ÖMRÜME SOLTAN ENE
Gel, ylham, şu gün dost bolaly ýene,
Men şu gün enemiň waspyny ýazjak.
Hanha, oguljygmy üwreýär enem,
Gidýär-gelýär ömür ýaly sallançak.
Bu howlukmaç geçýän ýyllaň her biri
Käbämiň ýüzünde goýupdyr gasyn.
Garramakdan gorajak-la men ony,
Emma men wagtdan gelýärin asgyn.
Wah, nätjek, deň däl-dä günleriň gelşi,
Käte girdabyna gark bolýan dowluň.
Şonda ilki enem sorar halymy,
“Düýşüme giripsiň, gurgunmyň, oglum?!”
Ynjytmajak bolup näzik ýüregin:
“Gowu-la!” diýerin.
Ynanmaz enem.
Elhepus, bu eneleriň ýüregni,
Deň urýar hemişe ýüregmiz bilen.
Şeýdip, hozanakdyr ugrumda enem,
Gelnimden öňürti sorap halymy.
A men köplenç gelnime jaň edýärin,
eneme däl.
(Heý, bagyşlar ýalymy?!)
Eneleň derdine ýaramak bagty
Bilmen, şu günmi ýa ertir gutarjak.
...Baryň, sizem eneňiziň ýanyna,
Menem şu gün enem bilen oturjak.
Agageldi ITALMAZOW.
--
Отправлено из Mail.Ru для Android
Goşgular