13:06 Oguz taryhy we dünýä rowaýatlary | |
OGUZ TARYHY WE DÜNÝÄ ROWAÝATLARY
Taryhy makalalar
Biz oguz taryhynyň başlanyşy bilen, ýunan hudaýlarynyň döreýşi, olaryň jümle-jahany we adamzady ýokdan bar edişi, Aý, Gün, ýyldyzlar, Asman we Asman jisimleri, umuman kosmosyň güýji, şeýle hem “Nuhuň tupany”, baradaky Bütindünýä rowaýatlarynyň arasynda birnäçe meňzeşliklere gabat geldik. Geliň, muňa bir ujundan seredip geçeliň. Gadymyýetide dürli halklaryň medeniýetini birekden birege geçirijilik roluny oýnan ýunanlar ýurdunyň rowaýatlaryna görä, başda älem-jahanda uç-gyraksyz baky tümlük – Haos höküm sürüpdir. Haosdan Ýer hudaýy Geýa emele gelipdir. Söýgi hudaýy Eros, tümlük hudaýy Ereb, garaňky gije Hýukta hem Haosdan emele gelipdir. Ereb bilen Nýuktadan Efir (ýagtylyk) we Gemer (gündiz) döräpdir. Kuwwatly Geýa Urany, Asmany ýaradypdyr. Uran Geýany, ýagny, Asman Zemini aýallyga alypdyr. Ol ikisinden alty ogul, alty sanam gyz bolupdyr. XVII asyr taryhçysy, Hywa hany Abylgazy Bahadur hanyň “Türkmenleriň nesil daragty” atly kitabynda görkezilmegine görä, türkmenleriň we türki halklaryň aglabasyň ata-babalary bolan oguzlaryň taryhy hem öz gözbaşyny uzaga çeken Haosdan, soň Biribaryň dünýäni ýaradyşy, perişdelerine palçykdan adam ýasamaklygy buýrup, ýer ýüzünde ýaşaýyşy berkarar edişinden alyp gaýdýar. Soňra “Nuhuň tupany” baradaky söhbet başlanýar. XIV asyr musul Man taryhçysy Fazlallah Reşideddin, XVI asyr türkmen taryhçysy Salyr Baba Gulaly ogly ýaly bilermenleriň “Oguznamalary” hem Nuh pygamberden başlanýar. Abylgazynyň ýazmagyna görä, Adam atadan Nuh pygambere çenli on arka bar: şiş – Berd – Yhnuh (Idris) – Mutawyşlyk – Leýmek – Nuh. Tupandan soň Nuh pygamber adam tohumy ýitmez ýaly, Ham, Sim, Ýafys atly üç oglunyň hersini ýeriň bir künjüne iberipdir. Kiçi ogly Ýafysa (Ýafet) zeminiň kutby-şemal tarapy, şindiki Türküstan ýurdy düşüpdir. Ýafys nesli dokuz arka aýlanandan soň Oguz döräpdir. Şerejäniň zynjyr düzümi şu şekilde: Ýafys – Türk – Tütek – Emleje – Dip – Bakuý – Gök han – Alynja – Tatar – Mogul atly ekizler, – Moguldan Gara han, Gara handan – Oguz. Oguzdan alty ogul önüp ösýär. Ine, hut şu ýerdenem oguz taryhy bilen Bütindünýä rowaýatlarynyň arasyndaky meňzeşlikler ýüze çykyp başlaýar. “Oguznamanyň” uýgur wariantynda meňzeşlik has hem golaýlaşýar. Ýagny, beýleki “Oguznamalarda” Oguz hanyň alty oglunyň altysam ýönekeý oguz gyzlaryndan bolan bolsa, bu wariantda edil ýunan rowaýatlarynda alty ogluň Asman bilen Zeminiň, ýagny Uran bilen Geýanyň nikasyndan bolşy kimin Oguz hanyň ogullarynyňam üçüsi şöhle bilen ýere inen asman perisinden, üçüsem zemin gözelinden bolýar. Ýöne, bu entek diňe san babatdaky meňzeşlik. Indi bolsa Oguz hanyň ogullarynyň we gadymy ýunan hudaýlarynyň atlaryndaky meňzeşliklere garap geçeliň. Uranyň bir ogly – Okean. Oguz hanyň bir oglunyň ady Deňiz. Uranyň ogly Gipperiondan we Teýadan Gün hudaýy Gelios, Aý hudaýy Selena döreýär. Oguz hanyňam bir oglunyň ady Gün, ýagny Gün han, ýene bir oglunyň ady Aý. Aý han. Uranyň başga bir oglunyň ady Astreýa. Bu ýunan dilinde Astron sözünden bolup, ýyldyz diýmekligi aňladýar. Şeýlelikde, o-da Oguz hanyň Ýyldyz, ýagny Ýyldyz han atly ogly bilen atdaşdyr. Indi bolsa Oguz hanyň ogullary bilen atdaş çykan dört sany ýunan hudaýynyň atasy Uranyň öz adynyň Asmany, ýagny, Gögi aňladýandygyny ýatlalyň we Oguz hanyň Gök han atly ogly bilen şeýle hem şejere boýunça dördünji arkadaky babasy Gök han bilen atdaşdygyny, üstesine-de oguzlaryň bir döwürde göge, asmana uýandyklaryny belläp geçeliň. Görşümiz ýaly, Oguz hanyň bäş ogly ýunan hudaýlary bilen atdaş bolup çykdy. Ýunan hudaýlarynyň içinde diňe Oguz hanyň, Dag han atly ogly bilen atdaşy ýok. Ýöne, bu ýagdaý megerem gürrüňi edilýän döwrüň has irkiligi, o döwürler entek daga gudrat hökmünde garal Mandygy bilen bagly bolsa gerek. Daga diňe miladydan ozalky birinji hem-de ikinji müňýyllyklaryň sepgidinde garalyp ugralandygyna otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby bolan Awestada gabat gelmek bolýar. Ol ýerde daglaryň gudrat bilen döremegine bagyşlanan ýörite ýaş-gimn hem bar. Şol ýerde Badhyz daglarynyňam ady agzalýar. “Oguzanamanyň” uýgur wariantynda Oguz hanyň asman perisinden bolan ogullarynyň atlary: Aý han, Gün han, Ýyldyz han. Zemin gözelinden bolan oglanlarynyň atlary: Dag han, Deňiz han, Gök han. Şu wariatda Gök han adynyň asmany, gögi däl-de, zeminiň üstünde bitýän gök oty, umuman ösümlik dünýäsini aňladýandygyny belläp geçmek gerek. Oguznamanyň uýgur wariantyndaky Mantyk hem, edil ýunan rowaýatlaryndaky ýalydyr. Ýagny, Asman – Aýdan, Günden, Ýyldyzlardan, Ýer – toprakdan, suwdan, otdan, ýagny ösümlikler dünýäsinden ybaratdyr. Ähli zat Asman bilen Zeminiň, Uran bilen Geýanyň gatnaşygyndan emele gelýär. Oguz hanyň ogullary bilen atdaşýan Hudaýlaryň atlary diňe bir hudaýlaryň döreýşi baradaky ýunan rowaýatlarynda däl, eýsem, Müsür, Semit, Assiriýa, Wawilon wersiýalarynda hem gabat gelýär. Bütindünýä gark alyş, ýagny, “Nuhuň tupany” barada aýdanymyzda-da ýagdaý şeýle. Eýsem bu meňzeşlikler nämäniň alamatyka? Munuň esasy sebäbi birinjiden-ä gadymyýetde köp zady ylmy suratda däl-de, rowaýatlar arkaly aňlan, dünýäniň döreýşine rowaýatlar arkaly akyl ýetirmäge çalşan adam ähliniň başda köküniň bir bolup, belli bir ýerde, belli-belli zatlar barada umumy düşünjeler döredip, soňam dürli sebäplere görä zeminiň dürli künjeklerine dargandyklary we baran ýerlerinde şol düşünjäni özleriçe, ýerli ýagdaýa, syýasy we yksydady şertlere görä täzeden işläp düzendikleri bilen baglydyr. Ikinjidenem, gadymyýetde dünýäniň döreýşi we hudaýlar baradaky rowaýatlar haýsydyr bir ýurtda döwlet gurluşynyň başlanmagy bilen bagly bolupdyr. Mysal üçin, miladydan öňki IV müňýyllygyň ortalarynda, entek Aşaky hem Ýokarky Müsür şalyklary emele gelmezinden öň, Geliopolyň žresleri jümle-jahany asman hudaýlarynyň ýaradandyklary baradaky öz pikirlerini orta atypdyrlar. Hatda iki şalyk emele gelenden soňam, şu barada olaryň hersi öz wersiýalaryny işläp düzüpdirler. Olaryň hersi öz hudaýlaryny älem-jahany ýaradyjy ýeke-täk, ähli hudaýlaryň atasy hökmünde, özlerini hem şol hudaýlaryň mirasdüşeri, adamzadyň başy hökmünde görkezmäge çalşypdyrlar. Iki şalyk birigip, bir döwlete öwrülenden soňam, jümle-jahanyň ýaradylyşy barada Müsüriň medeni merkezleri bolan Germopolyň, Geliopolyň, Memfisiň hersinde bir dürli pikir aýdylypdyr. Mysal üçin Geliopolyň žresleri dünýäni Gün hudaýy Ra ýaradypdyr diýer wersiýany işläp düzüpdirler. “Piramidalar tekstiniň” habar bermegine görä, Ra öz-özüni Nun atly Haosdan – ilkinji okeandan ýaradypdyr. Ra şondan soň özi üçin aýak basar ýaly “Ben-ben” atly depe döredipdir we şol adajykda durubam, beýleki eli bilen asman hudaýlaryny ýaradyp başlapdyr. Älem içre ýalňyz özi bolansoň, hudaýlaryň ilkinji jübütini – Şu (howa) we Tefnut (çyglyk) atly hudaýlary Ranyň özi dogurmaly bolupdyr. Şol jübütden Ýer hudaýy Geba, asman hudaýy Nun doglupdyr. Öz gezeklerinde olaram iki jübüt hudaýlary: Osirisi we Seti, şeýle hem Isidany we Neftidany dogrupdyrlar. Düzüjileriň ündewlerine görä, Ra asmandaky ähli hudaýlaryň we ýer ýüzündäki barça janly-jemendeleriň hökümdary bolupdyr. Görşümiz ýaly, Hudaýlar baradaky döwlet strukrutasy görnüşinde düzülen müsür rowaýatlary hem edil ýunan rowaýatlary hem-de oguz taryhynyň gözbaşy kimin şol bir asman, Gün, Okean, toprak, şeýle hem ilkinji Haos bilen baglanyşykly. Bu düşünjeleriň hemmesiniň aňyrsynda gadymyýetde bolup geçen güýçli tebigy hadysalar, weýran ediji suw joşgunlary, älem-jahany ýakyp-ýandyryp barýan güýçli ýangynlar, ölüm howply gurakçylyklar we beýleki tebigy hadysalar, şol hadysalaryň adam aňynda döreden gorkusy ýatandyr. Çünki, adamlar tebigatyň özlerinden kän güýçlidigine, özleriniň ondan ejizdigine, ähli babatlarda şoňa baglydyklaryna has ir göz ýetiripdirler. Has takygy kosmosyň güýjüni duýupdyrlar we oňa tagzym edipidrler, ondan haraý isläpdirler, birsyhly göz görkezip duran asman we zemin jisimlerini hudaý tutunypdyrlar, guran döwletlerini berkitmek üçin özlerinem, özlerine we nesillerine goýýan atlarynam, gelip çykyşlarynam asmana, asman jisimlerine, şeýle hem heýhat getiriji suwa, sile, gaýnag pürküji daglara golaý edip görkezmek isläpdirler. Öň her haýsy bir jandara ýa jisime uýup ýören bölek-bölek taýpalary, halkyýetleri bir döwlete birikdirmek, bir agyza bakdyrmak üçin umumy hudaýlary oýlap tapmak we olar barada dürli-dürli rowaýatlaryň täze-täze wersiýalaryny işläp düzmek zerurlygy ýüze çykypdyr we bu zatlar belli bir derejede döwlet möçberindäki syýasy ähmiýete eýe bolupdyr. Şonuň üçinem hatda özüni Hudaýyň ogly diýip yglan eden patyşalaram bolupdyr. Halk hem olara ynanypdyr. Çünki, o döwürler entek olar Hudaýyň ýeke-täkdigine akyl ýetirip bilmändirler. Hut şonuň üçinem, dagynyklyk adamzadyň başynda uzak wagtlap dowam edipdir. Käte bir hudaýlyga çagyrýan adamlar – resullar peýda bolupdyr. Emma rowaýatlara görä, halklaryň agyzlarynyň birleşmegini islemedik hökimdarlar halkyň isleggine-de, Hudaýyň birligine-de garşy gidipdirler. Hudaýyň resullaryny jezalandyrypdyrlar. Netijede ýer ýüzünde azgynçylyk köpelipdir. Resullar bolsa ýene-de peýda bolupdyrlar. Ýene-de Hudaýyň birligini ündäpdirler. Ahyrsoňy bolmandan soň Hudaý öz resullaryndan özge ähli adamlara gazap edipdir. Ýer ýüzüni suw alypdyr, Gün ýakypdyr, daglar lerzana gelipdir. Bu baradaky rowaýat müňlerçe ýyllap adamlaryň aňynda ýaşapdyr. Çünki, düýbi çynam bolsa, ýalanam bolsa, ol ynanjyň Mantyky Manysy uly bolupdyr. Ýagny, azgynçylyk etmeli däl, tebigatyň, Hudaýyň garşysyna gitmeli däl, onuň birligini inkär etmeli däl. Eger-de şu zatlary berjaý etmeseň, Asman, Zemin bilen ylalaşykly ýaşamasaň, Hudaý seni öz gazabyna duçar eder. Her niçik-de bolsa wagtyň geçmegi bilen jemgyýet özgeripdir, adamlaryň aňy ösürdir, öňki ynanç, ygtykat, din, belli-belli möwritleriň geçmegi bilen könelipdir, täze ygtykat zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu ýagdaý käte tebigy ýagdaýda ýüze çyksa käbir ýagdaýlarda ýene-de ýokary gatlagyň bähbitlerini aramak maksady bilen amala aşyrylypdyr. Bu işde olara iň ýakyn hem ähtibarly kömekçiler hökmünde ruhanylar çykyş edipdirler. Käte bolsa köne ygtykada uýýanlar bilen täze ygtykady girizmek isleýänleriň arasynda konflikt, güýçli çaknyşyklar ýüze çykypdyr. Mysal üçin, miladydan öňki 1347-nji ýylda, müsür faraony Amenhetep IV öz halkyny müň ýyl bäri sejde edip gelýän ygtykadyndan – Gün hudaýy Amon Radan ýüz öwrüp, Atonyň kultyny kabul etmäge mejbur edipdir. Ol dürli-dürli totamlara gulluk edip ýören taýpalary hem Atona uýmaga mejbur edipdir. Özüniň bu reformasyny syýasy bähbitleriniň biziň her esgerimiz elinde öz hudaýynyň suraty çekilen baýdagy göterip gidýardi, indi olaryň ählisi bir baýdagyň astynda ýörişe giderler” diýmäni gowy görer ekeni. Şeýle hem ol özüniň “Amon razy” diýen Manydaky “Amenhetep” adyny aýryp, “Aton üçin peýdaly” diýen Manyny berýän Ehnaton adyny alypdyr. Onuň golaý-goltumlary hem onuň bu göreldesine eýeripdirler. Haýsynyň ady Amonyň ady bilen bagly bolan bolsa, Atonyň adyna ýanap üýtgedipdir. Köne ýadygärliklerden hem Amonyň ady, şekili aýrylypdyr we Atonyňky bilen çalşyrylypdyr. Ehnaton hatda öz merkezi şäherini hem üýtgedipdir we oňa “Atonyň gözýetimi” diýen Manydaky “Ahet – Aton” diýen at beripdir. Mälim bolşy ýaly, Muhammet pygamber hem hersi bir hudaýa uýup ýören we agzalalyk zerarly pese düşen arap taýpalaryny bir ynanja uýduryp, ýurdy maddy taýdan galdyrmaklygy, adamlary ruhy taýdan arassalap, päklik ýolundan ýöretmekligi göz öňünde tutupdyr. Ýöne ol Ehnaton ýaly özünden öň dörän ygtykatlary ret etmändir, gaýtam olara daýanypdyr, ösdüripdir. Şonuň üçinem, ýalowaçlyk derejesine ýetipdir. Oguz hanyňam haýsydyr bir ygtykady we syýasy reforma geçirendigi Reşeddiniň “Oguznamasynda” göze kaklyşýar. Ýagny, ol dogluşy ýaly enesiniň düýşüne girip: “Biribara iman getirmeseň seni emjek däl” diýýär. Ýagny, entek dil bitmänkä, enesinden musulman bolmaklygy talap edýär. Bu meseläni ol soň öz hatynlarynyňam öňüne goýýar. Ahyram atasy bilen garpyşýar. Ýöne, Oguz hanyň öz öňünde goýan meselesi Muhammet aleýhysalamyň girizen musulmançylygy bilen bagly bolmaly däl. Çünki, soňky musulmançylyk dininiň dörän wagty Oguz han döwründen iň bolmanda iki müň, üç müň ýyl giç. Bu ýerde aýdyjylaryň, düzüjileriň soňky döwrüň syýasy we dini şertlerine görä, tekstiň mazmunyny düýpgöter başga tarapa alyp gaçandyklary görnüň dur. Oguz han megerem öz döwründe hersi bir zada uýup ýören dürli oguz taýpalaryny, Güne uýup ýören kaýylary, baýatlary, alkarewlileri, garaewlileri; Aýa uýup ýören ýazyrlary, dükerleri, dudurgalary, ýapyrlylary; Ýyldyza uýup ýören owşarlary, kazyklary, bekdilileri, garkynlary; Göge (Asmana) uýup ýören baýandyrlary, bejeneleri, çawuldyrlary, jebnileri; Daga uýup ýören salyrlary eýmürleri, bükdüzleri, ýiweleri, kynyklary bir ýere birleşdirip, harby taýdan güýçli oguzlar döwletini döreden bolsa gerek. Biziň pikirimizçe, Oguz hanyň reformasy döwründe oguzlaryň urany – “öküz” hem “gök böri” bilen çalşyrylýan bolmaly. Bu ýagdaý oguzlaryň gadymy mekanlaryndan çykyp, Mongol, Hytaý serhetlerine aralaşandyklaryny we ýerli şertlere görä, täze bir syýasy zerurlygyň ýüze üykandygy bilen bagly bolmagy mümkin. Çünki, gadymy Hytaýda hem Asmana uýupdyrlar. Çingiz han hem özüni “Asmanyň ogly” diýip atlandyrypýan eken. Bu oguzlaryň Hytaýa ýa mongollara eden täsirimi ýa olaryň oguzlara eden täsirimi, ony aýtmak kyn, ýöne, “böri” bilen baglanyşykly mesele welin köp babatda oguzlaryň täze goňşularynyň täsiri bilen baglanyşyklydyr. Oguz hanyň hem-de onuň ogullarynyň Asman we Zemin jisimleri arkaly hudaýlaşdyrylmagy hem edil ýunan, müsür döwletlerinde bolşy ýaly, täze döwlet gurluşygy bilen baglydyr. Ýöne, oguzlaryň Oguz handan kän uludygy, kosmiki güýçler baradaky ynanjyň, ygtykadyň oguzlaryň aňyna Oguz handan kän öň girendigini, olaryň Oguz handan öňem kosmiki güýçleri, Aýy, Güni, ýyldyzlary, umuman Asmany penalandyklary, ýer jisimlerini, käbir haýwanlary totam tutunandyklary gürrüňsizdir. Oguz hanyň esasy hyzmaty bolsa, olaryň ählisini bir bir ynanja birikdirendigi, şeýdibem bir bitewi döwlet döredenligi bilen baglydyr. Oguz han döwründe oguzlaryň Asmana – Göge uýandyklary, gök börini uran edinendikleri barada jedel bolup bilmez. Çünki, bu barada Oguz hanyň özi aýdyp dur. “...Men sizlerge kagan boldum, Mundan bu ýana buýan (eşret) bize tamga bolsun, Gök böri uran (nyşan) bolsun, Täki deňiz, täki muran (derýa) bolsun, Gün tug bolsun, gök kurikan (çadyr)” Oguz han bu ýerde gök asmany özüne pena, “gök börini” uran, Güni hem baýdak edinendigini nygtaýar. Ömrüniň ahyrlarynda bolsa ol ogullaryna ýüzleniň şeýle diýýär: ...Duşmanlarymy men ýyglatdym, Dostlarymy men Güldürdim, Gök taňryga gulluk etdim, Sizlerge men berýän ýurdum”. Gök taňrynyň gök asmandygyny düşündirip oturmagyň geregi ýokmuka diýýäs. * * * Indi oguz taryhynyň başlangyjy bilen badaşýan asman hudaýlary we hudaýlaşdyrylan asman hem-de zemin jisimleri baradaky Bütindünýä rowaýatlarynyň hersi ýeriň bir künjünde ýaşaýan halklaryň haýsy birinde öň dörändigi, haýsy toprakda emele gelendigi, kimiň-kimden täsirlenendigi barada pikir ýöretmäge çalşalyň. Onuň üçin bolsa öňi bilen, şol rowaýatlaryň gözbaşynda durýan we owal elbetde şol mifiki obrazlaryň döremegine sebäp bolan Bütindünýä gark alyş kataklizminiň – “Nuhuň tupanynyň” nirede we haçan dörändigini kesgitlemegimiz gerek. “Tupan” baradaky dürli halklaryň arasynda aýdylýan ähli gürrüňleri bir ýere ýygnap ýörite iş ýazan iňlis alymy Jeýms Frezeriň gelen netijesine, görä, ýer ýüzi boýunça umumy gark alyş hiç haçanam bolmandyr. Onuň pikiriçe tupan dürli sebäplere görä – ýer titremesi, suwlarynyň galmagy, güýçli harasat gopup uzak wagtlap ýagyş ýagmagy, sil joşgunlary we şuňa meňzeş hadysalaryň netijesinde ýer ýüzüniň her ýerinde bir hiliräk , bölekleýinräk, dürli-dürli döwürderäk bolup geçipdir. “Tupan” barada halklaryň hersinde bir hiliräk rowaýatyň aýdylýandygyny hem ol şonuň bilen düşündirýär. Munuň şeýle bolmagy mümkin, ýöne her niçik hem bolsa tebigatyň, Hudaýyň garşysyna giden gadymky garyndaşlarynyň äpet bir umumyadamzat heläkçiligine uçrandyklary baradaky rowaýat, düşünje henize bu güne çenli ynsan balasynyň serinden nämüçindir çykyb-a gitmändir. Şonuň üçinem, Jeýms Frezeriň ýokarky pikirine has soňraky döwrüň netijeleri hökmünde garamak we umumyadamzat tragediýasy haçanam bolsa bir wagt, barybir bolandyr, ýöne gaty irki eýýämlarda bolandyr diýip çaklamak mümkin. Muny bir gijäniň içinde ýok bolup giden we ine indi nijembir müňýyllyklar bäri ýeriň dürli künjeklerinden, hatda Demirgazyk buzly okeanyň içindenem gözlenip ýörlen gadymy şäher – “Atlantidanyň” mysalynda-da, Gün hudaýy Geliosyň ogly Faetonyň emelsiz halyna Güne erk etjek bolup ony öz ýolundan sowşy, şeýdibem jümle-jahany oda, ýalyna berşi baradaky rowaýatlaryň mysalynda hem görmek bolýar. Käbir alymlaryň, bilermenleriň çaklamasyna görä bolsa, kä halatlarda hakykatdanam jümle-jahany gurşap alan tümlük – Haos bilen bagly bolan umumyadamzat tragediýasy bir gezegem däl-de, telim gezek, her gezeginde-de her hiliräk görnüşde bolup geçipdir. Ýöne, adamzat şonuň diňe iň soňkusyny, “Nuhuň tupanyny” bilýärmişin. Ondan öňkülerini ýadyndan çykaranmyşyn. Tebigatyň gudratyny, Hudaýyň hökmürowanlygyny, zemin üzre ýaşap ýören ähli janly-jandarlaryň, şol sanda ösümlik dünýäsiniňem erk-ygtyýarlarynyň kosmiki güýçlerie baglydygyny nazara alanymyzda şol aýdylýanlara ynanmazlyk mümkinem däl. Ýöne, bizem öz mümkinçiligimiziň çägine hem-de şu bölümiň başynda söz berşimize görä, iň bolmanda şol heläkçiligiň iň soňkusynyň – “Nuhuň tupanynyň” haçan, esasanam nirede bolup geçendigi baradaky pikirlere garap geçeliň. Miladydanbirnäçe müň ýyl ozal, semitler, arap çölüstanlyklaryndan çykyp, Ýewfrat derýasynyň mes toprakly jülgelerine süsňäp girenlerinde, ol berdäki ösen, gadymy şumer medeniýetiniň şaýady bolupdyrlar. Şumerleriň özleri bolsa, ol wagt eýýäm halk hökmünde ýer ýüzünden ýok bolup giden ekenler. Taryhçylaryň tassyklamalaryna görä, “Nuhuň tupany” baradaky rowaýaty semitlerem ana, şol gadymy halkyň – şumerleriň galdyryp giden medeni miraslaryndan öwrenipdirler we şondan soň ähli ugurlar boýunça-da şumer medeniýetine daýanyp ösüpdirler. “Tupan” baradaky rowaýaty soň-soňlar Müsür we Ýunan ýurtlaryna, Assiriýa, Wawilon döwletlerine hem hut şolar ýaýradypdyrlar. Oguz taryhynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän kosmiki güýjüň hökmürowanlygyny tassyk edýän, soň Töwrada, Injile, Gurhana girip giden Aý, Gün, ýyldyzlar, ýer, suw, asman, dag, derýa, ilkinji Haos, umuman jümle-jahanyň ýaradylyşy, Hudaýlaryň döreýşi baradaky düşünjeler, rowaýatlar hem şol halklara semitleriň üsti bilen şumerlerden, has takygy şumerleriň galdyryp giden medeni miraslaryndan geçipdir. Dünýädäki iň irki siwilizasiýanyň düýbüni tutujylaryň biri hasap edilýän şumerler bolsa, miladydanöňki IV müňýyllykda Änew töwereklerinden örňäp Mesopotamiýa giden sümerlerdir. Ýöne, professor N.Gulla olary bizip eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň ahyrynda, III müňýyllygyň başlarynda Öküz derýasynyň, ýagny, häzirki Tejen derýasynyň boýunda ýerleşen Göksüýriden gidendirler öýdýär. Eger-de sümerler hakykatdanam Änewden däl-de, Göksüýriden giden bolsalar, onda olar oguzlar bilen bir derýanyň suwuny içen halk bolup çykýarlar. Emma welin Änewden giden bolaýanlarynda-da, barybir oguzlar watandaş, garyndaş. Ýene bir bellemeli zat – o-da Mesopotamiýa baran sümerleriň arasynda hem edil oguzlaryň Türkmenistanyň häzirki çäginde, hususan-da Öküz derýasynyň boýunda oturan döwürleri bolşy ýaly, öküziň gudratly saýylanlygydyr. Öküze gudrat hökmünde garamak, Mesopotamiýada sümerlerden soň ýaşan hetlerde hem dowam edipdir. Medeni babatda semitleriň üsti bilen sümerlerden täsirlenen döwletleriň biri hasap edilýän Müsürde hem öküz mukaddes saýylypdyr. Olar öküze önüm öndürýän güýç çeşmesi, hasyllylygyň simwoly hökmünde garapdyrlar. Hususan-da olarda öküze Gün Hudaýy Ranyň obrazy hökmünde garalypdyr. Öküziň kulty soňabaka ýerdäki “hudaýlaryň” – patyşalaryň kulty bilen garyşyp gidipdir. Mysal üçin, Memfisde ýerli “hudaý” Ptahyň jany Alis atly öküz hasap edilipdir. Umuman alanyňda sümerler – şumerler bilen oguzlary – öküzleri – turlary golaýlaşdyrýan faktlar sanap çykardan kän. Ýöne, bizi esasy gyzyklandyrýan zat, göz ýetýän ýerdäki Bütindünýä siwilizasiýasynyň düýbüni tutujylar bolan sümerleriň iňňän irki döwürlerde oguzlar bilen watandaş bolup çykmaklary, “tupan” baradaky Bütindünýä rowaýatlarynyň gözbaşynyň sümerleriň üsti bilen gelip-gelip Türkmenistanyň häzirki çäklerine direlmegi, şeýle hem şol iki halkyň ynanç ygtykatlarynyň, medeniýetleriniň, sungatlarynyň biri-biriniňki bilen berk badaşmaklary. Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem ullakan “Tupanyň” gopandygy baradaky maglumat “Awestada” hem duş gelýär. Ikinjidenem, ummasyz Garagum birmahallar uly bir okeanyň düýbi bolupdyr diýen gürrüňi biz häli-şindi eşidýäris. Şoňa ynanýarysam. Suw kimin akyp duran ürgün çägäni goşawujymyza alyp, syňraklarymyzdan syrykdyryp durşumyza tutuş Garagumyň üstüni örtüp ýatan göm-gök suwy göz öňümize getirjek bolup dyrjaşýarys. Hazar deňziniň häli-şindi kenaryndan kä daşyp, kä yzyna çekilip durşuny bolsa gözümiz bilen görýäris. Geolog alymlaryň tassyklamalaryna görä, häzirki Aral deňzi, Hazar deňzi, Gara deňiz, birmahallar häzirkileri ýaly aýry-aýry däl-de, tutuş Ponto-Aral-Ortaýer deňzini emele getirýän ekeni. Häzirki Bosfor bogazynyň ýerinde bolsa, Kiçi Aziýa bilen Ýewropany çäklendirip duran, ýüzlerçe fut belentlikdäki gury ýer zolagy – tebigy bent bolup, ol Gara deňziň öňüni saklaýan ekeni. Ponto-Aral hem Ortaýer deňziniň arasyndaky tebigy gaçynyň böwsülmegi bilen (Bosfor we Dardanel bogazlary) Ponto-Aral deňziniň suwy assa-ýuwaş çekilmäge başlapdyr. Bu zatlar elbetde, oýlanyp görmek üçin maglumat. Üstesine-de juda irki, geologiki termin bilen aýtsak, pleýstosen döwrüne, ýagny, mundan millionlarça ýyl ozalky zamanlara degişli maglumat. Ýöne, “tupanyň” bolup geçen döwrem bäri-bäri möhlet bolmaly däl. Şonuň üçinem, haçan bolup geçendigi belli bolmadyk birnäçe Bütindünýä kataklizmleri hakynda ýatlamalary aňynda saklabilen ynsan balasy. Ponto-Aral deňzi hakynda hem hakydasynda saklandyr diýip pikir edýäris. Çünki, adam aňynyň oýlanyş we hakydasynyň ýatda saklaýyş mümkinçiligi çäksiz. Galyberse-de, ol uly tebigy özgerişlikler birbada bolup geçen däldir. Ponto-Aral deňziniň suwy hem birbada tötänlikden emele geläýen däldir. Çekilende-de birbada çekilen däldir. Eýsem şol uly suwlaryň hereketi heýhatsyz boldumyka? Ýeriň ýüzüni gaplap alan “Nuhuň tupany” bilen, şu aýdylanlaryň arasynda ir-u-giç hiç hili arabaglanyşyk bolmadymyka? Belki-de, iň bolmanda “Awestadan” görnüşi ýaly, Orta Aziýada bolup geçen ägirt uly suw heläkçiligi bilen, Ponto-Aral suw süýşmeleriniň arasynda haýsydyr bir hakykat ýatandyr? Sümerleriň üsti bilen dürli halklara ýaýrap, soň Bütindünýä rowaýatlaryna öwrülip giden “tupan” belki şoldur?” Mümkin. Çünki, Orta Aziýada dörän umumyadamzat heläkçiligi barada maglumat berýän “Awestanyň” özeni bolan otparazçylyk (zooastrizm) dini hem özünden 26 müň ýyl ozal dowam edip gelen taglymatyň esasynda döräpdir. Juma HUDAÝGULY. "Watan" gazeti, 23.12.1997-05.02.1998 ý. | |
|