11:09 Orta ýoldaky oýlanmalar | |
ORTA ÝOLDAKY OÝLANMALAR
Edebi tankyt
(az-kem gysgaldylyp alyndy) ..."Dogry sözüñ dosty ýok" diýen gadymy nakyly indi köplenç "Dogry sözlüñ dosty kän diýip ulanýarlar. Emma durmuşda mydama beýle bolup duranok. Men dost diýen söze onuñ gadymy manysynda düşünýärin, dosta, dostluga halk nakyllarynda berilýän baha boýunça düşünýärin. Men hiç haçanam dostlarymyñ köplügi bilen öwnüp bilmändim. Syr alyp, syr berişýän sanlyja dostlarym bardy. Olaryñam ikisi bilen-ä... sözümiz azaşdy. Olaryñ ikisi-de sowatly oglanlardy. Poeziýany juda gowy görýärdiler. Çyn şahyra, könekileriñ Hudaýa ynanşy ýaly ynanýardylar. 60-njy ýyllaryñ başlarynd olaryñ ikisi-de birdenkä goşgy ýazmaga başlady. Ilki gazetlerde, soñ žurnalda ýazan zatlary çykyp ugrady. Awtorlar öz ykballaryndan juda hoşaldylar, olara goşgularynyñ gazet-žurnallarda peýda bolmagy iñ möhüm zatdy, olaryñ okalýany ýa-da okalmaýany bilen kän bir işleri-de bolmazdy. Şol goşgular hakykatda redaktorlaryñ "çykarsañam bolýar, çykarmasañam" diýýän, okyjylaryñ bolsa "okasañam bolýar, okamasañam" diýýän goşgularydy. Has takygy okyja berýän peýdasy ýokdy. Okamak üçin sarp eden wagtyñy nazara almasañ zyýany hem ýokdy. Bir gezek žurnalyñ redaksiýasynda işleýärkäm, ýañky iki dostumyñ biri bir topar goşgusyny alyp geldi. Bu mahala çenli onuñ eýýäm goşgular ýygyndysy kitap bolup çykypdy. Belki, diñe höweslendirmek, raýyny ýykmazlyk maksady bilen ýaş awtoryñ ilkinji goşgularyny gowşagragam bolsa gazetde çap etmek gerekdir? Emma soñ-soñlar ondan talap edijiligi barha güýçlendirmegiñ örän möhümdigini tejribe görkezýär. Ine, ol bir topar goşgusyny žurnala hödürledi, okap gördük. Awtor hatda biziñ şeýle çintgäp okaýanymyza-da nägile boldy. Goşgularyny yzyna gaýtarmaga mejburdygymyzy aýdanynyzda bolsa ör-gökden geldi. Torsarylyp çykyp gitdi. Biziñ bilen salamlaşmasyny goýdy. Ikinji dostum oña garanda zehinliräkdi. Emma onuñ bir ýigrenji tarapy ýüze çykdy: ol özi hakda uly pikirde eken. Öz işleýän gazetinde zol-zol goşgulary çykýardy, öz dörddijiligi barada "seslenmeler" guraýardy (edil häzir käbir internet "klassyklarymyzyñ" edebi akkaunt gurnap, birtopar bar-u-ýok ýallakylaryna öz-özüni öwdürip asmana cykardyşy ýaly , edebiýata düşen güýe kimin ruhy taýdan näsag şizofrenler hemişe-de bolupdyr ahyryn... - t.b.) Şahyr we şahyrçylyk baradaky onuñ pelsepesi has-da, ýürekbulandyryjydy. "Häzirki döwürde hakyky talantlar bilen körzehinler garym-gatym boldy, gowy ýazmak hökman däl, özüñi gowy propogandirlemegi başarmak welin hökman". Garaz ol "dostlarymyñ ikisi-de menden ýüzüni sowdy. Muña gynanybam duramok. Elbetde, dostuñy ýitirmek ýagşy däl, ýöne edebiýatda ýüzgörüjilik bilen galplyk etmek hemme zatdan ýaman! Bilezzet goşgular bizde henizem az çykarylanok. Hut şeýle goşgular hakynda Kerim Gurbannepesowyñ ýazan setirleri ýada düşýär: Erbet kitap, azlyk etmänsiñ öñem... Azlyk edip barañok sen şu günem. Gowynyñ gadyryn bilmegmiz üçin, Hudaý bilýär, belki gereksiñ senem. Bu beýt şahyryñ "Kyrk" atly kitabyndan alyndy. Eýsem, makalany näme üçin umumy gürrüñ bilen başladym? Sebäbi, öz-özlerine biçak göwni ýetýän, ýokarda agzalan şahyrsumaklaryñ nazaryny "Kyrk" diýen kitaba gönükdirmek isledim. Şonda olar poeziýa diýilýän keramatly daragtyñ birje ýapragynh ýaratmak üçin nähili ýüregiñ gerekdigini, hakyky şahyryñ öz jemgyýeti bilen aragatnaşygynyñ nähili bolmalydygyny we başga-da köp zatlary ýene bir gezek mejbury suratda duýmaly bolardylar. Kerim Gurbannepesowyñ adyny agzanymyzda ilki bilen "Taýmaz baba", "Ata we ogul", "Ajy günler, süýji günler", "Gumdan tapylan ýürek", "Üçüñ biri" ýaly şahyrana polotnolar göz öñüne gelýär. Şu eserler häzirki zaman türkmen poeziýasynyñ abraýyny götermäge, agramyny artdyrmaga, ony gözelleşdirmäge uly ýardam etdiler. Şahyryñ udel agramy näme bilen ölçelýär. Geliñ, biz türkmen poeziýasyny owadan ymarata deñäp göreliñ. Ýokarda gürrüñi edilýän şahyrsumaklaryñ we şolara meñzeşleriñ goşgularyny, hatda kitaplaryny aradan aýranyñ bilen şol ymaratyñ asla görküniñ gaçmajakdygyna, gaýtam kerpiç örümleriniñ has berkleşjekdigine güwä geçmek bolar. Emma K.Gurbannepesowyñ diñe ýañky sanalan poemalaryny aradan aýyrsañ hem şol ymaratyñ gädilip, görki gaçardy. Elbetde, aýry-aýry taryhy döwürdäki halk durmuşynyñ bu çeperçilik bilen çekilen kartinalarynyñ tutuş poeziýamyza nähili täsir edendigini, oña nähili goşant bolandygyny, şahyryñ döredijilik aýratynlygyny, galam ýöredişini, pikir öwrüşini yzarlamak edebi tankydyñ, edebiýaty öwreniş ylmynyñ işi. Biz bolsa diñe şol eserleriñ jemgyýetçilik synagyndan, wagt synagyndan üstünlikli geçendigini bellemekçi. Şahyryñ "Kyrk" kitaby - onuñ şahyr we şahyrçylyk baradaky oýlanalaryny, bu - orta ýoldaky - kyrk ýaşyndaky şahyryñ geçen gysga, emma zähmetden, kynçylykdan, göreşden doly durmuş ýoly hakyndaky dabaraly hasabaty, ömrüñ manysy hakyndaky şahyrana - filosofiki pikirleri. Dosta geñeş berdim güýjüme görä, Köre göreç berdim güýjüme görä. Halal zähmet bilen geçirdim kyrky, Muzduny hem aldym çäjime görä. Ýagşylary söýdüm bäş duýgym bilen, Alty duýgym bilen ýigrendim galpy, Ýamanlaryñ ýagşy bolmagy üçin Gije-gündiz çatdym harp bilen harpy. Şahyr poeziýanyñ ýöne bir pişe däl-de, ömrüñ özüdigini nygtaýar. Ol şöhratparaz şahyrsumaklara, bäş setiriñ başyny çatyp, döşüne urýanlara şeýlw bir zady ýatladýar: Şahyr näçe ýaş boldukça Özüne göwni ýetik. Kämillige duş boldukça Aladasy artyk, ýüz-gözi çytyk. Ýaşlyk - gaýnaýan süýt, Kämillik gatyk. Ýöne welin siññin gaýnaman çogmak Süýt üçinem, ot üçinem howply zat: Gazanyñdan çogsañ, oduñ söndürseñ Hany onsoñ gatyk, hany onsoñ ot? Şahyr özüniñ tebigaty boýunça täzelikçi, gözlegçi bolmalydyr. Sebäp, biziñ durmuşymyz mazmuna baý. Baý mazmuna baý forma gerek. Şeýle gözlegde şahyryñ käte şowsuzlyga uçramagy-da mümkin. Baýlyk agtarýan geologlarda-da şeýle şowsuzlyj bolýar ahbetin. K.Gurbannepesow täze formalar gözleýär. "Kyrkda" her hili goşgy düzüliş formasyna, hatda türkmen poeziýasy üçin mahsus bolmadyk "ak goşga-da" duş gelýärsiñ. Türkmen halkynyñ söýgüli ogly Şaja Batyrowyñ ýagty ýadygärligine bagyşlanyp ýazylan setirlerde kapyýa ýok, emma şol setirler durşuna poeziýadyr, ajaýyp Adamyñ şöhratly ömrüne ýazylan odadyr! Gynansak-da daşymyzy gurşap alan gözelligi - tebigatyñ täsinligini duýmak ukyby hemme kiş berilmändir. Şopeniñ sazyna ýa-da Magtymgulynyñ setirleriniñ manysyna-da hemmeler düşünip bilenok. Çyn poeziýany döretmek üçin gaýnagly talant, başgaça aýdanyñda tebigy ukyp gerek, emma şol poeziýa düşünmek üçinem ukyp gerek. Häzir türkmen topragyny galyñ gar basyp ýatyr. Gar basan meýdanlaryñ astynda - çuñluklardan gök ýylagyñ kök urup ösüp gelýänini, ýalazy baglaryñ şahalarynyń pyntyk ýarýanyny duýmagyñ özi hem kalbyñy ýyladýar. Çyn poeziýa eserinde-de baharyñ güýç-gudraty bar: ol adama ýaşamak, göreşmek üçin iñ zerur zatlary berýär, ynam, güýç, şatlyk, ruh berýär. K.Gurbannepesowyñ umumy poeziýasynda, şol sanda "Kyrk" kitabynda hem adamlaryñ añyna, aklyna täsir edip biljek şeýle jadyly güýç bar. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |