22:04 Tämiz garaýyşly alym | |
TÄMIZ GARAÝYŞLY ALYM
Edebi makalalar
Bütin dünýäde seslenme tapsa-da, öz nesilleriniň arasynda ykbaly dymyp ýatan türkmen şahsyýetleri taryhda gaty kän eken. Biz munuň şeýledigine diňe Garaşsyzlyk döwründe göz ýetirdik. Çünki, milli mirasymyza degişli zatlar öň bize asla ýetirilmändi, aslymyza guwanmaklyk, ata-babalarymyza buýsanmak¬lyk gadagan edilipdi, bize aýan bolan käbir taryhy wakalar bolsa ýoýlupdy. Hudaýa şükür etmeli zamanda, ata-babalarymyzyň hormatynyň basgylanman, mynasyp söýginiň bagyş edilýän wagtynda beýik türkmen şahsyýetleri hakynda açykdan-açyk gürrüň etmäge mümkinçilik döredi. Öňki asyrlaryň, gadymy döwürleriň arap dilinde ýazylan çeşmelerinde türkmenler hakynda uly söýgi we hormat bilen gürrüň berilýär. Biziň üçin näbelli, ýöne dünýä ylmy üçin meşhur bolan şahsyýetlerimiziň galdyran mirasynyň üstünde birnäçe ylmy derňewler geçirilýär, täze-täze açyşlar edilýär. Ylmyň haýsy pudagyna degişli bolaýsyn, şol ugurdan ýetişen türkmen alymyny hökman tapyp bolýar. Taryh, dil, edebiýat, ylahyýet, münejjimlik, matematika, tebipçilik we ş.m. Ilkinji nobatda zerur bolan ylymlaryň ählisinden hem dünýä meşhur türkmen şahsyýetleri özleriniň ylmy garaýyşlarynyň hakykylygyny subut edip gidipdirler. Ynsanyň ähli ylymlara, ähli eşrete ýa-da, umuman alanyň-da, bagta ýetmegi, bagtyýar ýaşamagy üçin ilki bilen saglyk gerekdir. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy we ruhy sagdyn-lygy bolmazdan, ynsan özüniň göz öňüne getirýän we arzuw edýän bagtyna ýetip bilmez. Şonuň üçin ilki bilen lukmançylyk ylmyny ösdürmek zerurlygy örboýuna galypdyr. Öz garaýşyň, öz ýoluň bilen dünýä ylmynda yz goýmaklyk beýiklikden nyşandyr. Hudaýa şükür, Taňry türkmen halkyny şonuň ýaly beýikliklerden boş goýmandyr. Dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Ysmaýyl Gürgenli, Ibn Sina, Biruny ýaly meşhur alymlar ýaşap geçipdirler. XIII asyrda Siriýada ýaşan, dünýäniň lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanyp, taryhda öçmejek yz galdyranlaryň biri hem türkmen alymy Ymam Zehebidir. Dogrusyny aýtsak, biz bu şahsyýetiň türkmenliginden bihabarkak, şol ugra degişli arap çeşmelerini okanymyzda, ondan soňky alymlaryň öz sözüni delillendirmek üçin köp halatda Ymam Zehebiniň işlerine, eserlerine salgylanýandygyna göz ýetirdik. Çünki, onuň ýazan kitaby arap we häzirkizaman Günbatar lukmançylyk ylmynda iň ygtybarly işleriň biri hasaplanýar. Tebipçilige degişli kitaplara gyzyklanma, ahyry bu alymyň doly eserine duşmagymyza getirdi. Biziň elimize Ymam Zehebiniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitaby düşdi. Bu kitabyň Türkmenistana geliş ykbaly hem mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen baglanyşyklydyr. Kitabyň ilkinji sahabyna göz aýlanymyzda özüne çeken geň zat Ymam Zehebiniň hakyky adynyň Muhammet Gaýmaz ekenligi boldy. «Gaýmaz» sözüniň aýdylyş, äheň we many taýyndan türkmen dil kanunlaryna laýyk gelýändigi ilkibada geňirgendirmänem durmady. Emma soňunda ähli zat ap-aýdyň boldy. Alymyň terjimehaly berilýän ýerde onuň türkmenligi aý¬dylyp geçilýär. Külli türkmen kalbyny joşdurjak, ruhlandyrjak sözler şeýle beýan edilipdir: «Ol hapyzlaryň ymamy, ussat, hakykatçy, barlag geçiriji, taryhçy, şyhyl-yslam Muhammet ibn Ahmet ibn Osman ibn Gaýmazdyr. Zehebi lakamy berlen Muhammediň asly türkmen bolup, ata-babalary Miýafarykyndandyr ...». Ymam Zehebi lakamy bilen tanalan Muhammet Gaýmaz 1264-nji ýylda Damask säherinde dogulýar we şol ýerde önüp-ösüp, ylym-bilim alýar. Ol şol ýerdäki ylym eýelerinden ylmyň dürli pudagyna degişli köp zatlary öwrenýär. Ýaňy on sekiz ýaşyna ýeteninden soň bolsa hadys ylmy bilen meşgullanyp başlaýar, ony tapmak, dogry ýa-da nädogrydygyny barlamak, bilmek, ol ýerde aýdylýan meselelere dogry düşünmek üçin jan edýär. Öz döwrüniň beýik alymlary Ymam Zehebiniň akyl-paýhasynyň näderejede beýikligine gözi ýetse-de, şol ýaşyndan oňa hadys ylmynyň eýgertjekdigine ynanmandyrlar. Ymam Zehebi şol döwrüň uly alymlary bolan Hapyz ibn Asakyr, Hapyz Ýunini ýaly ussatlaryň elinde sapak alýar, Damaskda Omar ibn Kuwasyň, Ýusup Kamulliniň, Baalbek şaherinde Abdylhalyk ibn Ulwanyň, Müsürde Abrakuhynyň, ibn Dakyk Aýdyň we Dumýatynyň söhbetlerini diňleýär. Isgenderiýede Abdylhasan Gyrafynyň, Abu Hasan Sawwafyň, Mekgede Töwriziniň, Halapda Seňňer Zeýniniň, Nablusda Ymat ibn Badranyň we beýlekileriň mejlisine gatnaşýar. Ýokarda ady getirilen adamlar şol döwürlerde ylmyň dürli pudagynda ussat¬lyk derejesine ýeten şahsyýetler eken. Bu mejlislerde, söhbetlerde Ymam Zehebiniň köp zada düşünmek, akyl ýetirmek üçin jan edişi alymlaryň göwnünden turupdyr. Alymlar Zehebiniň gep urşyndan «Her kim akylyna görä gürlär» diýen sözden gelip çykýan netijä laýyklykda, onda Hudaý tarapyn berlen aýratyn zehiniň jemlenendigine göz ýetiripdirler. Bu ussatlar hem öz yzynda «Halypam» diýip adyny tutjak beýik şägirtleriň ýetişmegi üçin, bilýän zatlaryny ondan gizlemändirler. Şonuň üçin hem oňa şol döwrüň esasy ylymlary bolan tefsir we hadys, ynanç /akyda/ we hukuk, taryh ylymlaryny kemsiz öwrenmek başardypdyr. Ýöne ol bu ylymlaryň içinde iki sanysyna aýratyn gyzyklanyp, şol ugurlardan kämillige ýetipdir, hatda bu ugurda özüne ylym öwreden halypalaryndan hem ozdurypdyr. Ol hadys we taryh ylymlary eken. Ymam Zehebiniň «Tezkire» /«Ýatlama»/ kitabynda beýan edişine görä, ol birnäçe alymlardan sapak alypdyr, birnäçe ussatlara şägirt bolupdyr. Kitapda şol döwrüň uly alymlarynyň birnäçesiniň ady getrilýär. Bu ýerde ol alymlaryň atlaryny sanap geçmesegem, Ymam Zehebiniň özüniň ýazyp gidişi ýaly, onuň bir müň üç ýüz alymdan sapak alandygyny, aglabasynyň hem döwrüniň iň beýik ylym eýeleridigini bellemelidiris. Ymam Zehebi ýiti zehini we seýrek duşýan ýatkeşligi bilen tanalypdyr. Bir gün birnäçe adamy bir ýere üýşüripdirler, Ymam Zehebi birlaý göz aýlapdyr-da, soňra olar hakynda öň eşiden we bilýän zatlarynyň ählisini aýdyp beripdir. Adamlar onuň sözünde sähelçe säwlik hem görmändirler. Hapyz ibn Hajar atly belli alym: «Men ýatkeşlikde Zehebiniň derejesine ýetmek niýeti bilen Zemzem suwuny içdim» diýip ýatlar eken. Her bir şahsyýete berilýän lakam onuň jemgyýetçilik dur-muşyndaky özboluşly aýratynlygyna esaslanyp dakylypdyr. «Zehebi» diýmek «zeheb» – «altyn, gyzyl» diýen sözdendir. Ol «ylym, adamkärçilik, ýagny ähli babatda gyzyl ýaly, altyn ýaly adam» diýmekligi aňladýar. Ine, bu lakam bolsa, öz gezeginde, türkmen perzendiniň il-günüň, halk köpçüliginiň ynamyny we talabyny ödändigini görkezýär. Taryhçylarynyň ýazmagyna görä, ol yzynda örän köp kitap ýazyp, nesillere uly ylmy miras galdyrypdyr. Olaryň ählisi hem bütin jemgyýet, adamzat üçin aşa peýdaly, haýyr-hormatly we örän wajyp eserlerdir. Olaryň arasynda taryha degişli uly göw¬rümli «Yslam taryhy» atly kitaby diňe şol döwrüň däl-de, häzirkizaman dünýä alymlarynyň aýratyn hormatyna we ünsüne mynasyp bolupdyr. Ýazgylara görä, bu kitapda şol döwre çenli dünýä taryhynda uly yz goýan, medeniýetiň, ylmyň ösmegine täsir eden adamlar, medeni ojaklar, şäherler hakynda takyk we dogry maglumatlar berlipdir. Belki, şol kitapdan türkmenleriň taryhyna degişli has anyk maglumatlary tapyp bolar. Çünki Ymam Zehebi Damaskda önüp-ösen, türkmen duýgusy bilen kemala gelen şahsyýetdir. Öz halkynyň, ata-babalarynyň yk¬baly hakynda giňişleýin durup geçenligi bolsa düşnükli zat. Sebäbi öz geçmişine guwanyp bilýän adam joşgunly ýaşaýar, ruhubelet ynsanlardan bolsa beýik şahsyýetler kemala gelýär. Ymam Zehebiniň ýaşan döwri, seljuk türkmenleriniň ol ýere eden ilkinji göçleriniň yzysüresine gabat gelýär. Taryhda belli bolşy ýaly, şol wagt uly döwletlerdir şäherler türkmenleriň elinde bolupdyr, şäheriň we şäher etekleriniň aglaba ilaty türkmenler eken. Şonuň üçinem Muhammet Gaýmaz Türk-meniň «Yslam taryhy» kitaby taryhymyzyň bize näbelli böle-gini aýan etjegi ikuçsuzdyr. Ymam Zehebiniň hadys ylmyna degişli kitaby hem uly göwrümli kitaplaryň sanawyna goşulýar. Bulardan başga-da ol ownukly-irili ýüzlerçe eseri miras galdyrypdyr. Ymam Zehebiniň işleri sözleriniň düşnükliligi, ylmy maglumatlarynyň takyklygy bilen beýlekilerden tapawutlanýandyr. Indi Ymam Zehebiniň «Pygamber tebipçiligi» eseri dogru-synda durup geçeliň. Bu kitap, ylmyň şu pudagyna degişli örän seýrek kitaplaryň biridir. Onda dert we derman hakynda Alla¬nyň kitabyna we pygamberiň sünnetine salgylanyp gürrüň berilýär. Onuň Gurhana we sünnete baglanyşyklygy üçin, bu kitap yslam tebipçiliginiň iň ygtybarly gollanmasy hasaplanylypdyr. Edil şeýle at bilen Ymam Ibn Kaýýumyň hem eseri bardyr, emma türkmen alymynyň eseri Ibn Kaýýumyňkydan esasy üç zat bilen tapawutlanýar. Ilki bilen, türkmen alymynyň eserinde getirilen hadyslaryň sany, soňra öňki öten hekimdir tebipleriň, sahabalaryň we olaryň yzyna eýerijileriň aýdan sözleriniň sany, şeýle hem kitapda getirilýän bölümleriň sany Ibn Kaýýumyňkydan köpdür. Ymam Zehebi eserini ynsdyr jyny ýaradan, oňa ýagşyny we ýaramazy ýatladyp, dogry ýola düşmegi ündän Allatagala şükür aýtmak bilen başlapdyr. Elbetde, Zehebi eserlerini köp babatda dini aňlatmalaryň üsti bilen düşündirmäge çalşypdyr. Ol: «Her bir musulmana mümkin boldugyça Hudaýa ýakynlaş¬mak wajypdyr. Onuň buýruklaryny we tagatlaryny ýerine ýetirmek üçin boş wagt we iň bähbitli usullary tapmalydyr» diýýär. Onuň eseriniň başynda Gurhanda beýan edilýän bir düşün¬je uly orun tutupdyr. Alym ony öz sözleri bilen getirip: “Eger-de ynsan Allatagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirip, onuň gadagan eden zatlaryndan saklansa, Alla hem ony ýaramazlyklardan we kesellerden gorar. Eder-de ynsanyň saglygy üýtgän, syrkawlan bolsa, diýmek, ol Hudaýyň kesgitlän dogry ýolundan çykan bolmaly ýa-da Hudaý ony bela-betere duçar edip, onuň sabyrlylygyny synap görmekçidir» diýýär. Zehebiniň ýazmagyna görä, ol bu eserini esasy üç ugra bölüpdir. 1. Lukmançylygyň kadalary, onuň ylmy-nazary we amaly-tejribe taraplary hakynda. 2. Dermanlar we iýmitler hakynda. 3. Dertleriň bejerilişi hakynda. Bu ugurlar hem öz içinde birnäçe bölümlere bölünip, olaryň her birisi hakynda giňişleýin durlup geçilipdir. Alym özüniň her bir sözüni delillendirmek üçin köp halatda Muhammet pygamberiň hadysyna we Allanyň kitaby Gurhana salgylanypdyr. Bu eser Muhammet pygamberiň aýdan, öwreden we durmuşynda ula-nan emleri, peýdalanan dermanlary dogrusyndadyr. Hut şonuň üçinem eseriň ady «Pygamber tebipçiligi» bolup galypdyr. Onuň eserlerinde arap dilinde tebipçilige degişli ýazylan beýleki eserlere mahsus häsiýet duş gelýär. Ol hem ilki bilen tebigatyň nämeden durýanlygy, onuň ynsan bedenine täsiri, häsiýetleriň, mizajlaryň (temperamentleriň) bölünişi ýaly zatlardyr. Zehebi tebigat hakynda durup geçip, onuň otdan, howadan, suwdan we toprakdan durýanlygy, bularyň ynsan bedebinde haýsydyr biriniň agdyklyk etmegi netijesinde, oňa mahsus mizajyň ýüze çykýanlygyny aýdýar. Her bir mizajyň döreýşi, ýüze çykyşy, olaryň haýsy keselleri özüne çekmäge, haýsylaryny bolsa yzyna serpikdirmäge ukyplydyklary, şeýle hem beden agzalary, ruhlar, tebigat, hereketler dogrusynda düşünje berilýär. «Saglyk Allatagalanyň adamzada bagyş eden iň uly nygmatydyr. Ol bolmazdan Allatagallanyň tagat-ybadatyny ýerine ýetirmek we özüňi ýagşy alyp barmak mümkin däldir. Şonuň üçinem ynsan bu nygmatyň gadyryny bilsin we Allatagala şükür aýtsyn!». Alym şunuň ýaly täsirli sözler bilen öz eserini bezäpdir. Bu kitap tebipçilik ugrundan ýetişen ýörite alym bolmasaňam, her bir ynsan we okyjy üçin gyzykly hem bähbitlidir. Ony okap çykanyňdan soň, ilki bilen kelläňe gelýän pikir halk tebipçiliginiň Gurhan we sünnet ýoly arkaly subut edilenligi ýaly bolup dur. Çünki onda aýdylýan zatlar biziň halk tebipçiligi diýip göz öňünde tutýan dermanlarymyza we emlerimize gabat gelýär. Kitapda iýmitleriň we içgileriň bedene edýän täsiri, beden hereketi we asudalygy, ruhy hereketi we asudalygy, oýalyk we uky ýaly zatlar hakynda her bir adamyň biläýmeli täsirli zatlaryny beýan edipdir. «Ynsanyň uka bolan mätäçligi onuň iýmite bolan mätäçligi ýalydyr. Uky ýadaw degnalaryň dynç alýan wagtydyr. Beýni durmuş külpetlerinden we kynçylyklardan ýaňa agras hala düşýär. Şeýle ýagdaýda uky indi boljak zerurlyklary tertibe salýar, onuň durnuklylygyny we ähli zady kabul etmäge ukyplylygyny gaýtadan dikeldýär. Eger-de ynsan ukyny göwnejaý almasa, ol akyl güýçleriniň ejizlemegine getirer, bedende ýadawlyk, beýnide we degnalarda dartgynlylyk ýüze çykar. Ukynyň dowamylygy ynsanyň ýaşyna görädir. Az wagtlyk çuňňur uky uzaga çekýän alasarmyk ukudan has peýdalydyr. Çünki uky näçe çuň boldugyça, beden şonça-da oňat dynç alýar. Goh-galmagal, güwwüldi bilen gurşalan uky bedene mynasyp rahatlygy bagyşlap bilmez». Şunuň ýaly gyzykly, täsirli zatlary öz eserinde getirmek bilen, alym olar bilen baglanyşykly beýleki ugurlara hem degip geçýär. Kitapda getirilýän ähli emler diňebir tebipçilik jähtinden däl-de, edep-terbiýe babatynda hem örän täsirlidir. «Saglygyňy saklamak üçin ilki bilen iýmiti diňe ajygan wagtyň iýmelidigini unutma. Ajyganlygyň alamaty bolsa ys alyş duýgularynyň güýçlenip, agzyňda tüýküligiň azalmagy, peşewiň reňkiniň üýtgemegi ýaly zatlardyr. Özüňde şeýle alamatlary duýanyňda iýip-içip bilersiň. Eger şol derejä ýetmänkäň doly iýip-içseň, onda dürli dertleriň döremegine sebäp bolup bilersiň. Dürli-dümen iýmitleri peýdalanmak gylyk-häsiýetiňi, durkuňy üýtgeder. Aşa köp iýmedik ýagdaýyňda süýji zatlar has ähmiýetlidir. Gereginden az iýmäge endik etmeseň, ol keýpiňi, şöhwetiňi gaçyrar we ýaltalygy döreder. Turşy zatlary köp iýseň garry-lygy tizleşdirer. Süýji zatlara endik etseň keýpiňi göterer we bedeniňi gyzdyrar, güýç goşar, duzly zatlar bedeni guradar we arrykladar. Nahar iýeňde aşgazanyňy üçe bölmelidir: Iýmit, suw we özüň üçin. Özüň üçin goýanyňy Hudaý nur bilen doldurar». Elbetde, bu ýerde alym ähli zady dini garaýyşlaryň üsti bilen çözmek isleýär. Ýöne aslynda hem şeýle edilende saglyk üçin peýdalydygy häzirkizaman lukmançylyk ylmynda hem subut edilipdi. Umuman alanyňda, Ymam Zehebi durmuşda bolup biläýjek dertleriň ýüze çykyşyny, ilkinji alamatlaryny, sebäplerini we dermanlaryny beýan edip gidipdir, özünden öňki dünýä belli tebipleriň aýdan sözlerini we emlerini kitabynda ýerleşdiripdir, öz garaýşy, düşünjesi bilen olary ösdüripdir. Ymam Zehebiniň bu kitabynyň ýene bir artykmaçlygy, ilki bilen ynsan saglygyny nädip goramalydygy hakynda, eger bu ýagdaýdan gijä galyp, eýýäm syrkawlan bolsa, ony nädip bejermelidigi ýa-da esli wagtdan bäri dowam edip gelýän dertden nädip üstün çykmalydygy hakynda, onda-da şolary daş-töweregimizi gurşap alan tebigatyň we bu tebigatda bize elýeterli bolan zatlaryň kömegi bilen bejerip bolýandygy hakynda gürrüň berilýär. Hut şu jähetdenem bu kitap Günbatar lukmançylygynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. «Eger-de Alla¬tagala ýa-da onuň resuly Muhammet pygamber şeýle diýýän bolsa, diýmek, onuň aňyrsynda nähilidir bir hakykylyk bolaý¬maly» diýip, günbatarly alymlar onuň ylmylygyny derňemek üçin birnäçe ýyllap basa oturyp işläpdirler. Diňe ýekeje dermanyň bedene edýän täsirini anyklamak üçin ýüzlerçe tejribe geçiripdirler, şol tejribeleriň dowamynda bolsa şol ugura degişli täze dermanlaryňam üsti açylypdyr. Alymyň bu kitabyny okap başlanyňdan, saglygyň üçin alada etmegiň şeýle bir kynam däldigine göz ýetirýärsiň. Kitapda dermanlaryň düzüminiň esasy, olaryň yasalşynyň kadasy, dermanlary ulanmagyň düzgünleri, dertleriň bejerilişi ýaly bölümler ýerleşdirilipdir. Olaryň ählisi hem, ýokarda ýatlap geçişimiz ýaly, ynandyryjy deliller, göwnejaý sözler, hadyslar, aýatlar, durmuşda bolýan wakalar bilen berkidilipdir. Iýip-içmekde, dürli ýaglary ulanmakda, jynsy gatnaşykda döräp bilýän keseller, ýüze çykan keselleriň bejerilişi hakynda hem giňden gürrüň berilýär. Soňra dermanlar hakynda aýdylyp, olaryň atlary arap elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir. Kitabyň ahyrynda ruhy keselleriň, was-wasynyň, göz-diliň, doga-jadynyň bejerilişi, düýşünde gorkup turýanlaryň, garabasmadan ýa-da ukusyzlykdan ejir çekýänleriň bejerilişi, ýagşy perzent edinmek üçin nämeleri nähili ýerine ýetirmelidigi, umuman alanymyzda, ynsan ömründe duşup biläýjek dertleriň ählisi hakynda-da aýdylyp geçilýär. Ymam Zehebi özüniň bu kitabynda: «Bu dermanlaryň ählisi durmuşda tejribe edilip, synalyp görlendir. Olaryň ählisi Allanyň islegi bilen dogry netije berdi» diýip ýazýar. Ymam Zehebiniň bu eseri arap dilinde ýazylandyr. Kitabyň golýazma nusgasy Müsüriň döwlet kitaphanasyndaky golýaz¬ma¬laryň lukmançylyga degişli bölüminde 65-nji belgi bilen saklanylýar. Biziň günlerimizde türkmen lukmanlarynyň kasamynda meşhur alym Muhammet Gaýmaz Türkmeniň adynyň aýdylmagy hem onuň lukmançylyk ylmyna uly goşant goşup, çäksiz hormata we sylaga mynasyp bolandygynyň subutnamasydyr. Ykbal bize Garaşsyzlygy, halkyň ruhuny galkyndyran Be-ýik Serdarmyz Saparmyrat Türkmenbaşyny berdi, şeýdibem tebipçilik ylmynda entek ýazylmadyk dertleriň köpüsine derman tapyldy. Ol Erkinlik şypasydyr, aslyňa we şu günüňe buýsanmaga haklydygyňa delalatdyr. Şypa Hudaýyň bagyşlan nygmatydyr, nygmatyň gadyryny bilmek bolsa Hudaýa şükür etmekdir. Ildeşimiz Muhammet Gaýmaz Türkmeniň şeýle ajaýyp kitabynyň Eziz Serdarymyzyň halkyna peşgeş beren ajaýyp zamanynda halk köpçüligine ýetirilmegi ýene bir ajaýyplyklaryň biridir. Goý, şeýle ogullary türkmene bagyş eden Allatagala biziň buýsançly başlarymyzy bagt bilen bezemegi dowam etsin! Rahmet GYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |