01:15 Tankydyñ güýji | |
TANKYDYÑ GÜÝJI
Jemgyýetçilik tankydy
Adamlaryň biri-birlerini aşa köp tankyt edýän jemgyýetlerinde görübilmezlik, düşünişmezlik we jedelleşmek ýaly hadysalar ýüze çykýar we şeýle jemgyýetler öz güýjüni ýitirip, dargamak bilen bolýar. Her bir adam öz gylyk-häsiýetini gowulyga tarap üýtgetmegiň ýerine dünýäni üýtgetmegi öz esasy maksady hasaplan ýagdaýynda "Men aýtmadymmy name?" diyen ýaly sözler bilen akyl satyanlara köp duş gelinýär. Sözlükdäki manysy "Kimdir biriniň ýa-da haýsydyr bir zadyň gowy ýa-da erbet taraplaryny tapyp, ýüze çykarmak" bolan tankyt halkyň arasynda köplenç otrisatel manyda ulanylýar. Aslynda islendik düşünjäniň, pikiriň diýen ýaly gowy we ýaramaz manylarydyr taraplary bardyr. Ýagny olary islendik tarapa çekmek bolýar. Eger tankyt dogry we ýerlikli edilse, onda ol adamlaryň şahsy durmuşlary üçin-de, jemgyýetçilik durmuşlary üçin-de peýdalydyr. Galyberse-de şeýle tankyt jemgyýetiň, döwletiň ösmeginde-de uly rol oýnaýar. Tankydyň ýaramaz tarapyndan, ýagny ýerliksiz tankytdan zyýan çekmezlik üçin ony gadagan etmeli däl-de, onuň kanuny çägini kesgitlemeli. Çünki ynsan daş-töweregi bilen hemişe gatnaşykda bolýar we şonuň üçin onun töwereginde bolýan zatlara baha bermekliginiň öňüni almak mümkin däldir. Esasy zat berilýän bahalaryň adamlara, jemgyýete, özara gatnaşyklara uly zyýan ýetirmezligi üçin, olaryň belli bir ölçege uynaklaryny üpjün etmekdir. Eger-de tankyt diýlen zat düýbünden bolmasa, dünýäde bolup geçýän wakalara, adamlara diñe gowy baha berilse, onda bu ýagdaýda ösüş bolmaz, ýagny şeýle ýagdaý ösüşe böwet bolýan iň ýaramaz zatdyr. Çünki adam ogluna degişli, onuň bilen baglanyşykly zatlarda ýüz prosent dogry ýa-da ýalñyş zat ýokdur. Iñ köre-kör pikirlerde-de azajyk hem bolsa hakykatyň bolup bilşi ýaly, iñ kämil sistemanyň hem kemçiligi bolup biler. Elbetde, gowy zady görýän adam şol zat barada gowy pikir edýär, ýöne kemçilikleri görmeýän adamyň ösmegi, kämilleşmegi mümkin däldir. Eger-de adamlaryň ählisi biri-birlerine aňrybaş kämil adamlar hökmünde seretseler, onda adamzat durmuşynda örän zerur zat bolan nesihatlary kim berer, kim diñlär hem-de kemçilikleri aradan aýryp, ýagdaýlary gowulandyrmak üçin zerur bolan höweslendiriş işleri nähili üpjün ediler? Çykgynsyz ýagdaýlara düşmezlik üçin adamlarda we jemgyýetlerde maslahatlary, nesihatlary diňlemäge we bermäge mümkinçilik bolmalydyr. Olar yerlikli tankytlary dogry kabul etmekligi we şeýle tankytlardan dogry netije çykarmaklygy başarmalydyrlar. Kämilleşmek üçin yola çykan adam bu ýoldaky ilkinji ädimini öz-özüñi tankyt etmekden başlamalydyr. Ol şol yolda duş geljek hadysalara dogry baha bermelidir. Häzirki döwürde Günbatarda ýörite tankydy institutlaryňdyr gaznalaryň döredilmegi, bilim we terbiyede öwüt-ündew bermek sistemasyndan tankydy sistema geçilmäge çalşylmagy hem hut şonuň üçindir. Belli bir çäkden çykmadyk halatynda tankyt jemgyýetiň kämilleşmeginiň, ösmeginiň esasy serişdesine we güýjüne öwrülýär. Häzir önümçilikde strategiki taýdan möhüm pikirleri orta atýan bir toparyň ähli agzalarynyň birmeňzeş pikirde bolmaklary özboluşly kesel hökmünde kabul edilýär we bu keselden halas bolmagyň ýollary gözlenilýär. Eger-de adamlar maddy hal-ýagdaýlaryndan kanagatlanýan hem bolsalar, olaryň öz şereketlerini we ýurtlaryny ösdürmek üçin hemişe tagalla etmekleri hem-de dünýädäki bäsdeşlerinden öne geçmekleri zerurdyr. Jemgyýetler dine öz bäsdeşleri bilen ýakyndan gyzyklanýan we özüni olar bilen deňeşdirip bilýän halatynda ösüşe eýe bolýar. Bu diýilýän zatlara agzybirligi bozmaga synanyşyk hökmünde garamak düýbünden ýalňyşdyr. Diýiljek bolýan zat kemçilikler aradan aýrylmasa, ýerlikli tankytlar edilmese, problemalary çözmegiň örän kynlaşýandygyny, anarhiýanyň we bulam-bujarlygyň höküm sürmäge başlaýandygyny nygtamak. Yöne bu meselede esasy zat adamlara bähbitli we ösüşe alyp barýan ýerlikli tankytlaryň edilmegidir. Ýogsam iki tarapy hem kesgir gylyç ýaly weýran ediji, agzalalyk dörediji tankytlaryň peýdasyndan zyýanynyň köp bolýandygy hemmä aýandyr. Muny taryha ser salanyńda-da görmek bolýar. Halkyñ özi dürli pikirleriñdir garaýyşlaryň arasyndan dogrusyny tapyp alýar. Şonuñ üçin tankyt eden mahalyñda biri-biriň göwnüne degmegiñ, gybat etmegiñ hajaty ýok. Mahlasy, tankyt gybatyň serişdesine öwrülmeli däl, tankyt edilen halatynda belli bir çäkden çykyp, özüňe bähbitli duygular bilen hereket etmeli däl. Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |