12:29 Oraz Täçnazarow | |
ORAZ TÄÇNAZAROW (1904-1937)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Terjimehalyndan: 1916-1919-njy ýyllar - O.Täçnazarow Tejen şäherindäki rus-ýerli mekdebinde, soňra Goňurdaky oba mekdebinde okaýar. 1919-1921-nji ýyllar - türkmen frontunyň birinji armiýasynyň garamagyndaky sowet partiýa mekdebinde okaýar. Köneürgençde ikinji türkmen otrýadyna syýasy ýolbaşçy bolýar. Hywa syýasy bölüminde jogapkär terjimeçi, soňra Porsuda (häzirki Boldumsaz etraby) ýerleşen Türkmenfrontunyň başlygynyň orunbasary. Aradan birnäçe aý geçensoň, O. Täçnazarowa türkmen atly diwizýasyny guramak hem-de onuň hataryna gelenleri okatmak tabşyrylýar. Soňra şol türkmen diwizýasynyň harby komissary edilip bellenilýär, şol wagtyň özünde hem birnäçe aýlap diwizýanyň komandiri wezipesini ýerine ýetirýär. 1921-1923-nji ýyllar - goşundan boşap, Tejen wolispolkomynyň ýer işler bölüminde terjimeçi hem-de syýasy aň-bilim bölüminiň ýolbaşçysy bolup işleýär. Poltoraskide (Aşgabatda) pedagogik kursda okanyndan soňra, Tejen Goşçy soýuzynyň başlygynyň orunbasary, soňra Krasno-Tekinsk (häzirki Aşgabat etraby) wolispolkomynyň başlygy edilip bellenilýär. Uýezd şäher sowetiniň agzalygyna, Türkmenistan oblast komitetiniň agzalygyna saýlanylýar. 1923-1926-njy ýyllar – şol wagtky komsomolyň Türkmenistan oblast komitetiniň sekretary bolup işleýär. Türküstan respublikasynyň Türkmen oblispolkolkomynyň agzalygyna, Türküstan kommunistik ýaşlar soýuzynyň merkezi komitetiniň agzalygyna saýlanýar. Leningradyň (Sankt-Peterburg) döwlet uniwersitetiniň garamagyndaky işçiler fakultetine (rabfaga) okuwa gidýär, şol wagtyň özünde-de tomus dynç alyş döwründe partiýanyň Türkmenistan obkomynyň instruktory, TK (b) Türkmen raýkomunyň (Aşgabat raýkomynyň) sekretary wezipelerinde işleýär. 1926-1929-njy ýyllar – Sankt-Peterburg (Leningrad) döwlet uniwersitetiniň rabfagyny üstünlikli tamamlanyndan soňra,partiýanyň Daşoguz okrug komitetiniň sekretary wezipesine bellenilýär. Sowetleriň ikinji gurultaýynda TSSR MIK-nyň agzalygyna saýlanylýar. 1929-1932-nji ýyllar – O Täçnazarow Moskwada Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okaýar. Türkmenistan ýazyjylarynyň respublikan guramaçylyk komiteti döredilýär. O. Täçnazarow onuň doganlyk respublikalar bilen edebi gatnaşyk etmek baradaky jemgyýetiň jogapkär wekili edilip saýlanylýar. 1932-1935-nji ýyllar – TKP MK-nyň medeni-propaganda bölüminiň müdiri. Türkmenistan ýazyjylarynyň guramaçylyk komitetinde işleýär. “Medeni ynkylap” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň jogapkär redaktory bolup işleýär. “Täze oba”, “Işçi-kolkozçy” žurnallaryny redaktirleýär. 1935-1937-nji ýyllar - "Şuralar Türkmenistany“ gazetiniň redaktory bolup işleýär. *** ХХ asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynda maňa Oraz Täçnazarowyň ýanýoldaşy Ýelizaweta Ýefimowna bilen söhbetdeş bolmak miýesser edipdi. Oraz Täçnazarow bilen bagly köp wakalaryň janly şaýady bolan Ýelizaweta Ýefimownanyň gürrüňlerinden türkmen edebiýatynyň sakasynda durmak miýesser bolan adamyň terjimehalynyň ak tegmillerine ser salsa bolýar. Ýatlamadan: - Oraz Täçnazarow ikimiz 1930-njy ýylyň 10-njy iýunynda tanyşdyk. Şundan dört gün geçenden soň, ol bize geldi. Şol ýylyň 30-njy iýunynda meniň on ýedi ýaşym doldy. Ol meniň doglan günüme geldi. Maňa atyr getirip berdi. Erkek kişiden ilkinji sapar atyr alyp görşümdi. 8-nji mart günleri kakam bize – gyzlaryna kiçijik atyrlary sowgat bererdi. Ýöne doglan günüme erkek adamdan ilkinji sowgat alşymdy. Doglan günüme onuň dosty hem geldi, atdaşy Oraz Täçmämmedow( ussat sazanda Täçmämmet Suhangulyýewiň ogly-- A.Ç.)Moskwada okaýardy. Oraz birdenem Aşgabada gidermen boldy. Ýola şaýlanmanka Oraz maňa şeýle diýdi: «Liza, «Batrak» poemasynyň döremegine seniňem goşandyň bardyr. Uzak wagtlap gyzyň keşbini açyp bilmedim. Seni gören badyma gahrymanym aýdyňlaşdy. Poema senem goşandyryn». Şeýdip poemasyny tabşyrmaga gitdi. Şol ýerden hatam ýazardy. Hatyň birisem saklanmandyr. Tussag edilmänkä bardy, tussag edensoňlar barysyny aldylar. Ähli zat ýitirim boldy. Şol ýazan hatlarynda Oraz: «Poemama juda ýowuz daradylar. Merkezi Komitete çenli barmaly boldy. Diňe Merkezi Komitet ony kitap edip çykarmaga 1931-nji ýylda rugsat berdi“ «Batrak» ikinji sapar türkmen dilinde diňe 1960-njy ýylda neşir edildi.1931-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Oraz ikimiz toý tutduk. Toýumyza Çary Wellekow aýaly Galýa bilen geldi. Ol şol wagt Merkezi Komitetiň sekretarydy. Toýumyzda Sähetmyradowam boldy. Ol bir söý bilen Moskwa düşüpdi. Maýyň başlarynda Orazy Türkmenistana iberdiler. Ony folklor ýygnamak üçin Lunaçarskiý ýollaýardy. Lunaçarskini men ömrüme 2-3 ýola görüpdim. 1931-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabada geldik. Öňi bilen Daşkentde düşläpdik. Şo ýerde-de meni bir topar adam bilen tanyş etdiler. Aşgabatda açlykdy. Soň Täçnazarow kimdir birinden goýun satyn aldy. Jylkasyny bir aýry, süňküni bir aýry edip gowurdyk. Dogrusy, gowurma dadyma ýetişäýdi. Men toýludym. Çaga-da iýmit talap edýärdi. Bir günem Orazyň kakasy Täçnazar aga geldi. Görmegeý gojady. Hemme taraplaýyn tertiplidi. Dolmaçdan dykyz pyýadady. Boýy ortadan ýokarydy. Orazyň özi orta boýludy. Orazyň boýy 170 santimetrdi. 1931-nji ýylda Moskwa gitdik. 16-njy oktýabrda oglumyz boldy. Orazy Aşgabada Merkezi Komitetiň medeni-propaganda bölüminiň müdiri edip iberdiler. Ýaşar ýaly ýer ýokdy. Şonda Weselkow öz öýüni bize berdi. Diňe 1932-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nekrasow köçesiniň 42-nji jaýyna göçdük. 1936-njy ýylda bolsa K. Marks köçesine göçdük. Oraz şol döwürde «Baýramaly» poemasyny ýazýardy. Onuň birinji bölümi türkmen dilinde neşir edilipdi. Ikinji bölümini ol gutaryp bilmedi öýdýän. Oraz tankydy makalalary-da köp ýazýardy. Ol Türkmenistanda ilkinji edebiýat tankytçysydy. TSSR Ýazyjylar soýuzy açylanda Orazam onuň baştutany boldy. Soýuz Engels hem-de Gogol köçesiniň burçunda ýerleşýärdi. Onuň her tarapynda iki heýkel bardy... *** Otuzynjy ýyllaryň başlarynda «Туркменоведение», „Medeni ynkylap“ žurnallarynda şo döwrüň syýasatyna laýyk ýazylan makalalar tapgyry yzygider çap edilip ugrapdyr. O.Täçnazarowyň «Duşmanyň ýüzi“ ady bilen A.Gulmuhammedow, Wepaýew, B.Kerbabaýew, G.Burunow ýaly şahyrlaryň döredijiligine synpy nazarýet bilen ýiti ser salnyp ýazylan makalalary «Туркменоведение» žurnalynyň 1931-nji ýylyň 8-9-10-11 sanlarynda, «Ýaşlaryň ýoly», «Öwrümde» atly tankydy makalalary "Medeni ynkylap“ žurnalynyň 1932-nji ýylyň 2–3-nji sanlarynda çap edilipdir. O. Täçnazarowyň özi şo wagt žurnala redaktorlyk edipdir. Žurnalyň şo sanynda H.Çaryýewiň «Ikinji syn» atly tankydy makalasy hem ýerleşdirilipdir. Oraz Täçnazarowyň 1934-nji ýylda "Türkmen edebiýatynda synpy çöreş“ atly kitaby heşir edilipdir. Kitaba Hojanepes Çaryýew sözbaşy ýazypdyr. Kitapda ýerleşdirilen makalalar dogrusynda söz açyp, ol şol makalalaryň ýaş türkmen edebiýatyna ýetiren oňaýly täsirini okyjylara düşündiripdir. Gowusy, gürrüňi edilýän döwrüň howasyny duýmak üçin sözbaşydaky käbir jümlelere ser salalyň!( Muny biz öz bolşy ýaly mysal getirmegi makul bildik): "...Ýol. Täç Nazarowyň makalalary, ýaş şura ýazyjylary arasynda organizatorlyk rolyny we ýazyjylar hem edebiýat höwäsgärleri arasynda ruhy belentlik döretdi. Ýokarky milletçi buržuaziýa ýazyjylaryna öňden hem garşy bolsalar-da, bilim derejeleriniň, tejribelerniň azlygy sebäpli, garşysyna göreşmäge şindi anyk ýollaryny belläp bilmedik Türkmenistanyň hyjuly ýaş şura ýazyjylarynyň olara garşy göreşmek isleglerini aktiwlaşdyrdy, döredijilik höweslerini artdyrdy, ruhlaryny göterdi. Bu zatlar, bu kitapça giren makalalaryň ýazylan wagtyndaky beren peýdalarydyr. Bu makalalaryň toplanyp, kitap edilip çykarylmagy, häzirki wagt we geljek üçin hem gaty gereklidir. Bu kitapça, milletçi buržuaziýa ýazyjylarynyň içtimagy ýüzleri we edebi eserleriniň düýp manysy bilen ýazyp tanyş bolmagy üçin gaty gerekli kitapçadyr. Şonyň üçinde Türkmenistan Şura ýazyjylary Soýuzynyň Gurama Komiteti bu makalalary toplap düzgine saldy we Türkmenistan Ylmy Barlag instituty çap edip çykarýar. Bir näçeleriň pikirleriniň tersine, milletçi buržuaziýa ýazyjylarynyň yngylap duşmançylygy hereketleri ýüze çykarylar derbi-dagyn edilenden soň, Türkmenistanyň edebiýat fronty armiýasyz galmady, gaýta armiýasy artdy we täze komandirler döredi. Öň ýol berilmedik, hasaba alynmadyk ýazyjylar, soň örän içginlik we aktiwlyk bilen örçeleşmäge we işlemäge başladylar. Täze ýazyjylar kadyrlary döredi we döremekde. Täç Nazarowyň bu kitapçasyna giren “Ýaşlaryň ýoly” adyndaky makalasy we başgalary, buržuaziýa ýazyjylary bilen bir wagtda işläp. Olaryň garşysyna göreşe şara ýazyjylarynyň aktiwlarynyň dogry ýoldan ösýän umytly ýazyjylardygyny ýüzleýräk bolsada dogry görkezýär. Her bir Şura ýazyjysynyň, edebi kružokçylaryň, işçi we kolhozçy aktiwlaryň bu kitapçany alyp okamaklary gerek. “Türkmen edebiýatynda synpy göreş” adyndaky bu kitapçany okap her bir partiýa, komsomol we şura aktiwlary, türkmen edebiýatynda bolan synpy göreşi açyk-aýdyň görjekdirler we ol sözüň düýp manysyna düşinjekdirler“. Oraz Täçnazarowyň A.Gulmuhammedowyň döredijiligi hakda ýazan makalasyndan çen tutsaň, Gulmuhammedowyň öz döwrüniň sowatly adamy hem bolsa, professor A.Samoýlowiçiň leksiýalaryny diňlänem bolsa, rewolýusiýanyň ýeňip üstün çykan ilkinji ýyllarynda Sowet häkimiýeti ugrunda göreşen hem bolsa, soňky ýyllarda onuň aňynda düýpli özgerilişikler, ýagny Moskwa däl-de, Stambula tarap ýykylmak duýgusynyň dörändigi hakda pikir döreýär. Bu onuň ýaş wagtlary Türkiýede okap, onuň täsirinden açylyp bilmedik döwrüdir. Gulmuhammedow A.N.Samoýlowiçiň, W.W.Bartoldyň tagallasy bilen türkmeniň gadymy geçmiş mirasyny öwrenmäge girişipdir. Onuň türkmeniň taryhy bilenem iş salşandygy, dil meselesi bilen baglanyşykly birnäçe iş edendigi belli. Şahyr we kyssaçy Gulmuhammedowyň käbir pikirleriniň şol döwrüň okyjylarynyň aňynda düşnüksizlik döredendigini aýtmalydyrys. A.Gulmuhammedowyň “Edebiýat sahypasy we ýaş şahyrlar hem ýazyjylarymyz” atly makalasy “Türkmenistan” gazetiniň 1925-nji ýylyň 20-22-23-nji sanlarynda çap edilýär. Awtor makalasynda ösüp barýan ýaş ýazyjy-şahyrlara birtaraplaýyn garamak bilen, olaryň üstünden gülmäge çenli baryp ýetýär. Bu ýaş şahyrlar A.Alamyşowyň, A.Gelenowyň, A.Durdyýewiň we başgalaryň eserleri babatynda-da şeýledir. Ol Amandurdy Alamyşowyň şygry hakda şeýle ýazýar: “Bu ýaş şahyryň şygrynda uslyp, sungat, söz düzüliş, wezin, kapyýa, teşbiýe bozuklygyny gören bir edebiýatçy ýa gülür ýa-da ökünür: gülen geň görüp, gülse, ökünen kişi-de, şübhesiz, şahyryň edebiýat ylmyndan habarsyz, hiç bir usul we uslyp bilmezden edebiýat meýdanyna atylmasyndan ökünjekdir” A.Kekilow bu babatda şeýle diýýär: “Elbetde, ýaşlaryň döredijiligine kömek bermekden-ä geçen, awtor olary döredijilikden daşlaşdyryp biljekdi.” Ol Magtymguly babatda-da şeýle pikirde bolupdyr. 1926-njy ýylyň noýabr aýynda (222-nji sanynda) “Türkmenistan” gazetindäki çykyşynda “Okyjy” lakamy bilen ol Seýdini Magtymgulynyň garşysyna goýýar: “Seýdi kimin hakykaty ýazan, hurufat, möwhumatdan mümkingadar çete çykan bir şahyry Magtymguly ýaly fanatik bir goşguça meslekdeş etmek, “ideologiýalary bir” diýmegiň özi ullakan taryhy hakykatyň üstüne perde çekmekden başga zat däldir” Şeýle terzde ýazylan makalalar hiç bir jähetden edebiýatyň we onuň wekilleriniň peýdasyna däldi. Belki-de, ol şonça-da zyýanly bolandyr. Oraz Täçnazarowyň “Türkmen edebiýatynda synpy göreş” kitaby “Duşmanyň ýüzi” atly makala bilen açylýar. Bu göwrümli makalada hem A.Gulmuhammedowyň, Wepaýewiň döredijiligi derňew astyna alynýar. Makalany okap çykanyňdan soň, awtoryň bu iki şahyryň döredijiligine gaty zabun çemeleşendigini aňmak kyn däl. Filologiýa ylymlarynyň doktory M.Söýegowyň Abdylhekim Gulmuhammedowa bagyşlap ýazan makalasynda aýdyşy ýaly, şahyryň şygyrlary barada gürrüň eden edebiýatçylar tutuş şygryň ruhundan gelip çykýan sagdyn ideýalary görmezlige salyp, simwoloiki häsiýetli sözlerden ters many çykarmaga ýykgyn edipdir. Dogry, onuň şol hili setirlerinde pikir aýdyňlygynyň ýetmeýän ýerleri bar. Şu ýerde ýene bir zat hakynda pikir öwürýärsiň. Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda A.Gulmuhammedow hem, Oraz Täçnazarow hem Türkmen frontunda gulluk edipdirler. Ikisiniň hem terjimehaly birmeňzeşräk. Ikisi-de akademik A.N.Samoýlowiçiň elinde tälim alypdyrlar. Heniz Oraz Täçnazarow edebiýat meselelerine ulaşmadyk döwründe, A.Gulmuhammedow metbugatda eýýäm edebiýat tankytçysy hökmünde adygandy. Akademik A.Kekilowyň belleýşi ýaly, onuň ýaş edebiýatçylara goldawa derek köp halatlarda olaryň edebiýata bolan höwesine zyýan berendigi göze ilip dur. Şeýle äheňde ýazylan tankydy makalalaryň ýaş edebiýatçylara däl, onuň eýýäm adygyp ugran ýazyjy-şahyra-da uly zyýanynyň bardygy düşnüklidir. Muny biz O.Täçnazarowyň A.Gulmuhammedow babatda ýazan makalasyndan hem aýdyň görýäris. A.Gulmuhammedow “duşman hökmünde paş edilipdi”. Elbetde, A.Gulmuhammedowy hiç bir babatda-da duşman saýmak bolmaz. Döredijilikde ýalňyşlyklar bolup biler. Muny peýdaly maslahatlar bilen ugrukdyrmak hem bolar, ýöne oňa syýasy terminlerden don geýdirip, “duşmana” öwürmegi welin, boljak zat däldi. Ýokarda A.Gulmuhammedowyň, O.Täçnazarowyň hem ömür ýollarynyň birmeňzeş bolandygyny ýaňzydypdyk. Ikisi-de ömürleriniň men diýen wagtynda syýasatyň pidasy bolupdylar. A.Gulmuhammedow 1931-nji ýylda, O.Täçnazarow hem 1937-nji ýylda syýasatyň töhmet girdabyna çolaşypdylar. O.Täçnazarow «Ýaşlaryň ýoly» atly makalasynda ýaňy döredijilik işine gadam goýup, birnäçe şowly goşgulary bilen tanalan A.Kekilow, A.Nyýazow, Aýtbaýew (gazak ýigidi), A.Alamyşow hakda, olaryň döredijiligi hakda pikir ýöredýär we olaryň entek «Magtymguly döwründe ulanylan goşgy formalaryndan saýlanyp bilmeýändiklerini nygtap, her halat bolsa olaryň B. Kerbabaýewde, G. Burunowda bolşy ýaly däldigini ýaňzydýar. Geljekde H.Çaryýew, Meret Gylyjow, Nurjan Amanow, Saraly Mämmedow, B. Soltannyýazow, Şaly Kekilow we başga ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine üns beriljekdigi aýdylýar. Ýakup Nasyrlynyň goşgy ýazmagyň täze tärlerine synanyşyk edýändigine begenýär, ýöne şuňa köpleriň düşünmeýändigini hem habar berýär. Türkmenistanyň ýaş şahyrlarynyň biri Amandurdy Alamyşowyň «Söndi» («Sona») poemasynyň okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanandygyny ýazyp, şahyryň birnäçe eseriniň entek gowşakdygy, syýasy taýdan yrgadygy tekrarlanýar. Onuň «Waý, indi» goşgusyndan mysal getiripdir: Köp pikire düşdi bu ejiz başym, Çekdigim hesretdir ahy-zar indi. Bir iş tutabilmen, aglamak işim, Giň ýalançy maňa boldy dar indi. Baryny ýazmaga ylym ýok mende, Ahyrzaman gopýar gazet ýüzünde, Şura hökümeti özün düzende, Üstümize çozmasynlar, haý, indi… Tankytçy O.Täçnazarow goşgynyň awtorynyň ýeterlik syýasy biliminiň ýoklugyny, onuň köpçülik işlerine gatnaşmaýandygyny bellemek bilen oňa her taraplaýyn ýoldaşlyk kömegini, hemaýatyň zerurdygyny adalatly belleýär. O. Täçnazarowyň başga bir makalasy «Öwrümde» diýlip atlandyrylýar. Makalada şahyr Garaja Burunowyň döredijiligi hakda pikir ýöredilipdir. Aýratyn hem onuň «Tirýeki», «On sekiz gark bolanlar» poemalary we «Pagtaçylyk frontunda» atly pýesasy hakynda gürrüň gidýär. Tankytçy eserleriň çeperçilik serişdeleri, obraz, häsiýetler we ş.m. hakynda gürrüň etmän, esasan, bu eserlere synpy nazarýetinden baha berýär. «Edebiýatçy ýoldaşlar bolsa Burunowa nädogry ýoldan el çekdirmek babatynda kömek bermelidirler. Çünki bu nädogry ýol ony sosializm gurluşygynyň duşmanlary hataryna alyp barar. Biz ony köpçülik durmuşyna çekmeli, onuň işleri üçin oňat ýagdaýlary döretmeli, şuniň bilen bir wagtda onuň ýalňyş we nädogry taraplaryny rehimsiz tankyt etmeli, ideologiýa gyşarmalaryny hem-de ýetmezçiliklerini pugta suratda görkezmelidiris» diýip, O. Täçnazarow ýazýar. O.Täçnazarowyň «Şura edebiýaty forma tarapyndan orus edebiýatydyr, emma mazmun taýyndan bolsa internasionalizm edebiýatydyr» diýen pikiri gümürtigräkdir. Muny diýmekbilen, belki, milli formaly, sosialistik mazmunly edebiýat göz öňüne tutulan bolmaly. Türkmen dramaturgiýasynyň ýagdaýyna nazar aýlaýan makalasynda «Feodalizmiň dini we harby edebiýatynyň üýtgedilmän dos-dogry sahnalaşdyrylan eserleriň hem bardygy» tankyt edilýär. Bu hili eserleriň hatarynda A. Basyr tarapyndan sahnalaşdyrylan «Soltan Sanjar mazy» eseri, «Ýusup-Ahmet» dessany -ny mysal getirýär. Awtoryň pikiriçe, türkmen dramaturgiýasynda «Milletçi buržuaz elementleri tarapyndan ýazylan eserler-de bar». Ş.Keriminiň «Aýjemal», Baraýewiň «Bu bolşa seret», Kerbabaýewiň «Tirýekkeş», A. Basyryň «Deňsizlik» diýen pýesalarydyr. Bu pýesalarda ižtimag – synpy deňsizligiň deregine maýyplyk-saglyk we garyplyk-ýaşlyk deňsizligi görkezilýär” diýip, şo döwrüň ideologiýasynyň nazarýetinden ugur alyp ýazan Oraz Täçnazarowyň öňe süren pikirleriniň näderejede dogrudygyny döwür tassyklady. *** Döwürdeşleriniň ýazmaklaryna görä, Oraz Täçnazarow özünde belent adamkärçilik häsiýetlerini jemländir. Özünden talap edişi ýaly, işgärlerden hem öz işine jogapkärli çemeleşmegi ündeýän ekeni. “Şuralar Türkmenistany” gazetiniň redaktory döwründe, redaksiýada hiç kim surata düşürip bilmeýän eken. Gazet bolsa suratly çykmaly. Şonuň üçin hem, redaktor her bir işgäriň surat alyp bilmegi üçin olaryň her birine aýratynlykda fotoapparat alyp beripdir. Olar iş sapary bilen ýerlerde bolanlarynda oçerkdir makala bilen birlikde, surat hem düşürip getiripdirler. Oraz Täçnazarow ýerlerde halk döredijiligini gowy bilýän adamlaryň barlygyny eşitse, derrew şol adamy tapyp getirmegi, onuň aýdýan ertekilerini, rowaýatlaryny, şorta sözlerini ýazyp almagy öz işgärlerine sargaýan ekeni. Bir gezek Aşgabatda gürrüňçi bir adamyň barlygyny eşidip, ol redaksiýanyň işgärleri Kemal Işanowa, Durdy Haldurda ony tapyp getirmegi tabşyrýar. Ol adama Ýazly ker diýýän ekenler. Ýazly kerden olar halk döredijiliginiň köp sanly nusgalaryny ýazyp alypdyrlar. Ol maglumatlar golýazmalar hazynasyna tabşyrylypdyr. Ýazly ker öz aýdyp beren degişmelerini, gülküli hekaýalaryny we şorta sözlerini, näme üçindir, hemişe “Molla aýtmyşlaýyn” diýip başlar eken. Şonuň üçin Oraz Täçnazarow Molla Pürini hem redaksiýa alyp gelmegi tabşyrypdyr. Oraz Täçnazarow onuň bilen soň-soňlar hem duşuşypdyr. Molla Püri sowatly adam eken. Ol halk döredijiligini hem özi döreden ýaly özüçe aýdyp berýän eken. Şeýle adamlaryň biri hem Gurbandurdy aga Atamyradowdyr. Ol geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň ahyrynda TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläpdir. Oraz Täçnazarow onuň bilen gijäniň birwagtyna çenli gürleşip oturar eken. Gurbandurdy aganyň şorta sözleri il arasyna ýaýrap, onuň adyny halkyň ýadyndan çykmajak derejesine ýetiripdir. O.Täçnazarow halk döredijiligi we edebiýaty gazete ýakynlaşdyrmakda, edebiýatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmekde belli çäreler geçiripdir. Ata Gowşudowy işe çagyryp, feleton ýazmagy tabşyryp, ýörite habarçylardan oçerk ýazmagy öwrenmegi talap edipdir. “Sowet edebiýaty“ žurnalynda çap edilýän eserleriň çuň manyly çeper bolmalydygyny žurnalyň jogapkär sekretary Şaly Kekilowa düşündirse (Oraz Täçnazarow žurnaly hem redaktirläpdir), Hally Şahberdiýew we beýleki tankytçylara tankydy güýçlendirmäge, ýitileşdirmäge ýardam edipdir. Öz ýazan täze eserleri barada redaksiýada maslahatlaşyp, kärdeşleriniň belliklerini göz öňünde tutupdyr. Onuň özboluşlylygyny, göwnaçyklygyny, ak ýürekli, parasatly alçak adam bolandygyny döwürdeşleriniň ýatlamalaryndan bilmek bolýar. Şeýle hem, onuň işgärlere özüni aldyran häsiýetleriniň ilkinjileriniň onuň geňeşçil bolandygyny ýazýarlar. Ol redaksiýada geçiriljek çäreleriň birini hem işgärlere geňeşmän geçirmeýän eken. *** Ýelizaweta Ýefimownanyň ýatlamasy (1989-njy ýyl): - 1934-nji ýylda Moskwada SSSR Ýazyjylar soýuzynyň I gurultaýy açyldy. Men gurultaýyn her gününe gelýärdim. Eger irki mejlise gelmedik bolsam, onda agşamka galýardym. Soňra Oraz ikimiz öýe dolanyp gelýärdik. Oraz gurultaýda doklad bilen çykyş etdi. Georgiý Weselkow, Aman Kekilow, Hojanepes Çaryýew, Ruhy Alyýew dagy hem gurultaýyň işine gatnaşýardy. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Çaryýewi hem 1937-nji ýylda tussag edipdiler. Ony sürgün edenlerinde meň gujagym çagaly türmäniň keselhanasynyň bosagasynda otyrdym. Ol gapdalymdan aýakýoluna geçip barýardy. Birdenem ol şeýle diýdi: «Liza, senden uly haýyş, meni sürgüne äkidýäler, şuny biziňkilere ýetireweri!». Şonda Çaryýewlerden hiç birini tapyp bilmedim. Aşgabatda onuň dogan-garyndaşynyň baryny-ýoguny bilemokdym. Gurultaý gutarandan soň, 30-njy iýunda banket geçirildi. Banketde Otto Ýulýewiç Şmidt, Maksim Gorkiý dagy bardy. Oraz meni Gorkiniň ýanyna çagyranda beýik ýazyjy maňa seretdi-seretdi-de, dagy näme diýjeginem bilmän, saçymdan sypalap, «Äl, saç dagam däl!» diýdi. Oraz Gorkiniňkide birnäçe sapar boldy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, men şo wagtlar nähoşladym. Şonuň üçin onuň bilen bile gidip bilmedim. Ýogsa, Gorkiý ikimizi bile çagyrypdy. Onuň daçasynda Kaganowiç, Woroşylow hem bardy. Kaganowiç lezgi tansyna ökdedi. Bularyň baryny maňa Oraz gürrüň beripdi. Soňra ol azyk senagaty halk komissary Mikoýanyň daçasynda-da bolupdyr. Oraz Gorkiý bilen köp duşuşypdy. Ol gurultaýyň prezidiumynda oturypdy. Gurultaýda men Marietta Şaginýan bilenem tanyşdym. Soň Oraz maňa şeýle gürrüň beripdi. Ýazyjylary aýallary bilen gurultaýa çagyranlarynda Şaginýana: «Adamyňy alsaň bolmaýamy?» diýipdirler. Onuň adamsy daýawdan uzyndy. Şaginýan welin, tersine, çepiksiden ejizjedi. Ýöne şar gara owadan zülpleri bardy.Şol banketde Mihail Ýefimowiç Kolsow (Kolsow şo döwrüň meşhur žurnalistleriniň biri – A.Ç.) ikimiz tans etdik. Meniň welin ýarawlygymyň ugry ýokdy. Şo banket änigine-şänigine deňiç gowy ýadymda galypdyr. Bankedi gaty kaşaň edip gurnapdyrlar. Oňa görnükli artistlere deňiç çagyrylypdyr. Teodor Draýzeriň birinji gurultaýda bolanyny köp kişi oslaýanam däldir. Onuň aşagy galyň köwşi bardy. Dyzyna çenli keltejik balaklydy. Dyzyndan aşagy ýalaňaçdy. Köýnegi-hä at münüp barýan edermen ýigitleriňkä çalym edip durdy. Arakesme wagty Oraz ikimiz gürleşip durduk. Duýdansyz ýerden biziň ýanymyza Draýzer gelip, şeýle diýdi: «Bu zyba gözel kim?» Oraz iňlis diline suwarady. Ol: «Meniň gelnim. Tanyş boluň, Ýelizaweta Ýefimowna Täçnazarowa» diýdi. Şeýdip tanyşdyk. Oraz ikisi iňlisçe gepleşýärdi.«Russiýada başga-da şunuň ýaly zenanlar barmy?» diýip, Draýzer soraýardy. Çaky men oňa mazaly ýarapdyryn. Gurultaý mahalynda Weselkow «Batragy» rusça geçirip gutardy. Ony Fadeýewe okamaga berdi. Fadeýew poemany okap: «Muny günübiriň çykararys» diýipdir. Kitap 1934-nji ýylda rusça neşir edildi. Şol kitapdan mende galmandyr. Barysyny aldylar. Onuň käbir ekzemplýary Moskwanyň W. I. Lenin adyndaky kitaphanasynda hem-de biziň Karl Marks adyndaky döwlet kitaphanamyzda saklanyp galypdyr. "Oraz Täçnazarowyň “Batragy” maňa soňky ýyllarda okamaga miýesser bolan zatlarymyň içinde iň güýçlülerinden we iň labyzlylaryndan biridir, ol Gündogary seýilleşdirme görnüşinde däl-de, onuň hut öz original sanlygynda berýär. Üstesine-de häzirki zaman Gündogaryny berýär“ diýip, ýazyjy Marietta Şaginýan ýazypdy. 1935-nji ýylyň 23-nji awgustynda biziň gyzymyz Gulnara dünýä indi. Hut şol ýyl lingwistleriň konferensiýasy-da geçirildi (Birinji lingwistik gurultaý 1936-njy ýylyň 18nji maýynda Aşgabatda açylypdy – A.Ç). Oňa köp ýerden adam geldi. Täçnazarow iňňän gyzykly doklad bilen çykyş etdi. Oraz köp dile ökdedi. Şonuň üçinem ol: «Haýsy dilde doklad etmeli?» diýip, sanap ugrady. Oňa: «Biziň barymyz rusça bilýäs, şo dilde gepläber!» diýdiler. Şundan soň ol dokladyny rus dilinde okap ugrady. Elbetde, doklady özi ýazypdy. Hiç kim oňa kömek bermändi. Konferensiýa leningradly professor Samoýlowiç hem gelipdi. Alym maňa Oraz hakynda köp gürrüň berdi: «Oraz, aslynda türkmenleriň arasynda örän täsin adam. Özem nähilidir birhili ýakymlydan mähirli. Düşbi hem syýasy taýyndan juda taýýarlykly. Haýp, Aşgabatda onuň gadyryny bilenoklar...» Täçnazarowyň kakasyna baý diýmek sürtseňem ýokjak däldi. Ol öz mellejiginde der döküp, güzeran görýärdi. Orazyň enesi owganlydy. Ol 1935-nji ýylda dünýäden ötdi. Şonda onuň 116 ýaşy bardy. Onuň ýanyna ýörite adamlar gelip, kempiriň «humly gephaltasyny» egsip gidýärdiler. Kempir bäş ýaşly çaga döwründen soň ähli zady hakydasynda saklapdyr. Adamlaram unutmandyr. Karpow (Aşgabatda ýaşan we işlän görnükli türkmen taryhçysy-A.Ç.) kempiriň ähli gürrüňini ýazyp alýardy. Şol wagt Karpow Baýramalyda ýaşaýardy. Soň ol Aşgabada göçdi. Onuň maşgalasy uludy. Biziňkä ýygy-ýygydan myhmançylyga gelerdi. Oraz bilen gaty gowy görüşýärdi. Köplenç biziňkide ýatyp gidýärdi. Ýer goduklanda kesegiň aşagynda galypdyr diýýärler. Allajanlarym, yzynda bir ogly, üç gyzy galypdyr öýdýän. Men olary gözläp tapyp bilmedim. Karpowyň birnäçe galyň depderi bardy. Şolara Orazyň enesiniň gürrüň beren ertekidir hekaýatlaryny ýazyp alypdy. Ol bize şolary okap berýärdi. Onluk çyranyň ýagtysyna okaýardy. Kägünler biz tutuş gije ýatman Orazyň enesiniň beren gürrüňlerini diňleýärdik. Georgiý Karpow türkmen dilini suw içen ýaly bilýärdi. Ene obadan-oba göç-gon bilen aç-suwsuz ejir çekişlerini, horlanyşlaryny, baýyň olary ezişini gürrüň berýärdi. Onsoň, Orazyň kakasyna baý diýmäge neneň diliň barar? Bu bir Oraza töhmet atmak üçin gurulan duzak. Atabaýew, Aýtakow, Popok dagy Orazy sylaýardy. Myhmançylyga-da gelýärdiler. Üstesine, Oraz tagamly palaw bişirmäge-de ökdedi. Nedirbaýyň öýe jaň edip: «Liza, Oraza aýt. Pylanynjy gün pylança wagtda gelsin, oňa bir palaw bişirdeli. Köpden bäri göwnüm palaw küýseýä! Özüňem Arslan jany alyp gelgin» diýýäni ýaňy aýdylan ýaly ýadymda. Diýlen wagty bardyk. Oraz palaw bişirip berdi. Nedirbaýyň aýaly Marianna Iosifowna çaga wraçydy. Atabaýew Oraza ýygy-ýygydan geňeş salardy. Sebäbi Orazyň syýasy taýynlygy bijaý zordy. 1935-nii ýylda «Türkmenfilmde» Oraz Täçnazarowyň «Batrak» poemasy esasynda «Men gaýdyp gelerin» filmi surata düşürildi. Kartina heniz sessizdi. Bu barada merkezi gazetlerem ýazýardy.Şol ýyl Oraz ikimiz Moskwa gitdik. Zähmetkeşler köçelerde kowçum-kowçum bolup, şu kartinany görmäge barýardylar. Hiç kinoteatra bilet tapjak gümanyň ýokdy. Nobata durmalydy, ýogsa hiç hili reklama beýleki hem ýokdy. Diňe «Men gaýdyp gelerin», «Türkmenfilm» diýlip ýazylgydy. Bolany. Myhmanhanada ýaşap ýörkäk, bir gün ýanymyza Boris Pasternak geldi. Gürrüň edeniňe degýän kişidi. Syrdamdan syratlydy, gadyrlydan salyhatlydy. Maňa-ha ol juda ýarady. Rus diline geçirmek üçin Orazdan iki goşgy sorady. Oraz oturan ýerinden – salymyny bermän, goşgularynyň sözme-söz terjimesini etdi. Biz sagat ýarym dagy dünýäň gürrüňini edip oturdyk. Soňam men ony birnäçe sapar gördüm. 1936-njy ýylda Oraz Moskwada Radek bilen duşuşdy. Täçnazarow gazet redaktorlarynyň ýokary kursunda okaýardy. Oraz öýe gelensoň, Radek hakynda şeýle gürrüň berdi: «Gaty täsin adam. Akylyň öýjügi. Gürrüň berýä welin, barysy düşnükli, aýdyň. Ähli kişi üçin düşnükli. Üstesine, adamlaryň geplemegi gypynç edýän syýasy tarapdan gürleýärdi...» 1936-njy ýylda Aşgabat – Garagum – Moskwa atly ýörişiniň ýyllygy bellenildi. Oraz Täçnazarow ýörişe gatnaşanlaryň adyndan Staline hat ýazdy, G.N.Weselkow bolsa ony rus diline geçirdi. Türkmen hem rus dillerinde owadan jiltli kitap edip çykardylar. Onuň türkmençesini Oraz, rusçasyny bolsa Weselkow okady. 1937-nji ýylyň fewral aýynyň başlarynda Puşkine bagyşlanan dabaraly ýygnakda O. Täçnazarowa bir tarapyna Puşkiniň şekili çekilen, beýleki tarapyna-da ähli sene ýazgyly bürünç medal gowşurdylar. Soňra oňa Puşkiniň haly portretini sylag berdiler hem-de oňa ilkinji türkmen sowet şahyry diýen at dakdylar. Bu haly öýmüzde birnäçe gün durdy. Soň ony Oraz işleýän redaksiýasyna äkitdi. Ony ýazuw stolunyň ýokarsyndan asyp goýdy. 1937-nji ýylda Oraz töhmetiň pydasy boldy.Dogry ýigrimi ýyldan soňam SSSR Ýokary Sudunyň harby kollegiýasy tarapyndan aklanyldy. Lageriň nähili adynyň bardygyny bilemokdym. Hat alyşmak gadagan edilip, sürgüne äkidilipdi. Kolymanyň töwereklerinde bolmagy ähtimal. Sebäbi haýsy lagerdedigini maňa hiç haçan aýtmandylar. Ýogsa, men Moskwa-da birnäçe sapar ýüz tutupdym. Onuň ölümi baradaky hat mende saklanypdyr. Ölümiň sebäbi – aşgazan keseli. Geň tarapy onuň hiç haçan aşgazany agyrmazdy. Ömründe başy agyryp, baldyry syzlan adam däldi. Ony tussag edenlerinde 33 ýaşy bardy, 38 ýaşynda-da ýogaldy. Tüýs döredijiliginiň gül açýan döwrüdi. Tussag edilende ol «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktory bolup işleýärdi. Orazyň tussag edilen güni tutuş maşgalamyz – ejem, oglum Arslan, gyzym Gülnar, özüm (şol wagt men sekiz aýlyk göwrelidim) Çülüde bolýardyk. O taýda hökümet daçasy bardy. Oraz hökümet agzasydy.Iýulyň ýigrimi birine irden duýdansyz ýerden biziň daçamyzy dökmäge geldiler. Aýtakow, Gurban Sähedow, Täçnazarow dagy şo agşam teatrda eken. Öýe gelen batlaryna üçüsinem tutupdyrlar. Meni tussag edip, türmä dykdylar. Şol ýerde ýyl ýarym ezýet çekdim. Oraz Leningradda okanda professor Samoýlowiçiňkide ýaşaýar. Professor onuň mugallymydy. Oraz oňa diýseň ýarapdyr. «Gaty düşbi. Haýsy ylma baş goşdugy, derrew düýrläp beýlesine atýar. Ol bar zady gaty çalasyn bişirýärdi, üstesine şolaryň barysyny beýnisinde saklaýardy. Soňra ol bilýänlerini beýlekilere-de öwredýärdi. Mahlasy, gaty täsin adamdy» diýip, professor oňa baha kesýärdi. Oraz Leningraddaky instituty gutarman, 1930-njy ýylda Moskwa gelýär. Moskwada Gündogar halklarynyň institutynda okaýar. Şol wagtyň özünde Moskwanyň haýsydyr bir zawodlarynyň birinde syýasy ykdysadyýetden okadýar. Zawodyň ady ýadyma düşenok. Dagy näme! 59 ýyl geçensoň, ýadyňa salaýmak aňsadam däl. Dogrusy, muny hiç kim menden soramandam. Herhal biz aklandyk. Özümem, çagalarymam ýigrimi ýyllap halk duşmanynyň maşgalasynyň tagmasyny çekip geldik. Mende Orazyň SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenlik bileti saklanyp galypdyr. Oňa Gorkiý gol çekipdir. Biletiň nomeri 79, 1934-nji ýylyň 1-nji iýuny diýen ýazgyly. Täçnazarowy aklanlarynda meni Içeri işler ministrligine çagyryp, şu bileti gowşurdylar. Oraz gapjalandan soň, onuň beýleki doganlarynam tutdular. Orazyň kakasy görgülem birnäçe ýyllap obadan-oba göçüp, gaçyp gezdi. Tapsalar onam tutjakdylar. Doganlarynyň ikisi wepat boldy. Uly dogany Akmyrat eýdip-beýdip yzyna öwrülip geldi. Häzir ol ýok. Onuň bir ogly galdy. Ol ýanyma gelip-gidip durdy. Ýöne iki ýyl mundan ozal öläýdi pahyr. Onuň çagalary gelip dur. Orazyň iki aýal dogany sag-aman ýaşap ýör. Olaryň biri Maryda, beýlekisi Tejende. Ynha, şunam okap göreliň: «6.11.1959. TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň giňişleýin mejlisiniň 2-nji belgili protokolynyň göçürmesi. Gatnaşanlar: Seýitliýew, Seýtäkow, Atajanow, Haldurdy, Esenowa, Gurbansähedow, Kerbabaýew, Kowusow. Diňlenildi: SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleny ýoldaş Oraz Täçnazarowy dikeltmek hakynda.Karar edildi: 1957-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda ýoldaş Täçnazarowyň SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasy tarapyndan doly aklanylandygyny göz öňünde tutup, ony aradan çykandan soň, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenligi hukugyny dikeltmeli. Oraz Täçnazarowyň çagalary Gülnar Täçnazarowa hem-de Arslan Täçnazarowa ýardam bermekde zerur bolan dokumentleri SSSR Edebiýat fonduna ýollamak üçin TSSR Edebiýat fonduna tabşyryk bermeli. TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy Gara Seýitliýew.“ Bu haty 1959-njy ýylyň 13-nji fewralynda aldym, 20 gün geçenden soň akladylar. Oraz Täçnazarowyň ogly Arslan Magadanda, gyzy Gülnar Moskwada ýaşaýar. Gyzym 29 ýylyň wraçy. Ol Aşgabatdaky medinstituty gutardy. Iki çagasy – bir ogly, bir gyzy bar, ikisem instituty gutardy. Gülnaryň gyzy logoped, ogly himiýa institutyny gutardy, harby akademiýada işleýär. Gülnaryň gyzy durmuşa çykan. Onuň gyzy bar. Ogly Serýožanyň bolsa Dmitriý atly ogly bar. Gülnara jan indi ene. Meniň bolsa eýýäm üç çowlugym bar. Arslanyň ogly Wladimir Arslanowiç Täçnazarow Simferopolda ýaşaýar. Institutda okaýar, gurluşykda elektrotehnik bolup işleýär. Özümem, 76 ýaşadym. Şoňa çenli medisina kitap dükanynda 14 ýyl işledim. 1983-nji ýylda 71 ýaşda pensiýa gitdim. Troisk obasynda Oraz bilen ilkinji gezek tanşanymda ol meniň bilen bütin ömrüne ýoldaş boljak diýipdi. Şol durmuş alty ýyl, alty aýa çekdi. Şol ýyllar men oňa üç çaga dogrup berdim – iki ogul, bir gyz. Ol perzentlerini halys ýürekden söýýärdi, haýp ýeri, iň körpejesini görmek oňa miýesser etmedi... *** "...Türkmen sowet edebiýaty, türkmeniň köne edebi mirasynyň we halk döredijiliginiň gowy häsiýetlerini alyp barmaga eýe bolandyr. Emma, şeýle bolsa-da, biziň ýazyjylarymyz köne klassyklardan we halk döredijiliginden doly peýdalanyp bilmeýärler“. Mysal alnan bu jümle Oraz Täçnazarowyň galamyna degişli. Ol muny 1936-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň birinji lingiwistik gurultaynyň münberindäki çykyşynda aýdypdy. Şeýle hem, ol muny türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň medeniýetiniň azlygy, olaryň sosialistik realizm usulyny doly özleşrdirmändikleri, edebiýatyň taryhyny gowy bilmeýändikleri, klassyk şahyrlarymyz bolan Magtymgulynyň, Zeliliniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Keminäniň döredijiliginden gereginçe susup alyp bilmeýändikleri (ýöne weli, bu meselede, ýagny köne türkmen edebiýatynyň dili meselesine tankydy gözüň gerekdigini unutmaly däldigini hem ýatladýar –A.Ç.) bilen düşündiripdir. Oraz Täçnazarow çeper edebiýatyň diliniň halk köpçüligine düşnükli bolmalydygyny tekrarlap, oňa degerli mysallar getiripdir. Şahyr Hojanepes Çaryýewiň goşgusyndaky "Babamyz Leniniň haýat wagtynda“ diýen setirini ýüz görmezden tankyt edipdir: "Halk “haýat” sözüne Çaryýewiň aýdyşy ýaly düşünmeýär. Bizde “haýat” diýen söz başga many berýär. Ol ýene bir ýerde “diniň-hurapatlaryň, nemaýyşlar, mitingiler, aparypdyr” diýen sözleri ulanýar. Bu sözleri-de halka düşnüksizdir. Eger-de “aparypdyr” diýen söziniň ýerine “alyp barypdyr” diýse, düşnükli bolardy“. ("Türkmenistan“ gazeti, 1936, 18-maý). Şeýle hem, O.Täçnazarow haik döredijiliginiň nusgalaryna köpräk ýüzlenmegi öz kärdeşlerine maslahat beripdir. Munuň üçin ol halkyň döreden eserlerinden birnäçesini mysal getirýär: "...Halk döredijiliginde oňat zatlar bar. Mysal: Ekin ekildi galdy, Peller çekildi galdy, Ilim, günüm Gökdepe Ganlar döküldi galdy. Sözler bolmalysy ýaly, onuň düziliş formasy hem halkyň tiz düşünmegi üçin laýyklydyr. Ýene halk arasynda otly-poýezd hakynda oňat çeper düzilen goşgular bar. Mysal: Biziň ile sülsat daşan, Dawa ýolyna bilin guşan, Aşagyna demir düşän, Ot iýmez atlyny gördim. Bu goşgy rewolýusiýadan öň Türkmenistan birinji ýola otly ýoly salynan wagtda halkyň döreden zadydyr. Bu dört setirde, otly obrazyň üsti bilen patyşa hökümetiniň imperialistik syýasatyny, halkyň tehnika bolan düşünjesi gaty çeperçilik bilen berlipdir.Häzir kolhozçylaryň arasynda özleriniň içinde we durmuşynda dörän täzeliklere, tehnika täzeliklerine we gören zatlaryna goşylan obrazly goşgylar bar. Meselem: halk arasynda aeroplan hakynda şeýle goşylan setirler bar: “Algyr laçyn bardyr biri, Endamynda bolmaz peri, Aždarhadyr jeň günleri, Petekesi ýagly guşym”. Bu setirler, gaty çeperçilik bilen düzülipdir. Biziň şahyrlarymyzyň hiç biri hem şunuň ýaly halka düşünikli, obrazly çeper edip aeroplany görkezip bilen däldirler. Ol “petekesi ýagly guşym” diýmek bilen, onuň benziň bilen ýöreýändigini görkezýär. Aeroplanyň “algyr guşdygyny” onuň gerek wagtlary ýurdy goramaga taýýardygyny obrazly edip görkezip berýär. Eger-de aeroplan hakynda biziň ýazyjylarymyzyň biri ýazan bolsa, “peteke” sözini ulanmazdy. Onuň ýerine “benzin gaby” diýerdi. Halk arasynda şunyň ýaly güýçli meňzetmeler bar. Bular halk üçin gaty düşnükli. Olarda arap, fars we düşnüksiz sözler ýok”. Oraz Täçnazarow täze döräp, ösüp barýan çeper edebiýatymyzyň öňünde durýan derwaýys meseleler dogrusynda sagdyn pikir ýöredipdir. Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň dünýä edebiýatyny, şol sanda sowet edebiýatyny teşnelik bilen öwrenmekleri barada ýüreginden syzdyryp aýdanda-da ol mamlady. Şeýle öňe ymtylyşlara ters ýoly salgy berýänleri berk daranda-da, ol mamlady. Halk köpçüligi tarapyndan kabul edilýän rus-internasional sözleri terk edip, oňa derek ulanyşdan birçak galan arap, pars sözlerini ulanmagy aýak diräp ündeýän adamlara garşylyk görkezende-de ol mamlady. O.Täçnazarowyň çeper edebiýatyň diliniň has ýiti, çeper, halka düşnükli bolmagy üçin türkmen diliniň şiwelerinden hem peýdalanmagy maslahat bermegi göwnejaýdyr. Edebiýatymyzda döredilýän eserlerde adam häsiýetlerini janlandyryp bilmeseň, onda hakyky eser döredip bolmajakdygyny,goşgy düzüliş formalarynyň döwre laýyk bolmalydygyny nygtaýan O.Täçnazarow alymlaryň halk döredilik nusgalaryny toplap, olary kitap edip halka hödürlemekde gowuşgynsyzlyk görkezýändiklerini hem adalatly we ýerlikli belläpdi: "Biz edebiýatymyzyň taryhyny bilmeýäris. Edebiýatymyzyň taryhyny çap etmegimiz gerek. Mundan iki ýyl ozal ylymlar akademiýasynyň maslahatynda türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmek hakynda karar edilipdi. Emma şondan bäri ep-esli wagtdan soň edilen iş ýok“. Öz döwrüniň uly edebiýatçy alymy we şahyry Oraz Täçnazarowyň bu sözleri onuň gurultaýdaky çykyşynyň soňky we jemleýji jümlesi bolupdy. Allaýar ÇÜRIÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |