08:26 Orta Aziýa syýahat -6/ dowamy | |
ORTA AZIÝA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
VII bap Ne düýäniň, ne-de başga jandaryň aýak yzyny saýgarmaga mümkinçiligi bolmadyk kerwenimiz gündiz Günden, gijede Demirgazyk ýyldyzyndan ugur alyp, ýola düşdi. Gymyldaman, bir duran ýerinde durany üçin türkmenler Polýar ýyldyzyna Demirgazyk (demir gazyk) ýyldyzy diýip at beripdirler. Biri-birine uzyn tirkeş edilip çatylan düýeleriň başyny bir pyýada adam çekip barýardy. Kerwende ähli ýer deňem bolsa, kerwenbaşa golaýrak oturmak azda-kände hormatly hasaplanýardy. Bugdaýly diýlip atlandyrylýan ýerden aňrysy Beýik çölüň başlanýan ýeri diýlip hasap edilýärdi. Gün ýaşanyndan soň iki sagat çemesi ýol ýöräp, biz depeleri tolkun şekilli kiçiräk alaňlardan ybarat ýere ýetdik. Çägelik kem-kemden ýitip, ýarygije çemelerinde dykyz toýunsow toprak başlandy. Gijäniň ümsümliginde düýeleriň birsydyrgyn aýak sesleride eşidilýärdi. Türkmenler bu hili ýerleri takyr ýada gyzgylt reňkli bolany üçin gyzyl takyr diýip atlandyrýardylar. Biz dem-dynç alman, tas daňdana çenli ýol ýöränem bolsak, geçen aralygymyz alty milden köp däldi. Turuwbaşdan munuň sebäbi düýeleri ýadatmazlyk üçin dälde, bir gäwmişiň tagaşyksyz göwresi bilen kerweniň adaty ädimine eýermänliginiň netijesidi. Şol sebäplem ir sagat sekiz bolmanka dynç almak üçin düşmeli bolduk. Düýelerimiz doňuzdarakdyr beýleki sähra otlaryndan garynlaryny otarýançalar, bizem suwdur çöreklerimizi orta alyp, mazaly garbandyk. Düýeleriň üstünden ýere düşen wagtymyz kerwenbaşynyň, Ylýasyň hem ýoldaşlarymyň baş tutanlarynyň assyrynlyk bilen maňa göz aýlap özara gürleşip duranlaryny gördüm. Olaryň näme hakynda gürrüň edýändiklerini aňmak kyn däldi. Men hiç zat duýmaýan kişi bolup, Kuranyň gatlaryny yhlas bilen agdaryşdyrmaga durdum. Soňam gürrüňlerine goşulmak niýeti bilen olara tarap ugradym. Birnäçe ädim ädenimem şoldy welin, ak göwünli Ylýas hem Saly hajy maňa tarap ugradylar. Bir çete çekdilerde, kerwenbaşynyň meni Hywa äkitmäge kes-kelläm garşydygyny aýtdylar. Meniň ýüz-keşbim şübheli görünýärmişin, ol has beterem, hanyň gazabyndan gorkýarmyşyn. Sebäbi birnäçe ýyl mundan ozal ol bir pereňlini Hywa alyp gidipdir, ol pereňli bolsa ýolda barýarkalar, gören zatlarynyň ählisiniň anyk çyzgysyny, daglardyr baýyrlary kagyza geçirmäge ýetişipdir. Han muňa dergazap bolupdyr. Kerweniň iki baştutanyny jeza höküm edipdir. Kerwenbaşy bolsa hanyň gulak asýan adamlarynyň kömegi arkaly ölümden halas bolupdyr. «Diňe uzak wagt çekeleşip, seniň bir özüňi çölde taşlap gidip bilmejegimizi aýdanymyzdan soň, ol biziň öňümizde bir şert goýdy. Şol şerte laýyklykda, surat çekilen kagyzlardyr galamyň bardygyny ýokdugyny anyklamak üçin seni barlamaly. Şu hili zatlar adatça pereňlilerde bolýar. Ikinjiden bolsa, sen daglardyr ýollar barada kagyza hiç hili ýazgy etmeli däl. Şulara boýun bolmadyk ýagdaýyňda onuň seni şu çölüň içinde taşlap gitmek niýeti bar» diýip, olar maňa düşündirdiler. Men bu aýdylanlary adatdan daşary sabyrlylyk bilen diňledim. Gürrüňlerini gutaransoňlar juda gahary gelen kişi bolup, Saly haja ýüzlendim, özide kerwenbaşy eşider ýaly, bilgeşlin sesime bat berip gürledim: «Hajy! Sen meni Tähranda-da gördüň, kimdigimede ýetik belet. Amandurda (kerwenbaşymyzyň ady) aýt. Eger ol ak ýürekli adam bolsa, binamaz owganlynyň samahyllamalaryna gulak gabartmasyn. Biziň din bilen oýun etmäge hakymyz ýok. Bigünä adama töhmet atýany üçin ol jezasyny çekmeli bolar. Kime gara sürtýänine ol Hywada göz ýetirer!» Ynam, hyjuw bilen aýdylan soňky sözleri kerwendäkileriň ählisi eşitdi. Meniň ýoldaşlarymyň, aýratynam, olaryň has garyplarynyň gaharyny soňky hetde ýetirdi. Eger saklamadyk bolsam, olar hilegär owganly Emir Muhammediň başyna oýun saljakdylar. Ýoldaşlarymyň bu hereketi has beterem kerwenbaşyny haýrana goýdy. Ol töweregindäkileriň her hili teklipleridir ýalbarmalaryna: «Hudaý bilsin!» diýip, gysgajyk jogap gaýtarýardy. Ol aňrybaş ak göwünli, mähriban adamdy. Ýöne gündogar adamlaryna mahsus bolan betgumanlyk duýgusy oňada mahsusdy. Her edip, hesip edip, meniň lybasyny üýtgeden çet ýurtludygymyň üstüni açasy gelýärdi. Din bilen baglanyşykly dürli sowallaryna jogap berenime, entek Kümüşdepedekä meniň özleriniň ähli kitaplaryndan habarlydygymy eşidenine garamazdan, onda şeýle isleg saklanyp galypdy. Öňde eden ýeser oýnum üstüme abanýan howpy azaldanam bolsa, özüme bolan masgaralaýjy şübhäniň her ädimde artyp barmagy näçe diýseň degnama degýärdi. Indi kagyza iň bir gysgajyk bellikler etmegimem adatdan daşary kynlaşdy. Dürli ýer, ýurt atlaryny soramagada mümkinçiligiň bolmazlygyna gaharym gelýärdi. Çölüň giňligine garamazdan, onuň dürli künjeklerinde ýaşaýan çarwalar her bir ýere, depedir jülgä başgaça at dakypdyrlar. Ýagdaý bolan halatynda, men ýaşalýan ýerleriň her birini Orta Aziýanyň kartasynda anyk görkezip biljekdim. Mekirligem hemişe mekirligi döredýär. Ýolda ýygnan ujypsyz belliklerimi ele salmak üçin nähili hile allara baş urmaly bolandygymy jikme-jik beýan edip, okyjylary ýadadasym gelenok. Uzak wagt arzuwlap, kän howp-hatarlara döz gelip, ahyrsoňy arzyly çeşmesiniň üstünden baransoňam, teşneligini gandyrmana ýagdaýy bolmadyk syýahatçynyň nähili lapykeç boljagy, ahmyr etjegi köre hasa bolup duran zat! Sekiz sagat geçensoň, biz ýene ornumyzdan gozgandyk. Iki sagat ýöränimizden soň, kerwenimiziň bady kem-kemden gowşady. Türkmenleriň birnäçesi ýere düşdide, kä sag, kä çep tarapda göze ilýän kiçijik tümmeklere üns bilen seredip ugradylar. Soň anyklaýşyma görä, ýoldaşlarymyzyň biri Aýytmuhammet geçen ýyl bu ýerde ýüze çykan çaknyşykda gurban bolan doganynyň mazaryny gözlän eken. Ol doganynyň jesedini salyp, Hywa äkider ýaly ýany bilen tabydam alypdyr. Gündiz sagat ikilerde kerwenimiz durdy. Olar gözleýän mazaryny tapyp, gazmaga başladylar. Ýarym çüýrän jesedi tabyda goýup, keçä doladylar. Bu işleri edip durkalar olar doga okaýardylar, olara bizem goşuldyk. Şol çaknyşygy gözi bilen görenleriň biri wakany jik-mejik gürrüň berdi. Onuň maksady merhumyň ruhuny şat etmek bilen baglydy. Sebäbi onuň aýdýan öwgüli sözlerini ýöne-möne adama rowa görer ýaly däldi. «Biziň kerwenimizde Hywadan Astrabada barýan birnäçe pars bardy ― diýip, ol gürrüňini dowam etdi. ― Olaryň birem Astrabatdan örän baý söwdagär molla Kaşimdi. Ol köpden bäri Hywadyr Parsystanyň arasyndaky söwda gatnaşýardy. Tiz-tizden Hywada bolup, hemişe şu öldürilen bendäniň öýünde düşleýärdi, Hywada-da, çölde-de ony penalanýardy. Geçen ýyl ol kän mukdardaky pul bilen öýüne dolanypdyr. Ol türkmen lybasynda bolup, türki dilimizi gowy bilýänem bolsa, garakçylar söwdagäriň biziň aramyzdadygyny aňypdyrlar. Olar biziň öňümizden çykyp, üstümize döküldiler. San taýdan artykmaçlyklaryna garamazdan, biz olar bilen sekiz sagatlap söweşdik. Iki adamlaryny öldürenimizden soň, olar bizden molla Kaşimi ellerine bermegimizi soradylar. Şeýtsek, söweşi bes etjekdiklerini, özlerine şol söwdagärden başga hiç kimiň gerek däldigini aýtdylar. Ýöne hiç birimiz, aýratynam, merhum bu şerte razy bolmadyk. Ondan mundan şuwlaşyp geçýän güllelerden gorkusyna, parsyň özi, ýesir düşmäge kaýylam bolsa, biz söweşi dowam etdirdik. Basym muňa (ol jesede barmagyna uzatdy) ok degdi. Atdan agyp ýatyşyna ysgynsyz gürläp, gorkusyndan ýaňa çaga ýaly eňräp duran pars myhmanyna gözgulak bolmagy öz dogany Aýytmuhammede sargady. Onuň doganynyň baştutanlygynda biz söweşi ertire çenli, tä garşydaşlarymyz asgynlap, ýeňse berýänçä dowam etdik. Merhumy jaýlap, ýola ugradykda, üç gün den soň, şol parsy Astrabada eltdik». Şol gussaly gün agasynyň hatyrasyna Aýytmuhammet çörek bişirip, hemmämize paýlady. Soň biz ýenede hasylsyz giň düzlügiň içi bilen demirgazyk taýa ugradyk. Mazaly güýmenip ýitiren wagtymyzyň öwezini dolmak üçin biz uzak gije dynç alman ýöremelidik. Howa diýseň gowudy. Men sebetde gyşarylyp ýatyşyma uzak wagtlap ýyldyzly asmany höwes bilen synladym. Petreşip duran ýyldyzlar hiç bir ýerde çöldäki ýaly ajaýyp däl bolsalar gerek. Ahyrsoňy meni uky bürdi. Bir sagat çemesi irkilendirindä, birden dumly-duşdan ýaňlanan howsalaly gykylyklara tisginip oýandym. «Hajy! kompasa seret, biz ýoldan azaşypdyrys öýdýän!» Peltäniň yşygyna kompasa garap, men demirgazyga däl-de, gündogara barýandygymy saýgardym. Geçip bolmajak batgalygyň üstünden bararys öýdüp, zähresi ýarylan kerwenbaşy daňdana çenli şu duran ýerimizden gozganmaly däl diýip buýruk berdi. Bagtymyza, biziň ýoldan sowlanymyza ýaňy ýarym sagat töweregi bolupdyr. Olam şol wagt asmany bulut büremeginiň netijesidi. Durmaly diýlenine garamazdan, biz niýetlän ýerimize ýetdikde, lüti çykan düýelerimizi otlamaga kowduk. Düşlän ýerimizden ýoldaşlarymyzyň käşir çöpleýändiklerini görüp, aklym haýran boldy. Uzynlygy ýarym fut, ýogynlygy bolsa başam barmak ýaly ol käşirler adatdan daşary süýji hem yslydy. Özeni agaç ýaly gaty bolansoň, iýer ýaly däldi. Bu ýerde gaty köp duşýan ýabany sarymsagam edil şonuň ýalydy. Men bu amatly ýagdaýdan peýdalanyp, ertirlik nahary üçin käşir gaýnatdymda, olaryň bir bölegini haltamda ýygşyrdym. Şu gün (15nji maýda) biz garymlar bilen arasy kesilen çöllükden gidip barýarys. Men ol garymlaryň tiz-tizden görnüşini üýtgedip, ýöremek üçin uly kynçylyklar döredýändigini eşitdim. Agyr ýük urlan düýe janawarlaryň çekýän ejirleri beýan ederden çökderdi. Olar çäge alaňlaryna kä münüp, kä düşüp baryşlaryna, aýaklarynyň üstünde zordan saklanýardylar. Kerwendäki düýeleriň biri-birine çatyk bolmagy gowy oýlanyp tapylan zat. Öňdäki düýäniň guýrugyna daňlan ýüp onuň yzyndakynyň burnuna dakylýar. Şeý dip, bütin kerwen biri-birine çatyk ýagdaýda bolýar. Eger öňdäkiler gidip barýarka biri duraýsa, ýüp dartylyp, togtan janawaryň burnuny ýirere getirýär. Geçmesi kyn ýerlerde artykmaç ejir bermejek bolup, biz häli-şindi düýelerden düşüp, pyýada ýöreýärdik. Ürgün çägelikde her ädimiňi zordan ädip, dört sagat çemesi dynç alman ýöremegiň maňa nähili kyn düşjekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek! Şol kyn ýagdaýda ýol geçip barýan wagtymyzda men kerwenbaşy bilen birnäçe gezek gabatlaşdym. Gykylyk turuzanymdan soň, onuň maňa bolan garaýşy mylakatlydy. Onuň ýegeni, ýaş hem türkana hywaly türkmen meniň bilen tanşanyna hasam şatdy. Bir ýyl bäri görmäni üçin onuň ähli gürrüňi aýlanyp dolanyp, ýaş gelnine syrygýardy. Haly molla atlandyrylýan ol ýigit meniň derwüşdigime birjigem şübhelenenokdy. Onuň Kurany açyp, öz maşgalasy barada pal atyp ber diýmesi meni örän geň galdyrdy. Men adaty hereketimizi edip, gözlerimi ýumdumda, kitaby açdym. Bagtyma, edil açan ýerimdede aýallar hakynda ýazylan eken. Arapça okap, manysyny düşündirmegim ýaş türkmeni aňk etdi. Ol minnetdarlyk bildirdi, menem onuň bilen dostlaşanyma hoş boldum. Edil häzirki pursada çenli kerwenimiziň üç ýoluň haýsysyndan gitjegi belli däldi. Bu ülkede niýetiňe düwen zadyňy gizlin saklamak aýratyn möhümdi. Sebäbi hemişe üstüňe çozular howpy abanyp durdy. Hiç zat aýdylmadygam bolsa, biziň ortaky ýoldan gitjegimiz hemmelere belli boldy. Bu ýanymyza alan suwumyzyň azalmagy hem ertirden gijä galman guýa ýetmek zerurlygy bilen baglydy. Bu bolsa diňe ýomut çopanlarynyň gowy gatnaşyklarymyz netijesinde Atabazadan bu ýere gelen ýagdaýynda mümkindi. Agşamky ýol ýöremämiz şowly boldy, düýeleriň baglanan ýüpi häli-şindi üzülip durmady. Üzülen halatynda-da, dessine bilnip, yzdan gelýän düýelere haýal etmän kömege ýetişildi. Ýoluny dowam edip barýan kerweniň öňündäki düýeler garaňkyda azaşmaz ýaly, iň yzdan gelýänleriň biri bilen aragatnaşykda bolmaly edildi. Bu hili habarlaşma garaňkylykda birhili gussaly ýaňlanýardy. Häzirki ýagdaýymyzdan nadyl bolmaly däldi. Eger garşydan şemal öwsüp, sözler birek-birege eşidilmese, şonda kyn boljakdy! Ertesi irden (16njy maýda) demirgazyk-gündogar tarapda Kürendag dag ulgamy göründi. Gäwmiş zerarly hemmämiz mejbury ýagdaýda haýal ýöremeli bolýardyk. Şonuň üçinem gün öýläne sananda biz dagyň aşak eteklerini synlar ýaly aralyga bardyk. Entek Etrekdekäk, biziň bu ýerlerde hoşniýetli ýomutlara duşjagymyz barada aýdypdylar. Bu aýdylana onçakly ynanmanymyz üçin iki hili garyşyk howsalany başdan geçirýärdik. Birinjisi-hä, şol aýdylan gep ugrunda barmyka-ýokmuka diýen duýgudy, ikinjisi bolsa, haýsydyr bir duşmançylykly taýpa üstümize döküläýmesin diýen ätiýaçdy. Biz ýagdaýy anyklamak üçin edenli türkmeniň birini ugratdykda, getirjek habaryna bisabyrlyk bilen garaşmaga başladyk. Bagtymyza, daga golaýlanymyzda her hili öýler görnüp başlady. Howsalamyz zym-zyýat bolup, indi ýeketäk bilesimiz gelýän zat ol obanyň haýsy taýpa degişlidigidi. Ýoldaşlarym Kürendagyň görnüşini hem gök öwüsýän jülgelerini haýran galyp synlamaga durdular. Meniň bolsa alysdaky gadymy harabalyklara gözüm düşenden, ýüregim şatlyk bilen gürsüldäp ugrady. Dagyň günbatar tarapynda ýerleşýän ol harabalygy gelip çykyşy boýunça grekleriňkidir diýip çak etmek mümkin. Dag aýyl-saýyl görnüp ugran wagty günorta-demirgazyk tarapda uzakda ullakan janly göwre ýaly görünýän ýalňyz sütüne gözüm kaklyşdy. Barha dyrmaşyp barşymyza, men şol ugurda öňküden ýogynrak ýene bir sütüni gördüm. Ol öňki ýaly belent däldi hem dagdan birneme daşrakdady. Maşat-Misserian diýlip atlandyrylýan ol harabalyklar indi juda golaýda bolany üçin men olaryň iň maýda jikme-jiklerine çenli saýgaryp bilýärdim. Obanyň ýomutlaryňkydygyny bilenimizden soň, bu ýerde düşlemek hem ýenede birnäçe düýe satyn almak kararyna gelindi. Bu meniň öz göwün islegime laýyk gelýärdi. Şeýle bolanda harabaçylygy ine-gana synlap biljekdim. Ertesi irden (17nji maýda) Ylýas hem ýenede birnäçe zyýaratçy bilen ol ýere ugradyk. Öz düşünjelerine görä, ol hili ýerleri al-arwahlaryň mesgeni hasaplaýan adamlary özüm bilen gitmäge yrmak üçin her hili mekirliklere ýüz urmaly boldum. Dörtburç jaýyň belent diwarlary hemde gümmez şekilli ikisi abat, ikisem ýarymrak ýykyk minara golaýda ýaly görünsede, harabalyklar biziň düşlän ýerimizden ýarym mil daşlykdady. Belent diwaryň ini altydan sekiz futa, boýy bolsa kyrkdan elli futa çenlidi. Onuň daşyndan çaky, birwagtlar berk daşky berkitmäniň ornuny tutan, häzir ýykylaňkyrlan pesräk diwar uzalyp gidýärdi. Çak edişime görä, tutuş jaý ― gadymy gala bolmaly. Goraýyş ulgamynyň birkemsiz bolmagy üçin gurluşykçylaryň ol ýere suw tokurtgalaryny çeken bolmaklary mümkin. Ol günorta-günbatar tarapdaky pars daglaryna çenli uzalyp, birçaklar 150 iňlis mili aralygyndan galadakylary suw bilen üpjün eden bolsa gerek. Arheologiýa hem binagärlik babatdaky düşünjelerimiň kemterlik edýändigi sebäpli, adatdan daşary täsin bu harabalar barada degerli bir zat aýdyp biljek däl. Men diňe olaryň gelip çykyşlary boýunça greklere degişlidigine ynanýan. Sebäbi ol ýerden tapan kerpiçlerim ululygy, galyňlygy hem reňki boýunça edil Kümüşdepede, Gyzyl Azanda (Aleksandryň diwarynda)¹ görenlerim ýalydy. [¹ Bu harabalyklar barada türkmenler şeýle gürrüň berýärler: Hudaý batyr türkmenleri aýratyn gowy görýäni sebäpli Arabystana äkidip ýörmezlik üçin Käbäni ilki şu ýerde guranmyşyn.] Mundan başgada, men Kürendagyň demirgazyk belentliginde başgada ençeme harabalyklara gabat geldim. Biz olaryň deňinden gije geçip gitdik. Garaňkyda saýgaryp bilşime görä, olar alty sany aýratyn hem gümmezli bir abat jaýdan ybaratdy. Bu gün golaý-goltumda ýaşaýan çarwalaryň bir topary biziňkä geldi. Käbir işleri sazlap, biziň kerwenimizdäki peýdakeşler bilen karz söwda etdiler. Olar menden özlerine dil haty ýazyp bermegimi haýyş etdiler. Meni haýran galdyran zat ―algydaryň dil haty öz jübüsine salman, bergidara bermegi boldy. Türkmenler ähli işi şuňa kybapdaş edýärler. Haçanda, algydardan bu geň hereketini soranymda, ol şeýle jogap berdi: «Ol kagyzyň maňa nämä geregi bar? Gaýta bergisi ýadyna düşüp durar ýaly, ol bergidarda dursa gowy ahyryn». Agşam ugramaga taýýar bolup durkak, bizi ýoldan eglän bir ýagdaý ýüze çykdy: gäwmişimiz kiçijik, sagdynja göle guzlady. Kerwenbaşymyz muňa çäksiz begendi. Ahyrsoňy ýola düşenimizde, gölejigiň biziň yzymyzy eýermejegi üçin, ony düýeleriň birine ýüklemek kararyna geldi. Kerwende bary-ýogy iki sany kejebe bolup, olaryň biriniň Bilal hajynyňky, beýlekisiniň bolsa meniňkidigi üçin, hemmeleriň nazary bize dikildi. Haýsam bolsa birimiziň gölejige ýerimizi bermegimizi haýyş etdiler. Dostlugymyzyň hatyrasyna Bilal hajy öz ýerini bermäge göwünjeň razylaşdy. Beýtmek bilen, ol agsak halyma maňa kyn bolmasyn diýen pikire eýeren bolsa gerek. Onuň ýerine göläni mündürdilerem welin, janyňy alyp gelýän ýakymsyz ysy dostumyň näme üçin ýerini bermäge döwtalap bolanyny äşgär etdi. Tiz-tizden molap, bizar edýänini hasaba almasaň, gije çydamazça däldi. Ýöne gündiz, aýratynam, yssy howada meniň ýagdaýym çekip-çydardan agyrdy. Bagtyma, bu ejirim uzaga çekmedi. Ugranymyzyň ikinji güni gölejik jan berdi. Şu günden (18nji maýda) başlap, ýene iki gün den Uly Balkana, on iki günden bolsa Hywa ýetmeli diýip hasapladyk (jemi on dört gün). Şunça wagtyň dowamynda bary-ýogy dört gezek ajyşor suwly guýa gabat geldik, janly.jemendä welin, ýeke gezegem duşmadyk. Maý aýynyň ortalary bolany üçin biziň ýolbeletlerimiz az hem bolsa, kak suwuna gabat geleris diýip umyt edýärdiler. Biz öz meşiklerimizi Küren dagyň hapa suwundan doldurypdyk. Ol suwumyzam düýäniň üstünde çaýkanyp, läbik ýaly bolupdyr, üstesinede, gaty erbet ysy bardy. Bu zatlara seretmezden, biz şonam örän tygşytly tutmalydyk. Sebäbi uly Balkanyň beýle tarapyndaky barmaly ýerimize çenli kak suwuna duş geleris diýen umydymyz ýokdy. Biz syýahatyň kynçylyklaryna gün-günden barha beter öwrenişýärdik. Özem olar aglaba meňzeşdi. Her günde bir sagatdan, sagat ýarymdan hem iki sagatdan üç gezek düşleýärdik. Birinji düşlegimiz Gün dogmazyndan öň bolup, biz şonda uzak günki iýjek çöregimizi bişirinýärdik, ikinji düşlegimiz günortandy. Onda özümizem, ulaglarymyzam ýakyp-ýandyryp barýan jöwzadan dynç alýardyk. Üçünji düşlegimiz Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda bolup, onda biz diňe çörekdir suwdan ybarat agşam şamymyzy iýýärdik. Suwumyzyň her damjasy hasaplydy. Bularyň daşyndan meniň dostlarymda hem türkmenlerde goýun ýagy bardy. Olar ony nan bilen iýýärdiler, maňada hödür edýärdiler. Ýöne men teşnelige hem ýadawlyga döz gelmek üçin kynam bolsa, bokurdagyňa berk bolmaly diýen ynama eýerip, iýmekden boýun towlaýardym. Biziň häzirki barýan ýerimiz toýunsow bolup, diňe kä ýerlerinde selçeň göýdük ösümlikler ösýärdi. Köp bölegi hasylsyz ol meýdanyň göwsi damar ýaly eýläkde-beýläk uzalýan jaýryklar bilen örtülendi. Ýaşaýyş alamatyndan nyşan görünmeýän tukat düzlügiň syýahatçyny irizäýşi zadyň çaky däl! Şonuň üçinem düşlege ýetip, düýeleriň birsydyrgyn çaýkamasyndan birnäçe minutlygam bolsa dynmak hut lezzetiň aňrybaşy ýaly görünýär. Ertesi irden (19njy maýda) demirgazyk tarapda garamtyl-gök buluda çalymdaş görnüşe gözümiz düşdi. Ol kiçi Balkan eken. Biz oňa ertesi gün ýetdik. Ol dagyň belentligi, owadanlygy, mineral baýlyklary barada türkmenler maňa häli-şindi jikme-jik gürrüňler berdiler. Şum maňlaýymyza, biziň adatça, sak hem ýadamany bilmeýän kerwenbaşymyz şol gije uklap, öňbaşçy düýe tutuş kerweni şeýle bir howply ýere eltipdir welin, tas ählimiz janymyzdan el üzüpdik. Kiçi Balkanyň eteginde gaty duz kesmegi bilen örtülen köp sanly geçip bolmajak şor batgalyklar bar. Olary barmagyň galyňlygyndaky duz gatlagy bilen örtülen ýerden tapawutlandyraýmagam çetin. Biz şol ugra gidip barşymyza, düýeleriň batgalyga girip ugranlygynyda aňşyrmandyrys. Birdenem olar biziň gyssamamyza gulak asman togtadylar. Biz ýere düşermen bolduk. Aýagymyzyň astynda gaty ýeriň dälde, batgalygyň mylkyldap ýatanyny duýan mahalym meniň nähili howsalany başdan geçirenimi bir bilsediňiz! Hemmelere erbet aljyraňňylyk aralaşdy. Kerwenbaşy ählimize duran ýerimizden gozganmazlygy buýurdy. Sebäbi tä jahan ýagtylýança gowy ýola düşmek barada pikirem edip oturasy iş ýokdy. Duzuň ýiti ysyna çydar ýaly däldi. Günüň ilkinji şuglalary dünýä çaýylýança üç sagat garaşmalydy. Yza çykjak bolanymyzda-da birneme kynçylyga döz gelmeli bolduk. Şeýlede bolsa, Hudaýyň garaşyk edeni üçin keýpimiz kökdi. Ýenede azajyk öňe giden bolsak, batgalygyň jümmüşine aralaşjak ekenik. Bu ýagdaýda hemmämiziň, iň bolmanda, kerwendäkileriň bir böleginiň batganyň teýine gitjeginiň ujy iki däldi. Munuň şeýle boljagyna türkmenleriň ählisi ynanýardylar. Ýigriminji maýda Kiçi Balkana ýeten wagtymyz ir sagat ondy. Dag günorta-günbatardan,.demirgazyk-gündogara uzalýardy. Ol ýerden Uly Balkanyň gerişleri çala salgym atyp görünýärdi. Biz Kiçi Balkanyň eteginde düşledik. Bu dag birmeňzeş belentlikde biri-birine üznüksiz sepleşip, on iki mildenem uzak aralyga uzalyp gidýärdi. Gürrüňini edýän dagym Parsystanyň daglary ýaly ýalaňaç hem ösümliksiz däldi. Kä ýerlerde otlardyr beýleki ösümlikler gögümtil öwsüp görünýärdi. Onuň belentligi göz çaky bilen, takmynan, 300 fut çemesidi. Ýol şu günem, ertesi (21nji maý) irdenem şol daglaryň etegi bilen uzaldy. Agşama golaý biz Uly Balkana golaýlaşdyk. Diňe bir bölegi görünýänem bolsa, men onuň Uly Balkan diýlip, dogry atlandyrylýandygyna göz ýetirdim. Onuň Kiçi Balkandan has belentligi görnüp dur. Biziň görenimiz dagyň gündogar tarapa uzalýan bir bölegidi. Hakyky Uly Balkan Hazar deňziniň kenary bilen demirgazyk gündogar tarapa uzalýar. Eger meniň Hywada hem türkmenlerden eşiden gürrüňlerimden çen tutsaň, ol dag gymmat bahaly minerallara baýmyşyn. Ýöne bu ugurdan gözli adamlaryň tassyklamasy bolmasa, bu aýdylana köre-kör ynanaýmak çetin. Biziň goş ýazdyran ýerimiziň özüne bolarlyk ajaýyplygynyň bardygyny aýdasym gelýär. Ýaşyp barýan günüň şuglalary Kiçi Balkanyň gözel jülgesine nur saçýardy. Özüňi hakykatdanam, daglyk ýerdedirin diýip duýýarsyň. Jülgäniň gözelligi özüne ýetigem bolsa, daş-töwerekdäki idegsizlik, başyna goýberenlik alamatlary hasratyň gara ganaty ýaly gerlip durdy. Biz islendik pursatda del adama görnüp, ýaraga ýapyşmaly bolarys diýen howsala bilen töwerege gorkuly nazar aýlaýardyk. Sebäbi bu jelagaýlarda gabat gelen islendik del adamy ýarag bilen garşylaýmalydy. Gün ýaşanyndan bir sagat geçensoň, biz Balkandan aşdyk. Kerwenbaşymyz edil şu nokatdan hakyky çölüň başlanýandygyny yglan etdi. Biziň ählimiz tejribesi ýetik syýahatçy bolsagam, onuň berjaý etmeli käbir zatlarymyzy duýdurasy gelen bolara çemeli. Bu töwereklerde biz ýagdaýyny tapsak, gaty gürlemeli däl. Gün ýaşýança, asla gygyrmak bolmaýar. Duşmana öz nirededigiňi bildiresiň gelmeýän bolsa, gijesine ot ýakmaly däl. Iň soňundada, biz her gezek doga okanymyzda, başymyzyň saglygyny, eger howp abanýan ýagdaýynda, aýallar ýaly dowla düşmän, batyrgaý bolmagy dileg etmeli. Bize birnäçe gylyç, bir naýza hem iki tüpeňi paýladylar. Aýratyn batyr adam diýip hasap edýändikleri üçin, ýanynyň ep-esli därisidir oky bilen tüpeňleriň birini maňa berdiler, dogrymy aýtsam, bu taýynlyklaryň hiç birem meniň howsalama basalyk berip bilmedi. Balkandan geçenimizden soň, kompas kerweniň baştutanlarynyň bizden şunça gizlin saklan syrlaryny ― ýollaryň haýsyny saýlap alanymyzy äşgär etdi. Biziň ortaky ýoldan barýanymyza hiç hili şübhe galmady. Kürendag-da bize ýolumyzda elli sany garakçynyň alakjaşyp ýörendigini habar berdiler. Şonuň üçinem, kerwenbaşy ol ýerden ullakan öwrüm edip geçmek kararyna geldi. Iki mil çemesi ýol geçip, kert eňňide ýetenimizde ýarygije uçurlary hemmämize ýere düşmeli diýen buýruk berildi. Sebäbi biz Dedene (çarwalar Oksusyň gadymy hanasyny şeýle atlandyrýarlar) ýetipdiris. Geçen gyşda ýagan çabgalardyr gaý-tupanlar şondan bir ýyl ozalam oňat bildirip duran ýollary wes-weýran edip dir. Biz derýanyň gadymy egri-bugry hanasy bilen gidip otyrys. Derýanyň has belent hem kert beýleki kenaryna çyksak, ýol taparys diýip umyt edýäris. Biz halys usurgap, daňa golaý bir belent düzlüge ýetdik. Çarwalar öz hekaýalarynda Oksusyň gadymy hanasy bilen Maşat-Misserianyň harabalyklaryny garyşdyrýarlar. Oksus ozal Käbe atlandyrylýan jaýyň golaýyndan akyp geçipdir, soňra demirgazyga tarap ugruny üýtgedipdir diýip, ynandyrjak bolýarlar. Arka tarapymyzda galan Balkan gök bulutlara duwlanyp, kem-kemden gözden ýitdide, uçgyraksyz ägirt hem gorkunç çölüň başlanýany barha aýdyň duýlup ugrady. Öňler men çöl adamyň aňynda belentlik hakyndaky ideýany oýaryp, hyýalbentlik dir joşgunly hyjuw bolsa, oňa reňk çaýyp, gutarnykly şekile getirýändir öýdüp pikir edýärdim. Ýöne ýalňyşan ekenim. Men öz mähriban watanymyň düzlüklerinde çölüň ujypsyzja şekilini görüpdirin. Soň bolsa Parsystanda şor sähranyň (Deşdi Kebir) bir böleginiň içi bilen geçip barýarkam, ony ägirt uly möçberde synladym. Eýsem, soňky gören hem duýýan zatlarymyň öňküden näme tapawudy bar?! Adamlaryň ýalňyş pikir edişiniň tersine, aňdaky pikirleri odukdyrýan zat ― howaýy hyýallar däl-de, tebigatyň özi eken. Men tiz-tizden çölüň içgysgynç aýratynlygyny, ol ýerde durmuş möwç urýan şäherleri hyýalymda janlandyrmak arkaly düşündirmäge çalyşýardym. Ýöne bary tersine bolýardy. Biri-birine sepleşip ýatan çäge alaňlary, ajalyň ýowuz dymmasy, Günüň dogandaky hem ýaşandaky goýy-gyrmyzy reňki ― bularyň bary biziň ägirt, belkide, ýer togalagyndaky iň uly çölüň içi bilen barýanymyzdan habar berýärdi. Günortanlar töweregi (22nji maýda) biz öň ýedi sany guýy bolany üçin Ýedi süýri diýlip atlandyrylan ýerde düşledik. Olaryň üçüsinde henizem örän şor, aňkap duran suw bardy. Galan dördüsi bolsa taňkyrap ýatyrdy. Kerwenbaşynyň şol gün agşam kak suwuny tapmaga umyt baglaýany üçin, meşigimdäki suw läbige meňzäp gidenem bolsa, bu guýularyň aňryňy bärik getirýän suwundan alasym gelmedi. Düýeler hem ýoldaşlarymyň käbiri ol suwdan içdiler. Şol ýoldaşlarymyň teşneliklerini gandyrmakda düýelerden hem galmajak boluşlaryna men geň galdym. Içmäň diýip maslahat berenim üçin, olar ilki meniň üstümden gülen hem bolsalar, gulak asmandyklaryna soňra ökündiler. Uzaga çekmedik düşlegden soň, biz ýene ýola düşdük. Beýleki ähli depelerden belent görünýän alaňdan aşanymyzda, ol ýerde ýatan iki sany boş kejebä gözümiz düşdi. Maňa bu ýerde düşlän syýahatçylaryň ölendigini, merhum bilen baglanyşykly zatlaryň türkmenlerde keramatly hasap edilip, olary ýok etmegiň günä saýylýandygyny gürrüň berdiler. Çöl hem onda ýaşaýanlar, dogrudanam, adatdan daşary geň adamlar. Şol gün agşamky gören zatlarymy beýan etsem, okyjylaryň hasda geň galmaklary mümkin. Howa sowansoň, kerwenbaşy hem başgada birnäçe türkmen bilen kak suwunyň gözlegine çykdyk. Hemmämiz ýaraglydyk. Biz dürli tarapa dargadyk. Men kerwenbaşy bilen gitdim. Kyrk ädim çemesi geçenimizde birden ýoldaşym çägedäki aýak yzlaryny gördide: «Bu ýerde adam bar» diýip, geň galyp gygyrdy. Biz ýaraglarymyzy häzirläp, yz çalyp barşymyza, ahyry bir gowaga golaýladyk. Aýak yzyndan görnüşine görä, ol adam ýeke bolmaly. Gowagyň agzyna baranymyzda, ýarym ýabany adamy görüp, haýýatym göçdi. Ösgün saç-sakgaly bulaşyk, keýik derisine çolanan ol adam gowakdan okdurylyp çykdyda, naýzasyny gezäp, üstümize topuldy. Men bu sahnany aňrybaş bisabyrlyk bilen synladym, ýoldaşymyň ýüzünde-de howsala alamatyndan nam-nyşan ýokdy. Ýarym ýabany adamy görenimden, ol tüpeňini aşak ýatyrdy-da: «Aman bol» diýip pyşyrda-dy. Soňam gowakdan ara açyp barşyna, meniň sowal bererimede garaşman: «Bu adam gandar bolmaly» diýdi. Soňra anyklaýşyma görä, ol biçäre özünden öldüren adamynyň huny alnaryndan gorkusyna, öýüni, ilini terk edip, çöle siňipdir. Ýyllarboýy şol ýerde mydar edip, ol hiç kime görünmeli dälmişin. Bu gözgyny waka ― suw gözlegine çykyp, gandara duşmagymyz meni örän tolgundyrdy. Beýleki ýoldaşlarymyzam hiç zat tapman geldiler. Men şol gün agşam gara läbik suwumyň iň soňky damjalaryny içmeli boljagymy aňymda aýlap, howsala batdym. «Ozal o diýen gadyryny bilmedigem bolsam, dünýede suwdan gymmatly zat ýok eken. Adamlar ony bisarpa tutýar. Men welin, häzir ol dirilik suwunyň ýigrimi-otuz damjasy üçin hanymanymy bermäge taýýar!» diýip, içimden pikir öwürdim. Men sähelçe çöregi gyzgyn suwa basyp iýmek bilen çäklenýärdim. Sebäbi gaýnadylsa, suwuň ajylygy aýrylýar diýip eşidipdim. Az-owlagam bolsa, kak suwy tapylýança özümi islendik ejire döz gelmäge taýynladym. Guýy suwundan içip, erbet içgeçmä ýolugan ýoldaşlarymyň ýagdaýy meni has beter alada goýýardy. Biz türkmenleriň käbiri, aýratynam, kerwenbaşy süýji suwuň bir bölegini gizländir öýdüp şübhelenýärdik. Suwly meşige göz dikmegiň onuň eýesiniň ganyna galmak bilen deň bolan häzirki ýagdaýda öz şübhesini daşyna çykarmaga ýürek edip biljek adam ýokdy. Başga birinden karz ýada Hudaý ýoluna suw dilän adam hem däli ýaly görüljekdi. Şol gün agşam meniň işdäm tutuldy. Ýeke bölek çöregide bokurdagymdan geçirip bilmedim, bedenimde ysgynmydar galmady. Üstesinede, gyzgynym galyp, çydar ýaly bolmady. Güýç-gurbatdan gaçyp, uzyn süýnüp ýatyşyma, birden hemmeleriň kerwenbaşynyň daşyna üýşenini, yşarat edip, menide ýanlaryna çagyrýanlaryny aňşyrdym. «Suw, suw» diýen sözler bedenime güýç berdi. Ýerimden turanymda, kerwenbaşynyň kerwendäkileriň hemmesine iki bulgurdan tenekar suw paýlaýanyny görüp, haýran galdym hem begendim. Ol akgöwünli türkmen bize adatça, çölden geçilen wagty suwuň epesli bölegini gizläp, ony diňe häzirki ýaly zerurlykda paýlaýandygyny, munuň ullakan sogap işidigini düşündirdi. Türkmen nakylynda aýdylyşyna görä, çölde galan teşnä beren bir damja suwuň ― ýüz ýyllap gazanan günäňi ýuwýarmyşyn. Bu garaşylmadyk kömege biziň nähili şatlanandygymyzy göz öňüne getirmek kyn düşmese gerek! Men özümi diýseň bagtyýar duýup, bu ýagdaýym üç güne dagy ýeter diýip oýlandym. Ýöne çörek ýetmezçiligi barada pikir etmändirin. Ysgynsyzlyk hem işdämiň ýoklugy meni birhili, bigam hala saldy. Odun deregine biraz daşlykda ösýän agaçlary dälde, düýäniň tezegini ýakyp oňaryn diýip oýlandym. Ýöne onam gerek mukdarda ýygnap bilmedim. Hamyry gyzgyn küle taşlanymdan ýarym sagat geçensoň, odunyň azlyk edýänini aňdym. Odun getirmäge şaýlanan wagtym howa garaňkyrapdy. Kerwenbaşy ýanyna çagyrdyda: «Seniň kerweni garakçylaryň eline tabşyrmak pikiriňä ýokdurda?» diýip sorady. Men ýarpyrak bişen çöregi alyp, ody öçürmäge mejbur boldum. Ertesi gün irden (23nji maýda) biz Goýmatatada düşledik. Bu guýy entek guramandyr. Ýöne guraýan bolanlygynda-da, ullakan bir ýitirjek zadymyz ýokdy. Sebäbi ondaky suwy içer ýaly däldi. Şor maňlaýymyza yssy, aýratynam, günüň birinji ýarymynyň jöwzasy çydar ýaly bolmady. Günüň nury gury çägäni bir futa çenli çuňlukda gyzdyrany üçin Orta Aziýanyň hiç hili köwşe pitiwa etmeýän ýabany ýaly adamlaryda çepeklerine bir bölejik tagta goýmaly boldular. Düýnki içen suwum düýşe dönüp, maňa ýenede aýylganç teşnelik ejir berip ugrady. Günortana golaý kerwenbaşy bize Kariman ata atlandyrylýan keramatly ýere golaýlandygymyzy, hudaýhonlyk borjumyzy berjaý etmek üçin ol keramatlynyň mazaryna çenli ýarym sagat çemesi pyýadalap gitmelidigimizi habar berdi. Bu habaryň maňa nähili täsir edendigi barada oýlanmagy okyjylaryň özlerine goýýaryn. Jöwzadan hem teşnelikden ýaňa ysgyn-mydarym ýok halyma, menem zyýaratçylara goşulyp, şol mazara tarap ugramaly boldum. On bäş minutlyk ýol aralykda belent ýerde ýerleşen mazaryň başyna baryp, suwsuzlykdan ýaňa guran diliň bilen mydyrdap, doga okamaly. Men halys güýçden gaçyp, uzynlygy otuz futlyk mazaryň öňünde ýykyldym. Mazarda jaýlanan adamyň Orta Aziýada ýokary häkimiýet adamydygynyň alamaty hökmünde goçuň şahlary goýlupdyr. Kerwenbaşynyň aýdyşy boýunça, bu ýerde jaýlanan adamyň boýy mazaryň uzynlygy bilen deň bolupdyr¹. [¹Gündogar adamlary öz keramatlaryny has belende götermegi gowy görýärler. Parsystanda ägirt uly mazarlaryň köp sanlysyny gördüm. Hatda Konstantinopoldada, Bosforyň Aziýa kenarynda – Iisus Nawiniň dagy diýlip atlandyrylýan ýerde-de duş geldim. Şol ýerdäki uzyn mazary türkler Iisus Nawiniňki, grekler bolsa Gerkulesiňki diýip hasap edýärler] Ol adam gadym döwürlerde şu golaýdaky guýulary her zat edip, daş bilen gömmek islän al-arwahlaryň çozuşlaryndan goranmyşyn. Ol äpet mazaryň töwereginde birnäçe kiçijik mazarlaram bar. Olar çölüň dürli ýerlerinde garakçylaryň elinden ýa-da başga bir betbagtçylyklara duçar bolup dünýeden öten garyp syýahatçylaryň mazarlary bolmaly. Bu keramatlynyň penakärligi netijesinde abat galan guýularyň golaýdygy meni örän begendirdi. Mende içere ýaramly suw tapyljagyna ynam döredi. Şeýle howluganym üçin bellenilen ýere, hakykatdanam, ilkinji bolup bardym. Tizden uzak aralykdan goňur kölçe ýaly bolup görünýän guýa gözüm düşdi. Elimi degrip görsem, suw buz ýaly eken. Dodagyma degirdim welin, ajylygynyň, şorlugynyň hem ysynyň derdinden, agzyňa alar ýaly däl. Lapym diýseň keç bolup, şonda ilkinji gezek geljegim üçin gaýga batdym. (Dowamy bar) Arminiý Wamberi Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |