NEJMEDDINIÑ ÝYLDYZY
Sopular mantyk ylmyndan taýynlan mysallaryny halypa tabşyrdylar.
Elinden ençeme atly ruhany hadymlar çykan halypa tabşyrylan işleri howlukman gözden geçirdi.
Bir işde onuň nazary aýratyn eglendi.
«Men hiç zat we hemme zat. Men hemme zat we hiç zat».
Ol beýleki işleri bir çete süýşürdi-de, bu işi gaýta-gaýta okady.
«Görsene, özboluşly pikir ýöretme».
Soňra, işlerine beriljek baha garaşyp oturan sopulara göwnünden turan işi okap berdi:
—«Men hiç zat we hemme zat. Men hemme zat we hiç zat».
Sopular ýaňyltmaja çalymdaş kesgitlemäni öz ýanlaryndan öwran–öwran gaýtalap pikire çümdüler.
—Hawa, kim näme aýdyp biljek? –diýip, halypa olary gyssady.
—Ikinji bölegi hökmanam däl –diýip, sopularyň birisi seslendi. —Pikir başda aýdyň aýdylýar ahyryn.
—Bu babatda Nejmeddiniň özi näme diýerkä? –diýip, halypa işiň eýesine ýüzlendi.
—Men adam ömrüni beýan etmek isledim. Ýokdan bar, bardan ýok bolunýandygyny –diýip, Nejmeddin düşündirdi.
Halypa Nejmeddiniň öwgüsini ýetirdi:
—Berekella!
Nejmeddin öz ýöntemje pelsepesi üçin hem halypanyň öwmegini geňirgendi. Ol onuň has çylyşyrymly pikir ýöretmelere-de ukyplydygyny bilýärdi ahyryn. «Belki, beýleki sopulary tijemek üçin şeýdendir».
Halypa her gün öýleden soň bilermen adamlaryň üýşüp jedel edýän ýerine hem Nejmeddini alyp gidýärdi.
Ol ýerde beýleki şäherlerden, hatda goňşy ýurtlardan gelen atly kişileri-de görmek bolýardy.
Esasy jedel älemiň gurluşy, oňa akyl ýetirmek, ruhy dünýä, adamyň aň hem beden mümkinçilikleri, syrly ylymlaryň bähbitli hem bähbitsiz taraplary barada bolguçdy. Käte bolsa ýönekeý zatlar, ynha diýseň, belli-belli tagamlar bişirilende, olaryň öňki düzümini üýtgewsiz saklamalymy ýa-da başga zatlar atsaň bolýandygy, bolmaýandygy hakda hem gidýärdi.
Şygyr düzüliş kadalary, küşt oýny babatda hem jedele gyzyşylýardy.
Adam köp üýşýändigi üçin esasy jedelleşýänleriň sesini eşitjek bolsaň, olara has ýakyn barmalydy.
Ýaş sopulary: «Özara ýaňraşyp, diňlemäge päsgel berýäňiz» diýip, jedel meýdanyna goýberenokdylar.
Halypanyň at-abraýy Nejmeddine goltgy bolýardy. Ol onuň ýanyndan aýrylman, özüni salyhatly tutup, jedel edişýän taraplaryň delillerini aňynda ölçerip-biçip, dogry çözgüdini tapmaga çalyşýardy.
Jedel meýdanyndan gaýdyp gelýärkäler bolsa, halypa ondan ol ýa-da beýleki jedel babatdaky pikirini soraýardy.
Amatyna gelende, meşhur pirler, şyhlar, mantyk ugurdan, asla, islendik ylymdan suwara adamlar bilen tanyşdyrýardy.
Olaryň wagt tapyp, onuň bilen ýörite gürleşip görmeklerini, degerli maslahat berip, mundan beýläkki ýoluna dürs ugrukdyrmaklaryny towakga edýärdi.
Asla, medrese bilminde göz öňüne tutulmaýan, hatda käbir babatlarda ýekirilýän jadygöýlük, müneçjimlik, gurrandazlyk ýaly ugurlardan hem Nejmeddiniň suwara bilmegini isleýärdi.
Ýöne bu hakda hiç ýerde dil ýarmazlygy tabşyrýardy. Öz gözbagçylyklary bilen adamlary elheder aldyrýan fakirler, syrly dünýäniň eýeleri jadygöýler, erte–birigün näme boljagyny gurra taşlap ýa-da ýyldyzlaryň ýerleşişine seredip öňünden aýdyp bilýän bilgiçler bilen dilini tapyp gürleşip, Nejmeddiniň olardan hem sapak almagyny gizlinje guraýardy.
Nejmeddin babatdaky aýratyn yhlaslylygyny ol «Men seniň ýyldyzyňy röwşen görýän. Saňa öz mümkinçiliklerimiň çäginde goltgy bermegi borjum hasaplaýan» –diýip düşündirýärdi.
Nejmeddin halypanyň tanyşdyran atly müneçjiminiň öwredişine görä, öz täleýnamasyny düzüp görende, dogrudanam, ýyldyzynyň röwşen ekendigine göz ýetirdi.
Şondan soň ol bulutsyz dury gijeler san-sajaksyz ýyldyzlaryň arasyndan öz ýyldyzyny gözläp başlady.
Onuň bu «hokgasy» barada biläýse, medresäniň baş piriniň sagdyn ruhy taglymata laýyk gelmeýän, gara güýjüň was-wasysyna berilmek hasaplanýan hyýallary üçin berk çäre görjegini bilýärdi.
Ol arşa barha we barha pähimli, oglanlyk döwründäkiden parhly seredýärdi.
Barlygy ýaradan gudraty güýçli Hak Tagalanyň ýedi gat asmanyň ýokarsyndadygy baradaky ynam onuň aňyna entek başlangyç medreselerde döwri ornapdy.
«Munça ýyldyzyň içinden men öz ýyldyzymy nädip taparyn?» diýip, ol bu biweç umydy kellesinden çykaryp zyňmaga çalyşýardy.
«Müneçjimiň kömegi bilen anyklan kagyz ýüzündäki täleý ýyldyzyňy arşdan gözlemek akmaklyk bolaýmasyn? Bu düýpden başga-başga zatlar ahyryn» –diýip oýlaýardy.
Öz ýyldyzyny tapmak umydy ony terk etmän, gaýtyp, barha odukdyrýardy. Şonuň üçinem ol ýyldyzlar baradaky taglymaty düýpli öwrenmegi niýetine düwdi.
Halypanyň kömegi bilen bu ugurdan «Pylan kitaphanada ýa-da pylan kişide barmyşyn» diýilýän arzyly kitaplary tapyp, ürç edip okap başlady.
Okadygyça-da, bilýän zadynyň ujypsyzdygyna, bilmeýäni bilen deňeşdirende, deňziň ýanynda bir damja suw ýalydygyna düşündi.
Kitaplardaky pikirleriň ählisine köre-körlük bilen ynansa bolmajakdygyna, olary özüçe degşirip, belli bir netijä gelmeginiň gerekdigine hem göz ýetirdi.
Ol ýazgylarda ýyldyzlar, asman jisimleri baradaky garaýyşlar dürli–dürlüdi. Her halkda, her dinde başgaçady.
Şonuň bilen bir wagtda, ýyldyzlaryň, ýagny arşyň çekiş güýjüne girip, ylla agramsyz kibi, göwresini ýerden üzüp bilýän siýam lamalary, hindi ýoglary baradaky syrly taglymatlar ony özüne diýseň imrindirýärdi.
«Öwrenip bolsa, gör, nähili geň başarnyklar».
Eger bu barada aýtsa, halypasy oňlamaz öýdýärdi. Tersine, ol mümkin bolan ähli taglymatlary hem öwrenip goýmagyň bähbitlidigini tekrarlady.
Arşdan öz ýyldyzyny gözleýändigi üçin hem ýaňsa almady. «Eger onuň bardygyna Allanyň bardygyna ynanyşyň ýaly ynanýan bolsaň, sen ony irde-giçde taparsyň» diýdi.
«Bu nähili beýle bolýar? Adam gözi bilen görüp, eli bilen tutup, bardygyna magat akyl ýetirýän zatlaryna ynanyşy ýaly, subut etmesi kyn, hyýalynda çaklaýan zatlarynyň barlygyna hem ynanýar. Ýa-da gep ynamdamyka? Ynam hyýaly anyklyga öwrüp bilýän ägirt duýgumyka? Ol elmydama ägirdem däl. Käte peselip ýitibem gidýär. Käte bolsa şeýle bir ulalýar welin... Belki, onuň ulalyp-kiçelmesi erke baglydyr? Ýöne ýerden çynma-çynly monahlar, günbatarly jadygöýler, siýam lamalarydyr hindi ýoglary erkini beketmek üçin yzygiderli aladalanýan däldirler? Düşündirmesi kyn geň-taň üstünlikleriň açary erkiňi ele alyp bilmekde bolaýmasyn? Diýmek, men ilkinji nobatda özüme erk etmegi öwrenmeli. Başaryp bolsa, aňrybaş derejede. Şeýtsem, ynanjymy erkime tabyn edip, hyýalymdaky islendik zady hakykata öwrüp bilerin».
Ol şu pikirler bilen kerwensaraýlara aýlanyp, ençeme ýurtlardan del harytlaryň ýany bilen geňräjik kitaplary getirýän täjirlere duşup, olarda barlaryny satyn alyp hem ýene-de getirip bermeklerini sargyt etdi.
Halypasy onuň bu ilkinji özbaşdak tutumyny oňlady.
Goluna düşýän kitaplaryň aglabasy musulmançylykdan üzňe, hatda okamak günä saýylýan, «şeýtanyň aldawyna salýar» diýilýän kitaplardy. Ýöne olarda hem öwrenmäge zatlar bardy.
Nejmeddin bu başynagidenligi Allanyň gaharyny getirer öýdübem çaklaýardy. Emma: «Şeýdip öwrenjek başarnygymy Yslamyň abraýyny arşa götermekde, Muhammet aleýhyssalamyň ýörelgesini beketmekde ulanaryn» diýip, göwnüne teselli berýärdi.
Halypasy onuň bilen pikirdeş gopýardy. Pul kömegini edýärdi. Hatda dini hadym üçin beýle bir zerur hasaplanmasa-da, at münüp, ýaý atmagy; gylyç tutup, naýza urmagy; gündogar göreşiniň çylşyrymly tilsimlerini hem aňrybaş öwrenip goýmagy ündeýärdi.
Ony halypa bilen has ysnyşdyrýan pursat küşt oýnudy.
Entek deňeçerräk oýnaýardy. Utan gezegi «Sarpasyny saklaman, biedeplik etdim» diýip, özüni ýazgarýardy. Halypasy onuň bu pikirini aňýan ýaly: «Utanymdan, utulanymy gowy görýärin. Bu maňa özümi tijemäge ýardam edýär» –diýip, ony köşeşdirýärdi.
Halypasynyň küşte söýgüsi oňa hem kem-kemden geçdi.
«Şu oýny oýlap tapana şöhrat bolsun!» diýip, halypasynyň aýdýan ýörgünli jümlesini ol hem gaýry ýerlerde küşt döwüni dikende gaýtalanyny duýman galýardy. Şeýdip ýyl yzyna ýyl geçdi.
Şindiz hem jedel meýdanyna bileje gidýärdiler.
Indi Nejmeddin islendik jedelde garşydaşyny egbarladýardy. Pähimli çözgütleri, logiki degşirmeleri bilen adygyp barýardy. Atly şyh-ulamalaryň, pähimdar adamlaryň, şahyrlaryň arasynda tanalyp başlapdy.
Halypasy garraýardy. Bir ýere gitjek bolsalar, ulagly äkidip getirmese, aýaklary tiz ýadap, göwresini götermejek bolýardy. Gözi hem çöňrelipdi. Göwresi kiçelip, sykylypdy.
Bir gün bolsa halypasynyň demini sanap ýatandygy, özüne garaşýandygy baradaky habar geldi. Ol mümkingadar tiz ýetip bardy. Hiç haçan «Pylan ýerim agyrýar» diýenini eşitmedik halypasynyň bir gysym bolup, könelişen kagyz ýaly reňňini solduryp ýatyşyna Nejmeddiniň ýüregi gyýyldy. Bu adam oňa atasy ýalydy, belki, ondan-da has ezizräkdi.
Atasy ony ýagty jahana getiren bolsa, bu adam ony «pähimli dünýä—ruhy dünýä» getiripdi.
Nejmeddin onuň gapdalyna çöküp, sowap barýan maňlaýyna elini goýdy.
Halypa gabaklaryny zordan galdyryp, ýuwaşja pyşyrdady:
—Geldiňmi?
—Hawa... –diýip, Nejmeddin hamsykdy. Eginleri silkinip gitdi.
Başarýan bolsa, bu mähriban adamyň ömrüni biraz uzaldardy. Hiç bolmanda bäş ýyl. Goý, bir ýyl bolaýsyn. «Men saňa bilýänjämi öwretdim. Indi töwrizli Baba Pereç bir zatlar öwredäýmese, ikimiz deňleşdik» diýse-de, Nejmeddin entek ondan öwrenmäge zat köp hasaplaýardy. Onsoňam, ol Nejmeddini käbir erkin boluşlary üçin oňa gyýa göz bilen garaýan pir-ulamalardan, ýeneki adamlardan elmydama goraglap gezýärdi.
Öňüne oklanan taýaklary kesesinden duýup, onuň aýrandygyny, şonuň üçin ýekirlendigini Nejmeddin soň-soňlar başga adamlardan eşidýärdi. Ol onuň diňe bir halypasy däl-de, wepaly dosty ýalydy.
Ol Nejmeddine golundan gelen ýagşylyklary edipdi. Sarpasyny saklany, ynamyny döwmejek bolany diýmeseň, Nejmeddiniň bolsa oňa eden uly bir ýagşylygy ýokdy.
Halypa oňa öçügsi nazaryny dikdi:
—Gynanma. Baky gelen ýok. «Baky gelen bar» diýip, Nejmeddin hyýalynda pelsepä berildi. «Yzyňda galýan adamlaryň hakydasy näme? Şonda ýaşaýaň».
Halypa:
—Eliňi ber... –diýip yşarat etdi.
Nejmeddin onuň gaýdyş pellesiniň golaýlandygyny aňdy.
Halypa ylla hoşlaşýan ýaly, Nejmeddiniň elini ysgynsyzja gysdy:
—Men sende öz dowamymy görýän. Hyrkamy saňa mynasyp bilýän. Kabul et.
Nejmeddin halypasynyň ençeme ýyl geýen hyrkasyny hormat bilen egnine atdy.
—Ine, boldy... –diýip, halypa gözlerini ýumdy.
Onuň keşbi parahatdy. Bu dünýede birgiden ýagşy işler edendigi, sogap baryny gazanandygy üçin bakyýete baryp, uçmaha düşjegine ynanýan kişiniň keşbidi.
Nejmeddin halypasyny elin ýerledi. Suw-aşyny berdi. Onuň gitmegi bilen özüni ýetim galan ýaly duýdy.
Halypa bilen bagly pursatlary birin-birin ýatlady. Her gün onuň jaýynyň jennet bolmagyny dileg edip doga okady.
Özüne erk etmegi başarýan halyna, halypanyň ölümine beýle gyýylmagynyň sebäbine sadaja düşündiriş bardy. Ol sebäbi sopuçylyga ýaňy başlan uçurlary mantyk ylmyna degişli sapaklarda çintgäp öwrenipdi. Şonda gelen netijesi şeýledi: «Ýürek daşdan däl».
Nejmeddin halypasynyň Baba Perejiň adyny agzamagyny indiki sapak almaly ussadyny salgy berdigi diýip düşündi. Şeýdibem, onuň halypadan halypa ösüp, özüni bilmeklige, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmeklige dalaş edýän ýyllary başlandy.
Wagt geçýärdi. Kem-kemden kämillik gelýärdi. Pähim-paýhasy goýazylaşýardy. Dini ygtykatda özünden öňküleriň ýol-ýörelgelerini içgin öwrenip, bu ugra özi hem abyrsyz goşant goşup, bähbitli işler ýazyp başlapdy.
Ynsan aslynyň, esasan, iki duýgy bilen ýaşaýandygyny, olaryň ynanç hem şübhedigini aňyna ýaşlykdan guýan Yslam ygtykadynyň örän köptaraply hem ägirtdigine, ony özleşdirip bolsa, adamyň öňünde bimöçber mümkinçilikleri açýandygyna göz ýetiripdi. Muňa onuň dünýäniň çar künjüne gidip sapak alan halypalary ýardam edipdi. Olaryň nurana atlaryny ol herdaýym minnetdarlyk bilen ýatlaýardy. Hersi oňa öz bilýänini öwredipdi.
Iň soňunda ata ýurdy Ürgenje dolanyp, indi özi halypalyk edip, şägirt ýetişdirip başlapdy. Ondan sapak alan pir-ulamalar il içinde adygyp, «Weli ýetişdirýän halypa» diýip, adyny sarpa bilen tutýardylar. Şeýdip, onuň owazasy äleme ýaýrap ugrapdy.
Ol ynsan ähli üçin nädip uruş-gowgasyz abat dünýä düzüp boljakdygynyň pikiri bilen ýaşaýardy. Jahanyň kä ol, kä bu künjünde gandöküşikli uruşlar barýandygynyň habaryny eşidende gynanýardy.
Gündogary «gan agladýan» Çingiz atly garahytaýlynyň elhenç labry onuň ýurduna, sünnäläp döreden taglymatyna wehim salyp başlapdy. Tagt üstündäki dawa, tire-taýpa agzalalyklar duşmanyň bähbidinedi. Ine-de Çingiz hanyň ägirt goşun bilen çozup gelendigi baradaky habar. Etek galalaryň gaýduwsyz söweşýänleri-de, janyndan gorkuşyp, şeýle boýun bolýanlary-da bardy. Ýurduň içinde yzan-da –çuwanlyk başlanypdy. Agzybirlik ýokdy. Bu ýagdaý mongol goşunynyň peýdasynady.
Olar halky ýowuzlyk bilen çapyp, şäherleri tozduryp, süýşüp gelýärdiler.
Şyh ähli abraý-derejesini, senaly sözüni duşmana garşy göreşe çagyrmaklyga ulanýardy. Janyny ezizleýän ruhy hadymlar başga ýurtlara, dynç boljak ýerlerine gidipdi.
Nejmeddin dini ygtykatda halanmasa-da, takdyr babatdaky delil hasaplanmasa–da, ýyldyzlaryň ýerleşişine hem seredipdi. Gyýa gözli Kaganyň ýyldyzy rüstemdi. Elheder aldyrýan Myrryh ýyldyzydy.
Nejmeddin öz ýyldyzyny hem bir wagtlar tapypdy. Ony şol ýyldyzdyr öýdüp çaklaýardy. Ol çaklaňja ýyldyzyň öňi tutugsydy. Bu ýaramaz alamatdy.
Duşmanyň Ürgenjiň etegine ýetendigi baradaky habaryň yz ýany, Çingiz hanyň ýollan ilçileri gelip: «Beýik Kaganyň şyhyň şäherden çykyp gitmegini» isleýändigini aýtdylar. Bu barada eşidip, «Şu gowy hadym bolar» diýip, ynam bildirip ýören sopularynyň biri oňa: —«Gidiň şyhym, şäherden çykyň» diýip öwüt berdi.
Ol «Haka çirksiz gulluk edýän hadym bolanyň ýeterlik däl. Adam bolmagyň hem gerek» diýýän terzde sopynyň ýüzüne göwnügeçijilik bilen seretdi. Sopy ýalňyşandygyna düşünip, özüni aklamaga çalyşdy:
—Siz dirilikde köp işler bitirip bilersiňiz... —Nejmeddin sesini çykarmady.
Mongol goşuny ýurduň serhetlerine gelen uçurlary, belki, ondan-da has öňräk şeýle pursatda özüniň nirede bolmalydygy barada ol belli bir karara gelipdi.
«Ol nähili gitsin? Gelegurt çozup tebil tapan süri ýaly aljyran halk oňa seredip dur. Ol gitse, Yslamyň abraýyna çirk ýetmezmi? Asla, dini hadym bolman, ýönekeý, adam bolanlygynda-da, ol beýle pursatda ýurdy taşlap gidip bilmez. Beýtse, ýolbars topulan ene-atasyny taşlap gaçan perzent ýaly bolar. Owal başdaky halypasy oňa gylyç tutup, naýza urmagy öwrenmegi, gerek ýerinde gara güýçleri hem ak bähbit üçin ulansa aýp däldigini ýöne ýere tekrarlaman ekeni».
Nejmeddiniň jogaby kesgitli boldy:
—Halkyň duran ýerinde durup, şäheri goramagy men öz borjum hasaplaýaryn.
Çapar Nejmeddiniň jogabyny Beýik Kagana ýetirdi:
—Şyh siziň teklibiňizi ret etdi. Söweşjekdigini aýtdy.
—Goluna gylyç alan bolsa, ol şyh däl –diýip, Kagan gaharly gygyrdy.
—Men sarpasyny saklap «şäherden git» diýdim. Gitmese, özünden görsün.
Söweş aldym-berdimlidi. Gyýa gözli, ýüzleri rehim-şepagatsyz atlylar howy basyjy gykuwlaşyp, goşunyň aňkasyny aşyryp barýardy.
Nejmeddin özüni hiç haçan şeýle batyr hem edenli duýmandy. Ol nirrde duşman leşgeri agdyklyk edip, labyr salýan bolsa, şol ýere urduryp girip, bars kibi söweşýärdi. Onuň ýeňiljek, emma ýalaw ýaly gylyjy mongollaryň eýýäm ençemesiniň janyny jähenneme ýollapdy.
Söweşiň gidişini synlap duran mongol serkerdesi, ýüzi nikaply, diýseň ýeňil gopýan urşujynyň garşysyna ýörite birtopar atlyny goýberdi. Mümkin bolsa, diri tutmagy tabşyrdy. Ol ony «Muhammet şanyň batyr ogly barmyş» diýip gulagyna ilen Jelaleddindir öýdýärdi.
Olar köpleşip Nejmeddiniň daşyny galladylar.
Nejmeddin halkadan çykmaga synanyşyp, golaý gelen duşmany gylyçdan geçirýärdi. Bar erkini jemläp, özüniň batyrgaýlygyny, edenliligini, jahyl kuwwatyny ýitirmezlige, dowla düşmezlige çalyşýardy. Gylyjynyň boş geçmezligini isleýärdi. Ol bütin ömrüne öwrenen syrly hem keramatly sapaklarynyň güýjüniň diýseň ägirt ekendigine haýran galýardy. Bu gudratyň Hakyň eradasy bilen bolýandygyna ynanýardy.
Ol soňabaka özüni bir däl-de, birnäçe Nejmeddine bölünip söweşýän ýaly duýup başlady.
Mongol serkerdesi ony diri alyp bolmajagyna düşünip, naýzaçylary goýberdi. Nejmeddin indi gylyçlaşyp ýörşüne, şuwlap gelýän naýzalardan hem sowulmaly bolýardy. Ýöne bu aňsat düşenokdy.
Naýzadan sowulýan halaty, oňa gylyç salyp ýetişýärdiler. Endam-jany çapym-çapym bolupdy. Mundan beýläk jahyl gaýratyny saklamaga erkiniň ýetirmejekdigini aňan Nejmeddin iň soňky gudratyny ulandy. Birden gözlerden gaýyp boldy. Beýtmegi ol namartlyk, söweş meýdanyny taşlap gaçmaklyk hasaplaýardy.
Ýöne gaýry çykalgasy galmandy. Jesediniň duşmanyň goluna düşüp, masgaralanmagyny islänokdy. Onuň soňky demde, çapym-çapym halda ýitirim bolmagy mongol serkerdesini geň galdyrdy. Bu barada söweşi üstünlikli soňlap baranda, Beýik Kagana gürrüň bermegi ýüregine düwdi.
Gabawdan çykmagy başaran, emma haly teň Nejmeddini aldym-berdimli salşyp ýören sopularyň iki sanysy ýaradarlara em edilýän ýere eltip, onuň belli şyh Kubraýy älemdigini, gowy garaşyk etmekleriniň gerekdigini aýdyp, söweş meýdanyna dolandylar.
Gün ýaşyp, garaňky gatlyşypdy. Urşuň gowry, ýaradarlaryň ahy-pyganlary arşa galýardy.
Ýaralylara garaşyk edilýän ýer belent baýyrlygyň ortasyndaky çöketlikdi.
Gaçyp barýarka, eýesini ýitiren at kakyp ýykyp, aýagyny agyrdan hamyladar gelin diýmeseň, bu ýerdäkileriň ählisi söweş meýdanyndan getirilen adamlardy.
Güýzüň aýaklary bolansoň, howa gowudy. «Şeýle oňat gün uruş nämä gerekdi diýsene? Asla, uruşman oňup bolmaýarmy? Urşup ýygnabam, o dünýä alyp gitjegiň näme? Bir äkidip biljegiň iman baýlygyň. Ony-da başgaça ýygnamaly. Adamlaryň şoňa düşünmeýişlerine haýran».
Bolup geçýän pajygalar, başyna düşen ahwal, aýy-güni ýeten gelniň burgusyny tutduryp başlapdy. Ilkinji garny bolsa gerek. Halys aljyran gelin agyra çydaman, sesinde baryny edip gygyrýardy. Onuň halyndan habar alýanam ýokdy. Häzir bir köpi gören garryja kempiriň gerek ýeridi. «Dünýäniň gurluşy şeýle-dä. Biri gitmeli. Biri gelmeli. Bu Hakyň eradasy bilen bolýar».
Ýaş tebip elindäki letde şemini ýaradarlaryň ýüzüne tutup, birlaý barlap gelşine, Nejmeddini tapdy-da:
—Ynha, şu ýerde! –diýip, yzrakdan gelýän, üst-başy gana bulaşan, ýaralylary ýetişibildiginden bejerip halys surnugan garryja tebibi çagyrdy.
Tebip burgusyna çydap bilmän sesinde baryny edip gygyrýan hamyladar gelniň deňinde biraz sägindi-de, Nejmeddiniň ýatan ýerine bardy. Ysgyndan gaçyp, huşuny ýitirip barýan Nejmeddiniň gulagyna gelniň sesi barha pessaý eşidilýärdi. Ol gelniň dogurmagyna, çaga sesiniň eşidilmegine garaşýardy. Tebip Nejmeddiniň üstüne eglip, geňirgendi:
—Şyh diýýäniň şumy?
—Hawa.
—Bu ýaş ýigit ahyryn.
—Menem şoňa haýran. «Şu şyh. Gowuja bejeriň!» diýip, tabşyryp gitdiler.
Garry tebip aşak oturdy-da, Nejmeddiniň gylyç parçalan göwresini gözden geçirip, umytsyz dillendi:
—Kim bolsa-da, munuň boljagy bolupdyr. Ondan, ynha, şu haýhatly pursat dogurmakçy bolýan bendä kömek edeliň. —Nejmeddin tebibiň niýetini oňlady. Özüne zor salyp, gözüni açdy. Asman bulutsyz durudy. Ýyldyzlar petreşip durdy. Olaryň arasyndan öz ýyldyzyny tapdy. Onuň şuglasy has-da öçügsidi. «Häzir ol süýner». Nejmeddin gylyç parçalan sol goluny kynlyk bilen ýazyp, aýasyny açdy. Ýyldyz soňky gezek şugla saçyp, aşaklygyna garşy gaýtdy. Bu gysga hem dabaraly pursatdy. Nejmeddin ähli erkini jemläp, onuň aýasyna gaçmagyny isledi.
Ýyldyzyň sessiz süýnüp gelşi bilen çaganyň jägildisi goşulyşdy.
Nejmeddiniň aýasy köz basylan kibi gyzyp gitdi.
Ol bir tokgaja gara daşa öwrülen ýyldyzyny gysymyna pugta gysdy.
Henizem ol diridi. Erki güýçlülik edip saklanýardy. Indi nämä garaşýanyna özi-de düşünenokdy. Tebibiň «Ogul» diýenini eşidensoň, ol ynjaldy.
Kaganyň tabşyrmagy bilen mongol esgerleri paýhyn bolanlaryň arasyndan ýetmiş alty ýaşly garry şyhyň jesedini gözleýärdiler. Emma tapyp bilenokdylar.
Serkerdeleriniň birisi Kagana batyrgaý söweşen bir jahyl urşujynyň soňky demde, hut ertekilerdäki ýaly, birden gözden gaýyp bolup gidendigini gürrüň beripdi.
Kaganyň kellesine «Bu şoldur...» diýen pikir geldi.
Taryhy proza