21:13 Osmanlyda ahlaksyzlygyñ we şarlatanlygyñ simwoly: Jynçy Hüseýin ependi | |
OSMANLYDA AHLAKSYZLYGYÑ we ŞARLATANLYGYÑ SIMWOLY: JYNÇY HÜSEÝIN EPENDI
Taryhy makalalar
Taryhda ýaşap geçen täsin adamyñ durmuşyndan söz açmak isleýäris. Hemme döwürde we hemme jemgyýetde beýle adamlar ýaşap geçenem bolsa, osmanly döwründe ýaşap geçen has täsin bir adam bar. Oña Jynçy Hüseýin, ýa-da Safranboluly Hüseýin ependi diýilýär. Aşakda onuñ öz soñuny nädip getirenliginiñ hekaýatyny dykgatyñyza ýetirmek isleýäris. Taryha ady Jynçy Hüseýin diýip giren Hüseýin ependi bu işe kakasyndan öwrenen aýat-dogalary bilen başlapdyr... Soñabaka doga-jady etmegi-de oñarýan işleriniñ hataryna goşup, Stambulyñ "Süleýmaniýe" medresesiniñ gapysyndan ätläpdir. Safranboluly Hüseýin ependi baran ýerinde aslyny kämahal Sadreddin Konýewä, kämahalam seljuklara diräp, at-abraýyny güýçlendiripdir. Beýtmeklik onuñ gysga wagtda tanalmagyna getiripdir. Hüseýin ependiniñ şeýlekin derejede tanalmagynyñ ýeke-täk sebäbi-de şol döwüriñ halkynyñ nadanlygydyr. Şol wagtyñ patyşasy Soltan Ybraýymyñ başdan geçiren ruhy näsaglyklary sebäpli gowy bejergä mätäçligi bolupdyr... Ine, Jynçy molla muny köşge aralaşmak üçin iñ amatly pursat hasaplapdyr. Soltan Ybraýymyñ başdan geçirýän ruhy näsaglyklarynyñ arasynda arabaly köçede gezmegi gadagan etmek, Stambulyñ iñ semiz aýalyny haremhanasyna getirmek, şazadalara süýt emdirýän zenanlar bilen ham-çam bolmak we şazada Mämmedi köşgüñ howzuna zyñmak ýaly samsyklaç zatlar bardy... Hemmeler indi ony saklamagyñ bir alajyny gözläpdir. Ine, pursat peýläp ýatan Jynçy molla muny hem muny köşge aralaşmak üçin amatly mümkinçilik hasaplapdyr. Kösem soltanyñ şypany lukmandyr tebiplerden däl-de üf-çüw edýän mollasumaklardan gözleýändigi üçin gözläp ýören amatly pursaty Jynçy mollanyñ ebeteýine gelipdir... Şeýdibem, Jynçy Hüseýin köşgüñ gapysynda görünmäge başlapdyr. Şol döwür käbir taryhçylaryñ aýtmagyna görä, Jynçy Hüseýin Osmanlydaky ahlaksyzlygyñ we şarlatanlygyñ gelip ýeten iñ soñky derejesini görkezýärdi... Ol jemgyýetiñ şeýle ýagdaýa gelmegi üçin elinden gelen şumlugyny etdi. Demi Soltan Ybraýyma gowy düşen bolmaly, Jynçy Hüseýin kän wagt geçmänkä "Mahmutpaşa" metjidiniñ ýanynda eýwanly-sütünli köşk gurdurdy... Ol eýýäm puluñ ysyny alypdy... Soñra Şeýhulyslamyñ garşy çykandygyna garamazdan hut patyşa Ybraýymyñ eli bilen döwrüñ iñ uly ylym ojaklaryndan "Sahni-Seman" we "Süleýmaniýe" medreseleriniñ birine müderris bellendi... Yzysüre patyşanyñ şahsy mollalygyna çenli beýgelen Jynçy Hüseýin Stambulyñ kazysy wezipesi bilen birlikde Galatanyñ kazysy wezipesine-de bellendi. Soñrasynda bolsa döwrüniñ iñ sylanýan atly-abraýly harby ýolbaşçylaryndan Kemankeş Mustapa paşany ölüm jezasyna höküm etdirdi. Bu eden naýynsaplygy onuñ baýlygyny iki esse artdyrmaga ýeterlik bolupdyr. Ol indi Osmanlynyñ iñ belli mollalarynyñ biridi. Wezipelere para alyp bellemegi we wezipeleri pula satmagy Osmanlynyñ iñ baý adamlarynyñ birine öwrülmegine getirdi... Munuñ iñ ýaman ýeri-de, pul berip wezipe satyn alýanlaram beren pullaryny artygy bilen gazanmak üçin wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, halky talaýardylar. Ýagdaýlaryñ şeýle dowam etmegi bilen jemgyýet bozulyp ýetjek derejesine ýetipdir. Patyşanyñ haremhanasyndaky Woýewoda gyzynyñ gürrüñ berýän ertekisine goldanyp, Ybraýymyñ tutuş köşgi samyr sütügine gaplamagy köşge goşmaça agram saldy.... Mundan beýläk Ybraýym patyşanyñam aklynyñ mazaly üýtgändigi belli bolansoñ, köşkdäkiler ony ulanmaga we Jynçy mollanyñ garşysyna soltany küşgürmäge başlapdyr. Köşkdäkileriñ soltany küşgürmegi netijesinde kem-kemden gözden düşmäge başlan Hüseýin jynçy 1646-njy ýylda Anadoly harby kazylygyndan boşadylyp, köşkden kowulypdyr... Onyñ ilki Izmite, soñra Stanbula gelmegine rugsat berilenem bolsa, patyşanyñ gahary ýatyşýança gaýtadan Gelibola sürgün edilipdir. Patyşa Ybraýymyñ öldürilmeginden soñ onuñ ýapyşjak şahasy galmandyr... Ybraýymyñ ogly Mämmet bolsa tagta çykanda köşgüñ hazynasynyñ borram-boşdugyny görüpdir. Netijede bu ýagdaý Hüseýin jynça pul üçin haýyş edilmegine getiripdir... Ol bolsa bu haýyşa "Soltan Mämmediñ şahsy mollasy edilsem ýüz käse akçe berip bilerin" diýip, ýene parahorlyk endigini ulanmak bilen jogap beripdir. Ýöne bu gezek onuñ talaby kabul edilmändir. Hüseýin jynçynyñ öýi dökülende, iki ýüz käse akçe, sandyk-sandyk altyn, düwünçekleriñ içinde gizlenen lagly-jowahyrlar, hatda bularyñ ýany bilen elliden gowrak samyr sütügi alynypdyr... Onuñ gözüniñ alnynda ähli erbet gylyklaryny ulanyp gazanan baýlygy döwletiñ hasabyna geçirildi. Ölümi bolsa her öñünden duşana pullarynyñ zor bilen elinden alynandygyny aýdyp ýörendigi sebäpli bolupdyr... Arman-irmän soltanyñ garşysyna dürli ýalan-ýaşryklary aýdyp ýören jynçy molla netijede beýle esassyz we köp ýañramaly däldigini (şunça eden san-sajaksyz erbetliklerine garamazdan) şirin jany bilen öwrendi we ödedi. Doga DUÝMAZ. 05.01.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |