15:10 Orta Aziýa syýahat -3/dowamy | |
ORTA AZIÝA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
IV bap Aňyrsy gurply maşgaladan bolan owgan Nurulla bilen Saride tanşypdym. Garadepä gelen badymyza ol meni öýüne çagyrdy. Ýoldaşlarymdan aýrylasymyň gelmeýänini aýdanymda, ol Bilal hajada şeýle teklip edip, tä razy bolaýýançak ynjalmady. Men ilkibada bu çakylygyň nämäniň hatyrasynadygyny aňmadym. Soň görüp otursam, ol meniň Tährandaky türk ilçihanasy bilen gowy gatnaşykdadygymy eşidip, özi üçin hödürleýji hat almak niýetinde çagyran eken. Men oňa ugramazymyzyň öň ýanynda haýyşyny kanagatlandyrmaga söz berdim. Men giren jaýymy synlabam ýetişmänkäm, otag adamdan doldy. Olar diwarlara arkalaryny berip ornaşdylarda, gözlerini giň açyp, meni synlamaga başladylar. Soňam öz synçylyklarynyň netijesi, meniň syýahatymyň maksady baradaky pikirlerini biri-birine habar berdiler. «Derwüş diýýäňizmi?” diýip, olaryň agramly bölegi seslendi. – Ol derwüş däl, oňa asla meňzänok. Geýminiň ýyrtyklygy bilen ýüz keşbi biribirine düýbünden çapraz gelýär. Hajylaryň gürrüňinden çen tutsaň, bu biziň soltanymyzyň Tährana iberen wekiliniň garyndaşy bolmaly». Bu sözlerden soň olaryň barysy ör turup, şeýle diýdiler: «Şeýle belent mertebeli adamyň türkmenleriň arasynda, Hywada, Buharada näme işiniň bardygyny Allanyň özi bilmese, bendesi bilmez». Bu sözler meni azajyk gorkuzmanam durmady. Olar ýüzümdäki nikaby badabat syrmak isleýärdiler, emma men hakyky gündogarlynyň keşbini janlandyrmagymy dowam etdirdim. Hiç zat eşitmedik ýaly, öz oý-pikirlerim bilen gümra kişi bolan bolup oturdym. Gürrüňlerine goşulmamsoň, olar Bilal haja ýüzlendiler. Ol meniň, hakykatdanam, Soltanyň hyzmatyndaky ependidigimi, Ylahy ylhamyň netijesinde bu dünýäniň aladalaryndan el çekip, keramatly ýerlere zyýarat etmek hyýalyna münendigimi düşündirdi. Bu sözlere duranlaryň köpüsi başlaryny ýaýkady. Soň hiç hili gep-gürrüň bolmady. Hakyky musulman haçanda Ylahy ylham barada gürrüň edilende, öz şübhesini gizlemeli. Käte gürrüň berýän bilen diňleýän, aýdylýan zatlaryň ýalandygyny bilip duran wagtam haýran galan şekilli: «Maşalla! Maşalla!» diýip, çyna berim siz seslenmeli. Bu waka entek parslaryň arasyndakam ýüze çykanam bolsa, meniň eýýäm Orta Aziýanyň serhetinden geçendigimiň subutnamasy boldy. Bu sünnüleriň entek Parsystandakam hiç wagt, hiç ýerde eşitmedik şübheli sowallaryny diňläp, ol halkyň jümmüşine aralaşan mahalym özüme nämeleriň garaşýandygyna ap-aňsat göz ýetirdim. Bu ýaňramalardyr soraglar iki sagat çemesi dowam edensoň, olar çykyp gitdi. Bizem çaý içdikde, ýatmak bilen bolduk. Ýorgana girenimem şoldy welin, türkmen lybasly biri ýanyma geldi. Men ony ilkibada şol maşgalanyň agzalarynyň biridir öýtdüm. Ol meniň bilen gizlin gürrüň edip, soňky on bäş ýylyň dowamynda özüniň dürli işler bilen Hywa hem yzyna gatnandygyny, doglan ýeriniň Gandagardygyny, özbege hem Buhara diýseň beletdigini gürrüň berdi. Soň ol maňa dostlaşmagy, çölüň üsti bilen gidenimde özüni ýoldaş edinmegi teklip etdi. Men oňa: «Ähli dindarlar – dogandyr» diýip jogap berdimde, teklibi üçin minnetdarlyk bildirdim. Gepiň gerdişine görä, özüm ýaly derwüşleriň öz ýoldaşlaryndan asla aýrylmaýanyny duýdurdym. Onuň entek gürleşesiniň gelýändigine garamazdan, özümiň juda ýatasymyň gelýändigini aýdanymdan soň ol gitdi. Ertesi irden Nurulla maňa ol adamyň tirýeki hem ýakasy gaýyşly kezzapdygyny aýdyp, ýagdaýyny tapsam, ondan gaçarak durmagymy maslahat ber di. Şunuň bilen birlikde-de, ol maňa Garadepäniň iki aýlyk syýahatymyz üçin zerur bolan ähli zatlary tapyp boljak ýeketäk ýerdigini, hatda türkmenleriň özleriniňem ýol şaýlaryny şu ýerde tutýandyklaryny duýdurdy. Iň bolmanda, Hywa ýeter ýaly mukdarda çörek almagy maslahat berdi. Men Bilal haja özüm hakdada alada etmegi tabşyryp, bu ýere «Garadepe» adynyň dakylmagyna sebäp bolan garalyp duran depä tarap ugradym. Onuň bir tarapynda parslar, beýleki tarapynda bolsa 125 ýada 150 töweregi owgan hojalyklary ýaşaýar. Aýdyşlaryna görä, bu owgan obasy şu asyryň başynda häzirkisinden has uly bolup, ony Aziýa dünýäsiniň iň soňky beýik basybalyjysy Nedir şa esaslandyrypdyr. Mälim bolşy ýaly, ol özüniň iň uly gahrymançylyklaryny owgan hem türkmen esgerlerine daýanyp gazanypdyr. Maňa çölüň iň çet gyralaryndan gelip, onuň tugunyň astyna ýygnanan çakgan atlaryna atlanan elleri gylyçly müňlerçe esgerine gözegçilik edip oturan depesinide görkezdiler. Şu hili ýagdaýlarda Nedir şanyň hemişe gowy tarapyny aýdýarlar. Şeýlelikde, Garadepäniňem öz baýramçylyk günleri bolýar. Bu sünni obasynyň ilki başda nähili maksat bilen göçürilip getirilenini bilmesemde, häzir onuň adatdan daşary peýdasynyň bardygyna gözüm ýetdi. Sebäbi owganlar türkmenlerdir parslaryň arasynda araçynyň hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Olar bolmadyk ýagdaýynda parslaryň ençemesi satyn almagyň şertlerini düzýän araçy tapylman, türkmenleriň elinde bendelikde ejir çekmeli bolardylar. Parsystanyň gündogarynda bu hyzmaty Kafyň, Jamyň hem Bahirzanyň sünnüleri ýerine ýetirýär. Garadepäniň üstünden seretseň, Hazar deňzi görünýär. Ol deňziň dilkaw ýer bilen bölünen bölegidi. Onuň gutarýan ýerinde-de Aşyrada ýerleş ýärdi. Bu bölegi «Öli deňiz» diýip atlandyrýarlar. Iki deňziň arasyny bölüp duran dilkaw ýer daşdan seretseň ýuka suw zolagy ýaly görünýär. Uzak wagtlap synlasaň, ol uzyn bir hatar edilip ekilen bagada çalym etmän duranok. Bu daşy gurşawly, ümsüm kenarda nämedir bir ylham beriji zat bardy. Meniň gündogar kenara gidesim gelsede, türkmen kenaryna geçer ýaly nähilide bolsa ulag serişdesi tapylmazmyka diýen niýet bilen goşumyza dolandym. Bu iş babatdaky ähli aladany Nurulla öz boýnuna aldy. Şonuň öňüsyrasynda, agşamlyk bize jan başyna bir kron (frank) pul tölesek, ruslary azyk önüm bilen üpjün edýän owgan gämisinde Aşyrada baryp biljegimizi aýtdylar. Ol ýerden bolsa türkmenleriň kömegi bilen birnäçe sagatda Kümüşdepä baryp bolýar. Aşyrada-da ruslaryň gullugynda duran hem garyp hajylara kömek edýän türkmen taýpabaşysy Hydyr han bar diýdiler. Onuň ýanyna gitjegimiz baradaky hoş habar bizi diýseň begendirdi. Ýöne ugramaga taýyn bolup duran owganyň beýleki hajylaryň ählisini äkitmäge razy bolup, meni almakdan ýüz dönderýändigini eşidip, haýran galdym. Ol Soltanyň gizlin jansyzy hasap edýän adamy bolan meni öz gämisine alaýsa, ruslaryň özüne töleýän hak-heşdeginden kesilerin öýdüp gorkýarmyşyn. Bu meni serpmeden gaýdan ýaly etdi. Ýöne ýoldaşlarymyň mensiz gämä münmekden boýun towlap, ýene bir amatly ýagdaý döreýänçä garaşmagy müwessa bilenlerini eşidip, başym gök diredi. Bu zatlary maňa tirýeki Emir Muhammet özüne muwapyk gopbamsylyk bilen habar berdi. Biraz wagt geçensoň owganyň özem ýanyma gelip (ony Anahan diýip atlandyrýardylar), eden işine ökünýändigini, men barada hiç ýerde dil ýarmajakdygyny aýtdy, özi üçin Haýdar ependä hödürleýji hat bermegimi haýyş etdi. Men onuň şübhesini ýalana çykarjak bolup durman, gaýta hezil edip üstünden güldüm hem oňada, Nurullada gerek diýýän hatlaryny Tähranda ýazyp bermäge wada berip, şol sözümde-de tapyldym. Men özümiň hakyky derejämi hem gelip çykyşymy şübhedir syr bilen örtmek zerur diýen karara geldim. Gündogarlylar, aýratynam, yslama uýýanlar her ädimde çypdyryp, aldasalarda, adamlaryň olary ynandyrmak üçin tekrarlaýanlarynyň bütinleý tersine bolan zatlara hemişe ynanýarlar. Şonuň üçinem meniň sähelçe garşy çykmagym olaryň şübhesini tassyklamaga delil boljakdy. Soňra bu mesele barada sähelçede kakdyrma bolman, şol agşam biz Kümüşdepä ugraýan bir türkmeniň hiç zat almazdan, diňe haýyr-sogap üçin hajylaryň ählisini äkitmäge razydygyny eşitdik. Bu dörän amatly ýagdaýy hem ugurdaş öwüsýän ýeli sypdyrmazlyk üçin biz kenara ir bilen barmalydyk. Gedaýlar kerweniniň ykrar edilen üçlügi ─ Bilal hajy, Saly hajy hem men haýal etmän Ýakup atlandyrylýan şol türkmeniň ýanyna ugradyk. Ýaş hem gözleri dogum bilen ýanyp duran ol türkmen bizi ýeke-ýekeden ogşap, ýol şaýymyzy tutmagymyz üçin bir gün garaşmaga razy boldy. Ol Bilal hajy hem Saly hajy ikisinden doga okamaklaryny haýyş etdi. Yzymyza gaýtjak bolup durkak, birden ol meniň özi bilen ikiçäk galmagymy sorady. Men garşy bolmadym. Soňra ol biraz çekinjeňlik bilen öz taýpalaryndan bolan bir gyza köp wagt bäri göwün bersede, işiniň şowuna bolmaýandygyny, ýöne edil häzir Garadepede bolýan bir täsin jadygöý jöhidiň, eger gös-göni Mekgeden getirilen gülgüne reňkli gül suwuny tapsam, ondan üýtgeşik gowy derman taýýarlap bermegi boýun alandygyny gürrüň berdi. ─ Men hajylaryň keramatly şäherlerden gülgüne hem beýleki gül suwuny getirýändiklerini bilýän – diýip, Ýakup sözüni dowam etdi. ─ Baştutanlaryň iň ýaşy bolanyňyz üçin siz meniň bu haýyşymdan boýun towlamarsyňyz diýip tama edýärin. Bu çöl perzendiniň yrymçyllygy meni onuň kezzap jöhidiň sözlerine ynanyşyçarak haýrana goýdy. Ýoldaşlarymda oňa gerek zadyň, hakykatdanam, bardygy üçin haýyşyny dessine kanagatlandyrdyk. Ol muňa edil çaga ýaly begendi. Şondan iki gün geçensoň, ir bilen biz deňziň kenaryna ýygnandyk. Beýleki ýol azyklarymyzyň daşyndan biziň herimiziň egnimizde bir halta unam bardy. «Taýmyl» atlandyrylýan gaýyk biziň hemmämizi türkleriň «mauna» diýýän kiçijik gämisine eltýänçä, epesli wagt geçdi. Ol gämi deňiz kenarynyň ýalpaklygy üçin bir iňlis mili çemesi daşlykda durdy. Men bu geçişimizi hiç wagt ýadymdan çykarmaryn. Agaçdan oýulyp ýasalan kiçiräk gaýygyň garnynda ýolagçylar undur beýleki zat bilen garym gatym bolup ýerleşdi. Her minutda deňze gaçaýmak howpy abanýanam bolsa, biz gämä sagaman aşanymyz üçin ykbalymyzdan minnetdar bolmaly. Türkmenlerde gämileriň üç görnüşi bar: 1. Keseboý – bir bogaldakly, iki ýelkenli, biri uly, beýlekileri kiçijik, esasan, ýük daşalýar; 2. Gaýyk – bir ýelkenli, adatça, garakçylyk et mek üçin ulanylýar; 3. Taýmyl – ýük gämisi. Ýakubyň biziň ygtyýarymyza beren gämisi keseboý bolup, ýapýaňy Çeleken adasyndan pars kenaryna nebit, şepbik hem duz eltip, indem çörekden ýüklenip, yzyna ugraýardy. Bu gäminiň palubasy bolmany üçin oturar ýaly belli orunlarda ýokdy. Şonuň üçinem her kim öz islän ýerinde ornaşdy. Bu bitertipligiň gämini dolandyrmaga päsgel berjegini Ýakup aňdy. Şoňa göräde, biz ýene goşlarymyzy gozgaşdyryp, edil duzlanan takgaz balyklary ýaly egin-egne berip, iki hatar bolyp oturdyk. Şeýlelikde, gäminiň gämiçilerine öňe-yza ýörär ýaly boşluk galdy. Biziň ýagdaýymyz meňki bolsun diýerlik däldi. Gündizine çydarlyk baram bolsa, gijesine uky büren ýolagçylar dogry oturyp bilmän, kä eýläk, kä beýläk agýardy. Şeýle ýagdaýda üstüme ýaplanyp, hor çekýän hajynyň agramyna sagatlap çydam etmeli bolýardym. Tiz-tizden iki tarapymdakylaryň ikisem meniň üstüme agyp gaýdýardy. Şonda-da olary oýarmaga het edip bilemokdym. Sebäbi başgalaryň ejir çekmegine sebäpkär bolmak agyr günä hasap edilýärdi. 1863-nji ýylyň 10-njy aprelinde günortanlar ugurdaş şemal ýelkenlerimizi çişirip, kiçijik gämimizi öňe dazyrdadyp ugrady. Çep tarapymyzda inçejik dilkaw ýer görünýärdi, sag tarapymyzda bolsa tä deňze çenli uzalyp gidýän gür tokaý bilen basyrynan dag seleňläp otyrdy. Onuň üstünde bolsa Apbas şanyň saldyran Eşref atly köşgi göze ilýärdi. Ajaýyp bahar howasy biziň argonawtlar ekspedisiýamyza aýratyn görk-görmek berýärdi. Iki tarapymdan gysylyp zordan oturanam bolsam, keýpim diýseň gowydy. Göräýmäge, men häzir pars kenary bilen hoşlaşyp, indi yza dolanyp bolmajak, islendik ahmyr ökünjiň ýer tutmajak nokadyna gelenim barada oýlanmaly ýalydym. Ýöne beýle pikir meniň kellämede gelenokdy. Özleriniň wagşyýana daş keşpleri bilen ilkibada gorkuzan ýoldaşlarymyň maňa tüýs ýürekden wepalydyklaryny hem olaryň ýolbaşçylygy astynda her hili howp-hatarlary ýeňip geçip biljegime ynandym. Agşamlyk deňze asudalyk aralaşdy. Biz kenaryň golaýynda labyr taşladyk. Gäminiň kiçijik ojagynyň gapdalynda bize gezek-gezegine çaý içmäge rugsat etdiler. Guşagymda birnäçe bölek gant gizlengidi. Men Ýakubyda çaýa çagyrdym. Saly hajy bilen Soltan Mahmydam biziň gapdalymyzda ornaşdy. Bir ýaş ýaňra türkmen alamançylyk hakynda soňsuz gürrüňe tutdy. Bu olaryň halaýan gürrüňidi. Onuň hemişe oýnaklap duran gözleri häzir öz ýurdunyň asmanyndaky petreşýän ýyldyzlar bilen bäsleşýärdi. Dostlarymy tizden uky basmarlap ugrady. Meniň ýeke özüm irginsizlik bilen onuň gürrüňine hä berip, ýarygijä çenli oturdym. Hoşlaşyp durkak, ol Nurullanyň meni myhman hökmünde türkmenleriň baştutany Hanjanyň çadyryna ýerleşdirmegini haýyş edendigini aýtdy. Sebäbi beýleki hajylara meňzemeýänligim üçin men ugruma has gowy seredilmegime mynasypmyşym. Ýakup maňa şeýle diýdi: «Hanjan kuwwatly taýpanyň aksakgaly. Hatda onuň kakasy döwründe-de ýekeje derwüşiň, hajynyň ýada haýsydyr bir başga kese ýerli adamyň Kümüşdepäniň üstünden ýoly düşüp, onuň duz çöregini datman geçeni ýokdur. Alys Rumdan (Türkiýeden) bolanyňyz üçin, elbetde, ol sizi gowy kabul eder. Sizem maňa minnetdar bolarsyňyz». Ertesi gün irden howa ýaramaz bolany üçin biz örän haýal hereket etdik. Rus ýerleriniň Aziýadaky iň günorta nokady bolan Aşyrada ýetenimizde agşam düşeňkirläpdi. Aşyrada ýada ýöne Aşyrat Russiýanyň eline mundan ýigrimi bäş ýyl ozal geçipdir. Rus gämileriniň türkmen deňiz garakçylaryna howp salyp ugran döwründen bäri ol ada Russiýanyň golastyna geçdi diýilse, has dogry bolar. Ady türkmen sözünden gelip çykan Aşyrada ozal yns-jyns ýaşamaýan ada bolup, hiç bir garawsyz häli-şindi garakçylyk edip ýörenleriň düşleýän ýeri bolupdyr. Ol ýer häzirki wagtda Parsystandan gelýän syýahatçylarda gowy täsir galdyrýar. Onuň gündogar çetinde gurlan jaýlar köp däl. Ýöne badabat gözüňe kaklyşýan şol jaýlaryň hem kilisäniň ýewropaça gurlandygy maňa adatdan daşary ýakymly göründi. Has beterem, harby gämiler maňa Ýewropa durmuş terzini ýatlatdy. Şonuň üçinem agşamaralar Gesden (Astrabadyň deňiz duralgasy) gaýdyp, gapdalymyzdan buýsançly geçip barýan gämilerden gözümi aýyrman, nähili guwanç bilen syn edendigimi beýan edere söz tapamok. Ruslar bu ýerde üç sany harby gämi saklaýar (ikisi uly, biri kiçi). Eger şolar gorag astyna almasa, Astrahandan ugraýan rus gämileriniň hiç biri üstlerine türkmenleriň çozmak howpundan halas däl. Açyk deňizdäki söwda gämisine gorkara zat ýok. Ýöne ol gapdalyndaky gorag gämileriniň biri bolmasa, kenara barmaga aňsat ýürek edip bilenok. Olary yzynada şol gämiler ugradýar. Rus hökümeti dürli ýollar bilen türkmenleriň çozuşlarynyň öňüni almaga synanyşýar. Garakçylyk görnetin azalanam bolsa, howp bütinleý aradan aýrylmandyr. Betbagt pars, käte bolsa amatly ýagdaý dörände rus gämisi süýrelip, Kümüşdepä äkidilýär. Rus gämileri türkmenleriň suwunda gije-gündiz yzyny üzmän gatnaýar. Gündogar kenardan Günorta – pars kenaryna gatnaýan her bir türkmen gämisiniň hökman pasporty bolmaly. Onuň üçin gäminiň eýesi ýylyň dowamynda 8, 10 ýada 15 dukat möç berde pul töleýär. Şol pasport her ýylyň ahyrynda täzelenip, her gezek gämi Aşyradanyň deňinden geçip barýarka görkezilmeli. Rus emeldarlary ýesirleriň, ýaragyň ýada gaçakçylyga degişli beýleki zadyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin gämini barlaýarlar. Bu peýdaly çäräniň netijesinde türkmenleriň söwda gämileriniň agramly bölegi barlagdan geçirilýär. Gaçyp, nädogry ýoldan gidýänlerini bolsa gabat gelen halatynda rus gämileri tutýar. Eger garşylyk görkezseler, deňziň düýbüne ugradýarlar. Häzirlikçe bir tarapdan, mejbury berklikde şu hili çäreler alnyp barylýar, beýleki tarapdan bolsa, syýasatçylar gerek bolan halatynda olary beýlekiniň garşysyna ulanmak üçin taýpalaryň biri bilen dostlukly gatnaşygy dikeltmäge synanyşýarlar. Men Aşyradanyň üstünden geçen wagtym ol ýerde derýabegi ýada gämiçiligiň başlygy gazylykör taýpasyndan bolan Hydyr handy. Ol eýýäm otuz ýyl bäri ruslaryň gullugynda bolup, olardan her aýda alýan kyrk dukat çemesi hakynyň onusyny öz mürzesine berýär eken. Hydyr han entegem ýarym ýewropalaşan mekanda çadyrda ýaşamagyny dowam etdirýär. Onuň ýerine ýetirmeli wezipesi şundan ybarat: özüniň ildeşlerine ýetirýän täsirinden peýdalanyp, olaryň alamançylyk hem beýleki şoňa meňzeş meýillerinden ruslary habardar etmek. Onuň golastyndakylar özleriniň ýitigözlülikleri hem galjaňlyklary boýunça jansyzyň wezipesine daşýany bilen hötde gelip biljekdiler. Beýleki ähli babatlarda gowy musulmanam bolsa, onuň rus aragynyň tagamyny alanyna köp wagt bolupdyr. Şonuň netijesinde-de, ol gije-gündiziň dowamynda hemişe serhoş. Onuň durabara öz kärimi dowam etdirerler diýip tama edýän ogullary bolsa garakçylar bilen gizlinlikde aralaryny sazlap, niýete düwlen alamanlardyr talaňlardan ruslary habardar etmek barada pikirem edenoklar. Dostumyz Ýakubam pasportyny görkezmelidi. Şeýlelikde, biziň kiçijik gämimizede barlag gararaşýardy. Aşyrada giç agşam golaýlaşanymyz üçin barlagy ertesi gün irden geçirmek kararyna geldiler. Biz kenara golaý ýerde labyr taşladyk. Meniň dostlarym derwüşlerdir hajylaryň howandary bolan Hydyr han bilen görüşmäge mümkinçiligiň bolmandygyna gara çynlary bilen ahmyr edýärdiler. Men welin bu ýagdaýa tüýs ýürekden begenýärdim. Sebäbi Hydyr hanyň ýewropalylaryň ýüz keşplerine hem beýleki edim-gylymlaryna beletliginiň meniň sepimiň açylmagyna ýada iň bolmanda, oňaýsyz ýagdaýda galamagyma getiräýmegi mümkindi. Men ertir gämi barlananda özümiň ýoldaşlarymyňkydan bütinleý başgaça, ýagny, entek aziýalynyň reňkini almadyk ýüz keşbimiň ruslarda şübhe döredäýmeginden az gorkamokdym. Olaryň özüm babatda adamçylyga bap gelmeýän nähilidir bir zatlar etmejeklerini aňsamda, kimdigimiň üstüni açyp, niýetimden dänmäge yrjak bolarlar, büýem ile dolup, türkmenlerede meniň kimdigim äşgär bolar öýdüp howatyrlanýardym. Olaryň eline düşäýseň aýylganç gulçulykdan boşamak üçin Blokwiliňkidenem has köp pul tölemeli bolaryn öýdüp oýlanýardym! Bu agyr pikirleriň derdinden kalbym howsala gaplanany sebäpli men günbatar durmuşynyň iň soňky görnüşini lezzet alyp synlabam bilmedim. Ertesi irden agyr howsala bilen oýananymda, Aşyrada-dan jaň sesi eşidilýärdi. Ýoldaşlarym bu gün Hristosyň direlen güni¹ – hristianlaryň baýramçylygy diýdiler. [ ¹Men onuň ruslaryň Pasha baýramçylygydygyny soň bildim.] Biz bu gün ähli baýdaklary galdyrylan bir harby gäminiň gapdalynda durduk. Birden ähli lybaslaryny geýnen deňizçileriň gaýykly endigan kürek urup golaýlaşyp gelýänini gördük. Olaryň arasyndan ör turan, ähli harby lybasyny geýnen kiçi serkerdäni harby gäminiň bortuna aldylar. Şondan on minudam geçmänkä, bize gämä golaýlaşmaly diýip buýruk berdiler. Men olaryň palubasynda birnäçe kiçi serkerdäniň duranyny gördüm. Ýüregim gürs-gürs urup ugrady. Biz ýakyn bardyk. Indi meniň ähli aladam özümi mümkin boldugyça bilniksiz alyp barmaga gönügipdi. Ykbalyň erkine görä, biziň gämimiz ruslaryňka ýakynlaşyp, öwrülende, meniň ýeňsäm olara tarap bolaýdy. Şonuň üçinem, kiçi serkerdeler meni diňe ýeňse tarapymdan synlap biljekdi. Dabaraly gün mynasybetli, barlag ýüzleý hem geldi-geçer boldy. Dilmaç Ýakup bilen gysgajyk sowal-jogap alyşdy. Kiçi serkerdeler bizide ünsden saldyrmadylar. Olaryň gämimize eden beýleki bellikleriniň arasynda men: «Ol hajynyň akýagyzdygyny görüň!» diýen sesleri eşitdim. Gürrüň, çaky, siwilizasiýadan üzňe durmuşyň alamatlaryny özleşdirip ýetişmedik adam bolan men barada barýan bolarly. Eger şeýle bolsa, bu maňa edilen ýeketäk bellikdi. Olar tiz wagtdan Ýakuplyk işi gutardylar. Şondan sähelçe salym geçensoň, biz eýýäm rus gämilerinden aramyzy açypdyk. Şondan soň äm-säm, alasarmyk ýagdaýdan çykyp, özümi dürsedimde, uludan bir dem aldym. Howsalam zym-zyýat boldy. Biraz wagtdan günbatardan güýçli ýel öwsüp ugrady. Indi ýelkenleri göýberip, bary-ýogy üç mil aralykda ýerleşýän Kümüşdepä ýetmäge howlukmak gerekdi. Ýöne Ýakup esli aralykda görünýän ak nokatdan gözüni aýyrman durşuna öz gämiçileri bilen maslahat etmäge hyýallandy. Onuň kalbyna dowul salan ak nokat bütinleý gözden gaýyp bolansoň, uly ýelkenlermizi goýberdikde, gündogar taýa peýkam ýaly süýnüp ugradyk. Aşyrada-dan ýarym millikde biz birnäçe uzyn, reňklenen çelgileriň gapdalyndan geçdik. Ýakup maňa olary ruslaryň suwdaky serhetini bellemek üçin iňlisleriň goýandygyny düşündirdi. Olaryň beýle tarapy türkmenleriňki bolmaly. «Iňlisler türkmenleri hemişe ruslaryň çozuşyndan gorajakmyşyn». Wagşy çöl perzentlerini bu hili öňdengörüji syýasy ideýalara kimiň ynandyrandygy meniň üçin hemişelik syrdy. Bu deňiz çelgileriniň manysy barada kelle döwmek hem Angliýanyň türkmenlere duýgudaşlygynyň derejesini ölçemek meniň işim däldi. Bir sagada-da ýeter-ýetmez wagtdan türkmen kenary onda-munda görünýän kiçiräk belentliklerden ybarat uzyn dilkaw bolup gözümize kaklyşdy. Biz öňümizden barýan kiçijik gäminiň yzy bilen gidip otyrys. Tizden ýelkenlerimizi düşürdikde, Gürgeniň guýýan ýerinden bir ýarym mil daşlykda – gäminiň şondan golaýa gelip bilmejek aralygynda togtadyk. Iki kenarda-da biribirine ýygjam ýerleşen ýüzlerçe balary öýjügine meňzeş Kümüşdepä gözümiz düşdi. Bu ýerdäki suwam edil Garadepedäki ýaly ýalpakdy. Iň bir düýbi ýasy gämilerem göni kenara baryp ýada Gürgene girip biljek däldi. Şonuň üçinem biz tä Ýakup kenara gidip, ýüklerimizi basar ýaly birnäçe taýmyl iberýänçä epesli aralykda garaşmalydyk. Gelen üç sany taýmyl hemmämizi kenara eltýänçä birnäçe gezek ikibaka gatnamaly boldy. Bilal hajy ikimiz hemmelerden soňa galdyk. Kenarda meniň gelýänimi dostum Ýakubyň üsti bilen bilip, Hanjanyň özümi garşylamaga çykanyny eşidenimde, haýranlar galdym. Men ony kenarda ikindi namazyny okap durka gördüm. (Dowamy bar) Arminiý Wamberi Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |