17:13 "Owgan depderinden" bir parça | |
“OWGAN DEPDERINDEN” BIR PARÇA
Goşgular
Ýürekde armany, Gözünde zary, Geň onuň ýaşaýşy, ýylgyrman oňşy. Ýalňyz ogly bilen üç ýyldan bäri Bize bir ýaş gelin ýaşaýar goňşy. ...Päk göwün, arzuwçyl, buýra saç oglan, Öýlendi. Obadan tutundy höwür. Ykbal bijesini deň atdy olaň – Bal ýaly ýaşaýyş, Gül ýaly ömür! Gaýra ýaňy derýa, Ilersi – çöllük, Gür bagly obasy – uly dünýädi. Ýaşady, Ýaş gelniň mährine ýylnyp, Tutulypdy maşgalanyň binýady. Bagta öwürjekdi gül ömrüň baryn... Çagyryldy ömürlik däl, Üç ýyllyk. Obada galdyryp göwnüniň ýaryn, Hindiguş dagynda etdi ol gulluk. Gör, indi ýol uzak, Ýakyndy göwün, Ah, egsip bolanok göwnüň joşuny. Eziz obasyny ýatlady şo gün, Owgan daglaryna oýkap döşüni: Hyýalda ogşady bäbegin-oglun, Boýnuna mündürdi, Basdy bagryna. Ganat bitirmedi owgan daglary Obaly oglanyň arzuwaryna. Birdenem... Şol dagdan atylyp gülle, Dünýäni sarsdyrdy ajalyň heňi. Daň atyp, Nur çogupp, Giňände dünýä, Buýra saç oglanyň ýaşypdy Güni... ...Oba dem alýardy ýazylyp-ýaýrap, Guşlar janserekdi ümüş-tamyşda. Heý, beýle ajy zat, Beýle süýji zat, Gabatlaşyp bilermikä durmuşda?! Gelin, Bezese-de öýüň duluny, Uzakly gijäni eýelän düýşüni. Jaýa däl, Äleme sygmadyk gelin Açdy äpişgäni, açdy işigi. “Wah, sseniň gül keşbiň soldumy, Dünýäm...” Sowuk ýel, Al şapak doldy gujagyna. “Ah, dünýä sygamok, ot alýan, ýanýan...” Bat berdi oglunyň sallançagyna... Ýürekde armany, Gözünde zary. Geň onuň ýaşaýşy, ýylgyrman oňşy. Ýalňyz ogly bilen üç ýyldan bäri Bize bir ýaş gelin ýaşaýar goňşy. Ýaban ROZYÝEW. "Garagum" žurnaly, 1992 ý. | |
|
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Poeziýa / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |