12:18 Nýutonyñ pikiriçe kyýamat haçan gopmaly? | |
NÝUTONYÑ PIKIRIÇE KYÝAMAT HAÇAN GOPMALY?
Geň-taňsy wakalar
Ysraýylyñ döwlet kitaphanasy häzirki zaman fizikasynyñ atasy Isaak Nýutonyñ (1642-1727) teologik ýazgylaryny elektron görnüşe geçirdi. Meşhur alymyñ hut özi tarapyndan ýazylan 7.500 sahypalyk teologik ýazgylar elektron wariantda okamaga isleg bildirýän okyjylara elýeterli edildi we internetde paýlaşyldy. Nýutonyñ ýazgylarynda "Injile" berlen şerhler, teologiýanyñ we gadymy medeniýetleriñ taryhy, ýewreý ybadathanasy baradaky makalalar bar. Şeýle-de Nýutonyñ şertli sanlar bilen belgiländigine ynanylýan gizlin maglumaty ýüze çykarmaga synanyşmak bilen birlikde, hasaplamalarda oña ýardam eden çyzgylar we 2060-njy ýylda kyýamatyñ gopjagyny öñe sürýän pikiriniñ bolandygy aýdylýar. Nýutonyñ işlerine haýran galýan alymlaryñ aýtmagyna görä, meşhur alymyñ öñe süren bu pikiri sanly maglumatlardan has köp dini maglumatlara esaslanýar. Nýuton barada dokumental film döreden Malkolm Neaum alymyñ "Injildäki yşaratlary çözmek we kyýamatyñ wagtyny kesgitlemek üçin köp işler edendigini" aýdýar. "Nýuton Hudaýyñ äleme degişli hikmetleriniñ "Injilde" jemlenendigine ynanypdyr. Ol ahyrzamanyñ geljek gününi anyklamak üçin tutuş elli ýyllap ylmy barlaglary geçiripdir". Häzirki zaman fizika ylmynyñ we astronomiýanyñ atasy hasap edilýän Ser Isaak Nýuton 1704-nji ýylda ýazan bir hatynda matematik hasaplamalar arkaly "Dünýäniñ 2060-njy ýylda ýok bolup biljekdigini, emma ondan bärde şeýle ähtimallygyñ bolup geçme mümkinçiliginiñ ýokdugyny" ýazypdyr. Ýaşan döwründe birnäçe adamyñ esassyz maglumatlara daýanyp, kyýamat senelerini berýändigini, özüniñ şeýle adamlary halamaýandygyny hatynda ýañzydan Nýuton öz ýazgysynda şolar ýaly bolar-bolgusyz "öñden görüjilikli" patarrakylaryñ soñuna sogan ekmek üçin kyýamat teoriýasyny işläp düzendigini aýdýar. Mukaddes Rim-German imperiýasynyñ gurlan ýyly bolan 800-nji ýyldan 1.260 ýyl geçensoñ kyýamatyñ geljegini matematiki hasaplamalar arkaly öñe süren Nýuton hatynda "Dünýä 2060-njy ýyldan soñ ýok bolup biler, emma 2060-njy ýyldan öñ ýok bolma ähtimallygy ýok" diýýär. Şeýle-de alym hatynda "Köne Ähtdäki Daniel" kitabynda dünýäniñ soñunyñ Ýewropadaky Mukaddes Rim imperiýasynyñ gurlan (800-nji ýyl) wagtyndan 1.260 ýyl soñ geljekdigi barada ýörite durup geçendigini ýañzydýar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||