17:42 Mukanna | |
MUKANNA
Taryhy şahslar
Merwli ýaşaýjy Haşym ibn Hekim – Mukanna lakamy bilen meşhur («ýüzi örtülgi»), ýagny ýüzüni ýaşyl ýüpek mata bilen ýapyp, gyzyl baýdak galdyryp, gozgalaňçylara ak eşik geýdirip, Abbasylara garşy çykyş etmeklige çagyrýar. Taryhçy Muhammet Awfynyň bellemegine görä, abbasy halyfy Abu Muhammet Mätiniň döwründe “Mukanna” lakamly Hekim diýen adam orta çykypdyr. Mukannanyň aýtmagyna görä, Muhammet pygamber ölenden soň, onuň ruhy janyndan çykyp, Mukanna eneden bolanda bedenine giripdir, şonuň üçin hem özüni pygamber hasaplapdyr, şeýle hem wagyz edipdir. Ol hilegär, jadygöý adam bolupdyr. Şonuň üçin hem oňa “Mukanna” at dakypdyrlar.Onuň bir gözi kör we gelşiksiz adam bolany üçin hemişe ol ýüzüne nykap geýipdir. Milady ýyl hasaby boýunça 776-njy ýylda gozgalaň Merw welaýatyndan Mawerannahra geçýär. Bu ýerde köp sanly türk taýpalary öz ganybir doganlaryna goşulyp olary goldaýarlar. Gozgalaň birnäçe ýyldan soň wagşyçylykly basylyp ýatyrylýar, Mukanna bolsa zäher içip, özüni öldürýär. Çeşmesi: Türkmenistanyň taryhy II tom. Türkmenistan we türkmenler orta asyrlarda (VII asyryň ikinji ýarymy – XVI asyr). Aşgabat: Ylym, 2017. 39-njy sahypa. Rowaýatçylar şeýle diýipdirler: Mukanna Mätiniň döwründe orta çykypdyr. Onuň bir gözi kör eken, emma ol mekir we hilegärdi. Jadygöýlükden we tilsimlerden peýdalanypdyr. Ol tanasuh mezhebinde bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, onuň ady Hekimdi. Oňa hemişe öz ýüzüne nikap çekýändigi, özüniň nämübärek we gelşiksiz ýüzüni görkezmeýändigi hem-de «Älem ýolbaşçysynyň jany bedeninden çykansoň, ol howadady. Men jahana inenimde meniň bedenime girdi. Men Muhammet pygamberdirin» diýip, dawa edýändigi üçin Mukanna diýýärdiler. Möminleriň emiri Mäti Horasanyň emiri Mugaz Müslime leşger çekip, ony tutmagy buýruk berdi. Mukanna Horasandan gaçyp, Keşe gitdi we ol ýerde «Aý tilsimini» oýlap tapdy. Hekim Suzeni öz şygrynda şeýle beýan edýär: Bir akmak kişiden topalaňça peýda ýetdi, Şeýdip, Keş guýusyndan aý-güni «halas etdi». Ol hudaýlyk dawasyny edýär, emma halky – Aç-suwsuzlykdan alyp çykyp bilmeýär hälki. Birentek halk onuň bu tilsimine aldandy. Ahyrynda Mugaz Müslim söweşler edip, onuň pitneçilik özenini agdaryp taşlady we diri galanlaryny ülkeleriň etraplaryna dargatdy. Bu gün Mawerannahr ülkesinde onuň yzyna eýerýänlerden bir topary bar. Olar daýhançylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýarlar. Olara «ak geýimliler» diýýärler. Olar öz mezhepdir ynanjyny gizleýärler. Hiç kime olaryň hakykat ýörelgesiniň neneňsidigi barada maglumat gelip ýetmändir. Çeşmesi: Muhammet Awfy. Hekaýatlar ýygyndysy. I jilt (Pars dilinden terjime eden D. Orazsähedow). Mukanna hakda käbir internet maglumatlary: Haşym ibn Hekim Mukanna taryhy maglumatlara görä, özi mata reňklemek üçin dürli reňkleri oýlap tapyjy alkimýaçy (alhimik) bolupdyr. Reňk oýlap tapmak üçin geçiren synaglarynyň birinde-de tötänden bolup geçen partlamanyň netijesinde onuň ýüzüniň bir bölegi ýanypdyr. Hut şonuň üçinem ol bütin ömrüne ýüzi ýaşyl örtgüli – nikaply gezmeli bolupdyr. Onuň “Bukulan”, “Ýüzi örtükli”, “Nikaply” diýeln manylary aňladýan “Mukanna” lakamam hut şol şikesinden gelip çykypdyr diýen çaklamany alymlar öňe sürýärler. Başga bir çaklama görä, Haşym ibn Hekim çagalykdan pis açan kesel bilen keselländigi zerarly özüniň gorkunç bedroý juw-ak ýüzüni görer gözden ýaşyrýar ekeni. Ilki wagtlar taryhçylar Mukannanyň doglan ýeriniň Sogdystan (häzirki Özbegistan) diýip hasaplanam bolsalar, soňraky seljermeler onuň Balhda (häzirki Owganystan) dünýä inendigini çaklamaga esas tapypdyrlar. Asly pars milletinden bolan Haşym ibn Hekim, ilkibadalar Merwde mata boýagçysy bolup güzeran aýlan bolsa-da, 747-nji ýylda arap halyflygynyň hökümdarlary Omeýýalaryň hanedanlygynyň (dinastiýasynyň) garşysyna täze Abbasy nesilşalygyny goldap haryjylaryň turzan gozgalaňyny ýolbaşçysy Ab Muslimiň goşunynyň hataryna goşulypdyr. 755-nji ýylda Abu Muslim heläk bolandan soň Mukanna özüni Hudanyň zemindäki wekili diýip yglan edipdir. Ol özüne bu keramatyň Abu Muslimden geçendigi, oňa bolsa bu gudratyň, ýagny pygamberlik derejesiniň Hezreti Alydan, oňa-da Muhammet Alaýhyssalamdan geçendigi hakda wagyz etmäge başlapdyr. Haşym ibn Hekim ýüzündäki nikaby öz keşbiniň nurunyň öz yzyna eýerijileriň gözlerini gapmazlygy üçin dakynýandygyny aýdypdyr. Onuň müritleri şol döwürde resmi lybaslary gara reňkde bolan abbasy hökümdarlarynyň we emeldarlarynyň tersine ak geýim geýipdirler. Abbasy halyflaryna tabyn hadymlar Mukannanyň müritlerini köpeltmek üçin adamlaryň başyny-gözüni jady-doga bilen aýlandygy hakynda halk arasynda giňden wagyz işlerini geçiripdirler. Mukannaň edebiýatdaky çeper keşbi: 1. 1787-nji ýylda Napoleon Bonapart Al-Mukanna hakda “Pygamberlik nikaby” atly iki sahypalyk göwrümli hekaýa ýazypdyr (bu hekaýa ýitirilen); 2. 1817-nji ýylda Tomas Mur tarapyndan ýazylan “Lalla-Rukh” poemasynyň birinji goşgusynyň ady: “Horasanyň ýaşyryn pygamberi” we onuň sýužeti Mukannaň ömür beýanyndan alnan; 3. Horhe Luis Borhesiň “Merwli Hekim, nikaply boýagçy” (El tintorero enmascarado Hákim de Merv) atly 1934-nji ýylda ýazan hekaýasy; 4. Saks Romer atly ýazyjy Mukanna hakdaky rowaýaty özüniň 1934-nji ýylda ýazan “Fu Mançiň nikaby” atly romany üçin gönezlik hökmünde ulanypdyr; 5. Eýranly režissýor Hosrow Sinaý Mukanna hakda filmiň “Sepijame” atly ssenariýasyny ýazypdyr we ony Tähranda 2000-nji ýylda çap etdiripdir. Soňra bu ssenariýa boýunça “Nameh” (Ak geýimli adam) atly çeper filmem şol ýylda düşürilipdir; 6. Mukannaň pitnesi bilen bagly taryhy wakalar Anna we Loran Şam-Massarlaryň “Müň we on müň ädim” (Mille et dix mille pas) atly fransuzça taryhy romanyň bir böleginde beýan edilipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |