06:28 Neýlärsiñ... | |
NEÝLÄRSIÑ...
Goşgular
Käte hasrat dynmaz, käteler ýagyş Söwer ýar, bir ýylgyr, bar zat undular. Dymýaryn, men bu gün, ikindinara Hasratlara örtenýäris, neýlärsiñ... Bir gün bu gamgyn söýgüden, Galsa diñe gussa galar... Senem bilýäñ, ýalñyz galdyk... Duşuşmak gadagan, Görmek gadagan... Zyñlan bulgur ýaly dönýär başymyz, Neýlärsiñ... Ah, gözelim... Ynjydylan sesi bardyr ýagyşyñ; Al ýañagña degeninde duýýansyñ. Hoşlaşyk sözleri şamar saçyña, Sandyradýan posa bilen degende; Wagty saklamaga ýetmez nepesiñ. Kino lentasy deý Geçer aýralyk. Neýlärsiñ... Şonsuzam okalan bu romanlardan Hiç tapyp bilmändik öz durmuşymyz. Ýalñyş düşündirdi aýdymlar bizi, Bütin krosswordlar galypdy ýarpy. Tenha köçelerde üşedik durduk, Ýogsa bile tutan balyklarmyzy-da Ýañadandan deñze bagyş edipdik. Biz, durmuşa garşy Hiç ýalñyş iş etmedik... Neýlärsiñ... Biz bu netijä laýykmy, Asla laýyk däl... Ömrümiz bu talaña mynasyp däldi. Käte hasrat urdy, käteler ýagyş Gülmedi yüzümüz, Ösmedi gülmiz... Bizi diñe agşam gujagna aldy, Bilýärsiñ, Sähere çykmajak ýoldy ýörän ýolumyz... Bir gün bu kyssanyñ soñna gelende Birden diýsem saña: "Hoş gal, ezizim!" Unudarsyñ, Mejbury undarsyñ meni... Yyldyzlar deý söner gider bu söýgi! Geçenleri ýatlap, sessiz aglarys... Neýlärsiñ... Ah, söwer ýar, ah.. Turşumtyk dady bar gözdäki ýaşyñ, Lebleriñe syryganda duýýansyñ. İçiñdäki gömlen yşk mazarynda, Ayralyk ölümden ilki ýazylsa Gideni saklamaga ýetişmez sesiñ... Puşmanlyk duýgusy süññüñe ornar, Neýlärsiñ... Şonsuzam biz, hiç bir kinoteatra Gijä galdyk, barmadyk öz wagtynda Ýolagçy gämiler gidipdi eýýäm. Biz gelmänkä gutarypdy petekler. Bihuda gamlarda geçdi günlermiz. Barybir Nuhuñ gämisinde-de Goýulman ekeni biziñ ornumyz. Hem bagtly günlere ýazylman eken, Ikimiziñ jübütleşen adymyz. Neýlärsiñ... Biz bu yşky dowam edip bilmezdik, Ynan, bilmezdik... Ikimizem taýýar däldik bu bagta. Bize diñe gussa galdy, hem ýagyş... Undup bilmeseñem indi Göýä undan kişi borsuñ. Hem-de ýyrtyp zyñan kagyzlarymda, Soñlanmadyk şygrym bolup galarsyñ... Yusuf HAÝALOGLY. | |
|
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |