10:59 Muhammetguly Atabaýew | |
MUHAMMETGULY ATABAÝEW
Taryhy şahslar
Muhammetguly Atabaýew bary-ýogy ýigrimi sekiz ýaşady. Şu gysga ömrüniň dowamynda öz halky üçin birtopar iş bitirdi. Ilkinji magaryfçynyň, ilkinji publisistiň, demokratyň göreşjeň ýoly hakda söz açmak, ony ýatlap durmak biziň jana-jan borjumyz. Oçerkde ozal känbir mälim bolmadyk hatlardyr dokumentlerden peýdalanyldy. Ol hatlar saralyp gidipdir. Muhammetgulynyň öz eli bilen ýazan kagyzlaryna ser salyp, birtopar zatlary biygtyýar küýüňe getirip, oýlanýarsyň. Dogrusyny aýtsak, her setiriň aňyrsynda çöşläbermeli giden wakalar ýatyr. Has takygy, ol setirlerde ynsanyň hakydasy ýatyr. Ol hakydany çöşlemek bolsa biziň borjumyz. Muhammetguly Atabaýew hem muňa öz borjy diýip düşünipdi. Ol öz saýlan ýolunyň hemişe howatyrly, hemişe galagoply boljakdygyna gowy düşünýärdi. Eýesem-de bolsa, onuň öňünde uly geljek hem-de köp-köp eşretlikler garaşman duranokdy ahbetin! Emma ol bu ýoly saýlamady. Ol başga ýol bilen gitdi. Bu başgaça bolup hem biljek däldi. Sebäbi halkyň uly ogullarynyň ykballary elmydama şeýle bolupdy. *** Musulman ýyl hasaby bilen 1306-njy ýylyň remezan aýynda Nohur obasynda Atabaý Hajy oglunyň hem-de onuň aýaly Bally Remezan gyzynyň ogly boldy. Oňa hem Muhammetguly diýip at dakyldy. Muňa güwä geçýän şahadatnama meniň elimde. Azan aýdylan wagty Seýitnepes Goç oglunyň we Gurbangeldi Allaýar oglunyň bolandygy hem bu şahadatnamada aýdylýar. Bu hakda Durun pristawlygynyň kazysynyň we halk sudunyň, wezipesini ýerine ýetiriji Hojaly molla Myratberdi ogly arap hatynda öz goluny goýupdyr. 1902-nji ýylyň 12-nji maýynda bu şahadatnama gol çeken Durun pristawy kapitan Ýomutskiý 1306-njy ýylyň hem milady ýyl hasabynda 1888-nji ýyl bolýandygyny ýazypdyr. Diýmek, Türkmen Sowet Ensiklopediýasynyň I tomunda ýazylyşy ýaly, Muhammetguly Atabaýewiň doglan ýyly 1885-nji ýyl däl-de, 1888-nji ýyl bolmaly. M.Atabaýewiň 1901-nji ýylyň 15-nji iýunynda Durun pristawlygyna garaşly Bäherdeniň başlangyç bir ýyllyk uçilişesini tamamlandygy hakda berlen şahadatnama M. Golubew, WL. Mýasnikow, W. Pawlinow, N. Iwanow we başga-da birnäçe mugallym gol çekipdir Ýigrimi ýaşly Muhammetguly 1908-nji ýylyň 4-nji iýunynda Daşkent şäherindäki mugallymlary taýýarlaýan seminariýanyň dört ýyllyk kursuny tamamlady. Ol okuwy tamamlandan soň, başlangyç bilim berýän uçilişelerde ýedi ýarym ýyllap, ýedi ýyllyk internatlarda bolsa bäş ýyllap mugallymçylyk etmelidi. Eger-de onuň mugallymçylykdan boýun towlaýan halaty, onda döwlete dokuz ýüz ýetmiş bäş manady yzyna tölemelidigi şahadatnamada pugta duýdurylýardy. M.Atabaýew seminariýany şu aşakdaky bahalar bilen tamamlady: pedagogika – 4, rus dili – 3, sart dili – 5, pars dili – 5, arifmetika – 3, geometriýa – 3, fizika – 3, tebigaty öwreniş – 4, taryh – 3, geografiýa – 3, arassa ýazuw – 3, surat – 3, praktiki işler – 3, gimnastika – 3, gol zähmeti – 3, çyzuw – 3, bagçylyk we ekerançylyk – 3. Seminariýany tamamlan Muhammetguly Peterburga gidýär. Muny bize şu dokumentler habar berýär. «Hormatly Aleksandr Nikolaýewiç! Size uly haýyş bilen ýüz tutýaryn. Nohur oba arçynynyň ogly, Bäherden mekdebinde okan öňki okuwçymyz Muhammetguly Atabaýew şu ýylyň 5-nji iýulynda Daşkentdäki mugallymlar seminariýasyny tamamlady. Indem ol Peterburgdaky mugallymlar institutynyň ýanyndaky gol zähmetinden tälim berýän kursa iberilýär. Özem öz hasabyna. Men baryp-ha gyşda iki sany türkmeniň Zakaspi oblastynyň tüzem uçilişelerine ýerleşdirilmegi hakda kimler bilen gürrüňdeş bolmandym. Munuň türkmenleriň medeni derejesiniň ösmegi üçin peýdaly boljakdygy düşnüklidir. Ine, şu haýyş bilenem Size ýüz tutýaryn. Bu elbetde, Size bagly. Köne tanyşlygymyzyň hatyrasyna, Muhammetguly Atabaýew I nirä bellenjekdigini, eger mümkin bolsa maňa habar bermegiňizi sizden towakga edýärin. Çünki 1-nji awgustdan onuň okamaly möhleti gutarýar, şo ýerdenem ol iş ýerine barmaly. Şu aralykda bolsa ol özüniň nirä işe iberilýändiginden habarsyz. Ondan daşgary hem onuň eli ýuka, çünki atasyndan kömek alanok. ... Meniň haýyşymy ýerine ýetirmekden boýun towlamarsyňyz diýip umyt edýärin. Siziň N. Ýomutskiňiz. 19. VII. 1908 ý.” Eýsem-de bolsa, M.Atabaýew Peterburgda boldumykan? Elbetde, bolupdyr. «Sizin Alyhezretleriňiz! Men size öz işim hakda hat ýazmak arkaly merhemetli haýyş bilen ýüz tutýaryn. 1908-nji ýylyň 7-nji awgustynda Peterburgdan Aşgabada gelmek bilen siziň ýanyňyzda boldum. Ýöne öz maşgala ýagdaýym hakda kelam agyz zat aýtmadym. Çünki men sizi birbada biynjalyk etmejek boldum. Häzir bolsa öz maşgala ýagdaýym hakda hemmesini bolşy-bolşy ýaly ýazaýyn. Maşgalamyz köpbaş: has takygy, dört uýam, dördem erkek inim... aýalym bar. Inilerimiň hem iň ulusy 10 ýaşynda, galanlaryň hem kimsi iki, kimsi üç, kimsi bäş ýaşynda. Ine, şu köpbaş maşgala eýdip-beýdip az harajat bilen owkat etmeli bolýar. Kakam öz çagalaryna sowat berjek bolup, özüni köp eşretden mahrum etdi. Indem olar meniň kömegime mätäç. Muňa garamazdan, men öz gözýetimimi giňeltmek maksady bilen Russiýa baryp geldim. Moskwada, Peterburgda we başga-da ençeme ýerde bolup gördüm. Munuň üçin köp harajat gerek boldy. Muňa kakamyň güýji ýetmänsoň, men Peterburgda Ýomutskiden 80 manat karz almaly boldum. Şuny ýazmak bilem Siziň Alyhezretleriňizden, öýümize golaý bolar ýaly hemem maşgalamyza kömek berer ýaly meni rus-türkmen uçilişesiniň birine gowy aýlyk-günlükli işe bellemegiňizi uly towakga edýärin. Muhammetguly Atabaýew I Nohur, 12 awgust, 1908 ý. Ine-de, Zakaspi oblastynyň uçilişeleriniň inspektorynyň M.Atabaýewiň adyna iberen 2903-nji nomerli haty: «Siz şu ýylyň 1-nji sentýabryndan Merwiň golaýyndaky Utamyş uçilişesinde mugallym-beýemçi diýlip işe bellendiňiz. Merwe baranyňyzda ilki bilen uezd naçalnigine görüniň. Uçilişäniň ähli zadyny we işlerini şo ýerde mugallym bolup işleýän Atanyýazowdan kabul edip alarsyňyz. Ikiňiziň hem goluňyz çekilen akty maňa görkezersiňiz». *** «Gyssagly Durun pristawyna, 12-nji awgust, 1911 ý. №3325. Ependiýewiň şu ýylyň 1-nji sentýabryndan Bäherdenden işden aýrylýandygyny habar bermäge borçludyryn, Onuň deregine Utamyş uçilişesiniň müdiri M. Atabaýew 1 Bäherdeniň uçilişesini kabul etmek teklip edildi. Ol Bäherdende ilki size görnüp, gaýry etmeli işler dogrusynda görkezme alar. Uçilişeler inspektory» *** «Aşgabat uezdiniň naçalnigine 12-nji awgust, 1911-nji ýyl. № 3326. Türküstan general-gubernatorynyň wezipesini ýerine ýetirijisiniň görkezmesine laýyklykda maňa baş inspektoryň şu ýylyň 5-nji awgustyndaky 7089 nomerli haty esasynda Bäherdeniň rus-tuzem mekdebiniň müdiri Hasan Ependiýew 1-nji sentýabrdan şu uçilişeden işden çykarylýar. ... Ependiýewiň ýerine Utamyş uçilişesiniň müdiri Muhammetguly Atabaýew I bellenýär. Uçilişeler inspektory". Emma az wagtdan Durun pristawynyň adyna ýene-de hat iberilýär. «18-nji awgust, 1911-nji ýyl. № 3445. Şu ýylyň 12-nji awgustyndaky 3325-nji nomerli hata goşmaça. Togtamyşa işe iberilen Ependiýewiň deregine ozal Togtamyş uçilişesiniň müdiri bolup işlän Gaýgysyz Atabaýew II işe iberilýär. Uçilişeler inspektory” *** “Türküstan ülkesiniň uçilişeleriniň baş inspektoryna raport. 13-nji awgust, 1911-nji ýyl, № 3346. Siziň Alyhezretleriňiziň şu ýylyň 5-nji awgustyndaky (№ 7189) görkezmäňize laýyklykda oblast naçalniginiň goldamagy bilen Bäherdeniň rus-tuzem uçilişesiniň müdiri Ependiýew Merw uezd naçalniginiň kömekçisi Tahyrbek Kyýasbekowyň gös-göni gözegçiliginde bolar ýaly, Togtamyş rus-tuzem uçilişesine 1-nji sentýabrdan işe bellenildi. Munuň üçin Atabaýew II Togtamyşdan Utamyşa, Atabaýew I hem Utamyşdan Bäherdene işe geçirildi. Uçilişeler inspektory” *** «Zakaspi oblastynyň halk uçilişeleriniň jenap inspektoryna raport. Siziň rugsat bermegiňiz bilen zähmet rugsadyndan gaýdyp gelendigimi, 1911-nji ýylyň 16-njy awgustyndan işe başlandygymy habar berýärin. Utamyş rus-tuzem uçilişesiniň beemçi-mugallym Muhammetguly Atabaýew». M.Atabaýewiň möhletsiz pasport almak üçin eden synanyşygy başa barmaýar. Bu hakda onuň 1911-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda oblastyň uçilişeler inspektoryna ýazan haty bar. Bu hatda ol özüne uezd naçalniginiň bu babatda dürli bahana tapyp boýun towlandygyny habar berýär. Hakykatdanam uezd naçalnigi erkin pikirleri üçin ony yzygider aňtaýar. «Buz üstünde tozan araýar». M. Atabaýew hem ätiýajy elden berenok. Uezd çinownikleri tarapyndan häli-şindi ýanalyp durýandygy dogrusynda rus-tuzem uçilişesiniň müdiri M. Atabaýew oblast inspektoryna habar berýär. Ol muny olaryň «Eger bir bolmasyz iş bolaýsa, habarymyz ýokdy» diýmezleri ýaly, öňünden mälim edýär. «Zakaspi oblastynyň halk uçilişesiniň inspektoryna raport. 10-njy aprel, 1913-nji ýyl № 15. ... Şu ýylyň 7-nji anrelinde, gundiz sagat 1-de meniň ýok wagtym, Merw uezdiniň naçalnigi öz gyzy bilen maňa ynanylan uçilişede bolupdyr. Şeýle hem onuň diwarlarynda emele gelýän jaýryklara esewan edipdir. Aşhanada bolsa çapylyp goýlan odunlary görüpdir. Şunuň ýaly hem-de başga-da käbir zatlar dogrusynda onuň uezd boýunça buýruk çykarjakdygyny, onuň bir kopiýasyny bolsa size iberjekdigini eşitdim». Soňra ol şu ýyl üçin mekdep komitetiniň girdeýji – çykdaýjy smetasynyň tassyklandygyny, emma onuň geçen ýylka garanyňda az-maz artykdygyny, ýöne uezd naçalniginiň mugallymlaryň hakyny göz-görtele kesendigini ýazýar. ...Oblast naçalnigi şu ýylyň 28-nji martyndaky 6909 nomerli hatynda «Komitet nämä esaslanyp, Atabaýewe ýylda 1500 manat bermeli etdi? Ýa-da Atabaýew Baýramala işe geçiriljek bolnanda ýerli halk gelip, onuň aýlyk-günlügini az-kem artdyrmagy haýyş etdilermi?» diýip sorapdyr. Mekdep komiteti oblast naçalniginiň kanselýarisi üçin ýörite karar çykardy. Şol kararda şeýle diýilýär: mekdep komiteti şu ýyl üçin smeta düzende beýemçi-mugallym M.Atabaýewe ýylda 1500 manat aýlyk tölemeli diýip karar etdi. Sebäbi Türküstan ülkesiniň uçilişeleriniň baş inspektory tarapyndan Atabaýewe Baýramala işe geçmek teklip edildi (ol ýerde aýlyk hiç hili goşmaçasyz 1500 manat). Atabaýew teklibe razylyk berdi. Ýöne Utamyş etrabynyň ilatynyň haýyş etmegi bilen ol öňki işinde aýlygyny artdyrmak şerti bilen galdyryldy. Oblast naçalniginiň bu babatdaky görkezmesi hem-de mekdep komitetiniň çykaran karary, meniň pikirimçe, uezd naçalniginiň gaharyny getiren bolara çemeli. Şo sebäpli hem ol meni garalamak maksady bilen, buýruk üstüne buýruk çykarjak bolup elde baryny edýär. Ýeri gelende aýtsam, soňky döwürlerde, meniň aňlanşyma görä, men babatda ol kän bahana araýar. Utamyş rus-tuzem uçilişesiniň beýemçi-mugallymy Atabaýew”. Muňa garamazdan, Muhammetguly Atabaýewiň öz halky üçin köp-köp iş bitirip biljekdigine dogry düşünen, oňa peýdaly maslahat berýän adamlaram ýok däldi. Şolaryň birem oblast uçilişeler inspektory Iwan Aleksandrowiç Belýaýewdi. Ol 1915-nji ýylda Aşgabatda I. I. Aleksandrowyň tipografiýasynda «Türkmen diliniň grammatikasy» atly kitaby neşir etdiripdi. Şol kitapda Nohur obasynda ýazylyp alnan iki sany erteki ýerleşdirilipdir. Olaryň biri «Üç ogry», beýlekisi hem «Mekir Aýaz» diýlip atlandyrylypdyr. Şeýle hem aşakdaky hatdan çen tutsaň, bu iki adamyň birek-birege nähili hormat-sylag goýandygyna göz ýetirýärsiň. Muhammetguly öz hatynda dostuna ine, şeýle ýüzlenýär: «Hormatly Iwan Aleksandrowiç! Hatyňyzy aldym. Ol maňa ganat bekledi, durmuşa bolan höwesimi has-da artdyrdy. Men elmydama siziň görkezen ýoluňyz bilen işlemäge taýyn. Şeýle hem Siz, meniň hemişelik mugallymym bolarsyňyz diýip umyt edýärin. Siz meni türkmen durmuşyndan bolan materiallary ýygnamaga gözükdirdiňiz. Men indi uly höwes bilen hemem aýratyn bir güýç bilen işleýärin. Siz maňa rus-türkmen mekdeplerinde görkezme sapaklary ýazyp almagy maslahat berýärsiňiz, bu-da elbetde, meni gyzyklandyrman duranok, ýöne welin ilki bilen aýdymlary, nakyllary we atalar sözüni ýazyp bolsady! Garaz, Siz maňa atalyk öwüdini berýäňiz, menem öz gezegimde Siziň maňa bolan gardaşlyk garaýşyňyzy ödemäge çalşaryn. Men Siziň hemişelik şägirdiňiz bolup galmaga taýýar. Şeýle materiallary ýygnamak maksady mende ozalam ýok däldi. Ýöne belli bir karara gelip bilemokdym, bu işde tejribeli bir ýolbaşçynyň ýoklugyndanmy, garaz, bäş ýyllap men mugallymçylykdan başga iş etmedim. Elbetde, «Önüm bolandan, soňum bolsun» diýen bir nakylam bardyr. Siziň iberen kataloglaryňyz meniň göwnüme ýarady: ýöne welin haýsy zatdan başlajagymy bilmedim. Olaň hemmesi-de uçilişe üçin zerur zatlar. Mümkinçiligi bolsa olary satyn almaly. Maňa ynanylan uçilişäniň täze jaýynda olary goýmaga ýer bar. Bezeseň bezäp oturmaly, bu kataloglar bilen owadan surat galereýasyny döredip boljak. Baýramçylykdan soň, bu kataloglar bilen baglanyşykly şunuň ýaly gollanmalar üçin serişdäni artdyrmak hakdaky mesele bilen uezd naçalniginiň ýanyna barmakçy. Eýsem-de bolsa, Sizem öz gezegiňizde bu hakda oňa hat ýazaýsaňyz, gaty oňat bolardy. Sizi we aýalyňyzy baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, Size iň gowy arzuwlary edýärin! Indi bolsa Siziň iberen habaryňyz hakda, ýagny uçilişeleriň alty klasa geçmegi hakynda. Bu habar meni hem-ä begendirdi, hemem gynandyrdy. Elbetde, uly programmaly mekdepler hökman gerek. Ýöne meseläniň başga bir tarapy bar, eýsem-de bolsa şonda, meniň alty klasly mekdebiň müdiri bolmaga hukugym bolarmy?! Men on bäş ýylyň içinde, gör, näçe işleri etdim. Ine, şundan çen tutsaň, meniň mugallymlaryma, meniň mekdebime başga biri gelip müdirlik etse, men özüm-ä gaty kemsinjek. Şu bäş ýylyň içinde meni iki gezek bankda işlemäge çagyrdylar. Aýlygam 1500 manat. Hut geçen ýylyň özünde hem, Siz mundan habarly, baş inspektor maňa Baýramala müdir bolup işe geçmegi teklip etdi. 1500 manat aýlygy bar, onuň üstesine-de 400 manat goşmaça hakam berilýär. Emma men olaryň ählisinden boýun towladym...» Muhammetguly Atabaýewiň 1913-nji ýylyň 12-nji aprelinde ýazan bu hatynyň soňunda uçilşäniň özi üçin niçik zerurdygyny beýan edýär. Emma näçe gynansak-da, ol şondan göni iki aý geçenden soň, uezd naçalniginiň görkezmesi boýunça türmä salynýar. Onuň öýi dökülýär. Öýünden rewolýusiýon aýdymlaryň teksti tapylyp, Muhammetguly Atabaýewiň üstüne gara bulut inýär. Uezd naçalnigi hem-de onuň ýaranlary heşelle kakýarlar. 1913-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky gizlin habarda (№ 74) şeýle diýilýär. «Merw şäherinde rus-türkmen mekdebiniň mugallymy Muhammetguly Atabaýewiň 7-nji iýulda gorag düzgünine laýyklykda ynamdar dälligi üçin tutulandygyny, onuň Merw türmesinde saklanylýandygyny habar berýärin». Emma M.Atabaýew tiz wagtdan azatlyga çykýar. Oňa ýöňkelýän aýyplamalar doly subut bolmansoň, ýerli polisiýa ony azatlyga çykarmaga mejbur bolýar. M.Atabaýew barybir mugallymçylyk işinden çetleşdirildi. Ýöne ol öz galan ömrüni mugallymçylyk işinden daşgary göz öňüne getirip bilenokdy. Munuň üçin ol gerek bolsa kime ýüz tutmaly bolsa-da, nirä barmaly bolsa-da taýyn. Özüniň günäsizligi hakda nirede gürrüň etmeli hem bolsa ol bar. Ol Türküstan ülkesiniň general-gubernatoryna, ülkäniň uçilişeleriniň baş inspektoryna, Zakaspi oblast naçalniginiň, şeýle hem Zakaspi oblastynyň halk uçilişeleriniň inspektorynyň adyna ençeme hat ýazýar. Şu aralykda ol Aşgabat uezdiniň naçalniginiň kanselýarisinde terjimeçilik edýärdi: «Zakaspi oblast halk uçilişeleriniň inspektoryna mugallym M. Atabaýewden raport. Şu ýylyň 11-nji noýabrynda Zakaspi oblastynyň naçalnigi maňa mugallymçylyk işim üçin siziň bilen gürleşmeli diýdi. Şonuň üçinem meniň ýagdaýymyň çykalgasyzdygyny nazara alyp, oblast naçalnigi bilen gepleşmegiňizi gaty haýyş edýärin. Aşgabat, 15-nji noýabr, 1913 ý. Emma welin mesele çözüläýenok. Uezd naçalniginden başlap, general-gubernatora çenli onuň işi bilen gyzyklanýar. Ahyrsoňy 19-njy dekabrda ülkäniň uçilişeleriniň baş inspektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji N.Ostroumowyň goly bilen (№ 13067) Zakaspi oblastynyň halk uçilişeleriniň inspektoryna hat gowuşýar: öňki mugallym M. Atabaýew Maňňyşlaga işe iberilýärdi. Eýsem-de bolsa, aslynda N.Ostroumow kimdi? N.G.Ostroumow baryp-ha 1888-nji ýylda Daşkentde «Türküstan ülkesiniň ýerli ilatynyň nakyllary» ady bilen kitap çykardypdy. Türkmen nakyllary hem şol kitapda öz ornuny tapypdy. Şeýle hem ol Muhammetgulynyň seminariýadaky mugallymydy. Hatda ol M.Atabaýewiň türkmen köne mekdepleriniň ýagdaýy hakyndaky makalasyny 1906-njy ýylda Peterburgda çykýan Halk magaryf žurnalynda-da çap etdiripdi. (Bu makala hakda biz ýazgynyň ahyrynda gürrüň ederis). «Türküstan ülkesiniň uçilişeleriniň baş inspektoryna Merwdäki iki klasly türkmen uçilişesiniň öňki müdiri M.Atabaýewden raport. Size şuny ýazmak bilen meni häzirki wagtda Bäherden, Büzmeýin, Tejen, Baýramaly uçilişeleriniň haýsam bolsa birinde mugallymçylyk işinde galdyrmagyňyzy towakga edýärin. Eger mümkin bolsa, Bäherden uçilişesi meniň üçin oňat boljak. Çünki birinjiden-ä, ol meniň dogduk ýerim, şeýle hem o ýerde okuwçylar meni gowy tanaýarlar. Ikinjidenem, 12 baş maşgalanyň bar garamaty meniň boýnuma. Aşgabat şäheri, uezd uprawleniýesi, 15-nji awgust, 1911 ý.». Şondan soňam aradan ep-esli wagt geçýär. M.Atabaýew 1914-nji ýylyň 8-nji dekabrynda uçilşeler inspektoryndan 3120-nji nomerli hat alýar: «Jenap Atabaýew, men Sizi 1915-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan, eger uezd naçalnigi garşy bolmasa, diňe Çelekendäki rus-tuzem uçilişesine müdir edip işe belläp biljekdigimi habar berýärin». Şol ýylyň 18-nji dekabrynda M.Atabaýewiň Çelekene işe iberilýändigi hakda buýruk çykarylýar. Ol her nähili agyram bolsa, ýola düşýär. Ýöne ol ýüreginiň bir ýerinde özüniň mugallymçylyk işine dikeldilendigine begenýärdi. 2-nji ýanwarda Krasnowodskä gelip düşýär. 7-nji ýanwarda hem Çelekene gelip, bada-bat işe başlaýar. Agşamky okuwy guraýar. Birbada ýigrimä golaý adam isleg bildirýär. Mekdebe-de kyrk iki sany okuwçyny kabul edýär. Ýöne okajaklaryň sany welin köpdi. Çelekene poçtanyň gatnaýşy gaty ýagdaýlydy: hepdede bir gezek ýa-da iki hepdede bir gezek gelse gelýärdi, gelmese-de şo-ol garaşyp ýatmalydy. Şonuň üçinem M.Atabaýew Zakaspi oblastynyň halk uçilişeleriniň inspektoryna hatynda şeýle ýazýardy: «Maňa hat ibereňizde gowusy adresiň ýüzüne Krasnowodsk. T.M.Magtymowa, mugallym Atabaýew üçin» diýip, ýazyp iberiň. Türkmenler her gün diýen ýaly ada gelip gidýärler. Olar maňa elin gowşurarlar. Siziň tuzem gazetiňiz üçinem ýomutlaryň durmuşyndan hem-de olaryň Çelekene näwagt göçüp gelişleri hakda material ýazaryn. Aý, garaz, türkmen durmuşyndan gaty köp makala ýazmakçy. Ýöne welin siz, hiý bolmanda gazetiň her sanynda bir material berjek boluň. Gazeti mekdebiň hasabyna iberseňizem bolar. 9-njy ýanwar, 1915-nji ýyl. Çeleken». Çelekende täze mekdep açyp, onuň işini guran Muhammetguly Atabaýew birsyhly yzyny küýseýärdi. Bu ýerde-de ol garyp halkyň agyr gün-güzeran görýändiginiň şaýady boldy. Nebit promysellerinde iş1eýän işçiler maýyň başlarynda iş taşlaýyş yglan etdiler. Muny eşiden uezdiň naçalnigi ýany bilen ýaragly esgerleri getirdi. Iş taşlan 134 adamyň 88-si işden kowlupdy, 11-si bolsa «başbozar» hökmünde tussag edilipdi. Ozal gözüniň ody alnan Muhammetguly Atabaýew işçilere duýgudaşlyk bildirýärdi. Özüniň her ädiminiň yzarlanýandygyny welin, ol anyk bilýärdi... «1915-nji ýylyň 15-nji awgusty. № 1705. 2009-njy buýruk. Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan Çelekendäki rus-tuzem uçilişesiniň müdiri Atabaýew öz haýyşy boýunça Nohur rus-tuzem uçilişesiniň müdirligine işe geçirilýär. Halk uçilişeleriniň inspektory I.Belýaýew". Muhammetguly Atabaýew indi ähli güýjüni öz mähriban Nohur obasynda täze açyljak mekdebe sarp edýärdi. Ol bu hakda Iwan Aleksandrowiç Belýaýewe ýazan hatynda hem aýratyn nygtaýar: «Nohur. 1915-nji ýylyň 15-nji iýun güni. Hormatly Iwan Aleksandrowiç! Hiç hili sypynar dagy eder ýaly däldigi üçin gazete material iberin bilmeýändigim sebäpli, sizden gaty ötünç soraýaryn. Nohura gelen badyma uçilişäniň jaýyny salmaga girişdim. Eýýämden onuň düýbi taýýar edildi. Garaz, işler gaty çalt gidýär. Şu gidişine gitse, birinji sentýabra çenli ähli zatlar taýýar ediler. Iýunyň ahyrlarynda Bäherdene baryp. Nohurdaky uçilişe hakynda gürleşmeli. Soň Asgabada baryp, gapydyr penjire zakaz etmekçi. Elbetde, şonda Size – Pöwrizä-de baryp görerin. Iwan Aleksandrowiç! Siz maňa gazetiň ähli sanyny iberjekdigiňize söz beripdiňiz. Beren wadaňyz ýatdan çykan-a däldir-dä. Kseniýa Stepanowna menden salam gowşuryň. Niçik onuň saglygy? Size iň gowy arzuwlar etmek bilen, Size müdimi wepaly Muhammetguly». Muhammetguly täze mekdebiň gurluşygyna bütin durky bilen berlipdi. Onuň ajaýyp arzuwlary bardy. Öz obadaşlarynyň hemmesini uçdan-tutma sowatly etmekçidi. Ýek-tük bolaýmasa, obadaşlary onuň başlan tutumly işini oňlap «Haý, berekellasyny» ýetirýärdiler. Il-gün ýowar edip, mekdebiň jaýyny bahymrak boldum edip, üstüni ýapdylar. Suwadylar. Penjire-gapy oturtdylar. Nohur obasynda täze rus-türkmen mekdebi açyldy. Bu diňe bir obanyň däl, eýsem oblastyň durmuşyndaky uly wakalaryň biridi. Emma şondan, ýagny 1-nji sentýabrdan bäş-on gün geçenden soň, täze mekdebiň müdiri Muhammetguly Atabaýew agyr derde uçrady. Ol agyr syrkawlady. Mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nyýazgulyýewiň Durun pristawyna, oblast uçilişeler inspektoryna iberen hatlarynda M.Atabaýewiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy habar berilýär. Ol Asgabada getirilip, keselhanada ýatyrylýar, bejerilýär. Sagalýaram. Emma patyşa polisiýasy tarapyndan her hili aňtamalar, kemsidilmeler dowam edýärdi. Emma M.Atabaýew öz saýlan ýolundan birjik-de dönmedi. Ol halkyny sowatlylyga, öňdebaryjy rus medeniýetinden görelde almaga çagyrdy. Bu şol döwrüň barly gatlagyna ýaramaýardy. 1916-njy ýylyň 2-nji martynda onuň «Öldi!» habary oblastyň köp-köp adamlarynda gynanç döretdi. Ol öz mähriban obasynda jaýlanyldy. Özi ölse-de Muhammetgulynyň işi ölmedi. Asgabatdaky erkekler gimnaziýasyny tamamlan inisi Öwezgeldi Atabaýew şol ýylyň 24-nji awgustynda 2102-nji buýruk bilen onuň saldyran täze mekdebine müdir edilip bellenildi... *** Akademik Tagan Berdiýew respublikamyzda bolup geçen uly-uly özgerilişikleriň şaýadydy. Akademik Orta Aziýa respublikalarynyň alymlarynyň arasynda pedagogika ugrunda ilkinji bolup alymlaryň doktory diýen ada mynasyp bolupdy. Muhammetguly Atabaýewiň ady hem ilkinji gezek Tagan Berdiýewiçiň ýazan işlerinde peýda bolupdy. Şondan soň türkmen alymlarynyň birnäçesi bu ilkinji magaryfçynyň ömür ýoly we bitiren hyzmatlary hakda içgin gyzyklanyp ugradylar. — Uruşdan öň hemem uruş ýyllary respublikamyzyň magaryf halk komissary bolup işledim. Döwür agyrdy. Iş ýetikdi. Emma men muňa garamazdan, pedagogikanyň taryhyndan işiň zerurdygyna düşünýärdim. Elim sypyndygy arhiwde oturmaga çalyşýardym. Ine, şol döwürde-de men Muhammetguly Atabaýew, Artykgül Tekinskaýa ýaly magaryfçylaryň atlaryna, alşan hatlaryna, olar hakda polisiýa tarapyndan ýazylan her hili hatlara gabat geldim. Şondan soň olaryň ykbaly bilen gyzyklanyp ugradym. Bir gezek men, uruşdan soň bolsa gerek, söhbetdeşligimiziň birinde, köne tanşym nohurly Öwezgeldi Atabaýewiň ýanynda Muhammetguly diýen bir adamyň täsin ykbaly hakda gürrüň gozgadym. Şonda Öwezgeldi: – Ol biziň agamyz bolmaly – diýip, Muhammetguly hakda köp zatlary gürrüň berdi. Men muňa biçak begendim – diýip, merhum akademik Tagan Berdiýewiç maňa gürrüň beripdi. 1919-njy ýyldan bäri SSKP çleni Flor Leontewiç Fomkine çagalyk ýyllary M. Atabaýew bilen duşuşmak miýesser edipdi. Onuň çagalyk ýyllary Artyk stansiýasynda geçdi. Ol Artykgül Tekinskaýanyň şol, stansiýada açdyran mekdebinde okapdyr. – Men üç ýyllap Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýanyň elinde okadym. Bu mähriban aýal bilen goňşy bolup ýaşadyk. Köplenç men onuň öýünde bolýardym. Ol Muhammetguly Atabaýew bilen uly dostdy. Muhammetgulynyň wagtal-wagtal Tatýana Mihaýlownanyňka myhmançylyga gelşi, olaryň uzak wagtlap dünýewi gürrüň edişleri ýadymda — diýip, Flor Leontewiç aýdypdy. Muhammetguly Atabaýew öz halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşajakdygyna ynanýardy. Sumbar jülgesiniň Könekesir obasynda ýaşan Meret Adybaý oglunyň Muhammetguly hakda aýdan gürrüňleri ýadymdan çykmandyr. Ol şeýle diýipdi: — Bizi onunjy ýylda Marynyň demir ýolunyň gurluşygyna işe aldylar. Şonda ýanymyza orta boýly, murtly, gözleri ýanyp duran görmegeý bir ýaş ýigit geldi. Hal-ahwalymyzy soraşdyrdy. Ol Maryda işleýän ekeni. Öz ildeşleriniň hem demir ýolunda işleýändigini eşidip, biziň ýanymyza gelipdi. Onuň bilen biz soňam ençeme ýola duşuşdyk, söhbetdeş bolduk. Şol söhbetdeşligiň birinde onuň aýdan sözleri bizi haýran galdyrdy: «Bu horlukly günleriniz geçer. Bahym şeýle döwür geler, hemmeler deň ýaşar» diýdi. Muhammetguly Atabaýewiň doglan gününe 100 ýyl doldy. Göni bir asyr! Ol 1916-njy ýylyň 2-nji martynda öz dogduk obasy Nohur obasynda ýigrimi sekiz ýaşynyň içinde aradan çykdy. «Zakaspi ýerli gazet» onuň ölümine bagyşlap, ýörite makala çap etdi. Şol makalada «Elli ýyl geçse-de, ýüz ýyl geçse-de Muhammetguly Atabaý ogly ýatlanar durar» diýlip ýazylypdyr. M.Atabaýew hakdaky ýazgymyzyň ahyrynda onuň Peterburgda çykan bir makalasy hakda giňişleýin gürrün edesimiz geldi. Muhammetguly Atabaýew, belki-de, Sankt-Peterburgda öz makalasyny çap etdiren ilkinji türkmen bolsa gerek! Bu makala «Zakaspi türkmenleriniň mekdebi» diýlip atlandyrylýar. Özi hem Sankt-Peterburgda neşir edilien Russiýa Halk magaryf ministrliginiň žurnalynda ýerleşdirilipdir. Makalanyň Muhammetgulynyň heniz Daşkentde okap ýören döwri 1906-njy ýylda çap edilmegi hem ünsüňi özüne çekijidir. Ýigrimi bir ýaşly zakaspili ýigidiň çaklaňja makalasy žurnalyň, okyjylarynda megerem gyzyklanma döredendir. M.Atabaýew bu makalasynda türkmen mekdeplerindäki gözgyny ýagdaýy örän beletlik bilen suratlandyrýar: «Mekdepleriň ählisinde hem okadylyş usuly şol köneden gelşi ýaly, birmeňzeşdir. Diňe musulmançylyk ýolundan okadylýar. Sapaga başlamazyndan öň, molla kagyzyň ýüzüne arap elipbiýiniň harplaryny ýazýar. Barly adamlaryň çagalarynyň mekdep esbaplary garyplaryňkydan üp-üýtgeşik. Mollanyň gaýtalan harpyny okuwçylaryň hemmesi birden alyp göterýärler. Şeýlelikde jaýyň içindäki gohdan ýaňa ses-üýn alşar ýaly bolmaýar. Bu ýagdaý ertirden tä agşama çenli dowam edýär. Soňra okuwçy mollanyň öňüne geçip, dyzyna çökýär-de ýat tutan harplaryny aýtmaga durýar. Eger-de ol bir ýerde kurtdurip, ýalňyşaýsa, molla mazaly ýençýär...» – diýip, M.Atabaýew ýazýar. Ilkinji sapagy özleşdirmek üçin birnäçe hepdesini sarp eden okuwçy, harplary ýatdan tutjak bolup azar ýamanyny görýärdi. Bu ýürege düşgünç ýagdaý telim gezek gaýtalanýardy. Haçan-da ol mollanyň öňünde ýigrimi sekiz harpy ýalňyşsyz-zatsyz ýatdan aýdyp berse, ine, şonda ol ikinji we üçünji sapagy öwrenmäge rugsat alýardy. Bu sapaklar öňkä garanyňda indi hasam guzaplydy. Molla harplaryň öňki duran ýerlerini üýtgedýärdi. Bu sapagy hem özleşdirmäge gaty köp wagt sarp edilýärdi. Sebäbi ozal ýat tutan harplaryň ýerleri çalşyrylypdy. Ýatkeşliginiň ugry ýoklar üçin-ä bu has agyrdy. Muny doly ýatda saklamaga kähalatlarda bütin bir ýylyň gerek bolýandygy hem seýrek bolmaýardy. Mekdepde mollanyň edenine däl diýip bilýän adam ýokdy. Onuň gahary gelen wagty okuwçynyň dat gününedi! Barmagyň ýogynlygyndaky uzyn çybyk onuň gerşinde at salýardy, ýagyrnysyny petir bezän ýaly bezäp çykýardy. «Öz çagasyny okatmaga getiren ata, ilkinji günden molla ýüzlenip, «Eti siziňki, sünki biziňki!» diýýär. Onuň bu aýdan sözleri mollanyň çagany her hili urup-sögmäge-de, ýençmäge-de doly hakynyň bardygyny aňladýar. Galyberse-de, türkmenlerde mollanyň uran ýeri dowzahda ýanmazmyş diýen düşünjäniň ýörgünlidigi hem mollanyň taýagynyň «keramatlydygy» hakda hiç kimde şübhe döretmeýär» — diýip, M.Atabaýew ýazýar. Onuň ýazmagyna görä, mekdeplerdäki okuw on ýyla golaý dagy çekýär. Mekdepdäki okadylyş usulynyň ýaramazdagy, degnaňa degijiligi zerarly, okuwçylaryň ençemesi birki ýyldan soň okuwlaryny taşlaýardylar. «Türkmen mekdeplerindäki ýagdaý çagalaryň saglygy üçin, örän ýaramaz. Sapak geçilýän jaýyň içi hemişe çygly hem-de garaňky. Gyşyna bolsa allajy sowuk. Şo sebäpli hem çagalaryň köpüsi syrkawlaýar, kähalatlarda olaryň ýogalany hem bolýar. Çagalaryň köpüsiniň gözleriniň şulludygy bolsa örän nebsagyryjydyr»... Muhammetguly Atabaýew ýazgysynda türkmen obalarynyň käsinde gyzlaryň hem okaýandygynyn faktlarynyň bardygyny ýazýar. Ýöne olaryň iki-üç ýyldan artyk okamaýandyklaryny, özleriniň hem oglanlardan aýratyn hatarda oturýandyklaryny ýazýar. Hawa, Muhammetguly Atabaýew öz halkynyň sowadynyň näderejededigi hakda rus okyjylaryna habar berýär. 1985–1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |