01:54 Osmanlyda ylma berilen üns | |
OSMANLYDA YLMA BERILEN ÜNS
Taryhy makalalar
Osmanly döwleti klassyky döwürde hemme ugurda bolşy ýaly, ylym we tehnologiýa ugrunda-da döwürdeş bolan Ýewropa döwletlerinden atgaýtarym öñdedi. Emma onuñ bu öñdelihi XVII asyra çenli dowam edipdir. Ýewropa XV-XVI asyrlarda ilki Italiýada başlan Renessans we ondan soñky ýyllarda Katolik buthanasynyñ güýjüni gowşadan Reforma hereketleri bilen bilimi dünýewileşdirip, erkin pikirlenmegiñ öñüni açan bolsa, Osmanly munuñ tersine hereket edip, dini döwlet dolandyryşynyñ hemme ugruna aralaşdyrypdyr we ýurt köp möçberde şeýhulyslamlaryñ fetwalary bilen dolandyrylypdyr. Ýurtlaryñ ösüş faktoryna taryhy perspektiwanyñ içinde seredilende, XVII asyrda ýurtlaryñ arasynda ullakan öñegidişligiñ we tapawudyñ bolmandygy görülýär. Dünýäniñ mundan üç-dört asyr öñki dürli ýerlerinde ýerleşen Hytaý, Hindistan, Ýewropa ýa-da Ýakyn Gündogar ýurtlary umuman alanda biri-birlerine meñzeş ýaşaýyş-durmuş ülñülerinde ýaşapdyr. Emma XV-XVII asyrlarda ösen ylmy we XVIII ssyrda başlan industrial rewolýusiýa bu geografiki giñişliklerde ýerleşen ýurtlaryñ arasynda ýaşaýyş-durmuş ülñülerini köp möçberde üýtgedipdir. Ylmy-industrial rewolýusiýanyñ mantygyny özleşdirip bilen ýurtlarda ýyllyk girdeji yzygiderli diýen ýaly 1% artyp, bu mantykdan daşda galan ýurtlar durgunlykda galypdyr. Bu iki dürli sosial faktor ýurtlaryñ arasynda durmuş üpjünçiligi boýunça tapawutlylyklary emele getirildir. Ylmyñ we tehnologiýanyñ jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetine düşünen ýurtlar çalt baýap, beýlekileri çaltlyk bilen garyp düşüpdir. XIII asyrdan bäri tümlüge bürenen Orta asyr Ýewropasynda añ-düşünhe we pikir hereketleri Pariž, Paduýa ýaly belli ýerlerde birnäçe yşyklar ýakypdyr, beýik Osmanly imperiýasy ýalpyldan bu yşyklardan ýüz öwrüpdir. Gutenberg kitap çap edýän stanogy oýlap tapypdyr, Injil köp dillerde neşir edilipdir. Emma Osmanlylarda höküm sürýän işan-mollalar Gurhan çap edilende, bu mukaddes kitabyñ gymmaty gaçar bahanasy bilen çaphana garşy çykypdyr. Şeýdihem möhüm ylym-bilim ýaýma serişdesi bolan çaphana stanogy bilen osmanlylar 200 ýyl giç tanşypdyrlar. Nikolaý Kopernigiñ älem hakdaky formulasy Katolik Ýewropada tupan turzupdyr, Galileo Galileý buthana sudlarynda sud edilipdir, Jordano Bruno günäkärlenip oda ýakylypdyr. Bütin bu zatlar bolup durka, Osmanly Günbatarda näme bolup geçýärkä diýip, kellesini-de galdyryp seretmändir. Barbaros 1538-nji ýylda duşman hristian flotyny Prewezede kül-peýkun edipdir. Bäş ýyldan soñ Katolik buthananyñ nägileligini alan Kopernik modeli orta atylypdyr, emma osmanlylarda bulam uly many añladyp bilmändir. Osmanly jemgyýeti ne ylmy, ne industrial rewolýusiýany amala aşyran aktýorlaryñ arasynda uly syýasy güýjüniñ bardygyna garamazdan ýer alyp we ösüş mantygyna düşünip bilmändir. Dünýäniñ tebigy baýlyklarynyñ örän köp bölegini özünde saklaýan bu beýik imperiýanyñ ýykylmagynyñ düýp sebäbi şudur. Şu boýunça "Osmanly taryhy" atly 11 jiltlik eseri bilen tanalýan Ismail Hakky Uzunçarşylynyñ berýän kesgitlemeleri şeýle: "XVI asyryñ soñlary bilen XVII asyrda Osmanlylarda pozitiw ylymlara degişli eserler barmak büküp sanarlyk derejede az bolanam bolsa, muña derek Garp (günbatar) äleminde köne sholastiki eserleriñ we köne añ-düşünjeleriñ ýerinde añ-düşünje we ylym dünýäsinde täze garaýyşlar girizilip we rewolýusiýalar amala aşyrylyp, aýratynam XVII asyrdan başlap täze ylmy metodlary we oýlap tapyşlary bilen gymmatly eserleri döretmäge başlanypdy". ("Osmanly taryhy", II jilt, 3-nji bölrm, 518-nji sahypa, Türk Taryh institutynyñ neşirleri). Ýyllar geçdigiçe Ýewropa ylym ugrunda öñe gidipdir. Kolumb iki elektrik ýüküniñ biri-birini çekýändigini ýa-da itýändigini anyklapdyr. Nýuton massa-dartyş kanunyny we differensial integral hasabyny işläp düzüpdir. Osmanly ulamalary fykh we kelamdan daşgaryn ylmyñ nämedigini bilmeýändikleri üçin siwilizasiýanyñ binýadyny tutan bu açyşlardan çetde galypdyr. Imperiýa jeñ meýdanlarynda ýewropaly güýçlere ýeñilmäge başlanda, ýagdaýyñ çynlakaýdygyna düşünip, dürli täzeleniş hereketleri başlanypdyr. Emma ähli täzeleniş hereketleriniñ baş temasy bolan ylmy taýdan düşünip bilme faktory jemgyýete ýerleşdirilmändir. Tanzimat bilen birlikde ähli ýewropalaşma hereketleri Günbataryñ sosial durmuşyna öýkünmekden başga zady bilmändir. Bu taryhy ösüşler biziñ günlerimizde hem ýurdumyzyñ iñ uly problemasy bolmagynda galýar. 1933-nji ýylyñ ýokary okuw jaýlary boýunça reformalary bilen ylmy jemgyýetçiligiñ bir parçasyna öwürme tagallamyza gynansak-da, syýasy spektrumyñ hemme ugrunda dogry düşünilmedi we ýeterlik goldanmady. Syýasatçylar alymlaryñ halkara arenada çykyş edip biljek taýýarlygyna däl-de, syýasy pozisiýalaryna seredip baha berýärler. Soñky 50-60 ýyl bäri ýurduñ syýasaty ylmyñ gymmatyna, ýurduñ ösüşi we demokratiýa bilen gatnagyna düşünip bilmedi. Diñe häkimiýet başyna oturanlaryny özlerine nep bildiler. Başga zady bilmediler. XXI asyrda islendik ýurduñ garaşsyzlygyny we syýasy bitewiligini gorap saklamagy ýurtdaky alymlaryna we olaryñ taýýarlyk derejesine bagly bolar. Ylma goşant goşup bilmeýän jemgyýetleriñ ömürlerini dowam etdirme mümkinçilikleri gün geçdigisaýy azalýar. Ylma bolan garaýyş aýal-gyzlaryñ bürenjegi we ymam-hatyp liseýlerini okap gutaranlaryñ ýokary okuw jaýlaryna girip bilmezligi ýaly lokal problemalara çenli peseldilmejek derejede möhümdir. Osmanly imperiýasy ylmy düşünjelerden özüni ýat duýandygy üçin dargady. Başga hiç bir sebäp dünýäniñ bular ýaly iñ güýçli imperiýasyny dargadyp biljek momentuma eýe bolup bilmez. Şeýle betbagtçylyklar ýurdumuzyñ başyna inmez diýip umyt edýäris. Jengiz ÝALÇYN, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |