22:53 Nesil terbiýesi | |
NESIL TERBIÝESI
Pedagogika we edep-terbiýe
Watan öñündäki harby borjuny ýerine ýetirip ýören esgerleriñ arasynda birek-birek bilen degişilýän wagtlar hem köp bolýar. Mysal üçin men Türkiýede harby gulluk borjumy ýerine ýetirip yören döwrümde esgere "Pilotka bilen botinkanyň arasynda ýygrylyp duran, garny palawdan doldurylan adama esger diýilýär" diýen kesgitleme berilýärdi. Aslynda bu durmuşda adamlaryň ählisi esger ýalydyr. Esgerlik ömürboýy dowam edýär. Hiç wagt gutarmajak ýaly bolup görünýän bu ömrüñ bir jümleden ybarat mazmuny bolsa ynanyşyň ýaly ýaşamak ýa-da ýaşaýşyň ýaly ynanmakdyr. Adamlarda dogry ynanjyñ döremegi we bu ynanja görä hereket etmek ideyasynyň kemala gelmegi bolsa bilim we terbiyä baglydyr. Eýsem-de häzirki döwürde biziň ýaş nesillerimize nähili terbiye berilýär? Dünyäniň çar tarapynda, şol sanda, Türkmenistanda-da ýaşlara bilim-terbiýe berlişine, okuwçylara we Türkiyäniň dürli okuw jaýlarynda okap yören talyplara nähili kesgitleme berip bolar? Bu sowallara žurnalist A.Aýmazyñ sözleri bilen jogap bermäge çalşaýyn. Hormatly Aýmazyň öz makalasynda gürrüňini edýän şahsyýeti, özüniň pidakär adamdygy bilen köpler tarapyndan tanalýan Sadetdin Başerdir. Aýmazyň bu adam barada ýazan makalasynda şeýleräk bir waka gürrüň berilýär. Sibiriň merkezinde ýerleşýän we Orsyýetiň uly şäherleriniň biri hasaplanýan Nowosibirsk şäherinde 40-50 sany türk talyby uniwersitetde okap, ýokary bilim alýar. Şäheriň ýokary okuw jaýlarynyň käbirlerinde bolsa ors talyplaryna türk dilini öwredýän kurslar hem bar. Şeýle hyzmaty amala aşyrmak üçin Nowosibirskä baran Sadetdin Başer Wiktor - Anatolýewiç Etrauh atly bir dekan bilen tanyşýar we ony Türkiýä myhmançylyga çagyrýar, Wiktor Anatolýewiç Türkiýede bir hepde bolýar. Sadetdin beý ony gezdirýär. Olar şol gezelenç mahalynda hususy okuw jaýlaryna-da baryp görýärler. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Sadetdin beý Orsyýete baryp, Wiktor Anatolýewiçiň ýolbaşçylyk edýän fakultetine aýlanyp görýär. Şol gün Wiktor Anatolýewiç Sadetdin beýi öyüne myhmançylyga çagyrýar. Sadetdin Başer agşam özüniň üç sany mugallym ýoldaşy bilen çagyrylan öýe barýar. Wiktor Anatolýewiçiñ aýaly Lýudmila Iwanowna özüniň ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan, myhmanlara örän gowy hyzmat edýär, örän süýji tagamlary, hususan-da balykdan bişirilen dürli naharlary hödür edýär. Nahardan soň ýaşy gaýdyşan aýala kyn bolmasyn diýip, myhman mugallymlaryň iki sanysy öý eýelerine bildirmän aşhana girýär we öñlük dakynyp, gap-gaçlary ýuwmaga başlayar. Sadetdin Başer bolsa muny añaýmasynlar diyip, öy eýeleri bilen gyzykly gürrüñe başlaýar. Şondan ýarym sagat çemesi wagt geçip-geçmänkä Lýudmila Iwanowna myhmanlara miwe suwuny hödürlemek üçin aşhana baryar we bolýan zatlara hayran galyar. Bir geň zadyň bardygyny añan Wiktor Anatolýewiç hem derrew ýerinden turup, aşhana tarap ýönelyär. Är-aýal bu zatlara biraz wagt haýran galýarlar. Lýudmila Iwanowna adamsyndan surat apparatyny getirmegi haýyş edýär. Wiktor Anatolýewiç apparaty getirenden son Sadetdin beýe yüzlenip: "Sadetdin beý, şu görnüşi surata düşürip, uniwersitetde bile işleýän ýoldaşlaryma görkezmek isleyärin. Baş üstüne, şu gap-gaç ýuwýan mugallymlar bilen biziñ suratymyzy alyñ" diýýär. Haçan-da mugallymlar aşhananyň ähli yerini arassalap bolanlaryndan soň, ellerine içi miweli tabaklary alyp, oturylýan ýere gelen mahaly, edil adamsy ýaly, professor derejeli Lýudmila Iwanowna söze başlaýar: "Meniň bir gyzym, giýewim we iki sany agtygym bar. Men olary örän gowy görýärin. Olary her hepdede öýe nahara çagyrýaryn. Olar naharlaryny iýip gidýärler, gap-gaçlary ýuwmak bolsa meniñ üstüme düşýär. Biz olar gap-gaç ýuwar diýip garaşmaýarys. Biz muňa medeniýetimize laýyklykda öwrenişipdiris. Şonuň üçin olardan gaty göremzok. Ýöne bu mugallymlaryň eden işleri, dogrymy aýtsam, meni diýseň haýran galdyrdy. Men olardan örän hoşal boldum. Eýsem-de bu ýaşlara şeýle terbiýäni kim berýär?" Şol pursatda gözi ýaşdan dolan Wiktor Anatolýewiç söze goşulýar we ýürekleriň töründen orun alan mugallymlary barada şeýle diýýär: "Sadetdin beý, bu ýaşlara şeýle terbiýäni beren adamlara meniň gutlaglarymy we minnetdarlygymy ýetiriň. Bu ýaşlar daşary ýurtlarda öz yurtlaryna örän gowy wekilçilik edýärler. Ýaşlary şeýle derejede terbiýeleýän milletiň arkasy ýere degmez". Saparmyrat Türkmenbaşynyň "Biz bir millet iki döwletdiris" diýşi ýaly, türk bolsun, türkmen bolsun tapawudy yok, asly bir bolan bu milletiñ enşalla hiç wagt arkasy ýere degmez. Hemişe başy dik bolar. Täzeden janlandyrylan milli däp-dessurlarymyzyñ saýasynda eziz Ata watan Türkmenistanda ösüp ýetişen giñ gözýetimli nesil geljekde başga milletleri haýrana goýar. Nesip bolsa, muny geljek görkezer. Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |