18:01 Milli ruhly terbiýe | |
MILLI RUHLY TERBIÝE
Pedagogika we edep-terbiýe
Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek bilen baglanyşykly işler meýilleşdirilende döwrüň ösen tehnologiýasynyň, ylmynyň gazananlaryna we şol sanda ruhy gymmatlyklara, ahlak ölçeglerine, milli medeniýete, däp-dessurlara we terbiýä hem orun berilmelidir. Bu bolsa ýaşlaryñ ruhy sarsgynlara sezewar bolmaklarynyñ, olarda her dûrli ýaramaz pikirleriñ, endikleriñ, meýilleriñ döremeginiñ öñüni alýar. Türkmen halkynyñ milli ruhudyr gymmatlyklarynyñ täsiri astynda ýetişenler we bilim-terbiýe alanlar durmuşda ýaşamaga bolan hukuklaryndan doly peýdalanyp bilýän adamlar bolarlar. Olar öz medeniýetlerinden üzñe bolmazlar, taryhy geçmişlerini unutmazlar. Ýurt garassyzlygyny alan döwrüne çenli ýaşlara berlen bilim-terbiýede milli terbiýä, yslamy gymmatlyklara orun berilmändigi üçin ýaşlaryň köpüsi öz dilini, dinini, medeniyetini, has dogrusy, özleriniň milli dünýälerini az bilýän ýa-da bilmeýän adamlar bolup ýetişdiler. Hatda olaryň aralarynda ýokarda sanalan gymmatlyklara duşmançylyk gözi bilen garanlar hem boldy. Ýewropada ýa-da Amerikada birnäçe aý bolmaga mümkinçilik tapan adamlaryň käbirleriniň halkynyň edim gylymlaryny tankytlayan, olary dünýäden yza galan hasaplaýan halatlary hem bolýar. Ynha şeýle adamlaryň birinden şu zatlary eşidenim ýadymda. Ol sonda: "Görüp otursam, ýaşaýşyň gowusy-ha Ýewropada eken. Ýewropalylaryň ýanynda biziň ýurdumyzyň adamlary edil diri maslyga meñzeýär. Yzagalak halkymyzyň ösen halklaryň yzyndan ýetmekleri mümkin däl. Biz özümizin gylyk-häsiýetimiz bilen ýetilmeli sepgidiň ýaryna-da ýetip bilmeris. Bütindünýä häzir gökde ganat ýaýýar. Biz bolsa entek-entekler hem däp-dessurymyz, milli eşiklerimiz yaly zatlar bilen gyzyklanyp we meşgullanyp ýörüs" diyipdi. Hawa, şular ýaly düşünjeler rehim-şepagatsyz ýyllardyr sistemanyň ýetişdiren nesillerine mahsusdyr. Elbetde, şu günki günde dünýäde öz hökümini ýöredýän ýagdaýlaryň hem biziň üçin aýratyn gowy taraplarynyň bolmagy mümkin. Ýöne olary tutuş adamzada doly mahsus zatlar hasaplamak ýalñyşdyr. Şol bir wagtda ýewropaly ýa-da amerikaly bolmazlyk hem aýyp zat däldir. Gaýtam tersine, halkymyzyň şanly geçmişini bilmän, öz milletiniñ gymmatlyklaryny hiç zat hasaplap, beýleki milletleri öwüp arşa çykarmaklygyn özi aýypdyr, öz-özüne hormat goýmazlykdyr. Şeýle adamlaryň öz halkyna ýetirýän zyýany diýseň uly bolýar. Olaryň duýgy-düşün jeleridir pikirleri asyrlaryň dowamynda şan-şöhratly bolan halkyň ruhuna ýaramaz tāsir etmekden, milli galkynyşa böwet bolmakdan başga "peýdasy" ýokdur. Şular yaly adamlaryň alan bilim-terbiyesinde milli bähbitli maksadyň, milli terbiýäniň ýokdugy, üstesine-de olaryň añynda ateistik filosofiýanyň berk ornaşandygy üçin olar milli ruhdan üzňe galypdyrlar. Eger-de olar beýleki milletlere hayran galmazdan öñ şol milletleriñ nädip şeýle derejä ýetendiklerini, taryhyň belli-belli döwürlerinde ýykylanlaryndan son nähili ayaga galandyklaryny bilsediler, onda olar öz milletiniñ ruhy gymmatlyklaryna teşne bolardylar. Şu günki günde biz öz gymmatlyklarymyza, ynançlarymyza hormat goymalydygymyzy unutmaly däldiris. Adamlara hormat goymak olarda adamkärçilik duygularyny oýandyrýar. Ýyrtyjy haywanlara mähirli bakmak bolsa olaryň işdälerini açýar. Hemmäni guzy ýalydyr öýdüp, özüñ hem guzy bolmak dine şagallary we gurtlary begendirýändir. Garaşsyzlygyny alandan soň Türkmenistan demokratik ýurt hökmünde öz ýoluny öñe sary batla gadamlar bilen dowam etdirýär. Ol bu yolda özüniñ geçmişdäki aýratynlyklarydyr gymmatlyklaryny, halkyň öz döwründe guran beýik Seljukly we Osmanly döwletini inkär etmek bilen däl-de gaýtam olardan ruh alyp, öñe barýar. Türkmenistanynda öne sürülýän milletçilik ýurt milletçiligidir, ýagny halkyň ruhuny galkyndyrmakdyr. Ol beýleki milletlere garşy ýöredilýän we tire-taýpalary agzala edýän milletçilik däldir. Watansöýüji bolmaklygy jynsparaz milletçilik bilen bir zat hasaplap, sistemanyň syýasatyna gowy düşünmeýänler ýa-da milli medeniýeti döredip bilmeýän bilim sistemasynda bilim-terbiýe alanlar köplenç watana hyýanat edýän adamlar bolup ûetişýärler. Şonuň üçin hem watansöýüjilik şygary astynda milli ruhuñ täsiri bilen ösdürip ýetişdirmekligin geljek üçin has peýdaly boljakdygy mälimdir. Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |