21:11 NEJMEDDIN KUBRA (Üç ýüz altmyş pirli Köneürgenjiň welisi) | |
Beýik türkmen akyldarlarynyň, keramatly öwlüýäleriniň biri Nejmeddin Kubra Abuljennap Ahmet ibn Omar Hywaky Horezmi, taryhy maglumatlara görä, 1141-nji ýylda gadymy Köneürgençde dogulýar. Şyh Nejmeddin Kubra ýaşlygyndan birnäçe ylymlary çuňňur özleşdirip başlaýar. Hususanda, hadys ylmy, fykh, tefsir we ýene birnäçe ugurlary ymykly özleşdirýär. Sopuçylyk ylmyna ýykgyn edip başlaýar. Nejmeddin Kubra ylym-bilimini artdyrmak üçin döwrüniň möhüm ylmy merkezleriniň birnäçesine gidýär. Nyşapur, Hemedan, Yspyhan, Mekke ýaly şäherler ussat piriň düşläp geçen, ömrüniň gymmatly möwsümlerini geçiren ýerleridir.
Taryhy şahslar
Soňra ol Horezme dolanýar. Nejmeddin Kubranyň ikinji syýahaty Müsür sebitlerine, esasanam Isgenderiýýe şäherine bolýar. Ol bu ýerde birnäçe mütdet ýaşaýar. Soňra dogduk ili Horezme dolanyp, ömrüniň ahyryna çenli bu ýerde ýaşaýar. Şägirt ýetişdirmek, ylym-bilim öwretmek bilen meşgul bolýar. Nejmeddin Kubra il-ýurt, din-iman üçin mertlerçe söweşen gerçekdir. Ol mongollar bilen bolan söweşde gursagyndan ýaralanyp, şehit bolýar. Bu wakanyň öňüsyrasynda pir hezretlerine bir alamat aýan bolýar. Ol öz ýetişdiren şägirtlerini ýanyna ýygnap, ählisiniň Horasana tarap göç etmegini tabşyrýar. Olaryň arasynda Şyh Sagdeddin Hamawy, Şyh Aly Läle, birnäçe şägirtleri bolan doganoglany Aly ibn Muhammet dagylar hem bar eken. Nejmeddin Kubra şägirtlerine: “Gündogarda bir ot-ýalyn peýda boldy, ol günbataryň bäri ýanlaryny hem ýakyp taşlar. Bu örän uly apatdyr, bu ymmat, bu halk beýle apaty mundan öň gören däldir” diýýär. Aryplyk, pirlik derejesine ýeten we beýleki ähli şägirtleri oňa bu belanyň başdan sowulmagy üçin Alladan dileg-doga etmekligi soraýar, emma Nejmeddin Kubra olara: “Bu Allanyň gutulgysyz takdyry we üýtgewsiz ýazgydydyr. Dileg-dogalaryň muňa hiç hili peýdasy bolmaz” diýip, jogap berýär. Şägirtleri ulag mümkinçiliginiň bardygyny, piriň hem özleri bilen şäherden çykyp gitmegini soraýarlar. “Maňa Hakdan gelen buýruk bu şäherden gitmezlik we bu söweşde jan bermeklikdir” diýýär. Mundan soňra şägirtleri piriň tabşyrygy bilen şäherden çykyp gidýär. Onuň özi bolsa ýanynda galan ýoldaşlary bilen duşmana garşy göreşe girýär. Halk arasynda ýaýran rowaýatlara görä, söweş başlamazyndan öň asmany gara buludyň gaplap alandygy we şähere hüjüm etmegiň mümkin bolmandygy aýdylýar. Diňe bu hadysanyň gutulgysyzdygy pire aýan bolandan soň, duman syrylýar we mongol leşgerleri şähere hüjüm etmäge girişýär. Nejmeddin Kubra göterip bilen sapan daşlaryny ýanyna alyp, duşmana zyňyp başlaýar. Her daşyň düşen ýeri uly ot-ýalyn bilen gabsalypdyr. Daşy gutaran badyna, piriň gursagyna ok çümýär. Şol wagt Nejmeddin Kubra ol oky aýryp, asmana sary zyňyp goýberýär we özüniň iň soňky sözlerini şygyr bilen aýdýar. Köne çeşmelerde pir bu sözlerini öz ene dilinde aýdypdyr diýip tekrarlaýarlar. Ol goşgynyň manysynyň “Isleseň meni wysal bilen, isleseň pyrak bilen öldür – bu pikirlerden azatdyryn. Maňa seniň söýgiň ýeterlikdir” diýen sözlerdigi beýan edilýär. Pir bu sözlerini aýdyp, jan beripdir. Ol 1221-nji ýylda dünýäden ötýär we şol ýerde hem jaýlanylýar. Nejmeddin Kubra sopuçylygyň “Kubrawyýe” mekdebini esaslandyran pirdir. Soňra onuň şägirtleri bu ýoly hasda ösdüripdirler. Hemedan Kubrawiýesi, Nury Kubrawiýesi, Rukni Kubrawiýesi, Zehebi Kubrawiýesi, Nurbahşy Kubrawiýesi, Yýderusy Kubrawiýesi, Firdewsi Kubrawiýesi ýaly ýene birnäçe ugurlar öz gözbaşyny Nejmeddin Kubranyň asyl ýörelgesinden ugur alýandyr. Ylmy-edebi eserlerde Nejmeddin Kubranyň ady tutulýan ýerde onuň birnäçe lakamlary hem beýan edilýär. Bu lakamlaryň ählisi Nejmeddin Kubranyň manyly we bütin adamzada nusgalyk ömrüniň aýdyň kesgitlemesi bolup görünýär. Nejmeddin Kubra “Sany’ al-ewliýa” ýagny, “welitaraş” – welileri ýetişdiren şyh diýen lakam berlipdir. Bu lakam onuň welilik, pirlik mertebesine ýeten köpsanly şägirdiniň bolandygyny aňladýar. Taryhda şu lakama Nejmeddin Kubradan başga mynasyp bolup bilen başga bir adamyň ýokdugy aýdylýar. Nejmeddin Kubra bu babatda ýeke-täk adamdyr. Birinjiden, onuň elinde ýetişen keramatly welileriň kändigi nygtalsa, beýleki tarapdan, onda nazar salan adamsyny welilik mertebesine gowuşdyryp bilýän ukyp bolupdyr. Rowaýatlara görä, piriň nazar salan iki sany iti hem şol derejä ýetipdir diýilýär. Magtymgulynyň goşgusyndaky “Terki gulluk eden iki it nedir?” diýen sowalda hem şol wakanyň göz öňünde tutulýandygyny öňe sürýän alymlar bar. “Abuljennap” lakamy dünýä aladalaryndan özüni çetde saklanlygy, dünýä eşretine köňül bermänligi üçin goýlupdyr. Alymyň öz ýazan “Gözellik kokulary we Jelil syrynyň açylyşy” atly kitabynda ýazmagyna görä, bu lakamy oňa düýşünde hezreti Pygamberimiz beripdir. Pir hezretleriniň “Kubra” lakamy hakda hem taryhy çeşmelerde maglumatlar kän. Nejmeddin oglanlygyndan başlap aň-zehin, ukyp babatda deň-duşlaryndan mese-mälim tapawutlanypdyr. Kyn meseleleri çözmekde, çuňňur düşündirmekde hatda birnäçe alymlardan hem ökde çykypdyr. Onuň daş ýarýan zehinini, ylym-bilimini göz öňünde tutup, oňa “Tammat al-kubra” – ylym-bilimi beýik tupan, harasat ýaly diýen lakam berlipdir. Soňlugy bilen “tammat” sözi ulanyşdan galyp, “Kubra” sözi has meşhur bolup gidipdir. Nejmeddin Kubranyň miras galdyran eserleri örän kän. Hajy Halypanyň “Keşf az-zunun” atly eserinde piriň ýedi sany eseriniň ady getirilýär. Nejmeddin Kubranyň edebi mirasyna degişli golýazma çeşmelerini düýpli öwrenen alymlar bolsa onuň 32 sany eserini we olaryň golýazmalaryny ýatlap geçýär. Olaryň arasynda “Sünnetiň we hak ýolunda ýöremegiň beýany”, “On usul”, “Sopuçylygyň üç görnüşi hakda risala”, “Gözellik kokulary we Jelal syrynyň açylyşy”, “Nejminiň tefsiri”, “Durmuş çeşmesi” atly eserleri we meşhur rubagylary bardyr. Gündogarda giňden ýaýran rowaýatlaryň birinde, Balhda ýaşan pirleriň biri wagtal-wagtal adamlary ýanyna üýşürip wagyz-ündew eder eken. Ol “Mende Allanyň bardygyny subut edýän ýüz sany delil bar. Geliň öwredeýin” diýip, ýörite sapak berer eken. Emma şol ýere täzelikde göçüp baran bir ýaş ýigidiň onuň maslahatyna barmaýandygyny pire aýdypdyrlar. Pir bu ýigidi öýüne getirmek üçin her hili usullar ulanyp görüpdir, emma ol öz okuwy, ylym-bilimi bilen meşgul bolup ýörüpdir. Ahyry piriň özi ýigidiň huzuryna barypdyr. Onuň näme üçin öz söhbetlerine gatnamaýandygyny, özünde Allanyň hakykatyny subut edýän ýüz deliliň bardygyny aýdypdyr. Ýigit edep bilen jogap beripdir: “Hormatly pir, delil şübhäni aradan aýyrmak üçin gerek. Mende bolsa Allanyň barlygyna hiç hili şübhe ýok, şonuň üçin bu zadyň maňa ähmiýeti ýok. Men özüme gerekli zatlary öwrenmek isleýärin” diýipdir. Taryhçylar bu ýigidiň Nejmeddin Kubradygyny öz eserlerinde ýatlapdyrlar. Rahmet Gylyjow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |