01:23 Maksatlar | |
MAKSATLAR
Edebi makalalar
Ynsan özüniň ýaradylyşyna görä, Ynsanyň bu häsiýeti onuň erk-ygtyýaryny elinden alýan nebsi-arzuwlaryň kül-külüne düşmegine getirip bilýär. Hut şonuň üçin ynsanyň erk-ygtyýar we ruhy güýç talap edýän fiziki ya-da akyl işini endige öwürmegi örän kyndyr. Mälim bolşy ýaly, adamlaryň ählisinde öz öñlerinde goýýan maksatlary bolýar we olar şol maksatlaryna ýetmek üçin tagalla baryny edýärler. Adamlaryň baýlykdyr şan-şöhrat gazanmak, ýokary wezipeleri eýelemek ýaly nebsiň ynsany öz gününe goýmaýan arzuwlaryny özlerine maksat edinmekleri bilen bir hatarda, erk-ygtyýardan peýdalanmagy talap edyän abstrakt ideýany amala aşyrmagy maksat edinýän halatlary-da bolyar. Ýokary bilim baradaky diploma eýe bolmagyň zerur zatdygyna berk ynanyan ýetginjek üçin ýokary bilim almak iñ uly maksatdyr. Iş durmuşynda diplomly bolmagyň ýeterlik däldigini, üstünlik gazanmak üçin gözyetimini giñetmegiñ zerurdygyny gowy bilýän, munuñ üçin bolsa gazet-žurnallary yzygiderli okap, dünyäde bolup geçýän öwrülişiklerden habarly bolmaga çalyşyan başga bir yetginjek üçin bolsa esasy maksat kämilleşmekdir. Diýmek, ýetginjekleriň ikisi hem belli bir maksadyň eýesidir. Watanyna hyzmat etmek üçin edyän işinde üstünlik gazanmak ugrunda jan çekýän adam özüniň şeýle ýagşy niýeti bilen gymmatly maksady öz öňünde goýýar. Maddy taýdan has baý bolmak üçin işleýän, ýöne şol bir wagtda adamlar üçin iş orunlaryny has köpeltmäge çalyşýan adamyň maksadynyň gadyr-gymmaty-da ýokarydyr. Häzirki wagtda ylym-bilim üçin goýulýan goýumlary-da örän gymmatly we ýokary hormata mynasyp maksat hasaplap bolar. Adam käte öz öñünde diñe abstrakt maksatlary hem goýup biler. Bu, elbetde, belli bir derejede ynsanyň tebigatyna baglydyr. Älemiň we tebigatyň nähili ýaradylandygyny, olaryň nähili öwrülişikleri başdan geçirendiklerini bilmek isleýän, barlyklaryň we olaryň ýaradylyşlarynyň syryny çözmekligi özüne maksat edinen ynsan kitaplardan, žurnallardan, alymlaryň pikirlerinden peýdalanyp, özüniň düşünjesini baýlaşdyrmaga çalyşýan wagtynda, öňünde goýan bu maksadynyň sowallaryna jogap gözleýär. Şeýle maksady esasan biologlarda, fiziklerde, himiklerde, geologlarda we filosoflarda görmek bolýar. Elbetde, abstrakt maksatlar ýokarda sanalyp geçilen beýleki maksatlara esas döredip biliji täsirleri bolan maksatlardyr. Mälim bolşy ýaly, maksadyň gymmaty adamyň niýeti bilen baglanyşyklydyr. Maksatsyz adamyň nähilidir bir çynlakaý zat bilen gyzyklanýandygy barada gürrüň etmek kyndyr. Belli bir maksady bolan adam bolsa hemişe gözlegdedir. Ol öz maksady bilen baglanyşykly zatlary gözden salmaýar. Maksatlaryna ýetmek üçin akylly-başly oýlanmaga güýç sarp edýär. Şeýle adamlaryň hereket lerinde geldi geçerlige duş gelmek kyndyr. Maksat adamlary kynçylyklar, päsge lçilikler we adaty bolmadyk ýagdaýlar bilen öwrenişdirýär hem de olarda sol zatlary ýeňip geçmek hyjuwyny döredýär. Beýleki bir tarapdan adamyñ belli bir maksady öz öñünde goymagy başda onuñ diñe özüni bilmegine, wagtyň geçmegi bilen bolsa adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyna, jemgyýete goşulmagyna alyp barýar. Bu hem adamyň içki dünyäsindäki meýilleriñ biridir. Ýagny tebigatyna laýyklykda adamda özüniñ oğlap tapan ýa-da üstüni açan hakykatlaryny, öz tagallalary bilen gazanan üstünliklerini beýlekiler bilen paýlaşmak islegi bolýar. Adamlarda watana, millete bolan söýgüsi bilen ýurduny galkyndyrmak, ösen döwletleriň derejesine ýetirmek ýaly mukaddes we gymmatly maksatlar hem bardyr. Ýöne şeýle maksatlar hiç wagt öz-özünden we bir adamyň tagallasy bilen amala aşmaýar hem-de olaryň gazanan netijeleri-de köpçüligiň bähbidine gönükdirilýär. Eger ýurt galkynsa, onda daş-töwerek durşuna bagy-bossana, gül-gülüstana öwrülýär. Emma bu tutuş halkyň goşandy bilen amala aşýar. Eger ýurt galkynsa, onda bütin halkyň ýüregi galkynýar, durmuşy pajarlap ösýär. Türkmende "Müň işçiden bir başçy" diýen atalar sözi bar. Eger-de biziň ählimiz uçdantutma diýen ýaly işçi bolsak we başymyzda bir parasatly ýolbaşçy bolmasa, aljak galamyz bolmaz. Halkynyň abadançylygy ýolbaşçynyñ iñ mukaddes maksady bolmalydyr. Ýolbaşçy şu maksadyna ýetmek üçin edýän tagallalary bilen uly üstünlikler gazanýar. Munuň üçin bolsa watanyň her bir raýatynyň hem şeýle mukaddes maksatlary öz öerinde goýmaklary zerur. Hakyky manysyndaky kämil jemgyýetler diñe ideýaly, maksatly adamlaryň bolmagy netijesinde emele gelýär. Bu şert medeniýetleriň döremegi we ösmegi üçin hem zerurdyr. Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |