15:37 Watan gahrymanlary | |
WATAN GAHRYMANLARY
Publisistika
Taryh bir milletiñ gümmezidir. Bu gümmeziň ýykylman durmagyny üpjün edýän berk sütünler bolsa şol milletiñ gahrymanlarydyr. Gahrymanlar milli medeniyete şöhle saçyp duran we hiç wagt öçmeýän yşyklardyr. Olar öz milletiniň bagrynda ýetişen, millilik düşünjesi bilen ýugrulan we hiç wagt ýatdan çykmajak ägirtleridir. Şehitleriñ öyi bolan bu watan ölümi öz köñlünin gülüne öwren ýigitlerden emele gelen goşuny bilen duşmanlardan halas bolupdyr we bagta ýetipdir. Her garyş topragy şu mukaddes ynsanlaryň gany bilen ýuwlan watan bolsa hemmeler üçin mukaddesdir. Eýaem-de gahrymanlaryň nädip gahryman bolýandygy barada oýlanyp gördünizmi? Hakyky gahrymanlaryň ýüreklerinde hiç wagt men-menlik duýgusy we öz bähbidine kowalaşmak häsiýeti ýokdur. Olaryň her bir edýän işi watanyň we milletiñ bähbidi üçindir we ýatsa-tursa oýunda watan, il-gün bardyr. Olaryň dünýä sygmaýan ýürekleri watan üçin tolkun atýar, joşup gaýnaýar. Gahrymanlar dillere dessan bolýan ýeňişlerden doýýan däldirler. Olar ähli ýeri gülzarlyga öwrülsin diýip, gül tohumlary ýaly watanyň topraklaryna garylyp gidýär, ýürekleri watana bolan söýgüsi bilen urýar. Olaryň deñiz tupanlary dek güýçli harasatlardan doly ýürekleri milletin ruhuny baýlaşdyrýar. Türkmen milletiniñ şanly taryhy münlerçe gahrymanyň dessanydyr. Bu topraklara we baran ýerleriniň ählisine türkmeniň möhrüni basan gahrymanlar türkmen milletinin şan-şöhratyny taryhyň sahypalaryna ýazmak üçin jan berdiler, katra-katra gan dökdüler. Dökülen bu ganlar geljegin nesil daragtlaryna dirilik suwy bolup hyzmat etdiler, berlen janlar bolsa olaryň ruhuny janlandyrdy. Türkmen döwleti özüniň garaşsyzlygyny gazanýança, hususan-da soňky ýüz ýylyň dowamynda tutuş milleti gurşap alan ruhy sarsgynlygyň içinde ýaşamaga mejbur boldy. Bu döwürde ruhy gymmatlyklar ýok edilmäge, halkyň taryhy ýatdan çykardylmaga synanyşyidy, metafizika ylym ojaklaryndan «kowuldy», adamlaryň wyżdany azdyryldy, ruh bedeniñ, ýürek gursagyň gurbany boldy. Ynsana maddy zat hökmünde seredildi. Öz ýüreginde beslän ýagşy arzuwyndan, beýik ideyalardan hiç wagt ýüz öwürmedik türkmen halky hem ýokardaky aýratynlyklary özünde jemlän gahrymanlary bilen bu sarsgyna 70-80 ýyllap çydam etdi we ýene-de ençeme ärleriň, gahrymanlaryň şu topraklardan çykjakdygyna bolan umydyny hiç wagt yitirmedi. Halk watana bolan söýgi joş urup dursa, ýüreklerde gahrymanlaryň kerweniniñ uzap gitjekdigine ýürekden ynandy. Olaryň pikiriçe, ata-babalarynyň ýoluny dowam etdirjek gahrymanlar döremelidi. Şundan görnüşi ýaly, hakykatdan hem şeýle arzuw-niýetli halkyň arasyndan ýüzlerçe, müňlerçe gahrymanyň çykjakdygy bellidi. Bu gahrymanlar bolsa watanyň, milletiň beýik maksatlaryny amala aşyrmak üçin janlaryny pida etjek gahrymanlar bolmalydy. Bu dünýäde bolýan her bir öwrülişikdir özgerişlik aşyp bolmajak uçurymdan ätlemek ýaly bir zatdyr. Şonuň üçin hem olaryň howpsuz bolmajakdygy bellidir. Şol howpy ýeňip geçjek gahrymany bolsa Alla türkmene bagş etdi. Şu wagta çenli dörän medeniyetleriň her biri bir gahrymanyň eseri bolupdyr. Bu ýagdaý mundan beýläk hem dowam eder. Gahrymany bolmadyk milletleriñ watanynyň sony garaňkydyr. Bizi mundan Alla gorasyn. Gahrymanlaryň tagallasy bilen beýgelen bu watan asyrlaryň dowamynda adamzat taryhynda şanly sahypalary açdy. Şu günki günüň Türkmenistanynyň düýbüni tutup, ony gysga wagtda gülläp ösdüren watanyň gahryman ogullarynyñ jany sag, başy dik, akly kesgir bolsa, onda Allanyň ryzasy bilen aýdylýan we üstünlikleri wasp edýän aýdymlaryň sany barha artar. Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |