17:47 Keçe täsinlikleri | |
KEÇE TÄSINLIKLERI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Milli sungatlarymyz hakda söz açylanda her biri täsinligiň ümmülmez dünýäsini özünde saklaýan birnäçe zatlarymyz göz öňüňde janlanýar. Şol ümmülmezligiň aňyrsynda ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň ummasyz gory bar. Aýlaryň däl-de asyrlaryň, ýyllaryň däl-de eýýamlaryň içinden geçip, bu günlerimize gelip ýeten milli sungatlarymyzyň biri hem keçe sungatydyr. Ýedi hazynanyň birine deňelen goýundyr geçi malynyň süňňüni, süýegini hem yrýa etmeýän, aşyk süňküni milli oýna öwrüp bilýän, olaryň üsti bilen çagalaryň ünsüni jemlemek, çenemek, nyşana almak ukyplaryny kämilleşdirýän, çörüni odun ýa-da atyzlara dökün edip ulanýan, ýüň-çöpürinden pişge ýa-da dürli hojalyk harytlaryny taýýarlaýan halkymyz isribe ýol bermän, onuň her bir zadyndan haýyr tapmagy, peýdalanmagy öwrenipdir. Türkmen öýleriniň törüni bezän keçeler dagy aýratyn bir sungata öwrülipdir. Oba ýeriniň oglany bolamyzsoň, kiçiligimizden bäri keçe taýýarlanyş usullary bilen ýakyndan tanyş. Ýaz we güýz gyrkymynyň ýüňleriniň arasyndaky tapawutlar, ýüňleriň saýlanylyşy, saýylyşy we daralyşy, dürli reňklere boýalyşy, gamyş boýranyň ýüzüne ýerleşdirilişi, dürli nagyşlaryň çekilişi, garaz, bularyň her biri zähmet hem-de döredijilik terbiýesi. Aglaba halatda, keçe taýýarlamak zenan maşgalalara mahsus ýaly görünse-de, taryhy çeşmelerde erkek göbeklileriň hem bu babatda gaýra durmandygyny tassyklaýan maglumatlar köp. Iň bolmanda, güýjüň-gurbuň ýetdiginden ýüň ýa-da suw äberişmegiň, nagyşlaryny çekmäge kömekleşmegiň, keçäni «bişirmeli» ýeri gelende o ýan-bu ýana çekişmegiň hem sogapdygyny, uly kömekdigini ýaňzydardylar. Şeýdibem, zähmet çekmäge hem-de döredijilikli pikirlenmäge, sungat bilen höwrükmäge höwes dörederdiler. Keçe basmagyň, keçe taýýarlamagyň özboluşly lezzeti, öz hezilligi bolýar. Onda özboluşly hasap-hesip, sazlaşyk aýratyn orun alýar. Nagyşlar salnanda, olaryň has owadan, gelşikli, sazlaşykly görünmegi üçin uly yhlas edilýär. Üstesine, reňkleriň sazlaşygyny, utgaşygyny tapmagyň özi aýratyn bir mekdep. Bu milli üme mekdebiniň dowamaty bolmaly, şol ugurdan ýörite ýokary bilimi bolmasa-da, adaty goýun ýüňünden sungat eserini döredip bilýändikleri bilen haýran galdyrýarlar. Keçelere salynýan nagşyň özi aýratyn bir dünýä. Edil haly nagyşlaryndan juda köp zady okap, aňlap, düşünip bolşy ýaly, keçe nagyşlarynyň hem her biriniň çuňňur manysy bar. Onda diňe gözellik, owadanlyk däl, eýsem, many-mazmun hem aýratyn ähmiýete eýe. Kimler keçede geljeginiň arzuwyny «janlandyrmaga» çalyşsa, kimler şu gününiň şükürini ýerleşdirýär. Zenanlar öz arzuwlaryny, ýürek seslerini nagyşlaryň üsti bilen ýaňzydýar, keşdeler arkaly sözleýär. Onsoň ol ýerden köp manylary okap bolýar. Türkmen keçeleri hakda gürrüň açylanda, olaryň nagyşlarynyň ýa-da ýüňleriň ýerleşdiriliş aýratynlyklary hem manylara esaslanýar. Keçeleriň aglabasynyň gyrasynyň gara ýüňden taýýarlanylmagy hem täsin. Sungat öwreniji käbir alymlar munuň özboluşly manysynyň bardygyny, keçäniň nagyşly böleginiň biziň ýaşaýan ýa-da ýaşamak isleýän owadan dünýämizi aňladýandygyny, gyrasyny gurşap duran gara ýüňüň — garaňkylygyň bolsa akyl ýetirip bolmaýan älem giňişligidigi hakdaky pikirleri öňe sürýärler. Elbetde, milli sungatymyzyň her bir şahasynda dünýä akyl ýetirip bilmeklik aýratynlygy şöhlelendirilmän duranok. Älem, dünýä, ýaşaýyş bilen sazlaşyk ata-babalarymyzyň düşünjesinde hemişelik orun alan zatdyr. Ol, hakykatdan hem, şeýle bolmagy mümkin, emma janly-jandarlaryň durmuşy hakda söz açýan käbir gadymy eserlerde möý-içýan ýaly zäherli mör-möjekleriň gara goýnuň ýüňüne aralaşyp bilmeýändigi teswirlenilýär. Şonuň üçin keçäniň gyra-ýakalarynyň, erňeginiň gara ýüňden taýýarlanylmagy, şeýle zäherli mör-möjeklerden goranmak maksatly göz öňünde tutulan bolmagy hem mümkin. Şeýle keçeleriň ähmiýeti çarwa durmuşynda has-da görnetin bildirýändir. Diňe şu maglumata esaslanybam, türkmen keçesiniň hem bilim, ylym, hem döredijilik, hem sungatdygy hakdaky pikire gelýärsiň. Bu sungadyň ussatlarynyň aýtmagyna görä, keçäniň hili onuň gyralarynda has anyk bildirýär. Gyrasy sagdyn, berk bolsa, onuň hiliniň gowudygy. Şonuň üçinem, irki çeşmelerde «Gyrasyny gör-de kizini al, enesini gör-de gyzyny al» nakyly köp getirilipdir. Häzirki döwürde bu nakyl, «Gyrasyny gör-de bizini al» ýaly biraz başgaça ulanylýar. Aslynda, ol ýerdäki söz «kiz» sözi bolmaly. «Kiz» türkmen dilinde «keçe» diýmegi aňladýar. Keçeleriň ähmiýeti diňe munuň bilen çäklenenok. Goýun ýüňünden taýýarlanan keçeleriň bejerijilik ähmiýetiniň bardygy, onuň ýadawlygyňy aýryp, süňňüňe hem-de nerw-degnalaryňa rahatlyk berýändigi, özüňi duýşuňy kadalaşdyrýandygy hakda hem maglumatlar bar. Şonuň üçin mahal-mahal türkmen keçesiniň üstünde söhbet etmek, dynç almak aýratyn täsirli bolýar. Onuň berýän mazasy, lezzeti, peýdasy üýtgeşikdir. Halypa alym-ýazyjy Osman Ödäýewiň hatda iş otagynda hem türkmen milli keçesiniň bolandygy, adaty iş wagtyndan soňra ýa-da mümkinçilik-maý bolanda, keçesini ýazyp, ýassyga ýas¬sanyp, döredijilik işine meşgul bolandygyny gürrüň berýärler. Öndümli işlän halypa ýazyjynyň eserleriniň sanynyň köplügi, many-mazmunlarynyň çuňňurlygy aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Belki-de, türkmen milli keçesi halypa ýazyjynyň döredijiligine hem oňyn täsir edendir diýip, pikir ýöretmek mümkin. Milli keçe sungatymyz aýratyn öwrenilmäge, dünýä ýüzünde wasp edilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: «Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek zerurdyr» diýip, keçe sungatyny hem aýratyn belläp geçdi. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerine gurnalan ylmy-medeni ekspedisiýanyň çäklerinde Serhetabat hem-de Tagtabazar etraplarynda bolmak miýesser edipdi. Şol gezek türkmen keçe sungaty bilen has-da içgin tanyşmaga uly mümkinçilik boldy. Türkmen keçelerini göreniňde, ýa-da keçäniň üstünde jaýlaşykly oturyp, gümür-ýamyr edeniňde ýokarda aýdylan zatlaryň ählisiniň hakykatdygyna ýene bir ýola göz ýetirip bolýar. Şu jähetden alanymyzda, türkmen keçe sungaty dünýä derejesinde öwrenilmäge, wasp edilmäge mynasypdyr. Rahmet GYLYJOW “Watan” gazeti, 2022-nji ýylyň 11-nji oktýabry. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |