|
MUGALLYM GYZA
Bagyşlaň, men sizi söýdüm mugallym,
Siz näme pikirler etseňiz ediň.
Men sizi diňleýän uly üns bilen
Baş üstüne, sizem dersiňiz geçiň.
Men sorag bereýin, siz jogap beriň
Ýa söýýän diýeýin, siz bolsa dymyň.
Gowusy törüme uz bolup geliň
Menem dersiňize gelmäýin mugallym.
Geleşige eger razy bolsaňyz
Ejem sawçy barýar, sözün alsaňyz
Aljyratman, sözüm, gelnim bolsaňyz
Goraryn hemmeden sizi mugallym.
Beýle çiňňerilip bakmaryn size
Kyn-kyn sowallary tapmaryn size
Köpçülikde gözüm gyrpmaryn size
Meň bilen durmuş toý tutsaň mugallym.
Meň bilen maşgala gursaňyz eger,
Meniň diplomymda, bäşlikler bolar.
Bägül ORAZMUHAMMEDOWA.
Goşgular
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 600 |
Добавил: byagull
| Теги: Bägül Orazmuhammedowa
| Рейтинг: 1.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 6 | |
0
men öz dilimden ýazmaga jan etýan ýone bolanok. hawa bu hayysh un yazylan.
|
0
Minnetdar, şeýdip göwünlik berenem bolsuna arasynda ))
|
-2
Nurdan hanym aýtmagyñam görnüşleri barýalymy!?
Mugallym gyz düşündirsene maña Şol öñki sapagy ýene täzeden Isle dilden,isle ýazyp düşündir Tagta süpürilgi,ynha täze mel
Bolya sapakdan soñ galaýaryn men Bagyşlañ bölenme täze sapagy Ah adyñ aý bilen bagly bolsada Ýañaklaryñ gündogaryñ şapagy
|
0
Kime degişli bu goşgy, @Aksary?
|
0
Awtory ýadymda däl,Nesil gazetinde okapdym "Mugallym gyza yazylan goşgylar"toplumyndan
|
1
Jemlemesini halamadym, has anygy goşgyň gahrymanynyň niýetini. Oňa okuw diplomynda 5-lik bolsa-da, söýgi diplomynda 2-lik baha.
|
|
|
|