosul şäheriniň mähellelerini we etraplaryny baglaşdyrýan köçeler onuň içinden geçýär. Almukadessiniň "Ahsanu Takasym" atly kitabynda belläp geçişi ýaly, şol wagtky belli bolan möhüm köçeleriň atlary şulardyr: Daýrul Egla, Baslut, Jassasyn, Beni Meýýide, Jassase, Dabagyn, Emiril Möminiň köçesi we Jemil köçeleridir. Birnäçe taryhçylar bulardan başga-da köçeleri ýatlaýarlar. "Üstünligiň atasy" diýen köçe, Mosulyň gadymky köçe-lerinden biridir. Bu köçäniň ugrunda 610-njy ýylda wepat bolan tebip Mezhebeddin bin Habal ýaşapdyr. Şeýle hem bu agzap geçen köçämizde muhajirileriň hadys aýdýan ýerleri ýerleşipdir. 520-nji ýylyň boş aýynda Aksunkar Barsukanyň öldürilen köçesi bolan "Iýlýa tebip" köçesi hem ýatlanylýar. Şeýlede "Möminleriň emiri Rumy" köçesi bardyr. "Ol Daýru Egla köçesine birigýän köçeleriň biridir. Çünki ol patyşalygyň howlusynyň öňün-däki meýdana baryp direýär. Şeýle hem ol köçe şäheriň esasy köçelerinden biri bolup durýar".
II. Edaralar (guramalar)
A. Metjitler
Emewi metjidi. Bu yslamy äleminiň ýüze çykmagy bilen Mosulda esaslandy-rylan ilkinji metjitdir. Musulmanlar ýerleri basyp alanlarynda, ilkinji işleri ähli şäherlerde metjitleriň düýbüni tutmak bolupdyr. Şu metjit hem şeýle esaslan-dyrylyp, Omar ibn Hattabyň halypalyk eden wagtynda Mosulda bina edilen ilkinji metjit bolupdyr. Emewi metjidi soň-soňlaram belli bolupdyr. "Şol wagt Mosula Harsama bin Arafja al-Baryky ýolbaşçylyk edýärdi. Soňra araplar bu ýerde düşläp, şäheriň düýbüni tutdular we Jamy metjidini bina etdiler".
Merwan bin Muhammet Mosuly dolan-dyrmagy öz üstüne alan wagtynda, Jamy ýykylypdyr. Ol bu metjidi täzeden giňeldip, bina etmegi emr etdi. Onda hüjre we minara guruldy we "Emewi metjidi" ady bilen tanaldy.
Seljuklaryň döwründe Emewi metjidi erbet ýagdaýa düşdi. Ol dagap, binasy ýykyldy. Şeýle hem adamlar metjide juma gününden başga wagt barmadylar. Ibn Esir Atabeg döwletiniň döwründen öň bu metjidiň ýagdaýyny suratlandyryp, şeýle diýýär: "Şol wagt köne Jamy dikeldilmändi" . Atabeglik Jamy metjidiniň ymaratyny dikeltmek barada alada edip başlapdy. 543-nji ýylda Seýfeddin Gazy I döwründe (541-544-nji ýyllar) onuň binasy täzelenip, gowy bezegler bilen timarlanyldy. Onuň mähraby bolsa ösümligiň şekilleri we arap hatlary bilen bezelip, owadan görnüşe girdi".
Atabegligiň döwründe Emewi metjidiniň howlusynyň ortasynda çüwdürim guruldy. Hijri senesi boýunça VII asyryň başla-rynda Mosuldaky Emewi metjidi uly metjitleriň hatarynda bolmagynda galdy. Taryhçy Harewa ony şeýle sözler bilen beýan edýär: "Alla ybadat etmek üçin gelýän adamlardan ýaňa bu köne metjit hiç wagt boş bolmady. Ol ýere zyýarata baran adamlaryň aýtmaklaryna görä, hiç bir yslam şäherlerinde ondan uly metjit ýokdur".
Metjit häzirki wagtda kiçi görnüşde bolup, onda juma namazy okalýar. Onuň howlusynyň uly bölegi bolsa "Sähra öwülýäsi" ady bilen ählumumy öwülýä hökmünde kabul edildi. Şeýle-de bu metjit "Köne Jamygy öwülýäsi" diýlip hem tanalýar. Bu metjidiň gözelliginden bize gelip ýeteni diňe 543-nji ýylyň sungatyny özünde jemleýän mährabydyr. Ol Mustapa Bagdady tarapyndan ýerine ýetirilipdir.
Nury metjidi. Nury metjidini hem esaslandyran Nureddin Mahmyt bin Ymadeddin Zeňňidir. Ol 566-njy ýylyň dört tirkeşikleriniň üçünji aýynda Mosula girilýän ýerde metjit bina etmekligi emr edipdi. Metjidiň ýerini Nureddiniň özi saýlapdy. Ol metjidiň binasyna we onuň çykdaýjysyna ýolbaş-çylyk etmegi şyhlaryň birine ynandy. Nureddin Abu Hazyr metjidiniň minara-synyň üstüne çykyp, metjidiň bina ediljek ýerine syn etdi we onuň üçin patyşalygyň howlusynyň golaýyndaky görü-nip duran ýeri saýlap almak barada görkezme berdi. Şyh hökümdaryndan rugsatsyz ol ýerden hiç zat almady. Şeýlelikde, metjidiň ymaratyna şyh Omar Mele ýolbaşçylyk etdi. Omar Mele gowy häsiýetli adamdy. Ol metjidiň mülküni şol ýeriň hökümdaryndan gymmatbaha bilen satyn aldy. Soňra ol köp harajat sarp edip, metjidi bina etdirdi. Metjidiň gurluşyk işleri 568-nji ýylda tamamlandy. Mosuldaky metjidiň binasyna gözegçilik etmek tabşyrylan şyh Omar Mela Nureddiniň gurluşyk üçin beren pulunyň möçberi altmyş müň dinara ýetipdir.
Nureddin metjidiň mäkäm bolmagy üçin oňa köp harajat bagyş etdi. Ony gurmak üçin zähmet çeken binagärleriň haklaryny hem doly töledi. Şeýle-de, Nureddin bu metjidiň gurluşygyna Mosul hazynasyndan hem köp harajat çykardy. Metjitde ders bermegi Nureddiniň buýrugy bilen fakyh Abubekir Barkany alyp bardy.
568-nji ýylda Nureddin Mosula gele-ninde, namazyny Nury metjidinde okady. Ol köp harajat çykaryp, sadaka berdi we metjitde hutbaçylary hem azançylary belledi. Şeýle hem metjidi düşek, haly, namazlyk we şuňa meňzeş zatlar bilen üpjün etdi.
Bu metjide aýatlar yslam sungaty bilen nagyşlandy. Metjidiň birnäçe ýerlerinde mermerleri oýup, birnäçe ýerlerinde bolsa bürünç bilen nagyşlap hat ýazdylar. Şolaryň birnäçesi biziň günlerimize gelip ýetmändir. Abu Şamiýe ol metjidi suratlandyryp, şeýle diýýär: "Ol owadan-lygyň we döredijiligiň soňky derejele-rinde boldy".
Bu metjit biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Ol gündogar tarapyndaky egri minarasy bilen hem tapawutlanýar. Bu minara Yrakdaky iň beýik minaralaryň biri bolup, onuň boýy 60 metre ýetýär. Şeýle hem onuň kerpiçleri owadan nagyşlar bilen bezelendir. Minaranyň ýokarsyna çykylýan iki sany ýoly bar. Olaryň birinjisi ýerden göni çykylýar, ikinjisi bolsa minaranyň daşyndan aýlawly çykylýar. Bu ýollaryň ikisi hem minaranyň içinde birleşmezden onuň ýokarysyna çykýar. Ol minara kerpiçden örülip, onuň esasy (fundamenti) dörtburç görnüşde bolupdyr. Ol sütüniň ýokarsy bolsa gupba meňzeş togalak görnüşde gutarýar.
Mujahyt metjidi. Mujahyt metjidini Mujahededdin lakamy bilen atlandyrylan Abu Mansur Gaýmaz bin Abdylla Azzeýn gurdurypdyr. Ol 571-nji ýylyň gurban aýynda Mosulyň galasynda dazdarlygy dolandyrmagy öz üstüne alýar.
Mujahededdiniň ylyma we medeniýete uly sarpa goýandygy bellidir. Onuň Mosula we Erbile hem gowy täsirleri ýetdi. 572-nji ýylda Mosulyň daşynda Jasyr derweze-siniň ýanynda Mujahyt metjidiniň bina-syna başlanýar. Şeýlelikde, Mujahyt metjidi iň gowy metjitleriň hataryna girdi. Mujahededdin Gaýmaz hemişe metji-diň hyzmatynda bolmak üçin tygşytlanylan puldan haýyr-sahawaty bagyş edýär eken.
Metjit Mosulyň günorta tarapynda, Tigr derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Ol al-Esfal etrabynda ýerleşýändigi üçin "Etrap metjidi" ady bilen tanalýar.
Metjidiň gurluşyk işleri bäş ýyl dowam edipdir. Gurluşyk üçin köp harajatlar harç edilip, işe ökde ussalary alypdyrlar. Metjitdäki taryhy ýazgylar gurluşyk işleriniň 576-njy ýylda tamamlanandygyny görkezýär.
Ibn Jebir uly etrap bolan al-Esfal barada öz sözleri bilen ýatlap, şeýle diýýär: "Mujahededdin ol ýerde şäheriň birnäçe emirlerini täzeledi. Şeýlelikde, Tigr derýasynyň kenaryndaky metjit Mujaheded-diniň ady bilen belli boldy. Ol metjide barýan adamlaryň köplüginden ýaňa ýer hem görünmeýärdi. Ondaky her bir kerpijiň tertipli ýagdaýda nagyşlanyp bezelişi bolsa taryp ederden has ýokary derejededi. Şeýle hem onuň hüjreleri jennetiň hüjrelerini ýadyňa salýar. Metjidiň demir penjirelerinden Tigr derýasyna seretseň, tebigat örän gözel bolup görünýär".
Metjidiň gümmezi kerpiç bilen bina edilen, emma onuň içi hatlar, dürli nagyş-lar bilen timarlanan görnüşde bolupdyr. Metjidiň diwarlaryna kufa we nash haty bilen Gurhandan aýatlar ýazylypdyr. Ýöne onuň gümmezine abatlaýyş işleriniň geçi-rilmegi bilen ýazylan hatlaryň we nagyş-laryň yzy ýiteňkirläpdir. Şeýlelikde, gümmez biziň günlerimize çenli gowy ýagdaýda gelip ýetmändir. Şonuň üçin metjidiň mährabynyň ýokarsyndaky gapyda, bürünje oýulyp çekilen ýeke-täk nagyş bar. Ol nagyşda ösümlik ýapragynyň, sosnanyň we palma agajyndan taýýarlanan ýelpewaçla-ryň suraty, olaryň töwereginde bolsa baglaryň şahalarynyň suraty jebis ýerleşdirilipdir. Şeýle hem ol ýerde ýolbars, keýik we eldeki guşlar we gaz, kepderi ýaly haýwanlaryňdyr guşlaryň şekilleriniň daşynda ösümligiň görnüşleriniň ýerleşdi-rilmegi örän owadan görnüşi berýär.
Häzirki wagtda metjidiň meýdany Ata-begler döwründäkisinden daraldy. Mujahyt metjidini "Ýaşyl metjit" ýa-da "Gyzyl metjit" diýip atlandyrýarlar. Bu metjitde juma namazy hem okalýar.
B. Galalar we hadys aýdylýan ýerler
Aslynda gala atly söweşijileriň duş-man bilen söweşmek üçin taýýarlyk görýän we jemlenişýän ýeridir. Şeýlelikde, ol gala-lar söweşiji goşunlara bagly boldular. Şeýle hem atly söweşijiler serhetýaka welaýatlarda duşmanyň garşysyna söweşmek üçin gala gidipdirler. Ybadat etmekden saklanyp, boş wagty bolan adamlar galada jemlenipdirler we şonuň netijesinde dini we harby babatdaky adamlar bir-birleri bilen utgaşypdyr. Galalarda münber we minaralar bolmandyr. Şeýle hem galalarda garyplara we ýalňyz adamlara ýaşamak üçin ýerler döredilipdir. Ýöne ol ýerde aýal maşgalalara ýaşamaga rugsat berilmändir.
Adatça galalaryň binalary, içinde garyplara we terkidünýälere gaçybatalga üçin hüjreler we ýarag, azyk ammarlary üçin bina edilen berkitme diwarlaryndan ybarat eken. Şeýle hem howply ýagdaýlarda seresap-lylyk üçin duşmanyň ýakyn gelmezligine gözegçilik etmäge galanyň minarasy bolup-dyr.
Seýfeddin Gazy I (541-544-nji ýyllar) Atabegligiň döwründe sopular üçin Mosulda ilkinji bolup gala gurduran hökümdardyr. Seýfeddin olara zerur bolan zatlaryny etmek üçin gala ýygy-ýygydan barýar eken. Galanyň binasy Atabegligiň patyşalaryny kanagatlandyrmaýar diýip hasap edipdirler. Atabegleriň emirleri we wezirleri Mosulda başga bir galanyň düýbüni tutupdyrlar. Şeýle galanyň biri 563-nji ýylda wepat bolan Zeýneddin Aly bin Begteginiň bina etdiren "Zeýniýe" galasydyr. Soňra Jema-ledin Şährizury Mosulda, Sanjarda we Nusaýbynda birnäçe galalary bina etdirdi. Onuň Mosulda bina etdiren galasy "Şährizurynyň galasy" ady bilen bellidir. Mujahededdin Gaýmaz hem al-Esfal etra-bynda medrese, keselhana bilen bir hatarda bir galanyň düýbüni tutýar we galany harajat bilen üpjün edýär.
Mosulda Esiriň ogullaryna degişli iki sany gala hem bardyr. Olaryň birinjisi Diraç galasynyň golaýynda ýerleşýän Magruf galasy. Ony esaslandyran Mujahededdin bin Esirdir. Bu galanyň giň howlusy bolup, Mejideddin ony özüne kabul etdi. Ol 606-njy ýylda şol ýerde hem jaýlanýar. Beýleki gala bolsa taryhçy Yzzeddin bin Esire degişlidir. Bu gala "Kasru Harby" ady bilen tanalyp, ony 573-nji ýylda wepat bolan Abu Abdylla al-Hüseýin Kazyp Elban bin Abu Rabyga Mosulyň Sanjar derwezesiniň daşky tarapynda öz ady bilen gurdurypdyr.
Mosulda metjitler, galalar bilen bir hatarda birnäçe dini edaralar hem döredildi. Olar Muhammet pygamberiň hadyslaryny, eden işlerini we onuň hadyslarynda gelýän rowýatlary öwrenmekde esasy ýerler boldy. Şol döwürde Mosulda iki ugur boldy. Olaryň birinjisi muhajirilerden bolan Abulkasym Muhajyr Bisikketi Abu Najyhyň Mosuldaky hadys aýdylýan ýeri. Bu ugurda sapak bermegi 552-nji ýylda wepat bolan Abu Yshak Albiruny şyh wezipesinde bolup, öz üstüne aldy. Ikinji ugur bolsa "Muzaffaryýe" atly hadys aýdylýan ýeridir. Bu ugury, ony esaslandyran Erbiliň hökümdary Muzaffa-reddin Gökbörä degişlidir. Bu ugurda ökde hadys aýdyjylardan biri al-Hafyz Abu Muhammet Abulkadyr Rahawiýedir. Ol biri-birinden tapawutlanýan kyrk sany hadysy düzgünleşdirdi. Şeýle hem 622-nji ýylda wepat bolan Abu Abdylla al-Hüseýin bin Omar bin Baz Mosulda ýaşaýan ökde hadysçylaryň biridir. Ol Mosuldaky Muhammet pygamberimiziň ýoluny ýöredýän medresede şyh wezipesini alyp berdi.
W. Harby binalar
Mosulyň berkitmeleri we minaralary
Mosulda Şerifeddöwle Muslim Ukaýly-nyň bina eden berkitmesi hem bar. Onuň boýy uly bolman, garymy hem ýok eken. 494-nji ýylda seljuklardan öň Mosula emir Jakarmyş hökümdarlyk eden wagtynda çuň bolmadyk garymy bolan bir binany gurmagy emr etdi. Şeýle hem ol Ukaýlynyň berkitmesini täzeden abatlady.
Tä Ymadeddin Zeňňi Mosulda döwlet başyna geçýänçä, berkitme şu ýagdaýda boldy. Zeňňi duşmanlaryň öňünde durmak üçin patyşalygyň merkezinde berkitmäniň zerurdygyna göz ýetirdi. 527-nji ýylda halypa Mustareşit Billa Mosula hüjüm edip, ony gaban wagtynda, Zeňňi şäheriň berkitmesine arkalanyp, olardan gora-nypdy. Şondan soňra ol berkitmäniň binasyna ýolbaşçylyk etmegi öz orunbasary Nasreddin Jakra tabşyrýar. Şeýle hem ol berkitmäni öňki durkundan özgertmek üçin onuň boýuny ýokary galdyrmagy we demirgazyk tarapdaky emirleriň köşklerine tarap giňeltmegi emr edipdi.
Şeýlelikde, Mosulda iki sany ber-kitme bardy. Olaryň birinjisi seljuk emirleriniň binasy, ikinjisi bolsa Zeňňiniň binasydyr. Ibn Jebir Mosulyň berkligini we onuň berkitmeleriniň gümmezleriniň mäkämligini suratlandyryp, şeýle diýdi: "Bu uly we mäkäm owadan köne şäherdi. Şeýle hem bu şäher köp döwri başdan geçiripdir. Uly gozgalaňlarda ol ýerde güýçli taýýarlyklar görlüpdir".
Mosulyň berkitmelerini Ibn Batutta şeýle suratlandyrypdyr: "Mosulda berk minaralary biri-birine ýakyn bolan iki gala bar. Ol berkitmeleriň içinde üsti-üstine bina edilen öýler hem bar. Şäherlerde munuň ýaly berkitme asla ýokdy".
Mosul berkitmesiniň dürli taraplaryn-dan açylan dokuz derwezesi bar eken. Ol derwezeler şulardyr: Ymady derwezesi. Bu derwezäni 527-nji ýylda Ymadeddin Zeňňi açmagy emr etdi. Sanjar derwezesi. Bu şäheriň iň uly derwezelerinden biridir. Kanida derwezesi. 578-nji ýylyň rejep aýynda Salaheddin Mosula birinji gezek ýöriş edip, ony gaban wagtynda şu derwezede düşläpdi. Jasyr derwezesi. Salaheddin Mosula hüjüm edende, onuň bilen bu ýörişe gatnaşan Kifaa galasynyň hökümdarynyň esgerleri şu derwezede düşledi. Soňra Jassase derwezesi. Garbi derwezesi. Kind derwezesi bilen Yrak derwezesini Yzzeddin Mesgut açdyrypdy. Kassabyn derwezesi we Maşryk derwezesini bolsa Seýfeddin I sopular üçin goňşu-çylykda guran galasynyň derwezesidir.
Mosulyň galasy
Bu gala patyşalygyň howlusynyň gola-ýyndan Mosul şäheriniň demirgazygyna, ýagny Tigr derýasynyň kenaryna çenli uzalyp gidýän aralykda ýerleşýär. Mosul Atabegligi bu galany giňeltmek barada alada etdi we goşunyň sany birnäçe müňe ýetýänçä galanyň ýaşaýjylarynyň üstüni doldurdy. Şeýle hem olary çaknyşyk wagtynda gerek bolýan söweş enjamlary bilen üpjün etdi.
Seýfeddin Gazynyň II weziri Fahreddin Abdylmesih galany dolandyrmaga ünsli garap, galanyň binasyny berkitmegi emr etdi. "Ýöne Zeýneddiniň gala az üns berenligi üçin ol eýýäm dagynyk ýagdaýa sezewar bolupdy".
Syýahatçy Ibn Jebir Mosula zyýarat eden wagtynda galany suratlandyryp, şeýle diýýär: "Bu şäheriň ýokarsynda bir uly gala tertipli ýagdaýda ýerleşýär. Şeýle hem bu köne galada beýik minaralar gurlupdyr. Soltanyň howlusy bolsa onuň bilen bir ýerde ýerleşýär. Gala bilen şäheriň arasyny giň köçe kesip geçýär. Ol köçe şäheriň ýokarsyndan aşaklygyna tarap uzalyp gidýär. Şäheriň gündogar tarapyndan Tigr derýasy akyp geçýär. Ol berkitmäniň burçlary derýanyň suwuna çenli baryp ýetýär". Ibn Batutta bu galany suratlandyryp, şeýle diýýär: "Ol galanyň örän berk gurlandygy üçin onuň içine girmek asla mümkin däldi".
Gala şäheriň ähli harby işleri üçin zerur bolupdyr. Ol şäheri goramagyň merkezi hökmünde kabul edilip, galanyň içinde elmydama ýaraglanan goşun taýýar bolup durupdyr. Galalara hüjüm edilende, olardan goranmak üçin esgerler mertlik görkezip duşmanyň öňünde durdylar. Gala-daky bu işi dolandyrmaklyga gaýduwsyz-lygy bilen belli bolan uly emirlerden biri, durmuş tejribesi bolan ýa-da harby işlerden başy çykýan adam bellenipdir. Bu wezipedäki adama "Dazdar" diýip at beripdirler. Şeýlelikde, ol Atabeg döwle-tiniň ähli galalaryna ýolbaşçylyk edipdir. Mosul Atabeg döwletiniň taryhynda möhüm rola eýe bolan birnäçe şahsyýetler Mosulyň galasyny dolandyrypdyrlar. Olardan bir-näçesini ýatlap geçeliň. Seýfeddin bilen Kutbeddiniň galadan uzakda bolandygy üçin olaryň orunbasary Aly bin Begtegin bu wezipäni dolandyrdy. Şondan soňra bu wezipäni Fahreddin Abdylmesih, Sagdeddin Kümüştegin, Mujahededdin Gaýmaz dagylar dolandyrdylar. Iň soňunda bolsa Mosul Atabeg hökümdarlygyny özünde galdyran Bedreddin Lulu bu wezipä 631-nji ýylda geçdi.
Ol galanyň birnäçe derwezeleri bolup-dyr: "Gala derwezesi" ady bilen tanalýan derweze şäheriň ortasyndaky meýdan tarapdan açylan. "Syrly derweze" iň mäkäm derwezelerden biridir, ol Tigr derýasyna tarap bakyp dur. 566-njy ýylda Nureddin Mosuly gabanda, galanyň berk goralýan şol derwezesinden girmegi kasam edipdi. Şunlukda, ol Syrly derwezeden galanyň içine girdi.
Mosulda dürli döwürlerde birnäçe galalar guruldy. Eşuri berkitmesi olaryň has könelerinden biridir. Ol Mosul şäherindäki baýyrlaryň üstünde bina edilen kiçiräk galalaryň biridir. Soňra IV asyrda bir galany bina edipdirler. Şeýle hem şäheriň ortasynda berkitme bardy. Al-Mukaddesi ony suratlandyryp şeýle diý-ýär: "Mosulda Zubeýt derýasynyň aňyrsynda oňa gabatlaşyp duran Murabba diýlip atlandyrylýan berkitme bardy. Onuň içindäki uly giňişlikde ýerleşen Arbaga bazary hem meşhur boldy".
Bu galanyň mäkämligi üçin ony goşun merkezi hökmünde ulandylar. Şeýlelikde, olar howply patyşalara we öz tabynly-gyndan çykanlara jeza bermek üçin ol galada berk zyndan gurdular. Bu galada 541-nji ýylda soltan neberelerinden ilkinji tussag edilen Mälik Alp Arslan bin soltan Mahmytdyr. Soňra Süleýman şa bin soltan Muhammediň 551-nji ýylda Hamzanda soltan Muhammediň öňünde ýeňlişe sezewar bolmagy bilen Zeýneddin Aly ony tussag etdi. Şonuň ýaly-da wezir Jemaleddin Yspyhany, Mujahededdin Gaýmaz ýaly Atabeg döwletiniň uly wezipeli işgärleri hem Mosul galasynda tussaglykda oturdylar.
III. Mosulyň jemgiýetçilik durmuşy
A. Ilatyň gatlaklary
Araplar
Mesopotamiýanyň şäherlerine yslamy ýaýratmak üçin Mosula giren ilkinji arap taýpalary tagallup, eýýat we namr taýpala-rydyr. Musulmanlar Mosula we Mesopota-miýanyň şäherlerine girenlerinde, rabia bin efkel taýpasy olar bilen bilelikde boldular. Tagallup taýpasyny bolsa adna-nyly rabygylar dolandyrdy. Olaryň Meso-potamiýadaky şäherleri Ýewfrat derýasynyň golaýynda Sanjar we Nusaýbyn tarapda boldy. Bu taýpalaryň ülkeleri rabygylaryň ülkesi ady bilen tanaldy. Olaryň Rumdaky goňşy döwletleriniň aglabasy hristianlar-dan ybaratdy.
Mesopotamiýanyň şäherlerinden Mosula gelen arap taýpalary ýuwaşlyk bilen uly bir topara öwrüldiler. Olardan has meşhur-laryndan biri Mosulda öz taýpalarynyň ady bilen metjit bina eden hazraç taýpasydyr. Şol taýpanyň ýaşan ýeri häzir hem hazraç ady bilen tanalýar. Hazraçda ezet, temim we hamzan ýaly başga-da arap taýpalary ýaşapdyr. Olar gündogar Hyjazdan gelip, Mosulyň daşyndaky beni kaýs taýpasy bilen bilelikde ýaşadylar. Soňra ol ýere rabygylar taýpasy, şeýle hem şahwan taýpasy göçüp bardy. Bu taýpa öz aslyny tagallup taýpasyndan alyp gaýdýar. Mosulda şahawinler taýpasynyň adynyň dowam etmegi bilen olar öz taýpalarynyň atlaryny şäherdäki ýaşaýyş ýerleriniň birine dakdylar.
Şeýle-de Mosulda benu şeýban taýpasy ýaşady. "Olar öz aralyrynda köp halklary jemlediler. Şeýle hem bu taýpa yslam dininiň esasy ýaýrap başlan döwründe Tigr derýasynyň gündogarynda Mosul tarapda ýerleşdi".
Ibn Hukaýlyň ýatlamagyna görä: "Arap mähellelerinden birnäçesi - rabyga, ýemen taýpalary gyş paslyny Mosulda geçir-diler. Sanjarda bolsa arap kowumlaryndan bolan beni kaşyr, akyl, namyr we kilap taýpalary ýaşady".
Kürtler we türkmenler
Kürtleriň kowumlary Atabeg döwletiniň döwründe Mosulda ýaşadylar we ony dolan-dyrdylar. Ibn Hukaýl öz döwründe Mosulyň ýaşaýjylarynyň esasy böleginiň kürtler-digini ýatlap, şeýle diýýär: "Hazbaniýe, Hamydyýe we Lariýe kürtlere bagly boldy". Kürtleriň köp bölegi Mosulda gurlan Zawzan galasynda ýaşadylar. Şeýle hem olaryň birnäçesi Hakariýedäki we Hamydyýedäki kürtleriň galasynda we 537-nji ýylda Zeňňiniň bina eden Ymadiýe galasynda ýaşadylar.
Türkmenler Mosulda we onuň goňşu-çylygyndaky birnäçe welaýatlarda ýaşadylar. Kürtler bolsa türkmenleriň üstüne häli-şindi çozuş edip durdular. Bu ýagdaýyň sebäbini beýan etsek, adatça kürtler Mosulyň mülklerine ýolbaşçylyk etdiler. Ibn Esiriň gürrüň bermegine görä, türkmenleriň kürtleriň ýolbaşçylyk etmegine boýun bolmanlygy sebäpli Diýaruzzarda, Mosulda, Diýarbekirde, Hilatda we Şamda olaryň arasynda pitneçilikli hereketler boldy. Bu pitneçilikli wakanyň netijesinde türk-menler we kürtler tarapyndan ýüzlerçe adam wepat boldy. Ýokary derejä ýeten pitneçi-likli hereketler, Mujahededdin Gaýmaz iki tarapyň peýdasyny gorap, olary köşeş-dirýänçä dowam etdi.
Atabeg döwletiniň goşunynyň bir bölegi kürtlere we türkmenlere bagly boldy. Atly güýçleriniň esasy bölegi ýaý atyjy türkmenlerden ybarat boldy. Bu atlylar çalasyn hereket etmek bilen söweşlerde möhüm orny eýelediler. Ok atyjy atlylar duşmanlaryny çykgynsyz ýagdaýda goýdular.
Kürtler hem Atabegligi goşun güýçleri bilen üpjün etdiler. Olardan birnäçesi bolsa Mosul Atabegliginiň tabynlygyndaky welaýatlarda, esasan hem, Sanjarda, kürtleriň galasynda emiriň we öňbaşçynyň wezipesini dolandyrdylar.
B. Dini guramalar
Musulmanlar
Mosulyň ýaşaýjylarynyň esasy bölegi musulmanlardan ybaratdy. Olaryň köpüsi şapygy we hanapy mezheplerindäki sünnü-lerden düzülendir. Bu mezhepler seljuklar döwründen soňra we onuň yzysüre höküm-darlygyň Atabeglere geçmegi bilen ýaýrady. Seljuklar bilen atabegler medreselerde şapygy we hanapy fakyhlary öwretmek üçin ýörite ugurlar esaslandyryldy. Ol medreseleriň ýarysy şapygy mezhebine, beýleki ýarysy bolsa hanapy mezhebine degişli boldy. Medreseleriň birnäçesi şapygylara degişli boldy. Çünki Nureddin Arslan I şafygylardan altmyş sany adama niýetläp gurduran metjidini olara degişli hasap etmek bolar.
Bedreddin Lulunyň Mosulyň höküm-darlygy eýelemegi bilen şapygy mezhebine goltgy berip, ony öz hökümdarlyk edýän döwletinde giňden ýaýratdy. Ol Mosuldaky birnäçe medreseleriň içinde ymam Hezreti Alynyň ogullaryna ýadygärlik aramgäh gur-durdy. Bedreddin bu gurluşygyň binagär-çilik işlerine ünsli çemeleşdi. Şeýle hem ol aramgähiň gözegçilik işleri üçin ýörite bir gullukçy belledi.
Hristianlar
Mosulda yslam döremezinden öň esasy iki ýerden başga ýerde ýaşaýyş bolmandyr. Olaryň birinjisinde parslardan ybarat bolan otparazlar ýaşapdyr. Ikinjisinde bolsa hristian jaramyklar ýaşapdyr. Ibn Hukaýlyň ýatlamagyna görä, Ninuda Şaha-rijeli baý hristianlar ýaşapdyr. Şonuň ýaly-da, Mosulyň tabynlygyndaky iki sany şäherde hristianlar ýaşady. Takriýedäki daýhan hristianlar bolsa Edire bilen aralykda gök ekiniň söwda işleri bilen meşgul boldular. Şeýlelikde, birnäçe hristian binagärçiler bu şäherden Mosula göçüp baryp, onuň ykdysady durmuşyny ösdürmäge işjeň gatnaşdylar. Olar toýun senagatynda we magdan önümçiliginde ussatlyk görkezdiler.
Mosulyň Edire şäherinde we Meso-potamiýanyň şäherlerinde hristianlaryň sany örän artdy. Bu barada Şabeştiniň "Diýarlar" atly kitabynda we Ýakudyň "Atlaryň sözlügi" atly işinde köp mysallar getirilýär. Geliň, onda ýatlanyp geçilýän mysallardan birnäçesini belläp geçeliň. Eýýuplylaryň şäherleri bilen Ibn Omar adasynyň arasyndaky 80 sany obada, Abu Ýusup diýen ýerde, Mosuldan demirgazyk tarapda bir mil uzaklykdaky obalarda, al-Egla diýen ýerde we Mosulyň ýakynyndaky Tigr derýasynyň ýakasy bilen uzalyp gidýän daglyklarda hristianlar mesgen tutupdyrlar.
Jöhitler
Mosulda ýehudileriň taýpasy ýaşaýardy. Benýamin Attetili 1160-1173-nji ýyllar aralygynda Mosula eden syýahaty barada ýatlap, şeýle diýýär: "Bu şäherde ýehudileriň sany ýedi müňe golaý boldy. Olaryň ýolbaşçylaryndan biri bolsa Ýusupdyr. Ol Mosulyň atabegi bolan Seýfeddin Gazy I hyzmatynda bolan astronomiýa boýunça alymdyr. Şeýle hem ol beýleki ýehudi taýpalarynyň Erbile, Rahaba we Ibn Omar adasyna gelmekleri barada görkezme berdi".
Aglaba adamlaryň pikir etmeklerine görä, taryhyň dürli döwürlerinde, ähli ýehudi taýpalarynyň amala aşyrýan işleri ýaly bu taýpa hem söwda we maliýe işleri bilen meşgul boldy.
W. Baýramçylyklar
Agzaçar we gurban baýramlary
Bu dini baýramlar her ýylda uly baýramçylyk hökmünde belläp geçmek Mosulyň halkynyň arasynda däbe öwrüldi. Olar baýramçylyklary şäheriň daşyna çykyp bellediler we ol ýerde at üstünde dürli oýunlar görkezdiler.
Muhammet pygamberiň dünýä inmegi bilen bellenilýän baýramçylyk
Bu baýramçylygyň uly dini häsiýetde bolandygy üçin Mosul halky oňa uly üns berdi. Olar bu baýramçylyga öňünden taýýarlyk gördüler. Şeýlelikde, olar öz howlularyny, bazarlaryny we köçelerini bezediler. Baýramçylyk güni gelip ýetende bolsa, ähli halk dini baýramçylygyň geçýän ýeri bolan Mosul metjidine barýarlar. Fakyhlar bolsa Gurhany kerimiň aýatlaryny okaýardylar. Şeýle hem ol ýere baranlar pygamberlere aýdylýan öwgüli sözleri diňlediler. Bu baýramçylyga Mosulyň ilatynyň ähli gatlaklary gatnaşýardy. Olaryň içinde hökümetdäki ýokary gatlakla-ryň adamlary hem bardy. Şeýlede, bu baýramçylyk şyh Omar bin Muhammet al-Mela üçin hem adata öwrülipdi. Ol bu ajaýyp baýramçylyk gününi bellemek üçin Mosulda metjit bina etmegi Nureddin Mahmyda äht edipdi. Bu baýramçylykda dürli tagamlar taýýarlanyp, oňa Mosulyň atabegi, emirler, alymlar, fakyhlar we halk köpçüligi gatnaşýardy.
Pygamberimiz Ýunusyň mazaryna zyýarat etmek däbi
Pygamberimiz Ýunusyň mazary Mosulyň golaýyndaky Ninu baýrynda ýerleşýär. Mosullylar juma gününiň we baýramçylyk gününiň gijelerinde mazara zyýarat etmek üçin ol ýere gidýärler. Şol ýerde olar dini aýdymlary we goşgulary aýdýarlar. Syýahatçy Ibn Jebiriň ýatlamagyna görä, mosullylar pygamberimiz Ýunusyň mazarynyň ýerleşen galasynda uzak gijäni geçirdiler we juma namazy gutarandan soň Mosula gaýdyp geldiler. Ibn Jebir hem bu baýramçylyga gatnaşmak üçin 580-nji ýylyň sapar aýynyň 16-syna juma gijesinde adamlar bilen Ninu baýryna tarap gidipdi. Ol şol gijäni galada geçirdi we Ýunus pygamberiň çeşmesinden tämizlenip, onuň suwundan içdi. Şeýle hem Ibn Jebir onuň golaýyndaky metjitde juma namazyny okady.
Hajylaryň Beýtullahil-Haramdan dola-nyp gelmekleri bilen ýüze çykan baýramçylyk
Mukaddes ýerden gadyp gelýän hajylary baýram edip garşylamak mosullylara adat bolup galypdy. Adamlar şu maksat bilen olaryň öňlerinden çykýarlar. Hajy zyýaratyndan gelýänler bolsa gowy geýimler geýnip, atlaryny hem ýüpek matalar, ala-mula reňkler we altyn monjuklar bilen bezäp gaýdyp gelipdirler.
Ibn Jebir Mosula zyýarat eden wagtynda bu baýramçylyklaryň biriniň şaýady bolupdy. Ol bu ýagdaýlary "Syýahat möwsümi" atly kitabynda beýan etdi. Bu dolanyp gelýän hajylaryň arasynda Mosul hökümdary Yzzeddin Mesgudyň ejesi hem bardy. Bu baýramçylyk barada Ibn Jebir şeýle diýýär: "Adamlar atly we pyýada çykyp olary garşyladylar. Aýal maşgalalaryň köpüsi hajylary garşylamaga atly çykypdyrlar. Bularyň sany juda köpdi. Şol wagt döwletiň emiri Yzzeddin Mesgut hem döwlet işindäki egindeşleri bilen ejesini garşylamaga çykdy. Hajy zyýaratyndan dolanyp gelýän adamlar aýallary bilen şatlykly ýagdaýda görüşýärler. Olaryň münüp gelýän düeleri boýnuna dürli reňkden dokalan ýüpek mata we gymmatbaha monjuklar bilen bezelen görnüşde bolupdyr. Şeýlelikde, bu hajy parzyny amal edip gelýän adamlary garşylamak daşyndan synlanyňda ajaýyp keşbi emele getiripdir".
B. Milli we bahar baýramçylyklary
Mosul howasynyň mylaýymlygy we suwunyň süýjüligi bilen bellidir. Taryhçy Ýakut şol gözelligi suratlandyryp, şeýle diýýär: "Onuň gowy howasy we süýji suwy bar. Alymlaryň bu täsinlikleri ýatlamak-laryna görä, eger Mosulda bir ýyl bolsaň bedeniňde güýç-kuwwat duýulýar".
Mosulda ýylyň pasyllarynyň iň gowusy bahar paslydyr. Bu pasylda şäheriň jülgeleri we düzlükleri ýaşyl halat bilen örtülýär. Şeýle hem ol ýerde dürli reňkdäki güller ösýär. Tigr derýasynyň suwy bolsa ekin meýdanlaryň we otluk ýerleriň ara-syndaky jülgelerde ýaýylyp ýatýar. Mosullylar her güni ikindi namazyndan soňra şäheriň daşyndaky gök öwsüp oturan düzlüklere we jülgelere gezelenç üçin çykýarlar. Olar ol ýerde milli baýramçylyklaryny we dürli görnüşdäki at üstündäki oýunlaryny gurnaýarlar. Birnäçe ýaşaýjylar bolsa bahar paslynda şäheriň daşynda çadyr gurunýarlar we her güni ikindi wagty şol ýere barýarlar. Olar gijelerini şol ýerde geçirip, owadan tebigatdan we mylaýym şemaldan lezzet alypdyrlar. Şeýlelikde, Mosul halky bahar paslynyň gijelerinde şäheriň daşyna gezelenje çykmaklaryny dowam etdirip-dirler. Olaryň birnäçeleri bolsa düz meýdanlarda çadyr gurupdyrlar.
Mosul halkynyň kalplaryna dynç bermek üçin Edirä gezelenç etmeklik adata öwrülipdir. Edire bag-bakjaly owadan ýerde ýerleşýärdi. Ol ýer ösümligi, gowy tagamly şeraplary we reýhanlary bilen tapawutla-nypdyr. Edirä gidýän köp sanly adamlaryň içinde şahyrlar we edebiýatçylar bolupdyr. Olar şol ýerde dürli içgiler içmek bilen goşgy aýdyşmakda ýaryşlar gurnap, wagtlaryny geçirýärdiler. Baýramçylyk günlerinde Edirä gitmek Mosulyň halkyna adat bolup galypdyr. Ol baýramçylyga hristianlar hem goşulyp, bahar paslynyň gözelliginiň şatlygyna şärik bolýardylar.
Mosul halkynyň zyýarat edýän adaty ýerleri Hammam al-Alydyr". Ol özüniň şypa beriji suwlary bilen bellidir. Ol ýere deri keseline uçran adamlar sagalmak üçin barypdyrlar.
Şonuň ýaly-da, dürli kesellere uçran mosullylar Mosulyň Edire şäherindäki al-Egla diýen ýere gidipdirler. Ol ýeriň howasynyň mylaýym bolup, suwunyň kükürde, ýoda baý bolmagy gijilewük, düwürtik ýaly deri kesellerinden saplanmaga peýdaly bolupdyr.
Taryhy makalalar