22:51 Nikolaý Ostroumow | |
NIKOLAÝ OSTROUMOW (1846-1930)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Gündogary öwrenijiler Aleksandr Hodzkodan, I.Berezinden, F.Bakulinden, A.Wamberiden, A.N.Samoýlowiçden soň türkmen edebiýaty we halk döredijiligi hakynda, akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söz açanlaryň biri hem Nikolaý Orstroumowdyr. Ol Daşkentde Magtymgulynyň kitabyny özbaşyna neşir eden adamdyr. Bu hakda akademik Baýmuhammet Garryýew şeýle ýazypdyr: «N.A.Ostroumow (bolmalysy N.P.Ostroumow – A.Ç.) Daşkentde 1907-nji ýylda Magtymgulynyň birnäçe goşgusyny arap harpy bilen türkmen dilinde «Türküstan ýerli gazetinde», soňra 1911-nji ýylda aýratyn kitapça edip çykardýar. Şunlukda, rus gündogarşynasy beýik türkmen şahyrynyň goşgy-gazallaryny ýerli dilde ilkinji ýaýradanlardan hem ony öwrenmegiň gerekdigine köpçüligiň ünsüni çekenlerden biri bolýar. Bu, gürrüňsiz, asylly hyzmatdyr». Baryp-ha, XX asyryň başlarynda Magtymguly Pyragynyň beýikligini dünýä aýan etmek üçin zehinini gaýgyrmadyk bu adamyň ömri we döredijilik ýoly bilen gyzyklanmagymyz tötänden däl. Çünki onuň türkmen halkyna sarpa goýup, Magtymguly Pyragy hakda ylmy nazaryýetden söz sözlemegi öz döwri üçin uly medeni waka bolupdy. Nikolaý Ostroumow 1866–1870-nji ýyllarda Kazandaky dini akademiýada okapdyr. 1877-nji ýyla çenli hem şol akademiýada mugallymçylyk edipdir.. N.Ostroumow akademiýada okan döwründe atlary Russiýada belli alymlar Nikolaý Iwanowiç Ilminskiý, Ýefim Aleksandrowiç Malow, Gordiý Semenowiç Sablukow ýaly halypalardan tälim alypdyr. Okap ýörkä halypasy Ý.A.Malowyň maslahat bermegi bilen Rabguzynyň «Kysasyl-enbiýa» atly eserini arapçadan ilkinji gezek rus diline terjime edipdir. N.Ostroumow arap we türki dillerine suwara bolupdyr. Onuň ylma bolan güýçli başarnygyna göz ýetiren G.S.Sablukow öz şägirdine aýratyn bir mähirlilik bilen garapdyr. Ýeri gelende aýtsak, professor G.S.Sablukow Gurhany asyl nusgasyndan rus diline ilkinji terjime edenleriň biridir.N.P.Ostroumowyň Arabystan we Gurhana dahylly ýazan ylmy işini hem öz mähriban ylym halypalary Gordiý Semenowiç Sablukowa hem-de Nikolaý Iwanowiç Ilminskä bagyşlap ýazmagy ýöne ýerden däldir. 1870-nji ýylda N.I.Ilminskiý öz zehinli okuwçysyny ýaşy birçene baran G.S.Sablukow bilen tanyşdyrypdyr. Olaryň gatnaşygy Ostroumow 1877-nji ýylda Kazandan Daşkende gaýdýança, ysnyşykly dowam edipdir. Ostroumow öz halypasyna «atam» diýip ýüzlenipdir. Pähim-paýhasly, ýokary adamkärçilikli, örän sada we ýönekeý bu adamdan ol ylma wepalylygy öwrenipdir. «Bir işe baş goşduňmy, ony soňuna çenli alyp git. Ýapyşan işiňe yhlas et. Durmuşda kynçylyga ýan berip, göwnüçökgünlige ýüz uraýma. Ýürekden ýapyşsaň, bitip galmajak iş bolmaz» diýip, beren öwüt-ündewleri, ýaş Ostroumowyň durmuşdaky ýörelgesi bolupdyr. Ylym atasynyň öwüt-ündewlerine wepaly bolan Ostroumow öz ömrüni manyly ýaşap, özünden soňky nesle uly ylmy-edebi miras goýup gidipdir. Şol mirasyň bir bölegi hem onuň Gündogar danasy, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly hakda, türkmen halk döredijiliginiň nusgalary hakda ilkinjileriň hatarynda bitiren hyzmatlarydyr. Ykbal N. Ostroumowy 1877-nji ýylda Orta Aziýa, has takygy, Daşkent şäherine getiripdir. Daşkentde ýaşan we işlän döwürleri hakda alym öz ýatlama kitabynda giňişleýin ýazýar. Biz gymmatly bu kitap arkaly onuň Kazandan Daşkende nädip düşüşini anykladyk. Ostroumow Türküstanyň general-gubernatory, general-adýutant Konstantin Petrowiç fon Kaufmany ilkinji gezek 1876-njy ýylda Kazan şäherinde görüpdir. Şol wagtlar Daşkent şäherinde täze açyljak mugallymlary taýýarlaýan seminariýanyň direktorlygyna N.Ostroumowy hödürleýän ekenler. General täze açyljak seminariýanyň ýolbaşçysynyň nähili adamdygyny, sowadynyň näderejedigine göz ýetirmek üçin Ostroumow bilen söhbetdeş bolmak isläpdir we ony generalyň bolýan myhmanhanasyna çagyrypdyrlar. Başda general-gubernator Russiýanyň halk magaryf ministri D.A.Tolstoýdan Kazan uniwersitetiniň we Dini akademiýasynyň professory N.I.Ilwinskini Türküstan ülkesine işe ibermegini sorap, hat ýazypdyr. Şol wagtlar professor Kazan ülkesinde ýaşaýanlaryň çagalarynyň sowady bilen gyzyklanýan eken. Professoryň alyp barýan bu işi A.D.Tolstoýyň ünsüni özüne çekipdir.Şonuň üçin hem, ministr Kazanda mugallymlary taýýarlaýan seminariýa mekdebini açmak barada karara gelipdir. Şol sebäpli professoryň Daşkende baryp bilmejekdigi mälim edilýär. Şundan soňra professoryň şägirtleriniň biriniň onuň ýerine iberilmegi hakda haýyş edilýär. Şeýdibem Daşkentde açyljak täze seminariýa ýolbaşçylyk etmek N.Ostroumowyň paýyna düşüpdir. 1877-nji ýylyň 22-nji iýulynda N.Ostroumow öz maşgalasy bilen Kazandan Samara, soň Orenburga tarap ugraýar we 23-nji awgustda Daşkent şäherine gelipdir. 1879-njy ýyldan ülke halk magaryf inspektory, mugallymçylyk seminariýasynyň direktory, 1889-njy ýylda oglanlar gimnaziýasynyň direktory ýaly wezipelerde işläpdir. 1883-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli hem «Turkestanskaýa tuzemnaýa gazeta» redaktorlyk edipdir. Gazet "Türkestanskiýe wedomosti“ gazetine goşmaça hökmünde kiçi möçberde, başda gyrgyz we özbek dillerinde çap edilýän eken. Şeýle gazetiň 1870-nji ýyldan çap edilip başlanmagy hem gyzyklydyr. 1883-nji ýylda Türküstan general-gubernatorynyň buýrugy esasynda gazete redaktorlyk etmek N.Ostroumowa tabşyrylypdyr. Gazet hepde-de bir gezek, iki dilde – özbek hem rus dillerinde 500 nusgalykda çap edilipdir. 1890-njy ýylda gazetiň okyjylarynyň sany 615-e ýetipdir. Gazet diňe bir Türküstana ýaýraman, eýsem-de bolsa, onuň Russiýada-da okyjylary bolupdyr. Mysal üçin, Peterburgda 5, Omskide 1, Kazanda 3... abunaçysy bar eken. Tejen stansiýasynda bu gazete 2 adam ýazylypdyr. Redaktor hökmünde N.Ostroumow hemişe görelde bolupdyr. Gazetiň okyjylarynyň söýgüsini gazanmak maksady bilen, onuň başlangyjy bilen Türküstanyň taryhyna degişli gyzykly makalalar çap edilip durlupdyr. Çingiz hanyň, Timuryň durmuşlary, olaryň gandöküşikli söweşleri hakynda, gadymy Samarkandyň geçmişi, Türküstanda ýaşaýan halklaryň taryhy, şeýle hem Hindistan, Hytaý bilen baglanyşykly makalalardyr oçerkler yzygiderli çap edilipdip. XX asyryň birinji onýyllygynda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasynda Zakaspiden baran oglanlaryň birnäçesi şol seminariýada okapdyrlar. Seminariýaçylar Muhammetguly Atabaýew, Gaýgysyz Atabaýew bilen Nikolaý Petrowiç Ostroumow gowy gatnaşykda bolupdyr. Musulman dünýäsiniň taryhy we Türküstanda magaryfyň ýagdaýy barada birnäçe kitabyň awtory bolan N.Ostroumow özüniň ylmy işleri üçin maglumat ýygnamaklyga seminariýanyň zehinli okuwçylarynyň birnäçesini, şol sanda Muhammetgulyny hem bu işeçekendigine şübhelenmeýäris.Ynha, biziň elimizde 1906-njy ýylda Russiýanyň Halk magaryf ministrliginiň žurnaly. Žurnalyň fewral aýynda çykan sanynda (Sankt-Peterburg şäheri) N.Ostroumowyň «Türküstan ülkesinde halk magaryf, musulman mekdepleri we rus-ýerli ilat mekdepleri» atly makalasy çap edilipdir. Şol makala goşmaça hökmünde bolsa M.Atabaýewiň rus dilinde ýazylan «Zakaspi oblastynyň türkmenleriniň mekdepleri» (162-166 -nji sah.) hemem Baýşamyrowyň «Syrderýa welaýatynyň gyrgyz ilatynyň mekdepleri» atly makalalary ýerleşdirilipdir. M.Atabaýew bu makalasynda türkmen mekdeplerindäki ýagdaýy örän beletlik bilen suratlandyrýar: “Mekdepleriň ählisinde hem okadylyş usuly şol köneden gelşi ýaly, birmeňzeşdir. Diňe musulmançylyk ýolundan okadylýar. Sapaga başlamazyndan öň, molla kagyzyň ýüzüne arap elipbiýiniň harplaryny ýazýar. Barly adamlaryň çagalarynyň mekdep esbaplary garyplaryňkydan üp-üýtgeşik. Mollanyň gaýtalan harpyny okuwçylaryň hemmesi birden alyp göterýärler. Şeýlelikde, jaýyň içindäki gohdan ýaňa ses-üýn alşar ýaly bolmaýar. Bu ýagdaý ertirden tä agşama çenli dowam edýär. Soňra okuwçy mollanyň öňüne geçip, dyzyna çökýär-de, ýat tutan harplaryny aýtmaga durýar. Eger-de ol bir ýerde kürtdürip ýalňyşaýsa, molla çybygyny aýlap goýberýär...” – diýip, M.Atabaýew ýazypdyr. Şu ýerde biz M.Atabaýewiň seminariýanyň başga bir mugallymy Merkulowiç bilen hem gatnaşykda bolandygyny ýaňzydasymyz gelýär. Seminariýany 1907-nji ýylda tamamlap, Zakaspä gaýdan M.Atabaýewe Merkulowiç şeýle mazmunda hat ýazypdyr: «Häzirki pursatda biz agyr pursaty başdan geçirýäris. Siz makalalara syn edýärsiňizmi ýa-da syn edeňzokmy, bilmeýärin, ýöne welin syn edýän bolsaňyz, meniň bilen hökman ylalaşarsyňyz. Hatda gazetleri-de okasyň gelenok. Hemme ýerde reaksiýa heşelle kakýar. Şeýle ýagdaýyň uzak dowam etmeginden Hudaý saklasyn. Syýasy wakalar hakynda-ha asla ýazybam durjak däl, munuň özi örän uly tema bolansoň, bu hakda Siziň bilen geljekde duşuşan mahalymyzda gepleşeris». Orta Aziýada ýaşaýan halklaryň däp-dessury, din-ygtykady, halk döredijiligi, şahyrlary bilen yzygider gyzyklanan, bu ugurda birnäçe işleri eden N.Ostroumowyň türkmenler bilen gyzyklanmazlygy asla mümkin däl. Özbek halkynyň türkmeniň parasatly ogly Magtymgula uly sarpa goýup, onuň şygyrlaryny okap, aýdymlaryndan ganman diňländikleri hakykat. Mundan N.Ostroumowyň habarly bolandygy hem gümürtiksizdir. Ýöne onuň Magtymguly Pyragy we başga türkmen şahyrlary, türkmen halk döredijiliginiň nusgalary hakdaky gerekli maglumatlary toplamagynda Muhammetguly bilen Gaýgysyz Atabaýewleriň az hemaýaty bolan däldir. Munuň şeýledigine doly esas bar. N.P.Ostroumow zakaspili oglanlaryň öz döwrüniň sowatly adamlary bolup ýetişmekleri, olaryň türkmen halkynyň medeni derejesiniň ösmegi öz halkynyň taryhyny, edebiýatyny öwrenmekleri üçin zehinini gaýgyrmandyr. Olar seminariýany tamamlap, öz watanlaryna dolananlarynda-da olaryň iş-aladalary bilen gyzyklanyp durupdyr. Haçanda Muhammetguly Atabaýew seminariýany tamamlap, Marynyň otamyş rus-ýerli mekdebinde işe durup, mekdepde üstünlik bilen mugallymçylyk edip ýörkä, onuň başyna agyr töhmet inipdir.Bäş ýyllap mugallymçylyk edenden soň, ýagny 1913-nji ýylyň 7-nji iýulynda „ynamdar däl“ bahanasy bilen işden çetleşdirilip, tussag edipdirler. Subutnamalary bolmandan soňam, bir aýdan soň ony azatlyga goýberipdirler. M.Atabaýewiň düşen ýagdaýyndan habarly N.Ostroumow (ol şo wagtlar Türküstan ülkesiniň uçilişeleriniň baş inspektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji eken-A.Ç.) okuwçysyna edilen töhmetiň myjabatdygyny bilip, M.Atabaýewiň ýene-de mugallymçylyk işine gaýdyp gelmegine hemaýat edipdir. Bu şeýle bolupdyr: halys paltasy daşa degensoň, Merwdäki türkmen uçilişesiniň öňki müdiri M.Atabaýew 1914-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türküstan ülkesiniň uçilişeleriniň baş inspektorynyň adyna şeýle raport iberipdir: "Size şuny ýazmak bilen meni häzirki wagtda Bäherden, Büzmeýin, Tejen, Baýramaly uçilişeleriniň haýsam bolsa birinde mugallymçylyk işinde galdyrmagyňyzy towakga edýärin. Eger mümkin bolsa Bäherden uçilişesi meniň üçin oňat boljak. Çünki birinjiden-ä, ol meniň dogduk ýerim, şeýle hem ol ýerde okuwçylar meni gowy tanaýarlar. Ikinjidenem, 12 baş maşgalanyň bar garamaty meniň boýnuma”. Şol ýylyň 19-njy dekabrynda ülkäniň uçilişeleriniň baş inspektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji N.P.Ostroumowyň goly bilen 13067 belgili hat Zakaspi oblastynyň halk uçilişeleriniň inspektory I.Belýaýewiň eline gowuşýar. Şondan soň M.Atabaýewiň Çelekendäki rus–ýerli uçilişesine müdir edilip işe iberilipdir. Ýazgymyzyň başynda belleýşimiz ýaly, 1907-nji ýylda N.Ostroumowyň taýýarlamagynda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çap edilendigini belläpdik. Muny biz öz işimizde akademik B.Garryýewiň ady agzalan kitabyndaky maglumatlara (11 sah.) esaslanypaýdypdyk. Ýöne, munuň tersine, Magtymgulynyň kitabynyň neşir edilen ýylynyň, hormatly akademigiň ýazyşy ýaly, 1911-nji ýyl däl-de, ol kitabyň 1907-nji ýylda çap edilendiginiň maglumatyna hem duş geldik. 1842-nji ýyldan 1984-nji ýyl aralygynda beýik şahyr barada ýazylan işleri bir ýere jemlän bu bibliografik görkeziji kitaby düzen Ata Abdyýew. Ol bütin ömrüni şu ugra bagyşlan adam. Kitapda Magtymgulynyň goşgularynyň Türküstan welaýat gazetiniň ("Туркестанская туземная газета“—A.Ç.) 15, 16, 23, 24, 26, 28, 29, 31, 32, 34, 37, 38, 40, 41, 42, 45, 46, 47 sanlarynda çap edilendigi, şeýle hem,şol goşgularyň esasynda 127 sahypadan ybarat Magtymgulynyň goşgular kitabynyň neşir ediendigiaýdylýar. Kitap Türküstan general-gubernatorynyň kanselýarisinde, Daşkent şäherinde, 1907-nji ýylda neşir edilipdir. Gynansak-da, akademik B.Garryýew bilen bibliografik görkeziji kitaby düzen A.Abdyýewiň maglumatlaryndaky ýyllaryň bir-birine çapraz gelmegi okyjyda iňkis döretmän durmaýar. N.Ostroumowyň Magtymguly bilen ýörite gyzyklanmagy tötänden däldir.Olbeýik şahyr baradaky maglumatlaryny çuňňur öwrenmek bilen, has kämil görnüşinde onuň goşgularyny arap elipbiýinde türkmen dilinde kitapça edip çykarypdyr. Kitabyň neşir edilmegi Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar üçin giň ýol açypdyr. Has takygy, ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Ýene-de bir ýagdaý, şol gürrüňi edilýän döwürler gündogary öwrenijiler tarapyndan türkmen edebiýatynyň wekilleri dogrusynda maglumat toplamaga, olaryň döredijiligini öwrenmäge girişilen döwür bolupdy diýsek, öte geçmeris. Bu babatda edebiýatymyzy öwrenmekde köp hyzmat bitiren A.N.Samoýlowiçiň adyny agzap geçmek gerek. Ol 1906-njy ýylyň sentýabrynda Maryda Molla Sabyr diýen adam bilen bilelikde Körmollanyň terjimehalyny we 17 sany goşgusyny onuň hut özünden ýazyp alypdyr. Şol maglumatlar esasynda A.N.Samoýlowiç «Туркменский поэт – босяк Кер-Моллаи его песни о русских» diýen makalasyny ýazypdyr. Makalada şahyr barada «ol paýhasly, ýiti akylly,şerebeli dilli adam... Şahyr hökmünde Körmollanyň kesbi-käri öwgüli, taryplap arşa çykaryjy ýa-da kötekleýji aýdymlary, satiralary düzmekdir» diýip, Sankt-Peterburgda neşir edilen «Живаястарина» žurnalynda (1907-nji ýyl) ýazypdyr. Edil şol ýylda, Ostroumowyň hem Samoýlowiç ýaly türkmen edebiýaty dogrusynda söz açmagy aýratyn gyzyklydyr. N.P.Ostroumowyň sartlaryň etnografiýasyna degişli kitabynyň birinji goýberilişi 1890-njy ýylda Daşkentde neşir edilipdir. Kitapda halkyň taryhyna umumy häsiýetnama berlipdir. Halkyň aýry-aýry görnükli wekilleri hakda gürrüň edilmegi kitabyň ähmiýetini artdyrypdyr. Setdar han Abdylgapbarowyň ýatlamalary, täjir Mürze Buhary Mürze Abdyllanyň Harkow, Moskwa, Peterburga eden syýahatlary dogrusynda ýazylypdyr. Kitabyň ikinji goýberilişi 1892-nji ýylda neşir edilipdir. Munda halk ertekileriniň 26-sy ýerleşdirilipdir: «Han we ogry», «Üç kör», «Kempir we gyz», «Hyrs pälwan» we başgalar. Kitabyň üçünji goýberilişi 1895-nji ýylda çapdan çykypdyr. Onda nakyllaryň we matallaryň ýüzlerçesi toplanylyp, okyjylara hödürlenipdir. Şeýle hem, bu kitapda rus, sart we beýleki goňşy bolup ýaşaýan halklar dogrusynda ilat arasynda ýörgünli pähimler hem aýratyn bölümde ýerleşdirilipdir.Pähimleriň arasynda türkmenlere degişlisiniň hem bardygyny aýtmaly. Häli-bu güne çenli bu nakyllaryň, atalar sözüniň... gyzylyň gyryndysy ýaly edilip saklanmagynda N.Ostroumowyň kitabynyň ähmiýetlidigi öz-özünden düşnüklidir. N.P.Ostroumowyň sartlar hakynda ýazan düýpli işi öz döwründe ylmy jemgyýetçiligi gyzyklandyrypdyr. Käbir halatlarda jedel hem döredipdir. Şeýle ýagdaýlarda gündogarşynas alym W.W.Bartoldyň Ostroumowyň tarapynda durup, öz kärdeşiniň döredijilik gözlegleriniň ylmydygyny, ynandyryjylyklydygyny tassyklap, birnäçe gezek gorap çykyş edendigini hem aýtmalydyrys. Graf N.Ý.Rostowsewiň başlangyjy bilen Samarkant şäherinde rus çinownikleri we ofiserleri üçin ýerli gepleşik dilini, ýagny sart dilini öwretmek üçin okuw işleri ýola goýlupdyr. Bu işi alyp barmagy Samarkant harby gubernatorynyň dilmajy jenap Lapine tabşyrylýar. Muny Lapin hiç hili hak almazdan amala aşyrýar. Ýöne onuň "Orenburg sahypalary“(6-nji sany) gazetinde "Sartlar we olaryň dili“ makalasynda „sart diýen halkam ýok, sart dili hem ýok“ diýen ýüzleý hem hiç zada daýanmaýan pikiri adamlarda geňirgenme döredipdir. Dilmajyň bu makalasyny ýazan döwrüne çenli Ostroumowyň sartlar barada ýazan kitabynyň eýýäm üç goýberilişi neşir edilipdi. Onuň soňky goýberilişi 1895-nji ýylda neşir edilen bolsa, onuň birinji neşiri 1890-njy ýylda çap edilipdi. Lapiniň bu ýalazy pikirine ynansaň, onda Ostroumowyň eden işleriniň üçtüne atanak çekildigidi. Sankt-Peterburgda ýaşaýan Bartold Lapiniň Orenburgda çap edilen ylmy maglumatlara daýanmaýan bu makalasyna bada-bat jogap ýazypdyr. Makala "Samarkantda ýerli gepleşik diliniň okadylyşy barada“ diýlip atlandyrylypdyr.Makala Daşkentde çap edilýän „Okraina“ gazetinde (1894, № 48 (7/19.3) ýerleşdirilipdir. Alym „sart“ sözüniň Lapiniň öz makalasynda gyrgyzlaryň (megerem, gazaklaryň-A.Ç.) arasynda ýörgünli bolan sary it bilen baglanyşykly rowaýat esasynda dörän däl-de, onuň kökleriniň has çuňdugyny düşündirýär. Bu babatda N.P.Ostroumowyň ýeterlik maglumatlary toplap bilendigini, şeýle hem, bu sözüň etimologiýasy barada dürli görnüşleriniň hem alym tarapyndan dolanyşyga girizilendigini belläp geçipdir. Ýöne muňa garamazdan, henize-bu güne çenli takyk bir ylmy düşündirişiň hem doly ýüze çykarylmandygyny Bartold makalasynda belleýär. Alymyň ýazyşyna görä, mongollar döwrüne çenli işlerde sart sözüne gabat gelinmeýändigini, bu sözi mongollaryň ilki ulanandygyny belläp, orta asyrlar taryhçysy Reşideddine salgylanýar. Mongollaryň bu sözi täjik manysynda "sartaklar“ sözüni ulanandyklaryny, ýagny munuň musulman hökümdary, gelip çykyşy boýunça garlyk bolan Arslan han bilen baglanyşykly aýdylandygyny, Arslan hanyň bolsa Çingiz han bilen gatnaşykda bolandygy barada taryhçy Reşideddin ýazyp galdyrypdyr. Bartoldyň pikiriçe, mongol dilini gowy bilmän, bu sözden özüňçe many çykaryp bolmajakdygy düşnükli zat. Ýöne herhal, bu sözüň düýp köküniň mongol dilinde bardygy, Ikinji Altyn Orda hanynyň adynyň Sartak bolandygy hem muňa güwä geçýär. Çingiz hanyň ilki ýörişlerinden başlap, türkileriň mongollar bilen gatnaşyk etmäge döwtalap bolandyklary, gelip çykyşy, dili boýunça ariý şäher ilatynyň munuň tersine hereket edendikleri taryhdan bellidir. Soňabaka mongollaryň hemme musulmanlary däl-de, özlerine garyşman, öz ariý durkuny saklajak bolanlaryň şeýle atlandyrylandygynyň, soň bu terminiň türki halkyýetlerine geçendiginiň, türkiler bilen garylyp-gatyşylandan soň olaryň öz dilini ýitirip, türkilere siňip gidendiginiň ähtimallygyny Bartold aradan aýyrmaýar. Ol bu sözüň nähili ýagdaýda ýüze çykandygyna garamazdan, onuň etnografik sözlükden aýrylmaly däldigini, şeýdilmegine hiç bir zadyň esas bermeýändigi hakda ýazyp N.P.Ostroumowyň pikiriniň dogrudygyny tassyklaýar. Bartold bu mesele bilen bagly ýerli metbugatda makalalar bilen çykyş edipdir: "Jenap Lapine jogaba derek“ («Туркестанские ведомости», 1894,№48,(7/19-7), «Ýene-de bir gezek "sart“ sözi hakynda“ («Туркестанские ведомости» , 1895, (28.04/10.05). Bartold 1910-njy ýylda neşir edilip başlanan “Orta Aziýa” atly aýda bir gezek çap edilýän edebi-taryhy žurnalyň ýanwar-awgust sanlaryna syn ýazypdyr. Şeýle hem, gündogarşynas, taryhçy alym žurnalyň gürrüňi edilýän döwürde çykan sanlarynda çap edilen düýpli ýazylan makalalaryň hasabynda 16 sany makalany agzap geçipdir. Şolaryň arasynda A.Samoýlowiç, N.Ostroumow, K.N.Blýumer, A.Semýonow ýaly uly alymlaryň hatarynda N.Han Ýomudskiniň “Türküstan ülkesi boýunça materiallary ýygnamagyň zerurlygy we ol maglumatlarybeýan etmek meselesi” (ýanwar), “Zakaspi oblastynyň türkmenleriniň adaty hukuklary boýunça materiallary toplamagyň meýilnamasy we onuň esasy hem-de ol maglumatlaryň ýygyndysy“ (maý) ýaly makalalarynyň uly ähmiýeti dogrusynda aýdypdyr. Samoýlowiçiň “Molla Gaýyp Buharada sazy we şygry nähili halas edipdir” (iýul), „Pälwan ata we günäli aýal“ (orta azyýa-türkiçeden terjime), A.Semýonowyň “Änew obasynyň ýanyndaky metjidiň harabaçylygy” ýaly makalalary hem ilkinji gezek şol žurnalda neşir edilipdir. Akademik Bartold N.P.Ostroumowyň şo döwür aralygynda çap edilen „Şerigat boýunça aw awlamagyň düzgünleri“ (fewral), "Odisseýew Polifem gyrgyz ertekilerinde“ (mart) makalalarynyň gowy ýazylandygyny ýörite nygtaýar. Alym ady agzalan makalasynda "Timuryň kanunlar ýygyndysy“ atly kitaby hem Ostroumowyň fransuz dilinden rus diline ezberlik bilen geçirip bilendigini ýazypdyr. Ýeri gelende aýtsak, alymyň ýazan işleri hakynda synlaryň az bolmandygyny ýaňzydyp geçeliň! Muňa A.N.Samoýlowiçiň "N.P.Ostroumowyň "Yslamyň şamçyragy“ ("Swetoç yslama“) neşiri dogrusynda“ (ZWORAO, 1906, t.16.) atly makalasyny mysal getirmek bolar.Nikolaý Petrowiç Ostroumow W.W.Bartold, A.N.Samoýlowiç bilen Daşkentde başlanan dostluga uly sarpa goýupdyr. N.P.Ostroumow her gezek Orta Aziýa ylmy ekspedisiýa bilen gelenlerinde, olaryň aýlanjak, görjek ýerlerine giň ýol arçapdyr. Ýerli çinownikler tarapyndan býurokratik päsgelçilikler bolmaz ýaly, öňünden alada edipdir. Bu dostluk olaryň ömürleriniň ahyryna çenli dowam edipdir. Ostroumowyň Bartold bilen alşan hatlarynda bu iki alymyň ylmyň ösmegi üçin eden oý-aladalary, ünjüleri ýatyr. Bartold 1901-nji ýylyň 13-nji fewralynda Ostroumowa iberen hatynda şeýle ýazýar: “Zoroastra uýýanlar minaralar gursalar-da, hiç haçan merhumyň süňklerini ýygnap, esasy tabytda goýmandyrlar. Tabariniň hem-de Nerşahiniň gürrüňini edýän merhumyň jaýlanyşy, Samarkant tapyndysy bilen baglanyşykly syrly jaýlanyşy, maweranahyrlylaryňkydan tapawutlanýandygyna şaýatlyk edýär; eger Maweranahrda zoroastrizm ýaýran-da bolsa, barybir esasy sektanyň däp-dessurlary Zoroastranyň yzyna eýerenleriň däp-dessurlaryndan tapawutlanypdyr”. W.W.Bartold 1912-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Н.P.Оstroumowa ýazan hatynda dosty bilen öz durmuşynda bolup geçen wakalar dogrusynda pikir alyşýar. Akademik “Yslam dünýäsi” (“Mир ислама”) žurnalyny hem redaktirleýän eken. Gürrüňi edilýän döwürde ony Içeri işler ministirliginiň talap etmegi bilen işden boşadýarlar. Bu hakda Bartold Ostroumowa şeýle habar berýär: “Bu şowsuzlygymyzy biz adaty bir zat hökmünde kabul etdik we munuň üçin biziň ruhdan düşmejegimiz, işimizden elimiziň sowamajakdygy hak. Edýän işlerimizi, hatda gündelik işlerimizi-de, "nesillere galdyryp“ gitjek işlerimizi-de kemini goýman ederis. Keseki bir edaranyň gatnaşmagy bilen elim boşady diýsem, başga bir edaradan eýýäm ýumuş aldym: Masalskiý öz edarasynyň adyndan (Masalskiý – ýer işleri boýunça departamentiniň başlygy – A.Ç.) ülkäniň (Türküstany göz öňünde tutýar – A.Ç.) geçen zamanlarda suwarymly ýerleriň ýagdaýyny öwrenmegi menden haýyş etdi. Şeýle hem, bu işiň, hamana, öňki zamanlarda ülkäniň ýokary medeniýeti hakdaky, Çinazdan Jyzaga, Çinazdan Kazalinskä çenli aralykda pişikleriň jaýlaryň üçeklerinden üçeklere böküşleri hakdaky, ony hem musulmanlaryň gelip, ýok edişleri hakdaky erteki gürrüňleriň soňuna çykjakdygy ýaly ähmiýeti bolar.“ Alym hatynda “Türküstanda suwarymly ýerleriň taryhy” atly kitabynyň gürrüňini edýär. Kitabyny ýazyp tamamlanyndan soň, Bartold Оstrоumowa 1915-nji ýylyň martynda şeýle ýazýar: “Bu ýerde üýtgeşik täzelik ýok. Ýöne döwrüň agyrlygyna garamazdan, näme diýseňem, ylym az-kem öňe gidýär. Meniň işim hakda aýdylanda bolsa, onuň arheologiýa işleri bilen suwarymly ýer işleriniň birek-birek bilen berk baglydygyny ýer işleri boýunça Baş uprawleniýäniň işgärlerine düşnükli eden bolsa gerek.Indem Hywa hanlygynyň gözleg işleri boýunça başlygy maňa haýyş bilen ýüz tutupdyr. Ol ülkäni arheologik taýdan öwreniş edarasy tarapyndan alym adamlaryň birini edaranyň hasabyna iberip bolmazmyka diýip haýyş edýär“ Nikolaý Petrowiç rus edebiýatyny ýerli ilatyň arasynda ýaýmakda-da köp iş bitiren adam. L.N.Tolstoýyň birnäçe eserini, A.S.Puşkiniň «Altyn balyk hakynda ertekisini» özbek diline geçirip, ony kitap görnüşinde neşir etmegi hem ýatlanylmaga mynasypdyr. Ýa bolmasa, «Gadymy Müsüriň gysgaça taryhy», «Kolumbyň durmuşy», «Dünýäniň geografik kartasy», «Tebigat geografiýasy hakynda hekaýalar» we ş.m. atly kitaplaryň özbek dilinegeçirilip, neşir edilmegi hut Nikolaý Petrowiç Ostroumowyň galamyna degişlidir. Ol Mukymynyň, Furkadyň we beýleki şahyrlaryň eserlerini merkezi we ýerli metbugatda çap etdirýär. Ol ülkäni öwreniji taryhçy hökmünde Orta Aziýanyň taryhyny,yslam taryhyny, halk magaryfynyň taryhyny gowy bilipdir. Rabguzynyň "Kysasyl—enbiýa“ atly kitabyny hem, Kazanda işläp ýörkä, ilkinji gezek rus diline geçireniň Nikolaý Ostroumowdygyny agzap geçipdik. Şu zatlary gysgaça ser salanyňda-da bu adamyň niçiksi ýadawsyz bolandygyna, onuň sowadynyňýetikdigine, düşünjesiniň her taraplaýyndygyna birkemsiz göz ýetirýärsiň. Ýörite bir kitabyny musulmanlaryň belleýän Remezan baýramyna baglyşlan N.Ostroumow bu mesele bilen baglanyşykly ýazan makalalarynda hem türkmen folkloryna degişli maglumatlary köpçülige ýetirýär. Emma, gynansak-da, bu makalalary ele salyp bilmedik. Onuň makalalarynyň käbiri baradaky ýazgylara O.I.Şaskaýanyň türkmen ýaremezan aýdymlaryna bagyşlap ýazan makalasynda gabat geldik. “Стихи в честь Рамазана” atly makalasynda Ostroumowyň derwüşleriň hasalarynyň ujuna berkidilen demir halkajygyň owazyna goşulyp aýdylýan ýaremezan aýdymynyň köpçülik bolup süýndirilip aýdylyp, aýratyn bir özboluşlylyk emele getirýändigini nygtanlygy barada O.I.Şaskaýa belläpdir. N.Ostroumow türkmen ýaremezanlaryny Daşkentden toplan bentler bilen deňeşdirip, özbeklerde bu bentleriň has dini häsiýetlidigini, aýdylyşynyň örän şowhun-şagalaňlydygyny aýratyn nygtapdyr. Ostroumowyň pikiriçe, özbek ýaremezanlary musulman aýdym aýdylyş äheňinde, saza has gowy gelýär. Görnükli türkmen alymy, filologiýa ylymlarynyň doktory Zylyha Bakyýewna Muhammedowa Leningradda (Sankt-Peterburgda) saklanylýan türkmen golýazmalarynyň teswirine bagyşlanan makalasynda S-1484 belgili golýazmada "Gül-Senuber“ atly dessanyň gürrüňini edip, dessanyň N. Ostroumow tarapyndan özbek edebiýatyna dahylly edilse-de, onuň türkmen edebiýatynyň önümidigini ýerlikli belläp geçýär. Bu eseriň Özbegistanda-da, Türkmenistanda-da meşhurlygynyň sebäbini awtor iki halkyň folklor eserleriniň biri-biri bilen berk baglanyşygynda görýär. "Gül-Senuber“ dessanynyň N.P.Ostroumow tarapyndan rus diline geçirilendigini hem awtor ýazýar. N.P.Ostroumowyň köpgyraňly işinde türkmen edebiýatyny çynlakaý öwrenmäge girişinde uly yhlas duýýarsyň,halkyň taryhyna, onuň edebiýatynyň merjen dänelerine bolan teşneligi görýärsiň. Baryp-ha, 1909-njy ýylyň 14-nji iýun sanynda, onuň türkmen edebiýatyny öwrenmek barada ýazan makalasyny ýazmagy hem biziň ýaňky aýdanlarymyzy ýene bir gezek tassyklaýar. Elbetde, N.Ostroumowyň bize galdyryp giden uly ylmy mirasy hakynda jikme-jik gürrüň etmek kyn. Biz onuň käbir işlerine başardygymyzdan ser saldyk. Bir asyr mundan öň parasatly türkmen şahyry, Gündogar akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, türkmen halk döredijiliginiň nusgalaryny ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak iş bitiren N.Ostroumow uzak ömür sürüpdir. Ol 1846-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Tambow guberniýasynyň Elatomsk uýezdiniň Sasowo obasynda doglupdyr. 1930-njy ýylyň 17-nji noýabrynda hem Daşkent şäherinde, has takygy, onuň golaýyndaky şol wagtky Lunaçarskiý obasynda (häzirki wagtda şäheriň demirgazyk-gündogar bölegi) doglan gününden iki güni geçirip, 84 ýaşynda aradan çykypdyr. Botkin gonamçylygynda hem jaýlanypdyr. Allaýar ÇÜRIÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adynyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. • Peýdalanylan edebiýatlar 1. Бартольд В.В. Сочинение. M., 1964. т. 2, ч.2. 2. Бартольд В.В. Сочинение. М.,1964. т. 4. 3. Остроумов Н. П.К.Р. фон Кауфман. Личние воспоминания и исторический очерк народного образования в крае. Ташкент. 1899. 4. Остроумов Н. Сарты. Ташкент. 1890. 5. Остроумов Н.П. Кизучению туркменской литературы. "Туркестанские ведомости“ газ., 1909,14 июнь. 6. Garryýew B. Magtymguly. A., „Ylym“. 1975. 7. Шацкая О.Н. Туркменские коледние песни в связи с бытом и религиозными верованиями, журн.,“Советская этнография”, 1936 . №1. 8. Журнал Министерства народного просвещения, Санкт-Петербург. 1906. 9. Hydyrow T. Türkmenistanda ХХasyryň başlarynda progressiw-demokratik pikiriň ösüşi. A., 1975. 10. Garryýew B. Magtymguly. A., “Ylym”. 1975. 11.Muhammedowa Z.B. Leningradda saklanylýan türkmen golýazmalarynyň ýygyndylarynyň beýany. Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň işleri. 4. A., 1960. 12. Çüriýew A. Ömür kyssasy. A., “Türkmenistan”. 1990. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |