00:46 Hata | |
HATA
Edebi makalalar
Her käriñ hatasy özüne mahsusdyr. Agaç ussasynyň çekiji barmagyna urmagy mümkin, sürüjiniň heläkçilige uçramagy ahmal, suwagçynyň merdiwandan ýykylmagy daşda däl. Ogurlyk bolsa bütinleý hataly kärdir. Ýöne ogrular hata etmezlige çalyşýar. Eger ýalñyşlyk goýberäýseler, talajak adamlaryny ellerinden sypdyrýarlar ýa-da özleri kanuny gorayjylaryň ellerine düşýärler. Käbir kärlerde hata bir gezek bolýar. Şondan soñ ol kişiniñ şol hatany gaýtalamaga mümkinçiligi bolmaýar. Bomba hünärmeni bir gezek ýalñyşyp biler. Ýazyjylyk hem şeýle Käte ýazylan zatlar, bombanyň jan alşy yaly, awtory abraýdan gaçyrýar. Hatasyz bolmak gerek. Ýöne her hatasyzyň hem hemişe haýyrly işler edýändigini aytmak mümkin däl. Işinde hata goýbermän humarly oýunlary oýnaýanlar, hata etmän meýhana işini alyp barýanlar, ýalñyşman bar açýanlar we işlerini dolandyrýanlar köpdür. Ýöne hatasyz, dogry ýaşaýan azdyr. Hataly hereketleriñ käbiri günä, käbiri günä däl. Meselem tikinçiniñ barmagyna tötänlikde iññe çümdürmegi hata, ýöne günä däldir. Bir kişiniñ başga bir kişä töhmet atmagy bolsa hem-ä ýalñyş hereket, hemem günä hasaplanýar. Günä sözi öz gözbaşyny dinden alyp gaýdýandygy üçin, nämänıñ günädigini, nämäniñ sogapdygyny şol günäniñ edilen ýerinde kabul edilen din kesgitleýär. Biz türkmen halky hökmünde (has dogrusy, ähli türki halklar) hudaýa şükür, yslam dinine uýýarys. Biziñ üçin nämeleriñ günädigini, nämeleriñ-de sogapdygyny yslam kesgitleýär. Musulmanlar "hata" sözüni kileñ günä däl hereketler babatynda ulanýarlar, ýagny musulmanlykda galapyn ýalňyşlykda, bilmezlikde, säwlikde edilen nädogry işlere hata diýilýär. "Hata" sözi bütün dünýäde ulanylýan söz. Ol söz "ýer ala-ýurt ala" diýlişi ýaly her yerde dürli dürli manylary aňladýar. Käte bir ýerde hata hasaplanýan zat, başga bir ýerde öwgä mynasyp görülýär. Ýagny adamlaryň wakalara baha berşine görä hata hasaplanýan zatlar hem üýtgäp durýar. Ynsanlar daş-töweregindäkileriň zatlara baha berişlerine garaşlydyr. Dürli adamlaryň dürli baha bermelerine sezewar bolup, kyn ýagdaýda galýanlar hem bar, degişli bolan toparyna görä hereket edip, suw ýaly içine giren gabynyň reňkine geçýänler hem bar. Şunuň ýaly, daş-töweregiň görkezýän gysyşyna, ylmy dil bilen aýdanymyzda "jemgyýetiň gözegçiligine" (sosial kontrol) ähli adamlar diýen ýaly häli-şindi sezewar bolýarlar. "Ilden çykma", "Il-gün näme diýer" diýen ýaly sözleri ýygy-ýygydan eşitmek mümkin. Bu ýerde esasy üns berilmeli zat, il-günüñ adaty zat hökmünde görýän günälerinden goranmalydygymyz baradaky hakykatdyr. Daş-töweregimizdäkileriň garaýyşlaryna görä eden hereketimiz, soň-soňlar biziň wyždan azabyny çekmegimize sebäp bolmaly däldir. Çilim, alkogolly içgiler we neşe ýaly ýaramaz zatlara endik etmek jemgyýete zeper ýetirýän günädir. Şeýle ýaramaz endikleriň köpçülikleýin ýaýran ýerlerinde her bir adam şol işiñ günädigini bilýän-de bolsa, öz ýaşaýşyna adaty tebigy ýagdaý hökmünde garaýar. Olar daş-töweregindäkiler bilen sazlaşykly ýaşasalar-da öz içki dünýäleri bilen sazlaşykly ýaşap bilmeýärler. Olaryň arasynda köpçüligiň arasyndaka şadyýan bolup, ýalňyz galanda içi gysmakdan ýaña däliräre gelýänler köpdür. Daşyndan göräýmäge hemmeleri diñlemegi başarýan-da bolsalar, göräýmäge hemmelere güler ýüz bilen garaýan-da bolsalar, olar öz-özlerini dinlemekden gorkýandyrlar. Öz düşen ýagdaýlaryna haýplary gelip, gynanýandyrlar. Özlerini gopjak kyýamata günsaýyn ýakynlaşýan ýaly duýýandyrlar. Olar diñe keypi-sapalaryň "gujagynda", gaflat ukusynda, bähbitleriň we maddy lezzetleriň söbüginde, pikir-düşünjeden mahrum ýagdaýda ýaşap bilerler. Olar barada şeýle ýagdaýdan başga ýagdaýy göz önüne getirmek hem mümkin däldir. Daş-töweregindäkilere meňzemekde kemçilik goýbermezlige çalyşýan adamlar öz içki dünýälerinde uly kemçiliklere ýol berýärler. Şol sebäpli olar durmuşda çekip-çydardan çökder kynçylyklara duçar bolýarlar. Emma daş-töweregi hem-de öz-özi bilen sazlaşykly ýaşamagyñ hötdesinden gelýän adamlar sözüñ doly manysynda ýaşaýşyň hakyky lezzetini duýmagy başarýarlar. Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |