19:57 Özbek palawy: Orta Aziýanyñ "afrodiziak täsirli" milli nahary | |
ÖZBEK PALAWY: ORTA AZIÝANYÑ "AFRODIZIAK TÄSIRLI" MILLI NAHARY
Sport we turizm
Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşen ýurtlaryñ hemmesinde diýen ýaly tüwi, gök önüm, et we burç goşulyp taýýarlanýan palawlar örän meşhur. Emma bu palaw has hem Özbegistan bilen baglanyşdyrylýar. Özbek palawynyñ şonuñ üçin bu ýurtda aýratyn orny bar. Hepdede azyndan bir gezek hökman iýilýän bu nahar ýurduñ milli nahary derejesindedir. Maşgala üýşmeleñleriniñ aýrylmaz bölegi bolan özbek palawy doglan günlerde, toýlarda, merhumyñ yzyndan edilýän belli günlerde we haj zyýaratyndan gaýdyp gelinende hökman bişirilýär. Halk arasynda ýaýran ynanja görä, palaw ilkinji gezek Orta Aziýa ýurtlaryna ýöriş edende, goşunyny doýurmak üçin agramlyja nahar taýýarlamagy buýran Aleksandr Makedonskiý üçin bişirilipdir. Naharlaryñ taryhy boýunça köp zatlary bilýän özbek turist ýolbeledi Nilufer Nuriddinowa "Muny subut edip biljek taryhy çeşmelerimiz ýok hem bolsa IX-X asyrlarda palawyñ bu ýerlerde örän meşhur nahara öwrülendigini" aýdýar we sözüni şeýle dowam edýär: "Bürünç bu sebitde müñ ýyldan gowrak wagt bäri azyk önümi bolup gelýäe. Ekinlerden hasyl almak we mal bakmak agyr fiziki zähmet talap edýär. Aýratynam, özbek palawy köp möçberde daýhançylyk bilen meşgullanýan jemgyýet üçin ýokary kaloriýaly, iýmit taýdan baý ideal nahar". Gerekli önümler ýerine görä üýtgäp bilýär Özbek palawy ýakynda ÝUNESKO-nyñ Adamzadyñ maddy däl medeni gymmatlyklar sanawyna girizildi. Bulam palawyñ özbek aşhanasynyñ ýörelgesiniñ näderejede möhüm ähmiýetli parçasyna öwrülendiginiñ nobatdaky subutnamasy boldy. Nuriddinowa: "Munuñ özi nahardan has köp zady añladýar: Sosial gatnaşyklary döredýär, dost-doganlyga çagyrýar, halkymyzy bir agza garadýar" diýýär. Palaw sözüniñ özüniñ özbek diliniñ möhüm parçasydygyny aýdýan ýolbelet şeýle diýýär: "Gündelik dilimizde "Dünýäde ömrüñden bir gün galanyny bilseñem, palaw iýip git" diýen ýaly aýtgylar bar. Munuñ özi bagtly durmuşda ýaşamak umydyndan hiç haçanam el üzmeli däldigini añladýar. Özbegistanda palawsyz durmuşy pikir edibem bolmaýar". Özbegistanda palawyñ ýüzden gowrak görnüşi bar. Palawyñ görnüşleri sebitlere we pasyllara görä üýtgeýär. Emma islendik görnüşi üçin esasy gerek zatlat şu: Suw, bürünç (tüwi), sogan, käşir, et, ýag, duz. Ýurduñ iñ meşhur palaw restorany paýtagt Daşkendiñ Ýunusabat ýaşaýyş massiwindäki "Beş Kozon" ("Bäş gazan") restorany. Restoran Orta Aziýanyñ Palaw merkezi hökmünde-de tanalýar. Orta Aziýanyñ iñ uly palaw restoranlaryndan biri hasaplanýan "Beş Kozon" odun bilen elde ýakylan dokuz uly ojakda bişirilýän palaw bilen günde bäş müñden sekiz müñe çenli müşderä hyzmat edýär. Özbek däbine görä palawly tabagyñ ýanynda hökman non (nan) bolmaly. "Beş Kozonyñ" nanbaýy, ýagny çörek bişirijisi Şokirjan Nurmatow. Aşhananyñ ähli işgärleri ýaly olam "Allaha doga-dileg edip" işe başlaýar. Bu ýerde günde üç müñden gowrak çörek bişirilýär. Maşgalada palawy köplenç ayallar bişirýär. Restoranlarda (we ýörite günlerde) oşpaz (aşpez) diýilýän erkek tarapyndan taýýarlanýar. "Beş Kozonyñ" aşpezi Faýzulla Sagdiýew "Munuñ sebäbi uly mukdarda palaw bişirmegiñ agyr fiziki iş bolmagydyr. Iñ uly gazanyma üç tonna golaý palaw sygýar" diýýär. Emma aşpezleriñ başga basyşlar astynda işleýändigini-de belläp geçýär: "Eger müşderi tagamyny halaman palawy gutarman gitse, muny şeýle bir masgaraçylyk hasap edilýär, hatda munuñ üçin aşpez öz janyna kast etmäge küýlenibem bilýär. Hernä, enteg-ä, meniñ başyma bular ýaly zat gelmedi". Palawyñ taýýarlanyşynyñ hökmany talap edýän zatlary bar. Işe ak we sary käşir, sogan, bürünç, suw we burç ýaly önümleriñ goşulmagyndan öñ etiñ (goýun we sygyr etiniñ garyndysy) gowrulmagy bilen başlanýar. Sagdiyew duz, burç, zerdeçal (zarçowa) we esas olarak ýelbadýan (ukrop, zira) garyndysyny ulanýar. "Beş Kozonyñ" çaýhana palawy dört sagadyñ dowamynda kem-kemden bişýär. Bişip barýarka-da nohut, kişmiş goşulýar. Özbegistanda palaw bişirmek we iýmek hepdäniñ penşenbe, ýekşenbe günlerine mahsus. Nuriddinowa "Munuñ sebäbi megerem öñki döwürlerde sähralyklarda ýaşaýan adamlaryñ mallaryny satmak üçin şäher bazarlaryna hepdede diñe iki gezek syýahar edip bilmekleridir" diýýär. "Şonuñ üçinem penşenbe we ýekşenbe günleri gerek-ýarak hemme zatlaryny satyn almak üçin has köp pully bolýardylar". • "Afrodiziak täsiri" Sagdiýew bolsa palawyñ penşenbe günündäki şan-şöhraty üçin başga bir zady biziñ bilen paýlaşýar. Palawyñ afrodiziak taýdan güýçli taraplarynyñ bardygyna ynanýanlaryñ köpdügini aýdýan Sagdiýew şol sebäpden nesil öndürmek isleýänleriñ meşhur güni bolan penşenbe gününiñ nahar üçin hemmetaraplaýyn gowudygyny nygtaýar. Sagdiýew käbir erkekleriñ palaw sözüniñ aslynda ogşaşyp-sypaşmak manysyny berýändigini aýdyp henek atyşýandygyny, gazanlaryñ düýbünde galan ýagyñ käte wiagra (jynsy gatnaşygy güýjedýän derman serişdesi) hökmünde içilýändigini we birnäçe aşpeziñ erkek müşderilerine ekstra güýç bermek üçin iñ gowy eti penşenbe günlerine goýýandygyny aýdýar. Penşenbe güni hamyla bolma däbi ýurduñ güýçli yslam ynançlary bilen baglanyşykly. Sagdiýew "Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) ene ýatgysyna penşenbe güni düşendigine ynanylýar" diýýär we sözlerini şeýle dowam etdirýär: "Ýagny çagañyzyñ akylly, düşbi, perişdeleriñ demi düşen we Allany kabyl etmäge açyk kalba eýe bolmagyny isleseñiz, şu gün şony etmek üçin iñ gowy gün. Emma elbetde bir tabak palaw iýenden soñ". Simon URWIN. "BBC", 25.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |