22:56 Osmanlynyñ iñ meşhur içoglany | |
OSMANLYNYÑ IÑ MEŞHUR IÇOGLANY
Taryhy makalalar
Premýer-ministriñ “Muhteşem Yüzyıl” teleserialy barada "eždatlarymyz beýle däldi" sözünden soñ mediýada "eždat" çekişmesi bardy. Ýeri, osmanlyda patyşalaryñ nähili durmuşy bardy? "Cumhuriyet" gazetiniñ žurnalisti Mine Kyrykkanat bu barada jedeli heniz-henizler ýatmajak bir makalany ýazdy. Kyrykkanat "Osmanlynyñ iñ meşhur içoglany" makalasynda Fatih Soltan Mämmediñ kakasy Soltan Myradyñ "Içoglanyny" ýazdy. Osmanly dilinde bu içoglanlaryñ Kalleş, Ibne, Süzgeç, Götberen lakamlary bilen ýa-da Gazyglu beg ady bilen agzalýandygyny aýdan Mine Kyrykkanat aglaba günbatarly taryhçynyñ uzak wagtlap düşünmedik bu lakamlardan, aýratynam dördünjisiniñ nemesçedir öýdülip, birnäçe asyrlap “Gotveren” ("Götberen") diýlendigini ýatlatdy. Ine, Mine Kyrykkanatyñ jedeli ula giden şol makalasy: “1442-nji ýylda Osmanlynyñ paýtagty Edirne, soltany bolsa Fatih Soltan Mämmediñ kakasy Myrat II-di. Walahiýa knýazy Wlad Basarab (Wlad Sepeş) şol ýyl dogany knýaz Gelşikli Radul (Раду III Красивый/Radu cel Frumos) bilen bile öz kakalary Aždarha Wlad (Drakula) tarapyndan osmanly soltanyna zamun hökmünde Edirne köşgüne ugradylanda ýañy on bir ýaşapdy. Iki zamun knýaza Edirne köşgünde diýseñ gowy seredildi, olar gelejekde osmanla hyzmat taýýarlygyny-da gördüler, Soltan Myradyñ "içoglanlarynyñ" düzüminde-de ýer aldylar... Emma soltan Wlady gözüniñ öñünden aýranokdy. Ýaş knýazyñ sakgal-murty garalyp, "içoglanlarynyñ" düzüminden çykarylansoñ, Myrat II özüne alty ýyllap eden "hyzmatyna" jomartlyk bilen eçildi. 1448-nji ýylda 17 ýaşyna giren Wlady woýwoda (господар) ünwany bilen derejeläp, ýanyna bir goşun berdi we Walahiýanyñ tagtyny eýelemäge ýollady. * * * Emma osmanly soltanlary-da hernäçe pynhan gatnaşyklary bilen iş gatnaşyklaryny biri-birine garyşdyranam bolsalar, ahmaly elden berjek derejede oýlanşyksyz däldiler... Myrat II eý görýän Wlad knýazynyñ oña edilen "içoglanlyk" hyzmatyndan hoşal boldumy ýa-da dişini gysyp çydadymy, anyk bilenokdy. Şonuñ üçinem Wlady Walahiýa ugradanda dogany Gelşikli Raduly zamunda saklap, ony osmanlynyñ tabşyrygyndan çykmaz ýaly etdi. Wlad Basarabam ilki ygtyýaryna berlen goşun bilen alyp, iki aýdan soñam elden giden, yzyndan ýene ele geçirip gaýtadan oturan Walahiýa tagtyna ymykly ýerleşip, özüni arkaýyn duýan wagty... zamunda oturan dogany Raduldan gecip, osmanla garşy gozgalañ turuzdy. Walahiýanyñ otuz bir ýaşly woýwodasy Wladyñ garşysyna topalañ turzan paýtagty Stambul bolup, onuñ eýesi-de "külke gutusynda guradylan gül ýapraklaryny ysgamagy halaýan" Fatih Soltan Mämmetdi. * * * Knýaz Wlad 1462-nji ýyldan bäri Stambuldan gelip, huzurynda sarygyny çykarmagy ret eden ähli ilçileriñ we wekilleriñ sarygyny kelleleri bilen bile çüý kakyp çykdy. Dunaý derýasynyñ boýlaryna goşun çekip, 30 müñden gowrak osmanlyny gazyga oturdyp çykandan soñ Walahiýada we Bogdanda rumynça "Gazykly" manysyny berýän "Sepeş" («Колосажатель») lakamyny aldy. Osmanlyçada bolsa çagalygynda jynsy zorluga uçrandygyny añladýan Kalleş, Ibne, Süzgeç, Götberen lakamlary bilen ýa-da Kazyglu beg diýip ýatlanýardy. (Çeşme: Matei Cazacu, “Knýaz Drakulanyñ taryhy”, Droz-1988) Aglaba günbatarly taryhçynyñ uzak wagtlap düşünmedik bu lakamlaryna, aýratynam dördünjisine nemesçedir öýdülip, birnäçe asyrlap “Gotveren” ("Götberen") diýildi! Fatih Soltan Mämmet kakasynyñ iñ söýgüli ýigdekçesiniñ osmanlylary gazyga oturdyp aryny alan "içoglanyñ" hynjyny eşdip, gahar-gazaba atlandy. Onuñ Walahiýanyñ woýwodasy Wlad Sepeşe garşy düzen goşunynyñ başyna kimi geçirenini bilýäñizmi? Içoglany bolup hyzmat edende wepalylygyny görkezen zamundaky dogany Gelşikli Raduly... * * * Osmanly goşuny Walahiýany eýeledi. Gelşikli Radul 1462-nji ýylda woýwodalyk tagtyna oturdy. Emma gazykçy doganyny-da ele saltp bilmedi. Wlad Sepeş gaçybatalga sorap baran wengerleri tarapyndan ýesir alyndy. On ýyldan soñ ýesirlikden boşap ýene Walahiýa dolanyp geldi we 1476-njy ýyla çenli woýwoda bolup höküm sürdi. Dekabr aýynda osmanly goşunyna garşy giren söweşinde öldürildi we 300 esgeri gazyga oturdyldy. Wladyñ kellesi Fatih Soltan Mämmede ugradyldy. Emma Wlad Sepeşiñ yzynda galdyran gazykly we ganly legendasy 1897-nji ýylda Bram Stokeriñ "Drakula" atly fantastiki romanyndaky ölmeýän grafyñ, diñe bir ýagdaýda - ýüregine gazyk kakyp ýok edip bolýan wampiriñ obrazyna jan berdi. Rumyniýanyñ Transilwaniýa sebiti Frensis Ford Koppola ýaly kinorežissýorlaryñ bu romanyñ surata düşürilen birnäçe çeper filmi bilen birlikde bütin dünýäde Graf Drakulanyñ ýurdy hökmünde tanaldy." Mine KYRYKKANAT. "Cumhuriyet" gazeti, 09.12.2012 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |