11:45 Orta Aziýa syýahat | |
ORTA AZIÝA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
Wengriýa akademiýasynyň agzasy Arminiý Wamberiniň 1863-nji ýylda Tährandan ugrap, türkmen çölüniň içi bilen, Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça Hywa, Buhara hem Samarkanda syýahatynyň beýany. Ýazaryň sözbaşysy Men 1832-nji ýylda Dunaýyň uly adalarynyň birinde, Duna Şerdaheli atly kiçijik şäher-de dünýä indim. Soňra dil ylymlaryna aýratyn ýykgyn edenim üçin men has ýaş döwrümden başlap, Ýewropanyň hem Aziýanyň dürli dillerini öwrenmäge başladym. Öňi bilen üns berip öwrenen zadym gündogar hem günbatar edebiýatlarynyň dürli taryhlary boldy. Soňra dilleriň özara gatnaşyklary bilen gyzyklanyp ugradym. «Özüň özüňi tana» diýen nakyla eýerip, esasy ünsümi ene dilimiň aýratynlygyna hem gelip çykyşyna gönükdirmegimde hiç hili geň zat ýok. Wenger diliniň altaý dilleri toparyna girýäni köpden bäri belli. Ýöne onuň fin ýa-da tatar dilleri toparyna degişlidigi-däldigi baradaky mesele öz çözgüdine garaşýar¹. [¹Biz — wengerleriň Aziýadan hiç wagt göçmän oturan öz taýpa daşlarynyň nesillerini gözleýändikleri hakdaky pikir ýalňyşdyr. Bu etnografk taýdanam, flologik taýdanam asla mümkin däl. Bu bizi çuňňur nadanlykda aýyplamaga delil bolup biljek ýagdaý.] Biz diňe öz dilimiziň etimologik gurluşyny bilmäge çalyşdyk. Şol sebäplem, anyk maglumat almak üçin taýpadaş dillere ýüzlenýäris. Biz, wengerlere ylmy taýdanam, milli nukdaýnazardan alanyňda-da gyzykly bolan şol derňew maňa Gündogara syýahat etmäge itergi beren esasy sebäpdi. Men janly dilleri amaly taýdan öwrenmek arkaly olaryň peýdaly gatnaşyklaryny anyklamak isledim. Nazaryýet bilen gyzyklanan mahalym göwnüme bolmasa, entek gowşak halda bolsa-da, wenger hem türki-tatar dilleriniň arasynda ýakynlyk bar ýaly duýulýardy. Men ilki Konstantinopola ugradym. Birnäçe ýyllap türkleriň arasynda ýaşamagym, ýygy-ýygydan olaryň mekdeplerinde hem-de kitap dükanlarynda bolup görmegim meni türke, hatda ependä meňzetdi. Lingwistik derňewlerimdäki üstünliklerim mende alys Gündogara tarap ýola düşmäge höwes döretdi. Orta Aziýa syýahata ugramak hyýalyna mündüm. Munuň üçin ependiniň häsiýetini saklap, Gündogary şol ýurtlaryň ýerli adamy ýaly görnüşde aýlanmak baradaky paýhasly pikire geldim. Mundan öňki makalalar meniň Bosfordan Samarkanda çenli syýahatymyň maksadyny aýdyňlaşdyrdylar. Geologik ýa-da astronomik derňewler meniň maksatnamama girenokdy. Ol özüme derwüş häsiýetini kabul etmegim bilen bir ýere sygyşjak däldi. Meniň esasy ünsüm Orta Aziýada ýaşaýan taýpalara, olaryň jemgyýetçilik hem syýasy gatnaşyklaryna, däp-dessurlaryna, endiklerine gönügendi. Okyjylar bu zatlaryň hemmesi baradaky gowşak oçerkleri kitabyň indiki sahypalaryndan tapar. Ýöne mümkinçiligiň ýüze çykyşyna hem öňden gelýän taýýarlygyma görä, geografýadyr statistika degişli zatlaryň hiç birini gözden salmadygam bolsam, öz syýahatymyň baş netijesi hökmünde, flologik derňewlere has köp üns berdim. Kämil taýýarlykdan soň, men olary ylym dünýäsine hödürlemekçi. Geljekki sahypalarda beýan edilýän ol zatlar – şaýatnamalar däl-de, derňewlerdir. Birnäçe aýlap ýyrtyk jindeli, ýarym aç halda, hemişe ýowuz, has dogrusy, ejirli ölüme sezewar edilmegiň howpy astynda eden syýahatymyň önümi bolan bu derňewler meniň gözüme diýseň yssy görünýär. Gören eşidenlerimi juda gysby hem gysga beýan edýänim üçin maňa igenilmegi mümkin... Ýazgylarymyň syýahatnamalara diýseň baý bolan Angliýa ýaly ýurtda neşir edilmegi bu ugurda täze adam bolan meniň öňümde kyn mesele goýýar. Meniň maksadym ähli eşidenlerimi hem görenlerimi, hakydamda aýdyň saklanan zatlary ýönekeý görnüşde beýan etmekden ybaratdy. Bu ýazgylaryma üstünlik hemra boljagyna örän şübhelenýänim üçin adamlardan geçirimli bolmaklaryny towakga edýärin. Okyjylar hem tankytçylar bu ýazgylarymdan kän kemçilik taparlar, belki-de, gören görgülerim bilen deňeşdireniňde-de, beýan edýän zatlarymyň juda bärden gaýdýanyny bellärler. Men olardan özümiň seretmegiň–bihaýalyk, soramagyň–jenaýat, ýazmagyň–ölüm howply günä hasap edilýän ýurdundan dolanyp gelendigimi unutmazlyklaryny ýalbaryp haýyş etmekçi. Öz syýahatymyň sebäplerini hem maksadyny düşündirmek üçin şu aýdanlarymam ýeterlik. Kitabyň özi hakynda aýdylanda bolsa, ara juda açyk bolmasyn diýip, ony iki bölüme böldüm. Birinji bölüme Tährandan Samarkanda çenli hem ondan yzyma eden syýahatym girýär, ikinji bölüm bolsa Orta Aziýanyň geografiýasy, statistikasy, syýasy hem jemgyýetçilik jikme-jiklikleri baradaky makalalardan ybarat. Ol bölümleriň ikisem okyjylary gyzyklandyrar diýip umyt edýärin. Sebäbi – birinjiden-ä, men henize çenli ýewropalynyň aýagynyň düşmedik ýollaryndan ýöredim, ikinjiden bolsa, meniň ýazgylarymda Orta Aziýa barada ýazyjylaryň gyltyz degip geçen ýa-da asla degmedik zatlary barada söhbet açylýar. 1864-nji ýylyň 28-nji sentýabry. London. I bap Parsystanda iýul aýynyň ortasynda bolup görenler meniň Töwrizden Tährana çenli syýahatymyň tamamlanmagyna nähili şatlanandygyma düşünerler. Kerwene on bäş, egerde has anygyny aýtsaň, − on üç menzil bolan bu aralyk juda surnukdyryjy. Ýükli gatyrlaryň üstünde bir menzilden beýlekä haýallyk bilen ýol aşyp barýarsyň. Gün edil ýakyp ýandyraýsam diýýär. Bütin Parsystan üçin häsiýetli bolan hasylsyz, ýanyp ýatan giňişlikden başga gözüňe ilýän zat ýok. Bu ýagdaý Parsystany Sagdynyň, Hakanynyň, Hapyzyň goşgulary arkaly göz öňüne getirenleri, ondanda beter – Gýotäniň «Günbatar Gündogar diwany», Wiktor Gýugonyň «Gündogar» ýada Tomas Muruň ajaýyp ýazgylary esasynda Gündogar hakynda ideal düşünje alanlary edil serpmeden gaýdan ýaly edýär! Tährandan iki menzilem geçmänkäk kerwen başynyň kellesine syýahaty gije dowam etdirmeli diýen pikir geldi. Ýöne bu ýerdede amatsyzlyk ýüze çykdy: Parsystanyň gijeleriniň serginliginiň uka meýil etdirişi üýtgeşikdi. Münüp barýan gatyrlarymyzyň endigan ädim urup baryşlaryda ukyňy tutdurýardy. Şonuň üçinem eýerden berk ýapyşaýmasaň ýada özüňi oňa daňmasaň, gyýçak daşlaryň üstüne agyp gaýtjagyň gümansyzdy. Bu synaglara näçe diýseň öwrenişen gündogarly adamlar islendik eýerdede arkaýyn uklap bilýärler. Özem münüp barýanlary atmy, düýemi, gatyrmy, eşekmi – olar üçin parhy ýok. Uzyn boýly, arryk, uzyn geýimli parslaryň kellelerini münüp barýan çydamly jandarlarynyň boýnuna ýaplap, aýaklaryny bolsa ýerden süýräp diýen ýaly baryşlaryny synlap, kän gezek gülkim tutdy. Olar şo hili ýagdaýda edil öýde ýaly uklap, birnäçe menzil geçmegi başarýarlar. Şol wagt herki ýagdaýdan baş alyp çykmagyň enesi bolan mätäçlik maňa zerur tejribäni bermändi. Ýoldaşlarymyň köpüsiniň eýerde çaýkanyşyp, süýji ukynyň goýnunda meýmireşip barýan wagty men ähli ünsümi jemläp, Kerwenkuş ýada Perwine ýyldyzlar toplumyny synlaýardym. Sýugeýliň hem Sitarei Sýubgiň (daň ýyldyzy) dogjak tarapyna düşündirip bolmajak gussa bilen garap, täze günüň başlaryna, barmaly menzilimiziň golaýlaşyp, çekýän ejirimiziň tamamlanaryna garaşýardym. 1862nji ýylyň iýulynda Parsystanyň paýtagtyna golaýlaşanymda ýagdaýymyň bişeňkirlän balygyňkydan öwerlik däldigini geňläp oturasy iş ýok. Biz iki iňlis mili aralyk galanda kerwenimizdäki jandarlary suwa ýakmak üçin bir çeşmäniň boýunda düşledik. Düşleg ýoldaşlarymy ukudan oýardy, olar ukuly gözlerini owkalaşyp, öňümizdäki – demirgazyk gündogar tarapdaky Tähran şäherine tarap ümlediler. Ol tarapa nazar salanymda, gögümtil uzyn inçe tüsselere gözüm düşdi, kä ýerde tüssäniň arasyndan gümmezleriň şekili görünýär di. Ahyrsoňy duman gatlagy büsbütin aýrylyp, parslaryň öz aýdyşlary ýaly, Darýul Hilafeni ýa-da ýokary hökümet adamlarynyň bolýan ýerini bütin haýpyňy getiriji ýalaňaçlygynda görmek eşretine miýesser boldum. Men derwezeden girdim. Ýöne ýolumy dowam etdirmek üçin ýeňip geçmeli bolan päsgelçiligimi bäri-bärde unutmasam gerek. Arpa samanydyr pars hem ýewropa harytlary ýüklenen eşekler, düýeler, gatyrlar derwezäniň agzynda görlüp eşidilmedik tertipsizlikde gyslyşyp durdular. Eýerde çök düşüp durşuma menem ýoldaşlarym ýaly, bogazyma sygdygyndan: «Habardar boluň! Habardar boluň!» diýip gygyrýardym. Ahyrsoňy gaty kynlyk bilen maňada şähere girmek başartdy. Bazaryň içi bilen geçip, gyslyşykdanam, urgulardanam hiç hili zyýan çekmän, türk ilçihanasynyň jaýyna ýetdim. Wengriýada doglan, wenger akademiýasy tarapyndan Orta Aziýa ylmy maksat bilen iberilen adam bolan meniň türk ilçihanasyna näme dahylym bardy? Ol sözbaşyda düşündirilendir. Ähli sözbaşylardyr girişleriň içgysdyryjy hem gerekmez zat hasap edilýändigine garamazdan, men hormat bilen okyjylaryň ünsüni şoňa çekýärin. Pars köşgüne garaşly deňiz duralgasynyň wekili Haýdar ependi bilen men entek Konstantinopolda tanşypdym. Ol şondan ozal Peterburgda hem Parižde ilçi bolup işläpdir. Şahsy tanyşlygymdan başgada, mende onuň ýakyn dostlarynyň iberen hatyda bardy. Türkleriň myhmanparazlygyny ozalam kän gezek görenim üçin gowy kabul ediljegime ynanýardym. Şonuň üçinem türk ilçihanasyna geljekki ygtybarly mesgen hökmünde garaýardym. Onsoňam, ol jenaplaryň tomusda Jizere (Tährandan on iki werst daşlykda) gitmek endigi bolany üçin men geýimlerimi çalşyryndymda, ukusyz geçiren gijelerimiň öwezini dolmak üçin birnäçe sagat ukladym. Soňam şäheriň daşyna gitmek üçin kireýine alan eşegime münüp ýola düşdüm. Iki sagatdan ependiniň bolýan ýerine ýetdim. Olar ajaýyp ýüpek çadyrda günortan naharyny edinmäge taýynlanyp oturan ekenler. Bu zatlaryň bary maňa nepis hem ünsi çekiji görünýärdi. Ilçiniň hem onuň kätipleriniň kabul edişligi aňrybaş mähirlidi. Maňa dessine saçak başyndan ýer tapdylar. Birnäçe minut geçensoň, biz Stambul hem onuň gözel ýerleri, soltan hem onuň döwleti edara edişi hakyndaky söhbede gyzyşdyk. Tähranda Bosfor baradaky ýatlamalaryň lezzetini diýsene! Şu hili gürrüňçilikde pars hem türk durmuş terzleriniň tiz-tizden deňeşdirilmeginde heýde geňlär ýaly zat barmy? Ilkinji täsirlere aňsat ynanýan adam üçin Eýran göçgünli şahyrana mowzuklaryň ýurdy bolsada, hakykat ýüzünde kalbyňa dowul salýan çölden başga zat däl. Onuň bilen deňeşdireniňde, Türkiýe, hakykatdanam, ýerdäki jennete meňzeýär. Men parslardaky mylaýym kabul edişligiň, ugur tapyjylygyň hem ýiti paýhaslylygyň osmanlylara ýetmeýänini bilýärin. Ýöne osmanlylardaky päklik, hoşniýetli gönümellik şol ýetmeziň öwezini daş ýany bilen dolýardy. Garşydaşlarynyň şeýle häsiýetler bilen öwünmäge ýagdaýy ýok. Parslar özleriniň beýik şahyrlary hem gadymy siwilizasiýasy bilen magtanmaga hakly. Osmanlylaryň artykmaçlygyny subut edýän zat – olaryň ýewropa dillerine üns bermekleri hem ýewropaly alymlaryň himiýa, fzika, taryh ylymlary boýunça derňewlerini özleşdirmäge bolan ymtylyşlarydyr. Biz gijäniň bir wagtyna çenli gürleşip oturdyk. Ertesi gün Ýewropadan gelen beýleki wekillere niýetlenilendi. Imperatoryň ilçisi graf Gobinony men bagyň içindäki edil gazan ýaly gyzgyn, kiçijik çadyrdan tapdym. G.Alison Gýulagek bagynyň içinde has rahat, hemme zady üpjün jaýda ýaşaýar eken. Jaýy onuň hökümeti öz ilçisi üçin kireýine alypdyr. Ol örän sypaýydy. Biz onuň myhmansöýer saçagynyň başynda oturyp, iňlis ilçileriniň beýleki diplomatlardan tapawutlylykda gowy üpjün hem boltelki durmuşda ýaşaýandyklarynyň sebäpleri barada kän gezek pikir alyşdyk. Ýewropanyň diplomatik korpusynyň daşyndanam, men şol gezek Tähranda birnäçe fransuz, italýan serkerdelerini, birem awstraliýaly inžener fon Gasteýgeri tapdym. Olaryň hemmesi ganymat aýlyk bilen şaha gulluk edýärdiler. Eşidişime görä, ol jenaplar bu ýurda wepaly gulluk etmäge gelipdirler, olarda munuň üçin ähli zerur häsiýetler bardy. Ýöne olaryň bu ugurdaky ähli synanyşyklary Pars ýurduna häsiýetli bolan ulgamyň ýetmezçilikleri, ýurduň adamlarynyň ýaramaz hem gizlin hileleri arkaly puja çykarylýardy. Ferruk hanyň Ýewropa boýunça diplomatik syýahatynyň maksady biziňkilere Eýranyň özüni abadan döwletleriň tarapyna goşmak baradaky meseläni nähili gyzgyn goldaýandygyny görkezmekden ybaratdy. Ol öz ýurduna siwilizasiýanyň jadyly melhemini mümkin boldugyça tizräk ornaşdyrmakda kömek berilmegini haýyş etdi. Bütin Ýewropa Parsystanyň özlerindäki başlangyçlary hem däpleri kabul etmäge taýýardygyna ynandy. Uzyn sakgaly, uzyn geýimi, belent telpegi Ferruk hany diýseň abaýtoş görkezýärdi. Biziň ministrlerimiz özleriniň göwnaçyk türkanalygy bilen oňa çäksiz ynam bildirýärdiler. Hökümete hormat goýup, Pars ýurduna serkerdeler, artistler, hünärmentler tapgyr-tapgyr bolup dökülip ugrady. Soňra bolsa şanyň adatdan daşary ilçisiniň saparyna jogap edip, ilçileri ýollamaly boldy. Şonuň netijesinde, Belgiýa epesli çykdajy edip, söwda işlerini öwrenmek, söwda şertnamalaryny baglaşmak hem syýasatyň beýleki köpsanly zatlary bilen baglylykda, Pars ýurduna öz ilçisini ýollady. Özümä ol ilçi ilkinji ýollan maglumatyny: «Bardym, gördüm, ýeňdim» diýen sözler bilen başlandyr ýada onda «Ajaýyp Parsystana» gaýtadan dolanmak islegi bolandyr diýip, kepil geçip biljek däl. Belgiýadan soň Prussiýa ol ýere öz ilçisini ýollady. Alym, diplomat baron fon Minutoli bütin ömrüni özi üçin täze bolan bu wezipä bagyşlady. Ylma teşneligi onda işe günorta Parsystandan başlamaga höwes döretdi. Parslaryň atlandyryşlary ýaly, «mawy Şirazdan» iki günlük aralykda ol mergi keseli ýaýran howanyň pidasy bolup, häzir Hapyzyň bir näçe ädim gapdalynda, Bagy-Tahtanyň arka ýüzünde baky ukuda ýatyr. Men gelenimden birnäçe gün soň täze Italiýa korollygynyň ilçihanasyda geldi, olar diplomatik, harby hem ylmy bölümlere bölünýärdi. Olaryň maksady meniň üçin hemişelik syr bolup galdy. Olaryň kabul edilişi hakynda men birnäçe zatlary aýdyp bilerdim, ýöne ol jikme-jiklikleri has amatly wagta goýup, diňe öz niýetime düwen syýahatyma taýýarlyk bilen meşgullanasym gelýär. Türk ilçihanasyndaky dostlarymyň ünsli aladalary netijesinde, men öz saýlap alan ýoluma – gedaý derwüşiň hal-ýagdaýyna ters gelýän şertlerde ýaşadym. Ýaşaýan elpe-şelpe durmuşym şeýle bir degnama degeni üçin Tähranda on gün dem-dynç alyp, Maşada hem Hyrada çenli ýolumy dowam etdiresim gelip, içimi it ýyrtýardy. Edil şol wagt köpden bäri gorkup ýören päsgelçiligim ýüze çykdy. Entek Konstantinopoldan ugramankam, gazetlerde Dostmuhammet hanyň öz giýewisiniň — Hyradyň ozalky ýapjasy Soltan Ahmet hanyň garşysyna uruş yglan edendigini habar berdiler. Muňa onuň öz gaýnyna eden kasamyndan dönüp, pars şasyna elgaramalyga geçmegi sebäp bolupdyr. Göwnüme bolmasa, biziň Ýewropa gazetlerimiziň bu işi gereginden artyk çişirendikleri üçin men oňa bolmalysyndan ýokary baha beremokdym. Men bu päsgelçiligi piňime alman ýola düşdüm. Ýöne tiz wagtdan, uruş hereketleriniň gidýän ýerinden otuz iki günlük ýol aralykda urşuň bu ülkelerde, hakykatdanam, ähli gatnaşyklary kesenini, gabawyň başlanmagy bilen kerwene-de, ýeke özi geçmek islän syýahatça-da Hyrada girmegem, ondan çykmagam bolmaýandygyny ygtybarly çeşmelerden eşidip, gaty gynandym. Parslaryň özlerem janlaryndan hem harytlaryndan jyda düşerin gorkusy bilen bu işe töwekgellik edip bilenokdylar. Ýewropalylaryň üstüne abanýan howp olaryňkydan bäş beterdi. Aziýanyň bu wagşy ýurtlarynda kese ýerli adamyň ýüz keşbi hatda parahatçylykly döwürde-de gündogarlylaryň kalbynda ynamsyzlyk döredýärdi. Uruş wagtynda welin, hasda howply ýagdaýlaryň üstünden eltmegi mümkindi. Göwnüme bolmasa, şol töwereklere aralaşaýsam, hiç hili buýtar-suýtarsyz owganlar tarapyndan çapylyp taşlanaýjak ýalydym. Men öz hakyky ýagdaýymy ölçerip döküp, edil häzirki şertlerde syýahatymy dowam etdirmek mümkin däl diýen pikire geldim. Gyşda Orta Aziýanyň çöllerinde galmazlyk üçin men haýal etmän syýahatymy ýylyň gowy wagtyna – indiki mart aýyna çenli yza çekmegi müwessa bildim. Belki, şol wagta çenli Orta Aziýanyň derwezesi bolan Hyrat bilen ähli gatnaşyklary kesip duran häzirki syýasy ýagdaýlar kadalaşar diýip pikir öwürdim. Bu zerurlyk bilen ylalaşan wagtym sentýabryň başlarydy. Soňky döwürlerde köpsanly ajaýyp ýazgylarda waspy ýetirilenem bolsa, meniň gyzyklanmalarym üçin ikinji derejeli bolan bu ýurtda ýene bäş-alty aý wagty geçirmegiň nähili ýakymsyzlygy düşnüklidir. Eýsem, men näme etmelidim? Men myhmanparaz türk dostlarym bilen hoşlaşdymda, ýarym derwüş lybasyna girip, Yspyhanyň üsti bilen Şiraza ugradym. Bu − Parsystany çynlakaý öwrenmek maksady bilen däldi-de, geljekde syrymy açyp biljek hakyky keşbimi gizlemek üçin gerekdi. Şeýlelik bilen, men Eýranyň gadymy siwilizasiýasynyň belli ýadygärlikleriniň ählisine aýlandym. (Dowamy bar) Arminiý Wamberi Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |