17:52 Senjap jüpbesi | |
SENJAP JÜPBESI
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyñ söz mülküne myhman bolsañ, täsinden-täsin rowaýatlara, hekaýatlara we hakykatlara duş gelýärsiñ. Şahyryñ dünýäsine bir aralaşanyñdan soñra, ondan dolanma ýokdugyny her kim bilýändir. Magtymgula çuññur düşünmek üçin köp-köp kitaplary okamaly, köp-köp pikirleri jemlemeli bolýar. Haýsydyr bir zady gözläp otyrkañ hem başga bir täsin zadyñ üstünden barýarsyń. Magtymgulynyñ "Gözel sen" atly goşgusynda: "Usta Japar işi, senjap jüpbesi..." - diýen setir bar. Bu ýerde agzalýan senjabyñ nämeligini bilmek üçin "Türkmen klassyky edebiýatynyñ sözlügine" seretmeli bolýarys. Ol ýerde senjabyñ täsin haýwandygy hakynda aýdylýar. Geçmişde ýaşap öten meşhur musulman alymlarynyñ biri Ad-Darir Antakiniñ "Täsinlikler kitabynda" hem senjap hakynda maglumat bar. Mundan başga-da bu kitabyñ içinden Magtymgulynyñ ösümlik, haýwanat hem-de tebipçilik dünýäsinden söz açýan setirleriniñ birnäçesine giñişleýin jogap berip biljek köp zatlaryñ bardygyny aýtmalydyrys. Bu kitapda ýazylyşyna görä, senjap - dört aýakly, göwresi pişigiñkä meñzeş bolan gysga guýrukly haýwandyr. Senjap, esasan, Şam töwereklerinde köp duş gelip, senuber agajyny halaýandyr. Ol şol agajyñ üstünde ýaşaýandyr. Senjap ir-iýmişler bilen iýmitlenýär, onuñ eti ýumşak. Eger onuñ etini iýseñ gyzgynyñy aýyrýar. Onun derisinden tikilen don ýa-da geýim bedeniñi ýyly saklaýar, şonuñ bilen birlikde hem ol endama örän ýakymlydyr. Senjap derisinden tikilen geýimi geýseñ, özüñi duýşuñy gowulandyrýar. Häsiýetiñ gowulanmagyna täsir edýär. Şeýle hem gowşak we ejiz adamlaryñ dogumly bolmagyna ýardam berýär, nerw bilen baglanyşykly keselleri, agyrylary aýyrýar. Onuñ tüýüni ýara ýapsañ peýdasy köp. O ýaranyñ tiz bitmegine we gan akmasynyñ kesilmegine peýda edýär. Tüýüni bal bilen garyp, çişe dañsañ, gaýtarýar, ýagny, aýyrýar. Ine, Magtymguly atamyzyñ goşgularybda ady agzalýan senjap we onuñ derisinden tikilen don, geýim hakynda meşhur alym-tebipleriñ ýazyp giden zatlarynyñ käbiri şunuñ ýalydyr. Seredip otursak, Magtymgulynyñ bu zatlary agzamagynyñ añyrsynda nepisligiñ we täsinligiñ giden bir ummany ýatyr. Senjap jüpbesiniñ diñe bir endama ýakymlylygy däl, eýsem kesel bejerijilik häsiýetiniñ barlygy hem aýan bolýar. Ine, şu ýagdaý hem Magtymguly şahyryñ beýan edýän senjap jüpbesiniñ ýönekeý zat däldigini görkezýär. ■ "Hindige bagş etdiñ..." Diñe bir sungaty däl-de, öz tebigaty bilen hem dünýäni haýrana goýan Hindistan hakynda Magtymgulynyñ goşgularynda köp setirlere duş gelýäris. Şahyryñ Hindistany görmekligi arzuw edenligi we ol ýurt bilen baglanyşykly köp zatlar hakynda aýdyp geçenligini goşgy setirlerinden okap biläýmeli. Olaryñ añyrsynda bolsa geçmişiñ gyzykly rowaýatlarynyñ hem birnäçesi bar. Şahyryñ: "Hindige bagş etdiñ ýeriñ ýagşysyn" diýip aýdyşy ýaly, bu topragyñ gözelligini wasp etmedik, bu ülkäni görmekligi höwes etmedik az-azdyr. Ýöne näme üçin, Hindistan owadanka? Rowaýatlara görä, Allatagala Adam atany we How enäni ýaradyp, olara jennetde ýaşamaga rugsat beripdir. Ýöne şol ýerden zat datmazlygy olara tabşyrypdyr. Adamy perişdelerden hem ýokary goýýanlygy üçin Allatagaladan öýkeli gezip ýören, özüniñ ulumsylygy sebäpli bolsa Onuñ näletine duçar bolan, içi ahmyrdan, kineden doly şeýtan Adam ata bilen How enäni azdyrmagyñ ugruna çykýar. Ol ahyry How enäni yrýar, işdäsini açýar. How enäniñ üsti bilen öz hilesini ulanyp, Adam atany-da nygmatdan iýer ýaly edýär. Şeýdip Allatagalanyñ gadagan eden nygmatyndan iýip, günä işe goşandyklary üçin, olary jennetden çykaryp, Ýere kowýarlar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, How ene Arabystana, Adam ata bolsa Hindistana eltilipdir. Adam ata Hindistana baryp düşende, onuñ başynda, perişdeleriñ, jennetiñ gül-gunçasyndan, otundan, bag ýapraklaryndan owadan edip ýasan gül täji bar eken. Adam ata How enäni gözläp, bütin Hindi topragyny gezipdir. Şonda onuñ başyndaky gül täjiñ gunçalary, gülleri, ýaprakdyr otlary gurap-gurap, hersi bir ýerde gaçyp galypdyr. Ýöne olaryñ jennet ösümligidigi üçin, topraga düşen badyna ýene-de gögermek bilen bolupdyr. Şonuñ üçin hem jennetiñ gül-gunçasy, gözel daragtlarynyñ ýapraklary, göze we jana ýakymly otlary bilen bezelen bu toprak dünýäniñ iñ owadan ýeri bolup galypdyr. Rahmet GYLYJOW. # edebiyatwesungat_2000 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||