13:27 Orta Aziýa syýahat -2/ dowamy | |
ORTA AZIÝA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
II bap 1863-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda men ýenede Tährana gelip, myhmansöýer türk dostlarymyň aladasy bilen gurşaldym. Mende öwrülişik ýüze çykyp, ýaýdanjaňlygym zym uçan ýaly bolupdy. Her nämede bolsa, gitmeli diýen karara gelip, gyssanmaç ýol şaýyny tutup ugradym. Köpden bäri Parsystanyň üsti bilen Türk imperiýasyna gelýän köpsanly hajylardyr derwüşlere türk ilçihanasynyň az mukdarda-da bolsa pul kömegini bermek edähedi bardy. Bu Parsystandaky betbagt sünni gedaýlar babatda alanyňda, gönüden-göni haýyr sahawat işidir. Sebäbi şaýy parslar olara kör-köpügem berenokdylar. Ilçihananyň jaýyna Türküstanyň iň çetki ülkelerindenem gelmişekleriň dökülip durmasy şu ýagdaý bilen baglydy. Bu wagşy, egin-eşikleri sal-sal tatarlary öz otagymda görmek meniň üçin adatdan daşary ýakymlydy. Olaryň öz ülkeleri barada berýän peýdaly maglumatlary meniň flologik gyzyklanmalarym üçin diýseň peýdalydy. Meniň açyk göwünliligime haýran galsalaram, munuň nämäniň hatyrasyna edilýändigini bilenokdylar. Tizden olaryň bolýan kerwensaraýyna soltanyň wekili Haýdar ependiniň rehimdar adamdygy, Reşit ependiniň (bu meniň özüme dakan adym) derwüşler bilen dogan ýaly gadyrlydygy, onuň geýmini üýtgeden derwüş bolaýmagynyň ahmaldygy barada gürrüň ýaýrady. Bu gürrüň halkyň gulagyna ileni üçin Tährana gelýän derwüşleriň ilki meniň ýanyma gelip, soňra ilçiniň ýanyna barmaklary geň däldi. Ilçini hemişe tapybam bolanokdy. Şonuň üçinem meniň ýanyma gelip, pullaryny alýardylar ýada beýleki isleglerini kanagatlandyrýardylar. Şeýlelikde, 20-nji martda meniň ýanyma dört sany hajy gelip, özlerini soltanyň ilçisiniň ýanyna eltmegimi haýyş etdiler. Olar yzlaryna – Mekgeden Hemedana gelýärkäler pullaryny alandyklary üçin Parsystanlylaryň üstünden arz etmekçi bolýardylar. Sünnilere berilýän şol puly almagy pars şasy goldanokdy, soltan bolsa birçak gadagan edipdi. Şu ýerde bir zady – hoşniýetli tatarlaryň bütin dünýä olaryň dininiň baştutany bolan soltana boýun synmalydyr diýip pikir edýändiklerini belläp geçmek gerek¹. [¹ Ähli sünnileriň pikiri boýunça, Muhammediň kanuny oruntutary bolan adam, birinjiden, bibaha mirasa – hususanda, oňa girýän şu zatlara: Stambulda, Girkan – Sidede saklanylýan sagada, pygamberiň bir söweşde ýitiren sakgalyna hem dişine, geýimlerine ilkinji dört halifa degişli bolan Kurana hem ýaraglara; Ikinjiden, Mekgä, Medinä, Ierusalime hem musulmanlaryň zyýarat edýän beýleki ýerlerine eýe bolmaly.] Olar: «Biz onuň alyhezretleri ilçiden pul soramzok. Biz diňe mundan beýläk biziň sünni doganlarymyza keramatly ýerlere päsgelçiliksiz barmaga ygtyýar berilmegini soraýarys» diýýärdiler. Gündogar adamynyň şu hili hoşniýetliligi meni juda haýran galdyrdy. Men öz myhmanlarymyň gödek keşplerine ünsli syn edip ugradym. Dogrymy aýtsam, daş görnüşlerinden baryp ýatan wagşy ýaly görünselerde, geýnişleri aňrybaş eleşanam bolsa, päkliklerine, açykgöwünliliklerine göz ýetiren ilkinji pursadymdan başlap, olary sulhum aldy. Men olar bilen uzak wagtlap söhbetdeş bolup, bile gezýän ýoldaşlary, Mekgä barýançalar geçýän ýollary, Tährandan çykyp, haýsy tarapa gitmek hyýallarynyň bardygy barada jikme-jik soraşdyrdym. Aýratynam, şol toparlaryň birindäki Hytaý Tatarystanyndan (oňa Kiçi Buharada diýýärdiler) gelýän hajylaryň biri bilen has köpräk gürleşdim. Ol ýyrtyk jindesiniň üstünden täze gök reňkli geýim geýen, başy ullakan ak selleli, tekepbir garaýyşly, gözleri oýnaklap duran, beýleki ýoldaşlaryndan artykmaçlygy äşgär görnüp duran adamdy. Ol maňa özüniň Wanganyň (Hytaý ýerli häkiminiň) köşk ymamydygyny, ýerliginiň Aksuwdandygyny (Hytaý Tatarystanynyň welaýaty), keramatly ýerlerde eýýäm iki gezek bolandygy sebäpli, iki mertebe hajydygyny gürrüň berdi. Ol meni öz ýanynda oturan dosty bilen tanyşdyrdy. Beýleki oturanlaryňam ýigrimi dört adamdan ybarat hajylaryň kiçijik kerweniň baştutanydygyny aýtdy. «Biziň toparymyz ýaşlardan hem garrylardan, baýlardan hem garyplardan, takwa, alym hem dünýewi adamlardan ybarat. Biz adatdan daşary ýönekeý durmuşda ýaşaýarys. Sebäbi biziň hemmämiz Hokantdan (Kokant) hem Kaşgardan bolup, aramyzda hernä buharalylardan birem ýok» diýip düşündirdi. Orta Aziýanyň özbekleriniň (tatarlaryň) täjiklere (gadymy parslara) bolan duşmançylykly gatnaşyklary maňa öňdenem bellidi. Şonuň üçinem sözlerini bölmän diňledimde, diňe olaryň indi haýsy tarapa ýola düşjekdiklerini soramak bilen çäklendim. Tatarlar şeýle diýdiler: «Tährandan öýmüze çenli dört ýol bilen gidip bolýar. Birinjisi – Astrahan Orenburg-Buhara, ikinjisi – Maşat-Hyrat -Buhara, üçünjisi – Maşat-Merw-Buhara, dördünjisi – Türkmen çölüniň içi bilen Hywa, soňam Buhara. Ýollaryň başky ikisi örän gymmat düşýär, Hyrat urşam onuň üstesine. Soňky ikisi örän howplam bolsa, oňa garamazdan, biz olaryň birini saýlaýmaly. Şo nuň üçinem, dostlukly maslahatyňyza mätäç bolup, size ýüz tutýarys». Biziň gürrüňleşip oturanymyza eýýäm bir sagat boldy. Olaryň göwnaçyklygyny söýmezlik mümkin däldi. Olaryň başga ýeriň adamlarydygyny tekrarlap duran geň boluşlaryna, sal-sal geýimlerine, uzak hem ejirli ýollardaky jahankeşdeligiň galdyran yzlaryna garamazdan, «Men Orta Aziýa şulara daklyşyp gidäýsem, nähili borka?» diýen pikir aňymda gaýmalaýardy. Bu meselede maňa şulardan gowy maslahatçy ýokdy. Üstesinede, bular meni derwüş Reşit ependi diýip tanaýarlar. Meni şol görnüşde türk ilçihanasynda görüpdiler. Bular Buhara diýseň beletdiler. Menden ozal Buhara taýa ugrap, janlaryndan jyda düşen syýahatçylary bilýänim üçin Orta Aziýanyň bu şäherinden, dogrudanam, gorkýardym. Men uzak oýlanyp durman, göwnümi bire bagladym. Özümden beýle syýahata baş goşmagymyň sebäpleri barada sorajaklaryny bilýärdim. Gündogar adamyna ylmy maksatlarym hakynda aýtmaly däldigine meniňem aklym çatýardy. Olaryň ylmy maksat bilen şu hili howp-hatarly ýola ugramagymy gülkünç hasap etmekleri, belkide, şübhe astyna almaklary ähtimaldy. Gündogar adamlary ylma teşneligiň nämedigine düşünmeýärler, hatda beýle zadyň bolup biljeginede ynanmaýarlar. Muny yňdarma musulmanlara subut etjek bolmagyň aňrybaş nadanlyk boljagy bellidi. Şeýle ýagdaýda galmagym maňa aldaw ýoluny saýlap almaga itergi berdi. Eger başga hili ýagdaý bolanlygynda bu ýola baş urup-urmazlyk barada oýlanmaly bolardym. Mysal üçin, men olara köpden bäri Türküstany (Orta Aziýany) görmegi kalbymda besläp gelýänimi aýtdym. Bu islegimiň diňe bir ol ýerde yslamyň päk ahlaklylygyny arassa durkunda görmekden başga-da, Hywanyň, Buharanyň hem Samarkandyň kera matlaryny synlamak eşreti bilen baglydygyny düşündirdim. "Bu isleg meni Rumy (Türkýäni) terk etmäge iterdi. Şonuň üçin bir ýyllap Parsystanda garaşdym, ahyram Hudaýyň eradasy bilen şol niýetlän arzuwyma alyp barýan ýoly bilelikde geçip biljek siz ýaly (men olara tarap ümledim) ýoldaşlara gabat geldim" diýip tekrarladym. Meniň bu gysgajyk sözümi diňlän hoşniýetli tatarlar ilki juda haýran galdylar. Soňam tizden özlerini dürsäp, başda meniň derwüşdigime şübhelenenem bolsalar, indi ynanýandyklaryny aýtdylar. Şu hili alys hem howply ýoly bile geçmek üçin mynasyp ýoldaş hökmünde özlerini saýlanyma diýseň şatdyklaryny mälim etdiler. „Biz siziň diňe bir dostuňyz däl, hyzmatkäriňiz bolmagada taýýar“ diýip, Bilal hajy seslendi (meniň öňde söhbetdeş bolan adamymyň ady şeýle ekeni). «Ýöne Türküstana barýan ýollaryň Parsystanyň, Türkiýäniň ýollary ýaly amatly hem howpsuz däldigini size duýdurmagymyz gerek. Ol ýollara düşen adamlaryň tutuş hepdeläp ýatyp-turara jaýsyz, çöreksiz, käte ýeke damja suwsuz oňmaly bolýan wagtlaryda bar. Mundanam beteri, olaryň üstüne ölüm, ýesir alnyp, gul edilip satylmak ýada harasat gopup, diriligiňe çägä gömlüp galmak howplaryda abanýar. Şu zatlar barada gowja oýlanyň, ependi! Siz, belki, şol zatlar başyňyzdan inen mahaly tobada gelersiňiz, ýöne biz welin, siziň betbagtlygyňyzyň alaçsyz sebäpkärleri bolarys. Öňi bilen bir zady – siziň watandaşlaryňyzyň tejribe hem dünýä akyl ýetirmek babatda bizden kän yza galandyklaryny unutmaň. Her neneň myhmanparazdyklaryna garamazdan, alysdan gelenlere hemişe şübheli garaýarlar. Has beterem – siz bu alys syýahatdan nädip bizsiz, ýeke özüňiz yzyňyza gaýdarsyňyz?» Bu sözleriň maňa nähili güýçli täsir edendigini göz öňüne getirmek kyn bolmasada, ýüregime düwen maksadymdan dönderip bilmedi. Dostlarymyň howsalasyny köşeşdirmek üçin men olara her dürli kynçylyklara werdiş bolandygymy, zeminiň ähli elpe-şelpe ýaşaýşyny, aýratynam, franklaryňkyny ýigrenýändigimi, olary terk etjegime ökünmeýändigimi aýtdym. «Zeminimizdäki ýaşaýşymyzyň myhmanhana çalymdaşdygyny, onda birnäçe gün myhman bolup, ornumyzy başgalara goýup gitmelidigimi bilýän» diýdim. Häzirki musulmanlaryň ömürlerini minutlar bilen ölçemän, ýene onlarça ýyl ýaşamaga bil baglaýandyklarynyň meniň üçin gülkünçdigini aýtdym. «Mähriban dostlar, meni öz ýanyňyza alyň, günäniň bu ýigrenji şalygyny tizräk terk edesim gelýär. Ol halys ýüregime düşdi!» diýdim. Bu ynandyrmalarym ähli päsgelçilikleri böwüsdi. Olar maňa garşy çykyp bilmediler. Derwüşler kerweniniň baştutanlary haýal etmän meni özlerine ýoldaş edip aldylar. Olarda kabul edilen bu däbi keşdim çekmesede, biz gujaklaşyp ogşaşdyk. Olaryň özlerine hem her hili yslar siňip, aňkap duran geýimlerine beýle ýakynlaşmak aňrymy bärik getirdi. Nämede bolsa, iş bitdi. Maňa diňe öz howandarym Haýdar ependi bilen görşüp, ýüregime düwen niýetimi habar bermek, haýal etmän gaşyna eltip biljek hajylaryma hemaýatkärlik etmegini haýyş edäýmek galypdy. Özümden ozal gitmegi küýlenýän ýerlerime ugrap, sagaman dolanyp gelenler azam bolsa, herki kynçylyklara garamazdan, syýahata gitmäge göwnümi bire baglanym üçin bu niýetime has güýçli garşylyk bolar öýdüp tijendim. Ýol azabyndan eýmenmeýänimi bilensoňlar, olar meniň bilen ýoldaş boljak adamlaryň ýanymdaky sähelçe pul üçinem başyma ýetmekden gaýtmajakdyklary hem başga-da biri-birinden aýylganç zatlar barada gürrüň berdiler. Meni raýymdan gaýtarmak üçin çeken ähli azaplarynyň ýer tutmaýanyny görübem, maslahat berip ugradylar. Özleriniň bu işde maňa nähili kömek edip biljekdikleri barada çynlakaý oýlanmagymy tabşyrdylar. Haýdar ependi hajylary kabul edip, olara meniň göwnüme düwen maksadym barada öz aýdyşym ýaly görnüşde gürrüň beripdir, maňa göz gulak bolmaklaryny sargyt edipdir. Soltanyň hyzmatkäri bolan ependä eden hyzmatlary üçin olaryň gadyryny biljekdigini duýdurypdyr. Men ol kabul edişlikde bolmadym. Ýöne olaryň birgiden zady boýun alyp, şonam ýerine ýetirmäge söz berendiklerini maňa habar berdiler. Meniň mynasyp dostlarymyň öz beren sözlerini nähili berjaý edendiklerine hem hoşniýetli türk ilçisiniň hemaýatkärleriniň kän gezek meniň dadyma ýetişendigine okyjylaryň özleri göz ýetirerler. Takwa ýoldaşlarymyň päkgöwünlilikleri hem wepadardyklary iň bir jygba-jygly ýagdaýlarda maňa penakär boldy. Duşuşyk mahalynda Buharadan gürrüň çykanda Haýdar ependi Emiriň hereketlerini ýazgarypdyr. Soňra ol pukara syýahatçylaryň ählisiniň sanawyny talap edipdir. Olaryň hersine on bäş dukat töweregi pul paýlapdyr. Suw bilen nandan başga zada ýüzi düşmeýän adamlar üçin bu ullakan elpe-şelpelikdi. Biziň syýahatymyz ýene bir hepdeden başlanmalydy. Şol wagt Bilal hajy aksuwly, ýarkentli, kaşgarly ildeşleri bilen tanyşdyrdy. Dogrymy aýtsam, men olary takwa zyýaratçylyklaryndan beter murdar başdan geçirmeleri gözleýän adamlara meňzetdim. Ol aýratynam, öz ogullygy, ýigrimi bäş ýaşlaryndaky tentek Abdylkadyry öňe tutup, ony maňa hyzmatkär hökmünde tanyşdyrdy. «Ol biraz çemesiz diýmeseň, gowy oglandyr. Sizden köp zatlary öwrener. Ýolda näme ýumşuňyz bolsa, oňa tabşyryberiň. Siz üçin nanam ýapar, çaýam gaýnadar. Bu zatlara ökdedir» diýip, Bilal hajy düşündirdi. Bilal hajynyň esasy maksady – ogullygynyň maňa çörek bişirip bermegi dälde, meniň çöregime şärik bolmagydy. Onuň ýanynda başgada bir ogullygy bardy. Ol iki iýermen ýigit paýu-pyýada ýol söküp ýören dostumyň ýanyna göteren azygyny derrew bokurdaklaryndan ötürjekdi. Bu şerte kaýyl bolmaga söz bermegim olary şatlandyrdy. Dogrymdan gelsem, Bilal hajynyň ýanyma ýygy-ýygydan gelmegi maňa bir hili, şübheli görnüp ugrady. Ol meni özi üçin amatly olja hasaplaýandyr öýtdüm. Ol meniň özleri bilen gaýtmagym üçin kän alada etdi. Birden niýetimden dänäýerin öýdübem gara jany galmady. Ýöne men ol hakda erbet pikir edibem biljek däl, beýtmek küýümde-de ýok. Özüne gürrüňsiz ynanýandygyma göz ýetirer ýaly, ýol üçin ýanyma alan sähelçe pulumy görkezdim. Näme edenimde öz ýoldaşlarymdan tapawutlanmaz ýaly, hiç kimiň ünsüni özüme çekmezim ýaly nähili geýinmelidigim, özümi nähili alyp barmalydygym barada ondan maslahat soradym. Şu hili ynam bildirmegim oňa ýarady. Şonuň üçinem, onuň maňa nähili geň maslahatlar berendigini göz öňüne getirmek kyn däldir. Ilki bilen ol saçymy syrdyrmalydygymy hem türk-ýewropa lybasymy buhara lybasyna çalşyrmalydygymy düşündirdi. Soň ýorgan-düşek, ýorgan-daşlyk ýaly zatlarsyz oňmaga endik etmegimi sargady. Men onuň ähli aýdanlaryny berjaý edip, tiz wagtdan—ugramagymyza üç gün galanda ýönekeýje ýol şaýymy jemledim. Indi men alys syýahata bütinleý taýýardym. Bir gezek men ýoldaşlarymyň ýaşaýan kerwensaraýyna bardym. Olar iki sany hüjräni eýeläp, birinde on dört, beýlekisinde bolsa on adam bolup ýaşaýardylar. Hüjreler maňa ogry-jümrüleriň ýaşaýan hütdükleri ýaly ýigrenji göründi. Özem şu duýgy mende hemişelik saklanyp galdy. Olaryň az sanlysynda syýahat üçin zerur zatlaryň käbiri bardy, köpüsiniň welin ýeketäk emlägi gedaý taýagydy. Men baran wagtym olar hajathana zeruryýetleri bilen meşgul ekenler. Soňra zerurlyk menem şeýle etmäge mejbur edenem bolsa, okyjylaryň salyhatly duýgularyny masgaralamazlyk üçin ol zatlary ýazyp durjak däl. Olar meni şatlyk bilen gujak açyp garşyladylar, gök çaý hödür etdiler. Men ejire döz gelip, ullakan buhara käsesine guýlan gögümtil suwy gantsyz içmeli boldum. Ikinji käsänem hödür edenlerinde, ýalbaryp, zordan içmän saklandym. Soňra täze ýoldaşlarym bilen ogşaşmak däbi başlandy. Olaryň hersi meni edil öz dogany ýaly mübärekledi. Çörekden herimiz bir döwüm döwüp, başymyzy jemledikde, saýlap alan ýolumyz barada maslahatlaşmaga başladyk. Öňde belleşim ýaly, biziň öňümizde iki ýol durdy. Olaryň ikisem howpludy hem türkmenleriň çöllük welaýatynyň üstünden geçýärdi. Ýeketäk tapawut – ol ýada beýleki ýolda göçüp-gonup ýören taýpalaryň dürlüliginden ybaratdy. Maşat-Merw-Buhara ýoly olaryň iň keltesi bolsada, teke taýpasynyň ýurdunyň üstünden geçýärdi. Beýleki ýoluň ugrunda kalby päk, myhmanperwer ýomut türkmenleri ýaşaýardy. Ýöne ol ýoldan gitseň, kyrk menzili içere ýaramly suwsuz çölden geçmelidi. Kän ölçerip döküp, ahyry Uly çölüň, Hywanyň üstünden geçip, Buhara barýan ýoly saýladyk. «Adamyň ýowuzlygyna duçar bolandan, tebigatyň ýowuzlygy bilen göreşen aňsatdyr, dostlar. Hudaý rehimdardyr. Biz bolsa Onuň ýolunda gezip ýören adamlar. Ol bizi bela-beterlerden aman saklar». Bilal hajy şeýle diýdide, aýdanlaryny berkitmek üçin, doga sanap ugrady. Doga okap bolan badyna biz öňden galdyryp oturan ellerimizi ýüzümize sylyp, sakgalymyzyň üstünden ýöretdikde: „Omyn!“ diýdik. Ornumyzdan turanymyzda, olar meniň hemmämiz bile ugrarymyz ýaly, iki güni geçirip, üçülenji güni irden gelmegimi sargadylar. Men öýe dolanyp gelemsoň, galan iki güni öz özüm bilen ýowuz söweşde geçirdim. Ýolda gabat geljek howplar, öz syýahatymyň berip biljek netijeleri barada kelle döwdüm. Men özümi bu ýola ataran sebäplere hem onuň bu töwekgelligimi aklap biljek netijelerine akyl ýetirmäge synanyşdym. Ýöne göýä jadylanyp, oýlanmak başarnygymy ýitiren ýalydym. Bile syýahatda bolmaly geljekki ýoldaşlarymyň öz hakyky ýaramaz keşplerini gizlin saklaýandyklaryny, Konolliniň, Stoddartyň, Murkraftyň hem türkmenleriň eline ýesir düşüp, 10 müň dukat berlip, gulçylykdan satyn alnan Blokwiliň uçran betbagtçylyklary baradaky gürrüňleriň hiç birem meni raýymdan gaýtaryp bilmedi. Ol mysallara tötänlik ýaly garaýanym üçin hiç birem meni howsala salanokdy. «Tebigatyň ýowuzlyklaryna döz gelmäge güýç-gurbatym ýetermikä, adaty däl iýmite, ýaramaz egin-eşige, açyk meýdanda goragsyz ýatmaga öwrenişip bilermikäm?» Meni howsala salýan pikirler, ine, şulardy. «Öz şu gowşak halymda pyýada ýöräp, argynlyga çydam edip bilermikäm?» Meniň göwnüme düwen işimiň esasy töwekgelligi şunda jemlenýärdi. Bu ruhy söweşiň näme bilen gutarandygy barada aýdyp oturmak gerekmi? Ugramazymyzyň öňüsyrasyndaky agşam türk ilçihanasyndaky dostlarym bilen hoşlaşdym. Meniň syýahatym diňe iki adama aýandy. Beýlekiler meni Maşada ugraýandyr öýdýärdiler. Men bolsa Tährany yzda goýup, Astrabatda hem Hazar deňzine tarap ýolumy dowam etdirmek hyýalyna münüpdim. III bap 1863nji ýylyň 28nji martynda säher bilen şertleşen ýerimiz bolan kerwensaraýa ugradym. Dostlarymyň pars serhedine çenli gatyr ýada eşek satyn almaga harjysy barlary geýinmäge howlukdylar, pyýada gitmeliler bolsa eýýäm çaryklaryny geýipdiler. Elleri hurma agajyndan ýasalan taýakly ol adamlar göräýmäge, ugramak barada beriljek duýduryşa sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Olaryň egninde Tähranda gören salsal jindelerimiň bu bendeler üçin hakykatdanam, toý lybasydygyny aňyp, diýseň haýran galdym. Olar ony adaty ýagdaýlarda geýenokdylar. Häzir welin şol lybaslaryny müňläp esgiden ybarat, bili ýüp guşakly geýim bilen çalşyrypdylar. Düýn özümi hakyky gedaý geýmindedirin öýdüpdim, bu gün welin, beýlekiler bilen deňeşdireniňde şa lybasynda ýaly görünýärdim. Ahyrsoňy Bilal hajy ak pata bermek üçin elini göterip, bizem «Omyn» diýip, sakgalymyzy sypalan badymyza pyýadalaryň ählisi ulaglylaryň gapdalyndan dazlaşyp geçip, derwezeden çykdylar. Biziň ýolumyz Tährandan demirgazyk gündogara – sekiz menzilden ýetmeli ýerimiz bolan Sarä tarap uzalýardy. Biz Jadjerud hem Firuzkuhyň daşyndan aýlanyp, hökümdaryň kiçijik aw köşgi bolan Towşandepäni çetde galdyryp, bir sagatdan dag geçidine ýetdik. Ol ýerden eýýäm düzlügem, Tähran şäherem görnenokdy. Men öňüni alyp bolmajak isleg bilen yzyma garadym. Gündogarda aýdylyşy ýaly, Gün naýza boýy galypdy. Onuň şöhleleri diňe bir Tährana däl, ondan has aňyrdaky Şa Abdyl Azymyň altyn çaýylan başlarynada nur çaýýardy. Ýylyň häzirki döwründe Tähranyň tebigaty birgeňsi gök öwüsýärdi. Bir ýyl mundan ozal mende ýakymsyz täsir galdyran şäher häzir ajaýyp görünýärdi. Bu hili nazar meniň Ýewropa siwilizasiýasynyň iň soňky diregi bilen hoşlaşýandygymy aňladýardy. Indi öňde maňa wagşy hem nadançylykly durmuşyň aňry çetlerini synlamak garaşýardy. Aňry baş tolgunmamy ýoldaşlarymdan gizlemek üçin men ýabymyň başyny jülgä tarap burdum. Şol wagt ýoldaşlarym Gurhanyň sürelerinden bölekleri gaýtalamaga, dabaraly aýdymlary aýtmaga başladylar. Hakyky zyýaratçylar şeýlede etmeli eken. Olar meniň takwa adamlara mahsus bu hereketlerine goşulmaýanyma haýpy gelijilik bilen garaýardylar. Olar rumlularyň (osmanlylaryň) türküstanlylar ýaly dindar däldiklerini bilýärdiler. Galybersede, olar mende zerur ylahy ylhamyň öz aralarynda bolmagym netijesinde dörejegine ynanýardylar. Men olaryň yzy bilen ýuwaşja ädim urup barýardym... Sizi olaryň ählisi bilen tanyşdyrmagy zerur hasap edýärin. Sebäbi, birinjidenä, biz uzak wagtlap bile syýahatda bolduk, ikinjiden bolsa, olaryň ählisi ak göwünli gowy adamlardy. Öz ülkelerinde olar ýaly adamlar beýle köp tapylmasa gerek. Ine, olaryň atlary hem teswiri: 1. Bilal hajy, Aksuwdan (Hytaý Tatarystanyndan). Şol welaýatyň hytaý musulman häkiminiň köşk ymamy. Ýanynda ogullyklary hem bar; 2. Iza hajy, on alty ýaşly oglan; 3. Abdylkadyr hajy, ol barada men öňde aýtdym. Olaryň ikisem Bilal hajynyň ýanyndan aýrylman, onuň penakärligindediler. Ýenede şular bardy: 4. Ýusup hajy, Hytaý Tatarystanyndan bolan baý daýhan. Ýanynda ýegenem bardy; 5. Aly hajy, on ýaşynda, kiçijik gyýyk gyrgyz gözli oglan. Ikisindede segsen dukat ýol harjylary bolany üçin olar baý hasap edilýärdiler. Ýöne olar muny gizlin saklajak bolup, ikisi bir ýabyny kireýine alypdyrlar, oňada gezekleşip münýärdiler; 6. Ahmet hajy, bütin ýoly gedaý taýagyny söýget edinip geçen garyp molla. Onuň bilen häsiýeti hem ýagdaýy meňzeş ýene biri bar, ol: 7. Hasan hajy, kakasy ýolda öleni üçin öz watanyna ýetim halda barýar; 8. Ýakup hajy, gedaýlygy kakasyndan miras alan adam; 9. Gurban hajy (ulusy), gelip çykyşy boýunça daýhanam bolsa, çalgyçy hökmünde bütin Aziýany aýlanypdyr, Konstantinopolda, Mekgede, Tibetde, Kalkuttada, iki gezek gyrgyz sähralarynda, Orenburgda hem Taganrogda bolupdyr; 10. Gurban hajy (kiçisi), ýolda onuňam kakasy bilen dogany ölüpdir; 11. Seýit hajy; 12. Abdyrahman hajy, on dört ýaşyndaky näsag oglan. Gamadanyň garynda aýagyny sowuga aldyrany üçin Samarkanda çenli aralykda diýseň ejir çekdi. Öňde atlary agzalan zyýaratçylar Hokantdan (Kokant), iki sany ýanaşyk welaýat bolan Ýarkent hem Aksuwdandyklary üçin Hytaý Tatarystanyndan bolup, Bilal hajynyň toparyna degişlidiler. Bilal hajy bulardan başgada, şular bilen dostlukly gatnaşykdady: 13. Kaşgarly Şyh Soltan Mahmyt hajy. Şadyýan häsiýetli ol tatar Kaşgarda jaýlanan belli keramatly hezreti Afagyň neberesindendi. Meniň dostum Şyh Soltan Mahmydyň kakasy şahyr eken. Özem Mekgä barmak onuň baş arzuwy bolany üçin kän külpetlere döz gelip, ol keramatly şähere barypdyrda, şol ýerde-de amanadyny tabşyrypdyr. Oglunyň ol ýere zyýarata gitmekden maksady – kakasynyň hemem pygamberiň mazarlaryny görmekdi. Onuň ýanynda başgada şular bardy: 14. Hüseýin hajy, onuň garyndaşy; 15. Ahmet hajy, ozalky Şiiwan polkundan bolan hytaý esgeri. Musulmanlardan düzülýän ol polkuň esgerleri tüpeň göterýär eken; Hokant hanlygyndan şular bardy: 16. Saly hajy, işanlyga dalaşgär (şyhyň tituly), ýarym dini ordene degişli bolsa gerek. Örän oňat adam bolan ol hakda biz entek kän gürrüň ederis. Onuň ýanynda ogly: 17. Abdylbaky hajy hem onuň dogany; 18. Abdylkadyr Mejub («Hudaýyň söýgüsi bilen ylhamlanan» diýmek) hajy bardy. «Alla!» diýip, yzyny üzmän iki müň gezek gaýtalanda, onuň agzyndan ak köpük gelip, telbe hala düşüpdir (Ýew ropada ol ýagdaýy «tutgaýly» diýip atlandyrýarlar); 19. Kary Messut hajy (Türkiýede hafyzlar, ýagny Gurhany ýatdan bilýän adamlar «kary» diýlip atlandyrylýar); 20. Iýaseddin hajy; 21. Mürze Aly hajy; 22. Ahrarguly hajy; bi iki zyýaratçynyň haltasynda ýola gerek beýleki zatlar bilen birlikde birnäçe teňňe pullary bardy. Olar iki bolup bir ýabyny kireýine alypdyrlar; 23. Nurmuhammet hajy. Özüniň dälde, başga biriniň deregine eýýäm iki gezek Mekgede bolup gören söwdagär. Biz barha belende galýan Elbrus dagynyň eňňidi bilen gidip barýarys. Meniň ruhdan düşenim dostlarymyň nazaryndan sypmandyr. Olar her hili ýollar bilen meni şatlandyrjak, ruhumy göterjek bolýardylar. Hemmelerden beter Saly hajy alada galýardy. Ol hemmeleriň meni edil doganlary ýaly görmelidigine, eger, biz Hudaýyň kömegi bilen, şaýylaryň mesgenini yzda goýup, özümiz bilen bir mezhebe uýýan sünni türkmenleriň ýaşaýan ýurduna sagaman aralaşsak, hemme zadyň gülala-güllük boljakdygyna ynandyrýardy. «Ýagşam bir teselli berdiň!» diýip oýlandymda, hool öňden barýan pyýada derwüşleriň yzyndan ýetmäge howlukdym. Ýarym sagat haýdamsoň, olara goşuldym. Adatdan daşary şadyýan hem gujurly ädim urup barýan bu adamlar Türküstanyň alys künjeginden Mekgä çenli hem ondan yza bolan aralygy paý-pyýada geçmäge werdiş bolanlardy. Olaryň aýdýan şadyýan aýdymlarynyň äheňi wengerleriňkä örän çalymdaşdy. Olaryň käbiri ýolda başyndan geçiren geň-enaýy wakalaryny gürrüň berýärdi. Ol gürrüňleri hezil edip diňleýärdim. Sebäbi, olar meni alysdaky taýpalaryň pikirleniş aýratynlyklary bilen tanyşdyrýardy. Şonuň üçinem Tährandan ugran badymyza, özümi Orta Aziýa durmuşynyň içindemikäm öýdüp göz öňüne getirip ugradym. Gündizlerine howa maýlam bolsa, irden, aýratynam, daglyk ýerlerde mazaly sowaýardy. Egin-eşigimiň ýukalygy hem ýabyly barýanym üçin sowuga çydaman, pyýada ýöränimi kem görmedim. Ýabymy bolsa pyýada barýanlaryň birine berdim. Olam deregine maňa öz hasasyny berdi. Şeýlelikde, uzak wagtlap pyýada ýöräp barşyma olaryň öz watanlary hakyndaky gyzgalaňly gürrüňlerine gulak asdym. Haçanda Margilanyň, Namanganyň hem Hokandyň baglary baradaky ýatlamalar gyzyşyp, aňry hetde ýetende, olar ses goşup telkin (Sena) aýtmaga başla dylar. Sesimiň ýetdiginden: «Alla, aý, Alla!» diýip, gygyryp, menem olara goşuldym. Her gezek şeýdip olaryň duýgularyna hem hereketlerine ýakynlaşmagym ýaş derwüşlere hoş ýak ýardy, olaryň üsti bilen bolsa ýaşuly zyýaratçylara ýetýärdi. Olaram öz ýanlaryndan hoşal bolup "Reşit hajy (meniň olaryň arasynda tutulýam adym) hakyky derwüş, mundan tama bar" diýip, häli-şindi gaýtalaýardylar. Alys ýol söküp, dördülenji gün biz epesli belentlikde ýerleşen Firuzkuh şäherine ýetdik. Oňa eltýän ýoluň ýaramazlygy diýip aýdar ýaly däldi. Dagyň eteginde ýerleşen bu şäheriň daşyna haraba öwrülip giden berkitme aýlanypdyr. Şäheriň gowy tarapy – bu ýerde Arak-Ajemi welaýaty gutaryp, Mazendaran welaýaty başlanýar. Ertesi irden ýolumyz dogry demirgazyga tarap uzalyp, üç ýa dört sagat çemesi wagtdan äpet jülgede ýerleşip, Hazaryň kenaryna çenli ýaýylyp ýatan Mazendaran welaýatyna bardy. Eger syýahatçy kerwensaraýdan çykyp, daga tarap birnäçe ädim ätse, Güne ýanyp ýatan hasylsyz giňişlik bir gudrat bilen adatdan daşary baý hem gül açyp oturan ýurda öwrülene dönýär. Daş-töweregindäki göm-gök ajaýyp tokaýdyr ekinleri synlap, bu ýeriň Parsystandygynam unutmak mümkin. Mazendaranyň ähli gözelligini beýan etjek bolup oturmagyň zerurlygy ýok. Olar onsuzam Frazeriň, Kanolliniň hem Berniň ussatlyk bilen ýazylan oçerkleri arkaly hemmelere mälim! Biz Mazendarandan baharyň joş urýan wagty çykdyk. Jadylaýjy tebigat meniň aňymdaky howsalaly pikirleriň ählisini süpürip aýyrdy. Men saýlap alan syýahatymyň howp-hatarlary hakynda oýlanmamy bes edip, ýolumda indi gabat geljek ýerler, her dürli taýpalar, däp-dessurlardyr ahlaklar baradaky süýji ýatlamalara gümra boldum. Dogrymdan gelsem, hyýalyma getirýän bu hili zatlarymyň bütinleý tersine bolan ýagdaýlaryda synlamaly boljagymy bilýärdim. Eýlesine-beýlesine göz ýetmeýän äpet, gorkunç çöldür düzlüklerde uzak günläp teşnelik jebrini çekmeli boljakdygymy aňýardym. Tizden hoşlaşmaly boljagym üçin bu ýerleriň eşret sapasy öňküsindenem iki esse artan ýaly duýulýardy. Mazendaran meniň ýoldaşlarymada täsirini ýetirmän durmady. Jennete berimsiz bu şäheriň şaýylaryň elindedigine olaryň janlary ýanýardy. «Ähli gözel ýerlere şaýylaryň eýeçilik edýäni geň zat. «Bu dünýä dindarlar üçin zyndan, kapyrlar üçin jennet» diýip, pygamber dogry aýdypdyr». Bilal hajy şeýle diýdide, sözüni delillendirmek üçin Hindistanyň iňlisleriň golastyndadygyny mysal getirdi. Orsýetiň hem Pereňistanyň gözelliklerini bolsa ýerdäki jennet hökmünde suratlandyrdy. Ýoldaşlaryna göwünlik bermek islän Soltan hajy aýdanyny subut etmek üçin Oş (Hokandyň serhedinde) bilen Kaşgaryň aralygyndaky daglyk welaýaty mysal getirdi. «Ol ýerler Mazendarandanam has gözel» diýip tekrarlasada, muňa onçakly ynanmadym. Zirab diýlen ýerde biz Mazendaranyň daglyk jülgesiniň iň demirgazyk çetine ýetdik. Şol ýerden Hazar deňziniň kenaryna jähek bolup aýlanan ägirt uly tokaýlyk başlanýardy. Biz Apbas şanyň gurduran, ýöne häzir weýran bolaňkyrlan bendiniň gapdaly bilen barýardyk. Gije ajaýyp buk agaçlaryndan ybarat tokaýlygyň ortasynda ýerleşen Geften diýen ýerde düşlemelidik. Biz ol ýere barmaly wagtymyzda bardyk. Ýaşlar çaý gaýnatmak üçin suw gözlegine gitdiler. Birden aýylganç arryldy eşidildi. Olar ylgaşyp düşleg ýerimize geldilerde, çeşmä golaýlan wagtlary gorkunç haýwanlaryň giň böküp tokaýa siňenlerini gürrüň berdiler. Ilkibada, men olar ýolbars görendirler öýtdüm. Elime gylyjymy alyp gidip barşyma, olaryň görkezen ýerinden has aňyrda agaçlaryň arasynda iki sany ajaýyp alabeder gaplaňa gözüm düşdi. Aýdyşlaryna görä, bu tokaýda wagşy haýwanlar köpem bolsa, olaryň adama topulýan wagtlary örän seýrekmişin. Ýöne bize şagallar ynjalyk bermedi. Olar taýakdan gorkýanam bolsalar, şeýle köpdükleri üçin zordan gorandyk. Şagallar tutuş Parsystanda köp. Tährandada az däl. Gijelerine olaryň uwwuldylary eşidiler durardy. Şeýlede bolsa, olar bu ýerdäkiler ýaly adama golaýlaşanokdylar. Şagallar uzak gije maňa ýazylganlyk bermedi. Ýol alapasy salnan haltamdyr ädigimi aldyrmajak bolup, ellerim, aýaklarym bilen ýetişip bildigimden gorandym. (Dowamy bar) Arminiý Wamberi Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |