22:35 Ol ilkinjidi: Bäşim Gulbeşerow | |
OL ILKINJIDI
Taryhy şahslar
Geçeni ýatlamak, gelejege nazar aýlamak, biziň şu bagtyýar durmuşymyz üçin göreşen adamlary mähribanlyk bilen ýatlamak halkymyzyň iň oňat däpleriniň biridir. Bäşim Gulbeşerow hem şeýle adamlaryň biridi... • TAGAN DURDYÝEW, taryh ylymlarynyň doktory: -Bäşim Gulbeşerow ýigriminji ýyllaryň ahyrynda bolşewikleriň maksatlaryna, olaryň alyp barýan ýörelgelerine aýdyň düşünýän hem-de oňa bütinleý berlen türkmen milli intelligensiýasynyň öňde baryjy wekilidi. Şol ýyllarda Maryda oba ilaty ak gwardiýaçylaryň we daşary ýurtly basybalyjylaryň zorluk-sütemlerinden gorkup, guma tarap gaçyp gidipdiler. Bäşim Gulbeşerow hem Zakaspi frontynyň syýasy bölüminiň ýanynda döredilen musulman seksiýasynyň tabşyrmagy boýunça obasyny, mal-mülküni taşlap giden daýhanlary dolandyryp getirmek üçin az tagalla etmändi. Bäşim Gulbeşerow ýerli milletden ilkinjileriň biri bolup, 1920-nji ýylda Kommunistik partiýanyň hataryna girýär. Ol 1918-nji ýyldan başlap mugallymçylyk işini alyp barýar. 1920-nji ýylda bolsa Mary uezd halk magaryf bölüminde inspektor wezipesini ýerine ýetirýär. Ol şäher etegindäki obalarda ilkinji täze türkmen sowet mekdeplerini açmaklyga, mugallym taýýarlaýýan gysga möhletli kurslary guramaklyga işeňňir gatnaşýar. 1921-1922-nji ýyllarda Bäşim Gulbeşerow Togtamyş wolost ispolnitel komitetiniň başlygy bolup işleýär. 1922-nji ýylyň ortalarynda ony Mary uezd ispolnitel komitetiniň başlyklygyna belleýärler. Ol halk hojalygyny dikeltmek, obalarda Sowet häkimiýetiniň ýerli organlaryny döretmek, ýerlerde medeni gurluşygy ýaýbaňlandyrmak, daýhan hojalyklarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ýaly möhüm işlere ýolbaşçylyk edýär... Uly işleriň gözbaşynda Bäşim Gulbeşerow Türkmen oblastynyň ispolkomynyň başlygy hökmünde uly işleri alyp barýardy. Isle hojalyk, isle-de medeni mesele bolsun, parhy ýok, ol bu meseleleriň oňyn çözülmegine gös-göni gatnaşýardy. 1924-nji ýylyň ahyrlarynda oblastda Türkmenistan SSR-niň döredilmegine uly taýýarlyk görüp başlandy. Şol ýylyň oktýabrynda Bütinrussiýa Merkezi Ispolnitel Komitetiniň Prezidiumy rewkomyň sostawyny tassyklady. Rewkomuň başlyklygyna Nedirbaý Aýtakow, onuň orunbasarlary edilip Artyk Rahmanow, Nazarow bellenilipdi. Rewkomuň çlenleri hökmünde G.Atabaýew, N.Paskutskiý, H.Sähetmyradow, G.Kulyýew dagy bilen bilelikde Bäşim Gulbeşerow hem bardy. Şeýle hem Bäşim Gulbeşerow Sowetleriň Bütintürkmenistan gurultaýyny çagyrmak hakdaky býurosynyň hataryna-da girizilipdi. 1924-nji ýylyň 7-nji noýabr güni Poltaraskiý şäherinde “Türkmenskaýa iskra” gazetiniň birinji sany çap edildi. Gazetiň birinji sahypasynda Garry Kulyýew, Bäşim Gulbeşerow, G.Karpow dagy Türkmen obkomynyň we oblast ispolnitel komitetiniň adyndan oblastyň ähli zähmetkeşlerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Olar şu ýylyň 7-nji noýabryndan başlap türkmen dilinde çykýan “Türkmenistan” gazetiniň priloženiýasy hökmünde çykarylýan “Sowetskaýa Türkmeniýanyň” ýatyrylýandygyny, oňa derek täze bir gazetiň “Türkmenskaýa Iskra” ady bilen çykarylyp başlanýandygyny habar berdiler. Şeýle hem bu ýüzlenmede milli-döwlet bölünişigi hakda öz wagtynda habar berip durjakdygy, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmegi bilen zähmetkeşleriň öňünde durýan wezipeleri çözmeklige ýardam berjekdigi barada aýdylýardy. Türkmen ispolnitel komitetiniň başlygy hökmünde gazetiň işini ugrukdyrmakda, ony derwaýys harajatlar bilen üpjün etmekde Bäşim Gulbeşerowyň hyzmatyny ýatlaman geçmek bolmaz. 1924-nji ýylyň ýanwarynda Türkmen oblastynyň zähmetkeşleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolupdy. Poltarask şäherinde Daýhanlar öýüniň açylyş dabarasyna köp obalardan adam bary ýygnanypdy. Bäşim Gulbeşerow daýhanlary täze durmuşa çekmekde bu öýüň uly ähmiýetiniň boljakdygyna anyk göz ýetirýärdi. Ol bu ýere ýygy-ýygydan gelip, işleriň gidişi bilen tanyş bolýardy. Olaryň hal-ahwalyny soraşdyrýardy. Şeýle söhbetdeş gürrüňdeşlikleriň biri hem 1924-nji ýylyň noýabrynyň bir güni bolupdy. Onuň şol wagt Moskwadan ýap-ýaňyja gelşidi. Ol ürkmen milli býurosynyň çleni hökmünde Moskwa gidip gelipdi. Ol Moskwa täsirleri dogrusynda Daýhanlar öýünde söhbet edýärdi. Onuň daşyny gallap oturan adamlar Bäşim Gulbeşerowy uly höwes bilen diňleýärdiler. Ol sözüne azajyk dyngy berdi. Ýeňil üsgürindi. -Biziň hemmämizi Moskwada gaty gowy garşyladylar. Bütinrussiýa Merkezi Komitetiniň sessiýasy Türküstan Merkezi Ispolnitel Komitetiniň soňky sessiýasynyň milli-döwlet bölünişigi hakdaky ähli kararlaryny tassyklady. Merkezi Ispolnitel Komitetiniň ýuridik bölüminde respublikamyzyň täze Konstitusiýasynyň proýektine garaldy. Respublikany raýonlaşdyrmak hakyndaky teklibimizi SSSR Gosplany biragyzdan tassyklady – diýip, Bäşim Gulbeşerow gürrüň berýärdi. Şol gün Daýhanlar öýündäki adamlar Bäşim Gulbeşerowdan köp zatlary eşidipdiler. Şeýle hem olar öz çagalarynyň Moskwada okamaklary üçin Magaryf öýüniň açylýandygyny eşidip, gaty begenişdiler. Bäşim dagy Moskwa gidenlerinde, ilki bilen Merkezi Ispolnitel Komitetiniň sekretary Ýenukudzäniň ýanyna barypdylar. Çünki olar bir topar mesele bilen bilelikde, Magaryf öýüni açmak baradaky meseläni çözmelidiler. Türkmen delegasiýasyny gadyrly garşylap, olaryň haýyşyny bitirjekdigi barada söz berdi. Magaryf öýi üçin niýetlenýän jaý Moskwanyň eteginde ýerleşip, ol üç gatdan ybaratdy. Bu jaýyň ýerleşýän ýeri delegasiýa çlenleriniň göwnünden turupdy. Bäşim dagy baranlarynd bu ýerde remont işleri gutaraňkyrlap barýardy. Hawa, wagt diýeniň çalt geçýärdi. Bäşim Gulbeşerow gijesini gündiz edip işleýärdi. Oblast ispolnitel komitetiniň bölümlerinde işler gyzgalaňly barýardy. Şol günlerde “Türkmenskaýa iskra” gazeti öz ilkinji sanlarynyň birinde oblispolkomyň bölümleri üç günüň dowamynda 1313 sany adamy iş bilen kabul edendigi hakdaky kiçijik habary ýerleşdiripdi. Bu işleriň hemmesine Bäşim Gulbeşerow uly guramaçlyk bilen ýolbaşçylyk edýärdi. Ine-de garaşylan pursat hem gelip ýetipdi. 1925-nji ýylyň fewraly. Sowetleriň Bütintürkmenistan hem-de Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň I gurultaýlary öz işlerine başlapdy. Bu gurultaýlaryň işine Bütinsoýuz ýaşulysy Mihail Iwanowiç Kalinin gatnaşýardy. Türkmenistan SSR-niň Rewkomynyň merkezi administratiw bölüminiň naçalnigi Bäşim Gulbeşerowyň aladasy özüne ýetik. Ine-de, ol Nedirbaý Aýtakow, Saparja Amenekow bilen bilelikde Mihail Iwanowiç Kalinini Mary okrugyna tarap alyp barýar. Örän salyhatly, sowatly ýaş türkmen ýigidi Mihail Iwanowiç Kalininiň göwnünden turýar. Ol Kalinine öz halkynyň agyr geçmişi, däp-dessurlary, şu günki günüň üstünlikleri barada gürrüň berýär. Ine-de, Sowetleriň Bütintürkmenistan I gurultaýy öz işini tamamlamagyň öňysyrasynda. 1924-nji 24-nji fewralynda “Türkmenskaýa iskra “ gazetiniň birinji sahypasynda şeýle bilidiriş ýerleşdirilipdir: “Sowetleriň Bütintürkmenistan I gurultaýy öz işini tamamlandan soň, 25-nji fewralda, günde sagat 11-de TSSR Rewkomynyň administratiw bölüminde okrug ispolkomlarynyň administratiw bölümleriniň we okrug milisiýa naçalnikleriniň gatnaşmaklarynda ýygnak geçirilýär. Şu sebäpli bu ugurdan iş alyp barýan gurultaýyň delegatlarynyň administratiw bölüme gelmeklerini soraýarys.. TSSR Rewkomynyň merkezi administratiw bölüminiň naçalnigi Bäşim Gulbeşerow.” Şol mejlisde Gulbeşerow milisiýa we sud işgärlerniň wezipeleri dogrusynda gürrüň açypdy. Synpy ýatlara garşy rehimsizlik bilen göreş alnyp barylmalydygy hakda jikme-jik aýdypdy. Indi Bäşim Gulbeşerow TSSR içeri işler komissarydy. Emma ol bu wezipedde gysga wagtlaýyn işläpdi. Ol Moskwa, Milletler Sowetine işe çagyrylypdyr. Ol 1927-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we Merkezi Kontrol Komissiýasynyň bilelikdäki altynjy plenumuna gatnaşypdy. Bu plenumda biziň üstünliklerimiziň üstünden atanak çekip, halklaryň doganlyk dostlugyna töhmet atmaga synanyşýan, partiýamyzyň alyp barýan adalatly milli syýasatyna şübhelenýän käbir adamlara berk gaýtawul berildi. Şeýle hem olar SSSR MIK-niň Milletler Sowetiniň sekretary Bäşim Gulbeşerowyň adyna töhmet atýardylar. Şeýle adamlaryň biri-de M.Tumailowdy. Respublikanyň döwlet apparatynda jogapkär wezipäni eýelän bu adam töhmetçilikli çykyşlar guraýardy. Şol plenumda Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretarlary Ş.Ibragimow, H.Sähetmyradow, şeýle hem N.Aýtakow. G.Atabaýew, Ç.Wellekow, G.Kulyýew bilen bilelikde Bäşim Gulbeşerow hem çykyş edip, Tumailowyň töhmetçilikli syýasatyny paş edipdi. Ol şonda şeýle sözler bilen çykyş edipdi: -Tumailow Moskwadaky, Milletler Sowetiniň işi bilen gyzyklanyp, menden köp zatlary sorady. Ol şeýle hem Moskwada işleýän türkmenleriň arasynda ters wagyz ýöredip, olary öz yzyna eýermäge çagyrýardy. Ol meniň bilen gürrüňdeş bolan mahaly, milli mesele dogrusynda dokument taýýarlaýandygy, şonuň üçinem ol meniň gol çekmegimiň zerurdygyny aýtdy. Men oňa şonda biziň partiýamyzyň we hökümetimiziň milli mesele barada örän dogry syýasat alyp barýandygyny aýdyp, onuň bu bet pyglyndan el çekmegi oňa duýdurdym. Tumailow Milletler Sowetiniň işinden, hamana diýersiň, nägile adam bolup çykyş edýär. Men häzir soňky üç aýyň içinde Sowetiň geçiren käbir işleri dogrusynda aýdaýyn: şu döwrüň içinde Gyzyl Goşunda milli bölümleriň döredilişi hakda, Özbegistan we Türkmenistan respublikalarynyň Merkezi Ispolnitel Komitetleriň işlerine, Orta Aziýa respubliklarynyň çarwa raýonlarynda Sowetleriň alyp barýan işlerine jikme-jik baha berildi. Hawa, ýoldaşlar, Tumailow we onuň ýaranlary hiç haçan bizden goldaw tapmazlar. Muny men hemmämiziň adyndan Tumailowa duýdurasym gelýär. TAGAN DURDYÝEW, taryh ylymlarynyň doktory: -Bäşim Gulbeşerow bäş ýyllap SSSR MIK-niň Milletler Sowetiniň Prezidiumynyň sekretary bolup işledi. 1929-njy ýylyň ahyryndan tä 1932-nji ýyla çenli Bäşim Gulbeşerow Türkmenistan SSR-niň Moskwadaky hemişelik wekili, şondan soň – 1937-nji ýyla çenli hem RSFSR Ýokary Sowetinniň prezidiumynyň kadrlar bölüminiň naçalnigi bolup işleýär. Partiýa ony haýsy işe iberse, ol şol işe yhlas bilen, jany-teni bilen ýapyşýardy hem-de durmuşyň öňe sürýän wajyp we gaýragoýulmasyz wezipelerini aýgytly suratda goldaýardy. Olaryň oňyn çözülmegini gazanýardy. Moskwada işlän ýyllary onyň syýasy we umumybilim derejesini ýokarlandyrmak, örän giň möçberde döwlet häkimiýetini edara etmekligiň çylşyrymly tehnikasyny ele almak üçin ajaýyp mekdep bolup hyzmat edipdi. Ol özüniň alyp barýan uly guramaçylyk we terbiýeçilik işleriniň daşyndan hem metbugatda çykyş etmäge wagt tapýardy. Ol ylaýta-da “Prawda”, “Izwestiýa” gazetleriniň sahypalarynda sowet gurluşynyň we leninçilik milli syýasatynyň wajyp meseleleri barada, şonuň ýaly-da Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde Soýuz respublikalarynyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň pajarlap ösüşini häsiýetlendirýän ençeme makalalary ýazypdy. Moskwada işlän ýyllary onuň öýi mydama köp adamlydy. Türkmenistanddan baranlar onuň öýünde myhmançylykda bolýardylar. Ol gelenleri açyk göwünlilik we hoşamaýlyk bilen kabul edýärdi. Şol sebäpli B.Gulbeşerowyň öýünde ençeme adam okap hem bilim alypdy. Olaryň arasynda Gurbanmyrat Älemow, Gurban Babaýew, Şirli Kulyýew we başgalar bardy. Olar respublikamyzda dürli wezipelerde işlediler. Soňlama Ýazyjy Berdi Soltanniýazowyň “Sumbar akýar” romanynyň üçünji kitabyny okyjylar höwes bilen garşyladylar. Ýazyjy bu kitapda görnükli döwlet işgäri Bäşim Gulbeşerowyň hem obrazyny döredipdir. Bäşim Gulbeşerow kitabyň baş gahrymanlarynyň biri bolan Alymuhammedi iş bilen kabul edýär. Ol şol döwürde Türkmen oblast ispolkomynyň başlygy wezipesinde işleýärdi: “... Ol stolunyň çekerinden eýýäm gol çekilen taýýar kagyzy uzadyp: -Oturyň! – diýdi. Özi hem oturdy. Onýança ýene bir ýerden til kakyldy. Tilpun eline alnandan adynyň Bäşim Gulbeşerowdygyny aýtdy. Ol gepleşip bolandan soň, maňa: -Agam, siz hat-sowatly adam diýip aýtdylar. -Hawa, bir-iki ýyljyk ors mekdebinde okapdym. Sowadym bar- diýdim. -Okasaňyz gaty gowy-da. Biz sizi Garrygala rewkomynyň başlygy edip bellemegi karar edipdik – diýdi... Ýusup bu wagt daýysynyň sözüüni kesmejek boldy, geplemedi. Daýysy sözüni dowam etdi. -Ol “Meniň özümem basym Moskwa işe gidýän. Gerek bolsa, gelip, halyňyzy aýdyp durarsyňyz, indi hökümet öz pukaralaryňyzyňky boldy” – diýdi...” Türkmenistan SSR-niň ilkinji içeri işler halk komissary Bäşim Gulbeşerow soň ençeme ýyllap Moskwada işlemeli bolupdy. Ol tä ömrüniň ahyryna çenli Leniniň ideýalaryna wepaly gulluk edipdi. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |