22:08 Nina Orazowa | |
NINA ALEKSANDROWNA
Zenan şahsyýetler
Nina Aleksandrona Orazowa täsin ykbally adam diýilýänlerdendi. Ýöne onuň özi bu hakda kelam agyz söz açmandy. Onuň köp wagtlardan bäri Aşgabatda ýaşaýandygyny, keselbentdigini bilsem-de, ýöne çepiksije, hortaňrak bu zenanyň ömür ýoly hakda köp zatlary bilemokdym. Nina Aleksandrowna her dürli gülleri ösdürip ýetişdirmegi halaýardy. Olaryň ýaşaýan giň howlusyna giren wagtyň, göwnüň göterilip, tomsuň jokrama yssysynyň ýadawlygy zym uçan ýaly bolýardy. Wraçlar oňa agyr iş etmezligi sargasalar-da, ol elini gowşuryp oturmagy halamaýardy. Bir görseň gülleriň düýbüni ýumşadyp ýörendir, bir görseňem hozdur alma, nar agaçlaryny suwaryp oturandyr. Onuň ömür ýoldaşy ýaşuly kommunist Öwez Nuryýewiç Orazow bolsa gyzykly gürrüň tapyp, seni göwün guşuna atarýandyr. Olar otuzynjy ýyllaryň başlarynda Aşgabatda tanyşypdyrlar. Ine, indi birwagtky gözel howly biraz çolarypdyr. Nina Aleksandrownanyň ýogalanyna indi iki ýyldan gowrak wagt geçipdir. Ol manyly ömür ýaşapdy... “2-nji oktýabrda Ýustisiýa hem-de Ýer işleri halk komissarlygynyň şefkomissiýasy Gökje we Gypjak obalaryna geldi. Şonda obanyň partiýa ýaçeýkasynyň ýygnaklaryna kommunistleriň hem aýallaryny çekmeklik teklip edildi. Poltorask okrugynyň suw hojalygy uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aşyrow bilen oba partiýa ýaçeýkasynyň sekretary Berdiýew bu teklibe ilkinji bolup seslendiler. Ine, ýaçeýkanyň ýygnagynda ilkinji gezek iki sany daýhan aýaly peýda boldy. Ejegül Aşyrowa bilen Baýramsoltan Berdiýewa obanyň içi bilen ýygnaga barýarlar. Şonda men we şefkomissiýasynyň beýleki çlenleri olaryň her ädimine gözegçilik etmeli bolduk. Öňden ýoldaş Aşyrow, yzyndan onuň aýaly, ol aýalyň birden yzyna öwrülip gitmezi ýaly, garawullap barýan şef komissiýasynyň çlenleri barýardylar. Ol aýalyň her sekuntda yzyna öwrülip gitmegi ähtimaldy. Çünki ol köçäň ugrunda ýerleşýän çatmalardan, gara öýlerden özüne gahar-gazap bilen seredýän gözleriň ýiti tygynyň astynda, başyny aşak salyp barýardy. Bize onuň ýol ugrunda birnäçe gezezek durup, düşündiriş geçirmek gerek boldy. Ahyrsoňy ol ellerini salgady-da, çalt-çat ädimler bilen öýe tarap gadam urdy. Ýygnakda Ejegül Aşyrowa biragyzdan prezidiuma saýlandy. Ýer-suw reformasy hakyndaky dokladdan soň, aýallar bölüminiň wekili bolan men bu iki aýaly partiýa ýygnagyna gatnaşýandyklary bilen gutladym. Indiki ýygnaklarda bu sanyň iki däl-de, has köp boljakdygyna ynam bildirdim. Meniň partiýa ýaçeýkasynyň her bir ýygnagyna ilki bilen kommunistleriň öz aýallaryny getirmekleri hakdaky teklibimi her kim birhili garşylady. Olar bu babatda öz pikirlerini aýdýardylar. Garaz, jedel uzaga çekdi. Çünki olar bu pursat asyrlarboýy özlerini horlap gelen çüýrük pikirler bilen gapma-garşy göreş alyp barýardylar. Ahyry-da bir netijä gelindi: gyzlaryny we uýalaryny, aýallaryny ýaçeýkanyň her gezekki ýygnagyna getirmegi partiýada durýanlary borçly etmeli. Şeýlelik bilen daýhan aýallary erkekler bilen deň hatarda jemgyýetçilik işlereine çekmek bilen aýallara bolan garaýşy üýtgederis, olaryň medeni derejesini ýokarlandyrarys, ony asyrlarboýy sosial ezlişden halas ederis hem-de ony Sowet häkimiýetiniň iň bir ýakyn ynamdar dostuna öwrülmegine hemaýat bereris”... Men muny Nina Aleksandrownanyň 1925-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda “Prawda Wostoka” gazeti üçin niýetlenen ýazgysyndan aldym. Eýsem-de bolsa, bu aýal kim? Onuň ömür ýoly niçiksi bolupdy?! 1922-nji ýylyň maýynda Pugaçýow şäherinden Türkmen oblastynyň merkezi şäheri Aşgabada komsomol putýowkasy bilen gelen Nina Gnusarýowa soň bütin ykbalyny bu güneşli ülke bilen baglady. Ol ilki okrug halk magaryf bölüminde mugallyma bolup işe başlady. Şondan bir ýyl geçensoň hem Türkmen oblastynyň prokurorynyň sekretary bolupdy. Ol Türkmenistan özbaşdak respublika öwrülenden soň Ýustisiýa halk komissarlygynda, respublikan prokuraturasynda işleýär. Nina Gnusarýowa bu ýerde bölüm müdiri, respublikanyň prokurynyň sekretary wezipelerinde uly hyjuw bilen zähmet çekipdi. Ol esasy işleriň daşyndan bolsa Gökje we Gypjak obalarynyň daýhan aýallarynyň arasynda iş geçirmek boýunça partiýa guramaçysydy. Ilki-ilkiler ol diňe aýallaryň arasynda iş alyp barýardy. Ýygnanyşyklara ýaşy bir çene baran aýallar gatnaşýardy. Bu gürrüňçilige ýaş gelinleri we gyzlary çekmek gaty çetindi. Şonuň üçinem ol ýaçeýka ýygnagynda aýal-gyzlary jemgyýetçilik işlerine çekmek baradaky dokladyndan soň, “Goşçy” soýuzynyň çlenleri bolan aýallar üçin obada likbez mekdebini açmak hakynda teklip girizipdi. Men Nina Aleksandrownanyň ýazgylaryny usullyk bilen birin- birin agdaryşdyrýaryn. Sahypalary saralyşyp giden ýazgylar köp-köp wakalardan söhbet açýar. Ine-de, meniň gözüm bir ýazgyda eglenýär: - “...Elbetde, işler indi şowuna. Biz her gezek oba baranymyzda oba daýhanlary biziň daşymyzy gallaýarlar. Özleriniň kösenýän zatlary dogrusynda aýdarlar. Düşünmeýän zatlary hakynda çekinmän soraýarlar. Şeýle-de biz pionerleriň we komsomollaryň arasynda-da iş alyp barýarys. Soňky iki sapar biz oba baranymzda öz ýanymyz bilen kino alyp bardyk. Oba aktiwistleri biz bärden barýançak, Gökje obasynda gowy taýýarlyk gören ekenler. Daýhanlar bir adam ýaly bolup, biz baranymyzdan derrew ýygnanyşdylar. Kinomehanik bolsa ekranda bolup geçýän zatlara türkmen dilinde düşündiriş berýärdi. Daýhanlar kino gutarandan soňam dagaşyp gidibermediler. Olar bizi topar-topar bolup myhman ýerimize çenli ugratdylar. Bu çarşenbe gününiň agşamsydy. Ertir irden oýanyp, myhman ýerimiz bilen hoşlaşdyk-da, mekdebe tarap ýöneldik. Biz bu ýerde oba ýaçeýkasynyň býurosynyň maslahatlaryny geçirdik, oba adamlary bilen söhbetdeş bolduk. Gypjakda daýhanlaryň meselesi bilen baglanyşykly işimizi bolduk hasap edenimizden soň, obadaky barly adamyň dükanyna girdik. Bu ýerde bize oba aristokratiýasynyň gazap bilen seredýändigini mese-mälim duýduk. Biziň aramyzda türkmen diline düşünýän ýok diýip çaklandyr-da, ol daýhanlary kino barmazlyga çagyrdy. Agşamarady. Obadaky bäş metjitdenem mollanyň namaz okaýan sesi eşidildi. Ine, şo wagtam ýanymyzdan uzak günläp aýrylman, bizi gallap duran oba pionerleriň we komsomollaryň ýüze golaýy “Beýik Lenin bizi bagta ýetirdi” diýen aýdymy hor bolup aýtmaga başladylar. Bu pursat, elbetde, örän tolgundyryjy boldy. Daýhanlar topar-topar bolup, bu adatdan daşary wakany synlamaga ýygnandylar. Oba adamlary bizi uly mähir bilen ýola saldylar. Wagt bolsa giçdi. Biz ýolda azaşyp, köp entemeli bolduk. Şähere sagat on ikilerde gelip girdik. Soňky gezek oba baranymyzda, kino görmäge höwes bildirip gelen aýal-gyzlaryň sany öňkä garanyňda on esse köpdi. 1926-nji ýylyň 22-nji ýanwary. Poltarask şäheri”. ...Nina Aleksandrowna soňra dürli ýerlerde işläpdi. Ol “Türkmenbirleşikde”, TSSR Sosial üpjünçilik halk komissarlygynda jogapkär wezipelerde işledi. 1941-nji ýylyň 22-nji iýuny. Şol günüň ertesi Nina bilen Öwez dynç alşa ýol şaýlaryny tutmalydylar. Emma... Ine-de, meniň öňümde kyrk ýylyň synagyndan geçen bir bölek kagyz ýatyr. Men ony bolşy-bolşy ýaly edip, okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi makul bildim: “Harby komissarlygyna! Germaniýanyň faşistik hökümdarlary bütin dünýäniň zähmetkeşleriniň Watany bolan Sowet Soýuzynyň üstüne çozdy. Sowet Soýuzynyň graždankalary bolan biz ýyrtyjy haýwana öwrülen faşistik hökümdarlarynyň bet pygyllaryna gaýtawul bermek bilen söweşýän doganlarymyzyň ýanyna – fronta ibermegiňizi soraýarys. TSSR Söwda halk komissarlygynyň söwdany guramak boýunça bölüminiň naçalnigi Orazowa. Halk komissarlygynyň inspektory Kiselenko. 1941-nji ýylyň 24-nji iýuny.” Olaryň arzalary kanagatlandyrylmandy. Tylda-da işlemäge adam gerekdi. Ol uruş ýyllary birnäçe wagtlap Söwda halk komissarlygynyň azyk kartoçka komissiýasyna hem ýolbaşçylyk etmeli bolupdy. Nina Aleksandrowna gijäniň, gündüziň parhyny bilmän işleýärdi. Agyr kesel bolsa ony barha basmarlaýardy. Bu kesel onuň wagtyndan has ir pensiýä gitmegine sebäp bolupdy. Nina Aleksandrownany tanaýan adamlar onuň süňksüz gowy adam bolandygyny, arassa ýaşandygyny, ýüz görmezek, hakykatyň dabaralanmagy üçin hiç hili güýç-gaýratyny gaýgyrman göreşendigini aýdaýarlar. Bu dogrudanam şeýledi! *** Ýaşy segsene ser uran gökjeli Ejegül Aşyrowanyň allanäme durmuşy bar. Ol bir gyzyň, bir ogluň ejesi, ençeme agtygyň enesi. Ejegül daýza öz obalarynda bolup geçen köp-köp wakalaryň şaýady. Ol Beýik Oktýabryň ilkinji şineleriniň hem, ilki gezek geçirilen ýer-suw paýlaşygynyň hem, ilkinji guralan kolhozyň hem şaýady. Men oňa rus zenany Nina Aleksandrownanyň Gökje obasynda gçiren ýygnagyny ýatladýaryn: - Dogrudyr, janym, dogrudyr – diýip, ol ýylgyrýardy. – Häzir ol aýal dirimi, ýaşap ýörmi? Men onuň ýogalandygyny aýdýaryn. - Ýatan ýeri ýagty bolsun, bendäň! Baý, jan çekendir-ä! Ol aýal-gyzlaryň hakyky hossarydy – diýip, Ejegül daýza birsalym dymyp oturýar. Hawa, ondan bäri gör, näçe ýyl geçipdir! Has takygy, altmyş ýyl töweregi wagt geçipdir. Emma ýürek ýatlamasy welin, häzirem ýaşamagyny dowam etdirýär. 1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |