18:31 Ölmez-ýitmez zehin: Mosart | |
ÖLMEZ-ÝITMEZ ZEHIN: MOSART
Edebi makalalar
• Ähli döwürleriň iň görnükli klassyky kompozitory Mosarty has ýakyndan tanamak isleýänlere... Baryp-ha 1756-njy ýylda doglan biri şular ýaly derejede nädip ölmez-ýitmez bolubildikä? Wolfang Amadeý Mosart sözüň doly manysynda ýüzlerçe ýyla ýan bermän gelen klassyky saz eserleri arkaly ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli uludan-kiçä hemmeleriň gulagynda azda-kände ýaňlanyp bilen beýik kompozitordyr. Geliň, juwan ýaşda aradan çykan kompozitoryň az salymlyk manyly ömrüni ýakyndan öwrenmek bilen birlikde, ölüminiň iki ýüz otuzynjy ýylynda Mosarty gaýtadan ýat edeliň... ■ Mosartyň ömri Awstriýaly kompozitor Mosart Zalsburgda dünýä indi. Dört ýaşanda kakasy ony pianino çalmagy öwredýän sapaklara gatnatdy. Ol eýýäm dört ýaşyndaka pianinoda käbir sazlary ýerine ýetirip bilýärdi. Bäş ýaşynda pianinoda adatdan daşary ukybynyň bardygyny görkezen Mosart saz döredip başlaýar. Ýedi ýaşamanka Wenada korol maşgalasynyň öňünde ilkinji konserti bilen çykyş edýär. Awstriýanyň imperatoryna kiçiçik pianinoçy şeýle bir ýiti täsir edýär welin, hökümdar oňa “pianinonyň kiçijik jadygöýi” diýip at dakýar. 1762-1766-njy ýyllarda kakasy bilen bile Germaniýa, Fransiýa, Belgiýa ýaly ýurtlara gastrola çykýar. Mosartyň kakasy uçursyz baý bolmasa-da, ogluny sazyň ösen ýurdy bolan Italiýa äkidermen bolupdyr. Mosart Italiýada garaşylyşyndanam gowy garşylanýar. Hemmeler ony diňlejek bolup janserek bolupdyr. 1782-nji ýylda öýelenen Mosartyň alty çagasy bolupdyr. Öýlenenden soň bäş ýylyň dowamynda iň gowy eserlerini ýazan kompozitor meşhur “Figaronyň öýlenişi”, “Don Žowanni” operalaryny hem şol ýyllarda ýazýar. Mosart 1791-nji ýylda aradan çykýar. ■ Mosarty kim öldürdi? Mosartyň ýaňy otuz bäş ýaşanda näsaglap, tarpa-taýyn aradan çykmagy ýüzlerçe ýyl bäri dürli-dürli wersiýadaky rowaýatlaryň aýdylyp gelinmegine sebäp boldy. Genial kompozitoryň zäherlenme netijesinde aradan çykandygy hususynda ähli sazşynas alymlar we taryhçylar bir çukura tüýkürselerem, ony kimiň zäherländigi anyk belli bolman galýar. Käbirleri muny Mosartyň zehinine görübilmezçilik eden başga bir kompozitor Antonio Salýeriniň edendigini aýtsa, käbirleri “Jadyly fleýta” operasynda käbir syrlaryny aýan edendigi üçin masonlaryň edendigine ynanýar. Häli-häzire çenli üsti açylman gelen bu syr boýunça Ernst Wilgelm Geýne tarapyndan ýazylan “Mosarty kim öldürdi? Haýdnyň kellesini kim kesdi?” atly bir kitap hem bar. ■ Mosartyň eserleri Mosartyň iň meşhur eserleriniň käbiri aşakdaky ýalydyr: 1). Operalaryndan: “Köşkden gyz gaçyrma” (“Die Entführung aus dem Serail”, 1782), “Figaronyň öýlenişi” (“Figaros Hochzeit”, 1786), “Kair gyzy”, “La Clemenza di Tito”, “Don Žowanni” (1787), “Jadyly fleýta (“Die Zauberflöte”, 1790). 2). Pianino konsertolaryndan: “No.15”, “No.17”, “No.18”, “No.19”, “No.20”, “No.21”, “No.22”, “No.23”, “No.24”, “No.25”, “No.26”, “No.27”. 3). Serenadalaryndan: “Gijäniň çaklaňja sazy” (“Eine Kleine Nachtmusik”, 1787), “Haffner serenadasy” (1776). 4)/ Sonatalaryndan: “La majör piyano sonata” (KV 331) meşhur türk marşy bilen (“Allaturca Marsh”) 5). Simfoniýalaryndan: “No. 31-Paris”, “No.35-Haffner”, “No.36-Linz”, “No.38-Prag”, “No.39”, “No.40”, “1788 No:41-Jüpiter”. ■ Mosartyň iň populýar albomy: “Mosartyň täsiri” Daşary ýurt çeşmelerinde “Mozart Effect’ ady bilen ýaýran we birnäçe ylmy neşirlerde subut edilen bir täsin ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýörite we tertipli aralykda Mosartyň saz eserleri diňledilen gundagdaky çagalaryň aňynda dowamly ösüş bolýan eken. Şonuň üçinem hünärmenler “Mozart Effect” ady bilen albom tapgyryny taýýarlaýarlar. Özem bu albomlar birmahallar daşary ýurda gidip-gelýän ene-atalar tarapyndan iň köp satyn alynýan albomlaryň başyny çekýärdi. ABŞ-nyň uly söwda marketlerinde hem duş gelýän bu СD-lerde çagalaryňam aňyna çalt siňip biljek melodiýalar, ýagny Mosartyň iň ýaş wagty döreden saz eserleri bar. ■ Mosarty gürrüň berýän çeper film: “Amadeý” Iň uly dramatiki waka: Mosart-Salýeri basdaşlygy. Aslynda bular ýaly zat hakykatdanam bolupdyrmy-bolmandyrmy - anyk bilýän ýok. Emma Mosart barada düşürilen birnäçe kinofilmiň arasynda iň şowlusy bolan “Amadeýiň” senariýasy bu çaklama esasynda ýazylan. Hatda psihologiýada hem “Salýeri kompleksi” diýip kesgitlemesi berlen bu düşünjäniň döreýşi agzalan kinofilm bilen baglanyşyklydyr. Mosartyň durmuşyny iň saldamly we iň özüne çekiji görnüşde senariýalaşdyran bu çeper filme tomaşa etmäge beren wagtyňyzan ökünmejekdigiňize häzirden kepil geçip bilerin. Kinofilmdäki juwan Mosartyň çagalygyna galan bigünä ruhy we şowsuz ykbaly ep-esli wagtlap gözüňiziň öňünden gitmese gerek. ■ Orkestri öwredýän teleserial: “Mozart In The Jungle” Mosartyň adynyň agzalmaýan saz eserleri ýok diýerlikdir. 2014-nji ýylda serial muşdaklaryny uçdantutma mawy ekranyň başyna baglap bilen teleserial ekrana çykdy. Gael Garsiýa Bernalyň ruhy taýdan näsag dirižýoryň keşbini janlandyrýan serialynda Mosart barada hiç zat ýok. Emma orkestr dünýäsinden we sazandalaryň gözünden baha bereniňde, iň kämil teleserialyň biri diýip boljak amerikan serialyna “Mozart in the Jungle" diýip at berilmegine geň galyp oturasy iş ýok. ■ Mosart barada ýazylan kitaplar “Maňa Mosart barada ýazylan haýsy kitaby okandygyňy aýt, men saňa onuň haýsy sazyny diňlemelidigiňi aýdaýyn.” Mosart barada nämedir bir zatlar okamakçy bolsaňyz, beýik kompozitora bagyşlanyp ýazylan kitaplaryň aňyrsyna çykyp bilmersiňiz. Men bolsa size olaryň arasyndan saýlap-seçip iki sanysyny okamagy maslahat bereýin. Biri – Antoni Burgesiň “Mosart we deýýuslar” kitaby, beýlekisi bolsa tanymal žurnalist Nadir Nadiniñ “Dostum Mosart” kitaby. Iki kitabam Mosart baradaky ähli gyzyklanmalaryñyza jogap berip biljek saldamly iş. Kompozitoryñ eserlerine berilen meşhur KV-leriñ nireden gelendiginem şu ady agzalan kitaplardan öwrenip bilersiñiz. ■ Mosartyñ saz eserlerini çalyp ady kitaplara düşen çaga Belkäm, “Battle Hymn Of The Tiger Mother” kitabyny okap görensiñiz. Bu kitabyñ mazmunyny hytaýly bir enäniñ ýer ýüzüne ýaýan ene-atalyk galyby düzýär. Amy Çua çagalaryny Karnegi Hallda saz çalyp bilsinler diýip dillere dessan bolan tertip-düzgünde terbiýeleýär. Kitabyñ jemlemesinde onuñ pianinoçy gyzy Mosartyñ döreden ajaýyp sazy bilen dünýä sahnasyna çykýar. Amy Çuanyñ kitaby ýazmagyna-da oña teklip edilen interwýular sebäp bolýar. Amy ene gelen teklipleriñ netijesinde çagalarynyñ saz sungatyna bagyşlanan durmuşyny boýdan-başa edýär. ■ Meşhur “Mosart” şokoladlary Eger Wenada bolup gören bolsaňyz, “Mosart” şokoladlaryny hem iýip görensiňiz. Daşary ýurtlara çykyp bilmeýän şu günlerimizde frişoplardan sowgat hökmünde alýan “Mosart” şokoladlaryny-da indi ýat bolandyr öýtmäň. “Mozartkugel” ady bilen tanalýan bu şokoladlary internet arkaly hem satyn alyp bilersiňiz. Günsu ÖZKARAR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |