18:58 Orta Aziýa syýahat -5/dowamy | |
ORTA AZIÝA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
VI bap Ertesi günortan ýoldaşlarym hem Hanjan bilen Kümüşdepeden ugradym. Hanjan çarwalarda hormatly myhmanlaryň ugradylyş däbine eýerip, biziň yzymyzdan bir mil çemesi aralygy pyýada ýöredi. Men oňa birnäçe gezek «Indi galaý» diýsemem, gulak asman, gadymy türkmen myhmanparazlygyny kemini goýman berjaý etdi. Ol bizde islendik babatda kölegeli gürrüň edere delil bolmaz ýaly etjek bolýardy. Dogrymdan gelsem, diýseň sulhum alan bu adam bilen iň soňky gezek gujaklaşyp hoşlaşan pursadymyz maňa juda agyr degdi. Ol şeýle açykgöwünlilik bilen diňe meni däl, başgada bäş zyýaratçyny öýünde saklady. Munuň daşyndanam, maňa ähli zerur zatlary düşündirdi. Häzir ol göwnaçyk, ýürekdeş adamyň eden ýagşylyklaryny hiç zat bilen ýerine salmanyma, gaýta ygtyýarsyz bolanym üçin özümiň kimdigimi gizläp, aldamaly bolanyma haýpym gelýär. Biziň ýolumyz deňiz kenaryndan barha daşlaşyp, demirgazyk-günbatara — biri Köresuwy, beýlekisi bolsa Altyn Tokmak atlandyrylýan iki sany ullakan seňňere tarap uzalýardy. Bu seňňerlerden hem onda munda göze kaklyşýan öwlüýälerden beýleki ýerler tep-tekizlikdi. Kümüşdepeden çärýek mil aralygy geçenimizde, otlary dyza ýetip duran ajaýyp öri meýdany gabat geldi. Kümüşdepäniň çarwa ilaty bu ýerdäki öleňlerdir meýdanlardan peýdalanmaýar eken. Bu bol suwly jülgede bir oba gaty gowy gününi görüp biljek. Häzirki adamsyz, gum-guk ümsümlige derek bu ýerde gaýnap joşýan durmuş gurmaga şert bar. Biziň kiçijik kerwenimiz Ylýasyň düýelerinden hem biri-birine çatyk alty sany atdan ybaratdy. Atlaryň çatylmagynyň sebäbini Gulhan bu töwerekde özüne tabyn däl alamançylaryň köpdügi, sähel mümkinçilik döredigi öz üstüne çozaýmaklarynyň ähtimaldygy bilen düşündirdi. Ylýas meniň Etrege çenli öz düýesinde dälde, Gulhanyň ogurlyk atlarynyň birinde gitjegime begendi. Biziň kerwenimize daklyşan garadepeli owgan Emir Muhammet pyýada bolup çykdy. Barýan ýerimiz agyn kölçelikdir batgalyk bolup ýatansoň, onuň bilen bir ata artlaşaýmasak, başga alaç galmady. Ol her gezek meniň geýmimden şeýle bir berk ýapyşýardy welin, atdan agarymdan gorkup, gara janym galanokdy. Bu bolşumyz içinde süri-süri ýekegapanlar gezişip ýören gamyşly çalpawlykdan barýarkak meni hasda kyn güne goýdy. Gulhan bilen Ylýas ol haýwanlardan sowlup geçer ýaly, gapdal ýollary bilen öňden gidip barýardylar. Ýekegapanlaryň golaýdadygy olaryň horkuldysyndanam, gamyşlaryň şygyrdysyndanam duýlup durdy. Olara diň salyp barşyma, birden atym özüni bir gapdala zyňdy. Onuň nämeden ürkenine seredip ýetişip-ýetişmänkäm, menem, ýoldaşymam eýerden agdyk. Ýoldaşlarymyň çasly gülküleri başga bir geň ses bilen goşulyp eşidildi. Yzyma sereden mahalym iki sany ýekegapan çagasynyň üstünde ýatanymy gördüm. Atymyzy ürküzen ene ýekegapan golaýymyzda, gamyşlaryň arasynda dişlerini syrtardyp durdy. Eger Ylýasyň dogany Şirjan eli naýzaly aramyza düşmedik bolsa, onuň üstümize topulaýmagy ähtimaldy. Ýaş türkmeniň gaýduwsyzlygyndan gorkdumy ýada çagalarynyň sesini goýanyna rahatlandymy ― gorkunç haýwan öz sürenine tarap çekildi. Bizem ol ýerden tizräk garamyzy saýlamaga howlukdyk. Gulhanyň ogly bolsa biziň gaçmaga hyýallanan atymyzy tutup saklapdyr. Atymyzy gaýtaryp durka, ol maňa özümi bagtly hasap etmelidigimi, ýekegapanyň dişinden düşen ýaradan amanadyny tabşyran takwa musulmanyň nejis hasap edilip, ol nejisligi dowzah odunda ýüzlerçe ýyllap ýansada, aýryp bolmaýandygyny düşündirdi. Batgalykdyr öleňleriň içi bilen öňki barýan ugrumyza dört sagat çemesi wagt ýöränimizden soň, Kümüşdepeden demirgazyk tarapa ýaýylyp ýatan eňňit dag etegine gözümiz düşdi. Ol ýerde depeler kem-kemden ýitip, giň aralyklarda diňe kowçum kowçum bolup oturan öýler hem olaryň töwereginde otlaşyp ýören düýeler göze ilýär. Çar tarapyndaky gök öwsüp oturan meýdanlar gözüňe yssy görünýär. Özem muňa garamazdan, meniň Gyzyl ahun bilen bolup ýören gündogar tarapymda ilatyň ýerleşişi has gürräk. Bu ýerde Gürgen ýaly derýa bolmasada, adamlaryň içýän gowy suwy olaryň otluk örülerde agyp dönýän mallarynyň mazaly semreýän wagtyna çenli ýetýär. Şol sebäpdenem bu ýerlerde gara öýler diňe maý hem iýun aýlarynda dikilýär. Şol öýleriň Gulhanyň garamagyndaky adamlar ýaşaýan bir topary bizi bir gije myhman almalydy. Etrege çenli alty mil¹ ― biziň agyr ýüklenen düýelerimiz üçin tutuş bir günlük ýol öňdedi. [¹Bu ýerdede, kitabyň beýleki ýerlerindede muny nemes mili diýip düşünmeli] Biz özümiziň ýetip barýanymyz barada olara habar berdik. Gowy agşam naharynyň alamaty bolan tüssäniň görünmegi aç syryljan ýoldaşlarymyň göwnüni göterdi. Kümüşdepe bu ýerden bary-ýogy dört millikde bolsada, ol ýere ýetmek tas sekiz sagada golaý wagtymyzy aldy. Ol aralyk atlylaram, haýwanlaram mazaly ýadatdy. Gulhanyň ýaş ýegeni öýüne on ädim aralykda öňümizden çykyp garşylady. Ylýas bilen owganly Gulhanyňkyda, men bolsa beýleki hajylar bilen Allanazaryň kiçijik öýünde ýerleşdik. Biziň hojaýynymyz bolan goja türkmen Allanyň özüne myhman ýollany üçin şatlygyndan ýaňa uçaýjak bolýardy. Onuň bu bolşy meniň aňymda hemişelik möhür bolup galar. «Gerek däl» diýenimize garaman, ol bize gowy hezzet-hormat etmek üçin öz ýekeje geçisini soýdy. Ertesi günortan naharyna çenli niredendir bir ýerden çöregem tapdy. Çörek ondan ozal bu öýe tutuş hepdeläp myhmanam bolmandyr. Etli nahary öňümize alanymyzda, ol biziň gabat garşymyzda çökdide, şatlygyndan ýaňa çyny bilen aglady. Allanazaryň biziň hormatymyza soýan geçisiniň sähelçe böleginem alyp galasy gelenokdy. Geçiniň şahlarydyr toýnaklaryny ýakyp, külüni düýeleriň hamynyň sypjyrylan ýerine sepmek üçin Ylýasa berdi. Kelleçanagyndan bolsa maňa suw içer ýaly gap ýasamaga girişdi. Ony duz bilen mazaly süpürip, Güne guratdyda, elime berdi. Şol gün men ilkinji gezek düýä taýlanyp atylan sebede münüp gördüm. Bilal hajy bu gezeklikçe münmekden boýun towlany sebäpli, deň agramlylyk üçin sebediň beýleki tarapyna birnäçe halta un basdylar. Biz entegem öňki ugrumyzy sypdyrman, demirgazyk taýa gidip barýardyk. Iki mil aralygam geçip-geçmänkäk, gök otly meýdan gutardyda, topragyndan duzuň ysy kükeýän tutuk çöle düşdük. Öňde Kümüşdepeden sekiz mil demirgazykda ýerleşen Garaseňňer seleňläp görünýärdi. Oňa golaýlaşdygymyzça, topragyňam çyglylygy artýardy. Onuň etegi bolsa hakyky batgalyk eken. Düýeleriň paşmagynyň häli-şindi palçykda taýýany üçin biz kynlyk bilen gidip barýarys. Münüp barýan düýämiň ýöreýşi her ädimde meni sebetler bilen birlikde palçyga bulap urarlydy. Men düýeden düşdümde, sagat ýarym çemesi palçykdan ýöräp, ahyrsoňy Garaseňňere ýetdim. Gulhanyň obasy ol ýerden daş däl eken. Görüp otursam, Gulhanyň ähli aladasy oňa degişli eken. Tizden onuň özem peýda bolup, çaý äbermeklerini haýyş etdi. Çaýlap bolanymyzdan soň, ol meni ýap-ýaňy özüm üçin gurnalan öýe alyp bardy. Ol öz hereketlerini maňa garaşylmadyk sowgat edesiniň gelendigi bilen düşündirdi. Bu zatlara garamazdan, meniň ony asla sulhum almady. Hanjan bilen onuň arasyndaky tapawut bir zatda aýdyň ýüze çykdy: öýünde myhman bolan on günümiň içinde ol maňa çaýdan başga hiç hili hezzet-hormat etmedi. Onuň, hakykatdanam, aňrybaş mekir meýilleriniň bardygyny men soňra bildim. Olary ýerine ýetirip bilmäniniň sebäbem ― öler ýaly gorkýan adamy bolan Gyzyl ahun oňa meni örän ýokary derejede hormatlamagy buýrupdyr. Meniň on ýoldaşym bilen ýerleşen öýüm Gulhanyňky dälde, başga bir türkmeniňki eken. Ol öz garagalpak taýpasyndan bolan aýaly ― sözüň doly manysynda ― gyrnagy bilen Hywa çenli gitmek üçin bize goşuldy. Biziň hatarymyza ýap-ýaňy goşulan ýolagçylaryň arasynda Syddyh hajy atlandyrylýan bir derwüş bardy. Ýarym ýalaňaç gezip, düýelere seretmekde öz hyzmatyny teklip edip ýören ol kişi barypýatan iki ýüzlüdi. Buhara baranymyzdan soň biz onuň jindesiniň gatlaryna altmyş dukat puluň tikilendigini bildik. Hemmämiz öýlerde ýerleşip, basym han kerwenbaşysy geler, bizem ýola düşeris diýen umytda garaşyp ýördük. Ugrajak wagtynyň yza çekilmegi hemmämiziň ýüregimize düşüpdi. Meni alada goýýan zat, unumyň azalmagydy. Şoňa göräde, bokurdagymdan kesip, günüň dowamynda harç edýän unumy iki goşawuja getirdim. Hatda çöregi közüň üstünde hamyrmaýasyz bişirmäge başladym. Petir şekilli çörek garnyňda köp saklanyp, esli wagtlap ajykdyrman saklaýardy. Gol gowşuryp oturman, bizem adamlaryň möhümini bitirmäge çalyşýardyk. Etrek türkmenleriniňem eli açyklygyndan nalar ýaly däldi. Bize goşulasy gelýän adamlaryň ählisi eýýäm ýol şaýyny tutanam bolsalar, kerwenbaşynyň haçan geljegi hakynda entek hiç hili gep-gürrüň ýokdy. Biz birek-birek bilen gümür-ýamyr edip, täze tanyşlyk açýardyk. Tiz-tizden ýol bilen baglanyşykly mesele orta atylyp, kerwenbaşynyň olaryň haýsyny saýlajagy barada pikir alyşýardyk. Şol hili gürrüňler edip otyrkak, etreklileriň biri bize ýakymly habar getirdi. Maňa Etrekden Hywa gidýän üç dürli ýol bar diýip düşündirdiler, özem olary saýlamak kerwendäkileriň sanyna baglymyşyn. Ine, şol ýollar: 1. Uly Balkanyň aňyrsynda, Hazaryň kenary bilen uzalýan ýoldan demirgazyk tarapa iki günläp ýöremeli. Soň ýene on gün ýöräniňden soň Hywanyň ýerleşýän ugruna ― gündogar tarapa sowulmaly. Bu ýol diňe kiçi kerwen üçin amatly. Sebäbi ol ýolda suw az, üstesinede, o diýen howply dälmişin. Bu ugurda kerweniň üstüne çozmak diňe adaty bolmadyk tolgunşyklar wagtynda, ýagny kaýsaklaryň (gyrgyzlaryň) ýada garagalpaklaryň ol ýere alamançy iberýän döwründe ýüze çykýarmyşyn. 2. Bu ýol Amyderýanyň tebigy, gadymy hanasy bilen demirgazyk tarapa uzalyp, soň Uly hem Kiçi Balkan daglarynyň arasyndan geçip, demirgazyk gündogara ― Hywa tarap öwrülýär. 3. Bu iň dogry hem ýakyn ýol. Sebäbi ýollaryň birinjisini geçmek üçin ýigrimi dört gün, ikinjisine ― ýigrimi, üçünjisine bolsa on dört gün wagt gerek. Ol Etrekden geçen ýerinden demirgazyk-gündogar tarapa uzalyp, gökleňleriň hem teke türkmenleriň gapdalyndan geçip gidýär. Ýoluň her menzilinde içmek üçin süýji suw köp. Bir gün agşamara biriniň kerwenbaşynyň ertir ir bilen ýola düşjegi barada getiren habary meni diýseň begendirdi. Ol biz bilen Etregiň beýleki kenarynda gabatlaşmakçymyşyn. Ol ýerdenem hemmämiz bilelikde çölüň içi bilen ýola ugramaly. Ylýas bize mümkin boldugyndan, tizräk ýol şaýymyzy tutmagy buýurdy. Şol gün agşam ýol üçin çörek bişirdik, çarwalaryň biziň okan dogalarymyza eçilen düýe etleriniň uly-uly böleklerini duzladyk. Ertesi Bilal hajy bilen jygyldawuk kejebede Etregiň kenaryndan gidip barýarkak şatlygymyň çägi ýokdy. Gulhan ätiýaç üçin bizi ugradarman boldy. On bäş, ýigrimi sany tüpeňimiz baram bolsa, bize garakçylaryň has ulurak toparynyň gabat geläýmegi ähtimaldy. Ana, şonda Gulhanyň aramyzda bolmagy diýseň zerurdy. Etregiň suwunyň joşup döreden batgalyklaryndan sowlup, ýolumyz kä demirgazyk-günbatara, käte bolsa çägeli düzlükde ýaýraw ýerleşen öýleriň gapdaly bilen demirgazyk-gündogara aýlanýardy. Çölüň eteginde türkmenleriň kem taýpasynyň ýüz elli öýden ybarat topary otyrdy. Bu taýpanyň gadym eýýamlarda ýomut türkmenlerinden bölünip, çölüň eteginde mesgen tutandyklaryny öň aýdypdym. Olaryň duşundan geçip, demirgazyk tarapa ýarym sagat çemesi ýöränimizden soň Etrek derýasynyň kiçijik goluna gabat geldik. Suwunda eýýäm duzuň tagamy mesaňa mälim bildirýän bu goluň basym bütinleý gurap galjagy görnüp durdy. Onuň hem ondan-da kiçi ýene bir goluň aralygyndaky şorumtyk toprakly ýeriň ajaýyp öleňleri, geň galaýmaly gür ösen şibitleri bardy. Biz olaryň içi bilen tutuş sagatlap ýöredik. Ol çuň gol garyma meňzeş bolup, kert hem palçyk kenaryndan geçjek bolsaň, itiň gününi görkezýärdi. Düýelerimiziň birnäçesi ähli ýüki bilen suwa ýykyldy. Suw çuň dälem bolsa ýükler öl boldy. Bizem gabat garşymyzda howalanyp oturan Dälili Burun atlandyrylýan depä çykjak bolup, azar ýamanyny gördük. Irden ugranymyza garamazdan, iki sagadyň dowamynda bary-ýogy dört mil ýol geçdik. Kerwenbaşy bilen duşuşyk Etregiň beýleki kenarynda ertesi günortan bolmaly bolansoň, biz ol ýerde düşlemek kararyna geldik Ýap-ýaňy ýatlap geçen depäm buruna çalym daşdy. Onuň arka tarapyndan uzyn ulgam bolup demirgazyk-gündogar taýa uzalýan baýyrlaryň diýseň ajaýyp görnüşi bardy. Günbatar tarapda Hazar deňzi gök dilkaw bolup görünýärdi. Alysda pars daglaryda göze kaklyşýardy. Günorta tarapdaky çäklerine göz ýetmeýän, kä ýerlerinde alysdan synlanyňda körsyçanyň hinlerini ýadyňa salýan öýler ýaýrap oturan dag belentligi bizi hemmesinden beter gyzyklandyrýardy. Biziň öňümizde arasyny derýa böwsüp geçýän, alysdan nazar salanyňda birnäçe köli ýatladýan tutuş Etrek ýaýylyp ýatyrdy. Kemleriň ýaşaýan ýeriniň golaýyndakak, aramyzda ýene bir gije galmak kararyna gelen Gulhan bize ägä bolmagy tabşyrdy. Agşamara biz ähli ýerlerde garawul goýduk. Olar wagtal-wagtal çalşyp, töwerekde bolup geçýän zatlaryň ählisine gözegçilik edýärdiler. Häzir bolýan ýerimiziň Uly Çöl bilen aralykdaky iň soňky düşlegdigini bilýänim üçin men bu saklawdan peýdalanyp, ýoldaşlarym uka gidensoň, bütin gijäni ýazyp geçirdim. Bellik etmek niýeti bilen guşagymda gizlän bölejik kagyzlarymdan başgada, mende iki tagta arassa kagyz bardy. Olar boýnumdan asylgy kiçijik torbanyň içindäki Kuranyň arasyndady. Men şol kagyzlara hat ýazyp, birini Tährana ― Haýdar ependä, beýlekisini bolsa şol haty niýetlenen adama ugratmagyny haýyş edip, Hanjana ýazdym¹. [ ¹Dolanyp gelenimden soň, men ol hatymyň türk ilçihanasyna gowuşanyny bildim. Hatda men çölüň içi bilen syýahata ugrajak wagtymyza çenli başymdan geçiren zatlarymy dostlaryma habar berýärdim. Men olara Kümüşdepedenem şeýle mazmunly hat ýollapdym. Hoşniýetli dostum Hanjan olary uly alada galyp, barmaly ýerine gowşar ýaly edipdir.] Ertesi irden dört sagat ýol ýöräp, Etregiň kenaryna ýetdik. Köp wagtymyzy derýadan geçer ýaly adamly ýer gözlemäge sarp etdik. Bu ýeňil düşmedi. Adatça, giňligi on iki ýada on bäş metr bolan derýanyň suwy mesäp, kenaryndan agypdyr. Ýumşak palçyk ýer düýe janawarlara ejir baryny berdi. Türkmenleriň amatly ýer gözläp, kän wagt ýitirmeklerine ýeterlik sebäp bardy. Dogry, derýanyň akyşy o diýen batly däldi. Suw düýeleriň garnyna ýetýärdi. Biz Etregiň bulanyk suwunyň ugry bilen äwmän iki ýana çaýkanjyrap barýan düýäniň üstünde, kejebede otyrdyk. Ol janawarlaryň ýekeje emelsiz ädimi bizi suwa agdaryp biljekdi. Şeýle güne uçraýsak, ýüzüp, garşydaky kenara ýetmek biz üçin uly töwekgellik bilen baglydy. Bagtymyza, hemme zat şowuna boldy. Barmaly ýerimize ýetdigem welin, öňden garaşýan kerwenlerimize gözümiz düşdi. Olar ― iki sygyr, bir öküz hem kerwenbaşymyzdan ybaratdy. Näsag Hywa hökümdarynyňam şol halasgär gäwmişlere garaşyşy meniň bu duşuşyga garaşyşymdan beter däl bolsa gerek. Bilal hajynyň, Ýusubyň, birnäçe pyýadanyň hem meniň biziň derwüşler kerwenimiziň esasy toparyndan aýrylmaly bolandygymyz barada eýýäm aýdan bolsam gerek. Bu beýlekileriň tizara düýeleri kireýine alyp bilmändikleri bilen baglydy. Etrege giren mahalymyz olara gözümiz düşmäni üçin mundan beýläk ýollarymyz aýrylyşan bolaýmasyn diýip howsala düşdük. Şonuň üçinem ýapýaňyja gelen kerwende olaryň bardygyny görüp, juda begendik. Biz uzak wagtlyk aýralykdan soň duşuşan doganlar ýaly, gujaklaşyp ogşaşdyk. Saly hajynyň, Soltan Mahmydyň hem ähli beýleki ýoldaşlarymyň ýenede gapdalymdadyklaryna begenjimiň çägi ýokdy. Sebäbi Bilal hajyny iň gowy dostum diýip hasaplaýanam bolsam, beýlekiler bilenem mazaly ysnyşypdym. Etregiň biziň ýolumyzdaky iň soňky süýji suwly derýadygy, Amyderýa ýetmek üçin bolsa ýigrimi gün ýol ýöremelidigi sebäpli men ýoldaşlaryma mümkinçiligi elden bermän, çaýdan mazaly ganmagy maslahat berdim. Çaýnandan keýpimizi kökledik. Duşuşygymyzyň şanyna guralan ol baýramçylykdaky bol-telki iýip-içenimizi soň-soňlaram ýatladyk ýördük. Şol wagt biziň çöldäki penakärimiz hem howandarymyz bolan kerwenbaşam geldi. Gowy şertlerde tanşasymyň gelýäni üçin men beýlekiler bilen birlikde onuň bilen ilkinji duşuşyga ugradym. Saly hajy hem Mesgut meni oňa tanyşdyrdylar. Amandurdy diýlip ady tutulan garynlak türkmeniň ýoldaşlarym bilen mähirli gürleşip, maňa sowuksala garamagyna ör-gökden geldim. Bilal hajy her hili ýollar bilen gürrüňi meniň üstüme sowsada, kerwenbaşy öňki bolşundan üýtgemedi. «Men bu hajyny eýýäm tanaýan» diýmek bilen çäklendi. Içki howsalama basalyk berip, gitmäge hyýallanan wagty Ylýasyň «belanyň körügi sende» diýýän ýaly, tirýeki Emir Muhammedi gözi bilen iýäýjek bolup seredýänini gördüm. Biz gitdik. Bolan ýagdaýy eşiden Bilal hajy gykylyklap ugrady: «Bu nälet siňen owganlynyň işidir. Ol Reşit hajynyň derwüş geýimine giren pereňlidigi barada Etrekde ýaňran bolmaly (Şu sözlerden soň ol: «Hudaý jan, günämi öteweri» diýip, üç gezek gaý talady). Reşit hajy oňa Kurandan hem arap dilinden ders berip biljek adam. Hajyny biziň beýik soltanymyzyň ilçisiniň öz elinden alyp gaýdanymyz hem onda halyfyň¹ [¹Muhammediň dikmesi, ýagny, Konstantinopolyň soltany.] möhri basylan pasport bardygy hakynda aýdanlaryma ynanman, çyr-çytyr öz şübhesini dogry etjek bolýar, ol eýýäm bu barada kerwenbaşada çawuş çakan bolmaly. Bu töhmetleri üçin ol Hywada kazydyr ulamalaryň öňünde jogap bermeli bolar. Dindar musulmana kapyr diýip töhmet atýanyň nähili güne duçar edilýänini onuň gözüne görkezeris!» Men indi hemme zada göz ýetirip ugradym. Gandagarda doglan Emir Muhammet şäheri iňlisler eýelänsoň, haýsydyr bir jenaýatda günäkärlenip, ilinden gaçyp gitmäge mejbur bolupdyr. Ol ýewropalylary kän görensoň ýüz keşbine syn edip, meniňem şolardandygymy tanapdyr. Şonuň netijesinde-de, turuw başdan ol maňa gedaý jindämde hazyna gizläp, syýahat edip ýören jansyz hökmünde garap ugrapdyr. Meni gorkuzyp, paş edip, şol baýlygy ele salmagy niýetine düwüpdir. Ol maňa gedaý ýoldaşlarymdan aýrylyp, özi bilen bile gitmegimi birnäçe gezek maslahat berdi. Men oňa derwüş bilen söwdagäriň ähli babatda biri-birine ters gelýäni üçin gowy ýoldaş bolup bilmejekdiklerini aýtdym. «Onsoňam sen tirýekkeş. Bu ýaramaz endigi taşlap, kalbyňy päkläp, din ýoluna düşmeseň, ikimiziň aramyzda dostluk hakynda gürrüňem bolup bilmez» diýdim. Meniň mejbury ýagdaýda ýüz uran bu hötjetligim onuň gaharyny getirýärdi. Şu zatlaryň netijesinde, galybersede, öz ýaramaz endikdir häsiýetleri sebäpli ol ähli hajylaryň ýigrenjine sezewar boldy. Men bolsa bu duşmançylyga özüm üçin bähbitli zat hökmünde garaýardym. Şondan iki sagat geçensoň, ähli kerweniň ygtyýaryny öz eline alan kerwenbaşy bize meşiklerimizi doldurmagy buýrup, indiki süýji suwa ýetýänçäk üç günläp ýöremeli boljagymyzy duýdurdy. Menem ýoldaşlarym bilen bilelikde çeşmä tarap ugradym. Teşnelik diýlen zady hiç wagt görmänim üçin men meşigimi doldurdym. Ýoldaşlarym maňa çölde her damja suwuň ömre barabardygyny, şonuň üçinem ony juda aýawly saklamalydygyny düşündirdiler. Taýynlyklarymyzy bir ýüzli edip, ähli zatlary düýelere ýükledik. Kerwenbaşy sanap, düýeleriň segsen, ýolagçylaryň kyrk sanydygyny anyklady. Olaryň ýigrimi altysy ýaragsyz hajylardy, galanlary bolsa mazaly ýaraglanan ýomut türkmenlerinden, bir özbek, bir owgandan ybaratdy. Gündogaryň däbi boýunça, biziň bu kerwenimiz kiçi diýip hasap edilýän bolmagy ähtimal. Hemmämiz ýerli-ýerimizde oturanymyzdan soň bizi çölüň başlanýan ýerine çenli ugradan türkmen goragçylarymyz bilen aýrylyşmak pursady gelip ýetdi. Biz tarapdan Bilal hajy, beýleki tarapdan bolsa Gulhan hoşlaşyk dogasyny okadylar. Doga tamamlanyp, ellerimizi sakgalymyzyň üstünden ýöredenimizden soň, olar bir ýana, biz bir ýana ugradyk. Etrekden aňryk geçip, bizi gözden ýitiren öňki goragçylarymyz hoşlaşyk alamaty hökmünde birnäçe gezek tüpeň atdylar. Ol ýerden biz demirgazyk taýa ugur aldyk. Türkmenleriň syýasy hem jemgyýetçilik şertleri baradaky has jik-mejik maglumatlar bu kitabyň ikinji bölüminde ýerleşdirildi. (Dowamy bar) Arminiý Wamberi Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |