"EL-YGTYBAR" - YGTYBARLY ÇEŞME
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynda meşhur arap serkerdesi Usama ibn Munkuzyň «El-Ygtybar» atly eseri we onuň many-mazmuny hakda söz açýar. Türkmen gyzynyň ugurtapyjylygy bilen bagly gyzykly taryhy pursatlar beýan edilýär.
Usama ibn Munkuz zamanasynyň iň algyr şiri, gaýduwsyz serkerdesi, ussat we söweşjeň gerçegi hökmünde suratlandyrylýar, diňe bir söweş meýdanynda naýzasynyň ujunyň däl, eýsem edebiýat meýdanynda galamynyň ujunyň ýitidigini ykrar etdiren arap serkerdesi hökmünde ýatlanylýar.
Ol 1095-nji (488-nji hijri) ýylda dünýä inip, 1188-nji ýylda (584-nji hijri ýyly) dünýäden ötýär. Edebiýatçy, ýazyjy, şahyr we serkerde hökmünde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Usama taryha ýaň salan haçly ýörişlerden iki ýyl öň dünýä inýär. Iki ýaşyna ýetende ata-babalarynyň öňden oturymly ýeri Beýtulmukaddes synyp, duşmanyň eline geçipdir. Şeýle galagoply wakalaryň içinde ýetişen, asly begzada ojagyndan bolan Usamanyň çagalygy gowgaly ýyllara gabat gelipdir. Ýöne Usamanyň ömür közi öçmändir, gaýta türkmen soltanlarynyň saýasynda ol soňlugy bilen has beýik derejelere, şöhratlara eýe bolupdyr. Usama ýaşlygyndan söweş tärlerini birkemsiz öwrenip başlaýar. Oýunjagy — naýzadyr gylyç-galkan, güýmenjesi — harby sungatyň tärleri bolýar. Türkmen serkerdeleriniň oňa syny oturypdyr. Häsiýetlerinde özleriniňkä meňzeşlik bolansoň, oňa aýratyn ynam bilen bakypdyrlar. Şeýle ussatlaryň, serkerdeleriň elinde ýetişen Usama iki sany haçly ýörişe gatnaşan adamdyr. Ol ömrüniň dowamynda ýigrimiden gowrak uly söweşe gatylypdyr. Haçan-da haçparazlar onuň dogduk depesi Şeýzer galasyny gabanlarynda hem, Usama hemişe onuň goragynda öň hatarlarda peýda bolupdyr. Şeýdip her gezek duşmanlar bu galany alyp bilmän, lapykeç halda yzlaryna dönmeli bolýan ekenler. Sebäbi galanyň mäkäm goragy we goraýjylaryň mertligi duşmanyň öňe süýşmegine per bermeýän eken. Goraýjylaryň baş serkerdesi hem Usama ibn Munkuz bolupdyr. Usama käwagtlar ýanyna öz ýigitlerini alyp beýik türkmen serkerdesi Ymadeddin Zeňňiniň ýanyna gider eken. Onuň bilen birlikde birnäçe söweşlere gatnaşypdyr. Türkmenleriň harby tilsimlerini, söweş tärlerini öwrenmeklige örän höwesek eken. Söweş ýok pursatlary öz bedenlerini taplamak üçin türkmen ýigitleri bilen tokaýlara siňer ekenler. Şol ýerlerde ýabany ýyrtyjylar — ýolbarslar we gaplaňlar bilen başa-baş söweşe giripdirler, darkaş gurapdyrlar. Şeýdip öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdiripdirler. Usamanyň bu ýokary taýýarlygy halk arasynda uly hormata eýe bolupdyr. Ol käteler tokaýda öldüren haýwanyny atynyň yzyna baglap, köşge süýräp alyp gaýdar eken.
Usama edebiýata, ylma örän gyzyklanypdyr. Döwrüniň emirleri we şahyrlary bilen ýakyn dostlukda bolupdyr. Ymadeddin Zeňňi, Nureddin Zeňňi, Salaheddin Eýýuply ýaly zamananyň meşhur serkerdeleriniň hatarynda, ýanynda Usamanyň ady hökman agzalýar.
Usamanyň galdyran edebi mirasy biçak baý. Onuň golýazmalary dünýäniň ençeme ýurtlaryna ýaýrapdyr. Usamanyň «El-Ygtybar» atly eseri öz başdan geçirenlerine bagyşlanýar we taryhy wakalar ygtybarlylyk bilen beýan edilýär. Taryhy wakalaryň takyklygy we çeper beýan edilmegi fransuz gündogarşynasy Hardwik Dramborky erkine goýmandyr. Bu eseriň Madridiň Askorýal kitaphanasyndaky golýazmasyny ilik-düwme öwreneninden we tankydy tekstini gözden geçireninden soňra, 1886-njy ýylda onuň faksimile nusgasyny çap etdirýär. 1894-nji ýylda onuň fransuz diline terjimesini neşir etdirýär. Soňra şu nusga esasynda ol dürli dillere terjime edilýär. 1905-nji ýylda nemes diline, 1922-nji ýylda rus diline, 1929-njy ýylda iňlis diline terjime edilýär.
Usamanyň «Edebiň maňzy» (Müsürde çap edilen), «Hasa» (Siriýada çap edilen), «Derýalaryň gülleri» (Parižde çap edilen), «Menziller we diýarlar» ýaly ýene birnäçe eserleri meşhurdyr. Usamanyň özboluşly terjimehalyny ýatladýan bu kitap gündogarşynas Enes Halydow tarapyndan 1961-nji ýylda Leningradda neşire taýýarlanypdyr. Usamanyň şygyrlar diwany hem meşhurdyr.
Usama ibn Munkuzyň «El-Ygtybar» atly eserinde türkmen soltanlary, serkerdeleri we söweş meýdanynyň şirleri uly buýsanç bilen ýatlanylýar. Kitaby okap başlanyňdan türkmeniň uludan kiçi her bir göbeklisiniň söweş tilsimlerinden ussatlyk bilen baş çykarýandygy, mertdigi, gorky-ürkini asla bilmeýändigi, namysjaňdygy, öz ýakynlarynyň namys-mertebesine çirk ýetirmek beýle-de dursun, sähel bir galat söz aýdylsa-da, ýokuş görüp, aryny almasa ynjalmaýandygy suratlandyrylýar. Şunuň ýaly wakalar hem, söweş meýdanlarynda bolýan beýleki wakalar hem bu eserde giň orun tutýar. Çabga misli ýagyp duran oklaryň, peýkamlaryň, naýzalaryň astynda hiç zatdan howatyr etmän, gala seňňerine tarap öňe süýşýän türkmenleri görende: «Eý, Allam, bulara serediň, biz bu halda başymyzy ýerden göterip bilemzok, bular bolsa zada per bermän, hiç zatdan çekinmän gala tarap okdurylyp barýarlar» diýip ýazýar. Kiçeňräk taryhy kyssalar görnüşinde beýan edilen şeýle ýazgylar jemlenip, galyň bir kitaby emele getirýär. Şunuň ýaly hakykatlary özünde saklaýan kyssalar eseriň içinde gaýta-gaýta duş gelýär. Diňe bir serkerdelik babatda däl, eýsem adamkärçilik, jomartlyk jähtinde ýazylan kyssalar hem bar.
Türkmenler hakynda şeýle gyzykly we täsirli wakalar Usama ibn Munkuzyň ähli kitaplarynda hem gabat gelýär. Bir aýratynlygy, beýleki taryhy eserlerde käbir wakalar gaýtalanyp gelýär, emma Usamanyň eserlerinde öňki taryhy wakalar gaýtalanmaýar. Şu jähetden alanymyzda Usama ibn Munkuzyň kitaplary türkmen taryhyny, esasanam serkerdeler we harby sungat bilen bagly taryhymyzy öwrenmekde tapylgysyz we gaýtalanmajak edebi çeşmedir.
Rahmet GYLYJOW,
“Nesil” gazeti, 09.01.2018 ý.
Taryhy makalalar