12:22 Öýe gelin geldi... | |
ÖÝE GELIN GELDI...
Jemgyýetçilik tankydy
Öýe gelin getirilýär. Öýüñ maşgala çlenleriniñ biri artýar. Toý tutulýar. Toýa gelýänler gelniñ aýagynyñ düşümli bolmagyny, onuñ şol öýüñ ody bilen girip, küli bilen çykmagyny arzuw edýärler. Ogul öýerip, gyz çykarmak durmuşda eneleriñ belent arzuwy. Bu gün şol arzuwyna ýetip, ogul oýeren ene ýigdelen ýaly. Ol aýdylyşy ýaly, "donuna syganok". Ol bagtly. Ol indi diñe ene däl-de, gaýyn ene hem boldy. Gaýyn eneli, gaýyn ataly öýüñ gelni bolmak hem bagtlylyk. Mümkin, gaýyn ene bilen gaýyn ata şol gün oglunyñ durmuş guran günlerini göz öñüne getirýändirler. Wagtyñ şeýle tiz geçişine haýran galýandyrlar. Olaryñ hem bilelikdäki durmuşy hut şunuñ ýaly dabara bilen başlabypdyr. Dogry, olaryñ toýy garybrak bolupdy, gelniñ bukjasy-da has ýukady. Ol wagt şindiki geýilýän käbir geýim-gejimleriñ özi däl-de, ady-sory hem ýokdy. Emma garybrak bolsa-da toý-toýdy. Hawa, bilelikdäki durmuşyñ kynçylyklary-da, begençli pursatlary-da bolupdy. Iñ begençli pursat şu günki berilýän ogul dünýä inende bolupdy. Şondan birki ýyl geçensoñ bolsa başga bir ýerde, başga bir öýde, başga bir ene şu günki durmuşa çykyp, bu öýe gelim bolup, aýyñ bölegi ýaly lowurdap gelen gyzy dogrupdy. Birmahallar juda geñ hem bolsa, şeýle bir döwür hem bolupdyr: ýañy dogan oglan bilen gyzjagazyñ geljekki ykbalyny on ýedi-on sekiz ýyl öñünden kesgitleýän ekenler, çagajyklar entek bir-biriniñ adyny bilmeýärkä, adaglap goýýan ekenler. Bu günki durmuş guranlar bagtly. Olar bir-birlerini gowy tanaýarlar. Tanyşlyk olary kem-kemden söýüşmek derejesine ýetirdi. Olar bir-birini söýýändiklerini guwanç bilen ene-atalaryna aýtdylar. Iki öýüñ arasynda ýakyn, süýji gatnaşyklar, baryp-gelişmeler peýda boldy. Ahyry ajaýyp bir güni belleşdiler-de, garyndaş boldular. Ýok ýerinden bar edip, Ony ene dogurdy. Gyz saklamak ýeñil däl ~ Gyz saklamak agyrdy... Öýlenen ýigit akylly-başly, çynar boýly owadan gyzy ekläp-saklap, edep-ekram berip ýetişdireni üçin öz gaýyn enesine alkyş okaýandyr. Durmuşa çykan gyz beýleki ähli ýigitlerden artykmaç, şeýle salyhatly hem-de akylly ýigidi dünýä beren enä ~ öz gaýyn enesine minnetdar bolýandyr. Ol şu minnetdarlygyny şu günden başlap gaýynlaryna ak ýürekden hyzmat etmek bilen, olary sylamak, hormatlamak bilen bildirer. Birmahallar başgaça bolýan eken: del öýe düşen gelin pahyr gaýynlaryny mejbury bolup, ýagny gorkudan ýaña sylamaly bolýan eken. Gaýynlary geplemeli, gelin bolsa geplemeli däl eken. Durmuş bu deñsizligi, kemsidilmegi hem öz akymynyñ ugrundan zyñyp taşlady. Indi bagtly gelin gaýynlary bilen derrew öwrenişýär, gepleđýär, pikir alyşýar, çaý içýär, nahar iýýär. Ol maşgalanyñ deñ hukukly, drñ jogapkärli çleni. Mahlasy, agzybir ýaşap, bir-biregiñ sarpasyny, hatyrasyny saklamak üçin hemme mümkinçilikler bar. Gelin, belki, öz gaýynlaryndan has sowatly adamdyr. Emma bu ýagdaý agzalalyga sebäp bolup bilmez. Okuwly-terbiýeli adamyñ düşünjesi hem giñ bolmaly. Sowatlaryna garamazdan, gaýyn halky durmuşyñ ajysyny-süýjüsini dadan, köp zatlary gören terbiýeli adamlar. Olar okumyş gelne-de gerek ýerinde asylly maslahatlar berip bilerler. Parasat-pähim köp ýyllaryñ durmuş tejrinesinden toplanýar. "Edebiñ ýagşysy ~ ulyny syla" diýlen gadymy sözi ýaş-ýeleñler ýatdan çykarmaly däldirler. Akylly-başly gelin öz gelen öýüniñ ady-abraýy, agzybirligi üçin dalaş etmelidir. "Agyzly gelin" boljak bolmak, gele-gelmäne öýüñ "erk-ygtyýaryny" öz eliñe aljak bolmak, "gaýyn eneñe göz görkezmek", ondan "üstün çykmak" meýli ýaly badyhowalyk biziñ günlerimiziñ gelinlerine gelişmeýär. "Gelin" sözüni agzanymyzda ilki bilen gözellik, owadanlyk, päkizelik biziñ göz öñümize gelýär. Gelin giren içerisiniñ durmuşyna arassa howa ýaly täsir etmelidir, ony täzelemeldir, nurlandyrmalydyr. Biziñ günlerimizde "gelin-gaýyn" diýen düşünje bütinleý täze many aldy. ...Mundan birnäçe wagt ozal Marynyñ bir kolhozynda bir öýüñ Aşgabatda okap ýören iki ogly bir-biriniñ yzyndan öýlenip, toý tutdy. Şol oglanlaryñ ejesini ýañy-ýakynda bir iş bilen Aşgabada gelende görmek maña miýesser boldy. - Hal-ýagdaý nähili, daýza! - diýip, ýylgyrybrak soradym. Ol sözi nämä kakdyryp aýdýanymy bada-bat duýdy. - Maýa ýaly goşa gelin öýe gireli özümem bir hili ýigdeläýipdirin! - diýip, bagtly ene ýüregi bilen jogap berdi. Görýäñ-ä, Mary ýaly ýerden ýörite Aşgabady görmäge gelýän! Gelinlerimuz şu zamanyñ hatly-sowatly maşgalasy bolansoñ, bu bisowat halyma, dogrusy, ilkibada "bular maña düşünermikä, men bularyñ dilini taparmykam!" diýip, birneme howatyrlanypdym. Asyl gelniñ sowatlysy ~ gelniñ gowsy bolýan eken - diýip, tanyş aýal soñra guwanç bilen gürrüñ berdi. Arman, hemme gelinleriñ, hemme gaýynlaryñ ýagdaýlary, özara gatnaşyklary şeýle gülala-güllük däl. Paýtagtyñ mikroraýonlarynyñ birinde üç otagly kwartirada uly bolmadyk bir hojalyk ýaşaýar: birki ýyllykda öýlenen ýigit onuñ gelni, gaýyn enesi, gaýyn atasy, birem baldyzy. Ömrüniñ köpüsini işçi bolup geçiren maşgalabaşy geçen ýyl pensiýa çykdy. Ogly zawodda işleýär. Gelin mugallymçylyk edýär. Gelniñ baldyzy mekdepde okap ýör. Öýüñ kem zady ýok. Allanäme ýaşap ýörmeli yaly. Garrylar ilkibada kwartiranyñ iñ uly otagyny bezäp-besläp ogul bilen gelne beripdirler. Aradan kän wagt geçmänkä, gelin ikinji otagyñ hem özüne berilmegini talap edipdir. "Dogrudan-da, gelinmize iş kabineti bolmasa kyn bolýandyr" diýip, garrylar onuñ sypaýyçylyksyz talabyny sypaýyçylyk bilen kanagatlandyrypdyrlar. Soñra gelniñ çagasy bolupdyr. Çaga dogrulýan öýden gele-gelmäne ol üçünji otagy-da öz ygtyýaryna geçirmegi ýüregine düwüpdir. Elbetde, bu gözçykgynç talaby gaýynlary ret edipdirler. Höre-köşe edipdirler. Düşündirjek bolupdyrlar. - Size nir bolanda näme, eýwany aýnaladyñ-da, şo ýerde ýaşaberiñ! - diýip, gelim agzyndan ak köpük saçypdyr. - Bu bir gelin däl-de, başymyza düşen musallat boldy - diýip, gelniñ gaýyn enesi zarynlap gürrüñ berýär. Elbetde, durmuş-durmuşdyr. Durmuş çylşyrymly zat. Şonuñ üçin-de, hemme zat arzuw edişiñ ýaly gülala-güllük bolup duranok. "Uruş, sögüş ~ ýaraşara ýer goý" diýipdirler. Birek-birege geçirimlilik etmek hen bar ahyry. Ýöne ýokarda agzalan mugallyma gelniñ hereketlerini aklamaga synanyşjak adam tapylmasa gerek. Durmuş öñe gitdigiçe häzirki zaman maşgala durmuşynyñ hem çylşyrymlaşýandygy sosiologlar subut edýärler. Şol maşgala durmuşuny gurmakda, gowy ýola salmakda gelinlere uly rol degişlidir. Öýüñ, onuñ ähli çlenleriniñ hatyrasy üçin, öz at-abraýy üçin olar adamkärçiligin iñ gowy nusgalaryny görkezmelidirler. Ine, şonda öýüñ bezegi, hakykatdan-da, gözel bolar. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||