16:52 Orta Aziýa syýahat -4/dowamy | |
ORTA AZIÝA SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
V bap Hanjan namazyny tamamlap, ýerinden turdy. Ol görmegeý, syrdam, uzyn boýly, ýönekeý eginbaşly, sakgaly döşüni ýapyp duran, kyrk ýaşlaryndaky adam eken. Ol ýanyma geldide, garsa gujaklady. Gös-göni adymy tutup salamlaşdy. Bilal hajydyr Saly hajy bilenem şeýle görüşdi. Kerweniň ähli haltalary kenara düşürilensoň, biz çadyrlara tarap ugradyk. Biziň gelenimiz hakyndaky habar ähli ýere ýaýrapdyr. Aýallar, çagalar, hatda itlerem başly-barat bolşup, çadyrlardan bosup çykdylarda, golaýlaşyp gelýän zyýaratçylary görmek üçin bize tarap eňdiler. Hudaýyň buýrugyny berjaý edip, ol zyýaratçylara eliňi degirmegem parz diýip, mollalar olary ynandyrypdyrlar. Orta Aziýa durmuşynyň bu ilkinji kartinasy meniň üçin şeýle bir geň-taňdy welin, gara öýleriň täsin gurluşyna, ýüpek köýnekleri topugyna ýetip duran aýallaramy ýada olaryň bize tarap uzan ellerinemi...haýsy birine has beter haýran galjagymy bilmedim. Geň zat! Jynsyna hem haýsy gatlaga-de gişlidigine parh goýmazdan, ýaşu-garry ählisi üst başlaryna Mekge, Medinäniň keramatly çaň-tozany siňen hajylara ellerini degirmegiň arzuwyndady. Gözel zenanlar, hatda gyzlaram gujaklamak üçin topulanda meniň nähili geň galýandygymy özüňiz göz öňüne getiriberiň! Dini hem myhmanparazlyk duýgulary garym-gatym bu hormat-sarpa bizi halys tapdan düşürdi. Haçanda, hemmämiz esasy işanyň (ruhanynyň) öýüne ýygnananymyzda, bütin ömrümde synlamak miýesser eden zatlarymyň iň täsini başlandy. Öý eýeleriniň arasynda myhmanlaryň haýsyny kimiňkä ýerleşdirmek barada jedel tutaşdy. Bu garyp derwüşlerden kimiň näçesini myhman aljagynyň üstünde tutaşan geň hem çekeleşikli dawa meni juda haýran galdyrdy. Men, dogrusy, nomadlaryň (çarwalaryň) myhmansöýerdigi barada ozal eşidenem bolsam, beýle derejededir öýdüp hiç wagt pikir etmändim. Hanjan aýallaryň arasynda turan jedeli köşeşdirip, tertibi ýola goýdy. Her kime bir myhmandan paýlady. Bilal hajy bilen meni bolsa ähli goş-kötellerimiz bilen özüne aldy. Biz onuň Kümüşdepäniň çetinde ýerleşen öýüne Gürgeniň iki kenarynda öýleri biri-birine ýygjam oturan küren obanyň içinden geçip gitdik. Gün ýaşyberen uçurlarynda halys tapdan düşen halda ahyrsoňy onuň öýüne ýetdik. Bardygymyz, arkaýyn dynç alarys diýip pikir edenem bolsak, ol niýetimiz tersine boldy. Biziň täze jaýymyz bolan ýygnalýan çadyr kenaryň iki ädim gyrasynda dur. Däp boýunça onuň daşyndan iki gezek aýlanyp, dört burçunada nazar salyp, içerik ätlänimizem şoldy welin, birden ol adamlardan hyryn-dykyn doldy. Olar gijäniň bir wagtyna çenli müňlerçe sorag ýagdyryp, halys aňkamyzy aşyrdylar. Hatda Bilal hajynyň hem kem-kemden sabyr käsesi doldy. Agşam Hanjanyň on iki ýaşlaryndaky ogly Babajan bize nahar äkeldi. Gaýnadylan balykdan hem turşy çaldan ybarat bu agşamlyk nahary ullakan agaç çanakda getirildi. Aýagy agyr gandally pars gulunyň getir diýlenine mähetdel äkelen naharyny Babajan onuň elinden aldyda, biziň öňümize goýdy. Soňam beýleräkde kakasynyň gapdalynda ornaşansoň ataly-ogul biziň nahary şeýle işdämenlik bilen symyşlaýşymyzy lezzet alyp synladylar. Nahardan soň Bilal hajy töwir galdyrdy. «Bismilla, Allahy ekber» diýip elini göterende, hemmeler ellerini sakgallarynyň üstünden ýöredip, Hanjany myhmanlary bilen mübäreklediler. 13-nji aprelde men ýomutlaryň «çatma», beýleki taýpalaryň «oraça» atlandyrýan çadyrynda oýandym. Süýji uky hem ganymat jaý meniň keýpimi göterdi, süňňüm ýeňläp, göwnüm ganatlanan ýaly boldy. Henize çenli görmedik zatlarymyň lezzeti meni haýrana goýup, begenjimiň çägi ýokdy. Bu ýagdaýym Bilal hajynyň nazaryndan sypmandyr. Ol meni özi bilen aýlaň-çaýlaň etmäge çagyrdy. Çatmadan biraz ara açanymyzdan soň ol maňa indi ependi häsiýetimi taşlap, janym-tenim bilen derwüş bolmagymy maslahat berdi. “Meniň hem beýleki ýoldaşlarymyň adamlara fatiha (pata) berip başlanymyzy siz gören bolsaňyz gerek – diýip, dostum düşündirmegini dowam etdirdi. – Rumda beýle zatlaryň edilmeýändiginden habarym bar. Ýöne bu ýeriň halky şony talap edýär hem gowy görýär. Sizem özüňizi derwüş atlandyryp, şolara mahsus zatlary ýerine ýetirmeseňiz, gaty geň görerler. Siz nädip pata berilýänini bilýäňiz. Çynlakaý görnüşe giriňde, pata beriberiň. Mundan başgada, eger sizi näsagyň ýanyna çagyrsalar, nepes (keramatly dem) berseňizem bolar. Şeýle ýagdaýda eliňizi öňe uzatmagy ýadyňyzdan çykarmaň. Sebäbi biz derwüşler üçin adamlaryň arasynda şu hili takwalyk örän zerurdyr’’. Bilal hajynyň bu gürrüňleri meniň haýrymady, öwretjek bolýardy. Soň ol: «Belki, eşidensiň, bir syýahatçy ýekegöz milletiň ýurduna baranda, şolardan tapawutlanmazlyk üçin bir gözüni ýumup gezenmişin» diýip, sözüniň üstüne goşdy. Beren maslahatlary üçin men oňa ýürekden minnetdarlyk bildirdim. Ol maňa Hanjanyňam, beýleki köp sanly türkmenleriňem men barada özünden köp soraýanlaryny aýtdy. Meniň syýahatymyň hiç hili resmi häsiýetiniň ýokdugyny olara düşündirmegiň özüne ýeňil düşmeýändigini duýdurdy. Türkmenler, elbetde, soltan meni Hywa hem Buhara haýsydyr bir ruslara garşy tabşyryk bilen ýollandyr diýen pikire gol ýapýanmyşlar. Türkmenleriň türk soltanyna ägirt uly hormatynyň bardygy üçin Bilal hajy olaryň bu pikirini ýalana çykarjak bolup durmandyr. Bu zatlaryň barynyň netijesi bolsa meniň ýeke minudam derwüş häsiýetimi unutmazlygyma syrygýardy. Sebäbi bu halka syrlylyk hem köp manylylyk ähli zatdan beter täsir edýärdi. Bu söhbetden soň biz öýe dolandyk. Bize öý eýeleri hem onuň köpsanly dostlarydyr garyndaşlary garaşýar eken. Ilki bilen hojaýyn öz aýalydyr garry ejesi bilen tanyşdyrdy. Olara penakärlik etmegimizi hem pata bermegimizi haýyş etdi. Soňra biz onuň maşgalasynyň beýleki ýakyn agzalary bilen tanyşdyk. Talap edilýän däp-dessurlar soňlanansoň, Hanjan bize türkmenlerde myhmana maşgalanyň iň mähriban agzasy hökmünde garalýandygyny düşündirdi. «Hiç hili garawsyz islän ýeriňize, diňe bu oba däl, beýleki ähli ýomutlaryň ýurtlarynada gidip bilersiňiz. Kelteler bolan biziň myhmanlarymyza batyrynyp bilen adam bolmaz. Hywa gitjek kerwen ýol şaýyny tutýança, siz bu ýerde iki hepdeläp bolmaly bolarsyňyz. Dem dynç alyňda, soň alysdaky obalary aýlanyp görüň. Türkmenler derwüşleri boş goýbermez. Haltalaryňyzy ol-bi zatlardan doldursaňyz, sizede zyýan däl. Hywadyr Buhara ýetjek bolsaňyz, alnyňyzda alys ýol ýatyr. Ol ýolda hiç ýerde kömek hantama bolmaň» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Erkana aýlanasym gelip, içim byjyklap durany üçin bu sözleriň maňa neneňsi täsir edenini göz öňüne getirmek okyjylara kyn düşer öýdemok. Meniň tä bu halkyň dilinde ganymat gürlemegi öwrenýänçäm, biraz wagt Kümüşdepede – olaryň arasynda bolasym gelýär. Ilkinji günlerde men Hanjan, onuň dogany ýada beýleki ýakyn adamlary bilen bile gezýärdim. Soňra pata bermek üçin adamlaryň üstüne aýlanýan Bilal hajynyň ýada tebipçilik başarnygyny synag edýän Saly hajynyň gapdalynda boldum. Şeýle ýagdaýlarda ola derman berýärdi, men bolsa belent ses bilen doga okaýardym. Munuň üçin maňa kiçijik keçe, kakadylan balyk ýada şuňa meňzeş başga zatlar berýärdiler. Bularyň meniň hyzmatym üçinmi ýada türk hajysylygym üçin berilýänine teý düşünip bilmedim (olar meni rumly hajy diýip atlandyrýardylar). Dostlarymy geň galdyrýan zat – Kümüşdepede bolan bäş günümiň içinde menden delalat isläp gelýän näsaglaryň ýada näsagsyraýanlaryň köpelmegidi. Men olara pata, «dem» ýada gysgajyk doga ýazyp berýärdim. Olaram bu işim üçin azap hakymy ganymat töleýärdiler. Käte hötjet syýasatçylara sataşýardym, olar her zat edip meniň derwüşligimi şübhe astyna alyp, syýasy jansyzlygymyň anygyna ýetjek bolýardylar. Bu, elbetde, meni az-kem aljyratman durmaýardy. Ýöne mazaly özleşdiren nikabymy öňküsi ýaly üýtgewsiz saklaýardym. Meniň ýewropalydygym olaryň hiç biriniň kellesinede gelenokdy. Ýewropalylara düýbünden diýen ýaly nätanyş ýerde hiç hili päsgelçiliksiz aýlanyp ýörmegiň maňa neneňsi hoş ýakýanyny özüňiz biliberiň! Meniň tanyşlarymyň sany gün-günden köpelýärdi. Tizden olaryň arasyndan iň ähmiýetlilerini hem täsiri güýçlülerini saýladym. Aýratynam, Gyzyl ahun bilen dostlaşmagy peýdaly hasap etdim. Onuň hakyky ady molla Myratdy. Meniň örän gowy gatnaşykda bolan ol adamym ajaýyp türkmen alymydy. Onuň tagallasy bilen maňa hiç ýerde garaw bolmady. Gyzyl ahun Buharada bolanda onuň eline türk dilinde Kuranyň aňlatmalarydyr nesihatlaryny düşündirýän bir kitap düşüpdir. Ýöne ol kitaba o diýen gowy düşünmeýän eken. Meniň bu babatda beren kömegime ol örän hoşal boldy. Ähli ýerde meniň yslam edebiýatyndan bilimlidigimi öwüp arşa çykardy. Men diýseň ýokary sarpa goýulýan ruhany hem bilimli adam bolan Satlyk ahun bilenem aramy sazladym. Ilki gezek duşuşanymyzda, ol göz üçin diniň arassa çeşmesi bolan Rumdan gelen musulman bilen ýüzbe-ýüz bolanyna minnetdarlyk bildirdi. Töweregimdäkileriň biri meniň ýüz keşbimiň akýagyzdygyny aýdanda, ol munuň yslamyň hakyky reňkidigini, Hudaý tarapyn berlen bu nuranalyk üçin Günbataryň dindarlarynyň öwünmäge haklydyklaryny düşündirdi. Men kazy kelan Durdy molla bilenem dostluk açmaga çalyşdym. Sebäbi men tizden bu wagşy halka diňe ulamalaryň täsiriniň güýçlüdigine göz ýetirdim. Ýewropalylaryň pikir edişiniň tersine, bu ýerde aksakgallaryň täsiri örän ujypsyz. Türkmenleriň maňa bolan ynamlarynyň barha artmagy öz saýlap alan ýolumyň dogrudygyny subut edýärdi. Haçanda Kümüşdepäniň adynyň gelip çykan ýeri bolan gadymy grek harabasynyň galyndylaryndan metjit salmak barada gürrüň çykanda, Gyzyl ahun iň bilimli hem tejribeli derwüş hökmünde sadaka ýerini bellemegimi menden haýyş etdi. Tutuş Kümüşdepede häzire çenli grekleriňki diýlip hasap edilýän harabadan başga diwaryň ady soram ýok. Şonuň üçinem, ýomutlaryň merkezinde Hudaýa ybadat eder ýaly jaý salmak ideýasyny ösüşe tarap ädim diýip hasap etmek mümkin. Her bir dindar türkmen Aleksandryň gurduran berkitmesinden goparyp, bellenilen ýere birnäçe ýüz kerpiji getirmegi öz borjy hasaplaýar. Gurluşyk üçin material ýeterlik bolansoň, ol ýere türkmen binaçysyny çagyrdylar. Iş bilen Astrahanda-da bolup gören ol adam bu babatda özüni tejribesi ýetik hasaplaýardy. Oňa bütin gurluşygy ýerine ýetirmegi tabşyrdylar. Men kompas boýunça Mekgäniň ýerleşýän tarapyny anyklap beremsoň, hiç hili binýatsyz diwarlary örmäge girişdiler. Binýadynyň unudylmagy bilen, gurluşygyň berklik derejesine kepil geçýän zat azdy. Belkem, ýene biraz wagt geçensoň ruslaryň bu zatlary öz berkitmelerini gurmakda peýdalanmaklaryda mümkindi. Bir hepde geçensoň özüme edilýän howandarlyk netijesinde, Kümüşdepedäki adamlaryň ählisi bilen tanyşdym. Indi mende olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň syrlaryna aralaşmaga, bu taýpanyň bölünýän san-sajaksyz nesil arkalarydyr uruglaryny, mümkinçiligime görä, olaryň şeýle dürlülikleri, gapma-garşylyklary hem özara baglanyşyklary barada pikir ýöretmäge şert bardy. Iş meniň çak edişimden çökder bolup çykdy. Olaryň adaty durmuşlary bilen gyzyklandygym, ol ýada beýleki meseleler barada käbir zatlary soradygym olar: «Derwüşe bu pany dünýäniň işleri bilen gyzyklanmak nämä gerekkä? Hudaýdyr din bilen gümra bolup geziberende bolmaýarmyka?» diýip geň galýardylar. Şonuň üçinem men gerek maglumatlarymy göni soragdan gaça durup, öwrümli ýollar bilen almaly bolýardym. Bagtyma, türkmenler syýahat hakynda sagatlap gürrüň etmegi gowy görýärdiler. Men bolsa olaryň arasynda elim tesbili irkilip oturyşyma sesimi çykarman, edilýän gürrüňlere diň salýardym. Olaryň taryhyny, Parsystana, Hywa hanyna hem beýleki çarwa milletlerine bolan gatnaşyklaryny öwrenýärdim. Şol wagtyň dowamynda men Gyzyl ahun bilen bile gündogar tarapda ýaşaýan ýomut taýpasy bolan atabaýlaryň hem gökleň türkmenleriniň arasynda bolup gördüm. Ol gezelençler meniň üçin aňrybaş derejede gyzyklydy. Olar maňa Aleksandryň golaýdaky çölde ýaşaýan taýpalaryň aýylganç hüjümlerinden goranmak üçin saldyran diwarynyň köp bölegini görmäge mümkinçilik berdi. Gyzyl ahunyň saparynyň maksady ol taýda bolan bir agyr iş barada maglumat ýygnamakdan ybaratdy. Şonuň bilen baglylykda biz birnäçe ýerde iki günde aýlanyp biljek ýerimize dört gün sarp etdik. Gündogara gidip barşymyza, gamyşlyk batgalyklaryndan hem olaryň içindäki ýüzlerçe ýekegapanlardan gaça durmak üçin häli-şindi ýoldan sowulmaly bolýardyk. Bu batgalyklar ýaz aýlarynda Gürgen derýasynyň suwunyň daşyp, ep-esli aralyga ýaýramagy netijesinde döreýär. Çaky, bu ýagdaý gadym wagtlarda-da tizden-tiz gaýtalanyp, goranmak üçin öňde agzap geçen diwarymyzyň salynmagyna sebäp bolan bolmagy mümkin. Derýanyň demirgazyk kenarynda dörtden alty iňlis mili aralygyndaky ol ullakan diwar düzlügiň belendräk ýerlerinde salnypdyr. Diwaryň golaýyndan geçýän ýol häzirem ýylyň islendik wagtynda ýöremek üçin örän amatly. Hut şol sebäbe göräde, ilatyň agramly bölegi şol ýoluň ugrunda ýaşaýar. Bir sagada-da ýeter-ýetmez wagtda ululy-kiçili ilatly nokatlarynyň duşup durmagyda, muny subut edýär. Gadymy diwaryň demirgazyk bölegini görmänim üçin ol barada aýdylýan mahabatly gürrüňlerede hiç hili ähmiýet bermedim. Gündogar çetde bolanymda men diwaryň Kümüşdepeden demirgazyk-gündogar tarapada uzalýanyna göz ýetirdim. Şol ýerde, deňiz kenarynyň golaýynda gadymy harabalaryň köplügide diwaryň şol ýerden başlanandygyny subut edýär. Onuň beýleki çeti ýigrimi iňlis mili aralygynda Etrek derýasynyň günorta tarapyna uzalýar. Olam deňze ýakyn bolup, ugurlaryň ikisi biraz ýokarrakda, Altyn tokmagyň ýanynda birleşýär. Kümüşdepäniň ýanynda başlanýan ugruň on geografk mil aralygyny men günbatardan demirgazyk-gündogar tarapa iki günüň dowamynda synladym. Ony iki-üç fut beýiklikdäki depeden ap-aňsat saýgarmak mümkin. Ol diwar uzyn berkitmä meňzeş bolup, olaryň arasynda müň ädim göwrümi ähli ýerde deň bolan gadymy diňleriň galyndylary somalyşyp görünýär. Şol diwarlaryň gapdalynda başga bir ullakan depeler seleňläp otyr. Olar barada kanagatlanarly düşündiriş berere ýada ygtybarly çaklamany orta atara çakym bolmany üçin, bu işi höwes bilen başgalaryň paýyna goýýan. Olaryň käbirini türkmenler gazyp görüpdir. Aýdyşlaryna görä, olaryň ortasyndan dörtgyraň jaý, ägirt uly küýze, ýuka kagyz hem onuň üstünde gögümtil kül, birnäçe gyzyl puldur beýleki gymmat bahaly zatlar tapylypdyr. Şonuň netijesinde-de, şol diwary durşuna «Gyzylly alaň» atlandyrýarlar. Gürrüňini edýän diwarymy türkmenleriň aýratyn hormat goýýan ildeşleriniň üstüne galdyrýan tümmekleri bilen garyşdyrmaly däl. Alym ýoldaşym Gyzyl ahun näme üçin meni Aleksandryň diwarynyň (Seddi Isgender)¹ beýle gyzyklandyrýandygyna geň galdy. [¹ Gündogarlylar beýik makedoniýalynyň taryhyny dini miflere näçe diýseň boýapdyrlar. Olaryň ýazyjylarynyň köpüsi öz köp sanly eserleriniň gahrymany bolan Isgender Zülkarneýni (iki şahly Isgenderi) Isgender Rumydan (Grekleriň Aleksandryndan) aýyrýarlar. Ýöne men ähli ýerde bu iki şahsyýete bir adam hökmünde garalýandygyna gabat geldim.] Gyzyl ahunyň pikiriçe, bu diwary kuwwatly hökümdar Aleksandr jynlara emr edip saldyrypdyr. «Aleksandr bize görä has takwa musulman bolany üçin ýerasty ruhlaram onuň emrine tabyn eken» diýip, ol gürrüň berdi. Soň ol Aleksandryň tümlük şalygyna barşy baradaky hemmä belli hekaýata başlady. Birdenem meniň açyk gyzyl reňkli kerpiçleri biri-birinden aýyrjak bolup duranymy görüp, sesini kesdi. Kerpiçler şeýle bir berk tutluşypdyrlar welin, olary aýranyňdan döweniň aňsatdy. Bu töwerek arheologlar üçin uly gyzyklanma döredip biljek. Bu ýerde diňe bir grek hökümdarlarynyň galyndylary däl, eýsem Eýran siwilizasiýasynyň ýadygärliklerem bar. Aşaky Gürgeniň ähmiýeti, Şähri Jurjanyň harabalyklary baradaky ýazgylar arap taryhçylarynyň işlerinde köp duşýar. Kümmetkowusyň harabalygyny özüm görmedikde bolsam, gürrüňini kän eşitdim. Olam gyssanmaç geçip giden iňlis syýahatçysynyňkydan has uly üns berilmäge mynasyp bolsa gerek. Alym hem garyp adamdyr öýden ýoldaşym Gyzyl ahunyň dürli ýerlerde öýüniň, üç aýalydyr çagalarynyň bolmagy meni uçursyz geň galdyrdy. Haçanda ol birnäçe ýerde meni öz täze aýallarydyr çagalary bilen tanyşdyranda, “bu gezelenjimiziň düýp maksady başgarak ekenow” diýip, şübhelenip ugradym. Onuň keseki öýlerde-de kabul edilişi öz öýündäkiden az tapawutlanýardy. Ol sylag-sarpasy ýetik mollady. Mollalar türkmenlerde islendik ýerde özlerini edil öz öýlerinde ýaly arkaýyn duýýardylar. Hatda beýleki taýpalaryň adamlaram olara diňe bir hormat goýmak bilen çäklenmän, üstlerini dürli sowgat-serpaýdan gömýärler. Onuň şägirdi bolan bolup ýören menide boş goýanokdylar. Maňa namji (dyzyň aşagyna goýulýan zat), türkmen donuny, şol çarwalaryň esasy geýýän zatlary bolan giň keçe telpek sowgat etdiler. Şo telpegi geýip daşyna selle oradym welin, hakyky türkmen mollasyna meňzäýdim! Kümüşdepä öwrülip gelip, hajy dostlarym bilen duşanymda olar meniň gezelenjimi oňlamaýandyklaryny, esli wagtlap aralarynda bolmanym üçin howsala düşendiklerini aňdym. Olaryň hemmesiniň saglyk ýagdaýlary bilen gyzyklandym. Saly hajynyň öňküsi ýaly üstünlik bilen näsaglary bejerýänini, Kary Mesgut hajynyň bolsa metjitde zatlarynyň ogurlananyny bildim. Onuň özi metjit bolup hyzmat edýän çadyrda ýaşaýardy. Näçe gözlensede, onuň zatlaryndan derek tapylmady. Onsoň bir işan eger ogry alan zatlaryny getirmese, nälet okajakdygyny yglan etdi. Şondan ýigrimi dört sagat wagt geçmänkä wyždany ezýet berýän ogry diňe bir alan zatlaryny däl, eýsem ýaraşyk alamaty hökmünde, sowgadynam üstüne goşdyda getiräýdi. Ogrularyň üstüni açmagyň şol usulyny häzirki dowam edýän gurluşa derek Londonda-da ulanmagy maslahat beresim gelýär. Şeýle hem maňa Hywa ugrajak kerwen hakynda habar berdiler. Dostlarymyň aýtmagyna görä, hekimler Hywa hanyna gäwmişiň süýdüni içmegi maslahat beripdirler. Han bolsa şol gäwmişleriň iki sanysyny alyp gelmek üçin öz kerwenbaşysyny Kümüşdepä ýörite ugradypdyr. Iberilen adam Astrabada gitdi. Dolanyp gelensoň, çöle beletlikde deňi-taýy ýok ol adamyň baştutanlygynda syýahatyň şowly boljagyna doly bil baglap, ýola düşmäge taýynlyk görübermeli. «Ýer urup, ýerde galan» diýilýänlerden bolan garyp ýoldaşlarymyň köpüsini türkmenleriň myhmansöýerliginiň, özlerine edýän hezzet-hormatlarynyň irizip ugramagy meni geň galdyrdy. Bu iki ýurduň aradaşlygy bary-ýogy birnäçe mil bolsada, türkmenleriň däp-dessurlarynyň, ahlaklarynyň hem pikirlenişleriniň tapawudyna seredeniňde, göýä diýersiň, olar biri-birinden müňläp mil uzaklykda ýaşaýan ýalydy. Diniň hem taryhy hekaýatlaryň adamzada täsirini ýetirişiniň geňligini diýsene! Meniň özdiýenli hojaýynym birnäçe gezek ýeňsämden itip, çadyrdan çykardy. Bu ýagdaý türkmenleriň: «Näçe südür görseň, şonçada gadyr görersiň» diýen düzgünine gabat gelýär eken. Bu hili dabarada çakylyk eden adam öz öýüniň işiginde birnäçe keçe, eger barlyrak bolsa, haly ýazýar. Olaryň üstünde adamlar bäşden-altydan döwre gurap oturýarlar. Her üýşmekdäkileriň derejesine, adam sanyna hem ýaşlaryna laýyklykda, ullakan agaç çanakda nahar äberilýär. Her kim penjesini dolduryp, nahar iýmäge başlaýar. Ol naharlar köp babatda biziň duz-tagam bilen iş salyşýan adamlarymyzyda gyzyklandyryp biljek. Gepiň gerdişine görä, şol şagalaňlarda düýe etleriniň esasy zatdygyny belläsim gelýär. Beýleki tagamlar, aýratynam, aw etleri barada ýazybam oturmaýyn. Barybir, ýalan sözleýändir öýdüp, ynanmazlar. Meniň Hanjanyň öýünde bolan döwrümde ol ogluny öýlendirdi. On iki ýaşyndaky ogluna on ýaşly gyz alyp berdi. Bu wakanyň şanyna tutulan toýa bizem myhman hökmünde gatnaşdyk, hiç hili ýagdaýda boýun towlap bilmedik. Biz öýe girenimizde, gelin ýaglyga keşde çekip oturan eken. Ol göýä öýde başga adamlaryň oturanyndan bihabar ýaly, şol ýerde bolan iki sagat wagtymyzyň dowamynda biziň tarapymyza ýeke gezek ogrynça garady. Onuň üçin göýä diýersiň, biziň barymyz-ýogumyz deň ýalydy. Meniň hatyrama bişirilen süýtli aşy iýip otyrkak, Hanjan: «Men bu toýy indiki güýzde etmekçidim. Muny tizleşdiren zat ― siziň gelmegiňiz boldy. Toýy siziň ýolbaşçylygyňyz hem pata bermegiňiz bilen geçiresim geldi» diýdi. Islegimiň bütinleý tersine, meni Kümüşdepede üç hepdeläp saklan myhmansöýer Hanjan ahyrsoňy biziň ugramagymyza kömek edermen boldy. Biz düýeleri kireýiniň gaty kän çykdaja goýjagy üçin iki bolup birini almaly, oňada diňe suwdur unumyzy ýüklemeli diýen karara geldik. Eger Ylýas beg kömek etmedik bolanlygynda, bu meseläni çözmek bize gaty kyn düşjekdi. Dogrusy, ol din diýip ýykylyp ýatan ýada bizi hajy bolanymyz üçin sylaýan adam däldi. Muňa garamazdan, ol myhmansöýerligiň kanunlaryny berk ýerine ýetirip, biziň göwnümizi tapmak üçin ähli zada taýýardy. Ylýas hywaly türkmendi. Ol her ýyl iş bilen, çöl söküp Kümüşdepä gelýär hem Hanjana penalanyp, işlerini düzedýär. Şeýtmese, onuňam ýagdaýynyň beýleki kese ýerden gelenleriňkiden idili bolmajagy bellidi. Ol, adatça, ýigrimi, otuz düýeden ybarat kerweni bilen güýz aýlarynda gelip, özüne hem il üçin alan harytlaryndan ýüklenip, ýazda yzyna ugraýar eken. Bu ýyl ol kerwene birnäçe düýäni artykmaç tirkäpdir, olara berlen goşmaça hak bolsa onuň üçin asla garaşylmadyk girdeji boldy duruberdi. «Ylýas, bular üçin kelläň bilen jogap berersiň» diýmesi Hanjanyň bize nähili belent hormat goýýanynyň alamatydy. Ylýas çarwalaryň şunuň ýaly ýagdaýlarda edişi ýaly, ýüzüni aşak saldyda, dodaklaryny hereketlendirmän: «Sen, näme, meni tanaňokmy!» diýip, pessaý ses bilen mydyrdady. Bu iki türkmeniň özara gürrüňi ýarym ýewropaly häsiýetli bolan meniň gaharymy getirip ugrady. Men Bilal hajynyň hem beýleki ýoldaşlarymyň gymyldaman sessiz duranlarynada üns bermän, gaharyma birnäçe zatlary aýtdym. Tizdenem ol sözlerimiň jogapsyz galdyrylyp, ýele gideni üçin aýdanyma ökündim. Oňa ünsem bermediler. Gepleşiklerimiziň netijesi boýunça, biz Hywa çenli her düýä iki dukat pul tölemeli. Suwdur unumyzy bolsa, Ylýas mugt äkitmäge razy boldy. Gedaý jindämiň dürli ýerlerinde ýygşyrylan az owlak pulum hem hajy hökmünde maňa türkmenleriň eçilen sowgat-serpaýlary göwnüme bolmasa, özbaşyma bir düýäni kireýine almaga ýetäýjek ýalydy. Ýöne Bilal hajy bilen Soltan Mahmyt meniň bu pikirimi unamadylar. «Aňryňda zadyň baram bolsa, näçe garyp görnüp bilseň, şonça gowy. Şonda adamlaryň saňa rehimi inýär, üstesinede, ol özüňi goramagyň iň gowy usuly. Barlylygyň sähelçe alamatynyň açgözlük duýgusyny oýarmagy ähtimal. Baýlygyňa bolan şübhe iň gowy dostuňam duşmana öwrüp biler» diýdiler. Olar ýanlarynda birneme zatlary baram bolsa, ätiýaç üçin eginleri jindeli paý-pyýada syýahat edip ýören hajylaryň birnäçesiniň atlaryny tutdular. Menem bu zerurlyga boýun bolup, beýlekiler ýaly, bir düýäni şärikli kireýine aldym. Ýöne ýadan mahalym kejebeden (düýä taýlanyp atylan sebetler) peýdalanjagymy duýdurdym. Agsak aýagym bilen gije-gündiz ýol ýöräp, kyrk menzil aralygy geçmegiň ýada agaç eýerde beýlekiler bilen gyslyşyp oturmagyň özüme aňsat düşmejegini bilýärdim. Çöl ýagdaýynda kejebä münülse, düýä iki esse agram düşjegini aýdyp, Ylýas muňa razy bolmady. Özem onuň aýdany dogry eken. Şeýlede bolsa, Hanjan ony razy etdi. Indi maňa Hywa barýan ýolda wagtal-wagtal uklap, dynjymy almaga mümkinçilik döräpdi. Ýigrimi güne çekjek ol ýol barada beýlekileriň gürrüňini diňleseň, kalbyňa howsaladyr gorky aralaşýardy... Şu hili ýagdaýda ýüregime basalyk berýän zat ― sebetleriň birinde meniň bilen ýüzbe-ýüz oturmaly adamyň Bilal hajy bolmagydy. Gepleşik gutaransoň, biz düzgün boýunça bermeli kireýlerimizi öňünden töledik. Bilal hajy doga okady. Köse Ylýas hem ellerini eňeginden asylyp duran birnäçe bulaşyk gyllaryň üstünden ýöredip goýberdi. Indi bu ýerlik iş gutarany üçin mümkin boldugyça, tizräk ugratmaklaryny haýyş etdik. Ol bize hiç hili söz bermedi. Sebäbi ähli zady öz gäwmişleri bilen kerwenimiziň başyny çekip ugramaly esasy kerwenbaşy çözýärdi. Birnäçe günden soň biz Etrek tarapa ýola düşmäge doly taýýar bolduk. Meniň Kümüşdepäni tizräk terk edesim gelip, içim byjyklaýardy. Munuňam sebäbi, birinjiden, biz bu ýerde wagtymyzy biderek geçirýärdik, üstesinede, ýylyň yssy döwri barha golaýlap gelýärdi. Biz çölde ýagyş suwuny tapyp bilmeris öýdüp gorkýardyk. Ikinjiden bolsa, men barada aýdylýan gülkünç, geň gürrüňlerden ýaňa özümi oňaýsyz duýýardym. Adamlaryň köpüsi meniň takwa derwüşdigime ynanýardy. Beýleki birnäçeleri bolsa soltan tarapyndan Tährandaky türk ilçisiniň ýanyna iberilen hem öz ýanym bilen müň sany tüpeň getirip, Parsystandyr Russiýanyň garşysyna dildüwşük guramagyň ugrunda gezip ýören adamdyr öýdýärdiler. Eger bu gürrüň Aşyrada-da ruslaryň gulagyna iläýen bolsa, olar, elbetde, gülerdiler, belkide, meniň kimdigim bilen gyzyklanyp ugrardylar. Olar üçin geň derwüş bolup görünýän meniň hakyky ýüzümiň açylmagy netijesinde ömürlik bendi bolup galaýmagymda daş däldi. Şonuň üçinem, men Bilal hajyny Kümüşdepeden bahymrak garamyzy saýlamaga yrjak bolýardym. Ýöne Ylýas aramyza goşulaly bäri onuň öňki gyssanmaçlygy biparhlyk bilen ornuny çalşan ýalydy. Meniň gyssamalaryma bolsa, ol bir syhly: «Näme, beýle çaga ýaly howlugýaň? Her zadyň öz wagty bardyr. Howlugyp, alan galaň bolmaz. Kysmatyň saňa tä başga ýerden suw içmegi höküm edýänçä, sen Gürgeniň kenarynda bolmaly bolarsyň. Şol hökümiň haçan boljagyny bolsa hiç kim bilenok» diýip, jogap gaýtarýardy. Howsalasy özüne ýetik aňa gündogarlynyň şu hili jogabynyň nähili täsir etjegini özüňiz biliberiň! Hiç hili çykalga görmänim üçin menem kysmatyma kaýyl bolmaly boldum. Hanjan maňa ozalky alamançy Gulhan piriňkide myhman bolmagymy gaty berk tabşyrdy. Maňa geregem şoldy. Garran alamançynyň tutuk hem iniň söýmeýän ýüz keşbi bardy. Meni myhman almagy tabşyranlarynda, onuň keşbinde begençden nam-nyşan ýokdy. Ol ýüzüme esli wagtlap seredip, Hanjanyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Onuň bolşy özgeleriň mende görmeýän, pikirlerinede getirmeýän nämedir bir zadynyň üstüni açjak bolýana meňzeýärdi. Onuň ynamsyz garaýşynyň sebäbini men tizden anykladym. Gulhan ýaş wagtlary patyşanyň gullugynda durýan Hydyr han bilen günorta Russiýada bolup görüpdir. Köp wagtlap Tifisde ýaşap, biziň Ýewropa ýaşaýşymyzy öwrenipdir. Ol dürli halklaryň adamlaryny köp görenem bolsa, osmanla hiç wagt gabat gelmändigini, olaryňam türkmenleriň bir taýpasyndan gelip çykandyklaryny eşidendigini hem ähli babatlarda türkmene meňzeşdiklerini, ýöne meniň olara asla çalym etmeýändigimi aýtdy. Bilal hajy özüniňem bir näçe ýyl Rumda ýaşanam bolsa, maňa meňzeş adamy görmändigini aýdyp, onuň sözlerini tassyklady. Soňra Gulhan bize ýene iki günden öz Etrekdäki obasyna barjakdygyny yglan etdi, syýahata taýyn bolup durmagymyzy maslahat berdi. Etrege çenli aralyk on iki milden köp dälem bolsa, ol ýere Gulhansyz ýetip bilmejegimiz köre hasady. Ol bize Gürgeniň kenaryny syryp, oglunyň tizden geljek ugruna tarap ýöremegi maslahat berdi. «Ol geläýse täsin zatlary synlap bilersiňiz» diýdi. Edere işim bolmany üçin menem göwünjeňlik bilen onuň aýdanyna eýerip, şol taýa ugran mähelläniň arasyna goşuldym. Ahyrsoňy garşydaky kenarda onlarça aty öňlerine salyp gelýän sekiz sany türkmen göründi. Men garaşyp duran mähelle olary şowhun şagalaň bilen garşylar öýtdüm. Ýöne olar özlerine golaýlaşýan atlylara seslerini çykarman, üns bilen seredip durdular. Atlylar özlerini derýa urup, bize tarap ýüzüp ugradylar. Kenara çykyp, olar öz iň ýakyn adamlaryna agraslyk bilen ellerini uzatdylar. Ýaş gahrymanlar üstbaşlaryna serenjam bermek bilen meşguldy. Olar agyr silkme telpeklerini çykaryp, kelleleriniň, ýüzleriniň derini süpürdiler. Men bu kelte üstki eşikli, laçyn garaýyşly, eginlerine düşüp duran saçly, gowy ýaraglanan ýaş ýigitleri höwes bilen synladym. Olary hemmeler haýran galyp synlaýardylar. Hatda Gulhanyň tutuk keşbinede mylaýymlyk alamaty çaýylan ýalydy. Ol ogluny biziň ýanymyza alyp geldi. Bilal hajy oňa pata beren soň, biz aýrylyşdyk. Ertesi bolsa biz Gulhan, onuň ogly bilen birlikde Kümüşdepeden Etrege ugradyk. (Dowamy bar). Arminiý Wamberi Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |