22:28 Wagtyñ gymmaty | |
WAGTYÑ GYMMATY
Edebi makalalar
Ölüm halynda ýatan çakdanaşa baý adamy göz önüne getiriñ. Ömrüniñ soňky minutlaryny başdan geçirýändigine göz ýetiren mahaly oña şu güne çenli gazanan baýlygynyň hemmesini berse ömrüniň ýene-de biraz uzadyljakdygy aýdylsa, ol pikirem etmiin, baryny-ýoguny bermezmi? Diýmek ömürboyy gazanylan baýlyk bir pursatlyk ömrüň bahasyna ýetmeýär. Ine, yaşayşyň hakyky syry. Muña garamazdan, beyle çalşygy halamajaklar hem bolup biler. Goý, olaram gynanyp oturmasyn, çünki ölüm hiç kim bilen beýdip söwdalaşyp durmayar. Ýüz ýyl ýaşanda näme? Soñunda ýok bolýan bolsak, müň ýyl ýaşanda näme? Isleseñiz, bu ýyllary ýene-de artdyryp bilersiñiz... Şu jenneti diýarymyzda, ata watanymyzda ösen, aşagynda ata-babalarymyz saýalan we ýene nije nesilleri kölegesinde dynç aldyryp biljek ho-ol goja çynarlar ýaly köp ýaşanymyzda näme? Şu sonsuz yaly bolup görünýän ömrün içine şan-şöhratlary, baýlyklary, zowky-sapalary toplan, ömrüñ soňky demleri, örän ýeňiljek demleri, şeýle ýeňiljek-de bolsa şol bihuda soltanlygy ýykmaýarmy eýsem? Kagyzdan ýasalan çaga oýunjagy ýaly ýeňillik bilen yumrulyp gidýän bolsa, ol binadan bize nähili peýda bolup biler? Ine, şu barada oýlanmagymyz, onda-da hemme zady bir gyra goýup, bar ünsümizi şol hakykata jemläp oýlanmagymyz gerek. Monten "Ölümiñ bize nirede garaşýandygy belli däl, gelin gowusy biz ona hemme ýerde garaşalyñ" diýýär. Şu ömür depderine köp gowy zatlar ýazan, her sahypasyny, hatda her setirini oñat we manyly ýazgylar bilen dolduran adam onuñ bähbidini görer. Ömrümiz edil kölege ýaly, onda-da uçup barýan guşun kölegesi ýaly geçip gider. Ýöne adam ogly muña dine belli bir yaşa ýeteninden soñ göz ýetirýär. Ine, gynançly tarapy şonda... In uly baýlygymyz bolan ömrümiziñ gymmatyna köp bölegi geçensoň göz ýetirip galýarys. Şeýle bir hakykat bar. Bizin bilen bile aglan, bile gülen nije dostlarymyz barada duýdansyz ajy habar geýär: Dostuň dünýeden ötdi! Şolaryň yzynda başdan geçirilen duygular, aýdylan sözler, günlerde bir gün biziň hem yzymyzda başdan geçiriler we aýdylar. Hawa, wagt aýak aldygyna ýüwürýär. Ömür gysga, emma edilmeli işler diýseň köp. Bir görseňiz eýýäm ýene bir ýyl geçip gidendir, başlan işleriniziñ bolsa heniz ýarysyna-da ýeten dälsiniz. Eý-hoo! Wagt ýok! Pursat ýetenok! Şeýle ýagdaý sebäpli bolsa gerek, bir goja: "Gedaý ýaly ýoluň gyrasynda elimi uzadyp dursadym, gelen-geçen boş wagtyny oklap geçsedi" diýip, ah, çekenmiş. Gynansak-da, ýaşlykda wagtyñ gymmatyny bilmeýäris. Ýaşlaryň köpüsi bir zatlar öwrenmäge sarp edip biljek gymmatly wagtlaryny ýeňil gazanylan baýlyk ýaly boş yerlere sowurýarlar. Sowlan puly täzeden gazanyp bolýar. Emma boş geçirilen wagty yzyna getirip bolmaýar. Bir alym bu hakykaty şeýle beýan edipdir. "Ine, dünýä, dünýä bolandygy üçin hem ýokluga gidýär, hem ölüme tarap ýüwürýär, hem dürli jenjeller bilen barýar. Hakykatda suw ýaly akyp baryan-da bolsa, gaflatdadygymyz üçin biz ony doňup duran hökmünde görýäris. Biraz hem tebigatdaky sebäplere güýmenýändigimiz üçin dünýä biziň gözümizdäki ahyreti görkezmeýän perdä öwrülipdir". Her geçen minut bilen birlikde nämeleri ýitirýändigimize hiç hili üns bermeýäris. Diñe ýyllar geçensoň ýitiren zatlarymyzyň ululygyna haýpymyz gelýär we gynanç duýgularyny başdan geçirýäris. Baýlyk, mal-mülk, olaryň hiçisiniň ähmiýeti galmaz. Ömrümiz paýawlan mahaly olaryň hemmesinim dünýäde galjakdygyna göz ýetireris. Emma bir peýdaly iş eden bolsak, bizden soňky ýaşajaklaryň hem gamyny iýen bolsak, geljekki nesilleriň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin bir zatlar eden bolsak, olaryň has çalt özlerini tutmaklary üçin hyzmat edip bilen bolsak, özümiz gitsek-de, jesedimiz jaýlansa-da, hemişe bize sogap geler durar we ruhumyz jennet baýyrlarynda ebedi ýaşar. Aslynda, ýaşaýyş diýilýän zat ine şudur. Türkmenistan döwleti ine şeýle ruhda terbiýelenen adamlar arkaly geljekki asyrlara gadam basar. Ömrüni we ömürboýy gazanan baýlygyny özüne we nesillere bagş eden ruhubelent adamlaryñ, özüni hem milletini bol-elinlikde ýaşatmak ugrunda tagalla edýän adamlaryň bu günki il bähbitli haýyrly hyzmatlary geljege barýan nurly ýol ýaly parlaýar. Intelligensiýa bu işiñ kerwenbaşysydyr! Geliñ, şu ajaýyp zamana gabat gelen ajaýyp ömrümizi hem dünýäde, hem ahyretde azap berýän zyndana öwürmäliñ! Ýaşaýşyň lezzetini almak isleýän bolsak, ony iman bilen, kaýyllyk bilen, Haka ybadat bilen, halka hyzmat bilen, watana gulluk bilen bezäliñ we günälerden gaça durmak bilen ony gorap saklalyñ! Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |