19:37 Taryh | |
TARYH
Taryhy makalalar
Ylmy nukdaýnazardan taryh ylmyna umumy kesgitleme bermek gerek bolsa, oňa: "Jemgyýetleriň sosial, ykdysady, syýasy, medeni we dini hereketlerini, biri-biri bilen bolan gatnaşyklaryny, edim-gylymlaryny, ýerini we senesini anyklap, wakalaryň sebäplerini, ösüşlerini we netijelerini birlikde öwrenyän ylymdyr" diýip bileris. Taryh barada gürrüñ edilýän, jedelleşilýän ýerlerde, hatda taryhyň öwredilýän ýerlerinde-de iñ esasy mesele usul meselesidir. Taryh diñe uruşlar, ýeñişler baradaky kyssalardan ybarat däldir, taryhda synplaryň täzelikler ýaly zatlar hem bardyr. Taryh boýunça okuw kitaby ýazylanda hem taryhyň hut şol aýratynlyklaryna uly ähmiýet berilmelidir. Taryh düýni düşündirýärkä, bu güni açyp görkezýär we ertir barada-da käbir zatlary aýdýar. Şol sebäpli taryh ylmy geçmişi öwrenýän ylym bolmak bilen çäklenmän, eýsem geçmişi şu güne, şu güni-de geljege baglayan köpri bolup-da hyzmat edýär. Taryh ylmy ilki bilen adama geçmişi öwrenmäge, geljegi dogry çaklamaga kömek edýär. Geçmişi öwrenen ynsan bu günki wakalara düýpli düşünýär. Geçmişdäki wakalary bize düşündirýän taryh ylmy şol bir wagtda şu döwürde nähili hereket etmelidigimizi bilmekde bize uly kömek berýär. Atalarymyzdan miras galan şu nakyl muny bize has oñat düşündirýär. "Nädip ýykylandygyny bilmeýänler, nädip dikelmelidigini-de bilmezler". Jikme-jiklik düşündirilen taryh ondan sapak almagy başaranlary örän uly maksatlara ugrukdýar. Hakyky taryhy öwrenen kişilerin pikir ýörediş ukyplary güýçli bolýar. Olar geljekde ýüze çykyp biljek wakalara öñünden taýýarlykly bolýarlar. Olar özara gatnaşyklarynda, maşgala, millet, watan söýgüsiniñ ösmegi ugrunda tagalla edÿärler. Olar kämilleşen añ-düşünjeleri bilen üýtgewsiz hakykatlar esasynda pikir ýöredýärler. Olar hem medeni miras baradaky bilesigelijiliklerini kanagatlandyryarlar, hem-de özleriniñ milli ayratynlyklaryna göz ýetirýärler, şeýle hem, uly medeniyetleriň arasyndaky meńzeşlikleri ýüze çykaryp, halklaryň agzybir bolmaklaryna goşant goşýarlar. Duş gelen meseleleri çözmekde köneleriň tejribelerinden peýdalanýarlar. Olar geçmişdäki tejribeler barada giñişleyin maglumata eýedirler. Türkmen halky iñ gadymy, iñ asylly halklaryň biridir. Bu halk müñlerçe ýyllaryň dowamynda Aziýada, Ýewropada we Afrikada nije döwlet gurup, iñ gadymy döwürlerden bäri öñdebaryjy medeniýeti döredipdir. Beýleki halklardan beýik görünmek aladasy bolmajak derejede asylly türkmen halkyna her bir türkmen buýsanmaga haklydyr. Türkmen halkymyz bu babatda beýleki halklara nusga alarlyk aýratynlyga eýedir. Türki halklar taryhyň ençeme döwrüne öz täsirini ýetiripdirler. Muña mysal edip, şu hakykaty görkezmek bolar: Ençeme taryhçy göçhä-göçlügiň başlanan döwri bolan 375-nji ýyldan, Osmanly döwletiniñ Wenany ikinji gezek gaban ýyly bolan 1683-nji ýyla çenli bolan döwri "Türkileriň döwri" diýip atlandyrýar. Millet hökmünde taryhy ornumyzy gorap saklamak we has-da berkitmek üçin taryhymyzy oňat bilmegimiz we öwrenmegimiz gerekdir... Taryhymyza seredenimizde türki halklaryň baştutany bolan ençeme hökümdaryň we döwlet işgärleriniň taryh bilen ýakyndan gyzyklanandygyny görýäris. Mahmyt Gaznawydan başlanýan bu gyzyklanma Teýmirleň, Fatih Soltan Mämmet ýaly hökümdarlar bilen dowam edip, tä Atatürke çenli ýetip geldi. Atatürk: "Çagalarymyz atalaryny näçe oñat tanasalar uly işleri amala aşyrmak üçin özlerinde şonça uly güýjüň bardygyny duýarlar" diýýär we Türk Taryh guramasyny (1932-nji ýylda) döredýär. Döwrümizde öz taryhy we dünýä medeniýetleri bilen gyzyklanýan liderler az däl. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda dünýäniñ çar ýanyna ýaýran türkmeniň taryhy gymmatlyklaryny toplamagyñ gamyny iýip başlapdy. Şu güne çenli hem kän işler bitirildi. Aşgabatda taryh boýunça ençeme halkara konferensiýanyñ geçirilmegi-de munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu konferensiýalar öz miwesini boldan eçilse gerek. Şeýle konferensiýalar taryha goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Taryhymyzy öwrenmelidiris. Diñe şonda halka, watana bolan söýgimiz has-da artar we halk hökmünde geljege ynam bilen seredip bileris. Geljege degişli işlerimizi ýerine ýetirýän mahalymyz biziñ durmuşymyzyñ we güýjümiziñ çeşmesi bolup hyzmat edýän we mizemez daýanjymyz milli taryhymyzdyr. Ramazan AÝDEMIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |