21:08 Nikolaý Paskuskiý | |
NIKOLAÝ PASKUSKIÝ
Taryhy şahslar
(Nikolaý Antonowiç Paskuskiniň hatlary esasynda) Nikolaý Antonowiç Paskuskiý geçen asyryň ahyrlarynda Kiýewiň eteginde demirýolçynyň maşgalasynda dünýä indi. Soň olar gowy güzeran görmek maksady bilen Krasnowodskä göçüp gelýärler. Onuň bütin ömri türkmen ülkesi bilen bagly boldy. Ol bu ýerde rewolýusion wakalara gatnaşdy. Zakaspi Rewwoýensowetiniň başlygy hökmünde türkmen ülkesini ak gwardiýaçylardan we iňlis interwentlerinden azat etmekde uly gujur-gaýrat görkezdi. TSSR YA-nyň akademigi Şamyrat Täşliýew «Türkmenistanda graždanlyk urşy we iňlis harby interwensiýasy» atly iki tomdan ybarat monografiýasynda bu gaýduwsyz bolşewigiň edermenligi hakda örän düýpli we gyzykly gürrüň berýär. Şeýle hem Şamyrat Täşliýew Nikolaý Paskuskiý hakynda ýörite kitap ýazdy Bu türkmen halkynyň Paskuskä bolan minnetdarlygydyr, hormat-sylagydyr. Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, ýazyjy Berdi Myradowiç Kerbabaýew «Gaýgysyz Atabaýew» atly romanynda bu uly rewolýusioneriň çeper obrazyny döretdi. Ýyllar geçýär, nesiller çalyşýar. Halk öz mähribanlaryny unutmaýar. Olar hemişe ýatlanyp durulýar. Bu ýazgyda, esasan, onuň belent adamkärçilik sypatlaryny, rewolýusiýanyň işine jany-teni bilen berlen adamyň guramaçylyk häsiýetlerini açyp görkezýän hatlaryndan peýdalanmagy makul bildik. Eýsem-de bolsa, bu taryha siňip giden setirler okyjylar köpçüligine ilkinji gezek hödürlenilýär. Nikolaý Antonowiç Paskuskä degişli bu hatlardyr telegrammalar diňe bir okyjylar köpçüliginde däl, eýsem taryh bilen gyzyklanýanlar üçinem, taryhy eserler döredýänler üçinem peýdaly bolsa gerek • HRONIKA 1924-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Russiýa Kommunistik (bolyşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosy Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Guramaçylyk Býurosynyň sostawyny tassyklady. Onuň sostawynda I.Mejlauk, H.Sähetmyradow, N.Aýtakow, G.Atabaýew, D.Ý.Gopner, W.F.Karpow, S.Kleýman bilen bir hatarda Nikolaý Antonowiç Paskuskiý hem bardy. 1924-nji ýylyň 5-nji noýabrynda SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň Prezidiumy Türkmenistan hökümetiniň sostawyny tassyklady. Munuň sostawynda Nedirbaý Aýtakow (başlygy), Gaýgysyz Atabaýew, Iwan Mejlauk, Nikolaý Paskuskiý, Halmyrat Sähetmyradow we başgalar bardy. * * * 1924-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Poltoraskiý şäherinde mugallymlaryň Bütintürkmenistan I konferensiýasy açyldy. Konferensiýada Sowet Soýuzynyň daşary we içeri syýasaty barada hem-de milli bölünişik hakynda, Türkmenistanyň ýakyn döwür üçin wezipeleri dogrusynda N.Aýtakow bilen N.Paskuskiý doklad etdiler. * * * Nikolaý Antonowiç respublikanyň hemme ýerinde ählihalk hormatyna eýe boldy. Ol häli-şindi ýerlerde, bolup, täze durmuş gurýan adamlaryň iş-aladalary, oý-pikirleri bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda onuň üstüne banditler hem az hüjüm etmedi. Şeýle hüjümleriň birem 1926-njy ýylyň gyş aýlary Sakardan täze Çärjewe tarap ýola düşülende bolupdy. • DÖWÜRDEŞINIŇ ÝATLAMASYNDAN Flor Leontewiç Fomkin, partiýa weterany: – Men öz ömrümde ençeme ajaýyp adamlar bilen bile işlemeli boldum. Men olardan partiýa we halka wepaly gulluk etmegi öwrendim. Şol adamlaryň biri-de Nikolaý Antonowiç Paskuskiý. Men onuň bilen ýigriminji ýyllaryň başlarynda tanyş bolupdym. Paskuskiý bilen baglanyşykly bir waka ýadymda galypdyr. Nikolaý Antonowiç o wagtlar TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasarydy. Ol raýonlarda işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmak üçin Çärjew okrugyna gidermen boldy. Ýeri gelende aýtsam, ol paýtagtda uzak eglenmezdi. Köplenç diýen ýaly ýerlerde bolýardy. Şol gezek biz Sakaryň ady belli çaýhanasynda birsalym dem-dynç alaly diýdik. Nikolaý Antonowiçiň keýpi erbet däldi. Göýä diýersiň uzak ýoluň argynlygyny duýmaýan ýalydy. Onuň ýanynda Halk Komissarlar Sowetiniň sekretary Dormidontow, men, Aşgabatdan ýene-de birki sany adam, hemem ýerli guramalardan ýolbaşçylar bardy. Çaýhanada otyrkak, ýola belet adamlaryň biri biziň hiç ýere sowulman, göni Çärjewe gitmegimizi maslahat berdi. Ol muny basmaçylaryň gabat gelmek howpunyň bardygy üçin aýdypdy. Bu hakda Nikolaý Antonowiçe habar berdim. Emma ol maňa «Biziň köne Çärjewe sowulmagymyz zerur, çünki ol ýerde ýagdaý öwerlik däl» diýip jogap berdi. Maňa onuň bilen ylalaşmakdan başga çykalga ýokdy. Az salym dem-dynç alanymyzdan soň, biz paýtunlara mündük-de, köne Çärjewe alyp barýan ýola düşdük. Ýoly ortalaberenimizde, birden ala-goh turdy. Bir topar atly-ýaragly adamlar bizi gabady. Meniň bilen dördünji paýtunda barýan Dormidontow ýaragyna ýapyşdy. Emma duşman güllesi onuň göwsüni parran dilip geçipdi. Olar köplükdi. Şonuň üçinem ýaraga ýapyşmak giçdi. Olar gaty gyssanmaç görünýärdi. Haýdan-haý biziň ýanymyzdaky zatlarymyzy talap, gaçmak bilen boldular. Soň anyklap görsek, bu adamlar biziň öňüsyramyz Sakaryň çaýhanasynda düşläp geçen ekenler. Fewral aýydy. Howa sowukdy. Dormidontowdan başgamyz sag-aman galypdyk. Köne Çärjewe baranymyzdan soň, Nikolaý Antonowiç ilki bilen biz hakda alada etdi. Haýdan-haý geýim-gejim bilen üpjün edildik. Nikolaý Antonowiç maňa mähriban ýoldaşymyz Dormidontowyň jesedini Aşgabada äkitmegi tabşyrdy. Emma duşmanlaryň haýbaty bu gaýduwsyz adamy gorkuzyp bilmändi. Ol Çärjewde galypdy. Soňam Mary okrugyna aýlanypdy. Men Aşgabada gelenimde, hakyky bolşewik, batyrgaý ýoldaşymyz hakdaky ajy habary hemmeleriň eşidendigini bilip galdym. Elbetde, Paskuskiý hakda ýatlasaň ýatlap oturmaly. Ol ýürekdeş, mähriban adamdy!... Bu waka bilen baglanyşykly onuň adyna ýazylan telegramma hem-de başga bir hat Merkezi döwlet arhiwinde saklanýar: «Türkmenskaýa iskra» gazetiniň redaktory ýoldaş Aroskere Hormatly Lew Isaakowiç! 18-nji aprelde banditleriň talaňçylykly hüjümi wagtynda N.A.Paskuskiniň adyna ýazylan 357069-njy nomerli partiýa biletiniň hem-de TK (b) P MK-nyň 34-nji nomerli çlenlik biletiniň ýitirilendigi hakdaky bildirişi çap etmegiňizi haýyş edýärin. Kommunystik salam bilen, Paskuskiý. 1926-njy ýylyň 8-nji maýy. Gadyrly Nikolaý Antonowiç! Siziň ýanyňyzda duşman güllesinden wepat bolan Dormidontowyň jesedi şu gün irden Aşgabada getirildi. Onuň jesedi salnan tabydy Merkezi Ispolnitel Komitetiniň zalynda goýuldy. Onuň maşgalasynyň ykbaly hakda alada ederis. ...Şu gün ýoldaş Budýonnyý Türküstan frontunyň goşunlarynyň komanduýuşisi bilen üçünji gün Aşgabatda myhmançylykda ýör. Türkmen bölümleri we türkmen atlary oňa has-da ýarapdyr. Ol atçylyk zawodynyň işini guramaga doly ýardam bermäge söz berdi. Şeýle hem ýoldaş Budýonnyý atçylyk zawodynda tohum atlary köpeltmekde birentek kemçilikleri belläp, zawodyň heniz ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýtdy. Türkmen ülkesi onda has oňat täsir galdyrypdyr. Ol munuň howaýy bir aýdylan zat däl-de, çyn ýürekdendigini birnäçe gezek nygtady. Öz işleriňiz hakda bizi habardar edip duruň! Özüňize we beýlekilere esewan bolmagyňyzy ýene-de bir gezek ýatladýarys. Sähedow zerur işiň ýüze çykanlygy sebäpli gidip bilenok. Ýoldaşlyk salamy bilen, Sähetmyradow, Gorodeskiý. Atabaýew. • NIKOLAÝ PASKUSKIÝ ÖZI HAKDA: – Men 1894-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Kiýewden uzak bolmadyk günorta demir ýoluna degişli kiçijik bir stansiýada doguldym. 1897-nji ýylda biziň maşgalamyz Ukrainadan Kawkaza göçýär. Bu gezek kakam Gudermas diýen stansiýada işe ýerleşýär, ýöne bu ýerde ýaşaýyş şertleri gaty agyrdy. Şonuň üçinem maşgalamyz gowy güzeran niýeti bilen Zakaspä gelýär. Kakam Krasnowodskide bir ýyllap ýol ussasy bolup işleýär. Bir ýyldan soňam ony Buhara—Gyzyldepe stansiýasyna ýol ussasy edip işe iberýärler. Hojaýynlar kakamyň iş başarjaňlygyna göz ýetirýärler. Işdeş ýoldaşlary onuň adamkärçilik häsiýetlerine sarpa goýýardylar. Ondan häli-şindi maslahat soraýardylar. Bu stansiýanyň naçalniklerine kän bir ýarap duranokdy. Şol sebäpli hem olar ony Guýymazar diýen ýere işe iberýärler. Bu ýerde ýek-tük demir ýol işgäri diýäýmeseň, iňlär siňek ýokdy. Bu ýerde birnäçe aýlap işleýär. Onuň hakykaty talap edişini, aýlyk-günlük meselesini gowulandyrmak hakdaky gürrüňlerimi tapba ýatyraýmak welin, hojaýynlara başartmaýardy. Emma Ýagman hem-de Belek stansiýalarynyň arasynda ýerleşýän 6-njy razýezde işe iberilen kakamyň ýagdaýy hasam agyrlaşypdy. Onuň keseli agyrdy. Ýaramaz iş şertleri, her hili kemsitmeler ony halys basmarlapdy. Krasnowodskide däri-derman edilse-de, aýaga galyberenokdy. Şol sebäpli hem ony Kiýewe iberýärler. Emma indi hiç zat haýyr edip biljek däldi. Ol birnäçe wagtlap şu ýerde ýatmaly boldy. 1905-nji ýylyň güýzünde bolsa ol aradan çykdy. ...Men Krasnowodskidäki demir ýol uçilişesinde okan döwrüm demir ýol garawuly Samohwalowyň öýünde ýaşadym. Samohwalowyň dokuz baş maşgalasy bardy. Bütin maşgala bir kiçijik otagda ýaşaýardy. Olaryňam hemmesi ýerde ýatýardy. Biz uzak günümizi daşarda geçirýärdik. Howanyň maýyl günleri hezildi. Boş wagtlary balyk tutulýardy, deňziň kenaryna gezelenje çykylýardy. Emma aýazyň düşmegi bilen alada artýardy. Biz muny «harby» döwür diýip atlandyrýardyk. Bu döwürde biz şäher uçilişesiniň okuwçylary bilen garpyşýardyk. Olar kileň ownuk çinownikleriň çagalarydy. Üst-başy arassa, ulumsy oglanlar «demirýolçy» okuwçylara—bize göwnüýetmezçilik bilen seredýärdiler. Köp garpyşmalaryň esasy sebäbi hem şudy. Meniň ýaşaýan kiçijik kwartalymda demir ýol ýele-sary Palçikow ýaşaýardy. Ol özüniň işe ökdeligiб aýratynam wäşiligi bilen mende uly täsir galdyrypdy. 1905-nji ýyl. Bu krasnowodskili işçiler üçinem duýdansyz geçip gitmändi. “17-nji oktýabryň manifesti» yglan edilensoň, işçileriň gahar-gazaby ýetjek derejesine ýetipdi. Olar şäheriň bir çetinde ýerleşýän atyjylar batalonynyň kazarmasyna tarap süýşüp ugradylar. Olaryň arasynda biziň uçilişämiziň okuwçylary hem bardy. Ýolda işçi demonstrasiýasyna demirýolçy soldatlar hem goşuldylar. Maksat atyjy soldatlary hem rewolýusiýon wakalara çekmekdi. Emma kazarma ýetiliberende, ol ýerdäkiler eýýäm harby taýýarlykda durdular. Işçilere garşy ot açyldy. Yzanda-çuwan, uly goh turupdy. Netijede demonstrasiýaçylar dem salymda kowlupdy. Olaryň arasynda ýaralananlar hem bardy. Şol günüň ertesi şäherde tutha-tutluk başlanypdy. Demirýolçy işçilere baş bolup öňe çykanlaryň köpüsi türmä taşlanypdy. Bu ganly waka Nikolaý Paskuskiniň ömürlik ýadynda galypdy. Ol şol wakadan bäş ýyl geçensoň, çagalyk döwrüni ýatlap, şeýle setirleri ýazýar: «Kakam çala ýadyma düşýär. Onuň öz işine uly yhlas, çäksiz söýgi siňdirip zähmet çekendigi welin, meniň berk ýadymda galypdyr. Şeýle hem işden soň, kakamyň serhoş bolşuny gynanç bilen ýatlaýaryn. Bu zatlaryň hemmesini ejem gerdeninde çekmeli bolupdy. Men kakam ýogalandan soň, ejemiň ýagdaýyna düşünip ugradym. Ejem bizi eklejek bolup, gaty kän horluk çekdi. Ol gije-gündiz işleýärdi. Illeň geýim-gejimini ýuwardy, geýim tikýärdi, garaz boş duranokdy. Bizi kakamyň ýoldaşlary–demir ýol işçileri hem gözden salanokdy. Olar birek-birege kömek beriş kassasyndan bize-de eçilýärdiler. Kakam ýogalandan laýyk bir ýyl geçensoň, ejem Gazanjyk stansiýasyndaky demir ýol keselhanasyna işe ýerleşdi. Onuň başlangyç bilimi bardy. Ol işe biçak ukyplylygy bilen meni gaty geň galdyrýardy. Men onuň hiç haçan ýadadym-la, bir dem-dynç alaýaýyn-la diýen wagtyna gabat gelmändim. Ol bizi okatjak, bilim berjek bolup, diş-dyrnak bolýardy. Uly uýam orta bilim aldy. Men bolsa Krasnowodsk uçilişesini tamamlap, okuwymy dowam etdirmelidim. Meniň ejeme söýgim we hormatym çäksizdi. Ol meniň üçin durmuşdaky iň uly nusga alarlyk mähriban adamdy...» Nikolaý Antonowiç çagalyk ýyllarynda köp kynçylyklara duçar bolupdy. Ol Aşgabat demir ýol uçilişesini tamamlansoň, Andijan şäherinde we beýleki ýerlerde işlemeli bolupdy. 1914-nji ýyl. Nikolaý Paskuskiý Tejen şäherinde ýer ölçeýji bolup işleýärdi. Bu kiçijik şäher dogrusyny aýtsam, ilki-ilkiler ýürek gysdyryjydy. Agşamlaryna çinownikleriň biri-biriniňkä myhmançylygy diýäýmeseň, munda hiç hili hezillik ýokdy. Emma Nikolaý Paskuskiý ol çinownikleriň hiç biri bilen içgin gatnaşykda däldi. Ol bütin küýi-pikiri bilen işe berlipdi. Onuň öz işine höwesi uludy. Sahy tejen topragy plantatorlaryň ünsüni çekipdi. Olar pagta ekilýän ýerleriň barha giňeldilmeginiň tarapdarlarydy. Olar daýhan zähmetinden uly peýda görýärdiler. Daýhanlaryň gözýaşy olaryň nä piňine! Bu gözýaşlar olaryň gaznasynda altyn teňňe bolup şyňňyrdaýardy. Bu ýagdaý Nikolaý Antonowiçde gahar-gazap döredýärdi. Ol başardygyndan kapitalistleriň keýpine sogan dogramaga çalyşýardy, hemişe daýhanlaryň tarapyny çalýardy. Nikolaý Antonowiçiň Tejene işe iberilenine bir ýyl geçipdi. Tiz wagtdanam ony goşun gullugyna çagyrypdylar. 1917-nji ýylyň iýuny Nikolaý agyr kesele duçar bolýar. Riga gospitalynda ýatan Nikolaý Antonowiçi goşundan boşadýarlar. Ol haýal etmänem Tejene gaýdýar. Ony bu ýerde soldatlaryň we demirýolçularyň Sowetine saýlaýarlar. Şondan soň Sowetlerde işläp başlaýar: ilki çlen, soň ýoldaş başlyk, soňam onuň başlygy bolýar. Oktýabr rewolýusiýasy amala aşan günleri N. Paskuskiý Tejen Sowetine ýolbaşçylyk edýärdi. Şol günler Tejen Soweti öz mejlisinde dürli meselelere garaýardy. Şol mejlisleriň birnäçesiniň protokollary saklanyp galypdyr: Zakaspi Halk Komissarlar Sowetiniň başlygyna Tejen Sowetiniň telegrammasy 1918-nji ýylyň 21-nji marty. Şu aýyň 24-ne daýhan ilatynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda şäherde sowetiň ýygnagyny geçirmekçi. Gün tertibinde garaljak meseleler kän. Duşman elementleri ýygnagy başa bardyrmazlyga çalyşýarlar. Siziň ýygnaga gatnaşmagyňyzy zerur hasaplaýaryn. Paskuskiý. 1918-nji ýylyň 25-nji maýynda geçen Sowetiň başga bir ýygnagyna Sowetiň çlenleri Obrazsow, Balaýew, Kowalewskiý, Kaşirin, Kuraşow, Rott, Winter dagylar gatnaşýarlar. Oňa Paskuskiý ýolbaşçylyk edýär. Ýygnak irden 10 sagat 20 minutda öz işine başlaýar. Ýygnakda Çärjewden galla getirmek baradaky birinji meselä garalýar. Ýygnak bu mesele bilen baglanyşykly Sowetiň çleni Kowalewskini delegat saýlaýar. Şeýle hem mejlisde Mary otrýadynyň soldatlaryny gullukdan boşatmak, Sowetlere saýlawlar hakdaky meseleler bilen birlikde Eziz hana garşy aýgytly göreşi güýçlendirmek hakdaky meselä hem seredilýär. Ýygnakda Eziz hanyň eden-etdiliginiň soňuna çykmaly diýen karara gelinýär. Şonda Sowetiň çleni Dmitriýew çykyş edip, Eziz han bilen gepleşik geçirmegiň zerurdygy hakda teklip girizýär. Emma sowetiň çlenleriniň köpüsi onuň ýanyna delegat ibermezligiň tarapdary bolup çykyş edýärler. Ýygnak Eziz hanyň eden-etdiligini paş edýän guwänama taýýarlamagy karar edýär. Şeýle dokument taýýar edilenden soň, munuň üçin Halk Komissarlar Sowetine ýörite delegat ibermeli edilýär. Munuň üçin Paskuskiý biragyzdan saýlanýar, şeýle hem Dmitriýewiň haýyşy kanagatlandyrylyp, ony hem Paskuskiniň ýany bilen iberilmeli edilýär. • NIKOLAÝ PASKUSKIÝ ÖZI HAKDA ... 1918-nji ýylyň aprel-maý aýlary Sowetleriň V Türküstan gurultaýyna gatnaşmaly boldum. Bu meniň şeýle uly foruma ilkinji gezek gatnaşyşymdy. Gurultaýda dürli-dürli partiýa fraksiýalary hereket edýärdi. Bolşewikler fraksiýasynda meni hiç kim tanamaýardy. Çünki Tejende heniz kommunistik gurama döredilmändi. Şol sebäpli men komfraksiýa kabul edilmändim. Men gurultaýa partiýada däl hökmünde gatnaşmagy islemeýärdim. Şonuň üçin hem men çepçi eserleriň fraksiýasyna goşuldym. Daşkentden gaýdyp gelenimden soň men bu partiýa guramasy bilen hiç hili apagatnaşykda däldim. Bu 1918-nji ýylyň oktýabryna çenli dowam etdi. Şol aý Daşkentde Sowetleriň adatdan daşary VI gurultaýy geçirildi. Men bu gezegem çepçi eserleriň fraksiýaýsynda. Gurultaýda bu toparlanyşygy ýok etmek hakynda mesele gozgaldy. Ýöne men gurultaýlarda bu fraksiýanyň işine gatnaşsam-da, onuň hatarlarynda däldim. Çünki meniň bu guramada durýanlygym hakynda çlenlik biletim ýokdy. Has takygy, men bu döwürde hiç hili guramada duramokdym. 1918-nji ýylyň iýul günleri Aşgabada Tejen Sowetniň başlygy hökmünde Zakaspi Sownarkomyna doklad bilen gelipdim. Komissarlaryň aňtalýan ilkinji günlerinde men şäherde gizlenmäge ýetişipdim. Şol günüň ertesi hem keseki biriniň şahadatnamasy bilen otla münüp, Tejen tarapa haýdaýardym. Tejeniň eteginde bir ýerde tanyş daýhan meni gizledi. Meniň ýanymda Sowetlere degişli 10 sany tüpeň hem bardy. Awgustyň ahyrynda gyzyl esgerler Tejeni aklardan arassalapdylar. Men ýene-de Sowetleriň işi bilen gumradym. Oktýabrda, Sowetleriň VI gurultaýynyň işi bilen Daşkende gidip, wagtlaýynça Tejene dolanmadym. Çünki şol döwür gyzyl esgerler Kakadan Çärjewe çenli yza çekilipdiler. Sowetleriň VI gurultaýy delegatlaryň arasyndan Zakaspi frontunyň ştaby üçin syýasy-harby işgärleri saýlady. Onuň hatarlarynda men hem bardym. Noýabrda men ştabyň ýoldaş başlyklygyna bellendim... Zakaspi fronty Nikolaý Paskuskä iň gowy durmuş mekdebi boldy. N.Paskuskiniň söweş operasiýalaryna ýolbaşçylyk edişine W. W.Kuýbyşew uly baha beripdi. Bu ikisiniň ilkinji duşuşygy Gazanjyk töwereginde bolupdy. Kuýbyşew Türkkomissiýanyň başlygyna ýazan hatynda Zakaspi Rewwoýensowetiniň başlygy Nikolaý Antonowiç Paskuskiý hakynda şeýle sözleri ýazypdy: «Ýoldaş Paskuskiý... başarjaň, durnukly we erkli adam. Ol harby-operatiw we oba hojalyk işlerinden örän gowy baş çykarýar. Düşünjeli bu adam halkara syýasatynyň meseleleri bilen ýakyndan tanyş. Özüniň synmaz erki we adalatly hereketleri bilen gyzyl esgerleriň arasynda uly hormata we abraýa eýe boldy. Munuň netijesinde frontda ägirt uly işler amala aşyryldy...» A.N.Paskuskini 1920-nji ýylyň awgustynda Türküstan frontunyň hem-de Türküstan MIK-niň buýrugy bilen Fergana oblastynyň harby Sowetiniň başlyklygyna belleýärler. Ol bu ýerde şol ýylyň dekabryna çenli işläpdi, şondan soň ol Türküstan respublikasynyň ýer işleri halk komissarynyň orunbasary bolupdy. 1921-nji ýylyň sentýabry. Ol Sowetleriň Bütintürküstan gurultaýynda respublikanyň Halk Komissarlar Sowetiniň sostawyna, şeýle hem ol Türküstan Ykdysady Sowetiniň başlyklygyna we Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanýar. *** Nikolaý Antonowiç 1925-nji ýylda Türkmenistan respublika diýlip yglan edilende, Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasarlygyna hemem TSSR Gosplanynyň başlyklygyna bellenýär. Ol gijesini gündiz edip işleýärdi. Nikolaý Antonowiç dürli meseleleriň çözülmegine gatnaşýardy. Ol bu meseleleri halkyň bähbidinden ugur alyp çözýärdi. Şonuň üçin hem onuň at-abraýy halkyň içinde ýörgünlidi. Adamlar Nikolaý Antonowiçiň beren dostluk we ýoldaşlyk goldawyny hemişe duýýardy. Ol ýaş respublika üçin spesialistleriň zerurdygyna oňat düşünýärdi. Şonuň üçinem Nikolaý Antonowiç olaryň okap, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri babatda-da gaty köp işleri ýerine ýetiripdi. Muňa şaýatlyk edýän ine, ýene-de bir hat. Suw hojalygy uprawleniýesine. ýoldaş Aleksandr Fedorowiç Mora Men suw hojalyk uprawleniýesi tarapyndan Tejene işe iberilen ýoldaş Wažnenkony (ol size mälim A. I. Wažnenkonyň ogly) birnäçe gezek çagyrmaklyga synanyşdym. Çünki onuň okuwa girmegi üçin dokumentlerini öz wagtynda düzedişdirmegi zerurdyr. Bu meselede biziň ikimizem onuň kakasynyň öňünde söz beripdik. Şonuň üçinem ýaňky mesele bilen baglanyşykly, eger mümkin bolsa, heý bolmanda, bir günlük ony yzyna çagyrmagyňyzy gaty haýyş edýärin. Kommunistik salam bilen, Paskuskiý. 1926-njy ýylyň 4-nji iýuly. Ine-de onuň 1928-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýazan hatlarynyň biri. Ol Bütinsoýuz Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Orta Aziýa Býurosynyň sekretary Zelenskä ýüzlenilip ýazylypdyr. Paskuskiý oňa şeýle haýyş bilen ýüzlenýär: Hormatly Isaak Abramowiç! Orta Aziýa Merkezi arhiw işleri uprawleniýesiniň başlygy ýoldaş Iwanowa ozalky ýaralary azar berýär. Onuň saglyk ýagdaýy barha ýaramazlaşýar. Maňa mälim bolşy ýaly, oňa ýörite däri-derman edilmegi gerek. Ýoldaş Iwanowyň özi işçi adam. Onuň graždanlyk urşy ýyllarynda Fergana hem-de Zakaspi frontlarynda bitiren hyzmatlary uludyr. Ol Fergana frontunyň harby Sowetiniň başlygy, 1-nji armiýanyň ştabynyň komissary bolupdy. 1921-nji ýylda Jüneýit hana garşy söweşlere ýolbaşçylyk edipdi. Häzir ol Siziň kömegiňize mätäç. Siziň bu mesele birnäçe minut wagtyňyzy sarp edip, ýoldaş Iwanowyň öz saglygyny dikelder ýaly şert döretmegiňizi örän haýyş edýärin...” Nikolaý Antonowiç graždanlyk urşunyň gahrymanynyň saglygy hakynda çynlakaý aladalanypdy. Bu ýoldaşyň, dostuň, has takygy, rewolýusiýanyň ýeňmegi üçin öz saglygyny aýaman göreşen adam hakdaky aladady. Ol şol günüň özünde gürrüňi edilýän Iwanowa hat ýazýar: Hormatly Wladimir Iwanowiç! Hatyňyz gelip gowuşdy. Graždanlyk urşy döwrüne degişli materiýallary ýygnamakdaky işiňizde gazanan üstünlikleriňize tüýs ýürekden begenýärin. Bu babatda men Karpyç hem-de Filippow ýoldaşlara ýörite tabşyryk berdim. Siziň özüňiz bilen baglanyşykly mesele babatynda bolsa, men şu gün hut öz adymdan ýoldaş Zelenskä ýörite hat ýazyp, Size goldaw bermegini ondan haýyş etdim. Şonuň üçin hem Siziň onuň ýanyna haýal etmän barmagyňyz we ondan putýowka bilen üpjün etmegi haýyş etmegiňiz gerek. Kommunistik salam bilen, Paskuskiý. * * * Nikolaý Antonowiçiň her bir hatynda uly döwlet aladasyny, adam hakdaky aladasyny bada-bat duýmak bolýar. Bu hatlar, elbetde, hiç hili düşündirişe mätäç däl. Geliň, gowusy altmyş ýyldan gowrak mundan ozal ýazylan hatlara ser salalyň. Eýsem-de bolsa, ol hatlardaky her setiriň aňyrsynda adam ykbaly, uly döwlet we partiýa işgäriniň ýürek urgusy ýatyr. * * * Ýoldaş Karpyç! Zakaspide graždanlyk urşunyň taryhyna degişli faktlary anyklamak üçin ýol. Öwezbaýewiň ýatlamasyny hökmany suratda ulanmagy saňa tabşyrýan. Paskuskiý, 14.1.27 ý. * * * Atabaýew bilen Ibragimow ýoldaşlara Moskwada bolan döwrüňizde diňe maýa goýumlary hakda gyzyklanman, irrigasiýa meselelerine seredilişiniň hem aýgytly üýtgedilmegini gazanmagyňyzy haýyş edýärin. Eýsem-de bolsa, munuň üçin biziň örän köp wagtymyz gidýär, şeýle hem ol işlerimiziň ilerlemegine ep-esli bökdençlik döredýär. Paskuskiý, 22 noýabr, 1927 ý. * * * MIK-niň kabulhanasyna, ýol. AGAREWSKÄ «Iskranyň» 12-nji ýa-da 11-nji sanynda «Işçi bölümi» atly sözbaşy bilen personal pensionerka Pugaçýowanyň hiç hili sebäpsiz pensiýasynyň kemeldilendigi hakda habar çap edildi. Bu hakda tanşyp, şeýle edilmäge näme sebäp bolandygyny anyklap, men gelenimden soň habar beriň. Paskuskiý, 16. 1. 28 ý. * * * KARPYÇ Medeni rewolýusiýany we medeniýetliligi ynamdar goldamak ýeterlik däldir. Eýsem-de bolsa, medeni edarasynyň ählisiniň bu babatda partiýanyň kararlaryny amala aşyrmaklary üçin şert döredilmegini üpjün etmek örän zerurdyr. Her nähili gynançly bolsa-da, häzire bu güne çenli bu ugurdan edilýän işi örän ujypsyz hasaplaýaryn. Hatda biz munuň üçin agronomlaryň gurultaýyndan hem peýdalanyp bilmedik. Şonuň üçinem birneme tijenmegiňi, goýberilen wagtyň öwezini dolmagy haýyş edýärin! Paskuskiý, 17.1.28 ý. * * * MK-nyň agitasiýa we propaganda bölümine, ýol. Sähedowa. Gök we gyzyl galam bilen bellik edilen makalalaryň birinjisini—«Biziň planlarymyzyň gadamlary» täzeden işlemeli, ikinjisine hem anyk faktlar goşmaly. Ine, şeýle şert bilen olary peýdalanmaga men öz razylygymy berip bilerin. Paskuskiý, 17.1.28 ý. * * * ÝU. S. Meniň komandirowkada döwrüm, beýleki soýuz respublikalarynda kino hem-de radio meseleleri dogrusyndaky kararlar bilen gyzyklanyp, dolanyp gelenimden soň bu hakda maňa habar beriň. Paskuskiý, 17,1. 23 ý. *** ÝOL. KARLUSKÄ Wasiliý Abramowiç! Ýoldaş Nazarowyň arzasyny gyssagly anyklamak üçin Size iberýärin. Men ýoldaş Nazarowy Zakaspi frontundan bäri tanamak bilen, ol hakda mende şu çaka çenli gujur-gaýratly, arassa, gowy işgär, Watanyň bähbitlerini goramakda hemişe uly eserdeň adam hökmünde gowy ýatlamalar galypdyr. Paskuskiý. 30 ýanwar, 1928 ý. *** Leningrad, Krasnye Zori köçesi, 104-nji jaý, 23-nji kwartira, Geýwandowa Ýatlamalaryňy aldyk. Olardan peýdalanýas. Onuň ikinji bölümine hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. 1928-nji ýylyň 1-nji fewraly. *** 2. P. 1928 ý. Aşgabat ş. Hormatly Gleb Dmitriýewiç! ...Selhozsnab babatyndaky düşünişmezligi aradan aýyrmak hemem maşyn üpjünçiligi hakdaky tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, bu meseleleriň oňyn çözülmegi üçin Selhozbankyň prawleniýesiniň başlygy ýol. Komory hem-de Kredselsoýuzyň başlygy ýol. Saparowy Daşkende komandirowka iberýäris. Bu meselä örän talapkärlik bilen çemeleşmegiňi, şeýle hem bu meselä degişli adamlary çagyryp, maslahat geçirmegiňizi, biz barýançak ony belli-külli çözmegiňizi haýyş edýän. Biz Ibragimow, Sähetmyradow, Aýtakow, Kulyýew, Çary Wellekow, Krasnowskiý, Bubnowa hem-de men üçünji fewralda, poçta otlusy bilen ugraýarys. Kommunistik: salam bilen, Paskuskiý. *** Respublikamyzyň Merkezi döwlet arhiwinde Türkmenistan SSR-iniň «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeniniň uçýoty ýöredilen žurnal saklanylýar. Bu žurnal 1927-nji ýylyň 1-nji aprelinden ýöredilip başlanypdyr. Žurnalda bary-ýogy kyrk bir ýazgy bar. Birinji nomerli «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni görnükli sowet harby-syýasy hem-de döwlet işgäri, graždanlyk urşy döwründe Zakaspi rewwoýensowetiniň başlygy, Türkmenistan SSR-i yglan edilende respublikanyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary hem-de Gosplanyň başlyklygyna bellenen Nikolaý Antonowiç Paskuskä gowşurylypdy. Oňa respublikanyň bu ýokary hökümet sylagy Zakaspi frontunda içki kontrrewolýusion duşmanlara, iňlis imperiýalizmine garşy gaýduwsyz göreşendigi hem-de Türkmenistan respublikasyny döretmäge aktiw gatnaşandygy göz öňünde tutulyp berlipdi. «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni oňa 1927-nji ýylyň 26-njy martynda Sowetleriň II Bütintürkmenistan gurultaýynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 1928-nji ýylyň martynda Nikolaý Antonowiç Paskuskiý Türkmenistan Kommunistik (bolyşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretarlygyna saýlanýar. 1928-nji ýylyň maýynda TK (b) P MK-nyň sekretary N.A.Paskuskiý Moskwa işe çagyrylýar. Ol Aşgabatdan ugramazyndan birnäçe gün öň hem adamlar hakdaky aladasyny ýatdan çykarmaýar. *** 16 maý 28 ý. Aşgabat. Gadyrly Boris Grigorýewiç! 19-njy maýda, has giç galsa 20-nji ýa-da 21-nji maýda ugramagy göz öňünde tutýan. Ýanymda maşgalam bolany sebäpli Daşkentde saklanmazmykam öýdýän. ... Arosker, Nodel, Babeşko, Lezinow ýoldaşlar bilen wokzalda duşuşmak isleýändigimi duýduryň. Şeýle hem Orta Aziýa fizioterapiýa hem-de rentgenologiýa babatynda uly hyzmat bitiren merhum Slonimiň maşgalasy üçin näçe möçberde pensiýanyň bellenjekdigi hakda degişli ýoldaşlar bilen gürleşmegiňizi, onuň netijesini duşuşanymyzda habar bermegiňizi haýyş edýän. Kommunistik salam bilen, Paskuskiý. *** «16 maý. 28 ý.». Aşgabat. Gadyrly Boris Grigorýewiç! Maňa bagly däl ýagdaý sebäpli doktor Oşaniniň meselesini ýol. Galyperşteýne tabşyrdym. Şu sebäpli hem men seniň bu mesele bilen tanyşmagyňy, ony soňuna çenli äkitmegiňi haýyş edýärin. Kommunistik salam bilen, Paskuskiý. *** Hormatly ýol. Hrulýow! Hatyňyzy aldym. Siziň özüňize näbelet täze ýerde agyr ýagdaýa düşenligiňize gynanç bildirýän. Golaýrak ýerde bolanlygyňyzda size kömek etmek ýeňilräk bordy. Şu golaý iki günde merkeze — Moskwa işe gidýän. Işler şowuna bolsa, onda men size habar bererin we şo ýerde görşeris. Ýoldaşlyk salamy bilen, Paskuskiý 17. V. 28 ý. *** Magaryf halk kommisarlygyna, ýol. Kožuhowa. Aleksandr Iwanowiç! Siziň ýazan hatyňyzy aldym. ODR boýunça nämeler etmeli bolsa etdim. Ýol. Kagan bu hakda doly habarly. Biz oňa birnäçe iş (esasan hem Aşgabat şäheri boýunça) tabşyrdyk. Özüňize degişli mesele babatynda bolsa, men bu hakda Daşkentde ýoldaş Aronştam we Çary Wellekow bilen gepleşerin... Paskuskiý, 19.V.28. *** Ýoldaş Turlo! Şu iş bilen tanyşmagyňyzy hut siziň özüňizden haýyş edýärin. Ýoldaş Berdiýewany men TSSR-e gelelim bäri tanaýaryn. Işde we durmuşda özüni alyp barşy bilen ençeme sapar gyzyklanyp görüpdim. (Onuň maşgalasy bilen biz iki ýyllap bir jaýda ýaşadyk). Salykatly we zähmetsöýer işgär, türkmen diline suwara. Meniň pikirimçe, biziň oňa örän aýawly garamagymyz gerek, ony ýerlikli ulanmagymyz gerek. Sebäp diýende, bizde heniz türkmen aýal-gyzlaryň arasynda iş geçirýän adam gaty az, hatda ýogam diýen ýaly. Işiň netijesi barada ony Işçi-daýhan inspeksiýasyna çagyryp, habardar ediň. Paskuskiý, 20. V. 28. *** Sosializmiň işine jepakeş bu adamyň nähili gujur-gaýrat bilen işländigine güwä geçýän bir mysal getiresimiz gelýär. Ol TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Nikolaý Antonowiç Paskuskiniň bir iş gününiň raspisaniýesi: 1927-nji ýylyň 23-nji oktýabry Şol gün Paskuskiý respublikamyzyň ykdysadýetiniň dürli meseleleri boýunça ençeme jogapkär adamlary kabul edipdir. Karluskiý, Karpow, Hajy Atabaýew, Doýçenko, Dmitriýew Sähedow, Sewastýanow... Soňra ol Maliýe halk komissarlygyna, Merkezi statistik uprawleniýä baryp, işleriň gidişi bilen gyzyklanypdyr. Hukuk organlarynyň ýolbaşçylaryny kabul edipdir. Halk Komissarlar Sowetiniň mejlisini geçiripdir. Şondan soň oba hojalyk kooperasiýasy barada Zubkow, Inaýew, Saparow, Koriçýow, Komor, Sewastýanow dagy bilen maslahat edipdir. Garaz, irden başlanan iş göni gije sagat on ikide tamamlanypdyr. Şu uzak günüň dowamynda ol bary-ýogy bir sagatlyk dynç alypdyr. *** Ol Moskwada SSSR Gosplanynyň ilki prezidium çleni, alym-sekretarlygynyň başlygy, şeýle hem iş dolandyryş uprawleniýesine ýolbaşçylyk edýär. 1930-njy ýylyň ýanwaryndan 1931-nji ýylyň fewralyna çenli SSSR Gosplanynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär. Emma Nikolaý Antonowiçiň saglyk ýagdaýy barha ýaramazlaşýardy. 1931-nji ýylyň martynda ol SSSR Agyr senagaty halk komissarlygynyň Başenergiýa sistemasynda ilki prawleniýäniň çleni, zähmet we kadrlar uprawleniýesiniň naçalnigi bolup işleýär. Soň bolsa Başenergiýanyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenýär. Bu ýerde işlenen döwürde ol Leniniň egindeşi Gleb Križižanowskiý bilen dostlaşýar. Križižanowskiý işine yhlaslylygy üçin Nikolaý Antonowiçe sarpa goýýardy. Nikolaý Antonowiç 1932-nji ýylyň aprelinden ýene-de Orta Aziýada işläp başlaýar. Ol indi Orta Aziýa Ykdysady Sowetiniň başlygydy. Bu sowet ýapylanyndan soň bolsa ol ýene-de Moskwada, 1937-nji ýylyň 17-nji maýyndan ol SSSR ýer işleri halk komissarynyň birinji orunbasarydy. Şondan köp wagt geçmändi. Staliniň şahsyýet kultunyň pidasy boldy. 1938-nji ýylda bu gaýduwsyz bolşewik halk duşmany hökmünde atuwa höküm edildi. Ogly Ýewgeniý Nikolaýewiç Beýik Watançylyk urşunda edermenlik görkezdi. Ol Moskwanyň awtomobil-ýol institutyny tamamlapdy. Onuň proýekti esasynda gurlan uly köprüler, aerodromlar uly ähmiýete eýe boldy. Kommunist, inžener-polkownik Ýewgeniý Nikolaýewiç Paskuskiý 1963-nji ýylda bary-ýogy 44 ýaşynda agyr keselden ýogaldy. Häzir Nikolaý Antonowiç Paskuskiniň gyzy Larisa Moskwada ýaşaýar. Ol himiýa ylymlarynyň kandidaty. Onuň bagtly maşgalasy bar. Adamsy bolsa gämi gurluşygynyň inženeri bolup işleýär. Bu maşgala bilen dostluk gatnaşygyny saklaýan görnükli türkmen alymy Mämmetdurdy Annagurdow şeýle gürrüň berýär: — Maňa Paskuskini daşyndan synlamak ozal ençeme gezek miýesser edipdi. Men onuň gyzy Larisa bilen ilkinji ýola Moskwada, RSFSR-iň hem-de Moldawiýa SSR-iniň halk artistkasy Irma Petrowna Ýauzemiň öýünde tanyşdym. Bu kyrkynjy ýyllaryň ahyrlarydy. Men şol döwürde respublikanyň sungat işleri uprawleniýesine ýolbaşçylyk edýärdim. Irma Petrowna bilen bolsa tanyşlygymyz has öňräkdendi. Şonuň üçin men her gezek Moskwada bolanymda bu uly estrada aýdymçysynyňkyda myhmançylykda bolýardym. Ine, şol myhmançylyk döwründe-de her gezek Larisa bilen gürrüňdeş bolýardyk. Ol şol wagtlar Moskwa döwlet uniwersitetinde okaýardy. Men ony soňky gezek 1976-njy ýylyň 24-nji aprelinde Moskwada sungat işgärleriniň Merkezi öýünde gördüm. Şol gün ol ýerde Irma Petrowna Ýauzemiň ýagty ýadygärligini hormatlap, onuň dostlary, şahyrlar, kompozitorlar, onuň okuwçylary gelipdi. Şonda Larisa Nikolaýewna Paskuskaýa hem bardy. Ol şol duşuşykda maňa: «Bilýäňizmi näme, her gezek Türkmenistandan gelen adama gabat gelenimde, kakamyň mähriban keşbi göz öňümde janlanýar» diýdi. Kommunist Larisa Nikolaýewna Paskuskaýa 1964-nji ýylda biziň respublikamyzda myhmançylykda boldy. Ol respublikanyň 40 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşdy. Kakasynyň arzuwlarynyň näderejede hasyl bolandygyna şaýat boldy. Nikolaý Antonowiç Paskuskiniň röwşen obrazy biziň bilen ýaşamagyny dowam etdirýär. 1984–1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |