10:06 Nesibä tarap ädim | |
NESIBÄ TARAP ÄDIM
Oýlanmalar
Ynsan üçin iň müşgil we şol bir babatda iň gyzykly zatlaryň biri durmuşdaky öz ornuňy tapmakdyr. Munuň üçin özüňe mynasyp bir maksadyň bolmagy baş şert. Maksatly ýaşamak ata-babalarymyzyň öz perzentlerine ündän esasy zatlarynyň biri. Muny dürli tymsallaryň, rowaýatlaryň, durmuşy gürrüňdir wakalaryň üsti bilen nesilleriň aňyna guýmaga, düşünjesinde berkitmäge çalşypdyrlar. Maksat – seniň indiki ýetjek menziliň. Nirä barmak isleýän bolsaň, kim bolmak isleýän bolsaň, nähili işlemek we nähili ýaşamak isleýän bolsaň, şol zatlaryň çyzgysy-salgysy aňyňda ýa-da kagyzda anyk we aýdyň bolsa, şol hem maksadyň aýdyňlygy, anyklygy hökmünde görülýär. Ýöne, diňe Gözüňi Asmana dikip, göwün ýüwürdip oturanyň bilen ähli ýüki tylla bolan kerwen gapyňda düşlemeýär. Gol gowşuryp oturmak garaşmäk däldir. Arzuwly menziliňe aşmak üçin ýeterlik yhlas etmek, halys gerek bolsa, öňki ornuňy, işe çemeleşiş ýagdaýyňy üýtgetmek hem zerur ekeni. Bir rowaýatda şeýle diýilýär: Dag üstünde bütin ömrüni ybadat bilen geçiren bir adam bar ekeni. Bir gün dili dogaly biriniň ýoly onuň üstünden düşüpdir. Ötegçi bu terkidünýä adam bilen hal-ahwal soraşypdyr. Terkidünýä oňa: «Bütin ömrümi Hakyň tagat-ybadatyna bagyş etdim. Şu dagyň depesinden düşmän, diňe adyny zikir edip ýaşadym. Şu ýerde tapanlarym bilen oňşuk etdim. Emma, her neneň jomart diýilse-de, Biribardan göwnümiň galan ýeri bar. Hernäçe dilesem-de, bir hajatymy-ha hasyl etmedi» diýipdir. Muny diňlän ýaňky ötegçi, (ol bolsa aýdany uzak garaşdyrman hasyl bolýan bir keramatly bende ekeni), iki goluny ýokary göterip, Ýaradandan dileg edipdir: «Perwerdigär, sen ýer ýüzündäki janly-jandar, guş-gumry, mal-gara, her kesiň rysgyny ýetirýärsiň, haýyş-hajatyny hasyl edýärsiň. Seniň ryzaňy gazanmak üçin gije-gündiz ýagşylyk edýän bu bendäň hem haýyşlaryny rowa et! Muny maksadyna ýetir» diýipdir. Birnäçe wagtdan soňra ötegçiniň ýoly ýene ýaňky ýerden düşüpdir. Ötegçi gören zatlaryna geň galypdyr: Dagyň depesindäki baglar gurapdyr, çeşmäniň gözügi baglanyp, taňkyrap galypdyr. Dili senaly ötegçi ýene iki goluny ýokary göterip: «Perwerdigär, men bu bendäniň çeşmesini, bagyny gurat diýmedim. Onuň haýyş-hajatyny hasyl et! Ony maksadyna ýetir! Oňa has köp eçil!» diýip ýalbarypdym» diýipdir. Şol wagt asmandan bir seda eşidilipdir: «Eý, ötegçi, hut seniň dilegiňi hasyl etmek üçin bu terkidünýäniň bagyny hem, çeşmesini hem guratmaly bolduk. Sebäbi, bu bende bu ýerdäki rahatlyga şeýle bir öwrenişipdi. Onuň arzuw edýän zatlaryny, nesibesini bolsa biz aşakda başga bir ýerde goýupdyk. Bag-çeşmäni guratmasak, bu bende bu ýerden asla gozganjak adam däldi. Her näçe öwrenişen hem bolsaň, bir rahatlyga daňylyp otursaň, nesibeli ýeriňe ýöremeseň, arzuwyňy görmek mümkin däldir. Bar, seret, ol terkidünýä pylan ýerdedir» diýipdir. Ötegçi baryp görse, ol terkidünýä hakykatdanda şady-horramlygyň, hoş günüň, öňküsinden has gowy günüň içindemişin. Şonda ötegçi öz ýanyndan pikirlenip: «Her zat haýra çekýär. Her bir zady gowulyga ýormak gerek. Bagdyr çeşmesi guramadyk bolsa, ykbal bir salym zabun daramadyk bolsa, dogrudanam, bu bende örkünden gozganmazdy. Rahatlyga daňylyp oturyp, nesibäňe tarap hereket etmezlik uly ýalňyşlyk ekeni» diýipdir. Rahmet GYLYJOW. Çeşmesi: https://turkmengazet.com/nesiba-tarap-adim/. 27.10.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |